Merkezi Bankyň
walýuta kursy

Beýleki walýutalaryň kursy

Gymmat bahaly metallaryň
1 (bir) unsiýasynyň türkmen manadyna bolan gatnaşyklary

  ALTYN
  KÜMÜŞ
  PLATINA
  PALLADIÝ

Goýumlaryň hökmany kepillendiriliş gaznasynyň emele gelmeginiň, serişdeleriniň ýerleşdirilmeginiň we ondan tölegleriň, kepillik ätiýaçlygynyň emele gelmeginiň, gatnaşyjy banklar tarapyndan hökmany we ýörite gatançlaryň tölenilmeginiň tertibi hakynda Düzgünnama

(Türkmenistanyň Merkezi banky tarapyndan 2017-nji ýylyň 15-nji sentýabryndaky buýrugy bilen tassyklanylan

Türkmenistanyň Adalat ministrligi tarapyndan 2017-nji ýylyň 25-nji oktýabrynda 1102 san bilen bellige alnan)


                     I. Umumy düzgünler

Şu Goýumlaryň hökmany kepillendiriliş gaznasynyň emele gelmeginiň, serişdeleriniň ýerleşdirilmeginiň we ondan tölegleriň, kepillik ätiýaçlygynyň emele gelmeginiň, gatnaşyjy banklar tarapyndan hökmany we ýörite gatançlaryň tölenilmeginiň tertibi hakynda Düzgünnama  (mundan beýläk - Düzgünnama)  «Türkmenistanyň Merkezi banky hakynda», «Karz edaralary we bank işi hakynda», «Fiziki şahslaryň goýumlarynyň hökmany kepilligi hakynda» Türkmenistanyň Kanunlaryna we Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryna laýyklykda işlenilip taýýarlandy we fiziki şahslaryň goýumlarynyň (depozitleriniň) hökmany kepillendiriliş gaznasyny emele getirmegiň hem-de bu gaznanyň serişdelerini ýerleşdirmegiň we ondan bellenilen tölegleri amala aşyrmagyň, kepillik ätiýaçlygynyň emele gelmeginiň, gatnaşyjy banklar tarapyndan hökmany we ýörite gatançlaryň tölenilmeginiň düzgünlerini kesgitleýär.

  1. Şu Düzgünnama goýumçylaryň hukuklarynyň we kanuny bähbitleriniň goralmagyna hem-de ilatyň tygşytlanan pullarynyň çekilmeginiň höweslendirilmegine we bank ulgamyna bolan ynamynyň berkidilmegine gönükdirilýär.
  2. Şu Düzgünnama eýeçiliginiň görnüşine garamazdan, Türkmenistanyň çäklerinde hereket edýän gatnaşyjy banklaryň ählisine degişli edilýär.

II. Esasy düşünjeler

  1.  Şu Düzgünnamanyň maksatlary üçin aşakdaky düşünjeler ulanylýar:

goýum (depozit) (mundan beýläk – goýum) – goýumyň möçberiniň jemine hasaplanan göterimleri hasaba almak bilen bank goýumy hakynda şertnamanyň esasynda ýa-da onsuz fiziki şahs tarapyndan ýa-da onuň haýryna milli ýa-da daşary ýurt pulunda bankdaky hasaba geçirilen  pul serişdeleri;
kepillendirilýän goýum– goýumlaryň hökmany kepillendiriş ulgamy boýunça kepillikli öwez dolmanyň obýekti bolan goýum;
kepillik öwez dolma – milli pulda goýumça tölenilmäge degişli bolan pul serişdeleri;
gatnaşyjy bank – goýumlaryň  hökmany kepilligi ulgamynyň  gatnaşyjysy bolan bank, şol sanda Türkmenistanda bellige alnan daşary ýurt bankynyň şahamçasy, çekilen goýumlaryň yzyna gaýtarmak boýunça borçnamalary Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda kepillendirilýär;
goýumçy – gatnaşyjy bankda öz adyna goýum açylan fiziki şahs;
goýumlaryň hökmany kepillendiriliş ulgamy – gatnaşyjy banklaryň  goýumçylarynyň hukuklarynyň we kanuny bähbitleriniň goralmagyna gönükdirilen, «Fiziki şahslaryň goýumlarynyň hökmany kepilligi hakynda» Türkmenistanyň Kanunynda göz öňünde tutulan  hökmany guramaçylyk-hukuk çäreleriniň toplumy;
gatnaşyjy bankyň tassyknamasy – goýumlaryň hökmany kepillendiriliş ulgamyna gatnaşýandygyny tassyklaýan, Türkmenistanyň Merkezi banky tarapyndan  gatnaşyjy banka berilýän resminama;
goýumlaryň hökmany kepillendiriliş gaznasy –Türkmenistanyň Merkezi bankynda döredilýär we goýumçylara kepillik öwez dolmanyň tölenilmegi üçin niýetlenendir;
hökmany gatançlar – gatnaşyjy banklaryň goýumlaryň hökmany kepillendiriliş gaznasyna her çärýekdäki tölegleri;
ýörite gatançlar – goýumlaryň hökmany kepillendiriliş gaznasynyň serişdeleri ýetmezçilik eden halatynda gatnaşyjy banklaryň kepillik ätiýaçlygyna geçirýän bir gezeklik tölegleri;
kepillik ätiýaçlygy – Türkmenistanyň Merkezi bankynda goýumlaryň hökmany kepillendiriliş gaznasynyň serişdelerini ýerleşdirmekden gelen girdejilerden we gatnaşyjy banklaryň ýörite gatançlaryndan döredilýär;
ygtyýarlyk berlen bank – kepillik öwez dolmanyň tölenilmegini amala aşyrmagy üçin Türkmenistanyň Merkezi banky tarapyndan gatnaşyjy banklaryň hataryndan saýlanan bank.

Goýumçylaryň gatnaşyjy bankyň goýum hasabyna (hasaplaryna) ýerleşdirilen pul serişdeleri goýumlaryň hökmany kepillendiriliş ulgamynyň obýekti bolup durýar.

Türkmenistanyň Merkezi banky bank işiniň amala aşyrylmagy üçin ygtyýarnamany beren we gatnaşyjy banklaryň sanawyna maglumatlary girizen gününden başlap ýedi iş gününiň dowamynda gatnaşyjy bankyň tassyknamasyny berýär.

 

III. Fiziki şahslaryň goýumlarynyň hökmany kepillendiriliş gaznasynyň emele gelmeginiň, serişdeleriniň ýerleşdirilmeginiň tertibi

Goýumlaryň  hökmany kepillendiriliş gaznasy gatnaşyjy banklaryň ýörite hasaba girizýän hökmany gatançlarynyň hasabyna emele gelýär.

        Görkezilen gatançlar banklaryň çykdajy hasabyndan tölenilýär we olaryň işiniň maliýe netijelerine garamazdan geçirilýär.

  1. Gatnaşyjy bankyň hökmany gatanjynyň möçberi fiziki şahslaryň  bankdaky goýumlarynyň hasaplaşylýan çärýekdäki ortaça galyndysynyň 0,125 göterimi möçberinde bellenilýär.
  2. Goýumlaryň hökmany kepillendiriliş gaznasynyň serişdeleriniň dolandyrylmagy Türkmenistanyň Merkezi banky tarapyndan amala aşyrylýar. Goýumlaryň hökmany kepillendiriliş gaznasynyň serişdeleri şulara ýerleşdirilip bilner:

1) gymmatly kagyzlara;
2) Türkmenistanyň banklaryndaky goýumlara.

  1. Goýumlaryň hökmany kepillendiriliş gaznasynyň serişdeleriniň ýerleşdirilmeginden alnan girdejiler kepillik ätiýaçlygyna gönükdirilýär.
  2. Goýumlaryň hökmany kepillendiriliş gaznasynyň serişdeleri Türkmenistanyň banklaryndaky goýumlara gönükdirilende Türkmenistanyň Merkezi banky tarapyndan bellenilen ykdysady kadalaşdyryjylaryň we beýleki talaplaryň ýerine ýetirilişi boýunça we töwekgelçilikleri dolandyrmak boýunça ýokary görkezijilere eýe bolan banklaryň arasyndan saýlanyp alynýar. Gaznanyň serişdeleri başgaça bellenilmedik bolsa gaýtadan maliýeleşdiriş derejesinden pes bolmadyk göterim derejede goýuma ýerleşdirilýär.

IV. Gatnaşyjy banklar tarapyndan hökmany we ýörite gatançlaryň tölenilmeginiň möçberleri we tertibi

12. Gatnaşyjy banklar tarapyndan hökmany we ýörite gatançlaryň tölenilmegi Türkmenistanyň Merkezi banky tarapyndan bellenilen möçberde we tertipde amala aşyrylýar.
13. Gatnaşyjy bankyň hökmany gatanjynyň möçberi fiziki şahslaryň bankdaky goýumlarynyň hasaplaşylýan çärýekdäki ortaça galyndysynyň 0,25 göteriminden ýokary bolmaly däldir.
Şu Düzgünnamanyň 2-nji goşundysynda görkezilen görnüş boýunça hasaplamalar esasynda  gatnaşyjy  banklaryň hökmany gatançlary hasabat çärýeginden soňky gelýän aýyň 15-nji gününden gijä galynman her çärýekde geçirilýär. Gatnaşyjy bank tarapyndan hökmany gatançlaryň geçirilendigi barada töleg resmi kagyzlarynyň göçürmesi, görkezilen hasaplamalar bilen bilelikde tölenen güni Türkmenistanyň Merkezi bankyna iberilýär.
14. Hökmany gatanjyň möçberiniň peselmegine ýol beren ýa-da serişdeleri goýumlaryň hökmany kepillendiriliş gaznasyna öz wagtynda geçirmedik gatnaşyjy bank geçirilmäge degişli hökmany gatanjyň 0,1 göterimi möçberinde goýumlaryň hökmany kepillendiriliş gaznasyna jerime tölemäge borçludyr.
15. Tölenilýän gatançlar gatnaşyjy banklar tarapyndan öz aktiwleri hökmünde hasaba alynmaýar, goýumçylaryň hasabyna amala aşyrylmaly däldir we gatnaşyjy banklar tarapyndan talap edilip bilinmez.
16. Gatnaşyjy bankyň gatançlary tölemek boýunça borçnamalary bank işini amala aşyrmak üçin ygtyýarnamanyň hereketiniň togtadylan ýa-da ýatyrylan pursatyndan togtadylýar.
17. Gatnaşyjy bank tarapyndan goýumlaryň hökmany kepillendiriliş gaznasyna artyk tölenilen serişdeler geljekki döwürleriň gatançlarynyň hasabyna alynmaga degişlidir.
18. Goýumlaryň hökmany kepillendiriliş gaznasyna hökmany gatançlar milli pulda geçirilýär. Daşary ýurt pulundaky goýumlar boýunça hökmany gatançlar hem milli pulda, tölegiň geçirilýän gününde Türkmenistanyň Merkezi banky tarapyndan bellenilen hümmeti boýunça geçirilýär.
19. Gatnaşyjy bank Türkmenistanyň Merkezi bankyna özi tarapyndan tölenilen gatançlar boýunça hasaplamalaryň dogrudygyny tassyklaýan maglumatlary berýär.

V. Fiziki şahslaryň goýumlarynyň hökmany kepillendiriliş
gaznasyndan tölegleri amala aşyrmagyň tertibi

20. Türkmenistanyň Merkezi banky gatnaşyjy bankyň mejbury suratda ýatyrylýandygy baradaky kazyýetiň karary kanuny güýje giren gününden onuň goýumçylaryna kepillik öwez dolmanyň tölenilmegini amala aşyrmak boýunça borçnamany öz üstüne alýar we kepil bolup durýar.
21. Goýumlar boýunça kepillik öwez dolmanyň tölenilmegi goýumçynyň arzasy esasynda nagt pul serişdeleri bilen, şonuň ýaly-da   goýumçy tarapyndan görkezilen bank hasabyna pul serişdeleriniň  geçirilmegi arkaly amala aşyrylyp bilner.
22. Gatnaşyjy bankyň ýatyryjy topary kazyýetiň gatnaşyjy bankyň mejbury suratda ýatyrylýandygy hakyndaky karary kanuny güýje giren gününden başlap, on iş gününiň dowamynda Türkmenistanyň Merkezi bankyna kepillendirilýän goýumlar boýunça goýumçylaryň sanawyny, şeýle hem kepillik öwez dolmanyň hasaplamasyny berýär.
23. Goýumça anyk gatnaşyjy bankdaky bank goýumlarynyň sanyna garamazdan, kepillendirilýän goýumy boýunça bank goýumynyň 100 göterimi  möçberinde kepillik öwez dolmasy tölenilýär.
“Fiziki şahslaryň goýumlarynyň hökmany kepilligi hakynda” Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda aşakdakylar goýumlaryň  hökmany kepillendiriliş ulgamynyň obýektleri bolup durmaýar:
1) goýumyň möçberine hasaplanyp ýazylan göterimler;
2) fiziki şahslar tarapyndan teklip ediji üçin  bank goýumlaryna, karz kartlaryna, gymmatly kagyzlara ýerleşdirilen pul serişdeleri, fiziki şahslaryň atly süýşürintgiler sertifikaty muňa degişli däldir;
3) fiziki şahslar tarapyndan banklara ynançly dolandyrmaga berlen pul serişdeleri;
4) gatnaşyjy banklaryň daşary ýurt döwletleriniň çäklerinde  ýerleşen şahamçalarynda ýerleşdirilen pul serişdeleri;
5) ýuridik şahsy döretmezden telekeçilik işi bilen meşgullanýan fiziki şahslaryň-hususy telekeçileriň hasaplarynda ýerleşdirilen pul serişdeleri, eger bu hasaplar telekeçilik işini amala aşyrmak üçin  açylan bolsa;
6) gatnaşyjy banklaryň açyk hasaplarynda, bankyň ýa-da üçünji bir şahslaryň öňündäki borçnamalaryň üpjün edilmegi hökmünde ýerleşdirilen pul serişdeleri.
24. Ýatyrylýan gatnaşyjy bankda goýumçy tarapyndan görnüşleri we puly boýunça dürli, birnäçe kepillendirilen goýumlar açylan bolsa, Türkmenistanyň Merkezi banky olar boýunça umumy kepillik  öwez dolmany töleýär.
25. Goýumçy tarapyndan birnäçe gatnaşyjy bankda goýumlar açylan mahalynda Türkmenistanyň Merkezi banky kepillik öwez dolmanyň tölegini her bir gatnaşyjy bank boýunça aýratyn töleýär.
26. Kepillik öwez dolma goýumça milli pulda tölenilýär, daşary ýurt pulundaky kepillendirilýän goýumlar boýunça kepillik öwez dolmanyň tölenilmegi milli pulda tölegiň geçirilýän senesinde Türkmenistanyň Merkezi banky tarapyndan bellenilýän hümmeti boýunça amala aşyrylýar.
27. Kepillik öwez dolmanyň töleginde:
1) şu ýagdaýlarda onuň tölenilmeginden boýun gaçyrylyp bilner:
a) eger fiziki şahs babatynda kazyýetiň emläge jerime töletmek hakynda ýa-da emlägini muzdsuz almak hakynda karary, deslapky derňew we anyklaýyş edarasynyň üpjün ediş çäresi hökmünde onuň hasabyny (goýumyny) tussag etmek hakynda karary (kesgitnamasy) bar bolsa;
b) eger fiziki şahs babatynda jenaýatçylykly ýol bilen alnan girdejileriň kanunlaşdyrylmagyna, terrorçylygyň maliýeleşdirilmegine gatnaşandygy hakynda maglumatlar bar bolsa;
2) şu ýagdaýlarda togtadylyp bilner:
a) eger raýat Türkmenistanyň Ýaragly Güýçlerinde, beýleki goşunlarynda we Türkmenistanyň harby edaralarynda borçnama ýa-da çagyryş boýunça harby gullugy geçýän, harby hereketleriň alnyp barylýan, adatdan daşary ýagdaýlar, epidemiýalar we epizootiýalar düzgüniniň hereket edýän ýerlerinde bolýan bolsa;
b) eger adam gözlegde bolsa ýa-da azatlykdan mahrum bolmak görnüşinde  temmi alýan bolsa;
ç) eger sebäpler onuň agyr keseli bilen baglanyşykly bolsa;
d) eger  kazyýetiň çözgüdi bilen goýumçy nam-nyşansyz ýiten ýa-da ölen diýlip yglan edilen bolsa;
e) eger  bankyň goýumça, şol sanda karzlar, bank kepilligi boýunça pul serişdeleriniň yzyna gaýtarylmagynyň üpjün edilmegi üçin kabul edilen goýumlar boýunça garşylyklaýyn talaplary bar bolsa;
ä) eger goýumçy kazyýetiň çözgüdi bilen kämillik ukyby ýok diýlip ýa-da kämillik ukyby çäklendirilen diýlip ykrar edilen  bolsa;
f) eger goýumçynyň  mirasdüşerinde – goýuma ýa-da goýumyň paýyna bolan hukugyny tassyklaýan resminamalar bolmasa;
g) eger eýeleri kybaplaşdyrylyp bolmaýan goýumlar bolsa;
h) eger goýumçylar Türkmenistanyň çäginden daşarda bolýan bolsa. 
28. Kepillik öwez dolmanyň tölenilmegi kepillik öwez dolmanyň tölenilmeginden “Fiziki şahslaryň goýumlarynyň hökmany kepilligi hakynda” Türkmenistanyň Kanunynda bellenilen  tertipde ýüz  öwrülmegi ýa-da onuň togtadylmagy üçin esas bolan ýagdaýlar aýrylandan soň amala aşyrylýar.
29. Türkmenistanyň Merkezi banky kazyýetiň gatnaşyjy banky mejbury suratda ýatyrmak hakynda karary kanuny güýje giren gününden başlap on dört iş gününiň dowamynda köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň üsti bilen bu barada habar berýär. Gatnaşyjy bankyň mejbury suratda ýatyrylýandygy hakynda maglumatda kepillik öwez dolmanyň tölegini amala aşyrýan ygtyýarlyk berlen bankyň ady, tölegiň amala aşyrylýan döwri we ýeri (ýerleri) ýa-da kepillik öwez dolmanyň töleginiň başlanýan wagtynyň yza süýşürilýändigi barada habar berilýär.
30. Kepillik öwez dolmanyň tölenilmegini amala aşyrmagy üçin Türkmenistanyň Merkezi banky tarapyndan gatnaşyjy banklaryň hataryndan ygtyýarlyk beriljek bank saýlananda, goýumçylaryň sany we ýerleşişi, bankyň işjeňliginiň görnüşi, şahamçalarynyň sany we ýerleşişi, tehniki üpjünçilik şertleri we tölege ukyplylygy göz öňünde tutulyp saýlanylýar.
31. Kepillik öwez dolmanyň tölegini amala aşyrmak üçin köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň üsti bilen bu barada habar berlen ilkinji gününden başlap 3 aý möhlet bellenilýär. Kepillik öwez dolmanyň tölenilýän möhleti yza süýşürilen ýagdaýynda Türkmenistanyň Merkezi banky köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň üsti  bilen goýumçylara  goşmaça habar berýär. Goýumçynyň mejbury suratda ýatyrylan gatnaşyjy banka talaplary bildirmäge hukugy tassyklanylan ýagdaýynda resminamalary ygtyýarly banka gelip düşen gününden soň bäş iş gününden gijä galman kepillik öwez dolma tölenilýär.
32. Kepillik öwez dolmany tölemek borjy ýüze çykan gününden başlap Ygtyýarlyk berlen bank tarapyndan her bir goýumçy boýunça aýratynlykda fiziki şahslaryň talaplary boýunça sanaw (reýestr) ýöredilýär. Sanawyň (reýestriň) ýöredilişi we hasaba alnyşy Ygtyýarlyk berlen bank tarapyndan özbaşdak kesgitlenýär.
33. Ygtyýarlyk berlen bank, kepillik öwez dolmany tölemegi öz serişdeleriniň hasabyna amala aşyrýar we azyndan hepdede bir gezek tassyklaýjy resminamalar bilen bilelikde geçirilen amallar barada maglumatlary Türkmenistanyň Merkezi bankyna tabşyrýar. Tabşyrylan resmi namalar esasynda Türkmenistanyň Merkezi banky, ygtyýarlyk berlen bankyň tölän pul serişdeleriniň öwezini, goýumlaryň hökmany kepillendiriliş gaznasynyň hasabyna, onuň serişdeleri ýetmezçilik eden halatynda bolsa, kepillik ätiýaçlygynyň hasabyna ygtyýarlyk berlen bankyň Türkmenistanyň Merkezi bankyndaky aragatnaşyk hasabyna geçirmek arkaly dolýar.
34. Goýumçylara kepillik öwez dolmanyň tölenilmegi Türkmenistanyň Merkezi banky tarapyndan kepillik ätiýaçlygynyň köpeldilmegi üçin zerur bolan möhlete, emma kazyýetiň gatnaşyjy banky mejbury suratda ýatyrmak hakyndaky karary kanuny güýje giren gününden başlap, kyrk bäş senenama günden köp bolmadyk möhlete uzaldylyp bilner.
35. Mejbury suratda ýatyrylan gatnaşyjy bank  goýumçy babatynda  algydar ýa-da kepil hökmünde çykyş eden halatynda kepillik öwez dolmanyň möçberi kepillendirilýän goýumyň jemini we görkezilen bankyň garşylyklaýyn talaplarynyň jemini hasaplamagyň netijeleri boýunça emele gelen tapawutdan kesgitlenilýär.
36. Kepillik öwez dolmanyň tölenilmegi ygtyýarlyk berlen bank tarapyndan diňe goýumçy tarapyndan şu aşakdaky resminamalar tabşyrylan mahalynda geçirilýär:
1) Türkmenistanyň Merkezi banky tarapyndan bellenilen görnüşdäki arza (şu Düzgünnama 1-nji goşundy);
2) goýumçynyň şahsyýetini tassyklaýan resminama (pasport ýa-da onuň ornuny tutýan başga resminama, on alty ýaşa ýetmedik adamlar üçin dogluş hakynda şahadatnama);
3) bankyň goýumçynyň öňündäki borçnamalaryny tassyklaýan resminamalar.
37. Goýumçy tarapyndan kepillik öwez dolmanyň tölenilmegini geçirmek üçin zerur resminamalar doly tabşyrylmadyk mahalynda, ygtyýarlyk berlen bank bu barada goýumça habar berýär we şeýle goýumçynyň arzasynyň seredilmegini zerur resminamalar doly tabşyrylýança, emma on iş gününden köp bolmadyk möhlete togtadýar.
38. Ygtyýarly bank şu ýagdaýlarda goýumçynyň arzasyny kanagatlandyrmakdan we kepillik öwez dolmany amala aşyrmakdan ýüz öwürýär:
1) şu Düzgünnamanyň 36-njy bölüminde göz öňünde tutulan resminamalar doly tabşyrylmadyk mahalynda;
2) tabşyrylan resminamalarda nädogry maglumatlar ýüze çykarylan halatynda.
39. Goýumçynyň arzasyny kanagatlandyrmakdan ýüz öwrülen ýagdaýynda, ygtyýarly bank bu çözgüt kabul edilenden soňra on iş gününiň dowamynda onuň sebäplerini ýazmaça görnüşde esaslandyryp, goýumça habar berýär.
Şu Düzgünnamanyň 38-nji bölüminde görkezilen ýagdaýlar ýüze çykan mahalynda goýumçynyň, onuň kanuny wekiliniň, mirasdüşeriniň  Türkmenistanyň Merkezi bankyna goýumyň öwezini dolmak üçin ýüz tutmagyň bellenilen möhletleriniň geçirilmeginiň sebäplerini esaslandyrmak bilen, goýumyň öweziniň dolunmagy hakyndaky  arza we zerur bolan resminamalar bilen ýüz tutmaga hukugy bardyr.
40. Goýumlaryň hökmany kepillendiriliş gaznasynyň serişdeleriniň hasabyna goýumlar boýunça kepillik öwez dolmanyň tölenilmegini amala aşyrýan ygtyýarlyk berlen banka tölenen kepillik öwez dolmalaryň jeminiň 0,01 göterimi möçberinde höweslendirme tölegi tölenilýär.

VI. Kepillik ätiýaçlygynyň emele gelmeginiň tertibi

41. Kepillik ätiýaçlygynyň emele gelmeginiň çeşmeleri:
a) gatnaşyjy banklaryň ýörite gatançlary;
b) hökmany kepillendiriliş gaznasynyň serişdelerini ýerleşdirmekden alnan girdejiler.
42. Kepillik ätiýaçlygynyň pul serişdeleriniň kepillik öwez dolmany tölemek üçin ýetmezçilik eden ýagdaýynda Türkmenistanyň Merkezi banky Türkmenistanyň Ministrler Kabineti bilen ylalaşyp gatnaşyjy banklar tarapyndan kepillik ätiýaçlygyna geçirmäge degişli ýörite gatançlaryň möçberleri hakynda çözgüt çykarýar.
43. Çykarylan çözgütde ýörite gatançlaryň tölenilmeli möçberleri we möhletleri beýan edilýär we bu barada 3 (üç) iş gününiň dowamynda gatnaşyjy banklara hat üsti bilen habar berilýär.
44. Gatnaşyjy banklar hat alan gününden 10 (on) iş gününiň dowamynda ýörite gatançlary tölemeklige borçludyrlar.

VII. Jemleýji düzgünler

 45. Gatnaşyjy bankda goýumlary kepillendirmek boýunça borçnamalar «Fiziki şahslaryň goýumlarynyň hökmany kepilligi hakynda» Türkmenistanyň  Kanunyna  laýyklykda  hem-de fiziki şahslaryň goýumlaryny çekmäge hukuk berýän bank işiniň amala aşyrylmagy üçin ygtyýarnamanyň esasynda  ýüze çykýar.
46. Gatnaşyjy bank babatda Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulan täsir ediş çäreleriniň ulanylmagy ony hökmany ýa-da ýörite gatançlary tölemekden boşatmaýar.
47. Talap edilmedik goýumlar, gatnaşyjy bankyň işi bes edilenden soňra, Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda geljekde ýerine ýetirmek üçin ygtyýarlyk berlen bankda aýratyn hasapda saklanylýar (deponirlenýär).
48. Fiziki şahslaryň goýumlarynyň hökmany kepilligi boýunça gatnaşyklardan ýüze çykýan jedeller Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde çözülýär.

Goýumlaryň hökmany kepillendiriliş gaznasynyň
emele gelmeginiň, serişdeleriniň ýerleşdirilmeginiň
we ondan tölegleriň,  kepillik ätiýaçlygynyň emele
gelmeginiň, gatnaşyjy banklar tarapyndan hökmany
we ýörite gatançlaryň tölenilmeginiň tertibi hakynda 
Düzgünnama 1-nji goşundy

______________________________________________
(Kepillik öwez dolmanyň  tölenilmegine
ygtyýarlyk berlen bankyň ady, şahamçasynyň ady)

_______________________________________________
(Kepillik öwez dolmany almak üçin ýüz tutýan fiziki şahsyň familiýasy, ady, atasynyň ady ýaşaýan salgysy, goýumçynyň şahsyýetini tassyklaýan resminamanyň görnüşi, belgisi)

                                                   Arza
Meniň__________________ ___________________________________________________
(ygtyýarlyk berlen bankyň ady, şahamçasynyň ady)

bankynda ______________________    belgili hasapda goýan____________________________

(bank hasabynyň belgisi) (goýumyň pul möçberi san görnüşinde)

 __________________________________________________________________________                                 (goýumyň möçberi ýazmaça görnüşde)

__________________________________________________________________________
(goýumyň pul birligi)
möçberindäki  pul serişdelerim  boýunça nagt/nagt däl görnüşde (gereginiň aşagyny çyzmaly) kepillik öwez dolmanyň tölenilmegini haýyş edýärin.  Degişli pul serişdelerini meniň _________________________   bankyndaky ________________________________________________________________
(ygtyýarlyk berlen bankyň ady, şahamçasynyň ady)                                      (bank hasabynyň belgisi)

belgili hasabyma geçirip bermegiňizi soraýaryn  (nagt däl görnüşde tölenen ýagdaýynda doldurylýar).

Goşundy:  Goýumçynyň  şahsyýetini  tassyklaýan resminamanyň nusgasy - ____ sahypa.

Bankyň  goýumçynyň  öňündäki borçnamalaryny tassyklaýan resminamalaryň  nusgasy ___ sahypa.

Sene:____/______/_______
gün        aý                ýyl              

Goýumçynyň şahsy goly____________

 

 

 

Goýumlaryň hökmany kepillendiriliş gaznasynyň
emele gelmeginiň, serişdeleriniň ýerleşdirilmeginiň
we ondan tölegleriň,  kepillik ätiýaçlygynyň emele
gelmeginiň, gatnaşyjy banklar tarapyndan hökmany
we ýörite gatançlaryň tölenilmeginiň tertibi hakynda 
Düzgünnama 2-nji goşundy

201__-nji(y) ýylyň ____-nji (y) çärýeginiň         jemi boýunça
______________________
(bankyň ady)
Goýumlaryň hökmany kepillendiriliş gaznasyna tölenilýän
hökmany gatançlaryň möçberiniň hasaplamasy
müň manatda


Görkezijiler

Milli puldaky jemi

Daşary ýurt pulyndaky jemi

Jemi möçberi

1.Goýumlaryň galyndysy:

 

 

 

  1. degişli çärýegiň birinji aýynyň başyndaky

 

 

 

  1. degişli çärýegiň ikinji aýynyň başyndaky

 

 

 

ç) degişli çärýegiň üçünji   
aýynyň başyndaky

 

 

 

d) degişli çärýegiň soňundan gelýän aýynyň başyndaky

 

 

 

2. Goýumlaryň ortaça galyndysy  ((a+d)/2+(b+ç))/3

 

 

 

3. Hökmany  gatanjyň möçberi (2-nji setir x 0,125)/100

 

 

 

Bankyň ýolbaşçysy
Bankyň baş buhgalteri
_______ýylyň “___”_________
Bellik:
Goýumlaryň galyndysynyň hasaplamasyna balansyň 23208, 23308, 23908 hasaplary goşulýar. Daşary ýurt pulundaky goýumlaryň jemi degişli sene üçin Türkmenistanyň Merkezi banky tarapyndan bellenilýän hümmet boýunça hasaplanylýar.

Türkmenistanyň Adalat ministrligi tarapyndan
2017-njy ýylyň 25-nji oktýabrynda bellige alyndy.

Bellige alyş sany 1102.