Merkezi Bankyň
walýuta kursy

Beýleki walýutalaryň kursy

Gymmat bahaly metallaryň
1 (bir) unsiýasynyň türkmen manadyna bolan gatnaşyklary

  ALTYN
  KÜMÜŞ
  PLATINA
  PALLADIÝ

Hormatly raýatlar!

Häzirki döwürde nagt däl hasaplaşyklaryň amatlyklaryny her ädimde görmek bolýar. Nagt däl hasaplaşyk tehnologiýalary bütin dünýäde birnäçe onýyllyklaryň dowamynda halk köpçüligi üçin bank hyzmatlarynyň ygtybarly we netijeli görnüşi bolup, häzirki döwre çenli hem wajyplygyny ýitirmän gelýär we giňden ulanylýar.

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda amala aşyrylýan düýpli ykdysady özgertmeleriniň çäklerinde, Türkmenistanyň bank ulgamyny ösdürmek we döwrebaplaşdyrmak ugrunda, şol sanda halk köpçüligi üçin ýokary ähmiýetli amatlyklary üpjün edýän nagt däl hasaplaşyklaryň tehnologiýalaryny ornaşdyrmak boýunça netijeli çäreler amala aşyrylýar.

Soňky ýyllarda geçirilen bank özgertmeleri netijesinde, ýurdumyzda nagt däl hasaplaşyk tehnologiýalary barha giň meşhurlyga eýe bolýar. Türkmenistanda bank kartlarynyň, bankomatlaryň we töleg terminallarynyň giň tory hereket edýär we onuň jemgyýet üçin elýeterliligi we netijeliligi günsaýyn ýokarlanýar. Aşgabat şäherinde we ýurdumyzyň ähli welaýat we etrap merkezlerinde, ilatly ýerlerde banklar tarapyndan bankomatlar we töleg terminallary yzygiderli esasda ornaşdyrylýar, olaryň bökdençsiz hyzmat etmegi ýola goýulýar.

Bank kartlary nagt däl görnüşde hasaplaşyklary geçirmegiň döwrebap töleg guraly bolup, olar jemgyýetimize giňden ornaşýar.

Döwrebap tehnologiýalaryň ösmegi bilen, bank kartlarynyň üsti bilen hödürlenilýän hyzmatlaryň sany hem barha artýar. Häzirki wagtda bank kartlary arkaly töleg terminallarynyň üsti bilen, nagt däl görnüşde söwda we hyzmat ediş nokatlarynda harytlary satyn almak üçin döwrebap, amatly we howpsuz usullar hödürlenýär. Şeýle-de bank kartlary bilen aragatnaşyk hyzmatlary, saglygy goraýyş edaralarynyň hyzmatlary, awtoulag ýangyjy, awiapetekleri üçin tölegleri, bank karzlarynyň esasy bergilerini we olaryň göterimlerini töläp bolýar.

Mundan başga-da «Internet-bank» hem-de  «Mobil-bank» ulgamlarynyň üsti bilen, ykjam aragatnaşyk hyzmatlar üçin tölegi, karzy we onuň göterimlerini tölemek, bir kartdan beýleki karta pul geçirimini amala aşyrmak hem-de kart hasabynyň hereketini görmek ýaly hyzmatlar hödürlenilýär. Şeýle hem yzygiderli gaýtalanýan tölegleri awtomatlaşdyrmak üçin ýörite mümkinçilik döredilen. Her bir raýat internet toruna birikdirilen şahsy kompýuteri ýa-da ykjam telefon arkaly bu hyzmatlaryň amatlyklaryndan peýdalanyp biler.

Bank kartyny saklaýjylara amatly şertler döretmek maksady bilen, ýurdumyzyň ähli karz edaralary tarapyndan bank kart hasabyndaky galyndy pul serişdelerine ýyllyk göterim hasaplanýar.

Ýokarda bellenen amatlyklar bilen bir hatarda bank kartyny ulanmagyň howpsuzlyk düzgünlerini bilmek kart eýelerini mümkin bolan töwekgelçiliklerden goramaga ýardam berer. Türkmenistanyň Merkezi banky, bank kartlaryny ulanmagyň aşakdaky howpsuzlyk düzgünlerini berjaý etmegiňizi ýatladýar:

- bank karty alynanda onuň ýany bilen berilýän PIN (şahsy anyklaýyş belgisi) kody gizlin saklanylmaly. Gizlin kody hiç kime, şol sanda bankyň işgärine hem aýtmaly däl.

- bank karty ýitirilen ýagdaýynda dessine bu babatda degişli banka habar bermeli. Habar banka näçe tiz ýetirilse, kart hasabyna bolan giriş mümkinçiligi şol derejede çalt ýapylýar we pul serişdeleriň goraglylygy üpjün edilýär.

- bank kartyny başga birine bermeli däl, şol sanda maşgala agzalaryna hem.

- söwda we hyzmat ediş nokatlarynda töleg terminallary arkaly hasaplaşyklar geçirilende kassire gizlin kody girizmäge ynanmaly däl.

- hiç kime öz kartyňyzyň belgilerini aýtmaly däl.

  Ýokarda agzalan hereketler ýerine ýetirilen ýagdaýynda gündelik durmuşda bank kartyny ulanmak boýunça töwegelçilikleri aradan aýyrmaga mümkinçilik berer.

Hormatly ildeşler! Türkmenistanyň Merkezi banky, bank kartlaryny (“Altyn asyr” bank karty, “Goýum bank karty”, “Maşgala” bank karty, “VISA” hem-de “MasterCard” halkara bank kartlary) almak üçin ýurdumyzyň ähli karz edaralaryna we olaryň şahamçalaryna ýüz tutup bilýändigiňizi ýatladýar. Şeýle hem, bank kartyny ulanmagyň goraglylygyny we howpsuzlyk çärelerini berjaý etmäge hem-de nagt däl hasaplaşyklaryň amatlyklaryndan peýdalanmaga çagyrýar.

Türkmenistanyň Merkezi banky