Gaýtadan maliýeleşdirmegiň derejesi
Göterim möçberi Türkmenistanyň Merkezi bankynyň pul-karz syýasatynyň möhüm gurallarynyň biri bolup durýar. Ozalky bolşy ýaly, gaýtadan maliýeleşdirmegiň möçberi döwletiň göterim syýasatynyň esasy bolup, ykdysadyýetiň maliýe ulgamynda göterim derejelerini kesgitlemekde ugrukdyryjy bolup durýar. Bank ulgamyndaky göterim derejesini peseltmek arkaly ykdysady işjenligi ýokarlandyrmak Türkmenistanyň Merkezi bankanyň ileri tutulýan ugurlaryndan biri bolup, TMB-y muny amala aşyrmak üçin gaýtadan maliýeleşdiriş göterim derejesinden peýdalanýar. Häzirki günde gaýtadan maliýeleşdiriş göterim derejesi 5%-e deňdir.