Ýurdumyzda milli manadymyzyň dolanyşyga girizilmeginiň 24 ýyllygy belleniler
2017-nji ýylyň 1-nji noýabrynda milli manadyň dolanyşyga girizilmeginiň 24 ýyllygyna bagyşlanyp ylmy-amaly maslahat geçiriler.
Onda garaşsyzlyk ýyllary içinde bank ulgamynyň ösüşi, ykdysadyýetde gazanylan üsütünlikler, pul-karz syýasatynyň möhüm ugurlary, milli manadymyzyň durnuklylygyny üpjün etmek boýunça amala aşyrylýan çäreler hakynda çykyşlar bolar.
1993-nji ýylyň 1-nji noýabrynda döwlet walýutasynyň ulanlyşa girizilmeginiň Türkmenistanyň Garaşsyzylygynyň ýolundaky möhüm ädime öwrülendigini we ýurdumyzyň özygtyýarly hem-de halkara bileleşiginiň doly hukukly agzasy hökmünde ykrar edilendigini aňladýar. Şu ýyllaryň içinde türkmen manady diňe bir milli buýsanjymyz bolman, eýsem, ol durmuş-ykdysady ösüşiň belent sepgitlerine ýetmekde wajyp orun eýeledi.