Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Gurbanguly Berdimuhamedowa Türkmenistanyň bank ulgamynyň işgärleriniň ÝÜZLENMESI
Çuňňur hormatlanylýan Türkmenistanyň Prezidenti!
Sizi Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan döwletimiziň milli manadynyň dolanyşyga girizilmeginiň 27 ýyllygy bilen tüýs ýürekden mähirli gutlaýarys!
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň bank ulgamynyň işgärlerine we ähli halkyna iberen çuňňur pähim-paýhasyňyza ýugrulan Gutlagyňyz üçin Size tüýs ýürekden sagbolsun aýdýarys.
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Siziň parasatly we çuňňur oýlanyşykly döwlet syýasatyňyzyň netijesinde ýurdumyzyň bank ulgamynda hem uly öňegidişlikler, innowasion häsiýetli ösüşler gazanylýar, ýeke-täk döwlet pul-karz syýasaty netijeli alnyp barylýar. Siziň öňdengörüjilikli, parahatçylyk söýüjilikli kämil syýasatyňyzyň netijesinde, mähriban halkymyz "Türkmenistan - Bitaraplygyň mekany" diýlip yglan edilen ýylda beýik maksatlara alyp barýan röwşen ýollarda bedew bady bilen öňe barýar.
Belent mertebeli Arkadag Prezidentimiz!
Siziň beýik başlangyçlaryňyz bilen, ýurdumyzyň bank ulgamyny düýpli özgertmek, ilata hödürlenilýän bank hyzmatlaryny halkara derejelere çykarmak boýunça bank kanunçylygyny kämilleşdirmek, bank işiniň dürli ugurlaryny döwrebaplaşdyrmak, abraýly halkara maliýe guramalary, sebitleýin ösüş banklary bilen hyzmatdaşlygy has-da giňeltmek, nagt däl hasaplaşyklaryň gerimini giňeltmek, sanly ulgamda “Internet-bank”, “Mobil-bank”, “Elektron söwda” ýaly onlaýn bank hyzmatlaryny giňden ornaşdyrmak, ilatyň arasynda bank ulgamy tarapyndan alnyp barylýan işler, ýerine ýetirilýän hyzmatlaryň amatlyklary barada mahabat-düşündiriş işlerini alyp barmak boýunça öňegidişlikler gazanylýar.
Siziň berýän hemaýatyňyz we goldawlaryňyz bilen durmuşa geçirilýän çäreleriň netijesinde ýurdumyzyň karz edaralarynyň işini kämilleşdirmek, olaryň maliýe ýagdaýlaryny berkitmek, erkin pul serişdelerini netijeli dolanyşyga çekmek, bank ulgamyna sanly tehnologiýalary giňden ornaşdyrmak bilen ulgamyň durnuklylygyny mundan beýläk-de berkitmek, hasaplaşyklaryň döwrebap we ygtybarly usullaryny ornaşdyrmak, ulgamlaýyn innowasion ösüşi üpjün etmek boýunça beýik sepgitlere ýetildi.
Çuňňur hormatlanylýan Prezidentimiz!
Siziň yglan eden Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň uzak möhletleýin durnukly ösüşini üpjün etmekde ykdysadyýetiň maliýe böleginiň hem-de pul-karz we walýuta syýasatynyň kämilleşdirilmegi, milli puluň hümmetiniň berkidilmegi möhüm ähmiýete eýedir. „Türkmenistanyň bank ulgamyny ösdürmegiň 2011-2030-njy ýyllar üçin Döwlet maksatnamasynaˮ hem-de „Türkmenistanda 2019-2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyna” laýyklykda bank ulgamyny ösdürmek, bank işjeňliginiň kadalaşdyryjy-hukuk binýadyny yzygiderli kämilleşdirmek, hödürlenilýän sanly bank hyzmatlarynyň gerimini giňeltmek we hilini ýokarlandyrmak, töleg ulgamyny kämilleşdirmek boýunça maksatlaýyn işler alnyp barylýar. Döwlet maksatnamasynda bellenilen çäreleriň ýerine ýetirilmegi, ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüşiniň derejesiniň mundan beýläk hem ýokarlanmagy, milli puluň hümmetiniň has-da pugtalandyrylmagy ykdysadyýetiň maliýe böleginiň ösdürilmegi üçin zerur şertleri döredýär.
Gahryman Arkadagymyz!
Halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini, ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny has-da ýokarlandyrmak boýunça alyp barýan ýadawsyz zähmetiňiz, Türkmenistanyň bank ulgamynyň işgärleriniň netijeli zähmet çekmegine zerur bolan ähli şertleri döredýändigiňiz hem-de mähirli Gutlagyňyz üçin Size tüýs ýüregimizden sagbolsun aýdýarys.
Türkmenistanyň bank ulgamynyň innowasion häsiýetli ösüşini üpjün etmek, elektron tölegler ulgamynyň gerimini giňeltmek we hilini has-da ýokarlandyrmak, bank goýumlaryny kepillendirmek, ykdysady taýdan ähmiýetli pudaklary karzlaşdyrmak, bank ulgamynyň hukuk-kadalaşdyryjy binýadyny mundan beýläk-de kämilleşdirmek, abraýly halkara maliýe guramalary, sebitleýin ösüş banklary bilen özara bähbitli we oňyn hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça çäreleri işläp düzmekde gujur-gaýratymyzy gaýgyrmajakdygymyza Sizi ynandyrmaga rugsat bermegiňizi haýyş edýäris.
Hormatly Prezidentimiz!
Siziň janyňyz sag, ömrüňiz uzak, belent başyňyz aman bolsun, il-ýurt bähbitli, umumadamzat ähmiýetli alyp barýan tutumly işleriňiz mundan beýläk hem rowaç alsyn!
Sizi çuňňur hormatlamak bilen,
Türkmenistanyň bank ulgamynyň işgärleri.
Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi