Merkezi Bankyň
walýuta kursy

Beýleki walýutalaryň kursy

Gymmat bahaly metallaryň
1 (bir) unsiýasynyň türkmen manadyna bolan gatnaşyklary

  ALTYN
  KÜMÜŞ
  PLATINA
  PALLADIÝ

Bitaraplyk - milli ýörelgelerimiziň beýany

Bitaraplyk – türkmen halkynyň asyrlarboýy dowam etdirip gelen ynsanperwer ýörelgeleriniň miwesidir. Garaşsyz Türkmenistan döwletimiziň bitarap daşary syýasy ýörelgäni saýlap almagy, onuň parahatçylyk söýüjilikli, oňyn bitaraplyk, “Açyk gapylar” syýasatyny ýöredip başlamagy ýurdumyzyň dünýä bileleşigine işjeň goşulyşmagyna ýardam etdi.

1995-nji ýylyň 12-nji dekabrynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň agzalarynyň biragyzdan goldamagynda “Türkmenistanyň hemişelik bitaraplygy” atly Rezolýusiýa kabul edildi. 2015-nji ýylyň 3-nji iýunynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 69-njy mejlisinde 193 döwletiň goldamagy netijesinde “Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň” ikinji gezek kabul edilmegi, dünýä ýurtlarynyň 47-siniň bu resminama awtordaş bolup çykyş etmegi hormatly Prezidentimiziň sebit we dünýä möçberinde parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi üpjün etmäge gönükdirilen netijeli syýasatynyň ählumumy ykrar edilmeginiň ajaýyp subutnamasy bolup durýar.

Türkmen halky asyrlarboýy parahatsöýüjiligi, hoşniýetliligi, myhmansöýerligi hemra edinip gelipdir. Bu günki günde hem Türkmenistan parahatsöýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk, myhmansöýerlik  gatnaşyklaryny ýöredip, dünýäde nusgalyk göreldäni görkezýär.

Bu ýörelge türkmen Bitaraplygynyň ajaýyp miwesidir, pähimdar pederlerimiziň nusgalyk ýoludyr. Bu günki gün halkymyzyň myhmanparazlyk düzgünleriniň her bir maşgaladan başlap, döwlet derejesinde hem saklanylýandygyny synlanyňda, Bitaraplyk taglymatynda şöhlelenýän şeýle ynsanperwer ýörelgäniň milletimiziň asyl tebigatyndan gözbaş alyp gaýdýandygyna göz ýetirýärsiň. Aslynda Bitaraplyk taglymatynyň binýadynda ýokary ynsanperwer ýörelgeler durýar. Ynsanperwerligiň düýp manysy ähli adamlaryň hukuklaryny we azatlyklaryny kanun esasynda goramakdan, olara bar bolan ýeňillikleri döretmekden ybaratdyr.

Türkmen Bitaraplygy hem dünýäde adamdan gymmatly zadyň ýokdugyny, ähli adamlaryň ysnyşykly gatnaşykda bolmalydygyny, ähli döwletleriň halkyň bähbidi üçin sazlaşykly hyzmatdaşlykda hereket etmelidigini ündeýän taglymatdyr. Ata-babalarymyzdan miras galan ruhy-ahlak häsiýetler döwletimiziň  Bitaraplyk hukuk ýagdaýynyň milli esaslaryny emele getirýär.

Bitaraplyk taglymaty milli Liderimiziň parasatly baştutanlygynda Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe eşretli etrirlerimiziň hatyrasyna döredýän we gurýan edermen, zähmetsöýer halkymyza täze-täze ýeňişleri gazanmaga ruhy goldow we güýç-kuwwat berýär. Şeýle hem dünýä halklarynyň arasynda parahatçylygyň özara düşünişmegiň hem-de ynanyşmagyň ygtybarly ýola goýulmagyna oňyn täsir edýär. Hormatly Prezidentimiziň oýlanyşykly, öňdengörüjilikli oňyn syýasaty netijesinde Türkmenistan baky Bitaraplyk derejesiniň ýörelgelerine elmydama ygrarlydyr.  Döwletimiz Bitaraplyk hukuk ýagdaýyndan ugur alyp, bütin dünýäde ählumumy parahatçylygyň, howpsuzlygyň we ösüşi üpjün etmegiň esasy kepili bolup çykyş edýän iň iri we abraýly halkara guramasy bolan Birleşen Milletler Guramasy bilen hyzmatdaşlygy barha pugtalandyrýar.

Sebitde we tutuş dünýäde parahatçylygy, ählumumy howpsuzlygy we durnukly ösüşi üpjün etmegiň hatyrasyna mähriban Arkadagymyz tarapyndan Halkara Bileleşigiň münberinden anyk teklipler öňe sürülýär.  Bu umumadamzat bähbitli teklipler dünýä halklary tarapyndan uly goldawa eýe bolýar.

Hormatly Prezidentimiziň “Garaşsyzlyga guwanmak, Watany, halky söýmek bagtdyr” atly kitabynda şeýle jümleler bar: “Garaşsyzlygyň ilkinji günlerinden Türkmenistan hemişelik Bitaraplygy döwlet – syýasy ülňüsi hökmünde seçip aldy. Bütin dünýäde ilkinji gezek BMG tarapyndan ykrar edilmek hormatyna mynasyp bolan Türkmen Bitaraplygy hakykatdan hem gudratdyr”.

Biziň Ata Watanymyz tarapyndan taryh üçin gysga döwrüň içinde ähli ugurlar boýunça uly üstünlikleri gazanyp, ykdysadyýetimiziň yzygiderli ösüş depginlerini üpjün etmegi, ilatyň ýaşaýyş derejesini ýokarlandyrmagy halkaraat-abraýyny beýgeltmegi doly durmuşa geçirildi.

“Türkmenistan – Bitaraplygyň mekany” ýyly diýlip yglan edilen 2020-nji ýylyň her bir gününi möhüm wakalara we üstünliklere besleýän agzybir, zähmetsöýer halkymyz Gahryman Arkadagymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda ýurdumyzyň baky Bitaraplygynyň şanly baýramçylygyny dünýä derejesinde giňden belläp geçer. Bu şanly sene mynasybetli ýylyň başyndan badalga alan dürli dabaralardyr çäreler barha giň gerime eýe bolýar. Munuň özi dünýäniň iň iri we abraýly halkara guramasy bolan Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan ykrar edilen Bitarap ýurduň - Garaşsyz Türkmenistanyň bagtyýar raýatlary bolan biziň her birimizi çäksiz buýsandyrýar we täze üstünliklere ruhlandyrýar.

Täçmuhammet Kerimow,
Türkmenistanyň Merkezi bankynyň
Lebap welaýat şahamçasynyň
Maglumat  tilsimatlary bölüminiň esasy hünärmeni