Merkezi Bankyň
walýuta kursy

Beýleki walýutalaryň kursy

Gymmat bahaly metallaryň
1 (bir) unsiýasynyň türkmen manadyna bolan gatnaşyklary

  ALTYN
  KÜMÜŞ
  PLATINA
  PALLADIÝ

Elektron tölegleriň ähmiýeti

Mähribän Arkadagymyzyň taýsyz tagallalary bilen “Türkmenistan-Bitaraplygyň mekany” ýylynda milli ykdysadyýetimiziň ähli ugurlary bilen bir hatarda bank ulgamynyň işi hem yzygiderli kämilleşýär. Ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň bazar gatnaşyklaryna tapgyrlaýyn geçmegi netijesinde bank ulgamynda hem täze talaplar ýüze çykýar. Şeýlelik-de ilkinji nobatda bank hyzmatlarynyň gerimini giňeltmek we  hilini döwrebaplaşdyrmak, sanly bank önümlerini ornaşdyrmak, ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamaga işjeň gatnaşmak wezipesi öňe çykýar.

Hormatly Prezidentimiziň görkezmelerinden ugur alyp, soňky ýyllarda pul dolanşygynyň düzümini kämilleşdirmek maksady bilen, ýurdumyzyň karz edaralarynda elektron töleg ulgamyny ornaşdyrmaga aýratyn ähmiýet berilýär.

 Ilatyň bank ulgamyna bolan ynamyny artdyrmak, karz alyjylaryň we goýumçylaryň bähbitlerini goramak maksady bilen, banklaryň kadalaşdyryjy hukuk binýady yzygiderli kämilleşdirilýär. Ygtybarly we derhal hasaplaşyk ulgamlarynyň hereketini üpjün etmek, şeýle hem, pul serişdeleriniň ýerleşdirilişini kadalaşdyrmak arkaly maliýe bazaryny kämilleşdirmek Türkmenistanyň pul-karz syýasatynyň netijeliligini artdyrmagyň möhüm şerti bolup durýar.

Häzirki wagtda “Internet-bank” we “Mobil-bank” ulgamlary arkaly bank hyzmatlaryny ýerine ýetirmek bank işiniň ileri tutulýan ugurlarynyň birine öwrüldi. Bu ugurda programma üpjünçiliginiň ýeterlikli derejede alnyp barylmagy, banklaryň internet sahypalarynyň barha kämilleşdirilmegi täze ýola goýlan hyzmatlar barada müşderileriň hakyky wagt tertibinde (“online”) habardar bolmagyna ýardam edýär.

Dünýäniň öňdebaryjy döwletleriniň hatarynda tanalýan eziz Diýarymyzda hem her bir täzeçillik, häzirki zaman tehnologiýalaryndaky öňegidişlikler halkymyz tarapyndan gyzgyn garşy alynýar. Täze innowasion tehnologiýalary ulanmak arkaly geçirilýän bank tölegleri, hasaplaşyk ulgamynda käbir ýeňillikleriň döredilmegi wagty tygşytlamak bilen birlikde hyzmatlaryň hiliniň yzygiderli gowulandyrylmagyna hem oňyn täsir edýär.

Ýurdumyzyň maliýe-bank ulgamynda ýola goýlan sazlaşykly işler netijesinde ýurdumyzyň karz edaralary tarapyndan müşderilere edilýän hyzmatlaryň gerimi günsaýyn giňeýär, hyzmatlary sanly görnüşe geçirmekde döwrebap usullar işjeň ulanylýar. Müşderiniň arzasy ýa-da «Internet-bank» ulgamy arkaly maşgalanyň her bir agzasy üçin aýratynlykda hepdelik sarp ediljek pul mukdarynyň möçberini kesgitlemäge mümkinçilik döredilen. «Maşgala» bank karty çagalara we talyplara gerekli okuw esbaplaryny we beýleki harytlary satyn almaga, söwda we hyzmat ediş nokatlarynda hasaplaşyklary geçirmäge, «Internet-bank» we «Mobil-bank» ulgamlary arkaly karzlaryň esasy bergisini gaýtarmaga we hasaplanan göterimi tölemäge, öý telefon, öýjükli telefon, IP-TV we internet hasabyny doldurmaga we bank kartynyň galyndysyny bilmäge amatly mümkinçilikleri döredýär. Mundan başga-da bank kartlary arkaly islendik wagtda we islendik ýerde awia, demirýol, awtobus peteklerini satyn alyp bolýandygyny, şeýle-de buýurmalar esasynda elektron söwdasyny ýerine ýetirip bolýandygyny buýsanç bilen bellemek mümkin.

Bank kartlary arkaly geçirilýän nagt däl hasaplaşyklaryň geriminiň we mümkinçilikleriniň giňeldilmegi, bank kartlaryna bolan islegiň ýokarlanmagyna  hem-de geçirilýän nagt däl hasaplaşyklaryň geriminiň has-da artmagyna getirip, ýurdumyzyň pul dolanyşygynyň netijeli hereket etmegine mynasyp goşandyny goşýar. Häzirki zaman bank hyzmatlaryny ýerine ýetirmegiň oňyn dünýä tejribeleriniň düýpli öwrenilmegi netijesinde, ýurdumyzda maliýe-bank we hasaplaşyk-töleg ulgamlarynyň has-da ösdürilmegi öz gezeginde bank ulgamynyň durnuklylygyny we ygtybarlylygyny ýokarlandyrmaga, banklaryň işjeňligini barha artdyrmaga, müşderilere täze bank hyzmatlaryndan oňaýly şertlerde peýdalanmak mümkinçiligini giňeltmäge ýardam edýär.

  Aknur KAKABAÝEWA,
Türkmenistanyň Merkezi bankynyň welaýat şahamçasynyň
Bank gözegçiligi bölüminiň baş hünärmeni

("Daşoguz habarlary" gazeti, 28.05.2020ý.)