Merkezi Bankyň
walýuta kursy

Beýleki walýutalaryň kursy

Gymmat bahaly metallaryň
1 (bir) unsiýasynyň türkmen manadyna bolan gatnaşyklary

  ALTYN
  KÜMÜŞ
  PLATINA
  PALLADIÝ

Türkmenistanyň kanuny
«Türkmenistanyň Merkezi banky hakynda»

Şu Kanun Türkmenistanyň Merkezi bankynyň işiniň, döwlet häkimiýet we dolandyryş edaralary, ýerli häkimiýet edaralary, karz edaralary bilen onuň özara gatnaşyklarynyň hukuk, guramaçylyk we ykdysady esaslaryny kesgitleýär hem-de Türkmenistanyň bank ulgamyny ösdürmäge we pugtalandyrmaga gönükdirilendir.

1-nji bap. Umumy düzgünler

1-nji madda. Şu Kanunda ulanylýan esasy düşünjeler

  1. Şu Kanunda aşakdaky esasy düşünjeler ulanylýar:
    1. bergi borçnamasy – resminamany saklaýja ýerine ýetirmek borçnamasy bolan bergi dolanyşyk resminamasy ýa-da oňa barabar bolan başga resminama;
    2. gaýtadan maliýeleşdirmek – Türkmenistanda bellige alnan karz edaralaryny Türkmenistanyň Merkezi banky tarapyndan karzlaşdyrmak ulgamy;
    3. korrespondent banklar – Türkmenistanyň Merkezi bankynyň korrespondent gatnaşyklaryny bellän banklary;
    4. maliýe guraly – maliýe resminamasy bolup, onuň esasynda bir wagtyň özünde bir tarapdan maliýe aktiwi we beýleki tarapdan maliýe borçnamasy ýüze çykýar;
    5. manady konwertirleme – Türkmenistanyň milli pulunyň daşary ýurt puluna çalşylmagy;
    6. Türkmenistanyň Merkezi bankynyň agenti – döwlet häkimiýet we dolandyryş edaralarynda, ýerli häkimiýet edaralarynda, kazyýetde we halkara guramalarynda Türkmenistanyň Merkezi bankynyň bähbitlerine wekilçilik edýän fiziki ýa-da ýuridik şahs;
    7. Türkmenistanyň pul belgileri – Türkmenistanyň Merkezi bankynyň banknotlary we şaýy puly.
  2. Şu Kanunda ähli beýleki düşünjeler Türkmenistanyň raýat we beýleki kanunçylygynda kesgitlenilen, şeýle hem şu Kanunyň degişli maddalaryndaky manylarda ulanylýar.

2-nji madda. Türkmenistanyň Merkezi banky hakynda Türkmenistanyň kanunçylygy

  1. Türkmenistanyň Merkezi banky hakynda Türkmenistanyň kanunçylygy Türkmenistanyň Konstitusiýasyna esaslanýar we şu Kanundan hem-de bank işini düzgünleşdirýän Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryndan ybaratdyr.
  2. Eger Türkmenistanyň halkara şertnamasynda şu Kanundakydan başga kadalar bellenilen bolsa, onda halkara şertnamasynyň kadalary ulanylýar.

3-nji madda. Türkmenistanyň Merkezi banky

  1. Türkmenistanyň Merkezi banky Türkmenistanyň milli bankydyr.
  2. Türkmenistanyň Merkezi banky Türkmenistanyň Prezidentine hasabat berýär.
  3. Türkmenistanyň Merkezi bankyna Türkmenistanyň Merkezi bankynyň Başlygy ýolbaşçylyk edýär.
  4. Türkmenistanyň Merkezi bankynyň Başlygy, Türkmenistanyň Merkezi bankynyň Başlygynyň orunbasarlary Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan wezipä bellenilýär we wezipeden boşadylýar.

  5. Türkmenistanyň Merkezi banky öz çykdajylaryny öz girdejileriniň hasabyna amala aşyrýar.
  6. Türkmenistanyň Merkezi banky şu Kanuna laýyklykda Türkmenistanyň Merkezi bankynyň maýasyna we gaýry emlägine eýelik etmek, peýdalanmak we ygtyýar etmek boýunça ygtyýarlyklary amala aşyrýar. Eger şu Kanunda we Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalarynda başgaça göz öňünde tutulmadyk bolsa, Türkmenistanyň Merkezi bankynyň razylygy bolmazdan görkezilen emlägi almaga we borçnamalar bilen agyr ýagdaýa goýulmagyna ýol berilmeýär.
  7. Türkmenistanyň Merkezi banky ýuridik şahs bolup durýar.
  8. Türkmenistanyň Merkezi bankynyň Türkmenistanyň Döwlet tugrasy şekillendirilen we "Türkmenistanyň Merkezi banky" diýen ýazgy bolan möhri bardyr.
  9. Beýleki karz edaralarynyň atlarynda we nyşanynda "TMB" gysgaltmasynyň, şeýle hem "Merkezi" diýen sözüň ulanylmagyna ýol berilmeýär.
  10. Türkmenistanyň Merkezi banky Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde şahamçalary, wekillikleri, kärhanalary, edaralary, guramalary döretmäge, Türkmenistanda hem-de daşary ýurtlarda Türkmenistanyň Merkezi bankynyň agentlerini we korrespondent banklary kesgitlemäge haklydyr.
  11. Türkmenistanyň Merkezi banky Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň bankiri, geňeşçisi we fiskal agenti bolup durýar.
  12. Türkmenistanyň Merkezi bankynyň (merkezi edarasynyň) ýerleşýän ýeri Aşgabat şäheridir.

4-nji madda. Türkmenistanyň Merkezi bankynyň namalary

  1. Türkmenistanyň Merkezi banky şu Kanun bilen öz ygtyýaryna degişli edilen meseleler boýunça döwlet häkimiýet we dolandyryş edaralary, ýerli häkimiýet edaralary, Türkmenistanyň çäginde ýerleşýän karz edaralary we olaryň müşderileri, beýleki fiziki we ýuridik şahslar üçin hökmany bolan kadalaşdyryjy hukuk namalaryny işläp taýýarlaýar we tassyklaýar.
  2. Türkmenistanyň Merkezi bankynyň kadalaşdyryjy hukuk namalary Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde döwlet tarapyndan bellige alynmaga degişlidir.
  3. Türkmenistanyň Merkezi bankynyň ulgamynyň işlemegini we karz edaralarynyň işiniň kadalaşdyrylmagyny üpjün etmek maksady bilen Türkmenistanyň Merkezi banky beýleki namalary kabul edýär.
  4. Türkmenistanyň Merkezi bankynyň kadalaşdyryjy hukuk namalary zerur halatlarda ähli bellige alnan karz edaralaryna doly möçberde iberilýär.
  5. Türkmenistanyň Merkezi bankynyň kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň gaýdymlaýyn güýji ýokdur.
  6. Türkmenistanyň Merkezi bankynyň kadalaşdyryjy hukuk namalary Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde kazyýete şikaýat edilip bilner.
  7. Türkmenistanyň Merkezi bankynyň kadalaşdyryjy hukuk namalary Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde çap edilýär we Türkmenistanyň Merkezi bankynyň resmi saýtynda ýerleşdirilýär.

2-nji bap. Türkmenistanyň Merkezi bankynyň maksatlary,
esasy borçlary we wezipeleri

5-nji madda. Türkmenistanyň Merkezi bankynyň maksatlary we esasy borçlary

  1. Şu aşakdakylar Türkmenistanyň Merkezi bankynyň maksatlarydyr:
    1. manadyň durnuklylygyny üpjün etmek;
    2. Türkmenistanyň bank ulgamyny ösdürmek we pugtalandyrmak.
  2. Peýda almak Türkmenistanyň Merkezi bankynyň işiniň maksady däldir.
  3. Şu aşakdakylar Türkmenistanyň Merkezi bankynyň esasy borçlarydyr:
    1. Türkmenistanyň bank ulgamynyň işlemegi üçin zerur hukuk şertlerini we kepilliklerini döretmek;
    2. netijeli ýeke-täk döwlet pul_karz syýasatyny geçirmek;
    3. nagt pul dolanyşygyny guramak;
    4. hasaplaşyk-töleg ulgamynyň netijeli işlemegini üpjün etmek;
    5. bank kadalaşdyrmasyny we bank gözegçilik barlagyny guramak;
    6. bahalaryň durnuklylygyny saklamak;
    7. karz edaralarynyň kreditorlarynyň we goýumçylarynyň bähbitlerini goramak;
    8. Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda jenaýatçylyk ýol bilen alnan girdejileriň kanunlaşdyrylmagyna we terrorçylygyň maliýeleşdirilmegine garşy hereket etmek;
    9. döwletiň ätiýaçlyk altyn goruny goşmak bilen, Türkmenistanyň halkara ätiýaçlyklarynyň (altyn pul aktiwleriniň) netijeli dolandyrylmagyny üpjün etmek.

6-njy madda. Türkmenistanyň Merkezi bankynyň wezipeleri

  1. Türkmenistanyň Merkezi banky şu Kanunda kesgitlenilen maksatlara we borçlara laýyklykda aşakdaky wezipeleri amala aşyrýar:
    1. ýeke-täk döwlet pul_karz syýasatynyň esasy ugurlarynyň taslamasyny işläp taýýarlaýar we ony Türkmenistanyň Merkezi bankynyň Müdiriýetiniň garamagyna berýär;
    2. ýeke-täk döwlet pul_karz syýasatyny durmuşa geçirmek boýunça çäreleri amala aşyrýar;
    3. Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda daşary ykdysady gatnaşyklarda pul kadalaşdyrmasyny we pul gözegçiligini özbaşdak we bank ulgamynyň üsti bilen guraýar hem-de amala aşyrýar;
    4. Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň ýagdaýyna seljerme we çaklama geçirilmegine gatnaşýar;
    5. milli pula gatnaşykda daşary ýurt pullarynyň resmi hümmetlerini belleýär;
    6. pul belgileriniň emissiýasyny we olaryň dolanyşykdan alynmagyny amala aşyrýar hem-de Türkmenistanyň çäginde Türkmenistanyň Merkezi bankynyň pul belgileriniň ýeke-täk emitenti bolup durýar;
    7. Türkmenistanyň çäginde nagt pul dolanyşygyny guraýar;
    8. pul belgilerini we beýleki gymmatlyklary hasaba almagyň, saklamagyň, daşamagyň we inkassasiýa etmegiň düzgünlerini belleýär;
    9. pul belgileriniň we beýleki gymmatlyklaryň döwlet ätiýaçlyk gaznalaryny döredýär;
    10. Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda karz edaralaryny bellige almagy we ygtyýarlylandyrmagy amala aşyrýar;
    11. Türkmenistanda hasaplaşyklary geçirmegiň düzgünlerini belleýär we olaryň geçirilişine gözegçiligi amala aşyrýar;
    12. Türkmenistanyň Maliýe ministrliginiň hasaplaryna, karz edaralarynyň we beýleki müşderileriň hasaplaryna hyzmat edýär;
    13. döwletiň ätiýaçlyk altyn goruny goşmak bilen, Türkmenistanyň halkara ätiýaçlyklarynyň (altyn pul aktiwleriniň) saklanylmagyny we hyzmat edilmegini üpjün edýär;
    14. Türkmenistanyň kanunçylygyna we maliýe hasabatlylygynyň halkara standartlaryna laýyklykda Türkmenistanda bellige alnan karz edaralarynda buhgalterçilik hasaba alnyş we maliýe hasabatlylyk ulgamynyň kadalaşdyrylmagyny amala aşyrýar;
    15. bank hasaplaryny açmagyň we bank amallaryny geçirmegiň umumy düzgünlerini belleýär;
    16. halkara guramalary we daşary ýurt döwletleri bilen, şeýle hem daşary ýurt döwletleriniň fiziki we ýuridik şahslary bilen hasaplaşyklary amala aşyrmagyň tertibini kesgitleýär;
    17. karz edaralaryny gaýtadan maliýeleşdirmegi amala aşyrýar we olar üçin soňky basgançakdaky karz beriji bolup durýar;
    18. Türkmenistanyň töleg balansynyň düzülmegini guraýar;
    19. bank kadalaşdyrmasyny we bank gözegçilik barlagyny amala aşyrýar;
    20. karz edaralary tarapyndan jenaýatçylyk ýol bilen alnan girdejileriň kanunlaşdyrylmagyna we terrorçylygyň maliýeleşdirilmegine garşy çäreleriň geçirilişine gözegçiligi amala aşyrýar;
    21. daşary ýurt korrespondent banklaryndan we beýleki karz edaralaryndan şertnamalaýyn şertlerde depozitleri kabul edýär;
    22. Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda karz edaralary tarapyndan gymmatly kagyzlaryň emissiýasyny bellige alýar;
    23. Türkmenistanyň bank ulgamy üçin işgärleri taýýarlamaga gatnaşýar;
    24. bank amallarynyň we geleşikleriň ähli görnüşlerini amala aşyrýar;
    25. Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda öz ygtyýaryna girýän beýleki wezipeleri amala aşyrýar.
  2. Türkmenistanyň Merkezi banky şu aşakdakylara haklydyr:
    1. şübheli bergiler we ygtybarsyz talaplar boýunça prowiziýalary (ätiýaçlyklary) döretmäge;
    2. öz adyndan bergi borçnamalarynyň çykarylmagyny amala aşyrmaga.

7-nji madda. Türkmenistanyň Merkezi bankynyň kazyýetlere ýüz tutmak hukugy

Türkmenistanyň Merkezi banky öz bähbitlerini goramak maksady bilen Türkmenistanyň kazyýetlerine, şeýle hem halkara kazyýetlerine we bitarap kazyýetlere hak islegleri bilen ýüz tutmaga haklydyr.

3-nji bap. Türkmenistanyň Merkezi bankynyň maýasy

8-nji madda. Türkmenistanyň Merkezi bankynyň maýasynyň düzümi

  1. Türkmenistanyň Merkezi bankynyň maýasy Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda döredilýän esaslyk maýadan, gaznalardan we ätiýaçlyklardan durýar.
  2. Türkmenistanyň Merkezi bankynyň öz maýasyny aýrybaşgalamaga ýa-da girewine bermäge haky ýokdur.

9-njy madda. Türkmenistanyň Merkezi bankynyň esaslyk maýasy

  1. Türkmenistanyň Merkezi bankynyň esaslyk maýasy Türkmenistanyň Prezidentiniň namasy bilen bellenilýän möçberde döredilýär.
  2. Türkmenistanyň Merkezi bankynyň esaslyk maýasy kreditorlar tarapyndan tutup almalaryň obýekti (nägilelikleriň närsesi) bolup bilmez.

10-njy madda. Türkmenistanyň Merkezi bankynyň sap girdejisi

  1. Türkmenistanyň Merkezi bankynyň sap girdejisi Türkmenistanyň Merkezi banky tarapyndan şu Kanunda bellenilen wezipeleriň amala aşyrylmagy bilen baglanyşykly bank amallaryndan we geleşiklerden gelýän girdejileriň pul möçberi bilen çykdajylaryň (prowiziýalary we beýleki ätiýaçlyklary döretmek üçin çykdajylary goşup) arasyndaky tapawut hökmünde kesgitlenilýär.
  2. Türkmenistanyň Merkezi bankynyň sap girdejisi şu Kanunyň 11-nji maddasyna laýyklykda gaznalary we ätiýaçlyklary döretmek (üstüni doldurmak) üçin, şeýle hem Türkmenistanyň Merkezi bankynyň esaslyk maýasyny artdyrmak üçin paýlanylýar.
  3. Türkmenistanyň Merkezi bankynyň esaslyk maýasyny artdyrmaga we (ýa-da) gaznalary we ätiýaçlyklary döretmäge (üstüni doldurmaga) sap girdejiden gönükdirilýän serişde geçirmeleriň möçberi Türkmenistanyň Merkezi bankynyň Müdiriýeti tarapyndan kesgitlenilýär.
  4. Şu maddanyň üçünji bölegine laýyklykda sap girdeji paýlanylandan soň onuň galýan bölegi Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň çözgüdi boýunça ulanylýar.
  5. Maliýe ýylynyň ýitgileriniň öwezini dolmak üçin esasy ätiýaçlyk gaznasynyň we umumy bank töwekgelçiliklerini ýapmak gaznasynyň serişdeleri ýeterlik bolmadyk mahalynda:
    a) Türkmenistanyň Hökümetini karzlaşdyrmak we onuň çykdajylaryny maliýeleşdirmek bilen;
    b) altynyň, karz bermegiň ýörite hukuklarynyň ýa-da manada görä daşary ýurt pullarynyň hümmetleriniň üýtgemegi netijesinde ýüze çykan ýitgiler bilen, baglanşykly Türkmenistanyň Merkezi bankynyň ýitgileri, Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan kesgitlenilýän çeşmeleriň hasabyna öwezi dolunýar.

11-nji madda. Türkmenistanyň Merkezi bankynyň gaznalary we ätiýaçlyklary

  1. Türkmenistanyň Merkezi bankynyň gaznalary esasy ätiýaçlyk gaznasyny, umumy bank töwekgelçiliklerini ýapmak gaznasyny we Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulan beýleki gaznalary öz içine alýar.
  2. Esasy ätiýaçlyk gaznasy we umumy bank töwekgelçiliklerini ýapmak gaznasy Türkmenistanyň Merkezi bankynyň esaslyk maýasynyň möçberinden az bolmadyk möçberde döredilýär.
  3. Esasy ätiýaçlyk gaznasy Türkmenistanyň Merkezi bankynyň Müdiriýeti tarapyndan bellenilen tertipde diňe Türkmenistanyň Merkezi banky tarapyndan geçirilýän amallar boýunça ýitgileriň öwez tölegleri we zyýanlaryň öwezini dolmak üçin niýetlenilýär.
  4. Türkmenistanyň Merkezi bankynyň ätiýaçlyklary aktiwlere gaýtadan baha bermegiň ätiýaçlyklaryny we Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulan beýleki ätiýaçlyklary öz içine alýar.
  5. Türkmenistanyň Merkezi bankynyň aktiwlere gaýtadan baha bermegiň ätiýaçlygynda Türkmenistanyň Merkezi bankynyň aktiwleriniň gymmatynyň üýtgemegi hasaba alynýar.

  6. Türkmenistanyň Merkezi banky Türkmenistanyň Prezidentiniň rugsady bilen beýleki maksatlaýyn gaznalary we ätiýaçlyklary döredip biler.

12-nji madda. Türkmenistanyň Merkezi bankyna salgyt salmak

Türkmenistanyň Merkezi bankyna salgyt salmak Türkmenistanyň salgyt kanunçylygyna laýyklykda amala aşyrylýar.

13-nji madda. Türkmenistanyň Merkezi bankyny döwlet paçlaryndan we ýygymlaryndan boşatmak

Türkmenistanyň Merkezi banky döwlet paçlaryny we ýygymlaryny tölemekden boşadylýar, Türkmenistanyň salgyt kanunçylygyna laýyklykda tölemäge degişli bolan ýerli ýygymlaryň görnüşleri muňa girmeýär.

4-nji bap. Türkmenistanyň Merkezi bankynyň guramaçylyk gurluşy

14-nji madda. Türkmenistanyň Merkezi bankynyň gurluşy we dolandyryş edaralary

  1. Türkmenistanyň Merkezi banky dolandyryşyň wertikal gurluşy bolan ýeke-täk ulgamy emele getirýär.
  2. Türkmenistanyň Merkezi bankynyň ulgamyna merkezi edara, gurluş düzüm birlikleri (şahamçalar, wekillikler, kärhanalar, guramalar we edaralar) girýär.

  3. Türkmenistanyň Merkezi bankynyň dolandyryş edarasy Türkmenistanyň Merkezi bankynyň Müdiriýetidir.

15-nji madda. Türkmenistanyň Merkezi bankynyň Müdiriýeti

  1. Türkmenistanyň Merkezi bankynyň Müdiriýeti agzalaryň täk sanyndan durýar.
  2. Müdiriýetiň düzümine şol bir wagtda Türkmenistanyň Merkezi bankynyň Müdiriýetiniň Başlygy bolup durýan Türkmenistanyň Merkezi bankynyň Başlygy we Türkmenistanyň Merkezi bankynyň Müdiriýetiniň agzalary girýär.

  3. Türkmenistanyň Merkezi bankynyň Müdiriýetiniň agzalary Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan wezipä bellenilýär we wezipeden boşadylýar.
  4. Türkmenistanyň Merkezi bankynyň Müdiriýetiniň agzalary öz ygtyýarlyklarynyň çäklerinde Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda jogapkärçilik çekýärler.

16-njy madda. Türkmenistanyň Merkezi bankynyň Müdiriýetiniň ygtyýarlyklary

  1. Türkmenistanyň Merkezi bankynyň Müdiriýeti Türkmenistanyň Merkezi bankynyň işini umumy dolandyrmagy amala aşyrýar.
  2. Türkmenistanyň Merkezi bankynyň Müdiriýeti:
    1. şulary Türkmenistanyň Prezidentiniň garamagyna berýär:
      a) Türkmenistanyň ýeke-täk döwlet pul_karz syýasatynyň esasy ugurlarynyň taslamasyny;
      b) Türkmenistanyň Merkezi bankynyň ýyllyk hasabatyny;
      ç) döwletiň ätiýaçlyk altyn goruny goşmak bilen, Türkmenistanyň halkara ätiýaçlyklaryny (altyn pul aktiwlerini) dolandyrmak boýunça teklipleri;
      d) zerur mahalynda - Türkmenistanyň Merkezi bankynyň esaslyk maýasynyň möçberini artdyrmak, şu Kanunyň 11-nji maddasynyň dördünji bölegine laýyklykda maksatlaýyn gaznalary we ätiýaçlyklary döretmek boýunça teklipleri;
    2. şulary kesgitleýär:
      a) Türkmenistanyň ýeke-täk döwlet pul_karz syýasatynyň esasy ugurlaryny durmuşa geçirmek boýunça çäreleri;
      b) Türkmenistanyň bank ulgamyna daşary ýurt maýasynyň girmeginiň paýyny we şertlerini;
      ç) dolanyşyga goýberilýän pul belgileriniň nominalyny we beýleki häsiýetnamalaryny, şeýle hem pul belgilerini dolanyşykdan aýyrmagyň şertlerini, şu hakda köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň üsti bilen habar berilýär;
    3. şulary tassyklaýar:
      a) Türkmenistanyň Merkezi bankynyň Müdiriýetiniň iş meýilnamasyny;
      b) Türkmenistanyň Merkezi bankynyň ýyllyk maliýe hasabatlylygyny, şeýle hem onuň girdejiler we çykdajylar sanawyny hem-de Türkmenistanyň Merkezi bankynyň sap girdejisini peýdalanmagyň ugurlaryny;
      ç) Türkmenistanyň Merkezi bankynyň guramaçylyk gurluşyny, onuň gurluş düzüm birlikleri hakyndaky düzgünnamalary (tertipnamalary);
      d) Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda zähmete hak tölemegiň şertlerini, ulgamyny we möçberini, Türkmenistanyň Merkezi bankynyň işgärlerini durmuş taýdan goldamagyň şertlerini;
      e) Türkmenistanyň Merkezi bankynyň agentleri boýunça tabşyryknamalary;
      ä) Türkmenistanyň Merkezi bankynyň gaznalaryny we ätiýaçlyklaryny döretmegiň hem-de peýdalanmagyň tertibi hakyndaky düzgünnamany;
    4. şu çözgütleri kabul edýär:
      a) Türkmenistanyň Merkezi bankynyň merkezi edarasynyň gulluklaryny we gurluş düzüm birliklerini döretmek, üýtgedip guramak ýa-da ýatyrmak hakynda;
      b) Türkmenistanyň Merkezi bankynyň komitetlerini, şol sanda pul_karz we daşary ykdysady gatnaşyklarda pul (walýuta) komitetini, şeýle hem Türkmenistanyň Merkezi bankynyň işini amala aşyrmak üçin zerur bolan iş toparlaryny we komissiýalaryny döretmek, üýtgedip guramak ýa-da ýatyrmak hakynda;
      ç) açyk bazardaky amallara bolan çäklendirmeleri (limitleri) bellemek hakynda;
      d) göni mukdar çäklendirmelerini ulanmak hakynda;
      e) gaýtadan maliýeleşdirmegiň derejelerini bellemek hakynda;
      ä) karz edaralary üçin hökmany ykdysady kadalaşdyryjylary bellemek hakynda;
      f) döwlet çärelerini geçirmek üçin niýetlenilen gymmatly sowgatlary, Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan tassyklanylan eskizler boýunça gymmat bahaly metallardan we gymmat bahaly daşlardan ordenleri we medallary taýýarlamak, satyn almak we eltmek hakynda;
      g) ýubileý, ýatlama we numizmatik şaýy pullaryny goşmak bilen, Türkmenistanyň Merkezi bankynyň täze nusgadaky pul belgilerini çykarmak, Türkmenistanyň Merkezi bankynyň köne nusgadaky pul belgilerini dolanyşykdan aýyrmak hakynda;
      h) işgärleri durmuş taýdan goldamagyň çäreleri hakynda;
      i) Türkmenistanyň Merkezi bankynyň we onuň gurluş düzüm birlikleriniň işini üpjün etmek üçin gozgalmaýan emlägi edinmek hakynda;
      j) karz edaralary tarapyndan ätiýaçlyk talaplaryny döretmegiň tertibi hakynda;
    5. döwletiň ätiýaçlyk altyn goruny goşmak bilen, Türkmenistanyň halkara ätiýaçlyklarynyň (altyn pul aktiwleriniň) dolandyrylmagyny üpjün edýär;
    6. alyş-çalyş hümmetlerini kesgitlemegiň tertibine garaýar;
    7. Türkmenistanyň Merkezi bankynyň gurluş düzüm birlikleriniň ýolbaşçylarynyň hasabatlaryny diňleýär;
    8. şu Kanuna laýyklykda beýleki ygtyýarlyklary amala aşyrýar.

17-nji madda. Türkmenistanyň Merkezi bankynyň Müdiriýetiniň mejlisleri

  1. Türkmenistanyň Merkezi bankynyň Müdiriýetiniň mejlisleri Türkmenistanyň Merkezi bankynyň Müdiriýetiniň tassyklanylan iş meýilnamasyna laýyklykda, ýöne çärýekde bir gezekden az bolmazdan geçirilýär.
  2. Zerur mahalynda Türkmenistanyň Merkezi bankynyň Müdiriýetiniň mejlisi Türkmenistanyň Merkezi bankynyň Başlygy tarapyndan çagyrylyp bilner.
  3. Türkmenistanyň Merkezi bankynyň Müdiriýetiniň mejlisi Türkmenistanyň Merkezi bankynyň Müdiriýetiniň agzalarynyň azyndan üçüsiniň, adatdan daşary ýagdaýlarda bolsa - Türkmenistanyň Merkezi bankynyň Müdiriýetiniň agzalarynyň ikisiniň ýazmaça ýüz tutmasy boýunça çagyrylyp bilner.

  4. Eger mejlise Türkmenistanyň Merkezi bankynyň Müdiriýetiniň agzalarynyň umumy sanynyň azyndan üçden ikisi gatnaşsa, Türkmenistanyň Merkezi bankynyň Müdiriýetiniň mejlisi ygtyýarlydyr.
  5. Türkmenistanyň Merkezi bankynyň Müdiriýetiniň mejlislerinde Türkmenistanyň Merkezi bankynyň Başlygy, onuň bolmadyk mahalynda bolsa - Türkmenistanyň Merkezi bankynyň Müdiriýetiniň agzalarynyň hataryndan onuň ýerini tutýan adam başlyklyk edýär.
  6. Türkmenistanyň Merkezi bankynyň Müdiriýetiniň agzalary Türkmenistanyň Merkezi bankynyň Müdiriýetiniň mejlisiniň geçirilýändigi hakynda ýazmaça habarly edilýär.
  7. Türkmenistanyň Merkezi bankynyň Müdiriýetiniň çözgütleri Müdiriýetiň mejlise gatnaşýan agzalarynyň sesleriniň ýönekeý köplügi bilen kabul edilýär. Türkmenistanyň Merkezi bankynyň Müdiriýetiniň her agzasynyň bir sesi bardyr. Sesler deň bolan mahalynda Türkmenistanyň Merkezi bankynyň Başlygynyň sesi çözüji bolup durýar.
  8. Türkmenistanyň Merkezi bankynyň Müdiriýetiniň mejlisleriniň teswirnamalary Türkmenistanyň Merkezi bankynyň Müdiriýetiniň kätibi tarapyndan resmileşdirilýär, ol Türkmenistanyň Merkezi bankynyň işgärleriniň hataryndan Türkmenistanyň Merkezi bankynyň Başlygy tarapyndan bellenilýär.
  9. Türkmenistanyň Merkezi bankynyň Müdiriýetiň kätibi Türkmenistanyň Merkezi bankynyň Müdiriýetiň agzasy bolup durmaýar.

    Türkmenistanyň Merkezi bankynyň Müdiriýetiniň mejlisleriniň teswirnamalary gullukda peýdalanmak resminamalary bolup durýarlar, bir nusgalykda resmileşdirilýär we mejlisde başlyklyk ediji, Müdiriýetiň gatnaşýan agzalary we Türkmenistanyň Merkezi bankynyň Müdiriýetiniň kätibi tarapyndan gol çekilýär.

  10. Türkmenistanyň Merkezi bankynyň Müdiriýetiniň mejlisine Türkmenistanyň Merkezi bankynyň, onuň gurluş düzüm birlikleriniň, karz edaralaryň we beýleki guramalaryň degişli işgärleri çagyrylyp bilner.

18-nji madda. Türkmenistanyň Merkezi bankynyň Başlygy

  1. Türkmenistanyň Merkezi bankynyň Başlygy Türkmenistanyň Merkezi bankynyň işine umumy ýolbaşçylyk edýär, Türkmenistanyň Merkezi bankynyň adyndan hereket edýär we döwlet häkimiýet we dolandyryş edaralary, ýerli häkimiýet edaralary, karz edaralary, daşary ýurt döwletleriniň guramalary, Türkmenistandaky we daşary ýurtlardaky halkara we beýleki guramalar bilen gatnaşyklarda onuň bähbitlerine ynanç hatsyz wekilçilik edýär.
  2. Türkmenistanyň Merkezi bankynyň Başlygy:
    1. Türkmenistanyň Merkezi bankynyň auditor gullugynyň başlygyny wezipä belleýär we wezipesinden boşadýar;
    2. Türkmenistanyň Merkezi bankynyň agentlerini we korrespondent banklary kesgitleýär;
    3. Türkmenistanyň Merkezi bankynyň kadalaşdyryjy hukuk namalaryny tassyklaýar;
    4. Türkmenistanyň Merkezi banky tarapyndan baglaşylýan ylalaşyklara we şertnamalara gol çekýär;
    5. Türkmenistanyň Merkezi bankynyň merkezi edarasynyň ähli gulluklary we onuň gurluş düzüm birlikleri tarapyndan ýerine ýetirmek üçin hökmany bolan buýruklary çykarýar we görkezmeleri berýär;
    6. Türkmenistanyň Merkezi bankynyň işgärleriniň wezipe sanawyny, aýlyk wezipe haklaryny we wezipe gollanmalaryny tassyklaýar;
    7. Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda Türkmenistanyň Merkezi bankynyň işgärleriniň işe kabul edilmegini we işden boşadylmagyny amala aşyrýar;
    8. Türkmenistanyň Merkezi bankynyň gurluş düzüm birlikleriniň ýolbaşçylaryny wezipä belleýär we wezipesinden boşadýar, Türkmenistanyň Merkezi bankynyň gurluş düzüm birlikleriniň ýolbaşçylaryny wezipä bellemek we wezipesinden boşatmak Türkmenistanyň Prezidentiniň ygtyýaryna girýän halatlary muňa degişli däldir;
    9. şu Kanuna laýyklykda beýleki ygtyýarlyklary amala aşyrýar.
  3. Türkmenistanyň Merkezi bankynyň Başlygy öz ygtyýarlyklarynyň bir bölegini öz orunbasarlaryna bermek hukugyna eýedir.
  4. Türkmenistanyň Merkezi bankynyň Başlygy Türkmenistanyň Merkezi bankynyň Başlygynyň orunbasarynyň wezipesine hödürlenýän boýunça teklibi Türkmenistanyň Prezidentiniň garamagyna berýär.
  5. Türkmenistanyň Merkezi bankynyň Başlygy Türkmenistanyň Merkezi bankynyň işi üçin jogapkärçilik çekýär.
  6. Türkmenistanyň Merkezi bankynyň Başlygy bolmadyk ýa-da öz gulluk borçlaryny ýerine ýetirmäge mümkinçiligi bolmadyk mahalynda onuň ygtyýarlyklaryny onuň orunbasarlarynyň biri amala aşyrýar.

19-njy madda. Türkmenistanyň Merkezi bankynyň gurluş düzüm birlikleri

  1. Türkmenistanyň Merkezi bankynyň gurluş düzüm birlikleri öz işini özleri hakdaky düzgünnamalara (tertipnamalara) laýyklykda amala aşyrýarlar.
  2. Gurluş düzüm birligi öz işinde ýerine ýetiriji ýerli häkimiýet edaralaryndan garaşsyzdyr we döwletiň borçnamalary boýunça jogapkärçilik çekmeýär, haçan-da şeýle jogapkärçilik Türkmenistanyň Merkezi banky tarapyndan onuň üstüne ýüklenen halatlary muňa degişli däldir.
  3. Türkmenistanyň Merkezi bankynyň ýuridik şahslary bolup durýan gurluş düzüm birlikleri öz borçnamalary boýunça Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda jogapkärçilik çekýärler.

    Türkmenistanyň Merkezi banky Türkmenistanyň Merkezi bankynyň ýuridik şahslary bolup durmaýan gurluş düzüm birlikleriniň borçnamalary boýunça jogapkärçilik çekýär.

  4. Türkmenistanyň Merkezi bankynyň gurluş düzüm birliginiň işine onuň başlygy ýolbaşçylyk edýär.
  5. Türkmenistanyň Merkezi bankynyň ýuridik şahs bolup durmaýan gurluş düzüm birliginiň başlygy öz işini Türkmenistanyň Merkezi banky tarapyndan berlen ynanç hatynyň esasynda amala aşyrýar.

  6. Türkmenistanyň Merkezi bankynyň gurluş düzüm birliginiň ýolbaşçysyna gurluş düzüm birligi hakyndaky düzgünnama (tertipnama) laýyklykda ygtyýarlyklar berilýär.
  7. Türkmenistanyň Merkezi bankynyň gurluş düzüm birliginiň ýolbaşçysy Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda şol gurluş düzüm birliginiň işine jogapkärçilik çekýär.
  8. Türkmenistanyň Merkezi banky zerur bolan mahalynda öz gurluş düzüm birliklerine olaryň işini üpjün etmek maksady bilen maliýe serişdelerini berýär.

20-nji madda. Türkmenistanyň Merkezi bankynyň işgärleri

  1. Türkmenistanyň Merkezi bankynyň işgärleriniň zähmet gatnaşyklary, olaryň durmuş taýdan üpjünçiliginiň meseleleri Türkmenistanyň kanunçylygy bilen düzgünleşdirilýär.
  2. Türkmenistanyň Merkezi bankynyň wezipeli işgärleri Türkmenistanyň Merkezi bankynyň işine Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda öz ygtyýarlyklarynyň çäklerinde jogapkärçilik çekýärler.
  3. Türkmenistanyň Merkezi banky Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda işgärleriniň durmuş-ýaşaýyş jaý şertlerini gowulandyrmak bilen baglanyşykly gozgalmaýan emlägiň edinilmegini goşmak bilen, işgärleri durmuş taýdan goldamak boýunça çäreler görmäge haklydyr.
  4. Türkmenistanyň Merkezi banky Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda öz işgärleriniň hünärini ýokarlandyrmak boýunça çäreleri amala aşyrýar.
  5. Türkmenistanyň Merkezi bankynyň işgärleriniň Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulan halatlardan başga, öz gulluk borçlaryny ýerine ýetirmek bilen baglanyşykly özlerine mälim bolan bank syryny we gaýry gulluk maglumatyny jar etmäge, şeýle hem ony şahsy bähbitlerine peýdalanmaga hukuklary ýokdur.
  6. Gulluk maglumatyny jar etmekde günäkär bolan adamlar Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda jogapkärçilik çekýärler.

5-nji bap. Türkmenistanyň pul birligi we pul belgileri.
Nagt pul dolanyşygy

21-nji madda. Türkmenistanyň pul birligi we pul belgileri

  1. Türkmenistanyň pul birligi (milli puly) manatdyr. Bir manat 100 teňňä deňdir.
  2. Dolanyşykdaky nagt pul Türkmenistanyň Merkezi bankynyň pul belgilerinden durýar.
  3. Türkmenistanyň çäginde ýeke-täk kanuny töleg serişdesi manatdyr.
  4. Türkmenistanyň çäginde daşary ýurt pulunyň töleg serişdesi hökmünde peýdalanylmagy Türkmenistanyň kanunçylygy bilen düzgünleşdirilýär.
  5. Türkmenistanyň çäginde Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulmadyk pul birliklerini girizmek we pul belgilerini çykarmak gadagandyr.

22-nji madda. Nagt pul dolanyşygyny guramak

Türkmenistanyň Merkezi banky Türkmenistanyň çäginde nagt pul dolanyşygyny guramak maksady bilen:

  1. karz edaralary we olaryň müşderileri tarapyndan pulhana amallaryny ýöretmegiň tertibini işläp taýýarlaýar we tassyklaýar;
  2. pul belgilerini çykarmakda döwletiň talabyny kesgitleýär we olary taýýarlamak üçin buýurmany ýerleşdirýär;
  3. pul belgileriniň gorag alamatlaryny kesgitleýär;
  4. Türkmenistanyň Merkezi bankynyň pul belgileriniň daşalmagyny we saklanylmagyny guraýar, olaryň ätiýaçlyk gaznalarynyň döredilmegini üpjün edýär;
  5. Türkmenistanyň Merkezi bankynyň pul belgileriniň tölege ukyplylyk alamatlaryny belleýär;
  6. pul belgileriniň emissiýasyny we dolanyşykdan aýrylmagyny geçirýär;
  7. dolanyşyga goýberilýän pul belgilerini çalyşmagyň tertibini, şeýle hem zeper ýetirilen we dolanyşykdan aýrylan pul belgilerini ýok etmegiň tertibini kesgitleýär;
  8. könelen we zeper ýetirilen pul belgilerini bellenilen düzgünlere laýyklykda çäklendirmeler bolmazdan çalyşýar;
  9. nagt pul dolanyşygyny düzgünleşdirmegiň beýleki çärelerini ulanýar.

23-nji madda. Pul belgilerini kabul etmäge bolan talaplar

  1. Türkmenistanyň Merkezi bankynyň pul belgileri Türkmenistanyň bütin çäginde bellenilen gymmaty boýunça tölegleriň we hasaplaşyklaryň ähli görnüşleri boýunça kabul etmek üçin, şeýle hem hasaplara, goýumlara geçirmek üçin we geçirim üçin hökmanydyr.
  2. Türkmenistanyň Merkezi bankynyň pul belgileri Türkmenistanyň ähli banklarynda çäklendirmezden çalşylýar.

  3. Türkmenistanyň Merkezi bankynyň pul belgileri Türkmenistanyň Merkezi bankynyň şertsiz borçnamasy bolup durýarlar we onuň ähli aktiwleri bilen üpjün edilýärler.

24-nji madda. Pul belgileriniň emissiýasy we olary dolanyşykdan aýyrmak

  1. Türkmenistanyň çäginde pul belgileriniň emissiýasy, olaryň dolanyşygyny guramak we dolanyşykdan aýyrmak diňe Türkmenistanyň Merkezi banky tarapyndan amala aşyrylýar.
  2. Türkmenistanyň Merkezi banky tarapyndan dolanyşyga goýberilen pul belgileriniň çalşygyny yglan etmek ýa-da olary hakyky däl diýip ykrar etmek Türkmenistanyň Merkezi bankynyň aýratyn ygtyýarlyklary bolup durýar.

25-nji madda. Türkmenistanyň pul birligini reformirlemek

Türkmenistanyň pul birliginiň reformasy Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda amala aşyrylýar.

26-njy madda. Manady konwertirlemek

Manady konwertirlemek Türkmenistanyň kanunçylygynda kesgitlenilýän tertipde geçirilýär.

27-nji madda. Türkmenistanyň pul belgilerini galplaşdyryp ýasamak we ýerlemek üçin gadaganlyk

Türkmenistanyň pul belgilerini galplaşdyryp ýasamak we ýerlemek gadagandyr hem-de kanun boýunça yzarlanylýar.

6-njy bap. Pul-karz syýasatyny geçirmek

28-nji madda. Pul-karz syýasatynyň esasy gurallary

Şu aşakdakylar Türkmenistanyň Merkezi bankynyň pul_karz syýasatynyň esasy gurallarydyr:

  1. Türkmenistanyň Merkezi bankynyň amallary boýunça göterim derejeleri;
  2. Türkmenistanyň Merkezi bankynda deponirlenýän ätiýaçlyk talaplaryň möçberleri;
  3. açyk bazardaky amallar;
  4. karz edaralaryny gaýtadan maliýeleşdirmek;
  5. pul interwensiýalary;
  6. pul toplumynyň ösüşiniň gözükdirijilerini bellemek;
  7. göni mukdar çäklendirmeleri;
  8. pul_karz syýasatynyň beýleki gurallary.

29-njy madda. Türkmenistanyň Merkezi bankynyň amallary boýunça göterim derejeleri

  1. Türkmenistanyň Merkezi banky amallaryň dürli görnüşleri boýunça bir ýa-da birnäçe göterim derejelerini bellemäge ýa-da göterim derejesini bellemezden göterim syýasatyny geçirmäge haklydyr.
  2. Türkmenistanyň Merkezi banky bazar göterim derejelerine täsir etmek üçin göterim syýasatyny ulanýar.

30-njy madda. Ätiýaçlyk talaplary

  1. Ätiýaçlyk talaplary – munuň özi Türkmenistanyň bank ulgamynyň umumy ukyplylygyny düzgünleşdirmek maksady bilen karz edaralarynyň Türkmenistanyň Merkezi bankynda deponirlenen serişdeleri.
  2. Ätiýaçlyk talaplarynyň kadalaşdyryjysy, şeýle hem Türkmenistanyň Merkezi bankynda olary deponirlemegiň tertibi Türkmenistanyň Merkezi bankynyň kadalaşdyryjy hukuk namalary bilen bellenilýär.
  3. Ätiýaçlyk talaplarynyň kadalaşdyryjysy karz edarasynyň borçnamalarynyň 20 göteriminden ýokary geçip bilmez we dürli karz edaralary üçin tapawutly bolup biler.
  4. Ätiýaçlyk talaplarynyň kadalaşdyryjysy bozulan mahalynda Türkmenistanyň Merkezi banky karz edarasynyň Türkmenistanyň Merkezi bankynda açylan korrespondent hasabyndan geçirilmedik serişdeleriň pul möçberini jedelsiz tertipde tutup almaga haklydyr.
  5. Ätiýaçlyk talaplaryna tutup almalar degişli däldir.
  6. Karz edarasy ýatyrylan mahalynda Türkmenistanyň Merkezi banky ätiýaçlyk talaplarynyň pul möçberini bellenilen tertipde karz edarasyna gaýtarýar.

31-nji madda. Açyk bazardaky amallar

  1. Açyk bazardaky amallar diýlip Türkmenistanyň Merkezi banky tarapyndan döwletiň gymmatly kagyzlarynyň, Türkmenistanyň Merkezi bankynyň gymmatly kagyzlarynyň, şol sanda bergidarlyk gymmatly kagyzlarynyň satyn alynmagyna-satylmagyna, şeýle hem soňundan gaýdymlaýyn geleşigi amala aşyrmak hukugy bilen görkezilen gymmatly kagyzlar bilen gysga möhletli amallara düşünilýär.
  2. Türkmenistanyň Merkezi banky pul toplumynyň möçberini kadalaşdyrmak maksady bilen gös-göni öz adyndan ýa-da gymmatly kagyzlary gaýtadan satyn almak hakyndaky ylalaşyk arkaly satyn almak we satmak boýunça bellenilen limitiň çäklerinde şu maddanyň birinji böleginde görkezilen açyk bazardaky amallary amala aşyrýar.

32-nji madda. Karz edaralaryny gaýtadan maliýeleşdirmek

  1. Karz edaralaryny gaýtadan maliýeleşdirmegiň tertibi we şertleri (şol sanda çäkleri kesgitlemek) Türkmenistanyň Merkezi banky tarapyndan bellenilýär.
  2. Türkmenistanyň Merkezi banky diňe karz edarasynyň ukyplylygyny saklamak zerurlygyndan dörän aýratyn ýagdaýlaryň täsiri boýunça gaýtadan maliýeleşdirmegi amala aşyrýar.

33-nji madda. Türkmenistanyň Merkezi bankynyň göni mukdar çäklendirmeleri

  1. Türkmenistanyň Merkezi bankynyň göni mukdar çäklendirmeleri diýlip karz edaralaryny gaýtadan maliýeleşdirmäge we olar tarapyndan bank amallarynyň aýry-aýry görnüşlerini geçirmäge çäkleriň bellenilmegine düşünilýär.
  2. Türkmenistanyň Merkezi banky Türkmenistanyň kabul edilen ýeke-täk döwlet pul_karz syýasatyna laýyklykda, berilýän karzlaryň umumy möçberini kadalaşdyrýar.
  3. Türkmenistanyň Merkezi banky aýratyn halatlarda Türkmenistanyň Ministrler Kabineti bilen ylalaşyp ähli karz edaralaryna deň derejede degişli göni mukdar çäklendirmelerini ulanmaga haklydyr.

34-nji madda. Türkmenistanyň Merkezi bankynyň pul interwensiýalary

Pul interwensiýalary Türkmenistanyň Merkezi banky tarapyndan Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda amala aşyrylýar.

35-nji madda. Pul toplumynyň artmagynyň çelgilerini bellemek

Türkmenistanyň Merkezi banky ýeke-täk döwlet pul_karz syýasatynyň esasy ugurlaryndan ugur alyp, pul toplumynyň bir ýa-da birnäçe görkezijileriniň artmagynyň çelgilerini belläp biler.

36-njy madda. Türkmenistanyň Merkezi bankynyň bank amallary we geleşikleri

  1. Türkmenistanyň Merkezi banky şu Kanunda göz öňünde tutulan maksatlara ýetmek üçin şu aşakdaky bank amallaryny we geleşiklerini amala aşyrmak hukugyna eýedir:
    1. eger Türkmenistanyň kanunçylygynda başgaça bellenilmedik bolsa, gymmatly kagyzlar we beýleki aktiwler bilen üpjünçilik esasynda karzlary bermek;
    2. açyk bazarda döwletiň gymmatly kagyzlaryny satyn almak we satmak;
    3. Türkmenistanyň Merkezi banky tarapyndan emitirlenen obligasiýalary we depozit güwänamalaryny satyn almak we satmak;
    4. daşary ýurt puluny, şeýle hem Türkmenistanyň we daşary ýurt döwletleriniň karz edaralary tarapyndan çykarylyp goýlan, daşary ýurt pulunda nominirlenen töleg resminamalaryny we borçnamalaryny satyn almak we satmak;
    5. Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda gymmat bahaly metallary we pul gymmatlyklarynyň beýleki görnüşlerini satyn almak, saklamak, satmak;
    6. hasaplaşyk, pulhana we depozit amallaryny geçirmek, gymmatly kagyzlary we beýleki aktiwleri saklamaga we dolandyrmaga kabul etmek;
    7. maliýe töwekgelçiliklerini dolandyrmak üçin peýdalanylýan maliýe gurallary bilen amallary amala aşyrmak;
    8. Türkmenistanyň we daşary ýurt döwletleriniň karz edaralarynda hasaplary açmak;
    9. islendik puldaky çekleri we wekselleri çykaryp goýmak;
    10. halkara bank tejribesinde kabul edilen iş dolanyşygynyň adatlaryna laýyklykda öz adyndan beýleki bank amallaryny we geleşikleri amala aşyrmak.
    11. Türkmenistanyň Merkezi banky bank amallaryny we geleşikleri ýygymly esasda amala aşyrmaga haklydyr, Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulan halatlar muňa degişli däldir.

  2. Türkmenistanyň Merkezi bankynyň şu aşakdakylara haky ýokdur:
    1. şu Kanunyň 19-njy maddasynyň altynjy böleginde göz öňünde tutulan halatdan başga ýagdaýlarda, gös-göni karz, gaýtarylmaýan ssuda, şertli borçnama görnüşinde ýa-da islendik başga görnüşde maliýe kömegini bermäge;
    2. eger Türkmenistanyň kanunçylygynda başgaça göz öňünde tutulmadyk bolsa, karz edaralaryň, beýleki täjirçilik we täjirçilik bolmadyk guramalaryň maýalaryna gatnaşmaga;
    3. täjirçilik işi bilen meşgullanmaga;
    4. gozgalmaýan eýeçilige ýa-da ondaky paýlara eýelik etmäge bolan hakyky hukuklary edinmäge, Türkmenistanyň Merkezi bankynyň işini üpjün etmek, şeýle hem Türkmenistanyň Merkezi bankynyň işgärleriniň okadylmagyny, dynç alşyny, durmuş taýdan goldawyny üpjün etmek üçin zerur bolan halatlar muňa degişli däldir.

7-nji bap. Daşary ykdysady gatnaşyklar. Pul amallary

37-nji madda. Daşary ykdysady gatnaşyklar

  1. Türkmenistanyň Merkezi banky daşary ýurt döwletleriniň merkezi banklary, halkara banklary we beýleki halkara maliýe guramalary bilen özara gatnaşyklarda Türkmenistanyň bähbitlerine wekilçilik edýär hem-de olar bilen hyzmatdaşlygy ösdürýär.
  2. Türkmenistanyň Merkezi banky Türkmenistanyň kanunçylygynda we Türkmenistanyň halkara şertnamalarynda göz öňünde tutulan halatlarda, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň tabşyrygy boýunça:
    1. döwletara duşuşyklaryna, hökümetara maslahatlaryna, geňeşlerine Türkmenistanyň adyndan gatnaşýar we pul_karz syýasaty babatda onuň bähbitlerine wekilçilik edýär;
    2. Türkmenistanyň wekili hökmünde Türkmenistanyň kanunçylygy bilen kesgitlenen serişdeleriň çeşmeleriniň hasabyna öz üstüne borçnamalary alýar we halkara guramalarynyň işine Türkmenistanyň gatnaşmagy bilen baglanyşykly amallary amala aşyrýar.

38-nji madda. Daşary ykdysady gatnaşyklarda puly kadalaşdyrmak we pula gözegçilik

Türkmenistanyň Merkezi banky daşary ykdysady gatnaşyklarda puly kadalaşdyrmak we pula gözegçilik ediji edaradyr we bu wezipeleri Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda amala aşyrýar.

39-njy madda. Türkmenistanyň halkara ätiýaçlyklary

  1. Türkmenistanyň Merkezi banky Türkmenistanyň halkara ätiýaçlyklaryny dolandyrýar we olaryň saklanylmagyny we hyzmat edilmegini üpjün edýär.
  2. Türkmenistanyň Merkezi banky Türkmenistanyň halkara ätiýaçlyklarynyň saklanylmagyny döwletiň pul_karz we daşary ykdysady gatnaşyklarda pul (walýuta) syýasatynyň hem-de halkara amallary boýunça döwletiň öz wagtynda hasaplaşyklarynyň netijeli geçirilmegini üpjün edýän derejede amala aşyrýar.
  3. Türkmenistanyň halkara ätiýaçlyklarynyň derejesi peselen ýa-da Türkmenistanyň netijeli döwlet pul_karz we daşary ykdysady gatnaşyklarda pul (walýuta) syýasatyny, şeýle hem halkara amallary boýunça ýurduň öz wagtynda hasaplaşygyny geçirmek mümkinçiliginden Türkmenistany mahrum edýän derejä çenli olaryň aşaklamak howpy bolan halatlarynda Türkmenistanyň Merkezi banky olaryň peselmegine getiren ýa-da getirip biljek sebäplerini, şeýle hem olary düzetmek boýunça teklipleri görkezmek bilen Türkmenistanyň halkara ätiýaçlyklarynyň ýagdaýy hakyndaky maglumaty Türkmenistanyň Prezidentine berýär.
  4. Türkmenistanyň Merkezi banky Türkmenistanyň Prezidentine Türkmenistanyň halkara ätiýaçlyklarynyň gurluşy we ýerleşdirilişi hakyndaky teklipleri berýär.

40-njy madda. Halkara ätiýaçlyklary dolandyrmak boýunça amallar

Türkmenistanyň Merkezi banky döwletiň ätiýaçlyk altyn goruny goşmak bilen, Türkmenistanyň halkara ätiýaçlyklaryny (altyn pul aktiwlerini) dolandyrmak maksady bilen şu aşakdaky amallary amala aşyrmaga haklydyr:

  1. aşakdakylar bilen satyn almak, satmak ýa-da gaýry amallary amala aşyrmaga:
    a) erkin ýörgünli daşary ýurt puly;
    b) Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan daşary ýurt pulunda, daşary ýurt döwletleriniň hökümetleri, merkezi (milli) banklary ýa-da halkara maliýe guramalary tarapyndan çykarylan we kepillendirilen gymmatly kagyzlar;
    ç) altyn (monetar altyn);
    d) iň pes derejesi Türkmenistanyň Merkezi bankynyň Müdiriýeti tarapyndan kesgitlenilýän karz bahalandyrmasy bolan emitentler tarapyndan çykarylan gymmatly kagyzlar;
  2. daşary ýurt döwletleriniň merkezi (milli) banklarynda, birinji derejeli we beýleki banklarynda we maliýe edaralarynda, şeýle hem halkara maliýe guramalarynda hasaplary açmaga;
  3. hasaplary açmaga we alyp barmaga, özleriniň hasaba alnan döwletleriniň kanunçylygy boýunça degişli hukugy bolan daşary ýurt döwletiniň merkezi (milli) bankynyň, beýleki banklarynyň we maliýe edaralarynyň, daşary ýurt döwletleriniň hökümetleriniň we olaryň wekilleriniň, şeýle hem halkara maliýe guramalarynyň wekili ýa-da korrespondenti hökmünde hereket etmäge;
  4. Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde gymmat bahaly metallary we gaýry pul gymmatlyklaryny Türkmenistana getirmäge, şeýle hem daşary ýurt banklaryndaky we ýöriteleşdirilen maliýe guramalaryndaky öz hasaplaryna ýerleşdirmek üçin olary daşary ýurtlara äkitmäge;
  5. iň pes derejesi Türkmenistanyň Merkezi bankynyň Müdiriýeti tarapyndan kesgitlenilýän karz bahalandyrmasy bolan emitentler tarapyndan çykarylan bergidarlyk borçnamalar bilen amallary amala aşyrmaga;
  6. karz bahalandyrmalary Türkmenistanyň Merkezi bankynyň Müdiriýeti tarapyndan kesgitlenen karz bahalandyrmasynyň iň pes derejesinden pes bolmadyk özara hyzmatdaşlar bilen döredilen maliýe gurallary bilen amallary amala aşyrmaga;
  7. Türkmenistanyň Merkezi bankynyň Müdiriýetiniň çözgüdi boýunça gaýry amallary amala aşyrmaga.

8-nji bap. Türkmenistanyň Merkezi bankynyň döwlet bilen özara gatnaşyklary

41-nji madda. Türkmenistanyň Merkezi bankynyň döwlet häkimiýet we dolandyryş edaralary, ýerli häkimiýet edaralary bilen özara gatnaşyklary

  1. Türkmenistanyň Merkezi banky öz üstüne ýüklenen wezipeleri durmuşa geçirmek bilen döwletiň ykdysady syýasatynyň işlenip taýýarlanylmagyna gatnaşýar.
  2. Türkmenistanyň Merkezi bankynyň Başlygy Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlislerine gatnaşmaga, Türkmenistanyň ykdysady, pul_karz, maliýe we bank syýasatynyň meselelerine dahylly kanunçylyk namalarynyň taslamalaryna garalanda Türkmenistanyň Mejlisiniň maslahatlaryna gatnaşmaga haklydyr.
  3. Türkmenistanyň Merkezi banky Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda Türkmenistanyň Maliýe ministrligi tarapyndan wekilçilik edilýän Türkmenistanyň Ministrler Kabinetine karzlary bermäge haklydyr.
  4. Türkmenistanyň Merkezi banky döwletiň borçnamalary boýunça jogap bermeýär, döwlet Türkmenistanyň Merkezi bankynyň borçnamalary boýunça jogap bermeýär, Türkmenistanyň Merkezi bankynyň ýa-da döwletiň şeýle jogapkärçiligi öz üstüne alan halatlary muňa degişli däldir.
  5. Türkmenistanyň Merkezi banky Türkmenistanyň kanunçylygy bilen özüne berkidilen wezipeleri durmuşa geçirende döwlet häkimiýet we dolandyryş edaralaryndan, ýerli häkimiýet edaralaryndan garaşsyzdyr.

42-nji madda. Türkmenistanyň Merkezi banky Türkmenistanyň bankiri, geňeşçisi we fiskal agenti hökmünde

  1. Türkmenistanyň kanunçylygynda başgaça göz öňünde tutulmadyk bolsa, Türkmenistanyň Döwlet býujetiniň serişdeleri Türkmenistanyň Merkezi bankynda saklanylýar.
  2. Türkmenistanyň Merkezi banky Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň bank hyzmatyny, şeýle hem Türkmenistanyň Döwlet býujetiniň serişdeleri bilen amallary ýygym hak-heşdeklerini almazdan amala aşyrýar.
  3. Görkezilenler:

    a) hakyky harajatlar boýunça amala aşyrylýan daşary ýurt banklary tarapyndan alynýan ýygym hak-heşdekleriniň öwezi dolunan;

    b) ýygym hak-heşdekleriniň öwezini dolmak býujet sarp edijileri üçin işleri ýerine ýetirýän, hyzmatlary edýän we harytlary getirmekligi amala aşyrýan şertnamanyň tarapyna degişli edilen, halatlara degişli däldir.

  4. Türkmenistanyň Merkezi banky Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň tabşyrygy boýunça hem-de Türkmenistanyň Döwlet býujetiniň serişdeleriniň hasabyna döwletiň içerki we daşarky bergisine bank hyzmatyny amala aşyrýar.
  5. Türkmenistanyň Merkezi banky döwlet karz almak-bermek syýasatyny işläp taýýarlamakda we durmuşa geçirmekde, pul_karz syýasatynyň meseleleri boýunça Türkmenistanyň Döwlet býujetini döretmekde Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň geňeşçisidir.
  6. Türkmenistanyň Merkezi banky Türkmenistanyň Prezidenti bilen ylalaşylan şertlerde Türkmenistanyň fiskal agenti hökmünde çykyş edýär.

43-nji madda. Türkmenistanyň Merkezi banky depozitariý-bank hökmünde

  1. Türkmenistanyň Merkezi banky depozitariý-bank hökmünde çykyş etmäge we Türkmenistanyň Ministrler Kabinetine bank hyzmatyny etmek boýunça amallary amala aşyrmaga haklydyr.
  2. Türkmenistanyň Merkezi banky beýleki karz edaralaryna Türkmenistanyň Merkezi banky tarapyndan göz öňünde tutulan şertlere laýyklykda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetinden depozitleri kabul etmäge rugsat bermäge haklydyr.

9-njy bap. Türkmenistanyň Merkezi bankynyň karz edaralary
we beýleki müşderiler bilen özara gatnaşyklary

44-nji madda. Türkmenistanyň Merkezi bankynda açylýan korrespondent we beýleki hasaplar

  1. Türkmenistanyň Merkezi banky öz balansynda karz edaralarynyň, maliýe edaralarynyň we beýleki müşderileriň korrespondent we gaýry hasaplaryny saklamaga we Türkmenistanyň Merkezi banky tarapyndan bellenen kadalara laýyklykda olardan depozitleri almaga ygtyýarlydyr.
  2. Türkmenistanyň karz edaralary Türkmenistanyň Merkezi bankynda korrespondent hasaplaryny açmaga borçludyrlar.

45-nji madda. Nagt däl hasaplaşyklary guramak

  1. Türkmenistanyň Merkezi banky nagt däl hasaplaşyklary amala aşyrmagyň görnüşlerini, düzgünlerini we möhletlerini, şeýle hem standartlaryny belleýär.
  2. Türkmenistanyň Merkezi banky bankara nagt däl hasaplaşyklaryny öz korrespondent banklarynyň üsti bilen amala aşyrýar.

10-njy bap. Bank kadalaşdyrmasy we bank gözegçilik barlagy

46-njy madda. Bank kadalaşdyrmasynyň we bank gözegçilik barlagynyň esaslary

  1. Türkmenistanyň Merkezi banky Türkmenistanyň çäginde bellige alnan karz edaralarynyň işine bank kadalaşdyrmasyny we bank gözegçilik barlagyny amala aşyrýan edara bolup durýar.
  2. Bank kadalaşdyrmasynyň we bank gözegçilik barlagynyň maksatlary Türkmenistanyň bank ulgamynyň durnuklylygyny saklamak we goýumçylaryň hem-de karz berijileriň bähbitlerini goramak, Türkmenistanyň kanunçylygynyň berjaý edilmegini üpjün etmek bolup durýar.
  3. Türkmenistanyň Merkezi bankynyň karz edaralarynyň derhal işine gatyşmaga haky ýokdur, Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulan halatlar muňa degişli däldir.

  4. Türkmenistanyň Merkezi banky bank kadalaşdyrmasyny we bank gözegçilik barlagyny amala aşyrmak maksady bilen:
    1. bank amallaryny geçirmegiň, buhgalterçilik hasaba alnyşyny ýöretmegiň, maliýe hasabatlylygynyň halkara standartlaryna laýyklykda maliýe hasabatlylygyny düzmegiň we bermegiň, statistiki hasabatlylygy düzmegiň we bermegiň, içerki gözegçiligi guramagyň karz edaralary üçin hökmany bolan umumy kadalaryny belleýär;
    2. karz edaralarynyň barlaglaryny geçirýär, buhgalterçilik hasaplarynyň, kitaplarynyň we beýleki resminamalarynyň barlagyny amala aşyrýar;
    3. karz edaralary üçin ygtyýarnama almak boýunça işleri we hökmany ykdysady kadalaşdyryjylary belleýär, şeýle hem olaryň ýerine ýetirilişine gözegçilik barlagyny amala aşyrýar;
    4. Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda karz edaralarynyň ýolbaşçylaryna we wezipeli adamlarynyň kesgitlenen derejelerine hünär talaplaryny belleýär;
    5. fiziki şahslaryň depozitleriniň kepillendiriliş gaznasyny döretmegiň tertibini we ony peýdalanmagyň tärini Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda belleýär.
  5. Şu maddanyň üçünji böleginiň 3-nji bendine laýyklykda karz edaralarynyň durnuklylygyny üpjün etmek maksady bilen Türkmenistanyň Merkezi banky şu aşakdaky hökmany ykdysady kadalaşdyryjylary belläp biler:
    1. döredilýän karz edaralarynyň esaslyk maýasynyň iň az möçberini, bank bolmadyk karz edarasy tarapyndan bankyň statusyny almak üçin öz serişdeleriniň (maýasynyň) möçberini;
    2. karz edarasynyň esaslyk maýasynda emläk (pul bolmadyk) goýumlaryň aňryçäk möçberini;
    3. bir karz alyjy ýa-da baglanyşykly karz alyjylar topary üçin töwekgelçiligiň iň ýokary möçberini;
    4. uly karz töwekgelçilikleriniň iň ýokary möçberini;
    5. karz edarasynyň ukyplylygynyň kadalaşdyryjylaryny;
    6. öz serişdeleriniň (maýasynyň) ýeterlilik kadalaşdyryjylaryny;
    7. beýleki ýuridik şahslaryň paýnamalaryny (paýlaryny) edinmek üçin karz edarasynyň öz serişdelerini (maýasyny) peýdalanmagynyň kadalaşdyryjylaryny;
    8. karz edarasy tarapyndan öz esaslandyryjylaryna (gatnaşyjylaryna) berilýän karzlaryň, bank kepillikleriniň we güwä geçmeleriň iň ýokary möçberini;
    9. zerur halatlarda – töwekgelçilikleri dolandyrmak üçin başga kadalaşdyryjylary.
  6. Türkmenistanyň Merkezi banky halkara standartlaryny we karz edaralary bilen maslahatlary hasaba almak bilen karz edarasynyň öz serişdelerini (maýasyny), aktiwlerini, passiwlerini we aktiwler boýunça her bir kadalaşdyryjy üçin töwekgelçiligiň möçberlerini kesgitlemegiň usulyýetini işläp taýýarlaýar we tassyklaýar.
  7. Türkmenistanyň Merkezi banky karz edaralarynyň görnüşleri boýunça tapawutlandyrylan kadalaşdyryjylary we olary hasaplamagyň usulyýetini bellemäge haklydyr.

  8. Hökmany ykdysady kadalaşdyryjylaryň we olary hasaplamak usulyýetleriniň geljekki üýtgemegi hakynda Türkmenistanyň Merkezi banky olaryň herekete girmegine çenli bir aýdan gijä galman resmi taýdan yglan edýär.

47-nji madda. Bank kadalaşdyrmasyny we bank gözegçilik barlagyny amala aşyrmak

  1. Türkmenistanyň Merkezi banky bank kadalaşdyrmasyny we bank gözegçilik barlagyny amala aşyrmak maksady bilen karz edaralarynyň işiniň barlaglaryny geçirýär.
  2. Karz edarasynyň işinde düzgün bozmalar ýüze çykan mahalynda Türkmenistanyň Merkezi banky ýüze çykan düzgün bozmalary düzetmek hakynda oňa ýerine ýetirilmegi hökmany bolan tabşyryknamalary iberýär hem-de şu Kanunda göz öňünde tutulan temmileri ulanýar.
  3. Barlaglar Türkmenistanyň Merkezi bankynyň bank gözegçilik barlagy gullugy tarapyndan hem-de onuň çäk gulluklary tarapyndan amala aşyrylyp bilner.
  4. Karz edaralarynyň barlaglaryny geçirmegiň tertibi Türkmenistanyň Merkezi bankynyň Müdiriýeti tarapyndan tassyklanylýar.
  5. Türkmenistanyň Merkezi banky bank kadalaşdyrmasyny we bank gözegçilik barlagyny amala aşyranda karz edarasynyň barlagyny ýylda bir gezekden artyk we karz edarasynyň işiniň şol bir hasabat döwri üçin şol bir meseleler boýunça barlagyny bir gezekden köp geçirmäge haky ýokdur, şu maddanyň bäşinji böleginde göz öňünde tutulan halatlar muňa degişli däldir.
  6. Türkmenistanyň Merkezi banky tarapyndan karz edarasynyň işiniň şol bir hasabat döwri üçin şol bir meseleler boýunça karz edarasynyň gaýtadan barlaglaryny geçirmäge şu aşakdaky halatlarda rugsat berilýär:
    1. eger şeýle barlag karz edarasynyň üýtgedilip guralmagy ýa-da ýatyrylmagy bilen baglanyşykly geçirilse;
    2. Türkmenistanyň Merkezi bankynyň karz edarasynyň barlagyny geçiren ýerli bank gözegçilik barlagy gullugynyň işine gözegçilik tertibinde. Görkezilen gözegçilik tertibinde karz edarasyny gaýtadan barlamak Türkmenistanyň Merkezi banky tarapyndan Türkmenistanyň Merkezi bankynyň Başlygynyň esasly çözgüdiniň esasynda geçirilýär;
    3. Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulan beýleki halatlarda.
  7. Bank gözegçilik barlagyny amala aşyrmak maksady bilen Türkmenistanyň Merkezi banky karz edaralaryndan olaryň işi hakyndaky, şol sanda maliýe ýagdaýy, anyk amallar boýunça esaslandyryjylaryň (gatnaşyjylaryň) iş abraýy hakyndaky zerur maglumaty olardan soramaga we almaga hem-de alnan maglumat boýunça düşündirişleri talap etmäge haklydyr.
  8. Türkmenistanyň Merkezi bankynyň şu aşakdakylara haky ýokdur:
    1. karz edaralarynyň müşderileri hakynda we bank hyzmaty bilen baglanyşykly bolmadyk beýleki üçünji şahslar hakynda Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulmadyk maglumatyň berilmegini karz edaralaryndan talap etmäge;
    2. karz edaralarynyň müşderileri tarapyndan amallaryň geçirilmegine Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulmadyk göni ýa-da gytaklaýyn çäklendirmeleri bellemäge;
    3. karz edaralaryny olaryň müşderilerinden Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulmadyk resminamalary talap etmegi borçlandyrmaga.

48-nji madda. Türkmenistanyň Merkezi banky tarapyndan karz edaralaryna ulanylýan temmiler

  1. Karz edarasy tarapyndan Türkmenistanyň kanunçylygynyň, oňa laýyklykda çykarylýan Türkmenistanyň Merkezi bankynyň kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň bozulan, maglumatyň berilmedik, doly däl ýa-da hakyky bolmadyk maglumatyň berlen halatlarynda Türkmenistanyň Merkezi banky ýüze çykarylan düzgün bozmalaryň düzedilmegini karz edarasyndan talap etmäge, esaslyk maýanyň iň az möçberiniň 0,1 göterimine çenli möçberde jerime salmaga ýa-da karz edarasy tarapyndan bank amallarynyň aýry-aýry görnüşleriniň geçirilmegini alty aýa çenli möhlet üçin çäklendirmäge haklydyr.
  2. Karz edarasynyň işinde ýüze çykarylan düzgün bozmalary Türkmenistanyň Merkezi banky tarapyndan bellenilen möhletde düzetmek hakynda Türkmenistanyň Merkezi bankynyň tabşyryknamalary ýerine ýetirilmedik mahalynda, şeýle hem eger bu düzgün bozmalar ýa-da karz edarasy tarapyndan amala aşyrylýan amallar ýa-da geleşikler onuň karz berijileriniň bähbitlerine hakyky howp döreden bolsa, Türkmenistanyň Merkezi banky şu aşakdakylara haklydyr:
    1. karz edarasyndan tölenen esaslyk maýanyň möçberiniň 0,1 göterimine çenli möçberde, ýöne esaslyk maýanyň Türkmenistanyň Merkezi banky tarapyndan bellenilen iň az möçberiniň 0,1 göterimi möçberinden köp bolmadyk jerimäni almaga;
    2. karz edarasyndan şu aşakdakylaryň amala aşyrylmagyny talap etmäge:
      a) karz edarasyny maliýe taýdan sagdynlaşdyrmak boýunça çäreleri amala aşyrmagy, şol sanda onuň aktiwleriniň gurluşyny üýtgetmegi;
      b) karz edarasyny üýtgedip guralmagyny;
    3. karz edarasy üçin bellenilen hökmany ykdysady kadalaşdyryjylary alty aýa çenli möhlet üçin üýtgetmäge;
    4. karz edarasyna bank amallaryny amala aşyrmak üçin berlen ygtyýarnamada göz öňünde tutulan bank amallarynyň aýry-aýry görnüşlerini amala aşyrmaga we (ýa-da) onuň şahamça açmagyna bir ýyla çenli möhlete gadaganlyk girizmäge;
    5. karz edarasyny dolandyrýan ygtyýarly edara onuň ýolbaşçylaryny ýa-da beýleki wezipeli adamlaryny eýeleýän wezipesinden çetleşdirmek hakynda ýa-da Türkmenistanyň Merkezi bankynda hünär synagyna degişli adamlaryň hünär laýyklygyna gaýtadan baha bermegi geçirmek hakynda oňa tabşyryknama ibermäge, şeýle hem karz edarasyny dolandyrýan wagtlaýyn administrasiýany Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde alty aýa çenli möhlet üçin bellemäge;
    6. eger karz edarasynyň üýtgedilip guralmagy netijesinde Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda karz edarasynyň batyp galmagynyň öňüni almak boýunça çäreleri görmek üçin esaslar ýüze çyksa, onuň amala aşyrylmagyna gadaganlyk girizmäge;
    7. Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenen tertipde karz edarasynyň ygtyýarnamasyny wagtlaýyn togtatmaga ýa-da ýatyrmaga.
  3. Türkmenistanyň Merkezi banky şu Kanunda göz öňünde tutulan temmileri ulanmagyň netijesinde ýüze çykan ýitgiler üçin jogapkärçilik çekmeýär.
  4. Karz edarasyna temmileri ulanmagyň tertibi Türkmenistanyň Merkezi banky tarapyndan bellenilýär.
  5. Şu maddanyň birinji we ikinji böleklerine laýyklykda jerime temmileriniň pul möçberleri Türkmenistanyň Döwlet býujetine geçirilýär.
  6. Türkmenistanyň Merkezi banky karz edaralarynyň goýumçylarynyň we karz berijileriniň kanuny bähbitlerine, Türkmenistanyň bank ulgamynyň durnuklylygyna howp salýan ýagdaýlary ýüze çykarmak maksady bilen karz edaralarynyň işiniň seljermesini amala aşyrýar.

49-njy madda. Daşary ýurt döwletleriniň bank gözegçilik barlagy edaralary bilen hyzmatdaşlyk

Türkmenistanyň Merkezi banky daşary ýurt döwletleriniň bank gözegçilik barlagy edaralary bilen özara arkalaşyk esasynda, şol sanda olaryň ýurisdiksiýasynyň çäklerinde hereket edýän islendik karz edarasy we (ýa-da) maliýe guramasy babatda maglumat alyşmak boýunça, alnan maglumatyň ýaşyrynlygyny özara berjaý etmek şertinde hyzmatdaşlygy amala aşyrýar.

11-nji bap. Türkmenistanyň Merkezi bankynyň buhgalterçilik hasaba alnyşy we hasabatlylygy. Türkmenistanyň Merkezi bankynyň işini barlamak

50-nji madda. Türkmenistanyň Merkezi bankynyň buhgalterçilik hasaba alnyşy

Türkmenistanyň Merkezi banky buhgalterçilik hasaba alnyşyny Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda ýöredýär.

51-nji madda. Ýyllyk hasabat

  1. Türkmenistanyň Merkezi bankynyň maliýe ýyly 1-nji ýanwardan 31-nji dekabry hem öz içine alýan aralykda (senenama ýyly) bellenilýär.
  2. Türkmenistanyň Merkezi banky her bir maliýe ýyly tamamlanandan soň üç aýyň geçmegi boýunça Türkmenistanyň Merkezi bankynyň işi hakynda ýyllyk hasabaty her ýyl Türkmenistanyň Prezidentiniň garamagyna berýär.
  3. Türkmenistanyň Merkezi bankynyň ýyllyk hasabaty şu aşakdakylary öz içine alýar:

    1. pul_karz syýasaty we maliýe bazarynyň ýagdaýy hakynda nutugy;
    2. Türkmenistanyň Merkezi bankynyň geçen ýyldaky işi hakynda hasabaty;
    3. Türkmenistanyň Merkezi bankynyň ýyllyk maliýe hasabatlylygy.
  4. Türkmenistanyň Merkezi banky ýyllyk maliýe hasabatlylygyny Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda düzýär we berýär.
  5. Türkmenistanyň Merkezi bankynyň maliýe hasabatlylygynyň düzümi hasaba alyş syýasaty bilen kesgitlenilýär.

  6. Ýyllyk maliýe hasabatlylygy Türkmenistanyň Merkezi bankynyň resmi metbugatynda çap edilýär we onuň resmi saýtynda ýerleşdirilýär.

52-nji madda. Maglumaty ýygnamak, bermek we çap etmek

  1. Türkmenistanyň bank we pul statistikasyny, töleg balansyny düzmek, Türkmenistanda emele gelen ykdysady ýagdaýy seljermek üçin Türkmenistanyň Merkezi bankynyň muzdsuz esasda döwlet häkimiýet we dolandyryş edaralaryndan, ýerli häkimiýet edaralaryndan, ýuridik şahslardan Türkmenistanyň Merkezi banky tarapyndan bellenilýän görnüş we möhletler boýunça zerur maglumaty soramaga we almaga hukugy bardyr.
  2. Türkmenistanyň Merkezi banky Türkmenistanyň Döwlet býujetini meýilleşdirmek (çaklamak) üçin zerur bolan we onuň ýerine ýetirilişi boýunça maglumaty Türkmenistanyň Maliýe ministrligi tarapyndan bellenilýän görnüş we möhletler boýunça Türkmenistanyň Maliýe ministrligine berýär.
  3. Türkmenistanyň Merkezi banky Türkmenistanyň bank ulgamy hakynda jemlenen statistik we seljerme maglumaty çap edýär.

53-nji madda. Türkmenistanyň Merkezi bankynyň işiniň auditi we barlagy

  1. Türkmenistanyň Merkezi bankynyň ýyllyk maliýe hasabatlylygynyň daşarky auditor barlagy Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan kesgitlenilen garaşsyz auditor guramasy tarapyndan amala aşyrylýar.
  2. Türkmenistanyň Merkezi bankynyň we onuň gurluş düzüm birlikleriniň işiniň içerki auditi Türkmenistanyň Merkezi bankynyň auditor gullugy tarapyndan amala aşyrylýar, ol gös-göni Türkmenistanyň Merkezi bankynyň Başlygyna tabyndyr.
  3. Türkmenistanyň döwlet edaralary tarapyndan Türkmenistanyň Merkezi bankynyň we onuň gurluş düzüm birlikleriniň maliýe-hojalyk işini barlamak Türkmenistanyň Prezidentiniň razylygy bilen ýa-da onuň tabşyrmagy boýunça amala aşarylýar.

12-nji bap. Jemleýji düzgünler

54-nji madda. Jedelleri çözmek

Bank çygrynda ýüze çykýan jedeller Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde çözülýär.

55-nji madda. Şu Kanunyň bozulandygy üçin jogapkärçilik

Şu Kanunyň bozulmagy Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen jogapkärçilige eltýär.

56-njy madda. Şu Kanunyň güýje girmegi

  1. Şu Kanun resmi taýdan çap edilen gününden güýje girýär.
  2. 1993-nji ýylyň 8-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Mejlisi tarapyndan kabul edilen "Türkmenistanyň Merkezi banky hakynda" Türkmenistanyň Kanunyny (Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 1993 ý., № 9-10, 86-njy madda), olar bilen oňa üýtgetmeler we goşmaçalar girizilen ähli soňky kanunlary ýa-da olaryň degişli böleklerini güýjüni ýitiren diýip hasap etmeli.
  3. Türkmenistanyň şu Kanuna çapraz gelýän kadalaşdyryjy hukuk namalary ol güýje giren gününden başlap üç aýyň dowamynda şu Kanuna laýyk getirilmäge degişlidir.

Türkmenistanyň Prezidenti
Gurbanguly Berdimuhamedow

Aşgabat şäheri,
2011-nji ýylyň 25-nji marty.
№ 167-IV