Merkezi Bankyň
walýuta kursy

Beýleki walýutalaryň kursy

Gymmat bahaly metallaryň
1 (bir) unsiýasynyň türkmen manadyna bolan gatnaşyklary

  ALTYN
  KÜMÜŞ
  PLATINA
  PALLADIÝ

Bank hyzmatlary döwrebaplaşdyrylýar

Ýurdumyzda milli ykdysadyýetimiziň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolan bank ulgamy yzygiderli kämilleşdirilýär. Halk köpçüligi üçin ýokary ähmiýetli amatlyklary üpjün edýän nagt däl hasaplaşyklaryň tehnologiýalaryny ornaşdyrmak boýunça netijeli işler durmuşa geçirilýär. Dünýä tejribesiniň gazananlaryny nazara almak bilen ýurdumyzda bank kartlary arkaly hödürlenilýan bank amallarynyň sany yzygiderli artdyrylýar, geçirilýän tölegleriň goraglylygy we howpsuzlygy üpjün edilýär.

Bank ulgamynda alnyp barylýan döwrebap işler, ilatymyza hödürlenilýän häzirki zaman bank hyzmatlary hem-de bank kartlaryny ulanmagyň goraglylygy we howpsuzlyk düzgünleri barada gyzyklanmak bilen, Türkmenistanyň Merkezi bankynyň Ylmy-önümçilik geňeşiniň baş hünärmeni Dünýägözel Haýytowa bilen söhbetdeşlik bolduk:

-Dünýägözel töleg terminallary arkaly ýerine ýetirilýän bank amallarynyň görnüşleri köpelmek bilen. Häzirki wagtda raýatlarymyz töleg terminallary arkaly nagt däl hasaplaşyklaryň haýsy hyzmatlaryndan peýdalanyp bilýärler?

-Häzirki wagtda ýurdumyzyň karz edaralary tarapyndan töleg terminallary arkaly tölegleriň 30-dan gowrak görnüşini ýerine ýetirmek üçin mümkinçilik döredilen. Mysal hökmünde ýaşaýyş otaglary, saglygy goraýyş we ätiýaçlandyryş üçin tölegleri, elektrik togy, suw, zir-zibilleri ýygnamak ýaly kommunal hyzmatlary üçin tölegleri,  Polisiýanyň ýol gözegçilik gullugynyň degişli töleglerini, şol sanda awtoulag serişdelerini bellige almak, tehniki pasporty bermek, tehniki gözegçilikden geçirmek, awtoulag belgilerini bermek, sürüjilik şahadatnamasyny almak, sürüjilik synagyna gatnaşmak üçin tölegleri, Türkmenistanyň pasportyny almak, pasportyň ýitirilen ýagdaýynda ony çalyşmak, ýaşaýan ýerine ýazga girmek, ýaşaýan salgysynyň üýtgän ýagdaýynda töleg etmek, Aşgabat şäherinde gatnaýan awtobuslarda peýdalanylýan ýol kartlaryny doldurmak ýaly tölegleri we beýlekileri görkezmek bolar.

Mundan başga-da söwda we dynç alyş merkezlerinde, şypahanalarda hyzmatlar üçin tölegleri, «Aşgabat şäher telefon ulgamy» ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň hödürleýän internet, öý telefon we IP-TV hyzmatlary üçin tölegleri, karzy we onuň göterimlerini tölemek we ş.m. tölegler töleg terminallary arkaly ýerine ýetirilýär.

- “Altyn asyr” bank kartynda saklanylýan pul serişdeleriniň nähili artykmaçlyklary, şeýle hem, erkin pul serişdelerini bank edaralarynda goýmagyň, amatlyklary barada bilmek ildeşlerimiz üçin has-da gyzyklydyr.
- Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen ýurdumyzda her ýyl zähmet haklarynyň, kömek pullarynyň, pensiýalarynyň, talyp haklarynyň yzygiderli ýokarlandyrylmagy ilatyň hal-ýagdaýynyň ýokarlanyp süýşürintgi etmäge mümkinçilik döredýär. Ýurdumyzyň karz edaralary we olaryň ähli şahamçalary tarapyndan raýatlaryň “Altyn Asyr” bank kart hasaplaryndaky galyndy pul serişdelerine ýyllyk azyndan 5 göterim girdeji tölenýär.  Raýatlar bank edaralarynda pul serişdelerini möhletli ýa-da talap edilýänçä goýum görnüşinde saklamak arkaly pul serişdelerini tygşytlap bilýärler hem-de goýum hyzmatlarynyň görnüşine görä, degişlilikde ýyllyk 5-12 göterim aralygy girdeji alyp bilýärler. Bu hem olaryň goşmaça girdeji çeşmelerini emele getirýär. Elbetde, tygşytlanan pul serişdeleriň mukdaryna görä gazanylýan göterim girdejileri hem artdyrylýar. „Fiziki şahslaryň goýumlarynyň hökmany kepilligi hakyndaˮ Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda goýumçylaryň hukuklary we kanuny bähbitleri goralýar. Bu Kanun ilatyň tygşytlanan pullarynyň banklara çekilmeginiň höweslendirilmegine we bank ulgamyna bolan ynamyň berkidilmegine gönükdirilendir.

Dürli ýaş toparlaryna degişli bolan, nagt we nagt däl görnüşinde çekilýän goýumlara mysal hökmünde Türkmenistanyň “Halkbank” DTB-niň “Bagtyýar nesiller”, “Hemaýat”, “Bagtyýarlygyň sowgady”, “Ruhubelent”, Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň “Kämillik sowgady”, “Senagat” PTB-niň “Amatly”, “Çagalara niýetlenilen maksatly goýum”, “Ene-atalar hakynda alada”, “Halkyň saglygy-ýurduň baýlygy”, Türkmenistanyň “Daýhanbank” DTB-niň “Gadamy beýik gahryman”, “Gojalara hemaýat”, “Galkynan daýhan”, Türkmenistanyň “Türkmenistan” DTB-niň “Talyp goýumy”, “Pensiýa goýumy”, Türkmenistanyň “Türkmenbaşy” DTB-niň “Ruhubelent nesiller goýumy”, Türkmen-türk PTB-niň “Maşgala süýşürintgileri” atly goýumlaryny görkezmek bolar.

Mundan başga-da raýatlarymyz ýyllyk 5-7 göterim girdejisi bolan “Goýum bank karty” hyzmatyna erkin pul serişdelerini goýmak arkaly hem goşmaça girdeji gazanyp bilýärler.

- “Goýum bank karty” hyzmatynyň artykmaçlyklary hakynda hem düşündiriş beräýseňiz!
- “Goýum bank karty” hyzmatyny ýurduň islendik bankynda açmak, islendik mukdarda pul serişdelerini goýmak, edil beýleki bank kartlary ýaly töleg terminallary, “Internet-bank” we “Mobil-bank” hyzmatlary arkaly dürli görnüşli tölegleri amala aşyrmak mümkin. “Goýum bank karty” hyzmatynyň esasy artykmaçlyklaryna mysal hökmünde galyndy pul serişdelerine ýyllyk 5-7 göterime çenli girdeji tölenilýändigini hem-de islendik mukdarda nagt pul serişdesini goýmak mümkinçiliginiň bardygyny bellemek bolar. Mundan başga-da, kart hasabyndan nagt puly almak, bankomatlardan we internet ulgamy arkaly goýumdaky puluň we toplanan göterimiň möçberini bilmek mümkinçiligi hem döredilen.

- Töleg gurallary hökmünde hasaba alnan bank kartlarynyň hem-de töleg terminallaryň ösüş depgini barada durup geçseňiz.
- Ýurdumyzda bank kartlary arkaly ýerine ýetirilýän amallaryň gerimini giňeltmek maksady bilen, karz edaralary tarapyndan daşary ýurt tejribesiniň döwrebap tilsimatlaryna esaslanýan nagt däl hasaplaşyklary ýaýbaňlandyrmak boýunça degişli işler dowam etdirilýär.  2019-njy ýylyň 1-nji maý ýagdaýyna ýurdumyzyň bank kart ulgamynda hasaba alnan bank kartlarynyň sany 3,4 milliondan geçdi, ýagny bu görkeziji geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 30,5 göterim ýokarlandy, terminallaryň sany 33,0 müňe çenli ýetip, geçen ýyla görä  30 göterimden gowrak ösüş gazanyldy.

- «Internet-bank» hem-de «Mobil-bank» hyzmatlarynyň aratapawutlary barada nämeleri aýdyp bolar?
- «Mobil-bank» hyzmatynyň «Internet-bank» hyzmatyndan esasy tapawudy – bank amallarynyň ykjam telefonlar we planşetler üçin niýetlenen ýörite mobil programma üpjünçiligi arkaly ýerine ýetirilmegidir. «Internet-bank» ulgamyna web brauzerler arkaly girilýän bolsa, «Mobil-bank» ulgamyna banklar tarapyndan taýýarlanan ýörite mobil programma üpjünçiligi arkaly girilýär. Ýagny, «Mobil-bank» hyzmaty, «Internet-bank» hyzmatynyň önümi bolup, müşderiniň hakyky wagt tertibinde IOS ýa-da Android operasion ulgamynda işleýän ykjam telefonlar ýa-da planşetler arkaly bank amallaryny ýerine ýerine ýetirip bilmegini aňladýar. «Internet-bank» hem-de «Mobil-bank» hyzmatlary müşderiniň bank amallaryna we hyzmatlaryna bolan isleglerini kanagatlandyrmaga, şol sanda, pul geçirimlerini ýeňilleşdirmäge hem-de çaltlaşdyrmaga, hasaplaşyklar geçirilende wagty tygşytlamaga amatly mümkinçilikleri döredýär.
Häzirki wagtda «Internet-bank» hem-de «Mobil-bank» ulgamlarynyň üsti bilen, ykjam aragatnaşyk hyzmatlar üçin tölegi, karzy we onuň göterimlerini tölemek, bir kartdan beýleki karta pul geçirimini amala aşyrmak hem-de kart hasabynyň hereketini görmek ýaly hyzmatlar hödürlenilýär. Şeýle hem yzygiderli gaýtalanýan tölegleri awtomatlaşdyrmak üçin ýörite mümkinçilik döredilen. Her bir raýat degişli bank edarasyna baryp şahsy bank hasabyny «Internet-bank» hem-de «Mobil-bank» hyzmatlaryna birikdirmek arkaly bu hyzmatlaryň amatlyklaryndan peýdalanyp bilýär.

- «Maşgala» bank kartynyň aýratynlygy hakyndaky düşündirişiňizi ildeşlerimiz höwes bilen kabul ederler.
- «Maşgala» bank karty «Altyn Asyr» bank karty hasabyna birikdirilmek bilen, müşderiniň  islegine baglylykda maşgalanyň her bir agzasyna şol sanda, ýedi ýaşdan uly bolan çagalara açylyp bilner. Müşderiniň arzasy ýa-da «Internet-bank» hyzmaty arkaly maşgalanyň her bir agzasy üçin aýratynlykda hepdelik sarp ediljek pul mukdarynyň möçberini kesgitlemäge mümkinçilik döredilen. «Maşgala» bank karty çagalara we talyplara gerekli okuw esbaplaryny we beýleki harytlary satyn almaga, söwda we dynç alyş nokatlarynda hasaplaşyklary geçmäge, «Internet-bank» we «Mobil-bank» hyzmatlary arkaly karzlaryň göterimini we esasy bergisini tölemäge, telefon, öýjükli telefon, IP-TV we internet hasabyny doldurmaga we bank kartynyň galyndysyny bilmäge amatly mümkinçilikleri döredýär.

- Raýatlarymyz bank kartlaryny ulananda haýsy goraglylyk we howpsuzlyk çärelerini berjaý etmeli?
- Bank kartyny ulanmak bilen bagly howpsuzlyk düzgünlerini bilmek kart eýelerini mümkin bolan töwekgelçiliklerden goramaga ýardam berer. Ilki bilen bank karty alynanda onuň ýany bilen berilýän PIN (şahsy anyklaýyş belgisi) kody gizlin saklanylmagyny maslahat berýäris we hiç bir ýagdaýda kartyň ýüzüne kod ýazylmaly däldir.  Gizlin kody kimdir birine aýtmak, bank kartyny başga birine bermek bolmaýar, hatda maşgala agzalaryna hem. Söwda we hyzmat ediş nokatlarynda töleg terminallary arkaly hasaplaşyklar geçirilende hem özüşden özge hiç kime gizlin kody girizmäge ýol bermeli däl. Ýerine ýetirilýän haryt we hyzmatlar boýunça tölegleriň bank kartyňyzdan alynýan pul serişdeleri bilen gabat gelýändigine üns beriň. Hiç kime öz kartyňyzyň belgilerini aýtmaly däl. Kart hasabyňyz boýunça hereketi yzygiderli gözegçilikde saklamaly. Siz ony bankomat arkaly göçürmesini alyp bilersiňiz. “Internet-bank”, “Mobil-bank” hyzmatlary arkaly elektron usulda hem gözegçilikde saklap bilersiňiz. Şübheli ýa-da näbelli geçirimleriň geçirilendigi ýüze çykarylan pursadynda bu barada haýal etmän degişli banka habar bermeli. Mundan başga-da, bankomatdan nagt puly alanyňyzda, sizi hiç kimiň synlamaýandygyna ýa-da arkaňyzda kimdir biriniň durmaýandygyna göz ýetiriň.
Agzalan howpsuzlyk çärelerini berjaý etmek arkaly raýatlarymyz öz pul serişdeleriniň goraglylygyny üpjün edip bilerler.

- Bank karty ýa-da PIN kod ýitirilende, ony nähili ýagdaýda dikeldip bolýar?
- Bank karty ýitirilen ýagdaýynda dessine bu babatda degişli banka habar bermeli. Habar banka näçe tiz ýetirilse, kart hasabyna bolan giriş mümkinçiligi şol derejede çalt ýapylýar we pul serişdeleriň goraglylygy üpjün edilýär. Soňra müşderi banka gelip arza esasynda kartyny dikeldip bilýär ýa-da täze PIN kody alyp bilýär. Bankyň bu hyzmatlary üçin nyrhnama esasynda ýygym tutulyp alynýar.

- Hormatly Prezidentimiziň kabul eden “Türkmenistanyň Ykdysady, maliýe we bank ulgamlaryny ösdürmegiň     2019-2025-nji  ýyllar üçin Maksatnamasynyň” çäklerinde, ýakyn geljekde nähili işler alnyp barlar?
- “Türkmenistanyň Ykdysady, maliýe we bank ulgamlaryny ösdürmegiň   2019-2025-nji  ýyllar üçin Maksatnamasyna” laýyklykda, 2019-2025-nji ýyllarda hem ýerine ýetirilýän hyzmatlaryň hilini ýokarlandyrmak arkaly bank hyzmatlarynyň bäsdeşligi güýçlendiriler. Häzirki wagtda raýatlaryň nagt däl hasaplaşyklardan peýdalanmaklaryny höweslendirmek maksady bilen, ýurdumyzyň karz edaralary tarapyndan söwda we jemgyýetçilik nokatlarynda geçirilýän hasaplaşyklar üçin höweslendiriji hyzmatlary ornaşdyrmak boýunça hem degişli işler alnyp barylýar.

Mundan başga-da ýerine ýetirilýän tölegleriň howpsuzlygyny üpjün etmek maksady bilen gorag üpjünçiligi has-da kämilleşdiriler. Maglumat tehnologiýalary, sanly ykdysadyýet, maglumat howpsuzlygy ýaly ugurlar boýunça daşary ýurt tejribesini öwrenmek boýunça hyzmatdaşlyklar dowam etdiriler. Nagt däl hasaplaşyklaryň gerimi giňeltmek hem-de hyzmatlaryň hilini ýokarlandyrmak işleri dowam etdiriler. Nagt däl görnüşde dürli salgyt we ýygymlary, ätiýaçlandyryş töleglerini we beýleki tölegleri geçirmek ýola goýlar. Müşderilere internet ulgamynyň üsti bilen menzilara bank hyzmatlary, ýurduň hasaplaşyk-töleg ulgamynda döwrebap tehnologiýalary müşderilere hödürlemek maksady bilen bölek satuw we hyzmat ulgamynda QR-kod arkaly hasaplaşyklar hödürlener.

Şeýle hyzmatlaryň sanynyň artdyrylmagy we ilatyň bu hyzmatlardan peýdalanmaga işjeň gatnaşmagy kart eýeleriniň wagtyny we maliýe serişdelerini tygşytlamaga mümkinçilik bermek bilen, milli ykdysadyýetimiziň sazlaşykly işine hem oňyn goşant goşar.

Halkymyzyň abadançylygy, rowaçlygy ugrunda ýadawsyz tagallalar edýän, bize şeýle ajaýyp zamanamyzda netijeli işlemäge şert döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, ömri uzak bolsun. Il-ýurt bähbitli, umumadamzat ähmiýetli alyp barýan işleri mundan beýläk hem rowaç alsyn!

- Beren täsirli gürrüňleriňiz üçin köp sag boluň!

Söhbetdeş bolan
Aýnabat DURDYÝEWA,
"Türkmenistan" gazeti - 15.05.2019