Merkezi Bankyň
walýuta kursy

Beýleki walýutalaryň kursy

Gymmat bahaly metallaryň
1 (bir) unsiýasynyň türkmen manadyna bolan gatnaşyklary

  ALTYN
  KÜMÜŞ
  PLATINA
  PALLADIÝ

Bitaraplyk – belent mertebe

Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň başda durmagy bilen durmuşa geçirilýän giň gerimli özgertmeleriň we oýlanyşykly içeri we daşary syýasatynyň netijesinde ýurdumyzyň halkara abraýy barha artýar we halkara gatnaşyklary ýokary depginli ösdürilýär.

Türkmenistan Watanymyz Garaşsyzlygynyň ilkinji günlerinden Bitaraplyk ýörelgelerini öňe sürüp başlady. Bu bolsa Watanymyzyň dünýäde durnukly ykdysady ösüşi gazanýan, düýpli özgertmeleri durmuşa geçirýän ýurt hökmünde giňden tanalmagyna getirdi.

Mälim bolşy ýaly, 1995-nji ýylyň 12-nji dekabrynda Birleşen Milletler Guramasynyň (BMG-niň) Baş Assambleýasy 185 döwletiň biragyzdan goldamagynda “Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy hakyndaky” Rezolýusiýasyny kabul etdi. Hormatly Prezidentimiziň beýik başlangyçlary bilen dünýäde parahatçylygy, ählumumy howpsuzlygy üpjün etmek işine goşýan goşandy, durmuş ulgamynyň ähli ugurlarynda ýaýbaňlandyrylýan giň möçberli özgertmeleri durmuşa geçirmekde toplan oňyn tejribesiniň dünýä bileleşigi tarapyndan ykrar edilýändigi göz öňünde tutulyp, 2015-nji ýylda 193 döwletiň goldamagynda BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan “Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy hakyndaky” Rezolýusiýa gaýtadan kabul edildi.

Bitaraplyk derejesi ýurdumyzda Ýer ýüzünde ylalaşdyryjy merkez hökmünde belent abraýa eýe bolmagyna, ykdysadyýetde, durmuş ulgamynda, türkmen jemgyýetiniň ruhy-medeni durmuşynda üstünlikleri gazanmakda onuň ornuny üpjün etmäge mümkinçilik berdi. Bitarap döwlet diýip ykrar edilen döwletimiz dünýäniň abraýly guramasy bolan BMG tarapyndan ykrar edilen ilkinji we ýeke-täk Bitarap döwletdir. BMG tarapyndan ilkinji Bitaraplyk derejesiniň Türkmenistan döwletimize berilmegi belent mertebedir.

Garaşsyzlygyň sütüni bolan hem-de ýurdumyzyň öňdengörüjilikli we netijeli halkara syýasatyny üstünlikli amala aşyrmakda uly orun eýeleýän Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk derejesiniň BMG-niň Baş Assambleýasynyň Kararnamasy bilen berkidilmegi şol taryhy ýoluň uly ähmiýetli wakasydyr. Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 25 ýyllygy Watanymyzyň taryhynda örän möhüm senedir, onuň daşary syýasat strategiýasynyň möhüm tapgyrydyr. 

Häzirki döwürde Türkmenistanyň BMG bilen hyzmatdaşlygy hil taýdan täze derejä çykýar. Garaşsyz hem Bitarap Türkmenistan BMG-niň Baş Assambleýasynyň 58-nji, 62-nji, 64-nji, 68-nji we 71-nji mejlisleriniň wise-başlyklygyna saýlanmagy munuň aýdyň subutnamasydyr. Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasaty strategiýasynyň möhüm ugurlarynyň biri BMG bilen hyzmatdaşlygyň yzygiderli ösdürilmegidir.

Hormatly Prezidentimiz BMG-niň Baş Assambleýasynyň 73-nji sessiýasynda Türkmenistanyň parahatçylygy we howpsuzlygy berkitmek, yzygiderli hem durnukly ösüşi üpjün etmek, ulag, ekologiýa, energetika çygryndaky meseleleriň çözülmegine ýardam bermekde giň halkara hyzmatdaşlygyny amala aşyrmak babatyndaky başlangyçlary öňe sürdi we Türkmenistanda Durnukly ösüş maksatlarynyň üstünlikli amala aşyrylýandygyny, ilatyň iýmitlenmeginiň gowulandyrylmagy ugrunda zerur çäreleriň görülýändigi, ähli zenanlar we gyzlar üçin hukuklaryň we mimkinçilikleriň kepillendirilýändigi barada örän baý maglumatlary getirdi. Parahatçylyk arkaly gazanylýan ösüşiň tarapdary bolan Hormatly Prezidentimiziň alyp barýan daşary syýasatynyň özenini daşary döwletleriň içerki işlerine gatyşmazlyk, harby toparlanyşyga goşulmazlyk, halklar arasyndaky doganlyk-dostluk, ykdysady hyzmatdaşlyk ýaly ikitaraplaýyn bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmek, birek-birege kömek bermek ýaly ynsanperwer meseleler düzýär.

Milli Liderimiziň parasatly ýöredýän syýasy-strategik ugry bilen Türkmenistan sebitde we dünýäde parahatçylygy we howpsuzlygy pugtalandyrmakda esasy orunlaryň birini eýeleýär. Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň güýçli depginler bilen innowasion esaslarda ösdürýän milli ykdysadyýeti döwletimiziň ykdysady kuwwatyny atrdyrýar. Bu bolsa goňşy we alyslardaky döwletler bilen ýangyç-energetika, ulag-kommunikasiýa ulgamlarynda we himiýa senagatynda iri taslamalary amala aşyrmaga örän oňat mimkinçilikler döredýär.

Häzir BMG tarapynda Hemişelik Bitaraplygy iki gezek ykrar edilen Türkmenistan dünýäde ylalaşygy pugtalandyrmak, dostlukly we özara bähbitli gatnaşyklary ösdürmek babatynda uly tagallary edýär. Bu ugurda Hormatly Prezidentimiziň jöwher paýhasyndan çykan “Bitarap Türkmenistan”, “Türkmenistan-abadançylygyň we rowaçlygyň ýurdy”, “Watan goragy mukaddesdir”, “Parahatçylyk sazy - dostluk, doganlyk sazy”, “Türkmenistan - Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” atly kitaplarynyň ähmiýeti uludyr.

Bitaraplygyň taryhy ähmiýeti diýseň uludyr. Bitaraplyk türkmen döwletiniň berkararlyk sütünleriniň biridir. Bitarap we ylalaşdyryjy merkez hökmünde Türkmenistanyň bitiren hyzmatlary onuň halkara abraýynyň has-da beýgelmegine getirdi. Aslynda, türkmen Bitaraplygy öz gözbaşyny gadymdan - Oguz han atamyzyň döwründen alyp gaýdýar.

Ata-babalarymyz goňşy ýurtlar, ähli halklar bilen agzybir, oňşukly, parahat ýaşamaga çalşypdyrlar. Beýleki milletleriň medeniýetlerini, däp-dessurlaryny hormatlapdyrlar. Hormatly Prezidentimiziň “Türkmenistan Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” atly kitabynyň ikinji babynda: “Türkmenistanyň daşary syýasatynyň çäklerinde üstünlikli amala aşyrylýan “açyk gapylar” syýasaty, goňşular, dünýäniň ähli döwletleri bilen dürli ugurlarda, şol sanda taryhy, medeni we ruhy gymmatlyklary öwrenmek babatdaky ikitaraplaýyn bähbitli we hoşniýetli gatnaşyklarymyz bitaraplyk syýasatymyzyň maksatlaryna laýyk gelýär” diýip türkmen Bitaraplygynyň halkara derejesindäki tutýan ornuna mynasyp baha berýär.

Umuman, türkmen Bitaraplygy halkymyzyň jebisliginiň we gazanan ýeňişleriniň miwesi, döredijilikli zähmetiniň üstünlikli netijesi we geljekki sepgitleriniň daýanjy, pajarlap ösüşleriň we kämil nesilleri ösdürip ýetişdirmegiň ygtybarly binýady bolup hyzmat edýär.

Türkmen Bitaraplygy ýörelgesiniň dünýä nusgalyk bolmagynda ägirt uly işleri bitirýän hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak, Belent Başy aman bolsun, il-ýurt bähbitli, umumadamzat ähmiýetli alyp barýan işleri hemişe rowaçlyklara beslensin!

Güldesse Hangeldiýewa,
Türkmenistanyň Merkezi bankynyň
Türkmenistanyň Gahrymany A.Nyýazow adyndaky
Ýöriteleşdirilen bank mekdebiniň Işgärler boýunça esasy hünärmeni