Türkmenistanyň Merkezi bankynyň Müdiriýetiniň Başlygynyň 2006-njy ýylyň 27-nji noýabrynda çykaran №84
BUÝRUGY
Nagt pul dolanyşygyny kadalaşdyrmak we nagt pul serişdeleriniň dolanyşygyna gözegçiligi güýçlendirmek maksady bilen, buýurýaryn:
1. Türkmenistanda kassa amallaryny alyp barmagyň Tertibini tassyklamaly (goşulýar).
2. Türkmenistanyň Merkezi banky tarapyndan 1995-nji ýylyň 17-nji oktýabrynda tassyklanan we Türkmenistanyň Ýustisiýa ministrligi tarapyndan 1995-nji ýylyň 15-nji noýabrynda 41 san bilen bellige alnan, Türkmenistanyň halk hojalygynda kassa amallaryny alyp barmagyň Tertibini güýjüni ýitiren diýip hasap etmeli.
Türkmenistanyň Merkezi banky tarapyndan
2006-njy ýylyň 27-nji noýabrynda çykaran
№84 buýrugy bilen tassyklanyldy
Türkmenistanda kassa amallaryny alyp barmagyň Tertibi
1. UMUMY DÜZGÜNLER
1. Türkmenistanda kassa amallaryny alyp barmagyň şu Tertibi Türkmenistanyň Saparmyrat Türkmenbaşynyň Raýat bitewi Kanunyna, «Türkmenistanyň Merkezi banky hakynda», «Täjirçilik banklary we bank işi hakynda», «Kärhanalar hakynda», «Türkmenistanyň pul birligi hakynda», «Daşary ýurt puluny kadalaşdyrmak hakynda», «Buhgalterlik hasaba alnyşy hakynda» Türkmenistanyň kanunlaryna, «Türkmenistanda bir bitewi töleg ulgamyny döretmek hakynda» Türkmenistanyň Prezidentiniň 2006-njy ýylyň 23-nji martynda çykaran №7824 kararyna we Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryna laýyklykda işlenip taýyarlanyldy.
2. Şu Tertip kärhanalar, edaralar we guramalar (mundan beýläk – kärhanalar) tarapyndan, olaryň guramaçylyk we hukuk görnüşine we işiniň ugruna garamazdan, ýerine ýetirilmegi üçin hökmanydyr.
3. Türkmenistanyň çäklerinde müşderileriň kassa hyzmatlaryny ýerine ýetirýän bank edaralarynda kassa amallaryny alyp barmagyň kadalary bank amallaryny geçirmäge ygtyýarnama berýän Türkmenistanyň Merkezi banky tarapyndan aýratynlykda işlenip düzülýär hem-de tassyklanylýar.
4. Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrliginiň kärhanalary tarapyndan kassa amallarynyň alnyp barlyşy 1999-njy ýylyň 9-njy martynda Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrligi tarapyndan Türkmenistanyň Merkezi banky bilen ylalaşylyp tassyklanan Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrliginiň ekspluatasion kärhanalary tarapyndan kassa amallarynyň alnyp barlyşynyň düzgünleri bilen düzgünleşdirilýär.
Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň düzüm birlikleri we harby bölümleri tarapyndan kassa amallarynyň alnyp barlyşy 1997-nji ýylyň 30-njy oktýabrynda Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugy tarapyndan Türkmenistanyň Merkezi banky bilen ylalaşylyp tassyklanan Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň harby bölümleri tarapyndan kassa amallarynyň alnyp barlyşynyň tertibi bilen düzgünleşdirilýär.
5. Ilat bilen pul hasaplaşyklaryny hasaba almak üçin, kärhanalar we guramalar Türkmenistanyň milli döwlet hasabatlar we maglumatlar institutynyň (mundan beýläk – «Türkmenmillihasabat» instituty) tassyklan görnüşi boýunça kassa kitabynda dolulygyna, üznüksiz resminamalaýyn we özara arabaglanyşykda görkezmek arkaly, kassa amallarynyň buhgalteriýa hasabyny alyp barmaga borçlydyrlar.
6. Ilat bilen hasaplaşyklaryň geçirilmeginde kärhanalar tarapyndan nagt pullaryň kabul edilmegi, hökmany elektron gözegçilik-kassa enjamlarynyň (mundan beýläk – EGKE) ulanylmagy we gündelik hasaplaşyklar boýunça jemleýji maglumatlaryň kassiriň (buhgalteriň) kassa kitabynda görkezilmegi bilen amala aşyrylýar. EGKE amallary boýunça hasabat maglumatlary, girdejiniň kärhananyň kassasyna tabşyrylanda çykdajy kassa orderine goşulýar.
7. Kärhanalar öz borçnamalary boýunça beýleki kärhanalar bilen hasaplaşyklary bank edaralary arkaly nagt däl tertipde amala aşyrýarlar.
8. Kärhanalar tarapyndan bank edaralaryndan alnan nagt pul serişdeleri, olaryň niýetlenilip alnan maksatlaryna ulanylýar.
9. Hyzmatlary we harytlary ýerlemekden kärhanalaryň kassalaryna gelip gowuşýan nagt pul serişdeleri soňra olaryň hasaplaryna girdeji etmek üçin bank edaralaryna hökmany tabşyrylmaga degişlidir.
Bankdan çek boýunça alnan nagt pullar kärhanalaryň kassalarynda, olara hyzmat edýän bank edaralary tarapyndan kärhanalaryň ýolbaşçylary bilen ylalaşyp, bellenilýän çäk möçberleriň çäklerinde saklanyp bilner.
Kärhanalaryň kassasyndaky nagt pullaryň galyndysynyň çäk möçberi we nagt girdejiden pullary harç etmegiň ölçegleri hemişelik nagt pul girdejisi bolan her bir kärhana, olaryň özbaşdak balansda durýandygyna ýa-da durmaýandygyna garamazdan, her ýyl bellenilýär. Zerurlyga görä çäk möçberine ýylyň dowamynda hem täzeden seredilip bilner.
Býujet edaralary üçin kassa galyndysynyň çäk möçberi Türkmenistanyň Ykdysadyýet we maliýe ministrliginiň ykdysadyýet we maliýe müdirlikleri tarapyndan bellenilýär. Kassa galyndysynyň bellenilen çäk möçberleri hyzmat ediji banklaryň dykgatyna ýetirilýär.
Öz işini hojalyk hasaplaşygy (özüňi maliýeleşdiriş) esasynda amala aşyrýan býujet edaralary üçin kassa galyndysynyň çäk möçberini kesgitlemek barada, kärhanalar üçin bellenilen tertip ulanylýar.
Nagt pullar bank edaralarynyň kassalaryna goragyň ugratmagynda kärhananyň kassiriniň özi ýa-da inkassatorlar tarapyndan tabşyrylyp bilner. Nagt pul girdejisi soňra banka tabşyrmak üçin kärhananyň kassiri tarapyndan kärhanalaryň ýanyndaky birleşdirilen kassalara, şeýle hem bankdaky hasaba geçirmek üçin aragatnaşyk kärhanalaryna tabşyrylyp bilner.
10. Geljekki çykdajylar, şol sanda zähmet hakyny tölemek üçin öz kassalarynda bellenilen çäk möçberlerden köp nagt pullary toplamaga kärhanalaryň haky ýokdyr.
Kärhanalaryň öz kassalarynda diňe zähmet hakyny, durmuş ätiýaçlandyrmasy boýunça kömek puluny, pensiýalary we talyp haklaryny tölemek üçin bankdan alan pullaryny 3 iş gününden köp bolmadyk (daýhan birleşikleri, şeýle hem barmasy kyn bolan sebitlerde ýerleşen kärhanalar üçin 5 güne çenli) möhletde, bellenen çäk möçberinden artyk saklamaga hukugy bardyr.
11. Kärhanalar hojalyk-amaly çykdajylary üçin nagt pullary, özüne kassa hyzmatyny amala aşyrýan bank edarasy bilen ylalaşylyp, kärhananyň ýolbaşçylary tarapyndan kesgitlenilýän möçberlerde we möhletlere hasabat boýunça berýärler.
Gulluk saparlary bilen baglanyşykly çykdajylar üçin nagt pullaryň hasabat boýunça berilmegi sapara iberilýän adamlara Türkmenistanyň hereket edýän kanunçylygyna laýyklykda şu maksatlar üçin berilmäge degişli möçberleriň çäklerinde amala aşyrylýar.
Nagt pullary hasabat boýunça alan adamlar sapardan gelenlerinden soň bir hepde möhletde harç eden möçberleri hakynda hasabatyny kärhananyň buhgalteriýasyna tabşyrmaga we olar boýunça gutarnykly hasaplaşyk geçmäge borçlydyrlar.
Nagt pullaryň hasabat boýunça berilmegi, anyk jogapkär adamyň özüne öňki berlen hakujylar boýunça şu Tertibiň 1-nji goşundysyndaky görnüş boýunça doly hasabat bermek şerti bilen amala aşyrylýar.
Bir adamyň hasabat boýunça alan nagt pullaryny başga adama geçirmegi gadagan edilýär.
Işgärler sanawynda durýan taýýarlaýjylara tabşyrylan oba hojalyk önümleri üçin ilat bilen hasaplaşyga nagt pullaryň berilmegi Türkmenistanyň Merkezi banky tarapyndan bellenilýän kadalara we talaplara laýyklykda amala aşyrylýar.
12. Kärhana kassa amallarynyň hasabyny Türkmenistanyň Ykdysadyýet we maliýe ministrligi bilen ylalaşylan we «Türkmenmillihasabat» instituty tarapyndan tassyklanylan hasaba alyş resminamalarynyň bir meňzeş görnüşleri boýunça alyp barýar.
2. NAGT PULLARYŇ KABUL EDILMEGI, BERILMEGI WE KASSA RESMINAMALARYNYŇ RESMILEŞDIRILIŞI
13. Pul biletleri we şaýylar kabul edilende kärhananyň kassirleri pul biletleriniň we şaýylaryň tölege ukyplylygyny kesgitlemek üçin Türkmenistanyň Merkezi banky tarapyndan bellenilýän talaplary gollanmaga borçlydyrlar.
Kärhananyň kassasyna nagt pullaryň kabul edilmegi, baş buhgalter (ýa-da kärhananyň ýolbaşçysynyň ygtyýarlandyran adamy) we kassir tarapyndan gol çekilýän «Türkmenmillihasabat» instituty tarapyndan 2000-nji ýylyň 19-njy dekabrynda №125 buýrugy bilen tassyklanylan №KO-1 umumy kabul edilen pudagara görnüş boýunça girdeji kassa orderi esasynda kassir tarapyndan amala aşyrylýar.
Girdeji kassa orderine kärhananyň baş buhgalteriniň (ýa-da kärhananyň ýolbaşçysynyň ygtyýarlandyran adamynyň) we kassiriň gollary goýulan we kassiriň möhüri (möhürçesi) bilen berkidilen, pullaryň kabul edilendigi hakynda töleghaty berilýär.
14. Kärhananyň kassasyndan nagt pullaryň berilmegi «Türkmenmillihasabat» institutynyň 2000-nji ýylyň 19-njy dekabrynda №125 buýrugy bilen tassyklan №KO-2 görnüş boýunça çykdajy kassa orderi esasynda amala aşyrylýar.
Pullary bermek üçin resminamalar kärhananyň ýolbaşçysy we baş buhgalteri tarapyndan gol çekilen bolmalydyr. Nagt pullary bermek üçin resminamalarda kassadan pullary alan adamyň we kassiriň gollary bolmalydyr. Töleg sanawynyň ýerine ýetirilişine hasaplaşyk kassa amallary boýunça buhgalter tarapyndan gözegçilik edilýär we onuň goly bilen berkidilýär. Zähmet hakyny bermek üçin töleg sanawy «Türkmenmillihasabat» instituty tarapyndan 2000-nji ýylyň 19-njy dekabrynda №125 buýrugy bilen tassyklanylan 1/2-2A (Z-49 görnüş) görnüş boýunça alnyp barylýar.
Býujet edaralaryna hyzmat edýän merkezleşdirilen buhgalteriýalarda tölenen zähmet hakynyň umumy möçberine bir çykdajy kassa orderi düzülýär, onuň senesi we belgisi her bir töleg (hasaplaşyk-töleg) sanawynda görkezilýär.
15. Çykdajy kassa orderi ýa-da onuň ýerini tutýan resminama boýunça aýratyn adama pullar berlende, kassir (ygtyýarlandyrylan adam) alyjynyň şahsyýetini tassyklaýan resminamanyň (pasportyň ýa-da başga resminamanyň) görkezilmegini talap edýär, şol resminamanyň adyny we belgisini, onuň kim tarapyndan we haçan berlendigini ýazýar hem-de alyjydan onuň pullary alandygy barada ýazgysy alýar.
Pullar kärhana tarapyndan berlen, eýesiniň suraty ýelmenen we şahsy goly goýulan hakyky şahadatnama boýunça hem berilip bilner.
Pullaryň alnandygy hakyndaky ýazgy alnan puluň möçberi: manady – hat bilen, teňňeleri – sanlarda, diňe öz eli bilen syýa ýa-da şarikli ruçka bilen ýazylyp bilner. Pullar sanaw boýunça alnanda möçberi hat bilen görkezilmeýär.
16. Kärhananyň işgärleriniň sanawynda durmaýan adamlara pullaryň berilmegi her bir adama ýazylýan çykdajy kassa orderi boýunça ýa-da baglanyşylan şertnamalar esasynda aýratyn sanaw boýunça amala aşyrylýar.
Görkezilen adamlar bilen hasaplaşyklar zähmet borçlary ýerine ýetirmek bilen bagly bolmadyk işler üçin raýat-hukuk häsiýetli ylalaşyklar baglanyşylan ýagdaýynda, olaryň bank edaralarynda açylýan şahsy hasaplary arkaly geçirilýär.
Oba hojalyk we ýükleýiş-düşüriş işlerine, şeýle hem tebigy betbagtçylyklaryň netijelerini aradan aýyrmaklyga çekilýän adamlara pul berilmegi sanaw boýunça amala aşyrylýar. Sanawlar, işgärleri görkezilen işlere gönükdirilen guramalaryň her biri boýunça aýratynlykda düzülýär hem-de işleri guraýjy kärhananyň ýolbaşçysynyň we baş buhgalteriniň gollaryndan başga-da, degişli guramanyň ygtyýarlandyrylan adamsynyň goly bilen ylalaşylýar.
Ýarawsyzlygy ýa-da başga sebäpler boýunça puly hut özi almaga mümkinçiligi bolmadyk adamlara tölenmäge degişli möçberi Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde resmileşdirilen ynanç hatyna laýyklykda başga adama berlip biler.
Kärhananyň kassiri pullary diňe çykdajy kassa orderinde ýa-da onuň ýerini tutýan resminamada görkezilen adama berýär. Eger pullar Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde resmileşdirilen ynanç haty boýunça berilýän bolsa, orderiň ýazgysynda puly alyjynyň adynyň, atasynyň adynyň we familiýasynyň soňundan puly almak ynanylan adamyň ady, atasynyň ady we familiýasy buhgalteriýa tarapyndan görkezilýär. Eger pullar sanaw boýunça berilýän bolsa, kassir puluň alnandygy hakynda ýazgynyň öňünde «Ynanç haty boýunça» diýip ýazýar. Ynanç haty boýunça pul berilmegi şu Tertibiň 14-nji bölüminde göz öňünde tutulan talaplara laýyklykda amala aşyrylýar. Ynanç haty çykdajy kassa orderine ýa-da sanawa goşundy hökmünde günüň resminamalarynda goýulýar.
Şol kärhananyň buhgalteriýasynyň ýa-da kassasynyň işgärlerine başga adam üçin gol çekmeklik düýbünden gadagan edilýär. Çykdajy kassa orderinde puly hakyky alyjynyň we oňa puly almaklygy ynanan adamlaryň şahsyýetlerini tassyklaýan resminamanyň ady, belgisi, berlen senesi we ýeri görkezilýär.
Komitente nagt pullaryň berlişi Türkmenistanyň söwda we resurslar ministriniň 1998-nji ýylyň 1-nji iýulynda №158 buýrugy bilen tassyklanan we Türkmenistanyň Ýustisiýa ministrligi tarapyndan 31.07.1998 ý. 176 san bilen bellige alnan Türkmenistanyň çäklerinde azyk däl harytlar bilen komission söwdanyň kadalaryna we Türkmenistanyň söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministriniň 1999-njy ýylyň 27-nji iýulynda №164 buýrugy bilen belgi tassyklanan we Türkmenistanyň Ýustisiýa ministrligi tarapyndan 23.09.1999 ý. 221 san bilen bellige alnan Türkmenistanyň çäklerinde azyk harytlary bilen komission söwdanyň kadalaryna laýyklykda hyzmat ediş şertnamasynyň esasynda amala aşyrylýar.
Eýeçiligi döwlete dahylly we dahylsyz edara görnüşli taraplaryň komissiýa tabşyran ulag serişdeleriniň we ätiýaçlyk şaýlarynyň bahasyny tölemeklik, Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministriniň 1999-njy ýylyň 6-njy iýulynda №151 buýrugy bilen tassyklanylan we Türkmenistanyň Ýustisiýa ministrligi tarapyndan 22.10.1999 ý. 223 san bilen bellige alnan Türkmenistanyň çäklerinde ulag serişdeleri bilen komission söwdasynyň kadalaryna laýyklykda amala aşyrylýar.
Zähmet hakyny, wagtlaýyn işe ýarawsyzlyk boýunça kömek pullaryny, talyp haklaryny we baýraklary tölemeklik her bir alyja çykdajy kassa orderini düzmezden, töleg (hasaplaşyk-töleg) sanawlary boýunça kassir tarapyndan amala aşyrylýar. Töleg (hasaplaşyk-töleg) sanawlarynyň başlangyç (ýüzündäki) sahypasynda kärhananyň ýolbaşçysynyň we baş buhgalteriniň gollary bilen berkidilen pullary tölemek hakynda rugsat ýazgysy ýazylýar.
Birnäçe adamlaryň zähmet hakyna (zähmet rugsadyna gidilende) pullaryň bir gezekleýin berilmegi, şeýle hem deponirlenen möçberleriň we gulluk saparlary bilen bagly bolan çykdajylar üçin pullaryň hasabat boýunça berilmegi şonuň ýaly tertipde resmileşdirilýär.
Dürli adamlaryň zähmet hakyna pullaryň bir gezekleýin berilmegi çykdajy kassa orderleri boýunça amala aşyrylýar.
17. Zähmet hakyny, wagtlaýyn zähmete ukypsyzlyk boýunça kömek pullaryny, talyp haklaryny we baýraklary tölemek üçin şu Tertibiň 10-njy bendinde bellenilen möhletleriň geçmegi bilen, kassir şulara borçlydyr:
a) töleg (hasaplaşyk-töleg) sanawynda görkezilen tölegler kime tölenilmedik bolsa, şonuň familiýasynyň garşysynda möhürçesini goýmaly ýa-da el bilen «Deponirlenen» diýip bellik etmeli;
b) töleg (hasaplaşyk-töleg) sanawynyň soňunda hakyky tölenilen we deponirlenmäge degişli möçberler barada ýazgy etmeli, olary töleg sanawynyň umumy jemi bilen deňeşdirmeli we ýazgyny öz goly bilen berkitmeli. Kärhananyň buhgalteriýasy deponirlenmäge degişli möçberleriň esasynda deponirlenýän möçberleriň sanawyny düzýär. Eger pullar kassirden başga adam tarapyndan berilýän bolsa, onda sanawda «Sanaw boýunça pullary berdim (goly)» diýen goşmaça ýazgy edilýär. Kassiriň we paýlaýjynyň bir sanaw boýunça pullary bermegi gadagan edilýär;
ç) kassa kitabynda hakyky tölenilen möçberleri ýazmaly we sanawda «№__ çykdajy kassa orderi» diýen möhürçäni goýmaly. Buhgalteriýa kassirleriň töleg (hasaplaşyk-töleg) sanawynda eden bellikleri hem-de olar boýunça berlen we deponirlenen möçberleriň hasaplanylyşy barlaýar. Deponirlenen möçberler banka tabşyrylýar we tabşyrylan möçberlere bir umumy çykdajy kassa orderi düzülýär.
18. Girdeji kassa orderleri we olaryň töleg hatlary, şeýle hem çykdajy kassa orderleri we olary çalyşýan resminamalar buhgalteriýa tarapyndan syýada, şarikli ruçkada dürs we anyk doldurylan ýa-da maşynda (kompýuter tehnikasynda, hasaplaýyş, hat ýazýan) çykarylan bolmalydyr.
Kassa resminamalaryna düzediş girizmäge, bozmaga we garalamaga ýol berilmeýär.
Girdeji we çykdajy kassa orderlerinde olaryň düzülmegi üçin esaslar görkezilýär we olara goşulýan resminamalar sanalyp geçilýär.
Girdeji we çykdajy kassa orderleriniň ýa-da olaryň ýerini tutýan resminamalaryň pul tabşyrýan ýa-da alýan adamlaryň eline berilmegi gadagan edilýär. Kassa orderleri boýunça puluň berilmegi we kabul edilmegi, diňe olaryň düzülen güni amala aşyrylyp bilner.
19. Kärhananyň kassiri girdeji we çykdajy kassa orderlerini ýa-da olaryň ýerini tutýan resminamalary alanda, şulary barlamaga borçludyr:
a) resminamalarda baş buhgalteriň golunyň, çykdajy kassa orderlerinde bolsa kärhananyň ýolbaşçysynyň rugsat beriji ýazgysynyň (golunyň) barlygyny we hakykylygyny;
b) resminamalaryň resmileşdirilişiniň dogrulygyny;
ç) resminamalarda sanalyp geçilýän goşundylaryň barlygyny.
Şu talaplaryň iň bolmanda biriniň berjaý edilmedik ýagdaýynda, kassir resminamalary talap edilişi ýaly resmileşdirmek üçin buhgalteriýa gaýtarýar. Girdeji we çykdajy kassa orderlerinde ýa-da olaryň ýerini tutýan resminamalarda olar boýunça pul berlenden ýa-da alnandan soň haýal edilmän kassir tarapyndan gol çekilýär, olara goşulýan resminamalar bolsa senesini (gün, aý, ýyl) görkezmek bilen, «Tölenen» diýen ýazgy ýa-da möhürçe goýlyp ýapylýar.
20. Girdeji we çykdajy kassa orderleri ýa-da olaryň ýerini tutýan resminamalar kassa berilmezden öň, «Türkmenmillihasabat» instituty tarapyndan 2000-nji ýylyň 19-njy dekabrynda 125 buýrugy bilen tassyklanylan KO-3 görnüş boýunça girdeji we çykdajy kassa resminamalarynyň hasaba alyş ћurnalynda buhgalteriýa tarapyndan hasaba alynýar. Zähmet hakynyň we oňa deňleşdirilen tölegleriň töleg (hasaplaşyk-töleg) sanawy üçin resmileşdirilen çykdajy kassa orderleri, olar tölenenden soňra hasaba alynýar. EGKE-niň hasaplaýjysynyň jemleýji görkezijileri üçin resmileşdirilen girdeji kassa orderleri hem buhgalteriýa tarapyndan hasaba alynýar. Girdeji we çykdajy kassa resminamalarynyň hasaba alynmagy hasaplaýyş tehnikasynyň serişdelerini ulanmak arkaly amala aşyrylyp bilner. Şunda, degişli gün üçin düzülýän «Girdeji we çykdajy kassa orderlerini hasaba alyş ћurnalyna goýulýan list» maşyn ýazgysynda, pul serişdeleriniň maksatlaýyn niýetlenilişi boýunça hereketini hasaba almak üçin maglumatlaryň jemlenmegi hem üpjün edilýär.
3. KASSA KITABYNYŇ ALNYP BARLYŞY WE PULLARYŇ SAKLANYLYŞY
21. Ähli gelip gowuşýan we berilýän nagt pullar kassa kitabynda hasaba alynýar.
22. Her bir kärhana Türkmenistanyň çäklerinde aýlanyşygy bolan pullar üçin «Türkmenmillihasabat» institutynyň 2000-nji ýylyň 19-njy dekabrynda №125 buýruk bilen tassyklan KO-4 görnüş boýunça diňe bir kassa kitabyny ýöretmäge borçlydyr. Kassa kitaby ýüp bilen daňylan, belgilenen we kärhananyň sürgüç ýa-da syýaly möhüri bilen möhürlenen bolmalydyr. Kassa kitabyndaky sahypalaryň sany kärhananyň ýolbaşçysynyň we baş buhgalteriniň gollary bilen tassyklanylýar. Söwdadan we hyzmat etmekden alnan ýa-da Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde çalşylan daşary ýurt pulunyň hasaby aýratyn kassa kitabynda daşary ýurt döwletiň pul birliginde alnyp barylýar.
Kassa kitabyndaky ýazgylar nusga geçiriji kagyzy ulanmak arkaly 2 (iki) nusgada syýa ýa-da şarikli ruçka bilen ýazylýar. Sahypalaryň ikinji nusgalary kesilip alynýan bolmalydyr we ilkibaşky kassa resminamalary bilen birlikde çatylyp, kassiriň hasabaty bolup durýar. Sahypalaryň birinji nusgalary kassa kitabynda galdyrylýar. Sahypalaryň birinji we ikinji nusgalary birmeňzeş belgiler bilen belgilenýär.
Kassa kitabynda bellenilmedik düzedişleri we bozmalary girizmek gadagan edilýär. Girizilen düzedişler kassiriň ýa-da ony çalyşýan adamyň, şeýle hem baş buhgalteriň gollary bilen berkidilýär.
23. Kassa kitabyna ýazgylar pullaryň alynmagyndan ýa-da berilmeginden soň kassir tarapyndan her order ýa-da onuň ýerini tutýan resminama esasynda girizilýär. Her gün, iş gününiň soňunda kassir gün boýunça amallaryň jemini hasaplaýar, kassada indiki güne galýan pullaryň galyndysyny çykarýar. Kesilip alynýan ikinji sahypa (kassa kitabynda gün boýunça ýazgylaryň nusgasy) girdeji we çykdajy kassa orderleri bilen birlikde kassiriň hasabaty hökmünde, kassa kitabynda gol çekdirilip buhgalteriýa tabşyrylýar. Kassa kitabynyň bir sahypasynda birnäçe günüň dowamynda berlen we kabul edilen pullaryň ýazylmagyna ýol berilmeýär.
24. Maglumatlaryň goraglylygy we kassa resminamalaryna barmak ygtyýarlygynyň çäklendirilmegi üpjün edilen ýagdaýynda kassiriň ýazmaça razylygy bilen, kärhanalarda kassa kitaby awtomatlaşdyrylan usulda alnyp barlyp bilner, şunda onuň sahypalary «Kassa kitabyna goýulýan sahypa» maşyn ýazgysy görnüşinde düzülýär. Onuň bilen bir wagtda-da «Kassiriň hasabaty» maşyn ýazgysy düzülýär. Ady agzalan iki maşyn ýazgysy hem indiki iş gününiň başlanmagyna çenli düzülmelidir, birmeňzeş mazmunda bolmalydyr we kassa kitabynyň görnüşinde göz öňünde tutulan ähli maglumatlary özünde jemlemelidir. Şol maşyn ýazgylaryndaky kassa kitabynyň sahypalarynyň belgilenmegi awtomatiki usulda ýylyň başyndan başlap ösýän tertipde amala aşyrylýar.
«Kassa kitabyna goýulýan sahypa» maşyn ýazgysynda her aýda iň soňundan kassa kitabynyň sahypalarynyň her aý boýunça umumy sany awtomatiki usulda çap edilmelidir, olar depderlere çatylýar we aýratyn saklanýar. Bu depderler, kagyzdaky kassa kitabyny alyp barmak üçin göz öňünde tutulan ähli talaplary berjaý edilip, ýylyň tamamlanmagy bilen kassa kitabyna birleşdirilýär.
«Kassa kitabyna goýulýan sahypa» we «Kassiriň hasabaty» maşyn ýazgylaryny alandan soň, kassir görkezilen resminamalaryň dogry düzülendigini barlamaga, olara gol çekmäge we kassa kitabynda goýulýan sahypa gol çekdirip, kassiriň hasabatyny girdeji we çykdajy resminamalary bilen birlikde buhgalteriýa tabşyrmaga borçlydyr.
Kassa kitabynyň dogry alnyp barlyşyna gözegçilik etmek kärhananyň baş buhgalterine berkidilýär.
25. Çykdajy kassa orderinde ýa-da onuň ýerini tutýan resminamada alyjynyň goly bilen tassyklanmazdan kassadan puluň berilmegi kassadaky nagt puluň galyndysyna delil hökmünde kabul edilmeýär. Bu möçber ýetmezçilik diýip hasap edilýär we kassirden tutulyp alynýar. Girdeji kassa orderleri bilen tassyklanmadyk nagt pullar kassanyň artykmaçlygy diýip hasap edilýär.
26. Iş güni başlanmazdan öň uly kassir beýleki kassirlere çykdajy amallaryny geçirmek üçin zerur bolan nagt pullary kassirleriň alan we beren pullaryny hasaba alyş kitabynda gol çekişip hakujy berýär.
Iş gününiň soňunda kassirler alan hakujylary we girdeji kassa orderleri boýunça kabul edilen pullar barada uly kassire hasabat bermäge, kassirlere berlen we alnan pullaryň hasaba alyş kitabynda gol çekişip, nagt pullaryň galyndysyny we geçirilen amallar boýunça kassa resminamalaryny uly kassire tabşyrmaga borçlydyrlar.
Zähmet hakyny we talyp hakyny tölemek üçin alnan hakujylar boýunça kassir olaryň tölenilmegi üçin töleg sanawynda görkezilen möhletde hasabat bermäge borçlydyr. Şol möhlet geçýänçä, kassirler töleg sanawlary boýunça tölenmän galan nagt pullaryň galyndysyny her gün kassa tabşyrmaga borçlydyrlar. Bu pullar kassirler tarapyndan möhürlenen sumkalarda, bukjalarda we gaýry gaplarda, tabşyrylýan möçberini görkezmek bilen, gol çekdirip uly kassire tabşyrylýar. Günüň dowamynda kabul edilen we berlen pul serişdeleri kassir tarapyndan «Türkmenmillihasabat» institutynyň 2000-nji ýylyň 19-njy dekabrynda №125 buýrugy bilen tassyklan KO-5 görnüş boýunça «Kassiriň kabul eden we beren pul serişdelerini hasaba alyş kitabynda» görkezilýär.
27. Nagt pullar bilen hasaplaşyklary amala aşyrmak üçin her bir kärhanada kassanyň – nagt pullary kabul etmek, bermek we wagtlaýyn saklamak üçin niýetlenilen, daşy berkidilen we ýörite enjamlaşdyrylan (duýduryş enjamy ýa-da gorag, gapylarda we penjirelerde demir gözenekler, nagt pullary bermek üçin ýörite penjire) jaýyň bolmagy hökmandyr. Kärhanalaryň ýolbaşçylary kassalaryny enjamlaşdyrmaga we pullaryň kassa jaýlarynda, şeýle hem olaryň bankdan getirilen we banka tabşyrylan wagtynda goraglylygyny üpjün etmäge borçlydyrlar. Pul serişdeleriniň saklanylmagynda we daşalmagynda olaryň goraglylygyny üpjün edýän zerur şertler öz günäleri bilen döredilmedik ýagdaýynda ýolbaşçylar Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenen tertipde jogapkärçilik çekýärler. Kärhanalaryň kassalary şeýle hem, Türkmenistanyň Döwlet ätiýaçlandyryş guramasy tarapyndan Türkmenistanyň hereket edýän kanunçylygyna laýyklykda ätiýaçlandyrylyp bilner.
Kassa amallary geçirilýän wagty kassanyň gapylary iç tarapyndan ýapylan bolmalydyr. Kassanyň jaýyna onuň işine baglanyşygy bolmadyk adamlaryň girmegi gadagan edilýär.
28. Kärhananyň ähli nagt pullary ýanmaýan metal şkaflarda, aýratyn ýagdaýlarda bolsa, kombinirlenen we adaty metal şkaflarda saklanmalydyr, olar kassanyň işi tamamlanandan soň açar bilen ýapylýar we kassiriň sürgüç möhüri bilen möhürlenýär. Metal şkaflaryň açarlary we möhürler kassirlerde saklanylýar, olary kärhananyň beýleki açarlaryny saklamak üçin niýetlenilen ýerlerde goýmak, keseki adamlara bermek ýa-da olaryň hasaba alynmadyk nusgasyny ýasatmak kassirlere gadagan edilýär.
Açarlaryň hasaba alnan nusgalary kassirleriň möhürlän bukjalarynda (haltajykda we ş.m.) kärhananyň ýolbaşçysynda saklanýar. Olar kärhananyň ýolbaşçysy tarapyndan bellenilýän iş topary tarapyndan çärýekde azyndan bir gezek barlanylýar we netijesi delilnama bilen berkidilýär. Açaryň ýitirilendigi mälim bolsa, kärhananyň ýolbaşçysy ýüze çykan ýagdaý barada Türkmenistanyň içeri işler edaralaryna habar berýär we haýal etmän metal şkafyň gulpuny çalyşmak üçin çäre görýär. Daşary ýurt pullary milli manatdaky serişdelerden aýratynlykda saklanmalydyr.
Kassada kärhana degişli bolmadyk nagt pullaryň we gaýry gymmatlyklaryň saklanylmagy gadagandyr.
29. Kassa jaýyny we metal şkaflary açmazyndan öň, kassir gulplaryň, gapylaryň, penjire germewleriniň, möhürleriň we plombalaryň abatlygyny gözden geçirmäge, gorag duýduryş enjamynyň işleýändigini anyklamaga borçlydyr. Möhürler aýrylan ýa-da şikes ýeten, gulplaryň, gapylaryň ýa-da germewleriň döwülen ýagdaýynda, kassir bu barada haýal etmän kärhananyň ýolbaşçysyna habar bermäge borçlydyr, ol öz gezeginde bolup geçen hadysa barada kärhananyň ýerleşýän ýeri boýunça Türkmenistanyň içeri işler edaralaryna habar berýär we olaryň işgärleriniň gelmegine çenli kassany goramak boýunça çäreleri görýär. Bu ýagdaýda, ýolbaşçy, baş buhgalter ýa-da olary çalyşýan adamlar, şeýle hem kärhananyň kassiri Türkmenistanyň içeri işler edaralarynyň rugsady alnandan soň, kassada saklanylýan pul serişdeleriniň we beýleki gymmatlyklaryň ýerinde barlygyny barlaýarlar. Bu barlag kassa amallary başlanmazdan öň geçirilmelidir. Barlagyň netijeleri hakynda azyndan iki nusgada delilnama düzülýär, oňa barlaga gatnaşan adamlaryň ählisi gol çekýärler. Delilnamanyň bir nusgasy Türkmenistanyň içeri işler edaralaryna berilýär, ikinjisi bolsa kärhanada goýulýar, zerur bolanda nusgalaryň sany dörde çenli goşmaça köpeldilýär, biri – Türkmenistanyň Döwlet ätiýaçlandyryş guramasyna (kassa ätiýaçlandyrylan ýagdaýynda), ýene biri – ýokary duran gurama (onuň bar bolan ýagdaýynda) iberilýär.
30. Kassir öz kabul eden ähli pul serişdeleriniň goraglylygy üçin hem-de bilkastlaýyn hereketi, şonuň ýaly-da öz borçlaryna sowuk-sala ýa-da seresapsyz garamagy netijesinde kärhana ýeten zyýan üçin Türkmenistanyň hereket edýän kanunçylygyna laýyklykda jogapkärçilik çekýär.
31. Kassiriň wezipä bellenilýändigi barada buýruk (çözgüt, karar) çykarylandan soň, kärhananyň ýolbaşçysy ony gol çekdirip şu Tertip bilen tanyşdyrmaga borçlydyr, soňra kassir bilen doly maddy jogapkärçilik hakynda şertnama baglaşylýar. Şunda, şertnama şu aşakdaky şertler hökman girizilmelidir:
- kärhananyň doly ady;
- hususy salgyt belgisi;
- kärhananyň ýolbaşçysynyň familiýasy, ady, atasynyň ady;
- kassa işgäriniň doly maglumatlary (pasport maglumatlary, ýaşaýan ýeri);
- taraplaryň (kärhananyň we kassiriň) borçlary;
- kassiriň jogapkärçiligi;
- şertnamanyň güýje girýän senesi.
Taraplaryň razyçylygy bilen şertnama goşmaça şertler hem girizilip biler.
32. Kassire, onuň özüne ynanylan işi ýerine ýetirmegi başga birine ynanmagy gadagandyr.
33. Bir kassiri bolan kärhanalarda ony wagtlaýyn çalyşmak zerur bolan ýagdaýynda kassiriň wezipelerini ýerine ýetirmeklik kärhananyň ýolbaşçysynyň ýazmaça buýrugy (çözgüdi, karary) esasynda başga bir işgäre berkidilýär. Şol işgär bilen doly maddy jogapkärçilik hakynda şertnama baglaşylýar. Kassir işini duýdansyz goýup giden (ýarawsyzlygy we ş.m. sebäpli) ýagdaýynda, kärhananyň ýolbaşçysy tarapyndan iş topary döredilýär. Kassiriň jogapkärçiligindäki pul serişdeleri olary kabul edip alýan kassir tarapyndan kärhananyň ýolbaşçysynyň we baş buhgalteriniň ýa-da kärhananyň ýolbaşçysynyň bellän adamlaryndan düzülen toparyň gatnaşmagynda haýal edilmän gaýtadan sanalýar. Gaýtadan sanamagyň netijeleri we gymmatlyklaryň geçirilmegi hakynda görkezilen adamlaryň gollary bilen berkidilýän delilnama düzülýär. Delilnama üç nusgada düzülýär, olaryň biri – kesellän kassire, ikinjisi – pul serişdeleri tabşyrlan kassire we üçünjisi – kärhananyň ýolbaşçysyna berilýär.
34. Köp sanly düzüm birlikleri bolan ýa-da merkezleşdirilen buhgalteriýada hyzmat edilýän kärhanalarda, zähmet hakyny, durmuş ätiýaçlandyrmasy boýunça kömek puluny, talyp hakyny tölemeklik kärhananyň ýolbaşçysynyň ýazmaça buýrugy (çözgüdi, karary) boýunça kassirden başga adamlar tarapyndan amala aşyrylyp bilner, olar bilen doly maddy jogapkärçilik hakynda şertnama baglaşylýar we olara şu Tertip bilen kassirler üçin bellenilen ähli hukuklar we borçlar degişlidir. Şeýle adamlar tarapyndan nagt pul serişdeleriniň berilmegi we kabul edilmegi kassa jaýlarynda amala aşyrylýar.
Işgärleriň sanawynda kassir wezipesi göz öňünde tutulan ýerlerinde, kärhananyň ýolbaşçysy, buhgalterleri we kassa resminamalarynda gol çekmek hukugy bolan beýleki adamlar kassiriň wezipesini ýerine ýetirip bilmeýärler. Işgärler sanawynda kassir wezipesi bolmadyk kärhanalarda kärhananyň ýolbaşçysynyň ýazmaça görkezmesi bilen kassiriň wezipesi başga işgär tarapyndan ýerine ýetirilip bilner.
4. KASSANYŇ BARLANYLYŞY WE KASSA DÜZGÜN-NYZAMYNA GÖZEGÇILIK EDILIŞI
35. Kärhananyň ýolbaşçysynyň bellän möhletlerinde, ýöne aýda azyndan bir gezek, şeýle hem kassirler çalşylan ýagdaýynda, kassada bar bolan ähli pullary dolulygyna ýeke-ýekeden sanamak bilen, kassanyň duýdansyz barlagy geçirilýär. Kassadaky nagt puluň galyndysy kassa kitaby boýunça hasabyň maglumatlary bilen deňeşdirilýär. Kassanyň barlagyny geçirmek üçin kärhananyň ýolbaşçysynyň buýrugy bilen iş topary bellenilýär, ol şu Tertibiň 2-nji goşundysynda bellenilen görnüş boýunça delilnama düzýär. Barlagyň dowamynda kassadaky gymmatlyklaryň ýetmezçiligi ýa-da artykmaçlygy ýüze çyksa, olaryň möçberleri hem-de ýüze çykmagynyň sebäpleri delilnamada görkezilýär.
36. Ýokary duran guramalar (olaryň bar bolan ýagdaýynda) tabynlygyndaky kärhanalarda resminamalaýyn barlaglar wagtynda kassany derňeýärler we kassa düzgün-nyzamynyň berjaý edilişini barlaýarlar. Şunda, nagt pullaryň goraglylygynyň üpjün edilişiniň we maksatlaýyn ulanylyşynyň, pul girdejileriniň bank edaralarynyň kassalaryna öz wagtynda we doly tabşyrylyşynyň meselelerine aýratyn üns berilmelidir.
37. Şu Tertibiň berjaý edilişi üçin jogapkärçilik kärhanalaryň ýolbaşçylaryna, baş buhgalterlerine, kassirlerine ýüklenilýär.
38. Kassa düzgün-nyzamynyň bozulmagyna günäkär adamlar Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda jogapkärçilik çekýärler.
39. Türkmenistanyň Merkezi banky öz edaralarynyň ulgamy, şeýle hem täjirçilik banklary arkaly kärhanalar tarapyndan kassa amallaryny alyp barmagyň şu Tertibiniň berjaý edilişini ýylda azyndan 1-2 gezek barlaýar. Şu Tertibiň býujet guramalarynda berjaý edilişiniň barlagy degişli maliýe edaralary tarapyndan amala aşyrylýar. Kärhanalaryň şu Tertibi berjaý edişiniň Türkmenistanyň Baş döwlet salgyt gullugynyň edaralary tarapyndan barlanylmagy onuň öz ygtyýarlyklarynyň çäklerinde amala aşyrylýar.
40. Kassa düzgün-nyzamynyň barlaglary wagtynda ýüze çykarylan ýetmezçilikler, şeýle hem kassa düzgün-nyzamynyň bozulmagyna ýardam berýän şertler we sebäpler hökmany tertipde kärhanalar tarapyndan düzedilmäge degişlidir.
41. Banklar her aý, hasabat aýynyň soňundan gelýän aýyň 15-inden gijä goýman, kärhanalar tarapyndan şu Tertibiň berjaý edilişine geçirilen barlaglar hakynda 3-nji goşundydaky görnüş boýunça hasabaty Türkmenistanyň Merkezi bankyna tabşyrýarlar.
42. Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň edaralary kassalaryň we kassa nokatlarynyň tehniki ýagdaýyny, pullaryň we gymmatlyklaryň goraglylygynyň üpjün edilişini öz ygtyýarlyklarynyň çäklerinde barlaýarlar.
Türkmenistanyň Adalat ministrligi tarapyndan
2006-njy ýylyň 8-nji dekabrynda bellige alyndy.
Bellige alyş sany 423.