Merkezi Bankyň
walýuta kursy

Beýleki walýutalaryň kursy

Gymmat bahaly metallaryň
1 (bir) unsiýasynyň türkmen manadyna bolan gatnaşyklary

  ALTYN
  KÜMÜŞ
  PLATINA
  PALLADIÝ

Töleg terminallary arkaly hasaplaşyklary geçirmegiň amatlyklary

Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe, Döwlet Baştutanymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda milli ykdysadyýetimiz diwersifikasiýalaşdyrlyp ösdürilýär. Ykdysadyýetiň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolan bank ulgamynda halk köpçüligi üçin ýokary ähmiýetli amatlyklary üpjün edýän nagt däl hasaplaşyklaryň tehnologiýalaryny ornaşdyrmak boýunça netijeli çäreler durmuşa geçirilýär.

Hormatly Prezidentimiziň degişli Karary bilen nagt däl hasaplaşyklaryň gerimini giňeltmek, hasaplaşyklarda raýatlar üçin amatly şertleri döretmek maksady bilen, ähli söwda we hyzmat ediş nokatlarda töleg terminallaryny gurnamak tabşyryldy.

Dürli pudaklarda işleýän raýatlarymyz bank kartlarynyň eýeleri bolup durýarlar we olaryň zähmet haklary nagt däl görnüşinde karz edaralarynda açylan kart hasaplaryna geçirilýär.  Şu günki güne Türkmenistanda bank kartlarynyň we töleg terminallarynyň sanynyň yzygiderli we ýokary depginlerde artmagy netijesinde, 2019-njy ýylyň 1-nji apreli ýagdaýyna ýurdumyz boýunça hasaba alnan bank kartlarynyň sany 3,3 milliondan geçdi, töleg terminallarynyň sany bolsa 32,6 müňe ýetdi.

Nagt däl hasaplaşyklary ösdürmegiň we kämilleşdirmegiň maksady, nagt pul dolanşygynyň mukdaryny azaltmakdan hem-de geçirilýän hasaplaşyklary tizleşdirmekden ybaratdyr. Munuň birnäçe bähbitli taraplaryny görkezmek bolar. Ýagny, umumydöwlet bähbitli taraplaryna: pullary ýasamak, daşamak we saklamak boýunça çykdajylary tygşytlamak, pul serişdeleriň hereketine geçirilýän gözegçiligi berkitmek, pul serişdeleriň ýitirilmegi we galplaşdyrylmagy bilen baglanşykly hadysalaryň öňüni almak, salgyt tölemekden sowulyp geçmeleri aradan aýyrmak we ş.m degişlidir. Nagt däl hasaplaşyklaryň raýatlar üçin bähbitli taraplaryna: puluň ýitmezligi, wagtyň tygşytlylygy, ýeňillikli töleg geçirimleri, karz almak we goýum goýmak bilen baglanyşykly amatlyklar we ş.m. degişlidir. Karz edaralary üçin bähbitli taraplaryna bolsa: raýatlaryň erkin pul serişdelerini dolanyşyga çekmek hem-de olaryň möçberini artdyrmak, nagt pul dolanşygyna hyzmat etmek we pulhana amallary bilen baglanyşykly çykdajylary azaltmak, ýerine ýetirilen hyzmatlar üçin tölegleri almak we ş.m. degişlidir.

Häzirki döwürde nagt däl hasaplaşyklaryň amatlyklaryny her ädimde görmek bolýar. Söwda we jemgyýetçilik nokatlarynda satyn alnan harytlar we hyzmatlar üçin hasaplaşyklary töleg terminallary arkaly nagt däl görnüşinde geçirýän raýatlaryň sany günsaýyn artýar.

Töleg terminallary diňe iri söwda merkezlerinde däl-de, eýsem eýeçiligiň görnüşine garamazdan, edara görnüşli taraplar, olaryň şahamçalary we wekillikleri hem-de hususy telekeçiler söwda dükanlarynda, jemgyýetçilik iýmiti we beýleki hyzmatlary edýän nokatlarynda hem ornaşdyrylýar. Töleg terminalyny ornaşdyrmak üçin söwda we hyzmat ediş nokatlaryň eýeleri karz edaralaryna ýüzlenip bellenen tertipde hasaplaşyk hasabyny açandan soň, karz edarasy we töleg terminalyny ulanyjy arasyndaky hukuklary we borçlary kesgitleýän töleg terminallaryny ornaşdyrmak we olara hyzmat etmek boýunça şertnama baglaşylýar. Şol şertnamanyň şertlerine laýyklykda karz edarasy tarapyndan töleg terminaly ornaşdyrylýar we ony ulanmak boýunça degişli gözükdiriş işleri geçirilýär we zerur bolan gözükdiriji maglumatlar bilen üpjün edilýär. Söwda we hyzmat ediş nokatlarynda töleg terminallaryny ulanmak we olaryň bökdençsiz işlemegini üpjün etmek bilen bagly ýüze çykýan soraglar boýunça karz edarasy müşderi bilen aragatnaşyk saklaýar.

Söwda we hyzmat ediş nokatlarynyň degişli karz edarasy bilen baglaşan şertnamasyna laýyklykda ornaşdyrylýan töleg terminallary “Altyn asyr hem-de halkara “VISA” we “MasterCard” bank kartlaryny ulanyp, hasaplaşyklary nagt däl görnüşinde kabul etmäge mümkinçilik  berýär.

Mundan başga-da raýatlaryň nagt däl hasaplaşyklardan peýdalanmaklaryny höweslendirmek maksady bilen, ýurdumyzyň karz edaralary tarapyndan söwda we jemgyýetçilik nokatlarynda geçirilýän hasaplaşyklar üçin müşderileri höweslendiriji  hyzmatlary ornaşdyrmak boýunça hem degişli işler alnyp barylýar.

Umuman, bu işleriň ählisi bank müşderilerine ilkinji nobatda wagtyny we pul serişdelerini tygşytlamaga ýardam berýär. Şeýle-de şahsy we maşgala býujetini meýilleşdirmäge hem-de bank hasabyna özbaşdak gözegçilik etmek arkaly şahsy we maşgala harajatlaryny has netijeli dolandyrmaga mümkinçilik döredýär. Gahryman Arkadagymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda amatly we çalt hyzmat bermäge gönükdirilen dünýäniň öňdebaryjy banklarynyň döwrebap usuly bolan ykjam bank tehnologiýalarynyň ýurdumyzyň bank ulgamyna ornaşdyrylmagy müşderileriň ösen talaplaryny kanagatlandyrmaga, olaryň ynamyny has-da ýokarlandyrmaga mynasyp goşant goşýar.

Bu işleriň ählisi halkymyzyň abadan durmuşyny üpjün etmek ugrunda uly tagallalar edýän Gahryman Arkadagymyzyň «Döwlet adam üçindir!» diýen ynsanperwer ýörelgesiniň durmuşymyzyň ähli ugurlarynda öz beýanyny tapýandygyna şaýatlyk edýär. Hormatly Prezidentimiziň alyp barýan parasatly ýolbaşçylygynda amala aşyrylýan bank ulgamyndaky özgertmeleriň ählisi ýurdumyzyň raýatlarynyň hal-ýagdaýyny has-da gowulandyrmaga, olaryň ýaşaýyş durmuş derejelerini dünýäniň ösen ýurtlarynyň derejesine ýetirmäge gönükdirilendir.  

Halkymyzyň abadançylygy, rowaçlygy ugrunda ýadawsyz tagallalar edýän milli Liderimiziň jany sag, ömri uzak bolsun. Il-ýurt bähbitli, dünýä ähmiýetli işleri mundan beýläk hem rowaç alsyn! Goý, “Türkmenistan – rowaçlygyň Watany” ýyly ähli halkymyza rowaçlyk getirsin!

Dünýägözel HAÝYTOWA,
Türkmenistanyň Merkezi bankynyň
Ylmy-önümçilik geňeşiniň baş hünärmeni