Merkezi Bankyň
walýuta kursy

Beýleki walýutalaryň kursy

Gymmat bahaly metallaryň
1 (bir) unsiýasynyň türkmen manadyna bolan gatnaşyklary

  ALTYN
  KÜMÜŞ
  PLATINA
  PALLADIÝ

Türkmenistanyň raýatlaryna Aşgabat şäherinde täze gurlan jaýlardan öýleri satyn almaga gozgalmaýan emläk üçin karz bermegiň tertibi

Türkmenistanyň Merkezi banky tarapyndan
2008-nji ýylyň 12-nji maýynda tassyklanyldy

(Türkmenistanyň Merkezi banky tarapyndan 2008-nji ýylyň 24-nji iýulyndaky buýrugy esasynda girizilen üýtgetmeler bilen Türkmenistanyň Adalat ministrligi tarapyndan 2008-nji ýylyň 4-nji awgustynda 461 san bilen bellige alnan)


I. Umumy düzgünler

1. Türkmenistanyň raýatlaryna Aşgabat şäherinde täze gurlan jaýlardan öýleri satyn almaga gozgalmaýan emläk üçin karz bermegiň Tertibi Türkmenistanyň Prezidentiniň «Aşgabat şäherinde hem-de welaýat merkezlerinde gurlan has oňaýly we otaglarynyň ýerleşişi gowulandyrylan özboluşly belent ýaşaýyş jaýlaryndaky öýleri ýerlemek hakynda» 2002-nji ýylyň 29-nji iýulynda çykaran № 5801 we «Türkmenistanyň raýatlaryna gozgalmaýan emlägi satyn almagy üçin karzlar hakynda» 2007-nji ýylyň 27-nji dekabrynda çykaran №9327 kararlaryna, şeýle hem Saparmyrat Türkmenbaşynyň Türkmenistanyň Raýat bitewi Kanunyna we Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryna laýyklykda, Türkmenistanyň raýatlarynyň Aşgabat şäherinde täze gurlan jaýlardan öýleri satyn almaklary üçin şertleri döretmek maksady bilen işlenip taýýarlanyldy.

2. Şu Tertip Türkmenistanyň «Prezidentbank» täjirçilik banky (mundan beýläk «Prezidentbank» diýlip atlandyrylýar) tarapyndan Türkmenistanyň raýatlaryna (mundan beýläk «Кarz alyjy» diýlip atlandyrylýar) 2008-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan Aşgabat şäherinde täze gurulýan we satylýan ýaşaýyş jaýlardan öýleri (mundan beýläk «Öý» diýlip atlandyrylýar) satyn almaklyga gozgalmaýan emläk üçin karz berlişiniň ulgamyny düzgünleşdirýär.

3. Gozgalmaýan emläk üçin karz 30 (otuz) ýyldan köp bolmadyk möhlet bilen berilýär.

4. Gozgalmaýan emläk üçin karz boýunça göterimiň derejesi ýyllyk 1 (bir) göterim möçberinde bellenilýär.

5. Şu Tertibe laýyklykda, gozgalmaýan emläk üçin berilýän karzlar boýunça esasy bergi babatda gozgalmaýan emläk üçin karz şertnamasynyň baglaşylan senesinden 5 (bäş) ýyla çenli ýeňillikli döwür (esasy bergini üzmegiň möhletini yza süýşürmek) göz öňünde tutulýar.

6. Ýeňillikli döwrüň möhletini bäş ýyldan köp möhlete yza süýşürmäge ýol berilmeýär.

7. Prezidentbankyň Türkmenistanyň Merkezi bankynyň karz serişdeleriniň hasabyna şol bir raýata ýokarda görkezilen şertlerde iki gezek karz bermäge haky ýokdur.

8. Öýler gurluşygy maliýeleşdirmegi amala aşyrýan edaralar, kärhanalar, guramalar (eýeçiliginiň görnüşine garamazdan), ministrlikler, pudaklaýyn edaralar we Aşgabat şäher häkimligi tarapyndan satylýar.

9. Has oňaýly we otaglarynyň ýerleşişi gowulandyrylan ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşygyny öz hususy serişdeleriniň we Türkmenistanyň Döwlet býujetiniň serişdeleriniň hasabyna maliýeleşdirýän we «Has oňaýly we otaglarynyň ýerleşişi gowulandyrylan ýaşaýyş jaýlaryndaky öýleri ýerlemegiň tertibini kämilleşdirmek hakynda» Türkmenistanyň Prezidentiniň 2008-nji ýylyň 23-nji iýunynda çykaran №9875 kararynyň 1-nji bölüminiň ikinji bendine laýyklykda, olary 50 göterim ýeňillikli ýerleýän ministrlikleriň, pudak edaralarynyň işgärleri bolan karz alyjylara Prezidentbank satyn alynýan jaýyň bahasynyň 50%-den artyk bolmadyk möçberde gozgalmaýan emläk üçin karz berýär.

Işgärlere berilýän ýeňillikler Prezidentbank tarapyndan satyn alynýan öýüň doly bahasyna çenli bolan töleg möçberi hökmünde kabul edilýär.

10. Öýi doly bahasyndan satyn alýan Karz alyjylar öýüň bahasynyň 10%-den az bolmadyk möçberini öz hususy serişdeleriniň hasabyna tölän ýagdaýynda, gozgalmaýan emläk üçin karzyň möçberi onuň bahasynyň 90%-den ýokary bolmadyk möçberde bellenýär.

11. Prezidentbankyň özüniň karz syýasatyna laýyklykda karz töwekgelçiligini peseltmek maksady bilen şu Tertip esasynda Karz alyjylaryň tölege ukyplydygyna baha bermegiň tertibini düzgünleşdirýän içki kadalaşdyryjy resminamany işläp düzmeklige we tassyklamaklyga haky bardyr.

II. Gozgalmaýan emläk üçin karz bermegiň esasy döwürleri we amallary

12. Karz alyjy bilen geçirilýän deslapky söhbetdeşlik we onuň toparlara bölünişi

Öý satyn almak isleýän Karz alyjylar bilen gozgalmaýan emläk üçin karz bermegiň şertleri, bu karzy üpjünçiliginiň we resmileşdirmegiň tertibi boýunça Prezidentbankyň bildirýän talaplary barada mümkin bolan has doly maglumaty bermek üçin deslapky söhbetdeşlik geçirilýär. Delapky döwürde Karz alyjylar, şu aşakdakylary goşmak bilen, zerur bolan maglumatlary alýarlar:

a) Prezidentbankyň Karz alyjynyň tölege ukyplydygyna bildirýän talaplary – Karz alyjynyň jaý üçin çykarmaly çykdajylarynyň, şeýle hem Karz alyjynyň girdejilerinde umumy borçnamalarynyň paýynyň aňrybaş çägini belleýän koeffisiýentler;

b) Prezidentbankyň gozgalmaýan emläk üçin karzyň gaýtarylmagyny üpjün etmäge bildirýän talaplary – gozgalmaýan emläk üçin karzyň möçberiniň we satyn alynýan jaýyň bahasynyň gatnaşygynyň aňrybaş çägini görkezmek bilen satyn alynýan jaýyň girewi, zamunlygy hem öz içine alýan mümkin bolan üpjünçiligiň beýleki görnüşleri;

ç) Karz alyjy hakynda maglumatlary tassyklamak üçin zerur bolan resminamalaryň sanawy we Prezidentbank tarapyndan bu maglumatlaryň ulanylyşynyň tertibi;

d) karz alyjynyň arza berijiniň maglumatnamasyna laýyklykda, özüniň iş bilen üpjünçiligi, alýan girdejileri, beýleki banklardaky hasaplary, karz taryhy barada beren maglumatlaryny Prezidentbanka barlamaga ýazmaça razylyk berlen hukugyny bermegi;

e) taraplaryň gozgalmaýan emläk üçin karz şertnamasyny we girew şertnamasyny baglaşmagynyň tertibi, bu geleşikleriň amala aşyrylmagy netijesinde kesgitlenilýän hukuklary we borçlary;

ä) Prezidentbankyň gozgalmaýan emläk üçin karz beren öýüniň fiziki ýagdaýyna we hukuk derejesine bildirýän talaplary.

Prezidentbankyň karz bölüminiň işgäri deslapky söhbetdeşlik wagtynda, şu aşakdaky kesgitlemeleri hem goşmak bilen, gozgalmaýan emläk üçin karz boýunça käbir deslapky hasaplamalary geçirmelidir:

- gozgalmaýan emläk üçin karzyň rugsat edilýän iň ýokary möçberini;

- Karz alyjynyň gozgalmaýan emläk üçin karzy we ol boýunça göterimleri tölemegiň hasabyna her aýdaky töleglerini;

- deslapky tölegleri tölemek, şeýle hem öýi satyn almak – satmak boýunça geleşikleriň, girew şertnamasynyň baglaşylmagy bilen baglanyşykly çykdajylary ödemek üçin Karz alyjyda bolmaly nagt pul serişdeleriniň takmynan möçberini.

Bu hasaplamalaryň maglumat-maslahat beriş häsiýetlidi-gi, Prezidentbankyň gozgalmaýan emläk üçin karzyň möçberi we berlişi babatda Karz alyjynyň öňünde hiç hili borçlary öz üstüne almaýandygy hakynda Karz alyja duýdurylmalydyr.

Şeýle hem, Prezidentbank deslapky toparlara bölmesiniň gozgalmaýan emläk üçin karzyň hökmany makullanmagyny aňlatmaýandygyny, gozgalmaýan emläk üçin karz bermek hakynda arza boýunça oňyn çözgüdiň Karz alyjynyň tölege ukyplylygy barada beren maglumatlarynyň dogrylygyna geçirlen barlagyň netijeleriniň esasynda kabul edilýändigini Karz alyja habar bermäge borçlydyr.

13. Alnan maglumatlary toplamak we tassyklamak

Deslapky toparlara bölmek düzgünini geçen Karz alyjy özüne gozgalmaýan emläk üçin karz bermegiň mümkinligi hakynda karary kabul etmek üçin zerur bolan maglumatlary tassyklamak üçin Prezidentbanka bermeli resminamalarynyň sanawyny alýar.

Gozgalmaýan emläk üçin karzy almaklyga arzany doldurmak üçin Karz alyjynyň (Prezidentbankyň soramagy boýunça) bermeli resminamalarynyň sanawy:

- Karz alyjynyň pasportynyň nusgasy (zerur sahypalary);

- arzanlatmanyň geçirilendigini we/ýa-da ýeňilligiň berlendigini tassyklaýan resminama (bar bolsa);

- ilkibaşky töleg möçberiniň geçirilenligini tassyklaýan resminamalar (bar bolsa);

- nikaly adamlar üçin – nika hakynda şahadatnamanyň göçürme nusgasy, çagalaryň dogulyş hakynda şahadatnamasynyň göçürme nusgasy, nikasyz adamlar üçin – raýat ýagdaýynyň namalaryny ýazgy edýän edaradan güwänama;

- äriniň (aýalynyň) we kämillik ýaşyna ýeten çagalarynyň gozgalmaýan emläk üçin karz almaga, satyn alnan öýi soňra girewine (gozgalmaýan emläk üçin berlen karzyň deregine) bermäge (goýmaga) ýazmaça razylygy bilen birlikde, öýüň täze eýesi tarapyndan öýi boşatmak hakynda talap bildirilende, talabyň bildirilen senesinden başlap 30 günüň dowamynda öýi boşatmaklygy barada Karz alyjynyň we onuň maşgala agzalarynyň borçnamalary;

- ýazga alnandygy anyklamak üçin maşgalanyň düzümi we olaryň ýaşaýan ýeri hakynda güwänama;

- Karz alyjynyň zähmet depderçesiniň onuň Prezidentbanka ýüz tutan wagtynda işleýän edarasy tarapyndan tassyklanan göçürme nusgasy (ähli sahypalary); Karz alyjy Prezidentbanka ýüz tutan wagtynda işlemeýän ýagdaýynda, Prezidentbankyň karz bölüminiň işgäri zähmet depderçesiniň göçürme nusgasyny onuň asyl nusgasy bilen deňeşdirýär (talyplardan we sosial häsiýetli pensiýa alýan raýatlardan başga) we onuň göçürme nusgasynyň asyl nusgasyna laýyk gelýändigi hakynda bellik edýär;

- Karz alyjynyň bir ýerde ýaşap, umumy hojalygy ýöredýän äriniň (aýalynyň) we kämillik ýaşyna ýeten çagalarynyň eýeleýän wezipeleri we zähmet hakynyň möçberini görkezmek bilen, iş ýerinden güwänama;

- Zamun bolup çykyş edýän taraplaryň hat üsti bilen beren razylygy we olaryň passportlarynyň nusgalary (ähli zerur sahypalary), eýeleýän wezipelerini we zähmet hakynyň möçberini görkezmek bilen, iş ýerinden güwänamalar;

- edara görnüşli tarap bolup durmaýan telekeçiler bellige alyş şahadatnamasynyň, hereket edýän patentiniň (ygtyýarnamasynyň) we soňky hasabat döwri üçin girdejileri (arassa peýdasyny hökman görkezmeli) hakyndaky jarnamasynyň döwlet kepillendiriş edarasy tarapyndan tassyklanan göçürme nusgalaryny bermelidirler;

- Karz alyjy bilen satyjynyň arasynda öýi satyn almak – satmak hakynda baglaşylan şertnamanyň nusgasy (zerur bolan ýagdaýynda – öýüň hakyky bahasy barada hasap-faktura).

Maglumatlaryň toplanmagy we barlanmagy boýunça jogapkär Prezidentbankyň karz bölüminiň işgäri zerur bolan ýagdaýynda Karz alyjynyň işleýän ýerine we gaýry pudaklara ýüztutma iberýär. Ýüztutma berlen jogap haty onuň iberilen guramasynyň degişli wezipeli adamy tarapyndan gol çekilen bolmalydyr.

Prezidentbankyň karz bölüminiň işgäri Karz alyjydan şu Tertipde göz öňünde tutulmadyk, emma Karz alyjynyň şahsyýetini, onuň tölege ukyplydygyny häsiýetlendirýän, Karz alyjynyň ýa-da onuň maşgala agzalarynyň girdejisini goşmaça tassyklaýan (edara görnüşli tarap bolup durmaýan telekeçileriň girdejiler we çykdajylar kitaby, goşmaça iş berijileriň iş şertnamalary we ş.m.) gaýry resminamalary talap edip biler, bu barada karz bölüminiň işgäriniň Prezidentbankyň karz komitetiň garamagyna hödürleýän netijenamasynda bellik edilýär.

14. Gozgalmaýan emläk üçin karz berilmegi hakynda arza berijiniň maglumatnamasy

Prezidentbank Karz alyjy bolup biljek tarap hakyndaky doly maglumatlary toplaýar we gozgalmaýan emläk üçin karz bermek hakynda arza berijiniň maglumatnamasyny doldurýar.

Arza berijiniň maglumatnamasy Karz alyjy hakynda ýygnalan maglumatlaryň resminamalar bilen tassyklanylan görnüşleriniň esasynda Prezidentbankyň karz bölüminiň işgäri tarapyndan doldurylýar. Karz alyjy bu arza berijiniň maglumatnamasyna gol çekmek bilen, diňe bir gozgalmaýan emläk üçin karzyň soralmagyny tassyklaman, eýsem, bu resminamada görkezilen maglumatlaryň dogrudygyny we anykdygyny tassyklaýar.

Arza berijiniň maglumatnamasy esasy resminamalaryň biri bolmak bilen, gozgalmaýan emläk üçin karz bermek hakynda karar kabul edilen ýagdaýynda, onuň esasynda gozgalmaýan emläk üçin karzyň möçberi, her aýdaky tölegleriniň möçberleri, ony üzmegiň möhletleri barada ähli gutarnykly hasaplamalar geçirilýär. Gozgalmaýan emläk üçin karz bermek hakynda oňyn çözgüt kabul edilende, bu hasaplamalar Prezidentbankyň öz üstüne alýan töwekgelçilikleriniň nukdaýnazaryndan barlanylýar we olara baha berilýär.

Arza berijiniň maglumatnamasyny doldurmak işi Karz alyjynyň girdejileri hakyndaky maglumatlaryň anyklanylyşyna, onuň tölege ukyplydygynyň we karzy gaýtarmak mümkinçilikleriniň tassyklanylyşyna görä köp basgançakly häsiýete eýe bolup biler. Karz alyjy Prezidentbanka tabşyrýan maglumatlarynyň dogrylygyna we anyklygyna şahsy we doly jogapkärçilik çekýär. Prezidentbankyň karz bölüminiň işgäri Karz alyjynyň berýän maglumatlarynda bilkastlaýyn ýalňyşlyklary, onuň öz girdejilerini artdyryp görkezmek isleýändigini ýa-da olary resminamalar esasynda tassyklamak islemeýändigini ýüze çykaran ýagdaýynda, Prezidentbankyň Karz alyja gozgalmaýan emläk üçin karz bermekden boýun gaçyrmaga bolan hukugy hakynda duýdurmalydyr.

Arza berijiniň maglumatnamasy resminamalaryň doly bukjasy bilen birlikde, Prezidentbank tarapyndan ýörite döredilen hasaba alyş ћurnalynda hasaba alynýar.

15. Karz alyjy bolup biljek tarapyň gozgalmaýan emläk üçin karzy üzmek mümkinçiligine baha bermek

Baha bermek işi Karz alyjy hakynda toplanan we resminamalar esasynda tassyklanan maglumatlary seljermegiň şu aşakdaky esasy ugurlary boýunça amala aşyrylýar:

a) Karz alyjy bolup biljek tarapyň tölege ukyplydygyna – onuň gozgalmaýan emläk üçin karzy öz wagtynda üzmek mümkinçiligine baha bermek;

b) Karz alyjy bolup biljek tarapda bar bolan nagt pul serişdeleriniň Öýi satyn almak üçin ilkibaşdaky tölegi (zerur bolan ýagdaýynda) tölemäge we gozgalmaýan emläk üçin karz şertnamasyny resmileşdirmek bilen baglanşykly zerur bolan ähli gaýry çykdajylary tölemäge ýeterlikdigine baha bermek.

Şu maksatlar üçin Karz alyjy bolup biljek tarap Türkmenistanyň banklarynda toplaýyş goýum hasabyny açýar we bu hasaba öý üçin ilkibaşdaky töleg geçirilýän pursatyna çenli nagt pul serişdeleri, zähmet haky, şahsy emlägi (awtoulag, ýaşaýyş jaý we öý we ş.m.) satmakdan gelip gowuşan serişdeler geçirilýär;

ç) Karz alyjynyň bu öýi satyn almaga we soňra eýelik etmäge, şeýle hem satyn alan öýüni girewine bermäge hukugyny tassyklaýan resminamalaryň takyklygyny barlamak.

Bu amallar berjaý edilenden soň, Prezidentbankyň karz bölüminiň işgäri Prezidentbankyň karz komiteti üçin baha bermegiň netijeleri hakynda hasabat taýýarlaýar. Hasabatda anyk Karz alyjy boýunça çözgütleriň taslamalary beýan edilýär, hususan-da, şu aşakdakylar teklip edilýär:

- bu Karz alyja karzyň möçberini, ony üzmegiň möhletlerini we şertlerini görkezmek bilen, gozgalmaýan emläk üçin karz bermek;

- esasyny görkezmek bilen, gozgalmaýan emläk üçin karz bermekden boýun gaçyrmak;

- gozgalmaýan emläk üçin karzyň ilkibaşdaky şertlerini mümkin bolan derejede özgertmek boýunça Karz alyjy hakyndaky maglumatlara goşmaça seljerme geçirmek.

16. Gozgalmaýan emläk üçin karzyň berilmegi we gozgalmaýan emläk üçin karz şertnamasynyň baglaşylmagy

Karz komiteti baha bermek boýunça hasabatyň esasynda karar kabul edýär we onuň esasynda Karz alyja bankyň kabul eden karary hakynda habar iberilýär.

- Karz bermekden boýun gaçyrylan ýagdaýynda habarda boýun gaçyrylmagynyň sebäpleri görkezilýär.

Oňyn çözgüt kabul edilen ýagdaýynda Prezidentbank gozgalmaýan emläk üçin karzy resmileşdirmegiň ähli düzgünlerini goşmak bilen, gozgalmaýan emläk üçin karz ylalaşygyny baglaşmagyň tertibi we möhletleri barada Karz alyja habar berýär. Karz alyja gozgalmaýan emläk üçin karz hakynda – karzyň möçberi, möhletleri we gaýtarylyş şertleri barada gutarnykly maglumatlar berilýär.

Prezidentbankyň hukuk gullugy ähli resminamalaryň hukuk taýdan dogry resmileşdirilendigine, şeýle hem olaryň Türkmenistanyň kadalaşdyryjy hukuk namalaryna we şu Tertibe laýyk gelýändigine gözegçilik edýär.

Prezidentbankyň gozgalmaýan emläk üçin karz bermek hakyndaky çözgüdi her bir Karz alyjy boýunça aýratynlykda resmileşdirilýär we soňra karzlar boýunça işe goşulýar.

Gozgalmaýan emläk üçin karz bermek hakynda karar Prezidentbank tarapyndan arza berijiniň maglumatnamasynyň hasaba alnan senesinden başlap 15 iş gününiň dowamynda kabul edilýär.

III. Karz alyjynyň tölege ukyplylygyny kesgitleýän koeffisiýentler

17. Karz alyjynyň gozgalmaýan emläk üçin karzy tölemäge ukyplydygyny kesgitlemek üçin Prezidentbank onuň girdejilerine şu aşakdaky koeffisiýent (A) esasynda baha berýär:

- koeffisiýent (A) – gozgalmaýan emläk üçin karz boýunça her aýdaky tölegleriň möçberiniň Karz alyjynyň her aýdaky ortaça jemi (maşgala, zamun bolujylary goşmak bilen) girdejisine bolan gatnaşygy (töleg/girdeji), ol 80%-den geçip bilmez;

Ähli kadadan çykmalar olaryň öwezini dolujy ýagdaýlar görkezilip esaslandyrylmalydyr. Karz alyjynyň girdejileriniň ýa-da olary gazanyşynyň durnuklylygynyň derejesinde ýaramaz täsir edýän ýagdaýlar bar bolsa, gozgalmaýan emläk üçin karz bermek hakyndaky maglumatnama boýunça oňyn çözgüt kabul etmekde esasy öwezini dolujy ýagdaýlar şu aşakdakylardyr:

- ilkibaşdaky tölegleri tölemek, gozgalmaýan emläk üçin karz şertnamasyny, girew şertnamasyny baglaşmak we beýleki ýygymlar bilen baglanyşykly çykdajylary ödemek üçin zerur bolan pul serişdelerinden artyk möçberde pul serişdeleriniň ýa-da tiz satylyp bilinýän geçginli emläginiň bolmagy;

- gozgalýan we gozgalmaýan emläk görnüşinde köp möçberli aktiwleriniň bolmagy;

- Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda resmileşdirlen tölege ukyply şahsy adamlaryň zamunlyklarynyň berilmegi.

IV.Gozgalmaýan emläk üçin karz şertnamasynyň esasy şertleri we ony resmileşdirmegiň tertibi

18. Gozgalmaýan emläk üçin karz şertnamasynda: karzyň möçberi, karz bermegiň maksady, möhletleri, gozgalmaýan emläk üçin karz bermegiň we ony üzmegiň tertibi, göterim derejesi, karzyň üpjünçiliginiň görnüşi, üpjünçiligi barlamagyň usuly we görnüşleri, gozgalmaýan emläk üçin karz şertnamasyny bozmagyň tertibi we beýleki esasy şertler kesgitlenilýär.

19. Gozgalmaýan emläk üçin karz şertnamasyny resmileşdirmek bilen baglanyşykly ähli çykdajylar, ýygymlar, tölegler we gaýry çykdajylar Karz alyjynyň üstüne ýüklenilýär.

20. Göterimler Prezidentbank tarapyndan gozgalmaýan emläk üçin karzyň berlen pursatyndan başlap her aýda hasaplanylýar. Karz alyjy göterimleri her aýda töleýär.

21. Gozgalmaýan emläk üçin karzy üzmegiň tertibi we möhleti gozgalmaýan emläk üçin karz şertnamasynyň aýrylmaz bölegi bolup durýan, karzy gaýtarmagyň tertibi esasynda kesgitlenilýär we diňe gozgalmaýan emläk üçin karzyň möhletinden öň üzülmegi bilen baglanşykly üýtgedilip bilner (Karz alyjynyň islegi boýunça).

V. Prezidentbank tarapyndan girew üpjünçiliginiň resmileşdirilşi

22. Türkmenistanyň kanunçylygynda we şu Tertipde göz öňünde tutulan talaplara laýyklykda, Karz alyjynyň satyn alan öýi gozgalmaýan emläk üçin karzyň gaýtarylmagynyň üpjünçiligi bolup durýar.

23. Girew şertnamasy resmileşdirilen wagtynda girew emlägi Aşgabat şäheriniň Tehniki tükelleýiş edarasynda bellige alynýar we Prezidentbankyň – girew saklaýjynyň habary bolmazdan, öý bilen baglanşykly gaýry amallary amala aşyrmak gadagan edilýär (satmak, sowgat etmek we ş.m.), bu barada girew şertnamasynda bellenilýär.

24. Karz alyjy satyn alnan öýe eýeçilik hukugy hakynda şahadatnamany alan pursatyndan tükelleýiş iş bukjasyny resmileşdirýär.

25. Gozgalmaýan emläge goýlan öýe eýeçilik hukugynyň döwlet tarapyndan bellige alnandygy hakynda şahadatnamanyň asyl nusgasy Karz alyjyda saklanylýar we Prezidentbank tarapyndan alynmaýar.

26. Karz alyjy Türkmenistanyň kanunçylygynyň talaplaryna laýyklykda, alan öýüni girew höküminde resmileşdirmäge borçludyr.

27. Karz alyjy girew şertnamasyny resmileşdirmezden öň Prezidentbankyň talaplaryna laýyklykda, öýi gozgalmaýan emläk üçin karzyň tutuş möhletine ätiýaçlandyrmaga, ätiýaçlandyryş töleglerini döwürleýin tölemäge we tölegleriň amala aşyrlanlygyny tassyklaýan töleg resminamalarynyň göçürmesini tabşyrmaga borçlydyr. Ätiýaçlandyryş töwekgelçilikleriniň görnüşleri Prezidentbank tarapyndan her bir ýagdaýa görä aýratynlykda kesgitlenilýär.

28. Öý görnüşi üýtgedilmezden, diňe göni niýetlenilişi boýunça ulanylmalydyr.

29. Prezidentbankyň girew goýlan öýüň ýagdaýyna, öýüň Karz alyjy tarapyndan üçünji taraplara wagtlaýyn ulanmaga berlen ýagdaýlaryny hem goşmak bilen, döwürleýin barlag geçirmäge hukugy bardyr.

30. Girew goýlan öýe tötänleýin zeper ýetmek ýa-da weýran bolmak töwekgelçiligi Karz alyja degişlidir.

31. Eger Karz alyjynyň jogapkärçiligine degişli bolmadyk ýagdaýlar boýunça girew goýlan öý ýitirilen ýa-da oňa zeper ýetmegi netijesinde gozgalmaýan emläk üçin karzyň borçnamalarynyň üpjünçiligi ep-esli ýaramazlaşan bolsa, Prezidentbankyň girew esasynda üpjün edilen borçnamalaryň möhletinden öň ýerine ýetirilmegini, şol sanda ätiýaçlandyryşyň hasabyna öweziniň dolunmagyny talap etmäge haky bardyr.

32. Gozgalmaýan emläk üçin karz doly üzülenden soň Prezidentbank Karz alyja onuň gozgalmaýan emläk üçin karz boýunça bergisiniň ýoklygyny tassyklaýjy resminama berýär (Aşgabat şäheriniň Tehniki tükelleme edarasyna we Aşgabat şäher kepillendiriş edarasyna, bu gozgalmaýan emläk bilen baglanşykly gadagan edilen amallary aradan aýyrmak üçin berilýär).

VI. Gozgalmaýan emläk üçin karz şertnamany ýerine ýetirmezligiň ýa-da talaba laýyk ýerine ýetirmezligiň getirýän netijeleri

33. Gozgalmaýan emläk üçin karzy ýa-da hasaplanylan göterimleri üzmek boýunça tölegler gijikdirilse (üzmek tertibi bozulanda) Prezidentbanka şu hukuklar berilýär:

- tölegler üzüliş tertibine laýyklykda 2 aýdan artyk gijikdirilse – Karz alyjynyň girdeji çeşmelerine seljerme geçirmek;

- tölegler üzüliş tertibine laýyklykda 6 aýdan artyk gijikdirilse – Türkmenistanyň ulanylýan kanunçylygyna laýyklykda, karz şertnamasyny we girew şertnamasyny bir taraplaýyn bozmak arkaly, gozgalmaýan emläk üçin karz serişdelerini ýa-da girewi möhletinden öň yzyna talap etmek.

34. Gozgalmaýan emläk üçin karz boýunça girewe goýulan emläge girew berijiniň hukugy ýatyrylan ýagdaýynda, Türkmenistanyň kazyýet we gaýry döwlet edaralarynyň çykaran kararlary esasynda, girewi gönü almak we ony satmak hukugy gozgalmaýan emläk üçin karzy üzmek maksady bilen, diňe Prezidentbanka berilýär.

35. Karz alyjyny we onuň maşgala agzalaryny öýden mejbury çykarmak çäresi Türkmenistanyň kanunçylygynda kesgitlenilen tertibe laýyklykda amala aşyrylýar.

VII. Miras almagyň meseleleri

36. Karz alyjy aradan çykan ýagdaýynda, şertnamalar boýunça hukuk gatnaşyklary düzgünleşdirilen mahaly Prezidentbank miras almak boýunça Türkmenistanda hereket edýän kanunçylyga goldanýar.



Türkmenistanyň Merkezi bankynyň
müdiriýetiniň başlygynyň
2008-nji ýylyň 12-nji maýynda çykaran № 46
buýrugy bilen tassyklanylan, Türkmenistanyň
raýatlaryna Aşgabat şäherinde täze gurlan
jaýlardan öýleri satyn almaga gozgalmaýan emläk
üçin karz bermegiň Tertibine
№ 1 goşundy

ARZA BERIJINIŇ MAGLUMATNAMASY

1. Arza beriji hakynda umumy maglumatlar

1.1.Familiýasy, ady, atasynyň ady: _________________________________

1.2. Doglan güni, aýy, ýyly: ________________________________________

1.3. Ýazga alnan ýeri boýunça salgysy: _______________________________

1.4. Hakyky ýaşaýan ýeriniň salgysy: _________________________________

1.5. Işleýän ýeri: _________________________________________________

1.6. Işleýän ýeriniň salgysy: _______________________________________

1.7. Görkezilen iş ýeri boýunça işlän möhleti: ___________________________

1.8. Wezipesi: ___________________________________________________

1.9. Edara görnüşli tarapy döretmeýän telekeçiler üçin:

Alyp barýan işleriniň (bar bolan patentlere we ygtyýarnamalara laýyklykda) görnüşleri: _______________________________________________________

1.10. Telefonlary: öý ______________________ iş ______________________

1.11. Maşgala ýagdaýy: ____________________________________________

Eklenjindäki adamlaryň sany: __________________________________

1.12. Bilimi: _____________________________________________________

2.Arza berijiniň girdejileri hakynda maglumatlar

2.1. Soňky ýarym ýylda ortaça aýlyk girdejisi:

esasy iş ýeri boýunça: _____________________________________________

utgaşdyryp işleýän ýeri boýunça: _____________________________________

pensiýa:________________________________________________________

göterimleri, goýan goýumlary boýunça girdejileri: ______________________

beýleki girdejileri (nähili girdejileriniň bardygyny görkezmeli): ____________

______________________________________________________________

JEMI _________________________________________________________

Edara görnüşli tarapy döretmeýän telekeçiler üçin:

Soňky hasabat döwründe girdejileriniň möçberi: ________________________

2.2. Maşgala agzalarynyň ortaça aýlyk girdejisi (soňky 6 aýyň hasaby boýunça):___________________________________________________________

JEMI maşgalanyň girdejisi:_________________________________________

2.3. Zamun bolujynyň (-laryň) ortaça aýlyk girdejisi (soňky 6 aýyň hasaby boýunça)__________________________________________________________

JEMI maşgala bilen zamun bolujynyň bilelikdäki girdejisi:________________

3. Arza berijiniň hökmany tölegleri we bergi borçnamalary hakynda maglumatlar

3.1. Her aýda tutulýan pullar we tölegler:

alimentler___________________________________________________

ýerine ýetiriş kagyzlary boýunça tutulýan pullar ________________________

3.2. Beýleki karzlar boýunça bergileriň üzülişi we göterimleriň tölenilişi: hawa/ ýok (gereklisiniň aşagyny çyzmaly)

Eger jogap «hawa» bolsa, aşakda getirilen görnüşi dolduryň: Karz beriji bankyň (bölüm, şahamça), ýerleşýän ýeri Karzyň alnan senesi Karzyň maksady Karz boýunça berginiň galan bölegi Üzülmeli möhleti Karzy üzmegiň tertibi (döwürleýinligi,tölegleriň möçberi) Göterimleri tölemegiň tertibi (derejesi, döwürleýinligi) Şol sanda möhleti geçen bergiler

3.3. Berlen zamunlyk boýunça borçnamalar: hawa/ýok (gereklisiniň aşagyny çyzmaly)

Eger jogap «hawa» bolsa, aşakda getirilen görnüşi dolduryň Zamunlyk kim üçin berildi Zamunlyk berlen gurama ýa-da adam Zamunlygyň möçberi (eger göterime-de degişli bolsa, derejesini görkezmeli) Zamunlygyň hereket ediş möhleti Üpjünçülik üçin berlen zamunlyk boýunça esasy bergi borçnamasynyň galan bölegi

beýleki tölegler (nähili töleglerdigini görkezmeli) ______________________

______________________________________________________________

JEMI__________________________________________________________

4. Satyn almaklyga gozgalmaýan emläk üçin karz soralýan öý hakynda maglumatlar

4.1. Öýi satyn almak we satmak hakynda şertnama: № ______ 20___-nj_ ýylyň ____________ aýynyň «____»

4.2. Satýan guramanyň doly ady ____________________________________

_______________________________________________________________

4.3. Satyn alynýan gozgalmaýan emlägiň esasy häsiýetnamalary:

görnüşi (jaý, öý we ş.m.) __________________________________________

meýdany _______________________________________________ined.m.

otaglarynyň sany ________________________________________________

şertnama boýunça bahasy _________________________________________

4.4. Öz serişdeleriniň hasabyna öňünden tölemek göz öňünde tutulýan tölegiň möçberi: ______________________________________________________manat

4.5. Karz serişdeleriniň zerurlygy (ýokarda görkezilen öňünden tölemek göz öňünde tutulýan möçber aýrylanda, hakyky bahasy) __________________ manat.

5. Arza berijiniň emlägi hakynda maglumatlar

5.1. Geçginli serişdeler

Bank hasaplaryndaky serişdeleri: Bankyň ady we ýerleşýän ýeri Hasapdaky serişdesiniň möçberi 5.2.Gozgalmaýan emläk Gozgalmaýan emlägiň görnüşi (obýekti) Anyk salgysy 5.3.Ulag serişdeleri Görnüşi Kysymy, nusgasy Öndürilen ýyly 5.4.Beýleki emlägi

____________________________________________________________________________________________________________________________________

6. Arza beriji hakyndaky beýleki maglumatlar

6.1. Siz häzirki wagtda başga bankda karz almagy resmileşdirmegi geçirýärsiňizmi? hawa/ýok (gereklisiniň aşagyny çyzmaly).

Eger jogap «hawa» bolsa, aşakda getirilen görnüşi dolduryň Bankyň (bölüm,şahamça), ýerleşýän ýeri Karzyň maksady Soralýan karzyň möçberi Üzülmeli möhleti

«Şu maglumatnamada görkezilen maglumatlaryň dogrulygy üçin doly jogapkärçilik çekýärin. Meniň görkezen maglumatlarymyň dogrulygyny doly barlamaga razylyk berýärin».

Arza berijiniň goly: ____________________________

Senesi: ______________________________________

Maglumatnamany alan karz bölüminiň işgäri

________________________________________________________________

(A.A,a.F., eýeleýän wezipesi)

(goly)___________________

Türkmenistanyň Adalat ministrligi tarapyndan

2008-nji ýylyň 31-nji maýynda bellige alyndy.

Bellige alyş sany 455.