Merkezi Bankyň
walýuta kursy

Beýleki walýutalaryň kursy

Gymmat bahaly metallaryň
1 (bir) unsiýasynyň türkmen manadyna bolan gatnaşyklary

  ALTYN
  KÜMÜŞ
  PLATINA
  PALLADIÝ

Türkmenistanda hasaplaşyklary nagt däl görnüşde geçirmek ugrunda zerur şertler döredildi

Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe, hormatly Prezidentimiziň alyp barýan il-ýurt bähbitli we öňdengörüjilikli syýasaty netijesinde, Türkmenistanyň bank ulgamyny ösdürmek we döwrebaplaşdyrmak ugrunda, şol sanda jemgyýet üçin ähmiýeti ýokary bolan amatlyklary üpjün edýän nagt däl hasaplaşyklaryň tehnologiýalaryny ornaşdyrmak boýunça degişli çäreler amala aşyrylýar.

Ýurdumyzyň ykdysadyýetinde nagt däl hasaplaşyklary ornaşdyrmakda uly mümkinçilikleriň döredilýän döwründe, nagt däl hasaplaşyklar ulgamyndaky halkara tejribä esaslanyp, pul dolanyşygyny has-da kämilleşdirmek maksady bilen, hususy telekeçiniň şahsy sarp ediş maksatlaryna 1 (bir) senenama aýyň dowamynda jemi erkin aýlanýan puluň çäginden köp bolmadyk möçberde berilýän pul serişdeleri onuň bank kartyna geçirmek we 10%-i nagt görnüşinde we galan 90%-i nagt däl görnüşinde ulanmak bellenildi.

Türkmenistanyň Prezidentiniň 2013-nji ýylyň 3-nji oktýabryndaky «Pul we alyş-çalyş meseleleri hakynda» 13240 belgili Kararynyň gol çekilmegi ýurdumyzda bank kartly töleg ulgamyny giňden ornaşdyrmak ugrunda ähmiýetli ädimleriň birine öwrüldi.

Şu Karara laýyklykda eýeçiliginiň görnüşine garamazdan, edara görnüşli taraplar, olaryň şahamçalary we wekillikleri hem-de hususy telekeçiler söwda dükanlarynda, jemgyýetçilik iýmiti we beýleki hyzmatlary edýän nokatlarynda bank kartlarynyň üsti bilen tölegleri ilatdan kabul etmek üçin zerur bolan enjamlary ornaşdyrmak boýunça degişli çäreler alnyp barylýar.

Häzirki wagtda söwda merkezlerinde, saglyk edaralarynda, ätiýaçlandyryş guramalarynda, awiabilet satýan nokatlarda ilatdan tölegleri bank kartlarynyň üsti bilen almak boýunça ähli zerur şertler döredildi. Bank kartlarynyň üsti bilen töleg terminallary arkaly nagt däl görnüşde söwda we hyzmat ediş nokatlarynda harytlary satyn almagyň, aragatnaşyk, jemagat we ýaşaýyş hyzmatlaryny tölemegiň, awtoulaglaryň ýangyjy üçin tölemegiň, saglygy goraýyş edaralarynyň hyzmatlary, awiapetekler üçin tölemegiň, karzy üzmek we onuň göterimlerini tölemegiň döwrebap, amatly we howpsuz usullary hödürlenýär.

Bankomatlar ýurdumyzyň karz edaralary tarapyndan raýatlara elýeterli we amatly nokatlarda ýerleşdirilip, nagt puly çykarmak, degişli edara gitmezden öýjükli telefonlaryň hyzmaty, «Türkmentelekom» döwlet elektrik aragatnaşyk kompaniýasynyň hödürleýän internet hyzmaty, «Aşgabat şäher telefon ulgamy» ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň hödürleýän internet, öý telefon we IP-TV telewideniýe hyzmatlary üçin tölemäge, ipoteka karzlaryny gaýtarmaga we olaryň göterimlerini, saglyk ätiýaçlandyryş töleglerini tölemek ýaly amatly mümkinçilikler hödürleýär.

Ýokarda bellenen Kararyň gol çekilmeginden soň geçen gysga döwrüň dowamynda Türkmenistanda bank kartlarynyň sany we töleg terminallarynyň sany yzygiderli we ýokary depginlerde artdyryldy. 2017-nji ýylyň 1-nji ýanwary ýagdaýyna ýurdumyzda 1 709 603 sany bank karty we 14 858 sany töleg terminaly hasaba alyndy.

Ýurdumyzyň ykdysadyýetinde nagt däl hasaplaşyklary ornaşdyrmakda uly mümkinçilikler döredilýär. Şu ulgamy ösdürmekde ýurdumyzda hasaplaşyklary döwrebaplaşdyrmak, halkara derejesine çykarmak we raýatlar üçin amatly bolmagyny gazanmak maksat edinilýär.