Merkezi Bankyň
walýuta kursy

Beýleki walýutalaryň kursy

Gymmat bahaly metallaryň
1 (bir) unsiýasynyň türkmen manadyna bolan gatnaşyklary

  ALTYN
  KÜMÜŞ
  PLATINA
  PALLADIÝ

“Altyn asyr” türkmen köli – egsilmez bereketiň çeşmesi

Hormatly Prezidentimiziň parasatly we öňdengörüjilikli syýasaty netijesinde Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe milli ykdysadyýetimiziň pudaklaýyn düzüminiň diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürilmegi, hususy telekeçiligiň döwlet tarapyndan goldanylmagy, täze iş ýerleriň döredilmegi, raýatlaryň sosial-durmuş taýdan goraglylygynyň güýçlendirilmegi netijesinde ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesi günsaýyn ýokarlanýar. Hormatly Prezidentimiziň esasy aladasy ýurdumyzy ykdysady taýdan ösen döwletleriň hataryna goşmak bilen halkymyzyň bolelin, agzybir we asuda durmuşda ýaşamagyny gazanmakdyr. Arkadagymyzyň çekýän bu ýadawsyz aladalaryna jogap edip ýurdumyzyň ilaty hem arassa we halal zähmet çekýärler.

Bu babatda ýurdumyzda ähli gerekli zerur şertler döredilendir. Şunuň bilen bir hatarda, ýurdumyzyň sebitleriniň ykdysadyýetiniň toplumlaýyn we gyradeň ösdürilmegi babatynda Arkadag Prezidentimiziň alyp barýan adyl we öňdengörüjilikli syýasatynyň netijeli guraly hökmünde uzakmöhletleýin taslamalary we başlangyçlary bellemek zerurdyr. Muňa aýdyň mysal görnüşinde ýer we suw serişdelerinden netijeli peýdalanmaga, goşmaça suw gorlaryny döretmäge we daşky gurşawy gowulandyrmaga niýetlenen örän iri taslama, ýagny “Altyn asyr” türkmen kölüne aýratyn orun degişlidir. Bu taslamada daşky gurşawy goramak, tebigata aýawly çemeleşmek, geljekki nesiller üçin baý tebigatymyzyň gözelligini we baýlygyny saklamak, ony has hem gözelleşdirmek, şoňa görä-de tebigy serişdeleri netijeli we rejeli peýdalanmagyň hasabyna ykdysadyýetimiziň ýokary ösüş depginlerini gazanmak, ekologiýa howpsyzlygyny üpjün etmek we öňde goýulan wajyp wezipeleri çözmek kesgitlenendir.

Häzirki wagtda ýurdumyzda ilatymyzy we ähli hojalyk pudaklarymyzy doly üpjün etmek üçin ýeterlik möçberde suw gorlarymyz bar. Dünýäniň iň uly çölleriniň biri hasaplanýan Garagumda asyryň iň iri gidrotehniki desgasyna öwrülen “Altyn asyr” Türkmen köli döredildi. Bu kölüň gurluşygy diňe zeýakaba-zeýkeş suwlaryny akdyrmaga niýetlenendir. Altyn asyr Türkmen köli Aziýa yklymynda iň uly çöl hasaplanýan Garagumda dörän täsin bir gudratdyr.

“Altyn asyr” Türkmen kölüniň ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny artdyrmakda, oba hojalygynyň ekerançylyk we maldarçylyk pudaklaryny ösdürmekde, azyk önümleriniň öndürilişini artdyrmakda we döwletimiziň azyk howpsuzlygyny durnukly üpjün etmekde, halkyň durmuş hal-ýagdaýyny gowlandyrmakda, täze iş orunlaryny döretmekde ähmiýeti örän uludyr. “Altyn asyr” Türkmen kölüniň kenar ýakalarynda ýakyn geljekde täze şäherçeler, etraplar, obalar dörär.

Ýurdumyzyň oba hojalygynda maldarçylyk pudagyny ösdürmäge, mallaryň baş sanyny artdyrmaga mümkinçilik berjek “Altyn Asyr” Türkmen kölüniň we köle barýan akabalaryň zeý suwlaryny peýdalanyp, düza çydamly, şor toprakda ösmäge ukyply ot-iýmlik galofit ösümlikleri ösdürip ýetişdirmegiň mümkinçiliklerini öwrenmek boýunça hem alymlarymyz ylmy-barlag işlerini geçirdiler. Deslapky netijeler,  şora çydamly ýabany ot-iýmlik ösümlikleriň birnäçe görnüşleri ekilip, tomus aýlary 2-3 gezek zeýakaba suwlary bilen suwarylanda gektardan 7-8 tonna çenli hasyl  almaga mümkinçiligiň bardygy barada maglumatlar berilýär.  Onuň netijesinde, örileriň hasyllylygyny ýokarlandyrmaga, şeýle-de uzak örülerde gyşladylýan mallar üçin ätiýaçlyk ot gorlaryny ýerinde taýýarlamaga mümkinçilik döreýär. Munuň özi bolsa, medeni zonadan, uzak örülere müňlerçe tonna ätiýaçlyk ot-iýmleri daşamak üçin edilýän transport çykdajylary tygşytlamaga, hem-de, mallaryň baş sanyny abat saklamaga ýardam edýär.

“Altyn asyr” Türkmen kölüniň gurluşygy tebigaty goraýyş çäreleri bilen utgaşdyrylýar. Şeýlelikde, akdyrylýan zeý suwlarynyň hilini gowulandyrmak üçin ony biologik usulda (ýokary derejeli ösümlikleriň kömegi bilen) arassalamak, göz öňünde tutulýar. Şu maksat bilen hem suw äkidiji ugurlarynyň uza boýuna(ýol ugry) biologiki arassalaýjy meýdanlar döredilýär. Akymlaryň ahyrky birleşýän ýerinde bolsa (aşak akym) biologiýa meýdanlary döredilip, bu biologik usullar özüni doly ödär.

“Altyn asyr” Türkmen kölüne gyzyklanma , onuň ähmiýetine bilesigelijilik barha artmak bilen, 2010-njy ýylyň 24-nji martynda “Awaza” Milli syýahatçylyk zolagynda bolup geçen “Altyn asyr” Türkmen kölüniň sebitiň ekologik ýagdaýyny gowlandyrmakdaky ähmiýeti” atly Halkara maslahatynda munuň şeýledigini äşgär etdi. Maslahata dünýäniň 16 ýurdyndan alymlaryň we bilermenleriň180-den gowragy gatnaşdy. Suw serişdelerini peýdalanmagy, sebitde tebigy ekologiýa ulgamyny gorap saklamagy halkara derejesinde üpjün etmek, bu ulgamda ýer ýüzünde gazanylan ylmy başlangyçlary we öňde baryjy tejribäni ornaşdyrmak maslahatyň esasy meselesi boldy.

“Altyn asyr” Türkmen kölüniň maldarçylygy ösdürmekde hem ähmiýeti uludyr. Öri meýdanlara oba hojalyk maksatly ýerleriň bir görnüşi hökmünde aýratyn orun berilýär. Öri meýdanlar ýurduň esasy milli baýlygydyr. Häzirki wagtda Türkmenistanda öri meýdanlar 38,1 million gektar meýdany tutýar we öri meýdanlarynda 17 milliondan gowrak goýundyr-geçi, 123,2 müň düýe bakylýar. Maldarçylygy ösdürmek we oba hojalyk önümlerini gaýtadan işlemek boýunça taslamalary maliýeleşdirmek işini döwlet (“Daýhanbank” ) we paýdarlar täjirçilik (“Rysgal”, eýesi Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi) banklary 10 ýyl möhlete çenli ýeňillikli karzyň  (ýyllyk 1-2%) hasabyna amala aşyrylýar.   

Oba hojalyk önümlerini öndürijileri maliýe taýdan goldamak, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň çözgütlerinden gelip çykýan wezipeleri ýerine ýetirmek, oba hojalygyna innowasiýalary, döwrebap tilsimatlary we öňdebaryjy usullary ornaşdyrmak, ýerleriň hasyllygyny ýokarlandyrmak, oba ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmak hem-de täze iş orunlaryny döretmek maksady bilen, 2018-nji ýylyň 12-nji oktýabrynda Türkmenistanyň hormatly Prezidenti “Ýurdumyzda oba hojalyk önümlerini öndürijileri maliýe taýdan goldamak hakynda” karara gol çekdi. Ona laýyklykda, Türkmenistanyň ygtyýarly banklaryna daýhan birleşiklerine, daýhan hojalyklaryna, oba hojalyk paýdarlar jemgyýetlerine, oba hojalyk ylmy-barlag inistitutlaryna, mülkdarlara, kärendeçilere, oba hojalyk önümlerini öndüriji hususy telekeçilere we döwlete dahylsyz ýurdiki şahslara – dahyllylara:

- oba hojalyk tehnikalaryny, gurallaryny we abzallaryny hem-de oba we suw hojalygynda ulanylýan ekskawatorlary hem-de buldozerleri, suwy tygşytlaýjy tehnikalary, enjamlary, suwaryşda ulanylýan geçirijileri satyn almak üçin ýyllyk 1 göterim bilen, olaryň ulanyş möhletinden ugur alyp, 10 ýyla çenli möhlete her ýylda deň paýlarda gaýtarmak şertlerinde;

- maldarçylygy we guşçulygy ösdürmek, oba hojalyk önümlerini öndürmek, gaýtdan işlemek we hyzmatlary ýerine ýetirmek bilen bagly maýa goýum taslamalaryny maliýeleşdirmek, şeýle hem esasy serişdeleri we emläkleri satyn almak üçin ýyllyk 5 göterim bilen 10 ýyla çenli möhlete ýeňillikli karzlary bermäge ygtyýar berildi.

Hormatly Prezidentimiziň bu taryhy kararyny ýerine ýetirmek we oba hojalyk önümlerini öndürijileri maliýe taýdan goldamak maksady bilen,  2018-nji ýylyň noabr aýynda Türkmenistanyň Merkezi banky tarapyndan “Ýurdumyzda oba hojalyk önümlerini öndürijilerine ýeňillikli karzlary bermegiň Tertibi” tassyklanyldy we ähli bank edaralaryna ýetirildi.

Häzirki wagtda Türkmenistanyň ygtyýarly banklary tarapyndan milli we daşary ýurt pulunda daýhan birleşiklerine, daýhan hojalyklaryna, oba hojalyk paýdarlar jemgyýetlerine, oba hojalyk ylmy-barlag institutlaryna mülkdarlara, kärendeçilere, oba hojalyk önümlerini öndüriji hususy telekeçilere we döwlete dahylsyz edara görnüşli taraplara – dahyllylara oba hojalyk tehnikalaryny, gurallaryny we abzallaryny hem-de oba we suw hojalygynda ulanylýan ekskowatorlary hem-de buldozerleri, suwy tygşytlaýjy tehnikalary, enjamlary, suwaryşda ulanylýan geçirijileri satyn almak üçin hem-de maldarçylygy we guşçulygy ösdürmek, gaýtadan işlemek we hyzmatlary ýerine ýetirmek bilen bagly maýa goýum taslamalaryny maliýeleşdirmek, şeýle hem esasy serişdeleri we emläkleri satyn almak üçin ýeňillikli karzlary bermek arkaly maliýe goldawy berilýär.

Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen döwlet tarapyndan berilýän maliýe goldawyndan Altyn Asyr Türkmen kölünde, onuň ýanaşyk ýerlerinde we daş töwereginde önümçilik taslamalary amala aşyrýan taraplaryň we oba hojalyk önümlerini öndürijileriň peýdalanmaklary üçin amatly şertler döredilendir. Bu bolsa öz gezeginde oba hojalygyna innowasiýalary, döwrebap tehnologiýalary we öňdebaryjy usullary ornaşdyrmagyň hasabyna ýerleriň hasyllylygyny ýokarlandyrmaga, şol sanda ýerlerden rejeli peýdalanmaga, ulanylmaýan ýerleri özleşdirmäge we ýurdumyza daşary ýurtlardan getirilýän önümleriň ornuny tutýan önümleriň öndürilişini hem-de ýurdumyzda öndürilýän önümleriň daşary ýurtlara iberilýän möçberini artdyrmaga, ilatyň ýaşaýyş şertlerini has-da gowulandyrmaga, täze iş orunlaryny döretmäge we önüm öndürijileriň girdejilerini artdyrmaga mümkinçilik berer.

Şu ýylyň 8-nji maýynda bolsa Gahryman Prezidentimiziň ak pata bermeginde “Altyn asyr” türkmen kölüniň sebitinde ýerleşjek täze, döwrebap obanyň gurluşygynyň düýbi tutuldy. Bu sebitde ägirt uly taslamanyň düýbüniň tutulmagy ýurdumyzda amala aşyrylýan durmuş-ykdysady özgertmeleriň esasy ugry bolup durýar. Sebäbi suw serişdelerini netijeli we rejeli peýdalanmak, tebigy aýratynlygy we biologik dürlüligi saklamak, topragyň şorlaşmagyna we çölleşmä garşy göreşmek Türkmenistanda alnyp barylýan ekologiýa howpsuzlygy babatyndaky esasy ädimlerdir. Ýakyn geljekde kölüň kenar ýakasynda täze döwrebap obalaryň gurulmagy bu sebitde bagtyýar durmuşyň rowaçlanmagyna,  maldarçylyk, balykçylyk we ekerançylyk pudaklarynyň geriminiň giňemegine şeýle hem ilatyň iş bilen üpjünçiliginiň artmagy netijesinde müňlerçe maşgalalaryň hal-ýagdaýynyň has hem gowlanmagyna şert döreder. Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, döwrebap obanyň gurluşygy iki tapgyrda alnyp barylyp, ol 2025-nji ýylda doly tamamlanar. Guruljak täze oba döwrebap şäher bilen bäsleşip, bu ýerde raýatlaryň zähmet çekmegi, ýaşamagy we erkana dynç almaklary üçin ähli şertleriň döredilmegi göz öňünde tutulýar. Bu täsin desganyň gurulmagynyň ykdysady taýdan örän peýdalydygy ylmy taýdan doly subut edilendir. Nesip bolsa, bu taslamany durmuşa geçirmek üçin gönükdirilýän uly möçberli maýa goýumlar ýakyn geljekde Watanymyzyň ykdysady kuwwatyny berkitmäge, ilatymyzyň sagdyn we bagtyýar ýaşamagyny üpjün eder.

Bu taryhy waka geljekde nesiller boýy onuň hözürini görmäge, ýurdumyzyň gülläp ösmegine uly şert döreder.

Halkymyzyň agzybir, bolelin ýaşamagy üçin ýadawsyz aladalary edýän Arkadag Prezidentimiziň jany sag bolsun, ömri uzak bolsun! Il-ýurt bähbitli alyp barýan tutumly işleri barha rowaçlansyn!

Pälwan HYDYROW,
Türkmenistanyň Merkezi bankynyň
Ýöriteleşdirilen bank mekdebiniň mugallymy