Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
2017-nji ýylyň 2-nji noýabrynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda ykdysadyýetimiziň pudaklarynda şu ýylyň on aýynda alnyp barlan işleriň netijelerine we taýýarlanan resminamalaryň taslamalaryna seredildi. Şeýle hem ozal kabul edilen döwlet maksatnamalarynyň ýerine ýetirilişi we ýurdumyzyň durmuşyna degişli möhüm meseleleriň birnäçesi ara alnyp maslahatlaşyldy.
Hormatly Prezidentimiz mejlisiň gün tertibine geçip, ilki bilen Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary G.Myradowa söz berdi. Wise-premýer şu ýylyň on aýynda ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüşiniň netijeleri barada hasabat berdi.
Görkezijilere laýyklykda, jemi içerki önüm 6,4 göterim, şol sanda senagat pudagynda —3,9 göterim, gurluşykda--2,9 göterim, ulag-aragatnaşyk ulgamynda – 11,1 göterim, oba hojalygynda—4,9 göterim, hyzmatlar ulgamynda—9,7 göterim artdy. Ýanwar-oktýabr aýlarynda geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, jemi öndürilen önümiň ösüş depgini 6,3 göterim üpjün edildi.
Bölek-satuw haryt dolanyşygynyň möçberi 2016-njy ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 18 göterim ýokarlandy. Sarp ediş harytlarynyň we ilata edilýän hyzmatlaryň nyrhlarynyň jemleýji görkezijisi bellenen çäklerde saklanyldy.
Şu ýylyň on aýynyň netijeleri boýunça ortaça aýlyk zähmet haky 8,9 göterim ýokarlandy.
Hasabat döwründe Döwlet býujetiniň girdeji bölegi 17,2 milliard manada, çykdajy bölegi bolsa 17,1 milliard manada barabar boldy.
Zähmet haklary, pensiýalar, döwlet kömek pullary we talyp haklary öz wagtynda hem-de doly möçberde tölenildi.
2017-nji ýylyň on aýynda "Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etrapdaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň durmuş-ýaşaýyş şertlerini özgertmek boýunça 2020-nji ýyla çenli döwür üçin rejelenen görnüşindäki Milli maksatnamany" ýerine ýetirmegiň çäklerinde, deslapky hasaplamalar boýunça, durmuş-medeni ähmiýetli binalaryň bäşisi guruldy, inženerçilik ulgamlarynyň 438,1 kilometri çekildi, 922,1 müň inedördül metr ýaşaýyş jaýlary bina edildi.
Häzirki wagtda binalaryň 64-siniň, suw arassalaýjy desgalaryň 30-synyň, 382,2 müň inedördül metrden gowrak ýaşaýyş jaýlarynyň hem-de düzümleýin ulgamlaryň gurluşygy dowam edýär. Umuman, bellenen işleriň ýerine ýetirilmeginde 1515,4 million manat möçberde düýpli maýa goýumlary özleşdirildi.
Hasabatyň çäklerinde 2018-nji ýyl üçin Döwlet býujetiniň taslamasynyň taýýarlanylyşy barada hem aýdyldy.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Ministrler Kabinetiniň dolandyryş gurluşynda artykmaç düzümleri gysgaltmak boýunça göz öňünde tutulan işleriň geçirilmegi hem-de dolandyryş edaralarynyň düzüm birlikleriniň azaldylmagy netijesinde, döwlet düzümlerini dolandyrmak işiniň has anyk häsiýete eýe bolandygyny belledi. Milli Liderimiz ýurdumyzyň ministrlikleriniň hem-de pudak edaralarynyň, kärhanalarynyň we guramalarynyň maliýe ýagdaýynda hem oňyn öňegidişligiň duýulýandygyny nygtady.
Döwlet Baştutanymyz Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň ähli orunbasarlary bilen bilelikde, ýurdumyzy ykdysady taýdan ösdürmegiň geljegi bilen bagly meseleleri düýpli seljermegiň häzirki döwürde öňde durýan ilkinji nobatdaky örän möhüm wezipedigini aýtdy. Ýakynda geçirilen Ýaşulularyň maslahatynda döwletimizi durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň ýakyn ýedi ýyla niýetlenen maksatnamasy kabul edildi diýip, milli Liderimiz sözüni dowam etdi hem-de bu maksatnamany amala aşyrmak boýunça göz öňünde tutulan işleriň berk maýa goýum binýadyna esaslanmalydygyny nygtady.
Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň telekeçilerine goldaw bermek boýunça hem zerur işleri amala aşyrmagyň zerurdygyna ünsi çekdi. Bu babatda, şu maksat bilen, telekeçiligi goldamagyň gaznasyny döretmegiň maksadalaýyk boljakdygy bellenildi.
Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň ministrlikleriniň hem-de pudak edaralarynyň algy-bergileri boýunça hasaplaşyklaryň geçirilişine berk gözegçilik etmegi tabşyryp, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri öndürmek we daşary ýurtlara iberilýän harytlaryň möçberlerini artdyrmak boýunça döwlet maksatnamalarynyň durmuşa geçirilişine aýratyn üns bermelidigini nygtady. Döwlet Baştutanymyz şonuň ýaly-da, ýurdumyzy senagat taýdan ösen döwlete öwürmek, täze iş orunlaryny döretmek, elektron senagatyny döretmek boýunça kabul edilen maksatnamalary üstünlikli durmuşa geçirmek boýunça ähli zerur çäreleri görmegi tabşyrdy.
Hormatly Prezidentimiz sözüni dowam edip, Oba milli maksatnamasynyň ýerine ýetirilişine hem berk gözegçilik etmegi talap etdi. Şunuň bilen baglylykda, Oba milli maksatnamasynyň ýerine ýetirilmegi üçin jogapkär bolan ähli häkimlere we ýolbaşçylara şu ýylda alnyp barlan işleriň jemlerine seredilende bu meselä hem garaljakdygyny, öz üstüne ýüklenen wezipeleri ýerine ýetirmegi başarmadyk ýolbaşçylaryň eýeleýän wezipelerinden boşadyljakdygyny duýdurdy.
Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow döwletimiz üçin örän möhüm bolan bu ugurlarda işleri talabalaýyk ýola goýmak boýunça zerur çäreleri görmegiň wajypdygyny aýdyp, wise-premýere ýolbaşçylary seçip almak boýunça zerur işleri geçirmegi tabşyrdy. Hünärmenleri okatmak we tejribe alyşmak üçin daşary ýurtlara ibermäge hem aýratyn üns bermek gerek.
Döwlet Baştutanymyz Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň ähli orunbasarlaryna ýüzlenip, 2018-nji ýyl üçin Döwlet býujetiniň taslamasyny ýene-de bir gezek seljermegi, soňra bolsa, onuň taslamasyny seretmek üçin Türkmenistanyň Mejlisine ibermegi tabşyrdy.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Babaýew ýangyç-energetika toplumynyň kärhanalarynda on aýyň dowamynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri we “Türkmenistanyň nebitgaz toplumyny ösdürmegiň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin maksatnamasyny” durmuşa geçirmegiň barşy barada hasabat berdi.
Nebiti gaz kondensaty bilen çykarmak, uglewodorod serişdelerini gaýtadan işlemek boýunça ýetilen sepgitler barada habar berildi. Benzin önümçiliginiň meýilnamasy 105,3 göterim, dizel ýangyjynyňky - 103 göterim, polipropilen önümçiliginiň meýilnamasy 109,8 göterim, çalgy ýaglarynyňky 101,9 göterim, suwuklandyrylan gazyň önümçilik meýilnamasy bolsa 108,1 göterim berjaý edildi. Geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, tebigy we ugurdaş gazy çykarmagyň ösüş depgini 106,3 göterime, “mawy ýangyjyň” eksportunyň ösüş depgini 106,4 göterime, maýa goýumlaryny özleşdirmegiň ösüş depgini bolsa 119,2 göterime deň boldy.
Şeýle hem wise-premýer häzirki döwürde gurluşygy bellenilen meýilnama laýyklykda alnyp barylýan Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan gaz geçirijisiniň türkmen böleginiň gurluşygynyň barşy hakynda habar berdi.
Hormatly Prezidentimiz nebitgaz pudagynyň işinde birnäçe kemçilikleriň bardygyna ünsi çekip, pudakda ýaýbaňlandyrylan özgertmeleri işjeňleşdirmegi, ýangyç-energetika toplumynyň netijeli işini ýola goýmak boýunça gysga wagtyň içinde zerur tagallalary görmegi wise-premýerlen berk talap etdi.
Wezipe borçlaryny göwnejaý ýerine ýetirmän, gözegçilik edýän pudaklarynda işleri talabalaýyk ýola goýmandygy üçin, M.Babaýewe käýinç yglan edip, döwlet Baştutanymyz degişli resminama gol çekdi.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Aýdogdyýew gözegçilik edýän pudaklarynda şu ýylyň on aýynda alnyp barlan işleriň netijeleri, şeýle hem «Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň meseleleri hakyndaky» kararyň taslamasy barada hasabat berdi.
Senagat ministrligi boýunça şu döwrüň içinde öndürilen önümleriň, ýerine ýetirilen işleriň we hyzmatlaryň umumy möçberi boýunça meýilnama 108,2 göterim berjaý edildi.
Dokma senagaty ministrligi boýunça önümçilik meýilnamasy 114,1 göterim ýerine ýetirilip, 3,8 göterim ösüş depgini üpjün edildi. Şu ýylyň ýanwar-oktýabr aýlarynda pudagyň kärhanalary tarapyndan 37 müň 100 inedördül metr haly we haly önümleri dokaldy.
“Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň kärhanalary boýunça tehniki ýod öndürmekde 124 göterim, tehniki uglerod öndürmekde 102 göterim, natriý sulfatyny öndürmekde 104,9 göterim ösüş depgini gazanyldy.
Döwlet balyk hojalyk komiteti boýunça şu ýylyň on aýynyň önümçilik meýilnamasy 106 göterim ýerine ýetirildi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, milli ykdysadyýetimiziň senagat pudaklarynda oňat netijeleriň görnüp başlandygyny belledi. Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, senagat önümleriniň öndürilişiniň möçberleri artdy. Netijede, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri öndürmek, ýurdumyzy senagat taýdan ösen döwlete öwürmek, bilelikdäki kärhanalary döretmek, önümleriň täze görnüşlerini öndürmek boýunça maksatnamalary ýerine ýetirmek babatda netijeli işler amala aşyryldy. Daşary ýurtlara iberilýän harytlaryň möçberi 5 göterim artdy.
Milli Liderimiz senagat pudaklarynda gazanylan bu üstünlikleriň ýurdumyzy senagat taýdan ösen döwlete öwürmäge ýardam edýändigini belläp, muňa garamazdan, senagat pudaklarynda entek kemçilikleriň hem ýeterlik bardygyny aýtdy. Täze kärhanalary we iş orunlaryny döretmek boýunça netijeli işleri alyp barmaly. Senagat pudaklary üçin hünärmenleri taýýarlamagyň Döwlet maksatnamasynyň taslamasyny işläp taýýarlamaga aýratyn üns bermeli. Ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde täze hünärleri açmak boýunça hem zerur işleri alyp barmaly diýip, döwlet Baştutanymyz bu ugurda degişli işleri üpjün etmek boýunça wise-premýere anyk tabşyryklary berdi.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Annameredow gözegçilik edýän ulgamlarynda şu ýylyň ýanwar-oktýabr aýlarynda ýerine ýetirilen işler barada hasabat berdi.
Wise-premýeriň habar berşi ýaly, umuman, on aýyň dowamynda ulag-aragatnaşyk toplumy boýunça ýük, ýolagçy we aragatnaşyk hyzmatlary ýerine ýetirilip, meýilnama 101 göterim berjaý edildi, ösüş depgini 104 göterime barabar boldy.
Demir ýol ulaglary ministrligi boýunça ýük daşamakda ösüş depgini 103 göterime, ýolagçy gatnatmakda 101,2 göterime deň boldy.
Awtomobil ulaglary ministrligi boýunça on aýda hyzmatlary ýerine ýetirmek boýunça ösüş depgini 100,1 göterime, ýük daşamakda we ýolagçy gatnatmakda degişlilikde 102,5 göterime we 101 göterime barabar boldy.
Ýanwar-oktýabr aýlarynda Aragatnaşyk ministrligi boýunça işleri ýerine ýetirmek babatda ösüş depgini 104,5 göterime barabar boldy.
“Türkmenhowaýollary” gullugy boýunça on aýda awiahyzmatlar babatda ösüş depgini 130 göterime ýetdi. Bu görkeziji ýük daşamakda we ýolagçy gatnatmakda degişlilikde 114,5 göterime we 107 göterime deň boldy.
Şeýle hem Deňiz we derýa ulaglary döwlet gullugynyň işleri hakynda hasabat berildi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, döwlet ulag syýasatynyň baş wezipesiniň ýokary netijeli milli ulag ulgamyny kemala getirmekden ybaratdygyny belledi. Şol ulag ulgamy ýükleri daşamaga we ýolagçylary gatnatmaga bolan islegleri kanagatlandyrmagy, olaryň howpsuzlygyny hem-de hilini ýokarlandyrmagy, maýa goýum işjeňligi üçin şertleri döretmegi, içerki we daşarky bazarlarda ýurdumyzyň bu babatda bäsdeşlige ukyplylygyny artdyrmagy üpjün etmäge gönükdirilendir.
Milli Liderimiz on aýyň netijeleri boýunça bellenilen meýilnamalary berjaý etmedik Demir ýol ulaglary ministrliginiň hem-de Deňiz we derýa ulaglary döwlet gullugynyň işlerine nägilelik bildirdi.
Hormatly Prezidentimiz wezipe borçlaryny göwnejaý berjaý etmän, ýolbaşçylyk edýän edaralary boýunça tabşyryklaryň ýerine ýetirilmegini üpjün etmändikleri üçin, demir ýol ulaglary ministri D.Bäşimowa hem-de Deňiz we derýa ulaglary döwlet gullugynyň başlygy A.Gurdowa berk käýinç yglan edip, degişli Buýruklara gol çekdi.
Döwlet Baştutanymyz ýakyn wagtlarda Hazar deňzinde örän iri deňiz menziliniň ulanmaga beriljekdigini aýdyp, deňiz menzilinde hyzmatlary ýerine ýetirjek ýeterlik gämileriň möçberi baradaky meselä ünsi çekdi. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýere deňiz menziliniň kadaly işlemegini üpjün etmek boýunça ähli hasaplamalary bermek tabşyryldy.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary D.Amangeldiýew şu ýylyň geçen on aýynda gurluşyk, energetika toplumlarynda hem-de jemagat hojalygy ulgamynda alnyp barlan işleriň netijeleri barada hasabat berdi.
Aşgabat şäheriniň häkimligi boýunça ýanwar-oktýabr aýlarynda meýilnama 100,9 göterim berjaý edildi, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, ösüş depgini 126,8 göterime deň boldy.
Gurluşyk we binagärlik ministrligi boýunça on aýda meýilnama 103,7 göterim hötde gelindi hem-de ösüş depgini 100,2 göterime barabar boldy.
Energetika ministrligi boýunça meýilnama 107,7 göterim berjaý edilip, ösüş depgini 100,2 göterime barabar boldy.
2017-nji ýylyň ýanwar-oktýabr aýlarynda 20 milliard 24 million 520 müň kilowat-sagat elektrik energiýasy öndürilip, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, ösüş depgini 102,7 göterime deň boldy. Elektrik energiýasynyň eksporty 3 milliard 99 million 572 müň kilowat-sagada deň bolup, 100,1 göterim ösüş depgini gazanyldy.
Jemagat hojalygy ministrligi boýunça meýilnama 110,2 göterim berjaý edildi, ösüş depgini 112,1 göterime barabar boldy.
Hasabat döwründe “Türkmenawtoýollary” döwlet konserni tarapyndan meýilnama 101,5 göterim hötde gelindi hem-de 101,4 göterim ösüş depgini üpjün edildi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, wise-premýere garamagyndaky düzümleriň işlerine yzygiderli gözegçiligi amala aşyrmagy tabşyrdy. Milli Liderimiz paýtagtymyzy abadanlaşdyrmak, düzümleri toplumlaýyn döwrebaplaşdyrmak, şäheriň inženerçilik-tehniki ulgamlarynyň bökdençsiz işlemegini gazanmak, jemagat gulluklarynyň takyk we sazlaşykly işini üpjün etmek meselelerini hemişe gözegçilikde saklamalydygyny aýtdy.
Döwlet Baştutanymyz şeýle hem wise-premýere gurluşyk toplumynda alnyp barylýan özgertmeleriň ýokary depginlerini üpjün etmäge degişli birnäçe tabşyryklary berdi. Milli Liderimiz gurluşyk pudagynda işleriň häzire çenli köne nyrhlar boýunça alnyp barylýandygyny aýdyp, halkara kadalaryna geçmegiň zerurdygyny nygtady.
Şunuň bilen birlikde, hormatly Prezidentimiz wise-premýere S.Toýlyýew bilen bilelikde okuw mekdeplerinde gurluşykçy hünärmenleriň hünär derejesini ýokarlandyrmak boýunça ulgamy ornaşdyrmak meselesiniň üstünde işlemek barada anyk görkezmeleri berdi.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary O.Gurbannazarow gözegçilik edýän pudaklarynda şu ýylyň on aýynda alnyp barlan işleriň netijeleri barada hasabat bilen çykyş etdi.
Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligi boýunça hasabat döwründe söwdanyň dolanyşygy 3 milliard 933,3 million manada, şol sanda, bölek satuw haryt dolanyşygy 1 milliard 430,4 million manada, lomaý haryt dolanyşygy 2 milliard 502,9 million manada barabar boldy.
Döwlet haryt-çig mal biržasy boýunça hasabat döwründe birža söwdalarynyň 203-si geçirilip, şertnamalaryň 14968-si hasaba alyndy.
Söwda-senagat edarasy boýunça meýilnama 124,4 göterim ýerine ýetirildi.
Şeýle hem Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi boýunça degişli döwürde geçirilen işler barada habar berildi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, milli ykdysadyýetimizi bazar gatnaşyklaryna geçirmekde telekeçilige esasy ornuň berilýändigini belledi. Milli Liderimiz halkara söwda-ykdysady gatnaşyklaryny giňeltmegiň möhümdigini aýdyp, Türkmenistanda öndürilýän harytlary daşary ýurt bazarlaryna çykarmagy işjeňleşdirmek barada wise-premýere birnäçe anyk görkezmeleri berdi.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary A.Garajaýew gözegçilik edýän ulgamynda şu ýylyň on aýynda alnyp barlan işleriň netijeleri, şeýle hem 2018-nji ýylda dabaraly çäreleri geçirmegiň meýilnamasy barada hasabat berdi.
Hasabat döwründe milli baýramçylyklar hem-de durmuş-medeni maksatly desgalaryň açylmagy mynasybetli dürli çäreler geçirildi, medeni ulgamda halkara hyzmatdaşlyk amala aşyrylýar. Ýylyň başyndan bäri daşary döwletlerde Türkmenistanyň Medeniýet günleri hem-de Aşgabatda we ýurdumyzyň welaýatlarynda türkmen halkyny dostlukly ýurtlaryň medeniýeti hem-de sungaty bilen tanyşdyrmaga gönükdirilen döredijilik çäreleri guraldy.
Türkmen döwlet neşirýat gullugy boýunça meýilnama 134,9 göterim ýerine ýetirildi.
Şeýle hem Syýahatçylyk baradaky döwlet komitetiniň işi barada habar berildi.
Habar beriş serişdeleri döwlet Baştutanymyzyň ýolbaşçylygynda ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan giň gerimli özgertmeleriň ähmiýetini we many-mazmunyny wagyz etmek, dünýä bileleşigini Türkmenistanyň dürli ugurlarda gazanan üstünlikleri bilen tanyşdyrmak boýunça işleri yzygiderli geçirýärler.
Wise-premýer 2018-nji ýylyň dowamynda geçiriljek baýramçylyk çäreleriniň maksatnamasyny taýýarlamak meselesi barada hasabat bermek bilen, bu resminamanyň milli we halkara baýramçylyklary hem-de şanly seneler mynasybetli dürli çäreleriň geçirilmegini göz öňünde tutýandygyny habar berdi. Olaryň birnäçesi 2018-nji ýylyň “Türkmenistan- Beýik ýüpek ýolunyň ýüregi” diýlip yglan edilmegi mynasybetli geçiriljek çärelerdir.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Halkara Bitaraplyk güni, Täze ýyl baýramy mynasybetli geçiriljek baýramçylyk çärelerine düýpli taýýarlyk görülmegine we olaryň ýokary derejede guramaçylykly geçirilmegine ünsi çekdi. Bu baýramlar mynasybetli ähli welaýat merkezlerinde, şäherlerde we obalarda baýramçylyk çärelerini geçirmeli, sungat ussatlarynyň baýramçylyk çykyşlaryny guramaly diýip, milli Liderimiz bu babatda wise-premýere anyk görkezmeleri berdi.
Döwlet Baştutanymyz geljek ýylyň dowamynda dabaraly çäreleri geçirmegiň meseleleri barada durup geçmek bilen, olaryň hemmesiniň Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň döredijilik ruhuny şöhlelendirip, milli sungatymyzy we baý medeni mirasymyzy hemmetaraplaýyn açyp görkezmelidigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz wise-premýere ýurdumyzyň Mejlisi bilen bilelikde geçiriljek dabaralaryň maksatnamasyna seretmegi tabşyrdy.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S.Toýlyýew ýylyň başyndan bäri gözegçilik edýän ylym-bilim, saglygy goraýyş we sport ulgamlarynda geçirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi.
Hasabat döwründe okuw kitaplarynyň we gollanmalaryň 166-sy neşir edildi.
Ýurdumyzyň mekdep okuwçylary ýanwar-oktýabr aýlarynda halkara derejesinde geçirilen ders bäsleşiklerinde üstünlikli çykyş edip, 80 medala: 11 altyn, 25 kümüş we 44 bürünç medala mynasyp boldular. Halkara Internet bäsleşiklerinde ýaş türkmenistanlylar 143 medala, şol sanda 57 altyn, 29 kümüş, 57 bürünç medala eýe boldular. Hasabat döwründe ýurdumyzyň talyplary jemi 28 medal: 5 altyn, 9 kümüş, 14 bürünç medal gazandylar. Ýokary okuw mekdepleriniň talyplary halkara Internet bäsleşiklerinde jemi 151 sany baýrakly orunlara, şol sanda: 45 altyn, 47 kümüş, 59 bürünç medala hem-de dürli derejedäki diplomlara mynasyp boldular.
Ýurdumyzyň orta hünär okuw mekdepleriniň talyplary hem halkara Internet bäsleşiklerine gatnaşyp, 18 sany baýrakly orunlary eýeläp, 6 altyn, 9 kümüş we 3 bürünç medal gazandylar.
Mundan başga-da, Türkmen döwlet ulag we aragatnaşyk institutynyň topary Türkiýäniň Konýa şäherinde geçirilen robot tehnikasy boýunça bäsleşiklerinde “Iň gowy taslama işi üçin” diýen tapgyrda ýeňiji boldy hem-de degişli Hormat haty we gymmat bahaly sowgat bilen sylaglandy.
Döwlet Baştutanymyzyň Buýrugyna laýyklykda, aspirantura, alymlyk derejesine dalaşgärlige, doktorantura mugallymlar, ylmy işgärler, hünärmenler kabul edildi.
Döwlet meýletin saglygy goraýyş ätiýaçlandyrmasyndan gelip gowşan serişdeleriň ösüş depgini 107 göterime, ýerlenen önümlerden we hyzmatlardan alnan girdejiniň ösüş depgini 104 göterime, derman senagatynda öndürilen önümleriň ösüş depgini 103 göterime deň boldy.
Ýylyň başyndan bäri ýurdumyzda içerki ýaryşlaryň 162-si hem-de köpçülikleýin sport çäreleriniň 105-si geçirildi. Türgenlerimiz halkara sport ýaryşlarynyň 101-sine gatnaşyp, 745 medal (250 altyn, 227 kümüş we 268 bürünç medal) gazandylar. Bu bolsa geçen ýylyň degişli döwründäkiden 198 medal köpdür.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow milli ylym-bilim we saglygy goraýyş ulgamlarynyň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmak, aň, beden, ruhy taýdan ösen nesli kemala getirmek, ýurdumyzyň ykdysadyýetini depginli diwersifikasiýalaşdyrmaga we durnukly ösdürmäge ylmyň anyk goşant goşmagyny üpjün etmek boýunça wise-premýere görkezmeleri berip, durmuş ulgamynyň pudaklarynyň ösdürilmeginiň adam maýasyny artdyrmagyň hem-de türkmenistanlylaryň durmuşynyň hilini ýokarlandyrmagyň esasy guralydygyny nygtady.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow «Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasat ugrunyň 2017–2023-nji ýyllar üçin Konsepsiýasyny» durmuşa geçirmek boýunça şu ýylyň on aýynda Daşary işler ministrligi tarapyndan alnyp barlan işleriň netijeleri hem-de döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi.
Garaşsyz, Bitarap Türkmenistan giň halkara hyzmatdaşlyk ugruny durmuşa geçirýär. Munuň şeýledigine ýylyň başyndan bäri milli Liderimiziň daşary ýurt saparlarynyň, birnäçe daşary ýurt döwletleriniň we halkara guramalarynyň ýolbaşçylarynyň ýurdumyza amala aşyran saparlarynyň jemleri şaýatlyk edýär.
Umuman, ýanwar-oktýabr aýlarynda Türkmenistana DIM-niň üsti bilen daşary ýurt wekiliýetleriniň 386-sy sapar bilen geldiler. Şol birwagtda daşary ýurtlara türkmen wekiliýetleri ugradyldy. Biziň ýurdumyzda we daşary döwletlerde dürli derejeli maslahatlaryň, duşuşyklaryň we beýleki çäreleriň 179-sy guraldy.
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň we beýleki döwletleriň daşary syýasat edaralarynyň arasynda syýasy maslahatlaşmalary geçirmek boýunça hem işler alnyp barylýar. Geçen 10 aýyň dowamynda bu ugurda duşuşyklaryň 34-si guraldy.
Daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen söwda-ykdysady hem-de medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygy giňeltmek maksady bilen ýylyň başyndan bäri bilelikdäki hökümetara toparlarynyň mejlisleriniň 14-si hem-de ikitaraplaýyn işewürler maslahatlarynyň 8-si geçirildi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Daşary işler ministrliginiň hem-de ýurdumyzyň diplomatik düzüminiň öňünde durýan esasy wezipelere ünsi çekip, Garaşsyz, Bitarap Watanymyzyň geljekde hem daşary syýasy ugruny yzygiderli alyp barjakdygyny belledi. Bu ugur umumy bähbitlere – milli hem-de dünýä bileleşiginiň bähbitlerine, ählumumy parahatçylygyň we ösüşiň maksatlaryna kybap gelýän netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilendir.
Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz wise-premýere, DIM-niň ýolbaşçysyna Halkara Bitaraplyk gününe bagyşlanan halkara maslahatyny we Energetika Hartiýasynyň Konferensiýasynyň mejlisini geçirmäge düýpli taýýarlyk görmek bilen bagly anyk tabşyryklary berdi.
Mejlisiň barşynda döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň Italiýa Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi B.Rejebowy şol bir wagtda ýurdumyzyň Ispaniýa Patyşalygyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi wezipesine bellemek hakynda Permana gol çekdi.
Mejlisiň Başlygy A.Nurberdiýewa milli parlamentiň şu ýylyň on aýynda alyp baran işleriniň netijeleri barada habar berdi.
Deputatlar Türkmenistanyň ýudumyzyň durmuş-ykdysady taýdan ösüş maksatnamasynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegine, onuň ösüşiniň demokratik esaslarynyň berkidilmegine gönükdirilen kanunçylyk-hukuk binýadyny kämilleşdirmek boýunça yzygiderli işleri alyp barýarlar.
Häzirki döwürde Mejlisiň komitetlerinde ministrlikleriň we pudak edaralarynyň wekilleriniň hem-de hünärmenleriniň gatnaşmagynda birnäçe kanunçylyk resminamalaryny taýýarlamak işleri dowam edýär. Şol bir wagtyň özünde ýurdumyzyň 2018-nji ýyl üçin Döwlet býujetiniň taslamasyny taýýarlamak işleri alnyp barylýar.
Mundan başga-da, “Türkmenistanyň Halk maslahaty hakynda” Türkmenistanyň Kanunyny kabul etmek bilen baglanyşykly degişli esaslandyryjy resminamalary taýýarlamak işleri ýerine ýetirilýär.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow habary diňläp, Mejlisiň kanunçykaryjylyk edarasy hökmündäki işiniň Türkmenistanyň ykdysady we durmuş taýdan üstünlikli hem-de çalt depginler bilen ösüşini, onuň halkara abraýynyň mundan beýläk-de berkidilmegini üpjün etmelidigini belledi.
Milli Liderimiz täze kanunçylyk taslamalaryny taýýarlamakda degişli hünärmenleriň bilimini we tejribesini netijeli ulanmagyň zerurdygyna aýratyn ünsi çekdi. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz milli parlamentiň düzüminde döwlet ösüş maksatnamalarynyň durmuşa geçirilişine gözegçilik edýän, ýörite topary döretmek hakyndaky teklibi öňe sürdi.
Döwlet Baştutanymyz geljek ýyl üçin Döwlet býujetiniň taslamasyny taýýarlamak bilen baglanyşykly meselelere degip geçmek bilen, Mejlisiň ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň maýa goýum işiniň, döwletimiziň durmuşynyň ähli ulgamlaryndaky düýpli özgertmeleriň ösüşine gönükdirilen serişdeleriň özleşdirilmegini üpjün edýän baş maliýe resminamasyny degişli derejede işläp taýýarlamalydygyny we kabul etmelidigini belledi.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary E.Orazgeldiýew gözegçilik edýän pudaklarynda şu ýylyň on aýynda alnyp barlan işleriň netijeleri, şeýle hem ýurdumyzyň welaýatlarynda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň alnyp barlyşy barada hasabat berdi. Obasenagat toplumy boýunça önümçiligiň umumy möçberiniň ösüş depgini 101 göterime deň boldy.
Häzir welaýatlarda möwsümleýin oba hojalyk işleri dowam edýär.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow oba hojalyk pudagynda amala aşyrylýan özgertmeleriň depginlerini güýçlendirmegiň zerurdygyna wise-premýeriň ünsüni çekdi. Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, esasy wezipe öňküsi ýaly, diňe bir içerki bazarymyzy oba hojalyk önümleri bilen üpjün etmek, oba hojalyk önümleriniň daşary ýurtlardan getirilmegini bes etmek bilen çäklenmän, eýsem, daşary ýurtlara önümleriň iberilmegini ýola goýmakdan ybaratdyr.
Döwlet Baştutanymyz oba hojalyk ýerlerini daýhanlara uzak möhlete peýdalanmaga berip başlamalydygyny aýdyp, wise-premýere bu babatda anyk tabşyryklary berdi.
Hormatly Prezidentimiz wezipe borçlaryny göwnejaý berjaý etmän, ýolbaşçylyk edýän birleşigi boýunça önümçilik tabşyryklarynyň ýerine ýetirilmegini üpjün etmändigi üçin, Azyk senagaty döwlet birleşiginiň başlygy M.Annanepesowa käýinç yglan etdi we degişli resminama gol çekdi.
Soňra Ministrler Kabinetiniň mejlisine çagyrylan Türkmenistanyň Ykdysady jenaýatlara garşy göreşmek baradaky döwlet gullugynyň direktory M.Çakyýewe söz berildi. Gullugyň ýolbaşçysy hormatly Prezidentimiziň tabşyrmagy boýunça käbir ministrliklerde hem-de pudak edaralarynda geçirilen barlaglaryň netijeleri barada hasabat berdi. Ýüze çykarylan düzgün bozmalar barada giňişleýin maglumat berildi.
Milli Liderimiz hasabaty diňläp, bu ugurda geçirilýän işleriň esasy maksadynyň döwlet edaralarynyň işleriniň aýdyňlygyny ýokarlandyrmak bolup durýandygyny belledi. Hormatly Prezidentimiz korrupsiýa bilen baglanyşykly käbir ýagdaýlary diňe bir ýüze çykarman, bu ýaramaz ýagdaýlary döredýän sebäpleri hem-de şertleri ýok etmäge esasy ünsüň jemlenilmelidigini nygtady. Döwlet Baştutanymyz bu ugurdaky işleri dowam etmegiň möhümdigini aýdyp, gullugyň ýolbaşçysyna birnäçe degişli tabşyryklary berdi.
Ministrler Kabinetiniň mejlisinde döwlet durmuşyna degişli başga-da birnäçe meselelere garaldy, olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.
Hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň mejlisini jemläp, oňa gatnaşanlara işde uly üstünlikleri, berkarar Watanymyzyň ähli halkyna bolsa abadançylyk, bagtyýarlyk we rowaçlyk arzuw etdi.
Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi