TÄZELIKLER


Merkezi Bankyň
walýuta kursy

Beýleki walýutalaryň kursy

Gymmat bahaly metallaryň
1 (bir) unsiýasynyň türkmen manadyna bolan gatnaşyklary

  ALTYN
  KÜMÜŞ
  PLATINA
  PALLADIÝ

24 mart 2015 ýyl

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

2015-nji ýylyň 20-nji martynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi, onda milli ykdysadyýetimiziň pudaklarynyň öňünde durýan wezipelere garaldy, ony mundan beýläk-de okgunly ösdürmek we döwletimiziň içeri hem-de daşary syýasatynyň beýleki möhüm meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

10 mart 2015 ýyl

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

2015-nji ýylyň 6-njy martynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi, onda ykdysadyýetimiziň pudaklaryny we ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça şu ýylyň iki aýynda alnyp barlan işleriň netijelerine, şeýle hem döwlet durmuşynyň beýleki möhüm meselelerine we birnäçe resminamalaryň taslamalaryna garaldy.

16 fewral 2015 ýyl

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

2015-nji ýylyň 13-nji fewralynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda käbir resminamalaryň taslamalaryna, şeýle hem ýurdumyzyň durmuşyna degişli möhüm meseleleriň birnäçesine garaldy.

9 fewral 2015 ýyl

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

2015-nji ýylyň 6-njy fewralynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşynyň ileri tutulýan meselelerine, şeýle hem birnäçe möhüm resminamalaryň taslamalaryna garaldy.

3 fewral 2015 ýyl

Möhüm ykdysady meseleler barada geçirilen gepleşik

2015-nji ýylyň 31-nji ýanwarynda Türkmenistanyň “Altyn Asyr” teleýaýlymyna goýberilen nobatdaky syýasy gepleşige Türkmenistanyň Ykdysadyýet we ösüş ministrliginiň, Türkmenistanyň Merkezi bankynyň, Tükmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň, Türkmenstanyň milli haryt dolanyşygyny öwreniş institutynyň wekilleri gatnaşdylar.

2 fewral 2015 ýyl

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

2015-nji ýylyň 30-njy ýanwarynda Türkmenistanyň Prezidentiniň geçiren Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň pudaklarynda şu ýylyň ýanwar aýynda alnyp barlan işleriň netijelerine we käbir resminamalaryň taslamalaryna, şeýle hem ýurdumyzyň durmuşyna degişli möhüm meseleleriň birnäçesine garaldy.

27 ýanwar 2015 ýyl

Erkin aýlanýan puluň çägi bellenildi

Türkmenistanyň Adalat ministrligi tarapyndan 2015-nji ýylyň 26-njy ýanwarynda 831 san bilen bellige alnan “Erkin aýlanýan puluň çägini bellemek barada” Türkmenistanyň Merkezi bankynyň Müdiriýetiniň başlygynyň 2015-nji ýylyň 23-nji ýanwarynda çykaran 25-iş belgili buýrugyna laýyklykda, ýurdumyzda erkin aýlanýan puluň çägi ABŞ-nyň 10 000 dollary derejesinde bellenildi.

27 ýanwar 2015 ýyl

Manadyň hümmeti: okgunly durmuş-ykdysady ösüşi nazarlap

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň ykdysadyýeti ýokary depginler bilen ösüş gazanýar. Munuň şeýledigini ýurdumyzyň ykdysadyýetde gazanýan üstünlikleriniň anyk görkezijileri, şol sanda jemi içerki önümçiligiň ýylsaýyn ösüşi, daşary söwda dolanyşygynyň oňyn netijeleri, ýurdumyz boýunça düýpli maýa goýumlaryň möçberiniň yzygiderli ýokarlanmagy hem doly tassyk edýär.

13 ýanwar 2015 ýyl

Türkmen ykdysadyýetiniň pudaklaryny ösdürmegiň meýilnamalaryny amala aşyrmak boýunça çäreler ara alnyp maslahatlaşyldy

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça geçen hepdäniň jemleýji iki gününde Türkmenistanyň ministrliklerinde we pudak edaralarynda maslahatlar geçirildi.