Merkezi Bankyň
walýuta kursy

Beýleki walýutalaryň kursy

Gymmat bahaly metallaryň
1 (bir) unsiýasynyň türkmen manadyna bolan gatnaşyklary

  ALTYN
  KÜMÜŞ
  PLATINA
  PALLADIÝ

Milli pul birligimiziň esasy ugurlaryna bagyşlanan maslahatda bu ugurda pikir alşyldy

2017-nji ýylyň 1-nji noýabrynda Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň mejlisler zalynda türkmen milli manadynyň dolanşyga girizilmeginiň 24 ýyllygy mynasybetli ylmy-amaly maslahaty geçirildi.

Maslahata hökümet agzalary, döwlet we täjirçilik banklarynyň ýolbaşçylary we hünärmenleri, degişli ministrlikler we pudak edaralar, ýokary okuw mekdepleriniň professor mugallymlary we talyplary, şeýle hem Türkmenistanyň Ylymlar Akademiýasynyň we Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy Akademiýasynyň hem-de köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdy.

Çykyş edenler, maliýe we bank ulgamlarynyň kämilleşmegi, manatyň durnuklylygy we ykdysady ösüşiň gatnaşygy, banknotlaryň üýtgedilmegi, sebit we halkara guramalary bilen hyzmatdaşlygyň giňemegi, şeýle hem Türkmenistanda pul dolanşygynyň taryhy barada beýan etdiler.

Maslahata gatnaşyjylara ilata we telekeçilere edilýän döwrebap tehnologiýalarda edilýän hyzmatlar barada gürrüň berildi. Internet-bank hyzmatyny girizmek, şeýle hem nagt däl hasaplaşyga geçmek, bank ulgamynyň täze, sanly görnüşe geçmegine, türkmen manadynyň derejesini güýçlendirmäge ýardam eder.

Esasy meseleleriň biri karzlaryň berilmeginiň ösmegi boldy. Fiziki we ýuridiki şahslara karz pullaryny bermegiň dürli ugurlary boýunça pikir alşyldy, Türkmenistanyň kiçi we orta telekeçiligi ösdürmek üçin ýörite programma üpjünçiligini döretmek maslahatlaşyldy. Karz alýanlar we berýänler babatynda kanun çykaryjy esaslarynyň kämilleşýändigi aýratyn bellendi.

Maslahatyň barşynda türkmen ykdysadyýetiniň esasy orunlarynyň daşary ýurtlara satmaga ukyply we getirilýän harytlaryň ýerini tutup bilýän önümleriň öndürilmeginiň diwersifikasiýalaşdyrylmagynyň türkmen manadynyň durnuklylygyny saklamagyna oňyn täsirini ýetirýändigi aýdyldy. Daşary ýurtlara satylýan harytlaryň paýy artýar, milli bazarymyzda daşary ýurt harytlary hil taýdan, ekologiýa babatyndan we özüne düşýän gymmatynyň azlygyndan bäsleşige ukyplylygyny ýitirýär. Senagatyň ösmegi we döwrebap gurluşlar täze önümçiligi we milli önümçiligi ýerlemek maksatnamasynynyň amala aşyrylmagy ilata iş we üpjünçilik taýdan oňyn täsirini ýetirýär.

Maslahatda şeýle hem, türkmen walýutasynyň taryhy, 2009-njy ýylda geçirilen denominasiýanyň oňyn täsirleri barada çykyşlar okaldy. Taryhy-medeni ýadygärlikleriň we Türkmenistanyň häzirki ösüşleriniň öwüşginleri täze banknot nusgalarynyň bezegi barada çykyşlar hem edildi.

Milli manadyň dolanşyga girizilmeginiň 24 ýyllygyna bagyşlanan maslahat geljekki maliýe-bank ulgamynyň hünärmenleri taýýarlanylýan Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynda geçirildi. Olaryň öňünde bu ulgamy döwrebaplaşdyrmagyň strategiýasyny durmuşa geçirmek, elektron täjirçiligi işjeň ösdürmek wezipesi durýar. Şonuň üçinem okuwa innowasiýalar we döwrebap bilim tehnologiýlary işjeň ornaşdyrylýar, mugallymlar-professorlar düzümi talyp ýaşlaryň intellektual we döredijilik mümkinçiliginiň açylmagyna ýardam etmäge çalyşýarlar.

Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi