Merkezi Bankyň
walýuta kursy

Beýleki walýutalaryň kursy

Gymmat bahaly metallaryň
1 (bir) unsiýasynyň türkmen manadyna bolan gatnaşyklary

  ALTYN
  KÜMÜŞ
  PLATINA
  PALLADIÝ

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinden

2019-njy ýylyň 5-nji iýulynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini geçirdi. Onda milli ykdysadyýetimiziň pudaklarynda şu ýylyň birinji ýarymynda ýerine ýetirilen işleriň jemleri jemlenildi. Mejlisde durmuş-ykdysady ösüş maksatnamalarynyň durmuşa geçirilişiniň barşyna baha berildi, hökümetiň, aýry-aýry ministrlikleriň, sebitleriň dolandyryş edaralarynyň işiniň netijelerine, guramaçylyk meselelerine garaldy, ikinji ýarym ýyl üçin ileri tutulýan wezipeler kesgitlenildi.

Döwlet Baştutanymyz giňişleýin mejlisiň gün tertibine geçip, ilki bilen maliýe we ykdysadyýet ministri B.Bazarowa söz berdi.

Ol 2019-njy ýylyň ýanwar — iýun aýlarynyň netijeleri boýunça halk hojalyk toplumlarynyň ähli pudaklarynda durnukly ösüşiň üpjün edilýändigini aýtdy.

Şu ýylyň 1-nji iýuly ýagdaýynda Döwlet býujetiniň girdeji bölegi 103,5 göterim, çykdajy bölegi bolsa 84,9 göterim ýerine ýetirildi.

Ýarym ýylyň dowamynda balans toparlarynyň mejlisleriniň 40-sy, şol sanda sebitleriň balans toparlarynyň mejlisleriniň 39-sy geçirildi.

Maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna milli ykdysadyýetimizi ösdürmäge gönükdirilen maýa goýumlaryň möçberi 16 milliard manada ýa-da jemi içerki önümiň 26,6 göterimine barabar bolup, 2019-njy ýyl üçin maýa goýum maksatnamasy 41,5 göterim ýerine ýetirildi.

«Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça 2020-nji ýyla çenli döwür üçin rejelenen görnüşdäki Milli maksatnamasynyň» ýerine ýetirilişi barada hasabat berildi.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, sanly ykdysadyýete çalt geçmegiň döwlet syýasatynyň strategik maksady bolup durýandygyny nygtady. Ministrligiň gaýragoýulmasyz wezipeleriniň biri «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasynda» bellenilen çäreleriň öz wagtynda ýerine ýetirilmegine berk gözegçilik etmekden ybaratdyr. Hormatly Prezidentimiz häzirki wagtda bu ugurdaky işleri talabalaýyk alyp barmak hem-de öňde goýlan wezipeleri çözmek üçin has netijeli çäreleriň görülmelidigini aýdyp, bu babatda ministre anyk tabşyryklary berdi.

Soňra Merkezi bankyň başlygy M.Annadurdyýew ýurdumyzyň karz edaralary tarapyndan ýanwar — iýun aýlarynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi. Şeýle hem daşary ýurtlara iberilýän harytlar hem-de edilýän hyzmatlar üçin ministrlikleriň we pudaklaýyn edaralaryň hasabyna daşary ýurt pullarynyň gelip gowuşmagynyň meýilnamasynyň ýerine ýetirilişi barada maglumatlar aýdyldy.

2019-njy ýylyň birinji ýarymynda ýurdumyzyň banklarynyň ykdysadyýeti ösdürmäge gönükdirilen karzlarynyň möçberi 9,9 göterim, ykdysadyýetiň döwlete degişli bolmadyk bölegine berlen karzlaryň möçberi bolsa 26,1 göterim artdy.

Hususy telekeçiligiň işini höweslendirmäge gönükdirilen ýeňillikli karzlaryň möçberi geçen ýylyň degişli döwrüne görä, 14,8 göterim ýokarlandy. Şunda taslamalaryň 1695-si maliýeleşdirildi.

Habar berlişi ýaly, ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmak maksady bilen, ýeňillikli karzlary bermek boýunça işler dowam etdirilýär.

Bank hyzmatlaryny etmegiň elektron düzümini kemala getirmegiň çäklerinde görülýän çäreler barada hem hasabat berildi.

Merkezi bankyň ýolbaşçysy sanly ykdysadyýete geçmek boýunça görülýän çäreler barada hem hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, wise-premýerler Ç.Purçekowa we M.Çakyýewe ýüzlendi hem-de daşary ýurt pulunda gelip gowuşýan serişdeleriň möçberiniň azalandygyny aýtdy. Milli Liderimiz energetika ministri M.Artykowyň we «Türkmenhowaýollary» agentliginiň ýolbaşçysy D.Saburowyň ünsüni şol edaralar tarapyndan bu baradaky tabşyrygy ýerine ýetirip bilmändigine çekip, öňde goýlan wezipeleri çözmek üçin gaýragoýulmasyz çäreleri görmegi tabşyrdy. Daşary ýurt pulundaky serişdeleriň gelip gowuşmagy boýunça tabşyrygyň ýerine ýetirilmegine her bir ýolbaşçy örän jogapkärli çemeleşmelidir diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady we mejlise gatnaşyjylara anyk tabşyryklary berdi.

Ýokary gözegçilik edarasynyň başlygy G.Müşşikow hormatly Prezidentimiziň tabşyrygy boýunça ýurdumyzyň welaýatlarynda alnyp barylýan gurluşyk işleriniň barşyna geçirilen seljerme işleri we onuň dowamynda ýüze çykarylan kemçilikler barada hasabat berdi.

Şeýle hem tebigy gazdan, elektrik energiýasyndan we agyz suwundan peýdalanmak üçin hasaplaşyklaryň alnyp barlyşyna geçirilen barlaglaryň netijeleri barada habar berildi.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, öňde durýan işleriň wajyp ugurlaryna edaranyň ýolbaşçysynyň ünsüni çekdi. Ýurdumyzyň sebitlerinde önümçilik we medeni-durmuş maksatly desgalaryň gurluşygynyň barşyna gözegçilik etmek esasy wezipeleriň hatarynda görkezildi. Milli Liderimiz bu ulgamda göz öňünde tutulan wezipeleriň talabalaýyk çözülmelidigini aýdyp, degişli maksatnamalary durmuşa geçirmäge Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň wekilleriniň has işjeň çekilmelidigini belledi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tebigy gazyň we agyz suwunyň sarp edilişi üçin hasaplaşyklaryň häzirki zaman usulyny işjeň ornaşdyrmak, onuň ugurlaryny artdyrmak bilen baglanyşykly meseleleri hemişe gözegçilikde saklamak babatda Ýokary gözegçilik edarasynyň ýolbaşçysyna anyk tabşyryklary berdi.

Mejlisiň dowamynda döwlet Baştutanymyz özüne ynanylan wezipäni oňarmandygy üçin, M.Kakabaýewi «Türkmenstandartlary» baş döwlet gullugynyň başlygy wezipesinden boşadýandygyny aýtdy. Bu gullugyň başlygy wezipesine M.Hojagulyýew bellenildi.

Milli Liderimiz H.Gurbanowy işde goýberen kemçilikleri we özüne ynanylan wezipäni oňarmandygy üçin, Statistika baradaky döwlet komitetiniň başlygy wezipesinden boşatmak hakyndaky resminama gol çekdi.

Hormatly Prezidentimiz Statistika baradaky döwlet komitetiniň başlygy wezipesine S.Welbegowy belläp, ony maliýe we ykdysadyýet ministriniň orunbasary wezipesinden boşatdy.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary G.Myradow milli ykdysadyýetimiziň şu ýylyň birinji ýarymynda gazanan netijeleri barada hasabat berdi. Wise-premýer hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda amala aşyrylýan toplumlaýyn çäreleriň netijesinde, hasabat döwründe pudaklaryň ählisinde we sebitlerde durnukly ösüşiň üpjün edilendigini, ilatymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň has-da ýokarlanýandygyny belledi.

Şu ýylyň ýanwar — iýun aýlarynda geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, jemi öndürilen önüm 6,7 göterim artdy.

Wise-premýer bölek-satuw haryt dolanyşygy barada hasabat berip, geçen ýylyň degişli döwrüne garanyňda, bu görkezijiniň 19,1 göterim artandygyny aýtdy.

Ýurdumyzyň iri we orta kärhanalarynda ortaça aýlyk zähmet haky geçen ýylyň degişli döwrüne görä, 9,5 göterim ýokarlandy. Zähmet haklary, pensiýalar, döwlet kömek pullary we talyp haklary öz wagtynda maliýeleşdirildi.

Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamasynyň çäklerinde, hasabat döwründe gurluşyk we durkuny täzelemek işleri göz öňünde tutulan jemi 242 desganyň 7-sinde gurluşyk işleri tamamlanyp, 98-sinde gurluşyk-gurnama işleri alnyp barylýar we galan desgalarda taýýarlyk işleri dowam edýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, işde goýberen kemçilikleri üçin wise-premýer G.Myradowa hem-de maliýe we ykdysadyýet ministri B.Bazarowa berk käýinç yglan etdi.

Döwlet Baştutanymyz sözüni dowam edip, milli ykdysadyýetimiziň uzak möhletleýin durnukly ösüşini üpjün etmek maksady bilen, ony mundan beýläk-de sanly ulgama geçirmek işini dowam etmegiň wajypdygyna ünsi çekdi. Şoňa görä-de, häzirki döwürde ilkinji nobatdaky wezipeler dördünji senagat rewolýusiýasynyň talaplaryna laýyklykda, ykdysadyýetimiziň pudaklaryny ösdürmegiň täze maksatnamalaryny işläp taýýarlamakdan ybaratdyr.

Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzy senagat taýdan ösen döwlete öwürmek, ykdysadyýetimizi döwrebaplaşdyrmak we diwersifikasiýalaşdyrmak, elektron senagatyny ösdürmek hem-de täze iş ýerlerini döretmek möhümdir. Şeýle hem maýa goýumlaryny çekmegiň üstünde netijeli işlemek, has peýdaly ugurlar boýunça ýurdumyzyň eksport mümkinçiligini artdyrmak we importyň düzümini amatly ýagdaýa getirmek üçin anyk çäreleri görmek wajypdyr diýip, milli Liderimiz aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow wise-premýere daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri özümizde öndürmek hem-de öz önümlerimiziň beýleki döwletlere iberilýän möçberini artdyrmak boýunça kabul edilen Döwlet maksatnamalarynyň, ýaşaýyş-durmuş maksatly binalary hem-de desgalary gurmak boýunça maksatnamalarda bellenen wezipeleriň öz wagtynda ýerine ýetirilmegini berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Döwlet Baştutanymyz häzirki döwürde ýurdumyzyň bank ulgamynyň öňünde durýan esasy wezipeleriň pul toplumyny düzgünleşdirmegiň we onuň dolanyşygyna gözegçilik etmegiň hasabyna ykdysadyýetimizi maliýe serişdeleriniň zerur bolan möçberi bilen üpjün etmekden ybaratdygyny aýtdy. Milli Liderimiz halk hojalyk toplumynyň dürli pudaklary üçin ykdysady taýdan bähbitli taslamalaryň yzygiderli esasda seljermesini geçirmek we hususy düzümlere berilýän karz serişdeleriniň bellenen maksada görä ulanylyşyna gözegçiligi güýçlendirmek barada görkezmeleri berdi.

Soňra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow 2020-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan «Türkmenistanda zähmet haklarynyň, pensiýalaryň, döwlet kömek pullarynyň, talyp we diňleýji haklarynyň möçberlerini ýokarlandyrmak hakyndaky» Permana gol çekdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Meredow ýurdumyzyň nebitgaz senagatyny ösdürmegiň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin maksatnamasynyň şu ýylyň birinji ýarymynda ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, «Türkmennebit» we «Türkmengaz» döwlet konsernleriniň hem-de «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň we Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň önümçilik düzümleriniň işiniň netijeliligini ýokarlandyrmaga degişli birnäçe tabşyryklary berdi.

Döwlet Baştutanymyz guýularda buraw we düýpli abatlaýyş işleriniň netijeliligini ýokarlandyrmagyň hem-de ýöriteleşdirilen tejribeli daşary ýurt kompaniýalaryny we maýa goýumlaryny çekmek arkaly, nebitiň çykarylyşyny artdyrmagyň zerurdygyny nygtady.

Suwuklandyrylan gazyň we esasy nebit önümleriniň öndürilişini mundan beýläk-de artdyrmak, nebitiň hem-de gazyň täze ýataklaryny gözlemegiň we ýüze çykarmagyň hasabyna pudagyň çig mal binýadyny pugtalandyrmak babatda degişli tabşyryklar berildi.

Energiýa serişdelerimizi dünýä bazarlaryna ibermegiň ýollaryny diwersifikasiýalaşdyrmagy hem netijeli dowam etmek, Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň taslamasyny durmuşa geçirmek boýunça alnyp barylýan işleri güýçlendirmek wajypdyr diýip, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow nygtady.

Hormatly Prezidentimiz täze ulanmaga berlen, tebigy gazdan benzin öndürýän gazhimiýa zawodynda çykaryljak, ekologiýa taýdan arassa benzini dünýä bazarlaryna ýerlemek boýunça marketing strategiýasyny işläp taýýarlamagy tabşyrdy.

Nebiti we gazy gaýtadan işleýän önümçilik desgalarynyň netijeli ulanylmagyny gazanmak, bu ugurda önümçilige täze tehnologiýalary ornaşdyrmak möhümdir diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.

Milli Liderimiz energiýa üpjünçilik meselesine degip geçip, kärhanalaryň we öý hojalyklarynyň sarp edýän tebigy gazyny hasaplaýjy enjamlary oturtmak boýunça işi hem tertibe salmagy tabşyrdy.

Türkmenistanyň Prezidentiniň Buýrugyna laýyklykda, wezipe borçlaryny talabalaýyk ýerine ýetirmän, işde goýberen kemçilikleri üçin, döwlet ministri — «Türkmengaz» döwlet konserniniň başlygy M.Arçaýewe berk käýinç yglan edildi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Çakyýew gözegçilik edýän senagat we kommunikasiýa toplumynyň ministrlikleriniň hem-de pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýanwar — iýun aýlarynda ýerine ýetiren işleriniň jemleri barada hasabat berdi. Bu döwürde önümçilik meýilnamasy 112,7 göterim ýerine ýetirildi.

Dokma senagaty ministrligi boýunça önümçiligiň ösüş depgini 153 göterime deň boldy.

Hasabat döwründe «Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň kärhanalary tarapyndan mineral dökünleri öndürmekde 153 göterim ösüş gazanyldy, şunda tehniki ýod öndürmegiň meýilnamasy 113,7 göterim berjaý edildi.

Senagat we kommunikasiýa ministrligi boýunça önümleri öndürmek we hyzmatlar boýunça ösüş depgini 109,3 göterim derejä ýetirildi.

Bu görkeziji «Türkmensenagat» agentliginde 109,3 göterime, «Türkmenawtoulaglary» agentliginde 124,2 göterime, «Türkmendemirýollary» agentliginde 100,9 göterime, «Türkmenhowaýollary» agentliginde 109,3 göterime, «Türkmendeňizderýaýollary» agentliginde 173,6 göterime, «Türkmenaragatnaşyk» agentliginde 106,5 göterime deň boldy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzda elektron senagaty döretmek boýunça geçirilýän işleriň depgininiň pesdigine ünsi çekdi. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz bu ulgamy ösdürmek boýunça pudagara strategiýany taýýarlamak hem-de 2019-njy ýylyň ahyrynda tassyklamak üçin hödürlemek barada wise-premýere degişli tabşyryklary berdi.

Mikroelektronika taslamalar merkezlerini ösdürmek üçin şertleri döretmek boýunça çäreler toplumynyň, daşary ýurtly önüm öndürijiler bilen bilelikde kooperasiýanyň ileri tutulýan ugurlarynyň üstünde işlemek gerek. Döwlet Baştutanymyz elektron senagatynyň geljegi uly bolan wezipelerini çözmek bilen meşgullanjak işgärleri taýýarlamagyň ulgamyny işläp düzmek barada wise-premýere anyk görkezmeleri berdi.

Demir we awtoulag ýollarynyň durkuny täzelemek işleri hem dowam etdirilmelidir. Ýurdumyzda täze howa menzilleriniň gurluşygyny alyp barmak, aragatnaşyk serişdelerini ösdürmek üçin maýa goýumlary gözlemek işlerini alyp barmak zerurdyr. Mundan başga-da, ähli ugurlar boýunça hünärli işgärler taýýarlanylmalydyr hem-de halkara güwänamalar alynmalydyr.

Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz Türkmenbaşydaky Halkara deňiz portunyň doly güýjünde işlemegini üpjün etmek maksady bilen, gaýragoýulmasyz çäreleriň görülmelidigine ünsi çekdi hem-de ulag-logistika merkezlerini döretmek meselesiniň üstünde işlemegi tabşyrdy.

Hormatly Prezidentimiz tomus paslynyň başlanmagy bilen, ulaglaryň ähli görnüşleri arkaly gatnadylýan ýolagçylaryň sanynyň artýandygyny belläp, gözegçilik edýän pudaklarynda, aýratyn-da, demir ýol we howa ulaglarynda müşderilere hem-de ýolagçylara edilýän hyzmatlaryň hilini ýokarlandyrmak barada wise-premýere anyk tabşyryklary berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ç.Gylyjow söwda ulgamyny hem-de ykdysadyýetimiziň hususy bölegini ösdürmek boýunça 2019-njy ýylyň ýanwar — iýun aýlarynda alnyp barlan işleriň netijeleri barada hasabat berdi.

Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligi boýunça ýylyň birinji ýarymynda haryt dolanyşygynyň umumy möçberi 19,9 göterim, şunda bölek satuw haryt dolanyşygy 15,3 göterim, lomaý haryt dolanyşygy bolsa 23,5 göterim artdy.

Döwlet haryt-çig mal biržasy boýunça degişli döwürde birža söwdalarynyň 124-si geçirilip, şonda şertnamalaryň 15 müň 227-si hasaba alyndy.

Söwda-senagat edarasy boýunça hyzmat işlerinden alnan serişdeleriň mukdary 24,5 göterim köpeldi. Hasabat döwründe sergileriň 7-si guraldy we maslahatlaryň 11-si geçirildi.

Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi boýunça öndürilen önümleriň möçberi 5,7 göterim, oba hojalyk we azyk önümleriniň möçberi bolsa 6 göterim artdy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, geçen ýarym ýylda ýurdumyza import edilen harytlaryň möçberiniň 19 göterim azalandygyny, eksport edilen önümleriň möçberiniň bolsa 12 göterim köpelendigini belledi. Beýleki döwletlerden getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri özümizde öndürmek işleriniň guralyşy erbet däl. Ýöne heniz bizde bu ugurda peýdalanylmaýan mümkinçilikler hem köp diýip, milli Liderimiz aýtdy.

Amatly ulag ýollarynyň çatrygynda ýerleşýän ýurdumyzyň dünýäniň ähli döwletleri bilen diýen ýaly ykdysady we söwda gatnaşyklaryny ösdürmegi üçin örän gowy şertler bar diýip, hormatly Prezidentimiz wise-premýerler Ç.Gylyjowa hem-de G.Myradowa ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary bilen ýurdumyzda öndürilýän önümleriň eksport edilýän möçberini artdyrmak boýunça alnyp barylýan işleri güýçlendirmegi hem-de daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen ysnyşykly ykdysady gatnaşyklary ýola goýmagy tabşyrdy.

Döwlet Baştutanymyz halkara söwda ulgamynda beýleki döwletleriň iň gowy tejribesini özleşdirmek üçin daşarky bazarlaryň isleglerini hem-de mümkinçiliklerini öwrenmegiň, şeýle hem beýleki ýurtlarda Türkmenistanyň Söwda öýleriniň sanyny köpeltmegiň zerurdygyna ünsi çekdi.

Bu işleriň ählisini biz telekeçilerimizi giňden goldamak syýasatymyz arkaly dowam ederis diýip, milli Liderimiz aýtdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ç.Purçekow hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa gurluşyk, energetika we jemagat hojalygy toplumynyň hem-de paýtagtymyzyň häkimliginiň ýanwar — iýun aýlarynda ýerine ýetiren işleriniň netijeleri barada hasabat berdi.

Aşgabat şäher häkimligi boýunça hasabat döwründe ýerine ýetirilen işleriň we hyzmatlaryň meýilnamasy 110,3 göterim ýerine ýetirilip, ösüş depgini 106,8 göterime deň boldy.

Gurluşyk we binagärlik ministrligi boýunça alty aýda ýerine ýetirilen işleriň we hyzmatlaryň meýilnamasy 100,6 göterime barabar boldy, şunda 104,5 göterim ösüş gazanyldy.

Energetika ministrligi boýunça öndürilen önümleriň, ýerine ýetirilen işleriň we hyzmatlaryň meýilnamasy 101,4 göterim berjaý edildi. Hasabat döwründe elektrik energiýasyny eksport etmegiň meýilnamasy 107 göterim ýerine ýetirildi.

Mejlisiň dowamynda hormatly Prezidentimiz wezipe borçlaryny talabalaýyk ýerine ýetirmän, gurluşyk işleriniň standartlarynyň berjaý edilişine we hiline ýaramaz gözegçilik edýändigi üçin gurluşyk we binagärlik ministri S.Selimowa käýinç yglan etdi we degişli Buýruga gol çekdi.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow wise-premýere gözegçilik edýän pudaklarynyň ýolbaşçylary bilen maslahat geçirip, ýurdumyzyň täze gurulýan desgalarynda işleriň ýagdaýyny seljermegi, şeýle hem 2020-nji ýyl üçin gurluşyk işleriniň maksatnamasyny taýýarlamagy tabşyrdy.

Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzda täze şäherleriň we şäherçeleriň giň gerimli gurluşygynyň ýaýbaňlandyrylandygyny belläp, gurluşyk serişdelerini, şol sanda sementi, demir gurnamalaryny, timarlaýyş serişdelerini uly möçberde öndürmek üçin kuwwatly senagaty döretmegiň wajypdygyny nygtady.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow elektrik energiýasyny öndürmek we eksport etmek boýunça taslamalar bilen bagly işleri dowam etmegi tabşyrdy.

Hormatly Prezidentimiz bu işe ýurdumyzyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesini hem çekmek bilen, şu meseläniň çözgüdini gyssagly tapmagyň üstünde işlemek hem-de Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde hasabat bermek barada wise-premýere degişli tabşyryklary berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Abdyýewa gözegçilik edýän düzümlerinde şu ýylyň birinji ýarymynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi.

«Türkmenistan — rowaçlygyň Watany» şygary astynda geçýän ýylyň başyndan bäri dürli derejedäki medeni çäreler, şol sanda maslahatlar, döredijilik duşuşyklary, sergiler we bäsleşikler, sahnalaşdyrylan çykyşlar, aýdym-sazly dabaralar geçirildi. Bu çäreler 2019 — 2025-nji ýyllarda Türkmenistanyň medeniýet ulgamyny ösdürmegiň maksatnamasynda göz öňünde tutuldy.

Toplumyň hünärmenleri daşary ýurtlaryň birnäçesinde iş saparlarynda bolup, medeniýeti hem-de syýahatçylygy ösdürmäge bagyşlanan halkara maslahatlara we beýleki çärelere gatnaşdylar.

Maý aýynyň ikinji ongünlüginde Aşgabatda GDA gatnaşyjy döwletleriň döredijilik we ylmy intelligensiýasynyň XIV forumy geçirildi.

Şeýle hem Türkmen döwlet neşirýat gullugynyň maliýe-hojalyk işi barada hasabat berildi.

Köpçülikleýin habar beriş serişdeleri ýurdumyzyň dürli ugurlarda ýeten derejesini giňden beýan etdiler. Amala aşyrylýan özgertmeleriň mazmunyny we ähmiýetini düşündirmek, milli mirasymyzy wagyz etmek boýunça zerur işler alnyp baryldy.

Oguz han adyndaky «Türkmenfilm» birleşiginde dürli kinolary taýýarlamak işleri dowam etdi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň medeniýet ulgamynyň maddy-enjamlaýyn binýadynyň degişli derejede peýdalanylyşyna gözegçiligi gowşadandygy üçin, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Abdyýewa käýinç yglan etdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow wise-premýere we medeniýet ulgamynyň ýolbaşçylaryna ýüzlenip, häzirki döwürde ýurdumyzda medeniýet ulgamynyň gowy maddy-enjamlaýyn binýadynyň döredilendigini belläp, sanly telewideniýäniň, emeli hemranyň, kitaphanalaryň, teatrlaryň, muzeýleriň we beýleki medeniýet edaralarynyň döwrebap binalarynyň bardygyny belledi. Şu mümkinçiliklerden doly peýdalanyp, ruhy gymmatlyklarymyzy, halkymyzyň şöhratly taryhyny giňden beýan etmelidir.

Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, Garaşsyz ýurdumyzyň özygtyýarlylygynyň ykdysady esaslaryny pugtalandyrmaga gönükdirilen möhüm strategik maksatnamalary durmuşa geçirmegiň çäklerinde amala aşyrylýan ägirt uly işleriň düýp mazmuny we ähmiýeti anyk mysallar arkaly açylyp görkezilmelidir. Ýurdumyzda galla bilen üpjünçiligimiz, ýangyç-energetika we ulag-kommunikasiýa babatda gazanan garaşsyzlygymyz giňden beýan edilmelidir, ykdysadyýetimiziň esasy pudaklaryny sanly ulgama geçirmek, öňdebaryjy tehnikalar we tehnologiýalar bilen enjamlaşdyrmak, häzirki zaman kärhanalaryny gurmak boýunça alnyp barylýan işlerimiz beýan edilmelidir diýip, milli Liderimiz sözüni dowam etdi. Şunuň bilen birlikde, sebitiň we dünýäniň dürli döwletleri bilen medeni gatnaşyklarymyzy pugtalandyrmak, zehinli sungat ussatlaryny ýüze çykaryp, olary dünýä jemgyýetçiligine giňden tanatmak, Ýer ýüzüniň dürli döwletlerinden bolan medeniýet we sungat işgärleriniň arasyndaky dostluk gatnaşyklaryny ösdürmek döwrüň möhüm wezipesi bolup durýar diýip, milli Liderimiz belledi.

Şeýle hem döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň Garaşsyzlyk baýramyna we Halkara Bitaraplyk gününe, Täze ýyl baýramyna bagyşlap, tele we radioýaýlymlarda täsirli gepleşikleri guramak, teatrlarda merdana halkymyzy şöhratlandyrýan täze sahna hem-de aýdym-saz eserlerini görkezmek babatda birnäçe tabşyryklary berdi. Medeniýet ulgamy we köpçülikleýin habar beriş serişdeleri üçin ýokary hünärli işgärleri taýýarlamak boýunça anyk görkezmeler berildi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary P. Agamyradow 2019-njy ýylyň ýanwar — iýun aýlarynda gözegçilik edýän düzümleriniň alyp baran işleriniň netijeleri barada hasabat bermek bilen, bilim ulgamynda dowam edýän özgertmeleriň çäklerinde okuw maksatnamalarynyň hem-de okatmagyň 12 ýyllyk meýilnamasynyň kämilleşdirilýändigini belledi. Şeýle hem sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasy we Türkmenistanda daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmek boýunça Konsepsiýa yzygiderli durmuşa geçirilýär.

Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň 12-nji iýunda Ylymlar akademiýasynda geçiren taryhy maslahatynda beren tabşyryklaryny, şol sanda Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň döredilmegi hem-de Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň, Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň, Türkmen döwlet medeniýet institutynyň düzümleýin özgertmeleri bilen baglanyşykly tabşyryklaryny ýerine ýetirmek boýunça işler ýaýbaňlandyryldy.

2019-njy ýylda neşir edilmegi meýilleşdirilen 200 görnüşli okuw kitaplaryndan we gollanmalaryndan hasabat döwründe 92 görnüşi neşir edildi.

Mekdep okuwçylary halkara ders we taslama bäsleşiklerinde üstünlikli çykyş edip, ýylyň birinji ýarymynda jemi 133 medala, şol sanda 33 altyn, 31 kümüş we 69 bürünç medala mynasyp boldular. Talyplarymyz halkara ders bäsleşiklerinde Türkmenistana mynasyp wekilçilik etmek bilen, jemi 21 medaly (3 altyn, 7 kümüş, 11 bürünç) eýelediler, şeýle hem olar internet bäsleşiklerinde jemi 153 medala (30 altyn, 64 kümüş, 59 bürünç) mynasyp boldular.

Ýurdumyzyň bilim işgärleri öňdebaryjy daşary ýurt tejribesini öwrenmek hem-de ony bilim ulgamyna ornaşdyrmak maksady bilen, daşary ýurtlarda okuw we iş saparlarynda boldular. Daşary ýurtlardan tejribeli mugallymlar we hünärmenler dürli ugurlar boýunça okuwlary geçmek üçin ýurdumyzyň bilim edaralaryna çagyryldy.

Bilim ulgamynda Türkmenistanyň halkara hyzmatdaşlyk ugry boýunça degişli ylalaşyklar gazanyldy we 17 resminama gol çekildi.

Tomusky dynç alyş möwsüminiň birinji tapgyrynda Gökderedäki çagalar dynç alyş we sagaldyş merkezlerinde 6566 çaga, Awazadaky çagalar merkezlerinde 3184 çaga, welaýatlardaky merkezlerde 18190 çaga, tutuş ýurdumyz boýunça 29510 mekdep okuwçysy dynç aldy.
26-njy iýunda tomusky möwsümiň ikinji tapgyry başlandy.

Hasabatyň dowamynda ýurdumyzyň ylmy-barlag institutlarynda we ýokary okuw mekdeplerinde ylmy işleriň ýerine ýetirilendigi barada habar aýdyldy.

Ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamynda «Saglyk» Döwlet maksatnamasyna laýyklykda özgertmeler dowam edýär. Bu ulgamda halkara guramalar bilen hyzmatdaşlygyň çäklerinde yzygiderli işler geçirilýär.

Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň talaplaryna laýyklykda, lukmançylyk hyzmatlarynyň görnüşleri yzygiderli artdyrylýar, olaryň hili ýokarlandyrylýar, öňdebaryjy usulyýetler ornaşdyrylýar.

Şeýle hem ýurdumyzda bedenterbiýe we sport, olimpiýa hereketini ösdürmek, bu ulgamda hyzmatdaşlygy giňeltmek boýunça uly işler geçirilýär. Türkmenistan sambo boýunça 2020-nji ýylda dünýä çempionatyny we 2021-nji ýylda welosiped sportunyň trek görnüşi boýunça dünýä çempionatyny geçirmek hukugyna eýe boldy.

Ýurdumyzyň ýygyndy toparlary 2020-nji ýylda Ýaponiýanyň paýtagty Tokio şäherinde geçiriljek ХХХII tomusky Olimpiýa oýunlaryna taýýarlyk görmegiň çäklerinde okuw türgenleşiklerini geçirýärler.

Hasabat döwründe ýurdumyzda içerki ýaryşlaryň jemi 95-si we köpçülikleýin sport çäreleriniň 40-sy guraldy. Türgenlerimiz halkara sport ýaryşlarynyň 82-sine, şol sanda dünýä çempionatlarynyň 8-sine, Aziýa çempionatlarynyň 17-sine, halkara ýaryşlaryň 57-sine gatnaşyp, jemi 166 medala (63 altyn, 52 kümüş we 51 bürünç) mynasyp boldular.

Soňra wise-premýer birnäçe resminamalaryň taýýarlanandygy barada hasabat berip, olary milli Liderimiziň garamagyna hödürledi. Bu resminamalar 2019 — 2020-nji okuw ýylynda Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasyna diňleýjileri kabul etmegiň meýilnamalaryny we diňleýjileri kabul etmek boýunça giriş synaglaryny guramagyň tertibini tassyklamak hakyndaky hem-de 2019-njy ýylda Türkmenistanyň ýokary we orta hünär okuw mekdeplerine okuwa kabul etmek boýunça döwlet toparynyň düzümini tassyklamak hakyndaky, şeýle hem 2019-njy ýylda ýurdumyzyň ýokary we orta hünär okuw mekdeplerine okuwa kabul etmegiň meýilnamasyny tassyklamak hakyndaky Buýruklaryň taslamalarydyr.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow P.Agamyradowa we bilim ministri M.Geldinyýazowa ýüzlenip, ýakyn wagtda ýurdumyzyň bilim işgärleriniň öňünde durýan möhüm çärä — ýokary okuw mekdeplerine talyplary kabul etmek wezipesine ünsi çekdi.

Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz bu işe dahylly ähli adamlara onuň ýokary derejede we aç-açanlykda, hiç hili ýaramaz ýagdaýlara ýol bermezden geçirilmelidigini ýene bir gezek ýatlatdy. Biziň ýokary okuw mekdeplerimize zehinli we zähmetsöýer ýaşlar kabul edilmelidir hem-de okamalydyr diýip, milli Liderimiz belledi.

Biz bilim özgertmelerini geçirmegiň depginini çaltlandyrmalydyrys diýip, hormatly Prezidentimiz belledi. Mekdebi tamamlan ýaşlar, gaýtadan okamazdan, telekeçilik düzümlerinde kynçylyksyz işlemelidir. Munuň üçin bolsa mekdep maksatnamalary boýunça telekeçilik işiniň ýönekeý düzgünleri, iň bolmanda, bu ugurdaky kanunlar köpräk öwredilmelidir diýip, döwlet Baştutanymyz bu talabyň ýokary okuw mekdeplerine hem degişlidigini aýtdy.

Ähli ugurdaş institutlar, aýratyn-da, Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynda ýokary derejeli dolandyryş işgärleri taýýarlanylmalydyr, bu ugurda dünýä belli beýleki ugurdaş institutlar bilen hyzmatdaşlyk edip, daşary ýurtly hünärmenler işe çekilmelidir. Şeýle hem talyplary tölegli esasda okatmak usulyna geçilmelidir diýip, milli Liderimiz belledi.

Eger-de döwletde sowatly ýaşlar, anyk ýokary derejeli hünärmenler bolmasa, şol döwletiň hiç bir geljeginiň ýokdugyna anyk düşünmelidiris diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow nygtady.

Şeýle hem döwlet Baştutanymyz bilim ulgamyna gözegçilik edýän wise-premýere Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary G.Myradow bilen bilelikde, oba ýerlerinde mugallymlaryň iş meselesini öwrenmegi tabşyrdy. Obada işleýän mugallymlaryň zähmet hakyna ep-esli möçberde goşmaça töleg goşmaly, şeýle hem olar ýeňillikli şertlerde ýaşaýyş jaýlary bilen üpjün edilmelidir. Milli Liderimiz bu babatda teklipleri taýýarlamagy tabşyrdy.

Mundan başga-da, hormatly Prezidentimiz IT — merkezi üçin binalar toplumynyň taslamasyny düzmegi, onuň ýerleşdiriljek ýerini saýlamagy tabşyrdy. Ilkinji nobatda, maglumat tehnologiýalary merkezi üçin zerur bolan işgärler taýýarlanmalydyr.

Soňra döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň täze bellenen rektorlarynyň her biriniň öňünde ýokary okuw mekdepleriniň ugruna laýyklykda anyk wezipeleri goýdy.

Milli Liderimiz Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň täze ýolbaşçysy N.Myratnazarowa ýüzlenip, «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň netijeli amala aşyrylmagynyň Türkmenistanda ýokanç kesellere garşy göreşmekde ägirt uly üstünlikleri gazanmaga mümkinçilik berendigini belledi. Häzirki döwürde welaýatlarda merkezleşdirilen hassahanalar gurulýar. Olar üçin bolsa ýokary hünärli işgärler gerek bolar. Bu lukmançylyk merkezleriniň geljekki lukmanlar bolan talyplaryň önümçilik tejribesini geçýän ýeriniň sanawyna goşulmagy, şolarda sapaklaryň okuw-usulyýet ugurlary bilen utgaşdyrylmagy zerur bolup durýar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmen döwlet medeniýet institutynyň rektory A.Aýdogdyýewe pederlerimizden gelip ýeten baý taryhy-medeni mirasy saklamak we wagyz etmek hem-de medeniýet işgärleriniň täze nesillerine ýetirmek meselelerine ünsi güýçlendirmegi tabşyrdy.

Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň rektory A.Saparowa sportuň dürli görnüşleri boýunça tälimçileri we türgenleri taýýarlamak meselelerine ylmy esasda çemeleşmegiň zerurdygy babatda anyk görkezmeler berildi. Ýurdumyzda pugta maddy-enjamlaýyn binýat döredildi. Indi onuň ähli mümkinçiliklerini doly herekete girizmek bu ulgamda häzirki zaman dünýä tejribesini özünde jemleýän okatmagyň kämil usullaryny ornaşdyrmak zerur bolup durýar diýip, döwlet Baştutanymyz sözüni dowam etdi. Geljekde bolsa ýokary hünärli professional tälimçileri we türgenleri taýýarlamak üçin ýöriteleşdirilen akademiýalaryň döredilmegi barada hem oýlanmak gerek diýip, milli Liderimiz belledi.

Soňra döwlet Baştutanymyz Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň rektory M.Kulyýewanyň ünsüni ýurdumyzyň netijeli ykdysady gatnaşyklary alyp barýan döwletleriniň, şol sanda Ýaponiýanyň, Hytaýyň, Koreýa Respublikasynyň we beýlekileriň dillerini öwrenmegiň wajypdygyna çekdi.

Türkmen döwlet maliýe institutynyň rektory B.Taňryberdiýewe milli ykdysadyýetimizi sanlaşdyrmagyň, bank işinde öňdebaryjy maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalaryny giňden ulanmagyň çäklerinde hünärmenleriň ylmy esasda taýýarlygyny ýokarlandyrmak tabşyryldy.

Hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň rektory S.Nazarowa ýüzlenip, okuw-usulyýet ugurlarynyň döwrebaplaşdyrylmagyna, şol sanda häzirki zaman tehnologiýalary bilen üpjün edilen Marynyň garyşyk dolanyşykda işleýän gazturbina döwlet elektrik bekediniň işgärleriniň üpjünçiligi bilen baglanyşykly ugurlara möhüm üns bermegi tabşyrdy. Biz mundan beýläk-de ýurdumyzyň energetika ulgamyny ösdüreris, pudagyň kuwwatyny artdyrarys. Şunlukda, bu ugra ýokary hünärli işgärler zerur bolup durýar diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.

Döwlet Baştutanymyz Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň rektory R.Amangeldiýewe ady rowaýata öwrülen we türkmen saz sungatynyň sütüni hasaplanylýan Maýa Kulyýewanyň muzeýini döretmek boýunça birnäçe tabşyryklary berdi. Şeýle hem milli Liderimiz türkmen ilinde 72 görnüşli milli saz guralynyň bardygyny belledi. Bu taryhy gatnaşyklar ýitirilmän, eýsem, bu saz gurallaryny täze görnüşde kämilleşdirmek arkaly ýaş sazandalaryň tejribeli halypalaryň kömegi bilen bu saz gurallaryna ussatlyk bilen erk etmegi ugrunda zerur tagallalar edilmelidir.

Milli Liderimiz ýokary okuw mekdepleriniň täze bellenen ýolbaşçylaryna işlerinde üstünlik arzuw edip, olaryň bildirilen belent ynamy ödäp, ýokary hünärli döwrebap işgärleri taýýarlamak ýaly möhüm wezipeleri ýerine ýetirmek ugrunda ähli tagallalary gaýgyrmajakdyklaryna ynam bildirdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow «Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasat ugrunyň 2017 — 2023-nji ýyllar üçin Konsepsiýasynyň» şu ýylyň birinji ýarymynda durmuşa geçirilişi hem-de döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda ýurdumyz döwletara çäklerde dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk we özara bähbitli hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny, şeýle hem abraýly halkara we sebit guramalaryň hem-de düzümleriniň çäklerinde netijeli hyzmatdaşlygy yzygiderli ösdürýär.

Şunuň bilen baglylykda, saparlara hem-de ýokary derejedäki gepleşiklere möhüm orun berilýär. Şu ýylyň dowamynda daşary ýurt döwletleriň birnäçesiniň ýolbaşçylarynyň Türkmenistana sapary, şeýle hem milli Liderimiziň Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasyna sapary boldy. Şolaryň netijeleri boýunça gazanylan möhüm ylalaşyklar we gol çekilen resminamalar umumy abadançylygyň bähbidine laýyk gelýän netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmäge täze itergi berdi.

Türkmenistanyň Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynda başlyklyk etmeginiň çäklerinde maý aýynda Aşgabatda GDA-nyň hökümet Baştutanlarynyň geňeşiniň mejlisi geçirildi.

Daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen netijeli söwda-ykdysady we ynsanperwer medeni gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmek maksady bilen, bilelikdäki hökümetara toparlaryň we beýleki degişli düzümleriň mejlisleriniň birnäçesi, şeýle hem ikitaraplaýyn işewürlik maslahatlary geçirildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, wise-premýere, daşary işler ministrine öňde boljak saparlar boýunça geçiriljek çäreleriň hem-de Bitarap döwletimiziň halkara guramalaryň işine gatnaşmagynyň anyk meýilnamasyny häzirden taýýarlap başlamagy tabşyrdy.

Milli Liderimiz Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna we Araly halas etmegiň halkara gaznasyna ýurdumyzyň başlyklyk etmegi bilen bagly göz öňünde tutulan birnäçe iri halkara çärelere gowy taýýarlyk görmegiň we olary ýylyň ahyryna çenli ýokary derejede geçirmegiň wajypdygyny belledi.

Türkmenistanyň wekiliýetiniň BMG-niň Baş Assambleýasynyň mejlisine gatnaşmagyny, Halkara Bitaraplyk gününi we beýleki syýasy hem-de guramaçylyk çärelerini talabalaýyk guramak möhümdir diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.

Mejlisiň Başlygy G.Mämmedowa ýurdumyzyň kanunçylygyny has-da kämilleşdirmek boýunça şu ýylyň birinji ýarymynda milli parlamentiň işleriniň netijeleri hem-de Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisine görülýän taýýarlyk barada habar berdi.

Döwletimiziň we jemgyýetimiziň wajyp durmuş ulgamynyň kanunçylygyny üpjün etmek maksady bilen, döwrebap hukuk binýadyny kemala getirmek boýunça ýaýbaňlandyrylan toplumlaýyn maksatnama laýyklykda, parlamentiň deputatlary täze kanunçylyk namalaryny işläp taýýarlamak we ozal hereket edýänlerini kämilleşdirmek ugrunda yzygiderli işleri amala aşyrýarlar.

Geçen döwürde milli parlamentiň iki mejlisi geçirilip, şolaryň dowamynda Türkmenistanyň Kanunlarynyň 31-si, Mejlisiň Kararlarynyň 21-si kabul edildi.

Parlamentara gatnaşyklary ösdürmegiň, kanunçylygyň dünýä tejribesini öwrenmegiň hem-de BMG-niň we beýleki abraýly guramalaryň wekilhanalary bilen hyzmatdaşlygy giňeltmegiň çäklerinde, Mejlisde birnäçe daşary ýurtlaryň diplomatlary hem-de wekiliýetleri bilen duşuşyklar geçirildi we daşary ýurtlara saparlar guraldy. Mejlisiň deputatlary we hünärmenleri ýurdumyzda guralýan halkara çärelere hem-de maslahatlara işjeň gatnaşdylar.

Hasabat döwründe Mejlisiň deputatlarynyň, halk maslahatynyň we geňeşleriň agzalarynyň ozal çykyp gidenleriniň ornuna birnäçe okruglar boýunça saýlawlar geçirildi.

Häzirki döwürde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisine taýýarlyk işleri alnyp barylýar.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň agzalaryna ýüzlenip, ýurdumyzyň durmuşynda şanly waka bolan Halk Maslahatynyň mejlisiniň ähmiýetini belledi. Ol ýurdumyzyň baş baýramy bolan Türkmenistanyň Garaşsyzlyk gününiň öňüsyrasynda geçiriler. Onuň esasy mejlisini 25-nji sentýabrda geçirmek bellenildi. Şol gün zähmetde ýokary üstünlik gazanan raýatlarymyzy döwlet sylaglary bilen sylaglamak dabarasy geçiriler. Bu barada aýtmak bilen, döwlet Baştutanymyz «Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisini guramaçylykly geçirmek hakynda» Permana we degişli Karara gol çekip, umumymilli forumyň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmelidigini belledi.

Soňra hormatly Prezidentimiz welaýatlaryň häkimleriniň hem-de oba hojalyk toplumynyň ýolbaşçylarynyň hasabatlaryny diňledi.

Ilki bilen Ahal welaýatynyň häkimi S.Berdimuhamedow şu ýylyň 6 aýynda sebitde ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi.

Azyk bolçulygyny üpjün etmek, ýygnalyp alnan bugdaý hasylyny talabalaýyk saklamak, gaýtadan işlemek, gowaça meýdanlarynda alnyp barylýan işleriň agrotehniki kadalara laýyk derejesini üpjün etmek ugrunda geçirilýän işler baradaky maglumatlar hasabatyň özenini düzdi. Şeýle hem häkim welaýat boýunça jemi 472 müň 665 tonna ak bugdaý ýygnalyp, bu baradaky şertnamalaýyn borçnamanyň 105 göterim ýerine ýetirilendigi baradaky hoş habary aýtdy. Şu ýylyň hasyly üçin 120 müň gektar gowaça ekilen meýdanlarda ideg işleri talabalaýyk alnyp barylýar.

Häkimiň belleýşi ýaly, şu günler welaýatyň çäklerinde 5 müň 185 gektar ýere ekilen ýeralmanyň, gök we bakja ekinleriniň hasylyny ýygnamak işleri dowam edýär. Hasabatyň çäklerinde welaýatyň maldarçylyk hojalyklarynda alnyp barylýan işleriň, mallaryň baş sanyny artdyrmagyň hem-de önüm berijiligini ýokarlandyrmagyň häzirki döwrüň baş wezipesidigi nygtaldy.

Soňra Balkan welaýatynyň häkimi Ý.Gylyjow hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa şu ýylyň birinji ýarymynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi. Häkim öňi bilen welaýatyň gallaçy kärendeçileriniň 120 müň tonnadan gowrak bugdaý hasylyny taýýarlap, şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli berjaý edendikleri baradaky hoş habary ýetirdi.

Şeýle hem hasabatyň çäklerinde, ýygnalan galla hasylyny degişli derejede saklamak we gaýtadan işlemek boýunça zerur tagallalaryň edilýändigi barada habar berildi. Şol bir wagtyň özünde gök we bakja ekinlerinden alynýan hasylyň möçberini artdyrmak, pudaga täzeçil tehnologiýalary ornaşdyrmak meselelerine möhüm ähmiýet berilýändigi barada aýdyldy.

Soňra Daşoguz welaýatynyň häkimi N.Nazarmyradow 2019-njy ýylyň alty aýynda welaýat boýunça ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi.

Häkim welaýatyň edermen daýhanlarynyň yhlasly zähmeti bilen ýetişdirilen bugdaýdan 311 müň tonnadan gowrak hasyl ýygnalyp, şertnamalaýyn borçnamanyň ýerine ýetirilendigi baradaky hoş habary aýtdy.

Şu günler welaýatyň gowaça ekilen meýdanlarynda hatarara bejergi, dökünler bilen iýmitlendirmek we ösüş suwuny tutmak işleri utgaşykly alnyp barylýar.

Soňra Lebap welaýatynyň häkimi T.Atahallyýew welaýatda şu ýylyň birinji ýarymynda alnyp barylýan işleriň jemleri we möwsümleýin oba hojalyk işleriniň netijeleri barada hasabat berdi.

Hasabatyň dowamynda häkim welaýatyň zähmetsöýer gallaçylarynyň
350 müň tonnadan gowrak däne taýýarlap, şertnamalaýyn borçnamanyň hötdesinden abraý bilen gelendiklerini aýtdy.

Welaýat boýunça taýýarlanan galla hasylyny saklamak, ammarlara daşamak we gaýtadan işlemek işleri utgaşykly alnyp barylýar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Döwletli hem-de Köýtendag etraplarynda galla taýýarlamak boýunça şertnamalaýyn borçnamalaryň ýerine ýetirilmändigini belläp, welaýat häkimi T.Atahallyýewe soňky gezek duýdurmak bilen, berk käýinç, Lebap welaýatynyň häkiminiň orunbasary Ş.Hudaýkulyýewe berk käýinç yglan etdi.

Milli Liderimiz Lebap welaýatynda pagta taýýarlamak boýunça borçnamanyň ýerine ýetirilmedik ýagdaýynda häkimiň eýeleýän wezipesinden boşadyljakdygyny duýdurdy.

Mejlisiň dowamynda döwlet Baştutanymyz galla taýýarlamak boýunça şertnamalaýyn borçnamanyň ýerine ýetirilmegini üpjün etmändikleri üçin Döwletli etrabynyň häkimi B.Gylyjowa we Köýtendag etrabynyň häkimi S.Allakulyýewe berk käýinç yglan etdi we degişli resminamalara gol çekdi.

Soňra Mary welaýatynyň häkimi D.Annaberdiýew sebitde şu ýylyň ýanwar — iýun aýlarynda ýerine ýetirilen işleriň jemleri we galla oragynyň netijeleri, gowaça ideg etmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Häkim öňi bilen welaýatda 396 müň tonnadan gowrak bugdaý hasylynyň ýygnalandygyny we bu baradaky şertnamalaýyn borçnamanyň üstünlikli berjaý edilendigini uly şatlyk bilen habar berdi.

Häzirki döwürde gowaça ekilen 165 müň gektar meýdanda hatarara bejergi geçirmek, ösüş suwuny tutmak we mineral dökünler bilen iýmitlendirmek işleri agrotehniki kada laýyk derejede alnyp barylýar. Munuň özi gowaçadan bol hasyl kemala getirmekde möhüm ähmiýetlidir.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary E.Orazgeldiýew gözegçilik edýän pudaklarynda şu ýylyň 6 aýynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri we welaýatlarda alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.

Obasenagat toplumy boýunça öndürilen önümleriň we ýerine ýetirilen hyzmatlaryň möçberiniň ösüş depgini 112,5 göterime barabar boldy. Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligi boýunça bu görkeziji 112,9 göterime, Suw hojalygy baradaky döwlet komiteti boýunça 109,6 göterime, «Türkmen atlary» döwlet birleşigi boýunça 105,6 göterime deň boldy. Hasabat döwründe maýa goýumlary özleşdirmegiň meýilnamasy 108,4 göterim ýerine ýetirildi.

Şu günler ýurdumyzyň pagtaçylary hatarara bejergi, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek we ösüş suwuny tutmak işlerini agrotehniki kada laýyk derejede alyp barýarlar.

Wise-premýeriň belleýşi ýaly, «Türkmenistan — rowaçlygyň Watany» şygary astynda geçýän ýylda ýurdumyzyň gallaçylary 1 million 650 müň tonnadan gowrak bugdaý hasylyny taýýarlap, bu baradaky şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli berjaý etdiler.

Döwlet Baştutanymyz wise-premýer E.Orazgeldiýewe hem-de welaýatlaryň we etraplaryň häkimlerine, oba hojalyk toplumynyň ýolbaşçylaryna ýüzlenip, oba hojalygyny ösdürmek boýunça maksatnamany mundan beýläk-de üstünlikli ýerine ýetirmegiň, şol sanda pagtanyň öndürilýän mukdaryny artdyrmagyň meselelerine ünsi çekdi.

Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, häzirki döwürde galla oragy tamamlanyp barýar. 1 million 650 müň tonnadan gowrak bugdaý hasyly ýygnaldy. Munuň özi ýurdumyzda azyk howpsuzlygynyň üpjün edilmegine mynasyp goşantdyr.

Şeýle hem gowaçanyň bol hasyly ösdürilip ýetişdirilýär. Munuň özi ýurdumyz üçin aýratyn wajypdyr. Gowaçadan ýokary hasyl almak üçin ähli agrotehniki çäreleriň degişli derejede ýerine ýetirilmegi, tehnikalaryň ýygym möwsümine öz wagtynda taýýarlanmagy zerurdyr.

Döwlet Baştutanymyz wise-premýerler P.Agamyradowa we E.Orazgeldiýewe oba hojalygynyň dürli pudaklarynda, aýratyn-da, suw hojalygynda alnyp barylýan ylmy çäreleri işjeňleşdirmegi tabşyrdy. Biz beýleki ýurtlaryň öňdebaryjy tejribesini giňden ulanyp, önümçilige suw tygşytlaýjy tehnologiýalary ornaşdyrmalydyrys diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sözüni dowam etdi. Şeýle hem hormatly Prezidentimiz Garagum sährasynyň ekologiýa ýagdaýyny mundan beýläk-de gowulandyrmagyň maksatnamasyny üstünlikli durmuşa geçirmek boýunça anyk tabşyryklary berdi.

Soňra milli Liderimiz mejlisiň jemini jemläp we oňa gatnaşyjylara ýüzlenip, «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynyň» ýerine ýetirilişine seredilendigini, heniz işde käbir kemçilikleriň bardygyny we şolary düzetmegiň üstünde işlenilýändigini belledi.

Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, geçen ýarym ýylda mähriban halkymyzyň durmuşynyň mynasyp derejesini we hilini üpjün edýän örän möhüm özgertmeleri amala aşyrmakda nobatdaky ädimler ädildi. Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasy, Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasy, Ýewropa Birleşigi, Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasy, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygy hem-de beýleki halkara guramalar bilen energetika we suw howpsuzlygyny üpjün etmek, ekologiýa meselelerini çözmek, ulag üpjünçilik ulgamlaryny, bilim we medeniýet ulgamlaryny, adam hukuklaryny hem-de azatlyklaryny ösdürmek, ählumumy howpsuzlygy berkitmek bilen bagly işjeň hyzmatdaşlygy dowam etdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow içerki syýasatymyz barada aýdyp, ýurdumyzda ygtybarly salgyt-býujet we pul-karz syýasatynyň saklanýandygyny, hususy we döwlet üpjünçilik ulgamlaryna gönükdirilýän maýa goýumlaryň möçberiniň artdyrylýandygyny belledi.

Milli ykdysadyýetimiziň käbir pudaklarynda önüm öndürmek we hyzmatlary etmek boýunça gowy netijeler gazanyldy. Bu bolsa, jemi içerki önümiň ösüşini 6,2 göterime ýetirmäge mümkinçilik berdi. Döwlet býujetiniň girdejileri köpeldi. Şeýlelikde, ortaça aýlyk zähmet haklaryny ýokarlandyrmaga şert döredi. Milli manadymyzyň hümmeti hem bellenen derejede durnukly saklanylýar.

Milli Liderimiz häzirki döwürde ýurdumyzda umumy bahasy 30 milliard amerikan dollaryndan hem geçýän jemi iki müňe golaý senagat we ýaşaýyş-durmuş maksatly iri desgalaryň gurluşygynyň giň gerim bilen dowam edýändigini belledi. «Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça 2020-nji ýyla çenli döwür üçin rejelenen görnüşdäki Milli maksatnamasy» ýokary depginler bilen amala aşyrylýar. Maksatnama laýyklykda, hasabat döwründe bir milliard manatdan hem köp möçberde düýpli maýa goýumlary özleşdirildi.

Şunuň bilen baglylykda, ykdysadyýetimizi diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmegiň çäklerinde, ýurdumyzda beýleki döwletlerden getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri öndürmek, öz önümlerimiziň daşary ýurtlara iberilýän möçberlerini artdyrmak, elektron senagatyny döretmek boýunça kabul edilen döwlet maksatnamalary üstünlikli durmuşa geçirilýär. Geçen ýarym ýylyň dowamynda iri desgalaryň 48-si, 620 müň inedördül metre golaý ýaşaýyş jaýlary, şol sanda ýokary amatlyklary bolan ýaşaýyş jaýlary ulanylmaga berildi diýip, döwlet Baştutanymyz sözüni dowam etdi.

Ýakynda meşhur kompaniýalaryň iň täze tehnologiýalary we enjamlary ornaşdyrylan, gazdan benzin öndürýän dünýäde ýeke-täk özboluşly zawod işe girizildi. Şeýle iri taslamalar ata Watanymyzy «ýaşyl» ykdysadyýetiň merkezleriniň birine öwürmek üçin zerur şertleri döredýär. Şular ýaly önümçilikleri döretmek Garaşsyz ýurdumyzyň ykdysadyýetini mundan beýläk-de ösdürmegiň möhüm ugrudyr. Onuň energetika, ekologiýa we tehnologiýa howpsuzlygyny, şeýle hem uglewodorod serişdelerini ýerlemegiň bazarlaryny diwersifikasiýalaşdyrmagy üpjün eder diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi.

Welaýat häkimleriniň hasabatlaryndan görnüşi ýaly, şu ýyl ýurdumyzyň edermen daýhanlarynyň gallanyň bol hasylyny ýygnap alandyklaryny belläp, hormatly Prezidentimiz ähli gallaçylary Watan harmanyna 1 million 650 müň tonnadan gowrak ak bugdaý tabşyryp, şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli ýerine ýetirendikleri bilen gutlady.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe daýhanlarymyzyň öndürijilikli zähmet çekmekleri üçin döwletimiz tarapyndan ähli şertleriň döredilýändigini belläp, milli Liderimiz olaryň halal zähmetine mynasyp baha berilmeginiň daýhanlary täze üstünlikleri gazanmaga we ene topraga yhlas siňdirip, bol hasyl öndürmäge höweslendirjekdigini nygtady. Gallaçy daýhanlarymyzyň gazanan bu uly üstünligi «Türkmenistan — rowaçlygyň Watany» diýip yglan eden ýylymyza mynasyp sowgatdyr.

Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi