Merkezi Bankyň
walýuta kursy

Beýleki walýutalaryň kursy

Gymmat bahaly metallaryň
1 (bir) unsiýasynyň türkmen manadyna bolan gatnaşyklary

  ALTYN
  KÜMÜŞ
  PLATINA
  PALLADIÝ

Birinji Hazar ykdysady forumy – Hazarýaka ýurtlaryň ykdysady bähbitleriniň netijeli ugry

Hormatly Prezidentimiziň beýik başlangyçlary bilen şu ýylyň 12-nji awgustynda ýurdumyzyň Awaza milli syýahatçylyk zolagynda birinji Hazar ykdysady forumy geçiriler. Munuň özi Hazarýaka döwletleriniň - Türkmenistanyň, Gazagystanyň, Azerbaýjanyň, Eýranyň hem-de Russiýa Federasiýasynyň Ylalaşyga gol çeken Hazar deňziniň hukuk statusy hakyndaky Konwensiýasyna laýyklykda, sebitara hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de berkitmekde möhüm çärä öwrüler. Geçiriljek ykdysady forumyň çäklerinde söwda-ykdysady, ulag ulgamyndaky hyzmatdaşlyk meseleleri, Hazarýaka ýurtlaryň ykdysadyýetiniň dürli ugurlary boýunça iri maýa goýum taslamalary we beýleki ugurlary ara alyp maslahatlaşmak meýilleşdirilýär.

Geçiriljek ykdysady foruma dünýäniň abraýly guramalarynyň, iri kompaniýalaryň, Hazarýaka döwletleriň söwda-ykdysady, medeni, jemgyýetçilik edaralarynyň, hazarýaka halkara habarlar agentlikleriniň, gazet-žurnallarynyň, teleradioýaýlymlarynyň wekilleriniň gatnaşmagy meýilleşdirilýär.

Häzirki wagtda “Hazar Konwensiýasynyň” kabul edilmeginiň bir ýyllygy mynasybetli geçiriljek ykdysady foruma taýýarlyk işleri güýçli depginde alnyp barylýar.

Hazarýaka döwletleriniň Merkezi Aziýa bilen Ýewropanyň arasynda amatly ýerleşmegi üstaşyr geçelgeler we logistik hyzmatlar babatda ägirt uly mümkinçilige eýedir. Her bir ýurt deňiz, awtomobil, demir ýol we howa ugurlary boýunça ýolagçy gatnatmagyň we ýükleri daşamagyň döwrebap düzümini döretmek boýunça iri taslamalary durmuşa geçirýär.

Türkmen tarapyndan  Gazagystan — Türkmenistan — Eýran halkara polat ýolunyň gurluşygy boýunça taslamanyň ýerine ýetirilmegi, «Gündogar — Günbatar» we «Demirgazyk — Günorta» ugurlary boýunça ýük gatnawlarynyň işjeňligini üpjün edýän tebigy geografik giňişliginiň bolmagy, Türkmenbaşy şäherindäki Halkara deňiz portunyň ulanmaga berilmegi Hazarýaka ýurtlaryň hyzmatdaşlygynyň täze derejesine çykmagyny, olaryň halkara ykdysady gatnaşyklar ulgamyna goşulmagyny üpjün eder. Hereket edýän yklymüsti ugurlaryň işjeňleşdirilmegi we Hazaryň üsti bilen täze halkara geçelgeleriň döredilmegi Hazarýaka ýurtlaryň durmuş-ykdysady taýdan sazlaşykly ösüşi üçin möhüm şertleri döredýär. Mundan başga-da bu ýurtlaryň maýa goýum işjeňligini artdyrmaga, sebitara we halkara söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer we syýahatçylyk ugurlaryndaky gatnaşyklary berkitmäge mümkinçilik berer.

Hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň mejlislerinde ýanaşyk, şol sanda Hazarýaka döwletler bilen özara peýdaly gatnaşyklaryň ösdürilmeginiň Garaşsyz hem-de baky Bitarap Türkmenistan döwletimiziň daşary syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri bolup durýandygyny yzygiderli belleýär.

Milli Liderimiziň nygtaýşy ýaly, Hazar sebitiniň ýurtlarynyň arasyndaky işjeň we netijeli gatnaşyklary ösdürmekde ulag ulgamy wajyp ugur bolup durýar. Hazar sebiti ägirt uly ykdysady, energetika we ulag mümkinçilikleri bolan wajyp sebitdir. Olaryň durmuşa geçirilmegi bolsa umumy abadançylygyň bähbitlerine laýyk gelýär. Bu bolsa hukuk kadalaryna, birek-birege hormat goýmak we Hazarýaka ýurtlaryň bähbitlerini nazara almak esaslaryna daýanýan ylalaşykly sebitara hyzmatdaşlygyň ýola goýulmagynyň aýratyn ähmiýete eýedigini äşgär edýär.

Mälim bolşy ýaly, Türkmenistan 2002-nji ýylda Aşgabatda geçirilen Hazarýaka döwletleriň Baştutanlarynyň I sammitini geçirmek baradaky başlangyç bilen çykyş etdi. Onuň netijeleri boýunça 2007-nji ýylda Tähranda, 2010-njy ýylda Bakuwda we 2014-nji ýylda Astrahanda geçirilen sammitlerde kabul edilen wajyp çözgütlerden ybarat boldy. Şol sammitlerde çykyş eden,  Milli Liderimiz Türkmenistanyň sebitde parahatçylygy, howpsuzlygy we durnuklylygy üpjün etmek, Hazarýaka döwletleriniň we olaryň köpasyrlyk taryhy-medeni gatnaşyklary bolan halklarynyň arasyndaky dostlukly, hoşniýetli goňşuçylyk we giň hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny berkitmek maksady bilen, Hazar deňzi meselelerinde işjeň orun eýeleýändigini tassyklady.

Mälim bolşy ýaly, 2018-nji ýylyň 12-nji awgustynda geçirilen Hazarýaka ýurtlaryň Bäşinji Sammitinde hormatly Prezidentimiziň teklip eden Hazarda ulag we söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk babatdaky hem-de Hazar ykdysady forumyny döretmek hakyndaky Ylalaşyklary tassyklanyldy.

 1996-njy ýyl­da Türkmenistanda Hazar deňziniň hukuk derejesi hakynda Konwensiýany işläp taý­ýar­la­mak bo­ýun­ça baş­la­nan tas­la­ma­nyň 20 ýyldan gowrak wagtyň dowamynda geçirilen gepleşiklerden soň gol çekilmegi dünýäniň energetika howpsuzlygynyň ýolunda taryhy ädimdir. Häzirki döwürde biziň döwletimiz ulag geçelgelerini gurmak arkaly awtomobil we demir ýollaryň gerimini, howa we deňiz ugurlarynyň çägini giňeldýär hem-de sebitde ählumumy parahatçylygyň, durnukly ykdysady ösüşiň berkidilmegine ýardam berýär. Bular bolsa Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, Beýik Ýüpek ýoluny döwrebap görnüşde dikeltmek hem-de tutuş Ýewraziýa giňişliginde ýük daşamagyň möçberlerini ýokarlandyrmak boýunça mümkinçilikleri yzygiderli artdyrýar.

Türkmenbaşy şäherindäki häzirki döwrüň talaplaryna laýyk gurlan Halkara deňiz porty, geljekde islegleri ýokary hilli ýerine ýetirmäge we döwrebap hyzmatlary ýola goýmaga ukyplydyr. Halkara deňiz portunyň düzümine gämi, ýolagçy we konteýner terminallary, gämi gurluşygy we «Balkan» gämi zawody, kenar düzüminiň köp sanly desgalary girýär. Şeýle hem bu ýerde ulag gatnawlaryny üpjün edýän köp zolakly köprüleri bolan awtomobil ýollary we demir ýol hereket edýär.

“Balkan” gämi zawodynyň ýurdumyz üçin milli gämi gurluşygy pudagynyň ösdürilmeginde ygtybarly binýada öwrülendigini hem bellemek gerek. Mundan başga-da, bu ýerde gämileri ýygnamak, tankerleri, gury ýük gämilerini, tirkegleri doly abatlamak işleri alnyp barylýar. Kärhananyň tehnologiýa ulgamy her ýylda kuwwaty 10 müň tonna polady gaýtadan işlemäge mümkinçilik berýär.

Şu döwürde döwrebap tehnologiýalary we awtomatlaşdyrylan ulgamy ulanmak arkaly dört we ondan-da köp gämini gurmak, şeýle hem 20-den gowrak gämä hyzmat etmek we olary abatlamak, şol sanda Hazaryň türkmen böleginde işleýän daşary ýurt kompaniýalaryna degişli gämileri abatlamak mümkinçiligi bar. Halkara deňiz portunda sowadyjy konteýnerler, umumy meýdany 9 müň inedördül metrden gowrak bolan ýapyk ammarlar bar.

Bu terminal Türkmenistanyň sebitiň eksport we import ýük gatnawlary ulgamynda öňdäki orunlara çykmagyny üpjün etmäge ukyplydyr.

Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, biziň ýurdumyz bu ugurda ägirt uly mümkinçiliklere eýe bolmak bilen, birnäçe iri halkara we sebitara taslamalaryň durmuşa geçirilmegini öňe sürýär. Bu bolsa Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we goňşy sebitleriň arasyndaky ykdysady we söwda hyzmatdaşlygynyň häzirki zaman derejesine çykmagyna mümkinçilik berer hem-de sebitara gatnaşyklaryň ösdürilmegini, Merkezi Aziýany, Hazar, Gara deňiz we Baltika sebitlerini, Orta we Ýakyn Gündogar, Günorta we Günorta — Gündogar Aziýanyň ýurtlaryny baglanyşdyrýan geoykdysady giňişligiň binýadyny döretmäge oňaýly şert döreder.

Mundan başga-da Halkara deňiz porty Awaza milli syýahatçylyk zolagyna goňşy ýurtlardan gelýän syýahatçylaryň sanynyň artmagyna ýardam berer. Bu ýerdäki kaşaň myhmanhanalar we ýokary hilli hyzmatlary bolan amatly kottej toplumlary, şeýle hem döwrebap sport desgalary we ösen dynç alyş düzümleri myhmanlaryň göwnünden turar.

Ýakyn wagtda geçiriljek birinji Hazar ykdysady forumyň Hazar deňziniň Ýewraziýa yklymynda umumadamzat bähbitli täze geoykdysady giňişligi döretmekde wajyp orun eýeleýän halkara derejedäki iri ulag-üstaşyr geçelgeleriň birine öwrülmegine itergi berjekdigi gürrüňsizdir.

Halkymyzyň abadançylygy, rowaçlygy, Türkmenistan döwletimiziň abraýynyň mundan beýläk hem arşa göterilmegi ugrunda ýadawsyz tagallalar edýän, Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, ömri uzak bolsun. Il-ýurt bähbitli, umumadamzat ähmiýetli alyp barýan işleri mundan beýläk hem rowaç alsyn!

Dünýägözel HAÝYTOWA,
Türkmenistanyň Merkezi bankynyň
Ylmy-önümçilik geňeşiniň baş hünärmeni