Merkezi Bankyň
walýuta kursy

Beýleki walýutalaryň kursy

Gymmat bahaly metallaryň
1 (bir) unsiýasynyň türkmen manadyna bolan gatnaşyklary

  ALTYN
  KÜMÜŞ
  PLATINA
  PALLADIÝ

Nagt däl hasaplaşyklar ulgamyndaky döredilen mümkinçilikler

Ýurdumyzyň ykdysadyýetinde nagt däl hasaplaşyklary ornaşdyrmakda uly mümkinçilikleriň döredilýän döwründe, nagt däl hasaplaşyklar ulgamyndaky halkara tejribä esaslanyp, pul dolanyşygyny has-da kämilleşdirmek maksady bilen, hususy telekeçiniň şahsy sarp ediş maksatlaryna 1 (bir) senenama aýyň dowamynda jemi erkin aýlanýan puluň çäginden köp bolmadyk möçberde berilýän pul serişdeleri onuň bank kartyna geçirmek we 10%-i nagt görnüşinde we galan 90%-i nagt däl görnüşinde ulanmak bellenildi.

Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe, Sagdynlyk we ruhubelentlik ýylynda hormatly Prezidentimiziň alyp barýan döwlet syýasaty netijesinde nagt däl hasaplaşyklary giňden we gündelik durmuşda ornaşdyrmak boýunça degişli çäreler amala aşyrylýar.

Türkmenistanyň Prezidentiniň 2013-nji ýylyň 3-nji oktýabryndaky «Pul we alyş-çalyş meseleleri hakynda» 13240 belgili Kararynyň gol çekilmegi ýurdumyzda bank kartly töleg ulgamyny giňden ornaşdyrmak ugrunda ähmiýetli ädimleriň birine öwrüldi.

Amala aşyrylýan toplumlaýyn çäreleriň netijesinde häzirki wagtda söwda merkezlerinde, saglyk edaralarynda, awtoulag ýangyjyny guýujy beketlerinde, awiabilet satýan nokatlarda ilatdan tölegleri bank kartlarynyň üsti bilen almak boýunça ähli zerur şertler döredildi. Bank kartlarynyň üsti bilen degişli edara gitmezden öýjükli telefonlaryň hyzmaty, «Türkmentelekom» döwlet elektrik aragatnaşyk kompaniýasynyň hödürleýän internet hyzmaty, «Aşgabat şäher telefon ulgamy» ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň hödürleýän internet, öý telefon we IP-TV telewideniýe hyzmatlary üçin tölemäge, ipoteka karzlaryny gaýtarmaga we olaryň göterimlerini, saglyk ätiýaçlandyryş töleglerini tölemek ugrunda mümkinçilikler hödürlenýär.

Ýokarda bellenen Kararyň gol çekilmeginden soň geçen gysga döwrüň dowamynda Türkmenistanda bank kartlarynyň sany we töleg terminallarynyň sany yzygiderli we ýokary depginlerde artdyryldy. 2017-nji ýylyň 1-nji ýanwary ýagdaýyna ýurdumyzda 1 709 603 sany bank karty we 14 858 sany töleg terminaly hasaba alyndy.

Ýurdumyzda nagt däl hasaplaşyklary ulgamyny ösdürmekdäki ähli çärelerden maksat raýatlar üçin amatlyklary üpjün etmekden ybarat.