Merkezi Bankyň
walýuta kursy

Beýleki walýutalaryň kursy

Gymmat bahaly metallaryň
1 (bir) unsiýasynyň türkmen manadyna bolan gatnaşyklary

  ALTYN
  KÜMÜŞ
  PLATINA
  PALLADIÝ

Türkmenistanyň Prezidenti milli ykdysadyýetimizi ösdürmek boýunça iş maslahatyny geçirdi

2020-nji ýylyň 6-njymartynda hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň ykdysadyýet toplumyna gözegçilik edýän orunbasary G.Müşşikowyň hem-de Türkmenistanyň Merkezi bankynyň başlygy M.Annadurdyýewiň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Onuň dowamynda ýurdumyzyň maliýe-bank ulgamyny mundan beýläk-de ösdürmek boýunça kesgitlenen wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmegiň ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy.

Milli Liderimiz iş maslahatynyň dowamynda serediljek meseleler barada aýdyp, ilki bilen wise-premýer G.Müşşikowyň hasabatyny diňledi. Wise-premýer häzirki döwürde toplumyň ähli düzümlerini ösdürmek, bu ulgama täzeçil usullary we tehnologiýalary ornaşdyrmak, şu ugurda alnyp barylýan işleri döwrüň ösen talabyna laýyk derejede kämilleşdirmek boýunça hormatly Prezidentimiziň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi.

Ýurdumyzda daşary döwletlerden getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümçilik kuwwatlyklaryny artdyrmak, ykdysadyýetiň eksport ugruny ýokarlandyrmak işleri degişli derejede höweslendirilýär. Bu bolsa özüniň oňyn netijesini berýär. Şunuň bilen baglylykda, sanly ykdysadyýeti ösdürmek boýunça öňde durýan wezipeleriň üstünlikli amala aşyrylmagyna möhüm ähmiýet berilýär.

Şeýle hem bank-maliýe düzümleri üçin ýokary hünärli işgärleri toplumlaýyn taýýarlamak, häzirki zaman gazananlaryny ornaşdyrmak, bu pudakda ulanylýan tilsimleri we usullary kämilleşdirmek boýunça milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berildi.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň ykdysadyýet toplumynyň ylmy esasda ösdürilmeginiň döwrüň möhüm talabydygyny belledi. Milli Liderimiz häzirki döwürde bu ugry ylmy esasda ösdürmek, ykdysadyýetiň durnukly ösüşiniň üpjün edilmeginde möhüm ähmiýetli çäreleri işjeňleşdirmek meseleleriniň hemişe gözegçilikde saklanylmalydygyny belledi.

Hormatly Prezidentimiz munuň önümçilik kuwwatlyklarynyň mümkinçilikleriniň artdyrylmagynda, ykdysadyýetiň kuwwatlanmagynda aýratyn möhümdigini belledi we bu ugurda alnyp barylýan işleri döwrebaplaşdyrmak hem-de kämilleşdirmek boýunça birnäçe tabşyryklary berdi.

Soňra Merkezi bankyň başlygy M.Annadurdyýew gözegçilik edýän düzümlerinde işleriň ýagdaýy, ýurdumyzy 2025-nji ýyla çenli durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamasynda kesgitlenen wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek boýunça amala aşyrylýan işler barada hasabat berdi.

Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygyna laýyklykda, halk hojalygynyň ähli pudaklarynyň durnukly ösüşine gönükdirilen işleriň maliýe üpjünçiligi, kiçi we orta telekeçiligi höweslendirmek, banklaryň işini yzygiderli kämilleşdirmek hem-de häzirki zamanyň ösen tejribelerini ornaşdyrmak boýunça giň gerimli işler alnyp barylýar. Munuň özi Diýarymyzda durmuşa geçirilýän taslamalaryň öz wagtynda amala aşyrylmagynda we ykdysadyýetiň maýa goýum ýagdaýynyň işjeňleşdirilmeginde aýratyn ähmiýetli bolup durýar.

Milli Liderimiz hasabaty diňläp, degişli edaralaryň öňünde durýan möhüm wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmelidigine ünsi çekdi. Döwlet Baştutanymyz abraýly halkara maliýe guramalary bilen hyzmatdaşlygy giňeltmek meselelerini möhüm ugurlaryň hatarynda görkezdi. Ýokary hünärli işgärleriň taýýarlanylmagy bilen baglanyşyky meselelere örän jogapkärçilikli we hemmetaraplaýyn çemeleşilmegine ähmiýet berildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzda durmuşa geçirilýän ähmiýetli taslamalaryň maliýeleşdirilmegine, daşary ýurt maýadarlary bilen ýola goýulýan gatnaşyklaryň netijeli häsiýete eýe bolmagyna gönükdirilen çäreleriň işjeňleşdirilmelidigini belläp, bu babatda Merkezi bankyň ýolbaşçysyna birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Soňra milli Liderimiz wise-premýere we Türkmenistanyň Merkezi bankynyň başlygyna ýüzlenip, häzirki döwürde dünýäde bar bolan töwekgelçilikleriň täsirini azaltmak boýunça toplumlaýyn çäreleriň göz öňünde tutulmalydygyny belledi.

Bu baradaky gürrüňi dowam edip, hormatly Prezidentimiz ýerli önümler üçin daşary ýurt bazarlarynyň gerimini giňeltmek ugrunda alnyp barylýan işleriň depginini güýçlendirmek, işewürligi goldamagyň netijeli usullaryny işläp taýýarlamak barada wise-premýere degişli tabşyryklary berdi.

Milli Liderimiz Türkmenistanyň ykdysadyýeti ulgamynda bilelikdäki çäreleri işläp taýýarlamak üçin halkara hyzmatdaşlar bilen alnyp barylýan işleriň depginini güýçlendirmegi tabşyrdy. Häzirki wagtda dünýä ykdysadyýetinde bolup geçýän çökgünlige garamazdan, içerki bazaryň zerur harytlar bilen doly üpjün edilmegi ileri tutulýan ugur bolmalydyr diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow milli ykdysadyýetiň durnukly ösüşiniň içerki önümçiligiň okgunly ösüşiniň we öz-özüňi senagat taýdan üpjün etmegiň derejesini ýokarlandyrmagyň netijesinde emele gelýändigini belledi.

Şunuň bilen baglylykda, kiçi we orta telekeçiligiň, iri korporasiýalaryň hem-de kärhanalaryň arasynda ýola goýulýan ýygjam hyzmatdaşlygyň möhüm ädim bolup durýandygy nygtaldy. Şeýle hem ykdysady toplumynyň işgärleriniň ösen tehnologiýalardan habarly bolmagy üçin olaryň arasynda synag sapaklarynyň geçirilmegi möhümdir.

Döwlet Baştutanymyz ministrliklere islendik meseleleri çözmek üçin karz serişdelerini bölüp bermek arkaly olara ýardam bermegiň ýurdumyzyň banklarynyň öňünde durýan möhüm wezipedigini aýdyp, bu ýerde gürrüňiň daşary ýurtlara önümleri ibermäge niýetlenen üpjünçilik we senagat ulgamlarynyň desgalarynyň gurluşygyny çaltlandyrmak barada barýandygyny nygtady.

Bazar gatnaşyklarynyň ösüşiniň täze tapgyryndaky şertlerde ilatyň durmuş goraglylygyny pugtalandyrmak, döwrüň ruhuna we talaplaryna laýyk gelýän giň möçberli çäreleri durmuşa geçirmek Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biridir diýip, milli Liderimiz sözüni dowam etdi.

Bu ugurdaky wezipeleriň üstünlikli çözülmegi üçin zerur ýagdaýlaryň halk hojalyk toplumynyň ösüşiniň ýokary depgininiň, maýa goýum işjeňliginiň, giň gerimli özgertmeler maksatnamalarynyň durmuşa geçirilmeginiň netijesidigini aýdyp, hormatly Prezidentimiz ykdysady özgertmeleriň geriminiň artyşyna görä, zähmet bazarynyň kemala gelýändigini, onuň bolsa ýurdumyzyň durmuş üpjünçiliginiň gowulandyrylmagynyň baş şertidigini belledi.

Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, ýurdumyzyň banklary ähli pudaklara konsultatiw we usulyýet tarapdan ýardam etmelidirler. Iň esasy bolsa serişdeler örän tygşytly we netijeli ulanylmalydyr diýip, döwlet Baştutanymyz belledi hem-de bu babatda anyk tabşyryklary berdi. Döwletimiziň oýlanyşykly nyrh syýasaty, hususy başlangyçlara goldaw berilmegi hem-de bu ugurdaky beýleki möhüm çäreler halkymyzyň durmuş üpjünçiliginiň yzygiderli gowulandyrylmagynyň özenidir.

Milli Liderimiz häzirki döwürde halk hojalyk toplumynyň ähli pudaklarynda durmuşa geçirilýän çäreleri işjeňleşdirmek üçin zerur şertleriň döredilmelidigini belledi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow iş maslahatynyň ahyrynda ýurdumyzyň ykdysadyýetini köpugurly esasda ösdürmek boýunça alnyp barylýan işlerde üstünlikleri arzuw etdi.

Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi