Türkmenistanyň Merkezi bankynyň Müdiriýetiniň Başlygynyň 2006-njy ýylyň 25-nji aprelinde çykaran №18 BUÝRUGY
Türkmenistanyň çäklerinde hasaba alnan bank edaralary tarapyndan öz müşderilerine bank hasabyny açmagyň, gaýtadan resmileşdirmegiň we ýapmagyň tertibini düzgünleşdirmek maksady bilen, buýurýaryn:
- Bank hasaby hakynda düzgünnamany hasaplamaly (goşulýar).
- Türkmenistanyň Merkezi banky tarapyndan 1995-nji ýylyň 22-nji martynda tassyklanan we Türkmenistanyň Ýustisiýa ministrligi tarapyndan 1995-nji ýylyň 12-nji aprelinde 3 belgi bilen bellige alnan, Türkmenistanyň çäklerinde ygtyýar edilen banklar tarapyndan daşary ýurt walýutasynda hasaplary açmagyň we alyp barmagyň Tertibini güýjüni ýitiren diýip hasap etmeli.
Türkmenistanyň Merkezi banky tarapyndan
2006-njy ýylyň 25-nji aprelinde
çykaran №18 buýrugy bilen
tassyklanyldy
Bank hasaby hakynda Düzgünnama
(Türkmenistanyň Merkezi banky tarapyndan 2011-nji ýylyň 29-njy martyndaky buýrugy esasynda girizilen üýtgetmeler we goşmaçalar bilen Türkmenistanyň Adalat ministrligi tarapyndan 2011-nji ýylyň 16-njy aprelinde 567 san bilen bellige alnan)
1-nji bölüm. UMUMY DÜZGÜNLER
1.1. Şu Düzgünnama Saparmyrat Türkmenbaşynyň Türkmenistanyň Raýat bitewi Kanunyna, «Türkmenistanyň Merkezi banky hakynda», «Täjirçilik banklary we bank işi hakynda», «Buhgalterlik hasaba alnyşy hakynda» Türkmenistanyň kanunlaryna we Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryna laýyklykda işlenip düzüldi hem-de bank hasabyny açmagyň, gaýtadan resmileşdirmegiň we ýapmagyň tertibini düzgünleşdirýär.
1.2. Şu Düzgünnamada ulanmak üçin şu düşünjeler girizilýär:
- bank hasaby – bankyň öz müşderisine açýan hasaplaşyk, gündelik, býujet, depozit (goýum), ýörite, wagtlaýyn, aragatnaşyk hasaplary hem-de kömekçi hasaplary;
- bank – bankyň şahamçalaryny we bank gulluklaryny hem goşmak bilen, Türkmenistanyň çäklerinde hereket edýän bank edarasy;
- bankyň müşderisi – edara görnüşindäki taraplar we olaryň düzüm birlikleri, hususy telekeçiler, şeýle hem şahsy adamlar;
- müşderiniň hukuk salgysy:
- edara görnüşindäki taraplar we olaryň şahamçalary, wekillikleri üçin – resmi taýdan hasaba alnan we bellenilen tertipde Edara görnüşindäki taraplaryň ýeke-täk döwlet sanawyna (mundan beýläk – EGTÝDS) girizilen salgysy;
- hususy telekeçiler/şahsy adamlar üçin – hususy telekeçiniň/şahsy adamyň ýaşaýan ýeriniň salgysy;
- göçürme nusga – hakykylygy Döwlet kepillendiriş edarasy ýa-da resminamanyň asyl nusgasyny resmileşdiren edara tarapyndan tassyklanan resminamanyň göçürme nusgasy.
1.3. Bank hasaby bankyň müşderisine Saparmyrat Türkmenbaşynyň Türkmenistanyň Raýat bitewi Kanunyna laýyklykda baglaşylan şertnama esasynda açylýar.
Bank hasaby açylanda, gaýtadan resmileşdirilende we ýapylanda, bank Türkmenistanyň kanunçylygyny, şeýle hem şu Düzgünnamany gollanýar.
1.4. Müşderi bank hasabyny açmak üçin, degişli hasaby açmaklyga arzany we hasaby hukuk taýdan resmileşdirmek üçin resmi namalary banka tabşyrýar. Hukukçy, bankyň wezipe birlikleriniň sanawynda hukukçy wezipesi bolmadyk ýagdaýynda bolsa, bankyň baş buhgalteri ýa-da onuň orunbasary hasaby açmak üçin berlen resmi namalary gözden geçirenden soň, zerur bolan ähli resmi namalaryň bardygy barada arzada bellik edýär we arzany bankyň ýolbaşçysynyň garamagyna berýär.
Bank hasaby müşderiniň arzasyna bankyň ýolbaşçysy ýa-da onuň orunbasary gol çekenden soň açylýar.
1.5. Bank hasabyny açmak boýunça resminamalar, şertnamanyň asyl nusgasyny hem goşmak bilen, müşderiniň hukuk işinde ýerleşdirilýär; biri amal işgärinde, ikinjisi bolsa buhgalter-gözegçide ýa-da gözegçilik wezipesi berkidilen beýleki bir ygtyýarlandyrylan işgärde saklanýan, gol nusgalary we möhüriň yzy goýulan kartoçka muňa girmeýär.
Müşderileriň hukuk resminamalary bankyň içerki kadalary bilen bellenilen tertipde saklanýar.
Amal işgärleri bank hasabynyň her bir görnüşi boýunça şertnama laýyklykda geçirmek üçin göz öňünde tutulan amallaryň sanawy bilen üpjün edilýär.
1.6. Müşderiniň esaslandyryş resmi namalarynda göz öňünde tutulan işiniň görnüşlerine laýyklykda amala aşyrylýan amallar boýunça hasaplaşyklar bank hasabyndan Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda geçirilýär.
Nagt pul serişdelerini almagyň we olary ulanmagyň, şol sanda nagt girdejileriň ýerlerde ulanylmagynyň tertibi Türkmenistanyň kanunçylygyna hem-de bank bilen onuň müşderisiniň arasyndaky şertnama laýyklykda düzgünleşdirilýär.
1.7. Müşderiniň bank amalyny geçirmäge tabşyrygy, tabşyrykda görkezilen şahslaryň gollarynyň we möhüriň yzynyň (ol bar bolan ýagdaýynda) gol nusgalary we möhüriň yzy goýulan kartoçkadaky nusgalara gabat gelen ýagdaýynda güýji bardyr.
1.8. Bank hasabyndan tölegler, eger-de şertnamada başgaça göz öňünde tutulmadyk bolsa, bank tarapyndan şol hasapdaky galyndynyň çäklerinde amala aşyrylýar.
1.9. Şertnama laýyklykda müşderä bank hasabyndan göçürmeler berilýär.
1.10. Bank hasaby boýunça aktiw amallaryň togtadylmagy ýa-da bank hasabynda bar bolan pul serişdeleriniň tussag edilmegi Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda amala aşyrylýar.
Bank hasaby boýunça aktiw amallaryň täzeden ýola goýulmagy, degişlilikde, bank hasaby boýunça aktiw amallary togtadan ygtyýarly guramalaryň ýazmaça habarnamalary ýa-da bank hasabynda bar bolan serişdeleri tussag etmek hakynda çözgüdiň ýatyrylandygy baradaky habarnamalary esasynda amala aşyrylýar.
Müşderiniň hasaby ýöretmek üçin zerur bolan resmi namalary tabşyrmagyna çenli (şol sanda möhüriň yzynyň bellenilen möhletde tabşyrylmagyna çenli), bank hasaby boýunça amallar bankyň ýolbaşçysynyň görkezmesi esasynda wagtlaýyn togtadylyp bilner, aşakdaky tölegler muňa girmeýär:
- ömrüne we saglygyna ýetirilen zyýanyň öwezini dolmak, alimentleri tölemek boýunça;
- zähmet şertnamasy esasynda, zähmet borçlaryny ýerine ýetirmek bilen bagly raýat-hukuk häsiýetli beýleki şertnamalar boýunça işleýän adamlara işden çykylanda berilýän hemaýat puluny we zähmet hakyny tölemek, şeýle hem awtorlyk şertnamasy boýunça hem-de işgärlere öwezini doluş pullaryny tölemek boýunça;
- döwlet pensiýalaryny we kömek pullaryny tölemek, şertnama boýunça hökmany döwlet durmuş ätiýaçlandyryşyna, meýletin pensiýa we saglyk ätiýaçlandyryşyna geçirmeler boýunça;
- hasabyň eýesine degişli emlägi girew goýmak bilen üpjün edilen, kreditorlaryň talaplarynyň öwezini dolmak boýunça;
- döwlet býujetine;
- hasabyň eýesine degişli emlägi girew goýmak bilen üpjün edilmedik, karzlar boýunça (olar boýunça göterimleri hem goşmak bilen) bergileri üzmeklige.
1.11. Bank hasabynyň ýapylmagy hasabyň eýesiniň arzasy boýunça we beýleki ýagdaýlarda, Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda amala aşyrylýar.
1.12. Bank hasaplaryny hasaba almak üçin, bankda Hasaplary bellige alyş kitaby ýöredilýär. Hasaplary bellige alyş kitaby aýratynlykda, milli puldaky hasaplary hasaba almak üçin we daşary ýurt pulundaky hasaplary hasaba almak üçin ýöredilýär.
Kitap belgilenen, ýüp bilen daňylan we bankyň ýolbaşçysynyň hem-de baş buhgalteriniň gollary we möhüri bilen tassyklanan bolmalydyr.
Hasaplary bellige alyş kitaby kagyz göterijilerde hem, elektron görnüşde hem ýöredilip bilner. Kitap elektron görnüşde ýöredilen ýagdaýynda, açylan, gaýtadan resmileşdirilen we ýapylan hasaplar baradaky maglumatlar her günde çap edilýär. Elektron kitabyň çap edilen sahypalary bankyň ýolbaşçysynyň we baş buhgalteriniň gollary bilen tassyklanylýar. Aýyň tamamlanmagy bilen, çap edilen sahypalar depder edilip çatylýar, bular öz gezeginde ýylyň tamamlanmagy boýunça, kagyz göterijidäki Hasaplary bellige alyş kitabyny ýöretmek üçin göz öňünde tutulan ähli talaplary berjaý etmek bilen, ћurnal görnüşinde birleşdirilýär.
1.13. Zerurlyk bolanda, hasaba hyzmat etmek üçin goşmaça maglumatlaryň we resmi namalaryň tabşyrylmagyny müşderiden soramaga bankyň hukugy bardyr.
1.14. Bank ýygymlarynyň alynmagy tassyklanan nyrhnamalara we bank hasabynyň şertnamasynyň şertlerine laýyklykda amala aşyrylýar.
2-nji bölüm. BANK HASAPLARYNYŇ GÖRNÜŞLERI
2.1. Bank hasaplary aşakdaky görnüşlere bölünýär:
- hasaplaşyk hasaby (kömekçi hasaby);
- manatdaky gündelik hasap;
- daşary ýurt pulundaky gündelik hasap;
- býujet hasaby;
- depozit (goýum) hasaby;
- ýörite hasap;
- wagtlaýyn hasap;
- manatdaky aragatnaşyk hasaby (kömekçi hasaby);
- daşary ýurt pulundaky aragatnaşyk hasaby (kömekçi hasaby).
2.2. Hasaplaşyk hasaby özbaşdak balansy bolan ýa-da beýannama düzýän we peýda almak maksady bilen iş geçirýän, edara görnüşindäki tarap ýa-da edara görnüşindäki tarapy döretmeýän hususy telekeçi bolup durýan müşderä açylýar.
Öz işini edara görnüşindäki tarapy döretmezden amala aşyrýan hususy telekeçä, bank hasaby onuň öz adyna açylýar we bu hasaba başga adamlaryň eýelik etmegi gadagandyr.
2.3. Müşderiniň bolýan ýeriniň daşynda ýerleşýän we edara görnüşindäki tarap bolup durmaýan şahamçasyna hem-de wekilçiligine, baş edarasynyň ýüz tutmasy boýunça, birligiň hukuk salgysyna görä hasaplaşyk kömekçi hasaby açylyp biler.
Ministrligiň, pudaklaýyn dolandyryş edarasynyň edara görnüşindäki tarapyň hukugy berlip esaslandyrylan düzüm birligine, käbir maliýe-hojalyk wezipeleriniň merkezleşdirilmegi şertlerinde, hasaplaşyk kömekçi hasaby açylyp bilner.
Hasaplaşyk kömekçi hasaby baş edara tarapyndan jikme-jik hasaba alnyşy alyp barmak maksady bilen açylýar we esasy hasaplaşyk hasabyndan aýratynlykda seredilip bilinmez.
Hasaplaşyk kömekçi hasaby nagt girdejileri jemlemek we görkezilen düzüm birligiň ygtyýarlyklarynyň çäklerinde, onuň tölegleri boýunça nagt däl hasaplaşyklary geçirmek üçin niýetlenilýär.
Hasaplaşyk kömekçi hasaby müşderiniň hasaplaşyk hasaby açylan bank tarapyndan berlip, onuň ýolbaşçysy we baş buhgalteri tarapyndan gol çekilen hem-de bankyň möhüriniň yzy bilen berkidilen ýazmaça rugsady esasynda açylýar. Rugsat hatynda, müşderiniň ýüz tutmasy esasynda, hasaplaşyk kömekçi hasaby boýunça toplanan serişdeleriň baş edarasynyň hasaplaşyk hasabyna geçirilmeli möhletlerini hökmany tertipde görkezmek bilen, hasaplaşyk kömekçi hasaby boýunça amallaryň sanawy berilýär. Müşderiniň ýüz tutmasy we hasaplaşyk kömekçi hasaby açmaklyga bankyň rugsat hatynyň nusgasy müşderiniň esasy işine hyzmat etmek boýunça hukuk işinde saklanylýar.
2.4. Manatdaky gündelik hasap aşakdaky alamatlary bolan müşderä açylýar:
- täjirçilik işi bilen meşgullanmaýan edara görnüşindäki tarapa;
- býujet sarp edijisi bolana ýa-da döwlet býujetinden maliýeleşdirilýäne;
- jemgyýetçilik gaznalarynyň hemişelik ygtyýarlandyrylany bolana;
- jemgyýetçilik birleşigine (şol sanda kärdeşler guramasyna) ýa-da dini gurama bolana;
- edara görnüşindäki tarapyň bolýan ýeriniň daşynda ýerleşýän we edara görnüşindäki tarap bolup durmaýan şahamçasyna hem-de wekilçiligine.
Gündelik hasap ýokary duran guramasyndan ýa-da nagt girdejileri jemlemek üçin hasaplaşyk kömekçi hasabyndan geçirmeler boýunça serişdeleri girdeji etmek hem-de zähmet hakyna we edara ediş-hojalyk çykdajylarynyň tassyklanylan sanawynyň çäklerinde, dolandyryş diwanyny saklamak üçin çykdajy etmäge niýetlenilendir;
gastrola gelen tomaşa kärhanasyna.
Gastrola gelen tomaşa kärhanasyna gündelik hasap tomaşa kärhanasynyň hasaplaşyk hasabyna hyzmat edýän bankyň bellän möhletine açylýar. Gastrola gelen tomaşa kärhanasynyň gündelik hasabyna nagt girdejisi hem, eger-de bu barada tomaşa kärhanasynyň esasy işi boýunça hasaba hyzmat edýän bankyň görkezmesinde görkezilen bolsa, girdeji edilip biler.
2.5. Daşary ýurt pulundaky gündelik hasap şulara açylýar:
daşary ykdysady işe gatnaşyjy hökmünde hasaba alnan Türkmenistanyň rezidenti bolan edara görnüşindäki taraplara we hususy telekeçilere-şahsy adamlara, şeýle hem degişli güwänama bar bolanda, «Kiçi we orta telekeçiligi döwlet tarapyndan goldamak hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda kiçi we orta telekeçilik subýektleri hökmünde ykrar edilen telekeçilik edara görnüşli taraplara we şahsy adamlara;
daşary ýurt kompaniýalarynyň (firmalarynyň) Türkmenistanyň çäginde bellige alynmadyk şahamçalaryna;
Türkmenistanyň çäkleriniň daşynda ýerleşip, daşary ýurtlaryň kanunçylygyna laýyklykda esaslandyrylan (şol sanda Türkmenistanyň kärhanalarynyň we guramalarynyň gatnaşmagynda) we hereket edýän kärhanalara, guramalara (firmalara);
Türkmenistanda ýerleşip, diplomatik ýeňilliklerden we goraglylykdan peýdalanýan daşary ýurt diplomatik, söwda we gaýry resmi wekilçiliklere, halkara guramalaryna we olaryň şahamçalaryna;
gaýry daşary ýurt guramalarynyň we firmalarynyň hojalyk ýa-da gaýry täjirçilik işi amala aşyrmaýan Türkmenistandaky wekilçiliklerine;
edara görnüşindäki tarapy döretmeýän, rezident bolmadyk hususy telekeçilere.
2.6. Býujet hasaby Türkmenistanyň Döwlet býujetine salgyt we beýleki tölegler boýunça girdejileri jemlemek üçin, şeýle hem Döwlet býujetiniň serişdelerini ulanmak boýunça amallary hasaba almak üçin, Türkmenistanyň maliýe ministrliginiň Gazna müdirligine hem-de onuň ýerli bölümlerine açylýar. Býujet hasaby şeýle-de, Geňeşleriň býujetleriniň serişdeleriniň jemlenilmegi we ulanylmagy üçin Geňeşlere açylýar.
2.7. Depozit (goýum) hasaby bank bilen müşderiniň arasynda baglanyşylan depozit (goýum) şertnamasy esasynda, şertnamada görkezilen möhlete, möhletsiz esasda (talap edilýänçä), şeýle hem kesgitli şertler bilen açylyp bilner. Hasaplaryň maksatlaýyn niýetlenilişi bankyň içerki kadalaryna laýyklykda kesgitlenilýär.
Bankyň içerki syýasatyny kesgitlemeginde, talap edilýänçä goýumlar (depozitler) boýunça hasaplaryň şertnama baglanyşylmazdan açylmagy göz öňünde tutulyp bilner.
2.8. Ýörite hasap Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda, pul serişdelerini anyk maksatlara toplamak, deponirlemek ýa-da saklamak üçin açylýar:
a) ýörite (toplaýjy) hasap täze esaslandyrylýan kärhananyň esaslyk maýasyna esaslandyryjylaryň goýumlaryny geçirmek üçin açylýar. Kärhananyň döwlet hasaba alnyşyndan soňra ýörite hasapdaky serişdeler hasaplaşyk hasabyna geçirilýär.
b) haýyr-sogap maksatlaryna (aýry-aýry adamlaryň daşary ýurtlarda saglygyny dikeltmegi, Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda beýleki çäreleriň geçirilmegi) serişdeleri toplamak üçin ýörite hasap, serişdeleri toplamagyň zerurlygyny tassyklaýan şu resmi namalar banka tabşyrylan ýagdaýynda açylýar:
saglygy dikeltmek üçin – Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi tarapyndan berlip, tugraly möhüri bilen tassyklanylan netijenama;
gurluşyk üçin – degişli gyzyklanýan edaranyň (gaznanyň) ýüz tutmasy we häkimligiň delilnama – rugsatnamasy;
gaýry haýyr-sogap çäreleriniň geçirilmegi üçin – degişli gyzyklanýan guramanyň (gaznanyň) ýüz tutmasy;
ç) gaýry maksatlar (grantlara, edara görnüşindäki tarapy döretmezden şertnama (geleşik) esasynda amala aşyrylýan, bilelikdäki işiň dürli görnüşlerine hyzmat etmek we beýlekiler) üçin ýörite hasap, granty alyjynyň, bilelikdäki işe gatnaşyjy – rezidentiň esasy işine hyzmat etmek boýunça hasabyň açylýan balans hasabynda açylýar;
d) ýörite depozit hasaby Türkmenistanyň Döwlet haryt – çig mal birћasynda geleşikleri baglaşmak üçin açylýar.
2.9. Wagtlaýyn hasap bölekleýin ulanmaga berlen (goýberiş toplumy, nobat, tapgyr we ş.m.) gurulýan kärhana, şeýle hem gurluşygy Türkmenistanyň hereket edýän kanunçylygy bilen kesgitlenen tertipde tassyklanan kärhananyň dolandyrmasyna açylyp bilner.
Wagtlaýyn hasap kärhananyň doly ulanylmaga berilmegine çenli möhlete açylýar.
Gurluşyk tamamlanandan soň, hasabyň eýesi hyzmat ediji bankyna esasy işine hyzmat etmek boýunça hasaby açmak üçin zerur bolan resmi namalary tabşyrýar. Esasy işine hyzmat etmek boýunça bank hasaby açylandan soň, wagtlaýyn hasapdaky serişdeleriň galyndysy şol hasaba geçirilýär.
2.10. Manatdaky aragatnaşyk hasaby bank amallaryny geçirmäge Türkmenistanyň Merkezi bankynyň (mundan beýläk – TMB) ygtyýarnamasy bolan baş banka TMB-niň hasaplaşyk ulgamynyň edaralarynda we beýleki banklarda açylýar.
2.11. Manatdaky aragatnaşyk kömekçi hasaby baş bank tarapyndan öz şahamçasyna TMB-niň hasaplaşyk ulgamynyň edaralarynda açylyp bilner.
2.12. Daşary ýurt pulundaky aragatnaşyk hasaby daşary ýurt pulundaky bank amallaryny geçirmäge TMB-niň ygtyýarnamasy bolan baş banka, şahamça aragatnaşyk gatnaşyklaryny ýola goýmak hakynda ylalaşyk esasynda açylýar.
3-nji bölüm. BANK HASABYNYŇ AÇYLYŞY
3.1. Bank hasabyny açmak üçin zerur bolan resmi namalar
3.1.1. Bank hasabyny açmak üçin şu resmi namalar zerur bolup durýar:
а) hasaby açmak üçin bellenen görnüşdäki arza (№№1, 2 goşundylar).
b) döwlet hasaba alnyşy we salgyt hasabyna goýulandygy hakyndaky resmi namalaryň göçürme nusgalary. Bu resminamalar täzelenende, müşderi täzelenen resminamalaryň göçürme nusgalaryny berýär. Resminamalaryň göçürme nusgalary müşderiniň hukuk işine ýerleşdirilýär.
Bankyň baş buhgalteri (onuň orunbasary) döwlet hasaba alnyşy hakynda resmi namanyň asyl nusgasynda hasabyň açylan senesini, hasabyň belgisini görkezmek bilen, bank hasabynyň açylandygy hakynda bellik edýär we ýazgyny öz goly hem-de bankyň möhüri bilen berkidýär, soňra ony müşderä gaýtaryp berýär;
ç) müşderiniň esaslandyryş resmi namalarynyň (tertipnama/düzgünnama we esaslandyryş şertnamasy) asyl we göçürme nusgalary. Olaryň düzümine üýtgetmeleriň we goşmaçalaryň girizilen ýagdaýynda, görkezilen üýtgetmeleri we goşmaçalary tassyklaýan resmi namalaryň göçürme nusgalary banka tabşyrylýar.
Ýer eýeleri we ýerden peýdalanyjylar ýere eýelik etmek (ýeri ulanmak) üçin resmi namalaryň hakykylygy bellenilen tertipde tassyklanylan göçürme nusgalaryny banka tabşyrýarlar;
d) gollaryň nusgalary we möhüriň yzy goýulan kartoçka (№3 goşundy);
e) Türkmenistana diplomatik wekilçiligiň ýolbaşçysynyň ýa-da ony çalyşýan şahsyň we halkara guramanyň ýolbaşçysynyň Türkmenistanyň çäklerinde ygtyýarlandyrylandygyny tassyklaýan resmi namanyň göçürme nusgasy.
3.1.2. Hasaplaryň görnüşleri boýunça resminamalaryň doly Sanawy şu Düzgünnamanyň №4 goşundysynda berildi.
3.1.3. Daşary ýurt pulundaky bank hasabyny açmak üçin, goşmaça daşary ykdysady işe gatnaşyjynyň göçürmesiniň nusgasyny ýa-da kiçi we orta telekeçilik subýektlerine degişliligi barada güwänamanyň göçürme nusgasyny bermek bilen, esasy işine hyzmat etmek boýunça manatdaky hasabyň açylyşyndaky ýaly resmi namalar banka tabşyrylýar.
Esasy işine hyzmat etmek boýunça manatdaky hasabyň açylan ýeri bolan bank edarasynda daşary ýurt pulundaky bank hasaby açylan ýagdaýynda, döwlet hasaba alnyşy, salgyt hasabyna goýulandygy hakyndaky we esaslandyryş resmi namalarynyň nusgalary tabşyrylmaýar, ýöne, görkezilen resmi namalaryň müşderiniň hukuk işinde bardygy hakynda ýazmaça görkezilýär.
3.1.4. Bankyň baş buhgalteri (onuň orunbasary) müşderiniň döwlet hasaba alnyşy hakynda resminamanyň (EGTÝDS-den göçürmäniň) asyl nusgasynda hasabyň belgisini görkezmek bilen, hasabyň açylandygy barada bellik edýär we ýazgyny özüniň goly we möhür (eýeçiligiň döwlet görnüşindäki banklar üçin – tugraly möhür, beýleki banklar üçin – bankyň esasy möhüri) bilen tassyklaýar.
3.1.5. Daşary ýurt pulundaky bank hasaplary hasabyň eýesiniň arzasynda görkezilen bir ýa-da birnäçe daşary ýurt pulunda açylýar, olaryň tertip belgisi bir meňzeş we pul birlikleriniň şertli belgileri dürli bolýar.
3.2. Bank hasabynyň açylyşyny resmileşdiriş amaly
3.2.1. Hasabyň açylmagy we hyzmat edilmegi üçin, müşderi bank bilen bank hasaby hakynda şertnamany baglaşýar. Şertnama ýazmaça görnüşde baglaşylýar. Şertnamada aşakdaky şertler hökman bolmalydyr:
- gatnaşýan taraplar;
- näme baradadygy;
- bankyň hyzmatlaryna tölegiň möçberi we tertibi;
- hyzmat etmegiň şertleri;
- taraplaryň hukuklary we borçlary;
- taraplaryň jogapkärçiligi;
- jedellere garamagyň tertibi;
- şertnamanyň hereket edýän möhleti, ony üýtgetmegiň we ýatyrmagyň tertibi;
- taraplaryň hukuk salgylary we maglumatlary.
Taraplaryň razyçylygy bilen şertnama goşmaça şertler hem girizilip bilner.
3.2.2. Gollaryň nusgalary we möhüriň yzy goýulan kartoçkany (mundan beýläk – kartoçka) resmileşdirmegiň tertibi:
а) kartoçka müşderi tarapyndan ýazýan ýa-da elektron-hasaplaýjy maşynlar arkaly gara reňkli şrifti bilen ýa-da gara, gök ýa-da benewşe (syýaly) ruçka bilen doldurylýar. Kartoçkany doldurmak üçin goluň möhürjiginiň ulanylmagyna ýol berilmeýär. Kartoçkada Türkmenistanyň kanunçylygyna we esaslandyryş resminamalaryna laýyklykda, hasaby dolandyrmaga hukugy we töleg hem-de beýleki hasaplaşyk resminamalarynda gol çekmäge hukugy bolan adamlar gol çekýärler.
Elektron resmi namalary ulanmak arkaly hasaplaşyklar geçirilende, gollary barlamagyň açyk açary goýulyp, müşderiniň gollary we möhüri bilen tassyklanylan kartoçka tabşyrylýar.
Birinji gol hukugy müşderiniň ýolbaşçysyna, şeýle hem ýolbaşçynyň ygtyýarlandyran wezipeli şahslaryna degişlidir. Ikinji gol hukugy baş buhgaltere we ygtyýarlandyrylan wezipeli şahslara degişlidir. Kartoçkada birinji gol hukugy, şeýle hem ikinji gol hukugy bolan birnäçe şahslaryň gol nusgalary berlip biler;
Wezipe sanawynda baş buhgalteriň ýa-da baş buhgalteriň wezipesini ýerine ýetirýän başga bir şahsyň göz öňünde tutulmadyk ýagdaýynda, kartoçkanyň ikinji gol goýulmagy göz öňünde tutulan meýdançasynda «göz öňünde tutulmadyk» diýen bellik edilýär. Bu tertip hususy telekeçi üçin hem ulanylýar.
b) alnan möhüriň yzy hökmany tertipde kartoçka goýulýar. Ýörite maksatlar üçin niýetlenilen möhürleriň ulanylmagy (mysal üçin bukjalar üçin, rugsatnamalar üçin we ş.m.) gadagandyr.
Täze esaslandyrylan edara görnüşindäki tarapda, şeýle hem üýtgedip guralmagy, adynyň we degişliliginiň üýtgemegi, möhüriniň könelmegi ýa-da ýitirilmegi bilen baglylykda, möhüriň wagtlaýyn bolmadyk ýagdaýynda, müşderiniň ýazmaça arzasy esasynda, müşderiniň üç aýyň çäklerinde hasap boýunça amallary geçirmegine bankyň ýolbaşçysy tarapyndan rugsat berilýär. Şol bir wagtda-da möhüriň bolmadyk döwründe hasaplaşyk töleg resmi namalaryny resmileşdirmegiň tertibi kesgitlenilýär. Şu ýagdaýlarda bankyň degişli ygtyýarlandyrylan işgäri kartoçka bellik edýär;
ç) hasap açmak üçin müşderiniň tabşyrýan kartoçkasynyň zerur bolan nusgalarynyň sany bank tarapyndan kesgitlenýär. Şunda kartoçkanyň nusgalary bankyň içerki kadalary bilen kesgitlenilen tertipde saklanýar;
d) kartoçkadaky gollaryň hakykylygy ýokary duran gurama ýa-da döwlet kepillendiriş edarasy tarapyndan tassyklanan bolmalydyr;
e) kartoçkadaky gollar döwlet kepillendiriş edarasy tarapyndan tassyklanan ýagdaýynda, güwä geçiji ýazgyda wezipeli şahslaryň gollarynyň hakykylygynyň tassyknamasy bolmalydyr;
ä) kartoçkada azyndan bir goluň çalşylan ýa-da goşulan ýagdaýynda birinji we ikinji gol hukugy bolan şahslaryň ählisi üçin täze kartoçka tabşyrylýar;
f) aşakdaky ýagdaýlarda kartoçkadaky gollary tassyklamagyň aýratynlyklary şulardyr:
- ýolbaşçynyň ýa-da baş buhgalteriň borçlaryny wagtlaýyn ýerine ýetiriji bellenilende, ýokary duran guramasy tarapyndan ýa-da döwlet kepillendiriş edaralary tarapyndan tassyklanylan golly täze wagtlaýyn kartoçka (kartoçkada möhletini görkezmek bilen, «Wagtlaýyn» diýen bellik goýulýar), diňe ýolbaşçynyň ýa-da baş buhgalteriň borçlaryny wagtlaýyn ýerine ýetiriji şahsyň goly bilen tabşyrylýar;
- birinji ýa-da ikinji gol hukugynyň wagtlaýyn başga birine berlen ýagdaýynda, şeýle-de ýolbaşçynyň ygtyýarlandyrylan şahslarynyň biri wagtlaýyn çalşylanda, degişlilikde, täze kartoçka resmileşdirilmeýär, wagtlaýyn ygtyýarlandyrylan şahsyň hakykylygy ýokary duran gurama tarapyndan ýa-da döwlet kepillendiriş edarasy tarapyndan tassyklanan goly goýulan kartoçka hereket ediş möhletini görkezmek bilen (ýöne üç aýdan köp bolmadyk) tabşyrylýar;
- ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň we ýerine ýetiriji häkimýet edaralarynyň adyna açylan hasaplar boýunça kartoçkadaky gollar Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan tassyklanyp biler;
- bankyň adyna açylan hasap boýunça kartoçkadaky gollar döwlet kepillendiriş edaralary tarapyndan ýa-da Türkmenistanyň Merkezi banky tarapyndan tassyklanylmalydyr;
- ilçihananyň (wekilçiligiň) adyna açylan hasap boýunça kartoçkadaky gollar Türkmenistanyň kanunçylygy bilen bellenilen tertipde tassyklanylmalydyr;
- rezident däl tarapyň hasaby boýunça kartoçkadaky gollar Türkmenistanyň kanunçylygy bilen bellenilen tertipde kanunylaşdyrylýar;
- dini guramalaryň hasaplary boýunça kartoçkadaky gollar döwlet kepillendiriş edarasy tarapyndan tassyklanylmalydyr;
Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň, Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň we Türkmenistanyň Milli howpsuzlyk ministrliginiň kärhanalarynyň, edaralarynyň, guramalarynyň hasaplary boýunça gol nusgalary, bellenilen görnüşdäki kartoçkada kärhananyň, edaranyň ýa-da guramanyň ýolbaşçysynyň (başlygynyň) golunyň birinji gol we maliýe bölüminiň müdiriniň (baş ýa-da uly buhgalteriň) gollaryny – ikinji gol hökmünde goýlup tabşyrylýar. Kartoçka hasap açylýan kärhananyň, edaranyň ýa-da guramanyň tugraly möhüriniň yzy goşulýar. Tugraly möhüriň yzy şol bir wagtda müşderiniň ygtyýarlandyrylan şahslarynyň gollarynyň hakykylygynyň tassyknamasy bolup durýar.
g) öz esaslandyran birlikleriniň gol nusgalaryny we möhüriniň yzyny tassyklamaga esaslandyryjynyň (esaslandyryjylaryň) hukugy ýokdyr, ýokarda durýan guramanyň esaslandyryjy bolup çykyş edýän ýagdaýy muňa girmeýär.
3.2.3. Şu aşakdakylar üçin esaslandyrylyşy hakyndaky resmi namalaryň we Tertipnamalarynyň (Düzgünnamalarynyň) tabşyrylmagy talap edilmeýär:
- Türkmenistanyň Mejlisiniň sekretariatyna, Türkmenistanyň Prezidentiniň diwanyna, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň diwanyna we häkimliklere;
- Türkmenistanyň Hökümetiniň kabul eden çözgütleri esasynda esaslandyrylyp, tertipnamasy (düzgünnamasy) Türkmenistanyň kanunçylygy bilen tassyklanylan we çaphana usulynda taýynlanan kärhanalara;
- býujetden maliýeleşdirilýän edaralara we guramalara;
- sport mekdeplerine, sagaldyş-sport, sagaldyş we beýleki lagerlere;
- gastrolda bolýan tomaşa kärhanalaryna;
- kärdeşler arkalaşygy birleşigine (ilkinji guramalaryna);
- edara görnüşindäki tarapy döretmeýän hususy telekeçilere;
- çap edilýän köpçülikleýin habar beriş serişdelerine (redaksiýalara, neşirýatlara);
- kärendeçilere, ýer eýelerine we ýerden peýdalanyjylara.
3.2.4. Dini gurama we jemgyýetçilik birleşigine bank hasaby açylanda, olaryň Türkmenistanyň Adalat ministrliginde hasaba alnan tertipnamasy tabşyrylýar.
4-nji bölüm. HASAPLARYŇ GAÝTADAN RESMILEŞDIRILIŞI WE ÝAPYLYŞY
4.1. Müşderiniň üýtgedip guralmagy (goşulmagy, birleşmegi, bölünmegi, aýrylmagy, täzeden esaslandyrylmagy) bilen baglylykda, bank hasaby gaýtadan resmileşdirilende hasabyň açylmagyndaky ýaly resmi namalar tabşyrylýar.
4.2. Müşderiniň üýtgedip guralmagyna getirmezden, onuň adynyň üýtgedilen, şeýle hem tabynlygy üýtgän ýagdaýynda, onuň degişli resmi namalary tabşyrmagyna çenli, banka müşderiniň üýtgetmeler hakynda habar berilýän arzasy tabşyrylýar.
Ady ýa-da tabynlygy üýtgän ýagdaýynda, müşderi hakykylygy şu Düzgünnamada kesgitlenen tertipde tassyklanan gollar bilen täze kartoçkany tabşyrýar.
4.3. Kärhana ýatyrylan ýagdaýynda, ýatyryş topary kärhanany ýatyrmak we ýatyryş toparyny bellemek hakynda çözgüdiniň nusgasyny, şeýle hem ýatyryş toparynyň ygtyýarly agzalarynyň gollarynyň hakykylygy döwlet kepillendiriş edarasy tarapyndan tassyklanylan nusgalary we ýatyrylýan kärhananyň möhüriniň yzy goýulan kartoçkany banka tabşyrýar.
4.4. Müşderiniň bank hasaplary aşakdaky ýagdaýlarda ýapylýar, goýum hasaplary muňa degişli däldir:
a) hasapda pul serişdeleri bolmadyk ýagdaýynda hasabyň eýesiniň arzasy boýunça; hasap bankyň ýolbaşçysynyň ýazmaça görkezmesi bolan ýagdaýynda ýapylýar;
b) hasabyň eýesiniň arzasy boýunça, görkezilen hasap boýunça aktiw amallaryň şu Düzgünnamanyň 1.10-njy bendine laýyklykda togtadylmadyk we kreditorlaryň talaplary bildirilmedik bolsa, müşderiniň arzasynyň banka gelip gowşan pursatyndan başlap 30 günden gijä galman, hasap bankyň ýolbaşçysynyň ýazmaça görkezmesi bolan ýagdaýynda ýapylýar;
ç) Türkmenistanyň kanunçylygynda kärhanany ýatyrmak ýa-da üýtgedip gurmak wezipesi berkidilen edaranyň çözgüdi esasynda;
d) Türkmenistanyň kazyýetleriniň kärhanany ýatyrmak ýa-da ony batan diýip yglan etmek baradaky degişli çözgüdi esasynda;
e) hasabyň eýesiniň arzasy boýunça, onuň başga banka hyzmat edilmäge geçen ýagdaýynda, banklaryň arasynda ylalaşylan möhletlerde. Müşderiniň hukuk işinde saklanýan resmi namalar (müşderiniň hasaby açmaklyga arzasyndan, kartoçkadan, müşderi bilen hasaplaşyk-kassa hyzmatyna bankyň şertnamasyndan we hasabyň ýapylandygy hakynda salgyt gullugyna habarnamadan başgalary) kabul ediji banka berilýär. Resmi namalaryň berilmegi tabşyryjy we kabul ediji banklaryň degişli ygtyýarly şahslarynyň kabul ediş-tabşyryş delilnamasyny resmileşdirmegi arkaly amala aşyrylýar.
Müşderiniň hasabynda tölenmedik hasaplaşyk resminamalarynyň kartotekasy bolan ýagdaýynda, şol resminamalary gaýtaryp bermek Türkmenistanyň Merkezi bankynyň Müdiriýetiniň başlygynyň 2009-njy ýylyň 19-njy ýanwarynda çykaran №6 buýrugy bilen tassyklanan we Türkmenistanyň Adalat ministrligi tarapyndan 2009-njy ýylyň 24-nji fewralynda №483 bilen bellige alnan, Türkmenistanda nagt däl hasaplaşyklar hakynda Düzgünnamanyň 37-nji bölümine laýyklykda ýerine ýetirilýär.
Hyzmat ediji bankdan alnan karzlar we olaryň göterimleri boýunça bergileriň bolan ýagdaýynda, esasy işine hyzmat etmek boýunça hasabyň başga banka hyzmat edilmäge geçmek maksady bilen ýapylmagyna, diňe bar bolan bergiler doly üzülişilenden soňra ýol berilýär.
Başga banka hyzmat edilmäge geçen müşderiniň salgysyna inkasso tabşyryklary we serişdeleri tölemek üçin beýleki resmi namalar gelen ýagdaýynda, görkezilen resmi namalar sebäbini görkezmek bilen, olary iberijä gaýtarylýar;
ä) hasapda pul serişdeleri we hasap boýunça bir ýyldan köp wagtlap (1.10-njy bende laýyklykda hasap boýunça amallaryň togtadylan we hasaba tussaglyk goýulan möhleti goşmazdan) hereket bolmadyk ýagdaýynda. Hasap bankyň ýolbaşçysynyň çözgüdi esasynda ýapylýar;
f) hasapda durmuş töleglerini we beýleki tölegleri, salgytlary, ýygymlary, paçlary we jerimeleri hasaplamak üçin kesgitlenen binýatlyk möçberiň iki essesinden köp bolmadyk pul serişdeleri bolan we hasap boýunça bir ýyldan köp wagtlap (1.10-njy bende laýyklykda hasap boýunça amallaryň togtadylan we hasaba tussaglyk goýulan möhleti goşmazdan) hereket bolmadyk ýagdaýynda. Hasap bankyň ýolbaşçysynyň çözgüdi esasynda ýapylýar;
Müşderiniň hasaby boýunça serişdeleriň galyndysy bank edarasy tarapyndan «Bankyň hojalyk işjeňligi boýunça kreditorlary» atly №841 ýa-da «Bankyň hojalyk işjeňligi boýunça daşary ýurt pulundaky kreditorlary» atly №851 hasaplara girdeji edilýär;
g) ygtyýarly edaralar tarapyndan kärhananyň döwlet hasaba alnyşy ret edilende;
h) Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulan beýleki ýagdaýlarda.
№4 goşundy
Bank hasabyny açmak üçin zerur bolan resmi namalaryň
sanawy
1. Hasaplaşyk hasabyny açmak üçin tabşyrylýan resmi namalar:
1. Döwlet häkimýetiniň hojalyk birliginiň wezipeleri bolan edarasyna:
- hasap açmak üçin arza;
- döwlet hasaba alnyşy hakynda şahadatnamanyň göçürme nusgasy;
- EGTÝDS-den göçürmäniň nusgasy;
- salgyt hasabyna goýlandygy hakynda şahadatnamanyň göçürme nusgasy;
- kartoçka.
2. Döwlet kärhanasyna:
- hasap açmak üçin arza;
- döwlet hasaba alnyşy hakynda şahadatnamanyň göçürme nusgasy;
- EGTÝDS-den göçürmäniň nusgasy;
- salgyt hasabyna goýlandygy hakynda şahadatnamanyň göçürme nusgasy;
- kartoçka;
- kärhanany döretmek hakynda Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan çykarylan kadalaşdyryjy hukuk namanyň ýa-da beýleki döwlet edarasy tarapyndan öz ygtyýarlyklaryna laýyklykda kabul edilen resmi namanyň göçürme nusgasy;
- Tertipnamanyň (Düzgünnamanyň) nusgasy.
3. Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň, Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň we Türkmenistanyň Milli howpsuzlyk ministrliginiň önümçilik ýa-da täjirçilik işi amala aşyrýan, esasy we dolanyşyk serişdeleri bölünip berlen ýa-da şeýle serişdelere eýelik edýän we özbaşdak balansy bolan kärhanalaryna, edaralaryna we guramalaryna:
- hasap açmak üçin arza;
- döwlet hasaba alnyşy hakynda şahadatnamanyň göçürme nusgasy;
- EGTÝDS-den göçürmäniň nusgasy;
- salgyt hasabyna goýlandygy hakynda şahadatnamanyň göçürme nusgasy;
- kärhanany döretmek hakynda buýrugyň nusgasy;
- kärhana Türkmenistanyň maliýe ministrligi tarapyndan berlen, hasap açmaga rugsadyň nusgasy;
- kartoçka;
- Tertipnamanyň (Düzgünnamanyň) nusgasy.
Bellik: Hasap açmak üçin arza, şeýle hem kartoçka kärhananyň bu hasap boýunça pul resmi namalaryna birinji ýa-da ikinji gol hukugy berlen wezipeli şahsy tarapyndan tabşyrylýar.
Wezipeli şahs görkezilen resmi namalary tabşyranda öz şahadatnamasyny ýa-da şahsyýetini tassyklaýan resmi namasyny görkezýär. Hasap açmak üçin ýokarda görkezilen resmi namalaryň resmileşdirilişiniň dogrulygy barlanandan soňra, kartoçkada «Şahadatnama görkezildi» (berlen senesine, belgisine salgylanmazdan we şahadatnamanyň kim tarapyndan berlendigini görkezmezden) diýen bellik edilýär. Başga resmi nama görkezilen ýagdaýynda, onuň belgisi, berlen senesi we kim tarapyndan berlendigi görkezilýär. Resmi namanyň görkezilendigi baradaky bellik bankyň ýolbaşçysynyň ýa-da baş buhgalteriniň gollary bilen tassyklanylýar.
4. Jemgyýetçilik birleşiginiň kärhanasyna:
- hasap açmak üçin arza;
- döwlet hasaba alnyşy hakynda şahadatnamanyň göçürme nusgasy;
- EGTÝDS-den göçürmäniň nusgasy;
- salgyt hasabyna goýlandygy hakynda şahadatnamanyň göçürme nusgasy;
- kartoçka;
- kärhananyň esaslandyrylandygy hakynda resmi namanyň nusgasy (buýrugyň nusgasy, esaslandyryjylaryň ýygnagynyň teswirnamasynyň nusgasy, esaslandyryş şertnamasynyň nusgasy);
- Tertipnamanyň (Düzgünnamanyň) nusgasy.
5. Hususy kärhana:
- hasap açmak üçin arza;
- Tertipnamanyň nusgasy;
- döwlet hasaba alnyşy hakynda şahadatnamanyň göçürme nusgasy;
- EGTÝDS-den göçürmäniň nusgasy;
- salgyt hasabyna goýlandygy hakynda şahadatnamanyň göçürme nusgasy;
- kartoçka;
- ýerden peýdalanmaga hukuk berýän resmi namanyň nusgasy (ýerden peýdalanmak bilen bagly iş amala aşyrylanda).
6. Kooperatiw kärhana:
- hasap açmak üçin arza;
- döwlet hasaba alnyşy hakynda şahadatnamanyň göçürme nusgasy;
- EGTÝDS-den göçürmäniň nusgasy;
- salgyt hasabyna goýlandygy hakynda şahadatnamanyň göçürme nusgasy;
- kartoçka;
- kärhananyň esaslandyrylandygy hakynda resmi namanyň nusgasy (esaslandyryjylaryň ýygnagynyň teswirnamasynyň nusgasy, esaslandyryş şertnamasynyň nusgasy);
- Tertipnamanyň nusgasy;
- ýerden peýdalanmaga hukuk berýän resmi namanyň nusgasy (ýerden peýdalanmak bilen bagly iş amala aşyrylanda).
7. Hojalyk jemgyýetine:
- hasap açmak üçin arza;
- döwlet hasaba alnyşy hakynda şahadatnamanyň göçürme nusgasy;
- EGTÝDS-den göçürmäniň nusgasy;
- salgyt hasabyna goýlandygy hakynda şahadatnamanyň göçürme nusgasy;
- kartoçka;
- kärhananyň esaslandyrylandygy hakynda resmi namanyň nusgasy (esaslandyryjylaryň ýygnagynyň teswirnamasynyň nusgasy, esaslandyryş şertnamasynyň nusgasy);
- Tertipnamanyň nusgasy.
8. Paýdarlar jemgyýetine:
- hasap açmak üçin arza;
- döwlet hasaba alnyşy hakynda şahadatnamanyň göçürme nusgasy;
- EGTÝDS-den göçürmäniň nusgasy;
- salgyt hasabyna goýlandygy hakynda şahadatnamanyň göçürme nusgasy;
- kartoçka;
- kärhananyň esaslandyrylandygy hakynda resmi namanyň nusgasy (esaslandyryjylaryň ýygnagynyň teswirnamasynyň nusgasy, esaslandyryş şertnamasynyň nusgasy);
- Tertipnamanyň nusgasy;
- ýerden peýdalanmaga hukuk berýän resmi namanyň nusgasy (ýerden peýdalanmak bilen bagly iş amala aşyrylanda).
9. Toparlaýyn kärendedäki kärendeçilere:
- hasap açmak üçin arza;
- esaslandyryş şertnamasynyň nusgasy;
- salgyt hasabyna goýlandygy hakynda şahadatnamanyň göçürme nusgasy;
- kärende şertnamasynyň nusgasy;
- kartoçka.
10. Ýekebara kärendedäki kärendeçilere:
- hasap açmak üçin arza;
- kärende şertnamasynyň nusgasy;
- salgyt hasabyna goýlandygy hakynda şahadatnamanyň göçürme nusgasy;
- kartoçka.
11. Ýer eýelerine:
- hasap açmak üçin arza;
- kartoçka;
- salgyt hasabyna goýlandygy hakynda şahadatnamanyň göçürme nusgasy;
- ýer üçin resmianamanyň nusgasy (ýeriň kärende şertnamasynyň nusgasy, ýere eýeçilik hukugy hakynda resmi namanyň nusgasy, ýerden peýdalanmaga hukuk berýän resmi namanyň nusgasy).
12. Edara görnüşindäki tarapy döretmeýän hususy telekeçä:
- hasap açmak üçin arza;
- döwlet hasaba alnyşy hakynda şahadatnamanyň göçürme nusgasy;
- ýerden peýdalanmaga hukuk berýän resmi namanyň nusgasy (ýerden peýdalanmak bilen bagly iş amala aşyrylanda);
- kartoçka;
- salgyt hasabyna goýlandygy hakynda şahadatnamanyň göçürme nusgasy.
Bellik. Täzeden döredilýan edara görnüşli taraplar EGTÝDS-dan göçürme alynýança EGTÝDS-nyň wagtlaýyn göçürmesini berip bilerler.
2. Hasaplaşyk kömekçi hasaplary açmak üçin tabşyrylýan resmi namalar:
- hasap açmak üçin arza;
- baş kärhananyň ýüz tutmasy esasynda berlen, baş kärhana hyzmat edýän bankyň kömekçi hasaby açmaga rugsatnamasy;
- kartoçka;
- salgyt hasabyna goýlandygy hakynda şahadatnamanyň göçürme nusgasy;
- düzgünnamanyň nusgasy.
3. Milli manatdaky gündelik hasaby açmak üçin tabşyrylýan resmi namalar:
1. Kärdeşler arkalaşygynyň ilkinji guramalaryna we olaryň birleşiklerine:
- hasap açmak üçin arza;
- kärdeşler arkalaşygynyň ýokary duran guramasy tarapyndan tassyklanan kartoçka;
- kärdeşler arkalaşygynyň ilkinji guramasynyň hasaba alnandygy hakynda kärdeşler arkalaşygynyň ýokary duran guramasy tarapyndan berlen delilnama;
- salgyt hasabyna goýlandygy hakynda şahadatnamanyň göçürme nusgasy;
- kärdeşler arkalaşygynyň ýokary duran guramasyna geçirmeler hakynda delilnama.
2. Jemgyýetçilik birleşigine:
- hasap açmak üçin arza;
- kartoçka;
- Tertipnamanyň nusgasy;
- döwlet hasaba alnyşy hakynda şahadatnamanyň göçürme nusgasy;
- EGTÝDS-den göçürmäniň nusgasy;
- salgyt hasabyna goýlandygy hakynda şahadatnamanyň göçürme nusgasy;
- Türkmenistanyň Adalat ministrliginde hasaba alnandygy hakynda resmi namanyň nusgasy.
3. Döwlet býujetinden maliýeleşdirilýän gurama:
- hasap açmak üçin arza;
- kartoçka;
- döwlet hasaba alnyşy hakynda şahadatnamanyň göçürme nusgasy;
- EGTÝDS-den göçürmäniň nusgasy;
- salgyt hasabyna goýlandygy hakynda şahadatnamanyň göçürme nusgasy.
4. Edara görnüşli tarapyň (şol sanda daşary ýurtly) şahamçasyna/wekilçiligine:
- hasap açmak üçin arza;
- kartoçka;
- döwlet hasaba alnyşy hakynda şahadatnamanyň göçürme nusgasy
- EGTÝDS-den göçürmäniň nusgasy;
- salgyt hasabyna goýlandygy hakynda şahadatnamanyň göçürme nusgasy;
- hasap açmaga we ýöretmäge hukugy bolan wekiliň ynanç haty ýa-da ynanç hatynyň bellenilen tertipde kanunylaşdyrylan nusgasy (GDA gatnaşyjy ýurtlardan bolan daşary ýurt kompaniýalarynyň şahamçalarynyň/wekilçilikleriniň wekillerine berlen ynanç hatlary muňa girmeýär).
- eger bar bolsa, daşary ýurt kompaniýalarynyň şahamçalary/wekilçilikleri hakyndaky düzgünnamanyň göçürme nusgasy.
Bellik. Wekile berlen ynanç hatyny kanunylaşdyrmak barada bildirilýän talaplar diňe daşary ýurt kompaniýanyň şahamçasynyň/wekilçiliginiň wekiline berlen ynanç hatyna degişlidir.
4. Daşary ýurt pulundaky gündelik hasaplary açmak üçin tabşyrylýan resmi namalar:
1. Döwlet häkimýetiniň hojalyk birliginiň wezipeleri bolan edarasyna:
- hasap açmak üçin arza;
- döwlet hasaba alnyşy hakynda şahadatnamanyň göçürme nusgasy;
- EGTÝDS-den göçürmäniň nusgasy;
- salgyt hasabyna goýlandygy hakynda şahadatnamanyň göçürme nusgasy;
- kartoçka;
- daşary ykdysady işe gatnaşyjynyň göçürmesiniň nusgasy.
2. Döwlet kärhanasyna:
- hasap açmak üçin arza;
- döwlet hasaba alnyşy hakynda şahadatnamanyň göçürme nusgasy;
- EGTÝDS-den göçürmäniň nusgasy;
- salgyt hasabyna goýlandygy hakynda şahadatnamanyň göçürme nusgasy;
- kartoçka;
- kärhanany döretmek hakynda Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan çykarylan kadalaşdyryjy hukuk namanyň ýa-da beýleki döwlet edarasy tarapyndan öz ygtyýarlyklaryna laýyklykda kabul edilen resmi namanyň göçürme nusgasy;
- Tertipnamanyň (Düzgünnamanyň) nusgasy;
- daşary ykdysady işe gatnaşyjynyň göçürmesiniň nusgasy.
3. Jemgyýetçilik birleşiginiň kärhanasyna:
- hasap açmak üçin arza;
- döwlet hasaba alnyşy hakynda şahadatnamanyň göçürme nusgasy;
- EGTÝDS-den göçürmäniň nusgasy;
- salgyt hasabyna goýlandygy hakynda şahadatnamanyň göçürme nusgasy;
- kartoçka;
- kärhananyň esaslandyrylandygy hakynda resmi namanyň nusgasy (buýrugyň nusgasy, esaslandyryjylaryň ýygnagynyň teswirnamasynyň nusgasy, esaslandyryş şertnamasynyň nusgasy);
- Tertipnamanyň (Düzgünnamanyň) nusgasy;
- daşary ykdysady işe gatnaşyjynyň göçürmesiniň nusgasy.
4. Hususy kärhana:
- hasap açmak üçin arza;
- Tertipnamanyň nusgasy;
- döwlet hasaba alnyşy hakynda şahadatnamanyň göçürme nusgasy;
- EGTÝDS-den göçürmäniň nusgasy;
- salgyt hasabyna goýlandygy hakynda şahadatnamanyň göçürme nusgasy;
- kartoçka;
- ýerden peýdalanmaga hukuk berýän resmi namanyň nusgasy (ýerden peýdalanmak bilen bagly iş amala aşyrylanda);
- daşary ykdysady işe gatnaşyjynyň göçürmesiniň nusgasy ýa-da kiçi we orta telekeçilik subýektlerine degişliligi barada güwänamanyň nusgasy.
5. Kooperatiw kärhana:
- hasap açmak üçin arza;
- döwlet hasaba alnyşy hakynda şahadatnamanyň göçürme nusgasy;
- EGTÝDS-den göçürmäniň nusgasy;
- salgyt hasabyna goýlandygy hakynda şahadatnamanyň göçürme nusgasy;
- kartoçka;
- kärhananyň esaslandyrylandygy hakynda resmi namanyň nusgasy (esaslandyryjylaryň ýygnagynyň teswirnamasynyň nusgasy, esaslandyryş şertnamasynyň nusgasy);
- Tertipnamanyň nusgasy;
- ýerden peýdalanmaga hukuk berýän resmi namanyň nusgasy (ýerden peýdalanmak bilen bagly iş amala aşyrylanda);
- daşary ykdysady işe gatnaşyjynyň göçürmesiniň nusgasy ýa-da kiçi we orta telekeçilik subýektlerine degişliligi barada güwänamanyň nusgasy.
6. Hojalyk jemgyýetine:
- hasap açmak üçin arza;
- döwlet hasaba alnyşy hakynda şahadatnamanyň göçürme nusgasy;
- EGTÝDS-den göçürmäniň nusgasy;
- salgyt hasabyna goýlandygy hakynda şahadatnamanyň göçürme nusgasy;
- kartoçka;
- kärhananyň esaslandyrylandygy hakynda resmi namanyň nusgasy (esaslandyryjylaryň ýygnagynyň teswirnamasynyň nusgasy, esaslandyryş şertnamasynyň nusgasy);
- Tertipnamanyň nusgasy;
- daşary ykdysady işe gatnaşyjynyň göçürmesiniň nusgasy ýa-da kiçi we orta telekeçilik subýektlerine degişliligi barada güwänamanyň nusgasy.
7. Paýdarlar jemgyýetine:
- hasap açmak üçin arza;
- döwlet hasaba alnyşy hakynda şahadatnamanyň göçürme nusgasy;
- EGTÝDS-den göçürmäniň nusgasy;
- salgyt hasabyna goýlandygy hakynda şahadatnamanyň göçürme nusgasy;
- kartoçka;
- kärhananyň esaslandyrylandygy hakynda resmi namanyň nusgasy (esaslandyryjylaryň ýygnagynyň teswirnamasynyň nusgasy, esaslandyryş şertnamasynyň nusgasy);
- Tertipnamanyň nusgasy;
- ýerden peýdalanmaga hukuk berýän resmi namanyň nusgasy (ýerden peýdalanmak bilen bagly iş amala aşyrylanda);
- daşary ykdysady işe gatnaşyjynyň göçürmesiniň nusgasy ýa-da kiçi we orta telekeçilik subýektlerine degişliligi barada güwänamanyň nusgasy.
8. Toparlaýyn kärendedäki kärendeçilere:
- hasap açmak üçin arza;
- esaslandyryş şertnamasynyň nusgasy;
- salgyt hasabyna goýlandygy hakynda şahadatnamanyň göçürme nusgasy;
- kärende şertnamasynyň göçürme nusgasy;
- kartoçka;
- daşary ykdysady işe gatnaşyjynyň göçürmesiniň nusgasy ýa-da kiçi we orta telekeçilik subýektlerine degişliligi barada güwänamanyň nusgasy.
9. Ýekebara kärendedäki kärendeçilere:
- hasap açmak üçin arza;
- kärende şertnamasynyň göçürme nusgasy;
- salgyt hasabyna goýlandygy hakynda şahadatnamanyň göçürme nusgasy;
- kartoçka;
- daşary ykdysady işe gatnaşyjynyň göçürmesiniň nusgasy ýa-da kiçi we orta telekeçilik subýektlerine degişliligi barada güwänamanyň nusgasy.
10. Ýer eýelerine:
- hasap açmak üçin arza;
- kartoçka;
- salgyt hasabyna goýlandygy hakynda şahadatnamanyň göçürme nusgasy;
- ýer üçin resmianamanyň nusgasy (ýeriň kärende şertnamasynyň nusgasy, ýere eýeçilik hukugy hakynda resmi namanyň nusgasy, ýerden peýdalanmaga hukuk berýän resmi namanyň nusgasy);
- daşary ykdysady işe gatnaşyjynyň göçürmesiniň nusgasy ýa-da kiçi we orta telekeçilik subýektlerine degişliligi barada güwänamanyň nusgasy.
11. Edara görnüşindäki tarapy döretmeýän hususy telekeçä:
- hasap açmak üçin arza;
- döwlet hasaba alnyşy hakynda şahadatnamanyň göçürme nusgasy;
- ýerden peýdalanmaga hukuk berýän resmi namanyň göçürme nusgasy (ýerden peýdalanmak bilen bagly iş amala aşyrylanda);
- kartoçka;
- salgyt hasabyna goýlandygy hakynda şahadatnamanyň göçürme nusgasy;
- daşary ykdysady işe gatnaşyjynyň göçürmesiniň nusgasy ýa-da kiçi we orta telekeçilik subýektlerine degişliligi barada güwänamanyň nusgasy.
12. Türkmenistanyň çäklerinde bellige alynmadyk daşary ýurt kompaniýalarynyň (firmalarynyň) şahamçalaryna/wekilçiliklerine:
- hasap açmak üçin arza;
- kartoçka;
- salgyt hasabyna goýlandygy hakynda şahadatnamanyň göçürme nusgasy;
- düzgünnamanyň göçürme nusgasy;
- ynanç hatynyň asyl nusgasy (ynanç hatynyň Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde kanunylaşdyrylan göçürme nusgasy).
13. Türkmenistanyň çäginiň daşynda ýerleşmek bilen, daşary ýurtlaryň kanunçylygyna laýyklykda döredilen hem-de hereket edýän kärhanalara, guramalara/firmalara (şol sanda Türkmenistanyň kärhanalarynyň we guramalarynyň gatnaşmagy bilen):
- hasap açmak üçin arza;
- kartoçka;
- salgyt hasabyna goýlandygy hakynda şahadatnamanyň nusgasy;
- Tertipnamanyň (Düzgünnamanyň) nusgasy;
- Türkmenistanyň kanunçylygy tarapyndan bellenilen tertipde kanunylaşdyrylan ynanç hatynyň asyl nusgasy ýa-da göçürme nusgasy (GDA gatnaşyjy ýurtlardan bolup, Türkmenistanyň rezidenti bolmadyk edara görnüşli taraplaryň wekillerine berlen ynanç hatlar muňa girmeýär).
5. Býujet hasabyny açmak üçin tabşyrylýan resmi namalar:
- hasap açmak üçin arza;
- kartoçka.
6. Ýörite hasaplary açmak üçin tabşyrylýan resmi namalar:
1. Täze esaslandyrylýan kärhananyň esaslyk maýasyna esaslandyryjylaryň (esaslandyryjynyň) gatançlaryny geçirmek üçin toplaýjy hasap:
- hasap açmak üçin arza;
- esaslandyryjy resminamalaryň göçürme nusgasy;
- kartoçka.
2. Haýyr-sogap maksatlary üçin hasap:
- hasap açmak üçin arza;
- kartoçka.
3. Grantlar boýunça hasaplar:
- hasap açmak üçin arza;
- kartoçka;
- Granty berijiniň we Granty alyjynyň arasyndaky şertnamanyň döwlet kepillendiriş edarasy tarapyndan tassyklanylan göçürme nusgasy;
- Türkmenistanyň Ykdysadyýet we ösüş ministrliginiň edara görnüşindäki taraplary we maýa goýum taslamalaryny döwlet tarapyndan hasaba almak Müdirliginiň ýörite netijenamasynyň döwlet kepillendiriş edarasy tarapyndan tassyklanylan göçürme nusgasy (Türkmenistanyň çäklerinde hasaba alnan jemgyýetçilik birleşiklerine we dini guramalara hasap açylanda – Türkmenistanyň Adalat ministrliginiň ýörite netijenamasynyň döwlet kepillendiriş edarasy tarapyndan tassyklanylan göçürme nusgasy);
- salgyt hasabyna goýlandygy hakynda şahadatnamanyň göçürme nusgasy.
7. Türkmenistanyň Döwlet haryt – çig mal birћasynda şertnamalary baglaşmaga ýörite depozit hasabynyň açylmagy üçin tabşyrylýan resmi namalar:
1. rezidentler – edara görnüşindäki taraplar (milli we daşary ýurt pullarynda):
- hasap açmak üçin arza;
- döwlet hasaba alnyşy hakynda şahadatnamanyň göçürme nusgasy;
- EGTÝDS-den göçürmäniň nusgasy;
- salgyt hasabyna goýlandygy hakynda şahadatnamanyň göçürme nusgasy;
- kartoçka.
2. rezident däller – edara görnüşindäki taraplar (milli we daşary ýurt pullarynda):
- hasap açmak üçin arza;
- edara görnüşindäki tarapyň öz ýurdunda hasaba alnandygy hakynda göçürmäniň bellenilen tertipde kanunylaşdyrylan asyl nusgasy, GDA gatnaşyjy ýurtlaryň edara görnüşindäki taraplary – rezident däller muňa degişli däldir;
- edara görnüşindäki tarapyň wekiline beren ynanç hatynyň asyl nusgasy;
- salgyt hasabyna goýlandygy hakynda şahadatnamanyň göçürme nusgasy;
- daşary ykdysady işe gatnaşyjynyň göçürmesiniň nusgasy;
- kartoçka.
3. rezidentler – şahsy adamlar (milli we daşary ýurt pullarynda):
- hasap açmak üçin arza;
- kartoçka;
- daşary ykdysady işe gatnaşyjynyň göçürmesiniň nusgasy ýa-da kiçi we orta telekeçilik subýektlerine degişliligi barada güwänamanyň nusgasy.
4. rezident däller – şahsy adamlar üçin (daşary ýurt pulunda):
- hasap açmak üçin arza;
- kartoçka.
8. Wagtlaýyn hasaby açmak üçin tabşyrylýan resmi namalar:
- hasap açmak üçin arza;
- ministrligiň, pudaklaýyn dolandyryş edarasynyň kärhanany bölekleýin ulanmaga bermek baradaky degişli buýrugynyň (kararynyň, görkezmesiniň, çözgüdiniň) göçürme nusgasy;
- salgyt hasabyna goýlandygy hakynda şahadatnamanyň göçürme nusgasy;
- kartoçka.
9. Milli pulda aragatnaşyk hasabyny açmak üçin tabşyrylýan resmi namalar:
- hasap açmak üçin arza;
- döwlet hasaba alnyşy hakynda şahadatnamanyň we EGTÝDS-den göçürmäniň nusgalary;
- salgyt hasabyna goýlandygy hakynda şahadatnamanyň göçürme nusgasy;
- kartoçka;
- Tertipnamanyň göçürme nusgasy;
- aragatnaşyk gatnaşyklaryny ýola goşmak barada şertnamaň göçürme nusgasy.
10. Daşary ýurt pulunda aragatnaşyk hasabyny açmak üçin tabşyrylýan resmi namalar:
- hasap açmak üçin arza;
- döwlet hasaba alnyşy hakynda şahadatnamanyň we EGTÝDS-den göçürmäniň nusgalary;
- salgyt hasabyna goýlandygy hakynda şahadatnamanyň göçürme nusgasy;
- kartoçka;
- Tertipnamanyň göçürme nusgasy;
- aragatnaşyk gatnaşyklaryny ýola goýmak barada şertnamaň göçürme nusgasy.
Türkmenistanyň Adalat ministrligi tarapyndan
2006-njy ýylyň 11-nji maýynda bellige alyndy.
Bellige alyş sany 381.