Merkezi Bankyň
walýuta kursy

Beýleki walýutalaryň kursy

Gymmat bahaly metallaryň
1 (bir) unsiýasynyň türkmen manadyna bolan gatnaşyklary

  ALTYN
  KÜMÜŞ
  PLATINA
  PALLADIÝ

Milli manat: 27 ýyllyk taryhyň teswiri

Milli pullar her bir döwletiň ykdysadyýetiniň aýrylmaz bölegi bolup durýar. Galyberse-de, pul adamyň gündelik ýaşaýşyny dolandyrmak üçin möhüm gural bolup hyzmat edýär. Her bir ýurduň ykdysady kuwwaty, halkynyň ýaşaýyş-durmuş derejesi şol ýurduň milli pulunyň durnuklylygy bilen berk baglanyşyklydyr.

Taryha gysgaça syn salsak, dürli döwürlerde pullaryň dürli görnüşleriniň ulanylandygyna göz ýetirmek bolýar. Puluň giňden peýdalanylmagy bilen öý hojalyklarynyň, halklaryň, döwletleriň arasyndaky hojalyk we ykdysady gatnaşyklar has hem kämilleşdi. Bu gatnaşyklaryň obýekti hökmünde çykyş edýän “pul” häzirki wagtda diňe bir fiziki görnüşinde kabul edilmän, eýsem bu düşünjäniň çäkleri bank kartlary, elektron pullary, elektron gapjyk ýaly nagt däl hasaplaşyklaryň döwrebapgurallary arkaly has hem giňedi.

1993-nji ýylda Türkmenistanyň milli puly – milli manady dolanyşyga girizildi. Manat biziň özygtyýarlygymyzyň we özbaşdaklygymyzyň nyşanydyr. Döwletimiziň aýratyn pul birliginiň bolmagy ýurdumyzda özbaşdak pul-karz syýasatyny alyp barmaga, ykdysady özgertmeleri üstünlikli amala aşyrmaga mümkinçilik berýär. Ýurduň esasy kanuny - Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň 138-nji maddasyna laýyklykda, ýurduň bank ulgamy Türkmenistanyň Merkezi bankyny we karz edaralaryny öz içine alýar. Türkmenistanyň  Merkezi banky ýeke-täk döwlet pul-karz syýasatyny geçirmegi, nagt pul dolanyşygyny guramagy, hasaplaşyk-töleg ulgamynyň işlemegini, karz edaralarynyň algydarlarynyň we goýumçylarynyň bähbitlerini goramagy, şeýle hem Türkmenistanyň halkara ätiýaçlyklarynyň dolandyrylmagyny üpjün edýär we kanunda göz öňünde tutulan gaýry wezipeleri ýerine ýetirýär.

Türkmen milli manady ýurdumyzyň çäginde ýeke-täk kanuny töleg serişdesi bolup durýar. Bu barada Konstitusiýamyzyň 139-nji maddasynda bellenilýär. Şeýle hem daşary ykdysady gatnaşyklarynda puly kadalaşdyrmagyň we pula gözegçilik etmegiň hukuk esaslary we ýörelgeleri “Daşary ykdysady gatnaşyklarynda puly kadalaşdyrmak we pula gözegçilik etmek hakyndaky” Türkmenistanyň kanuny hem-de beýleki kadalaşdyryjy we hukuk namalary esasynda kadalaşdyrylýar. Agzalan kanun Türkmenistanda döwletiň ýeke-täk pul-karz syýasatyny amala aşyrmaga, Türkmenistanda milli puluň pugtalygyny we pul bazarynyň durnuklylygyny üpjün etmäge gönükdirilendir, puly kadalaşdyryş edaralarynyň ygtyýarlylygyny, dahyllylaryň we dahylsyzlaryň, pula gözegçilik edýän edaralaryň we gatnaşyjylaryň hukuklaryny we borçlaryny kesgitleýär.

Şu ýylyň 1-nji noýabrynda milli manadymyzyň dolanyşyga girizilenine 27 ýyl dolýar. Mundan çärýek asyrdan gowrak öň ädilen bu ädim milli ykdysadyýetimiziň sazlaşykly ösdürilmegi hem-de bitewi döwlet pul-karz syýasatynyň durmuşa geçirilmegi üçin oňaýly şertleri döretmek babatda üstünlikli başlangyç boldy. Geçilen bu ýol ykdysady, maliýe we bank ulgamynda durmuşa geçirilen özgerişlere we öňegidişliklere baý boldy. 2009-njy ýylyň 1-nji ýanwarynda ýurdumyzyňbank ulgamynda üstünlikli amala aşyrylan özgertmäniň netijesinde milli manadymyzyň denominasiýasy geçirildi. Dolanyşyga nominallary 1, 5, 10, 20, 50 we 100 manat bolan banknotlar hem-de hümmeti 1, 2, 5, 10, 20 we 50 teňňä deň bolan şaýy pullar girizildi. Milli manadymyzyň gorag alamatlaryny kämilleşdirip halkara standartlaryna laýyk getirmek boýunça ýerine ýetirilen işleriň netijesinde, 2012-nji ýylda nominallary 1, 5, 10 we 20 manat bolan hem-de 2014-nji ýylda nominallary 1, 50 we 100 manat bolan modifisirlenen banknotlar dolanyşyga girizildi. Mundan başga-da, 2017-nji ýylda Aşgabat şäherinde geçirilen Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlary mynasybetli Türkmenistanyň Merkezi banky tarapyndan nominallary 1, 5, 10, 20, 50 we 100 manat bolan modifisirlenen banknotlary hem dolanyşyga goýberildi. Banknotlarda dürli döwürlerde türkmen halkynyň şan-şöhratyny dünýä ýaýan beýik taryhy şahsyýetler, Türkmenistanyň Döwlet Tugrasy we kartasy, taryhy arhitektura ýadigärlikleri, şeýle hem paýtagtymyzyň nyşany hasaplanýan ajaýyp binalary şekillendirilendir.

Häzirki wagtda Türkmenistanyň Merkezi banky tarapyndan dolanyşyga goýberlen 2009, 2012, 2014 we 2017-nji ýyllaryň nusgalaryndaky ähli banknotlar Türkmenistanyň çäginde kanuny töleg serişdesi hökmünde kabul edilýär hem-de olar ýurduň çäginde eýeçiliginiň görnüşine we alyp barýan işine garamazdan, edara-kärhanalaryň ählisi tarapyndan tölegler üçin nominal gymmaty boýunça kabul edilmäge hökmany bolup durýar. Dolanyşykdaky banknotlar we şaýy pullar hem-de olar bilen bagly giňişleýin maglumat Türkmenistanyň Merkezi bankynyň internet sahypasynda ýerleşdirilendir. 

Mähriban Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän pul-karz syýasatynyň çäklerinde Türkmenistanyň Merkezi banky tarapyndan milli manadyň satyn alyjylyk ukybynywe  hümmetini durnukly saklamak, kadaly pul dolanyşygyny üpjün etmek, nagt däl hasaplaşyklaryň gerimini giňeltmek bank hyzmatlarynyň hilini ýokarlandyrmak, sanly ulgamda “Internet-bank”, “Mobil-bank”, “Elektron-söwda” ulgamlary arkaly ýerine ýetirilýän hyzmatlaryň görnüşlerini artdyrmak, hilini has-da ýokarlandyrmak, bank ulgamyna innowasion tehnologiýalary yzygiderli ornaşdyrmak ýaly köp ugurly işler amala aşyrylýar. Milli manadymyzyň durnuklulygynyň üpjün edilmegi ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň ýokary derejede saklanmagyna hem ýardam edýär. Ýurdumyzyň milli pul birliginiň durnukly bolmagynyň netijesinde, raýatlarymyz öz pul serişdelerini yzygiderli goragly we girdejili bank goýumy hökmünde goýum hasaplarynda saklaýarlar. Müşderileriň bank ulgamyna bolan ynamynyň ýokary derejede bolmagynyň anyk mysalyny bank goýumlarynyň möçberleriniň yzygiderli ýokarlanmagynda hem görmek bolar.

Milli manadymyzyň durnuklylygynyň üpjün edilmegi bank önümleriniň kämilleşmegine, sanly hyzmatlaryň geriminiň giňemegine getirýär. Bu hem öz gezeginde raýatlaryň innowasion tehnologiýalardan, häzirki zaman bank önümlerinden netijeli peýdalanmaklary üçin maliýe taýdan sowatly bolmaklaryny şertlendirýär. Ilatyň maliýe sowatlylygyny ýokarlandyrmagyň birnäçe tarapdan amatlyklary bar. Döwlet nukdaýnazaryndan pul-karz ulgamynyň işjeňligini ösdürmäge, goýum görnüşinde ilatdan çekilen erkin pul serişdelerini gaýtadan paýlamak arkaly ykdysady ösüşe täsirini ýokarlandyrmaga, pul dolanyşygynyň we aýlanyşygynyň gerimini giňeltmäge mümkinçilik berýär. Bu şeýle hem karz edaralarynyň hyzmatlaryny we önümlerini kämilleşdirmek arkaly müşderileriň sanyny artdyrmaga, ilatyň isleg bildirýän önümlerini we hyzmatlaryny işläp taýýarlamaga, nagt däl hasaplaşyklaryň gerimini giňeltmäge, mundan başga hem, bazarda isleg bildirilmeýän bank önümleriniň mukdaryny azaltmak arkaly harajatlary tygşytlamaga ýardam edýär. Bu ugruň ähmiýetini nazara alyp, Hormatly Prezidentimiziň döredip berýän giň mümkinçilikleriniň netijesinde ýurdumyzda ilatyň maliýe sowatylylygyny ýokarlandyrmak, raýatlaryň ýaşaýyş-durmuş derejesini dünýäniň öňdebaryjy döwletleriniň hataryna ýetirmek, giň gözýetimli, durmuşa ukyply, zehinli nesilleri terbiýeläp ýetişdirmek, ykdysadyýetimiziň dürli ugurlary üçin ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamak boýunça netijeli işler alnyp barylýar.

Hormatly Prezidentimiziň: “Milli manadyň pugtalandyrylmagy ykdysadyýeti ösdürmekde, öňümizde goýan beýik maksatlarymyza ýetmekde, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmakda möhüm şertleriň biridir” diýip belleýşi ýaly, milli pulumyz halkymyzyň durmuş-ykdysady taýdan ösüşiniň barha okgunly ugur almagyna esas bolup durýar.

Gahryman Arkadagymyzy, mähriban halkymyzy milli manadymyzyň ýetip gelýän 27 ýyllygy bilen tüýs ýürekden gutlaýarys. Türkmen halkynyň ýaşaýyş-durmuş derejesini yzygiderli ýokarlandyrmak babatda ýadawsyz tagallalary alyp barýan hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak, belent başy aman bolsun! Alyp barýan il-ýurt bähbitli, döwlet ähmiýetli işleri hemişe rowaçlyklara beslensin!

Göwher ORAZOWA,
Türkmenistanyň Merkezi bankynyň
Jemgyýetçilik aragatnaşygy we ýazgy bölüminiň baş hünärmeni

Türkmenistan gazeti, 31.10.2020ý.