Merkezi Bankyň
walýuta kursy

Beýleki walýutalaryň kursy

Gymmat bahaly metallaryň
1 (bir) unsiýasynyň türkmen manadyna bolan gatnaşyklary

  ALTYN
  KÜMÜŞ
  PLATINA
  PALLADIÝ

«Talyp tölegi» ― Türkmenistanyň «Halkbank» döwlet täjirçilik bankynyň täze onlaýn hyzmaty

Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzy sanly ykdysadyýete geçirmek bilen bagly tabşyryklaryndan ugur alyp, Türkmenistanyň «Halkbank» döwlet täjirçilik banky onlaýn hyzmatlarynyň sanyny barha artdyrýar. Bu hyzmatlaryň ilata dürli amatlyklary döredýändigini biz öz tejribämizde görüp gelýäris.

Bankyň täze «Talyp tölegi» hyzmatynyň maksady ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde tölegli esasda bilim alýan talyplaryň töleg işini ýeňilleşdirmekden we döwrebaplaşdyrmakdan ybaratdyr.

«Talyp tölegi» hyzmaty arkaly talyplar bankyň  https://halkbank.gov.tm/ resmi internet sahypasynda ýerleşdirilen «Onlaýn-tölegler» atly bölümden bank kartlary arkaly okuw tölegini onlaýn usulda geçirip bilerler.

Täze «Talyp tölegi» hyzmaty talyplara we olaryň ene-atalaryna birnäçe ýeňillikleri hödürleýär:
― ilkinji nobatda, talyp ýa-da onuň ýakyn hossary tölegi geçirmek üçin banka barmak bilen bagly wagtyny tygşytlaýar;
― nagt tölegde talypdan birbada bir ýyllyk ýa-da alty aýlyk tölegi geçirmek talap edilýän bolsa, bankyň onlaýn hyzmaty arkaly bir ýa-da birnäçe aýlyk tölegi hem geçirmek mümkinçiligi bar;
― töleg üçin talybyň özüniň ýa-da onuň ýakyn hossarynyň (ene-atasynyň, doganlarynyň, garyndaşlarynyň) «Altyn asyr» bank karty hem ulanylyp bilner;
― onlaýn töleg hepdäniň islendik gününde, gije-gündiz elýeterlidir;
― «Talyp tölegi» onlaýn bank hyzmaty arkaly geçirilen tölegler boýunça tölegiň güwanamasyny almaga mümkinçilik döredilen.

Hyzmatdan peýdalanmak üçin bildirilýän talaplar:
― her bir talyp okaýan ýokary okuw mekdebinden şahsy belgisini (logini) we açar sözüni alyp, bankyň internet sahypasyndaky ýörite bölüme şol maglumatlary girizmeli we öz şahsy otagyna girmeli;
- hyzmatdan peýdalanmak üçin töleg geçirilýän kartyň CVC koduny bilmeli we bank kartyna SMS hyzmaty birikdirilen bolmaly.

Bankyň täze hyzmatyndan peýdalanyň!
Türkmenistanyň «Halkbank» döwlet täjirçilik banky.

(Turkmenistan gazeti, 30.01.2020)