Merkezi Bankyň
walýuta kursy

Beýleki walýutalaryň kursy

Gymmat bahaly metallaryň
1 (bir) unsiýasynyň türkmen manadyna bolan gatnaşyklary

  ALTYN
  KÜMÜŞ
  PLATINA
  PALLADIÝ

Maliýe ulgamynda QR-koduny ulanmagyň halkara tejribesi

Häzirki wagtda dünýäniň öňdebaryjy ýurtlarynda ykjam we aragatnaşyk tehnologiýalarynyň yzygiderli kämilleşmeginiň netijesinde QR-koduny ulanmaklyk has giňden ýaýrady.

QR-kod iki ölçegli inçe çyzykly kod görnüşinde (2D ştrih-kod)  bolup, ol özünde dürli maglumatlary jemleýär we «Quick Response Сode» («dessin tassyklanylýan kod») diýip düşündirilýär hem-de mobil programma üpjünçiliginiň QR-koddaky maglumatlara çalt düşünmek we özgertmek ukybyny görkezýär. Ilkibaşda QR-kod hyzmaty bölek ätiýaçlyk şaýlary daşalanda olary belgilemek üçin Ýaponiýanyň senagatynda ulanylyp başlanyldy. Birnäçe wagt geçeninden soň, onuň ulanylýan ugurlaryň sany has hem giňeldi we häzirki wagtda QR-kod hyzmaty adamzat durmuşynda giňden ornaşdyrylandygyny görmek bolýar.

QR-kod aşakdaky alamatlary özünde jemleýär:  

sanlar — 7089;

sanlar we harplar (şol sanda kirillisa harplar) — 4296;

jübütleýin kod— 2953;

iýeroglifler — 1817.

QR-kod hyzmatyny ulanmagyň amatlyklaryna:

1. hyzmata ýeterlik derejede uly göwrümli maglumatlary goşmak mümkinçiligi;

2. okamak we skanirlemek üçin ýönekeýligi (meselem, mobil telefonyň kömegi bilen), munuň özi maglumaty dessin elektron görnüşe geçirmeklige mümkinçilik berýär we el bilen maglumatlary girizmekligi talap etmeýär  (meselem, töleg geçirmek, salgylar mobil telefonynyň salgylar kitabyna goşmak, web-salgylanmalara geçmek);

3. haýsy hem bolsa bir sebäp bilen zaýalanan (üsti çyzylan, möhründe kemçilik bar bolan) kodlary okamaga mümkinçilik berýän hem-de bolup biläýjek ýalňyşlyklary düzetmek üçin algoritmiň bolmagy;

4. şahsy QR-kodlary döretmek we okamak üçin ýöriteleşdirilen tölegsiz programma üpjünçilikleriň bolmagy we beýlekiler degişlidir.

  Häzirki wagtda QR-kod tehnologiýalary Aziýa ýurtlarynda giňden ýaýrady, Demirgazyk Amerikada we Ýewropada kem-kemden ösýär. Ýaponiýada, Hytaýda we Hindistanda QR-kodlar giňden ýaýrap söwda we jemgyýetçilik nokatlarynda satylýan harytlaryň hemmesine goýulýar hem-de olary mahabat bukletlerinde we sorag-jogap nokatlarynda (sowalnamalarynda) ýerleşdirilýär. QR-koduny ulanmaklyk maliýe we bank ulgamynda hem aýratyn meşhurlyga eýe boldy.

Hytaý Halk Respublikasynda QR-kodlaryny peýdalanmak arkaly töleg geçirmegiň giňden ýaýran görnüşlerine mysal hökmünde, WeChat  Pay (WeChat messenjeriniň kömegi bilen töleg geçirmek üçin töleg ulgamy) we Alipay (Hytaýyň iň iri töleg ulgamlarynyň biri) çözgütlerini görkezmek bolar. Hytaýda 2017-nji ýylda jemi 18,5 trln. ABŞ-nyň dollaryna barabar tölegler we geçirimler QR-kodlarynyň üsti bilen amala aşyryldy.

Hytaý Halk Respublikasynda QR-kod hyzmaty 2011-nji ýylda WeChat messenjeri mynasybetli meşhurlyga eýe boldy. Onuň aýratynlyklarynyň biri hem, her bir ulanyjy profili üçin aýratyn QR-kodunyň, şeýle hem degişlilikde özünde gurnalan QR-kod skaneriniň bolmagydyr. Şol mynasybetli Hytaýda bu hyzmatyň müşderilerinde olary gündelik durmuşynda ulanmak endigi peýda boldy. Häzirki wagtda WeChat hyzmaty diňe bir messenjer bolmak bilen çäklenmän, eýsem özünde töleg platformasyny, jemgyýetçilik ulgamyny, oýunlary we hyzmatlary işläp taýýarlamak hem-de öňe sürmek üçin tutuş bir bütewi ykdysady ulgamdyr. Hytaýdaky elektron söwdanyň bazardaky ornuny göz öňünde tutsak, onda QR-kod guramalar üçin marketing boýunça kuwwatly gurallaryň biridir. 2012-nji ýylyň ortalarynda her bir brendiň köpçülige niýetlenen şahsy QR-kodly internet sahypasy peýda boldy.

Häzirki wagtda Hytaý Halk Respublikasynyň söwda dükanlarynda haryt we hyzmatlaryň tölegini nagt pul serişdeleri ýa-da bank kartlary arkaly amala aşyrmagyň ýerine, alyjylar QR-kodlary arkaly suratyny alyp, amalyň ýerine ýetirilmegini mobil telefonyň kömegi bilen tassyklap bilýärler.

QR-kod hyzmatynyň ýeňilligi sebäpli, ol töleg terminallary bolmadyk kiçi bölekleýin söwdany alyp barýan satyjylaryň we köçe söwdagärleriniň arasynda meşhurlyga eýedir. Hytaýyň iri şäherleriniň köpüsinde gündelik hyzmatlaryň tölegleri, şol sanda köpçülige niýetlenen ulaglardan peýdalanmak, jemagat ýa-da lukmançylyk hyzmatlary üçin tölegleri QR-kod arkaly tölemek mümkinçiligi döredilen.

QR-kod hyzmaty Hindistanyň bank ulgamynda hem aýratyn meşhurlyga eýe boldy. Harytlaryň we hyzmatlaryň tölegini QR-kod hyzmaty arkaly amala aşyrmak Hindistan döwletinde hem girizmeklik, ýurtda kiçi telekeçiligiň wekilleriniň POS-terminallaryny satyn almaklyga we olara hyzmat etmeklige edýän çykdajylaryny azaltmagyň hasabyna nagt däl tölegleriň paýynyň artdyrmagyna mümkinçilik berýär.

2016-njy ýylda Hindistanyň Milli Töleg Korporasiýasy (NPCI) tölegleri we geçirimleri IMPS (Immediate Payment Service) çalt tölegler ulgamyny ulanmak arkaly geçirmekligiň amatlygyny ýokarlandyrmak üçin özüniň BHIM (Bharat Interface for Money) şahsy mobil programma üpjünçiligini dolanyşyga goýberdi hem-de ýurduň ähli banklarynda ornaşdyryldy.

Bu mobil programma üpjünçiliginiň esasy wezipelerine:

1. satyjynyň  QR-koduny bankdan almagy, çap etmegi, hem-de ony satyn alnan harytlaryň ýa-da hyzmatlaryň tölegleriniň amala aşyrylýan nokadyna ugratmagy;

2. alyjy mobil bank programma üpjünçiligi arkaly QR-kodunyň suratyny almagy (satyjy baradaky maglumatlar elektron usulda mobil bank programma üpjünçiliginde doldurýar), PIN-koduny we tölegiň möçberini girizmegi hem-de haryt/hyzmat üçin tölegi amala aşyrmagy. (Şol bir wagtyň özünde Hindistanda harytlaryn we hyzmatlaryň tölegini tölemeklige, şeýle hem QR-kodlaryny ulanmak arkaly ýörite mobil programma üpjünçiliginiň kömegi bilen töleg amala aşyrmaga mümkinçilik berýän Visa (Bharat QR / mVisa) kompaniýasynyň çözgütleri hem hereket edýär).

2018-nji ýylda Bharat QR tarapyndan ýerine ýetirilen amallaryň sany 25 milliarddan geçdi hem-de söwda we hyzmat edýän nokatlarynda nagt däl görnüşli tölegleri kabul etmek üçin milliondan gowrak QR-kodlary çap edildi.

ABŞ-da hem QR-kodlarynyň kömegi bilen töleg amala aşyrmak mümkinçiligi çaltlyk bilen ýaýrady. QR-koduň üsti bilen töleg amala aşyrmaklyk ilkibaşda ABŞ-ny özüne çekmedik hem bolsa, Alipay we WeChat mobil gapjyklaryndan garaşly bolan syýahatçylaryň Hytaýdan köp gelmegi, QR töleglerini kabul etmekde uly üstünlik we işjeňlik gazanyp boljakdygyny kompaniýalara görkezdi. Bu bolsa Walmart kompaniýasy tarapyndan öňden bar bolan Walmart Pay mobil programma üpjünçiligi arkaly tölegleri geçirmäge oňaýly şert döretdi.

Bu tehnologiýanyň girizilmegi mynasybetli, ABŞ-nyň supermarketler ulgamynyň kassalarynda alyjylar QR-koduny skaner etmek arkaly nagt däl görnüşli tölegleri dessine amala aşyryp bilýärler.

ABŞ-da ilkinji gezek hyzmaty SCVNGR (onuň çözgüdi 14 müň söwda nokadynda ulanylýar) we PayPal kompaniýalary tarapyndan halk köpçüligine ýetirildi. Umumy dolanyşygy 1 trln. ABŞ-nyň dollaryndan geçýän bölekleýin söwda boýunça iri kärhanalarynyň konsersiumy bu işi  alyp barýar.

ABŞ-da QR-kod hyzmatyny ulanmagyň ýene bir üstünlikli taslamalaryň biri hökmünde Starbucks mobil programma üpjünçiligini görkezmek bolar. Ýewropa ýurtlarynda hem töleg geçirmek üçin QR-kod hyzmatyny ulanýan käbir çözgütler bar. QR-kod hyzmatyny ulanmak arkaly tölegleri çalt geçirmegiň birnäçe milli ulgamlaryna mysal hökmünde Şwesiýada Swish/BiR ulgamyny hem görkezmek bolar.

Häzirki wagtda Türkmenistanyň Merkezi banky “Rysgal” PTB bilen bilelikde ýurdymyzda dessin tassyklanylýan kodly töleg ulgamyny girizmeklige gönükdirilen işleri geçirýär. Bu işler, QR-kod kömegi bilen nagt däl hasaplaşyklary  geçirmekligiň dürli mehanizmlerini we usullaryny girizmekligi göz önünde tutýar.
QR-kod hyzmatyny girizmekligiň netijesinde, kämilleşdirilen bank hyzmatlarynyň elýeterliligini üpjün etmeklige hem-de kiçi telekeçiligiň wekilleriniň POS-terminallaryny satyn almaklyga we olara hyzmat etmeklige gönükdirilen çykdajylaryny azaltmaklyga mümkinçilik berer. Ýurduň töleg-hasaplaşyk ulgamyny kämilleşdirer, ilatyň maliýe taýdan sowatlylygynyň derejesini artdyrar, şeyle hem ýurdy sanly ykdysadyýete geçirmek bilen bagly bolan ösüşleri işjeňleşdirmäge itergi berer.

Edara görnüşli we şahsy taraplaryň arasynda özara gatnaşyklaryň sanly görnüşleriniň işjeň ösýän, elektron söwdanyň we hyzmatlaryň sanly edilmeginiň geçirilmeginiň barha artýan  şertlerinde, nagt däl görnüşdäki hasaplaşyklar maliýe bazarynda zerurlygyny has hem artdyrdy.

Ýurdumyzyň maliýe bazary üçin programma üpjünçiligini girizmeklik arkaly online-geçirimleri we hasaplaşyklary günüň islendik wagtynda hakyky wagt tertibinde geçirmekligi üpjün eder.

QR-kody hyzmaty şu aşakdaky mümkinçilikleri döreder:

1. satyn alnan harytlaryň we hyzmatlaryň töleglerini elektron usulda ýeňillikli geçirmek;

2. şahsy taraplaryň arasynda geçirimleri amala aşyrmak;

3. şahsy we edara görnüşli taraplaryň arasyndaky hasaplaşyklary amala aşyrmak (şol sanda, harytlaryň we hyzmatlaryň tölegini tölemek, hasaplar boýunça töleg geçirmek, kommunal tölegleri tölemek) ;

4. tölegleriň beýleki görnüşlerini amala aşyrmaga mümkinçilik;

QR-kody hyzmaty arkaly tölegleri amala aşyrmaklygyň ugurlary aşakda görkezilen tertipde alnyp barylýar.

Söwda we jemgyýetçilik nokatlarynda QR-kod hyzmaty arkaly tölegler amala aşyrmak:

A) Smartfonyň kömegi bilen:

- alyjy ýörite mobil programma üpjünçiligiň we smartfonyň  kömegi bilen satyjynyň söwda nokadynda ýerleşdirilen QR-koduň şekiliniň suratyny alýar, mobil programma üpjünçiligide töleg möçberini girizýär hem-de tölegi tassyklaýar;

- amal ýerine ýetirilenden soňra alyjy serişdeleriň hasabyndan aýrylandygy hem-de satyjy serişdeleriň hasaba gelip gowşandygy barada SMS habaryny alýar.

B) Düwmeli mobil telefon arkaly (USSD töleg):

- USSD talapnama arkaly töleg geçirmeklik alyjynyň fotokameraly smartfonynyň bolmadyk ýagdaýynda amala aşyrylýar. Bu ýagdaýda, alyja düwmeli mobil telefonunda satyjynyň rekwizitlerini USSD talapnama arkaly girizmek teklip edilýär. Töleg geçirilenden soňra alyjy serişdeleriň hasabyndan aýrylandygy hem-de satyjy serişdeleriň hasaba gelip gowşandygy barada SMS habar arkaly habary edilýär.

Şahsy taraplaryň arasynda pul geçirimleri amala aşyrmak:

A) Smartfonyň kömegi bilen:

- Iberiji ýörite mobil programma üpjünçiligiň we smartfonyň kömegi bilen Kabul edijiniň smarfon enjamynda QR-kodunyň skaner etmek arkaly şekiliniň suratyny alýar, töleg möçberini girizýär we tölegi tassyklaýar.

- Töleg geçirilenden soňra iberiji we kabul ediji serişdeleriň aýrylandygy barada we serişdeleriň hasaba geçirilendigi barada SMS arkaly habary edilýär.

B) Düwmeli mobil telefon arkaly (USSD töleg):

- USSD talapnama arkaly pul geçirimleri amala aşyrmak, Iberijiniň fotokameraly smartfonunyň bolmadyk ýagdaýynda amala aşyrylýar. Bu ýagdaýda, iberijä düwmeli mobil telefonda  kabul edijiniň rekwizitleri USSD talapnama arkaly girizmek teklip edilýär. Töleg geçirilenden soňra iberiji serişdeleriň hasabyndan aýrylandygy barada hem-de kabul ediji serişdeleriň hasaba gelip gowşandygy barada SMS arkaly habary edilýär.

Şahsy we edara görnüşli taraplaryň arasynda pul geçirimleri amala aşyrmak:

A) Smartfonyň kömegi bilen:

- Alyjy ýörite mobil programma üpjünçiliginiň we smartfonyň  kömegi bilen satyjynyň söwda nokadynda ýerleşdirlen QR koduň şekiliniň suratyny alýar, mobil programma üpjünçiliginde töleg möçberini girizýär we tölegi tassyklaýar;
- Töleg geçirilenden soňra alyjy we satyjy serişdeleriň aýrylandygy barada we serişdeleriň hasaba geçirilendigi barada SMS arkaly habary edilýär.

B) Düwmeli mobil telefon arkaly (USSD töleg):

  USSD talapnama arkaly tölegi geçirmek, alyjynyň fotokameraly smartfonunyň bolmadyk ýagdaýynda ýerine ýetirilýär. Bu ýagdaýda, alyja düwmeli mobil telefonda  Satyjynyň rekwizitlerini USSD talapnama arkaly girizmek teklip edilýär. Töleg geçirilenden soňra alyjy serişdeleriň hasabyndan aýrylandygy hem-de satyjy serişdeleriň hasaba gelip gowşandygy barada SMS arkaly habarly edilýär.

Türkmenistanda QR-kod hyzmatyny ulanmak arkaly dessin hasaplaşyk  ulgamyny girizmek, ýurtda täze innowasion taslamalary durmuşa geçirmeklige, milli ykdysadyýetimizi dünýäniň ösen döwletleriniň derejesine çykarmaklyga mümkinçilik berer, şeýle hem bank müşderileriniň wagtyny we pul serişdelerini tygşytlamaga ýardam berer.

Bu işleriň ählisi halkymyzyň abadan durmuşyny üpjün etmek ugrunda uly tagallalar edýän Gahryman Arkadagymyzyň «Döwlet adam üçindir!» diýen ynsanperwer ýörelgesiniň durmuşymyzyň ähli ugurlarynda öz beýanyny tapýandygyna şaýatlyk edýär.

Döwlet KÖMEKOW,
Türkmenistanyň Merkezi bankynyň
Bank işlerini awtomatizasiýalaşdyryş müdirliginiň
Bank tehnologiýasy bölüminiň başlygy