Merkezi Bankyň
walýuta kursy

Beýleki walýutalaryň kursy

Gymmat bahaly metallaryň
1 (bir) unsiýasynyň türkmen manadyna bolan gatnaşyklary

  ALTYN
  KÜMÜŞ
  PLATINA
  PALLADIÝ

Türkmenistanyň töleg ulgamy

Türkmenistanyň banklarynyň arasyndaky nagt däl tölegler Türkmenistanyň Merkezi bankynyň bankara elektron hasaplaşyklar ulgamynyň üsti bilen amala aşyrylýar. Bir bankyň içinde amala aşyrylýan tölegler bolsa banklaryň içerki töleg ulgamynyň üsti bilen geçirilýär.

Türkmenistanyň Merkezi banky töleg ulgamynyň operatory bolmak bilen Türkmenistanyň çäklerindäki hasaplaşyklary sazlaýar, bankara elektron hasaplaşyklar bilen bagly işlere gözegçilik edýär. Nagt däl hasaplaşyklaryň işini dolandyrmak boýunça düzgünnamalary taýýarlaýar we tassyklaýar, nagt däl hasaplaşyklary geçirmegiň tertibini, möhletlerini we standartyny kesgitleýär. Şeýle hem Türkmenistanyň Merkezi banky töleg ulgamy boýunça statistiki hasabatlary düzmegiň we jemlemegiň tertibini kesgitleýär.

Türkmenistanda töleg ulgamynyň hukuk binýady bolup, Türkmenistanyň Raýat kodeksi, Türkmenistanyň «Türkmenistanyň Merkezi banky hakynda», «Karz edaralary we bank işi hakynda» kanunlary we Türkmenistanyň Merkezi bankynyň kadalaşdyryjy hukuk namalary çykyş edýär.

Türkmenistanyň Merkezi bankynyň bankara elektron hasaplaşyklar ulgamyna Türkmenistanyň ähli banklary, şeýle hem Türkmenistanyň Maliýe ministrliginiň Gazna müdirligi agza bolup gatnaşýar.