Merkezi Bankyň
walýuta kursy

Beýleki walýutalaryň kursy

Gymmat bahaly metallaryň
1 (bir) unsiýasynyň türkmen manadyna bolan gatnaşyklary

  ALTYN
  KÜMÜŞ
  PLATINA
  PALLADIÝ

Milli pul birligi

TMB

«Türkmenistanyň Merkezi banky hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda Türkmenistanda milli pul bolup manat durýar, bir manat 100 teňňä deňdir. Manat resmi pul hökmünde 1993-nji ýylyň noýabryndan başlap, Türkmenistanyň çäginde dolanyşyga goýberildi.

Manat Türkmenistanyň çäginde ýeke-täk kanuny töleg serişdesi bolup durýar. Türkmenistanyň çäginde beýleki döwletleriň pullaryny peýdalanmak Türkmenistanyň degişli kanunçylyk namalary we Türkmenistanyň Merkezi bankynyň kadalaýyn namalary bilen kadalaşdyrylýar. Türkmenistanyň banklary, şeýle hem beýleki hojalygy ýöredijiler Türkmenistanyň çäginde Türkmenistanyň kagyz pullaryny we teňňelerini çäklendirmezden kabul etmäge borçludyrlar.

Türkmenistanda töleg serişdesi bolup durýan kagyz pullaryň we teňňeleriň bahasyny, agramyny, şekilini we beýleki häsiýetlerini Türkmenistanyň Merkezi banky kesgitleýär.

Türkmenistanyň Merkezi banky kagyz pullaryň çap edilmegini (teňňeleriň zikgelenmegini), dolanyşyga goýberilmedik kagyz pullaryň (teňňeleriň) saklanylmagyny we daşalmagyny üpjün edýär.

Türkmenistanyň Merkezi banky Türkmenistanyň çäginde dolanyşykda bar bolan kagyz pullary (teňňeleri) olaryň ýerine başga kagyz pullary (teňňeleri) çykaryp, olary dolanyşykdan aýryp biler.

Türkmen manadyny beýleki pul birliklerine çalyşmak Türkmenistanyň kanunlary bilen kadalaşdyrylýar.

Türkmen manadyny beýleki daşary ýurt pullaryna çalyşmagyň şertleri we tertibi Türkmenistanyň Merkezi banky tarapyndan kesgitlenilýär.