24.08.2009
Halkara maliýe bazaryna çäkli gatnaşygynyň bolmagy, daşary ýurt bergileriniň derejesiniň pesligi hem-de döwletiň maliýe we daşary hasaplarynyň ýagdaýlarynyň oňaýly bolmagy sebäpli Türkmenistan dünýä maliýe çökgünliginden goragly boldy.
Eksporta gidýän gazyň ylalaşylan amatly bahalary döwlet girdejileriniň hem-de ýurduň daşary gorunyň goşmaça köpelmegine getirer. Şeýle oňaýly ýagdaýlar alyş-çalyş hümmetleriň unifisirlenmegi bilen, 2008-nji ýylda başlan ykdysady reformalaryň çaltlaşmagyna we çuňlaşmagyna örän täsirli mümkinçilikleri döredýär.
Global ykdysady krizisine garamazdan, ykdysadyýetiň görkezijileri ýokary bolup durýar. 2008-nji ýylda JIÖ-niň 10% derejede artmagyna döwlet tarapyndan gurluşuga we infrastruktura uly möçberde maýa goýumlaryň gönükdirilmegi, hem-de ulag we aragatnaşyk, içerki söwdada işjeňligiň ýokary derejede bolmagy itergi berdi.
2008-nji ýylyň iýul aýynda hümmetsizlenmäň derejesi ýokary derejede boldy 18,9 göterim, şeýle depginde artmagyna nebit önümleriň we ulag hyzmatlaryň bahalarynyň üýtgedilmegi, azyk harytlaryna dünýa bahalaryň ýokary bolmagy we 2008-nji ýylyň maý aýynda geçirilen alyş-çalyş hümmet>leriň unifisirlenmegi täsiririni ýetirdi.
Emma ýylyň ahyryna hümmetsizlenme derejede peselme häsýetine eýe boldy we 9 göterime çenli peseldi, onuň peselmegine azyk harytlaryna dünýa bahalaryň pese düşmegi, tarif ölçegleriň peseldilmegi we daşary ýurt puluna bolan islegiň doly kanagatlandyrylmagy öz täsirini ýetirdi, bu bolsa öz gezeginde bäsleşikli bahaly import harytlaryna elýeterliligi artdyrdy.
Nebit önümlerine we tebigy gaza ýokary bahalaryň bolmagy 2008-nji ýylda eksportdan gelip gowuşýan girdejileri 20 göterim artmagyna getirdi, şeýle hem içki islegiň artmagy we daşary ýurt puluny satyn almaklygyň ýeňilleşdirilmegi netijesinde importdan gelýän harytlaryň we hyzmatlaryň artmagynda garamazdan, töleg balansy boýunça gündelik amallaryň profisiti ýokarlanmagyny dowam etdi we 2008-nji ýylda jemi içerki önümiň 18% göterimine çenli artdy. Halkara gorlary uly möçberlerde ýokarlandy.
2008-nji ýylyň döwlet býujeti 11% göterim profisit bilen ýapyldy, bu bolsa girdejileriň akymynyň uly bolmagy we çykdajy böleginiň düýpli maýa goýumlaryna gönükdirilen böleginiň haýal ýerine ýetirilmegi bilen bagly boldy. Nebit önümlerine we tebigy gaza bolan ýokary bahalary we alyş-çalyş hümmetiniň unifisirlenmegi netijesinde gaýtadan bahalandyrmanyň täsiri uglewodorod serişdeleri ýerlemekden gelýän girdejileri ýokarlandyrdy.
Salgyt we gümrük gullugynyň kämilleşdirilmegi uglewodorod serişdeleri bilen bagly bolmadyk girdejileriň yzygiderliginiň artmagyny üpjin etdi. HPG-nyň işgärleriniň baha bermegine görä, býujetden daşgary amallaryň oňyn galyndysy, döwlet maliýesiniň oňyn galyndysynyň JIÖ-ň üçden bir bölegine çenli köpelmegine getirdi.
Döwlet maliýesini dolandyrmak reformasynda belli ösüşler gazanyldy. Resmi guramalar Ýewropa Bileleşiginiň goldamagy bilen býujet kodeksiniň taslamasyny taýýarlamak işi jemlenilýär we häzirki wagtda oňa degişli bolan hukuk we kadalaşdyryjy namalaryň düzmekligiň üstünde işlenilýär.
2008-nji ýylyň oktýabr aýynda Türkmenistanyň Durnuklaşdyryş gaznasy döredildi. Onda döwlet býujetiniň profisitiniň serişdeleri toplanar. Bu gaznanyň işiniň esasy ugurlaryny we wezipelerini doly kesgitlemekligiň üstünde işlenilýär.
Döwlet maksatnamalaryny maliýeleşdirmek bilen bagly Merkezi bankyň karz amallarynyň uly göwrümde alnyp barylmagy netijesinde, 2008-nji ýylyň ahyrynda pula bolan islegiň peselmegi bellendi.
Daşary ýur tpuluna wagtlaýyn bolan ägirt uly islegi kanagatlandyrmak üçinhem-de TMB-ň karz amallarynyň netijesinde ukyplylygyň uly möçberli akymlarynyň yzyna çekilmegi netijesinde Merkezi bankdaşary ýurt pul bazarynda aktiw interwensiýa geçirdi. 2009-njy ýylyň ýanwarynda täzemanada üstünlikli geçmegi hem-de alyş-çalyş hümmetiniň durnuklylygy milli manada bolanynamyň artmagyna getirdi we 2009-njy ýylyň birinji çärýeginde manada bolan islegiň ýokarlanmagy bellendi.
Gündelik halkara amallary boýunça tölegleri geçirmek üçin daşary ýurt puluny peýdalanmaklyk çäklendirilmedik bolmagynda galýar. Geçen ýyl manadyň daşary ýurt puluna bolan ýeke-täk hümmetine geçendensoň Bankara walýuta birjasy hemişe hereket edýär. TMB-ky bolsa zerurçylygyň ýüze çykmagy bilen kesgitlenen ABŞ-nyň dollarynda bolan alyş-çalyş hümmetini saklamak üçin interwensiýa geçirýär. Alyş-çalyş nokatlaryna daşary ýurt pulunyň ýeterlikli möçberlerde üpjün edilmegi ýurt boýunça gara bazarynda alyş-çalyş aratapawudynyň ýok edilmegine getirdi.
Maliýe böleginde reformalaryň başlangyç ädimleri edildi. Banklar depozitleri toplamakda hem-de täze hyzmatlary hödürlemekde uly işeňňirlik döredýärler. Bu bolsa öz gezeginde karzlaşdyrmak işine esas bolup, banklaryň has-da täjirçilik ýörelgeleri boýunça işlemekligine gönükdirilendir. Emma, maksatlaýyn karz bermek syýasatynyň dowam edilmegi maliýe araçylygyň umumy netijeliligini çäklendirýär.
Ýerine ýetiriji geňeşiň agzalarynyň belleýişlerine görä, häzirki wagtda başdan geçirilýän dünýä maliýe çökgünligine garamazdan, Türkmenistanyň soňky döwürde geçirýän reformalary we alnyp barylýan oýlanyşykly ykdysady syýasaty Türkmenistanyň makroykdysady görkezijileriniň ýokary derejede saklanmagyny üpjün etdi. Direktorlaryň belleýşi ýaly, Türkmenistanyň durnukly maliýe ýagdaýy we amatly ykdysady gelejegi ýurduň bazar gatnaşyklaryna geçmäge gönükdirilen ykdysady reformalaryň geçirmegini çaltlaşdyrmaga gowy mümkinçilikleri döredýär.
Munuň üçin geçirilmeli reformalaryň yzygiderliligini kesgitlemek zerur bolup durýar. Reformalary geçirmegiň ileri tutulýan ugurlarynyň arasynda döwlet maliýe dolandyrmasy, pul-karz syýasatynyň esaslary we maliýe ulgamynyň ösdürilmegini bellemek bolar. Ustünlikligiň açary bolup, tassyklanan çäreleriň durmuşa geçirilmeginiň kuwwatyny berkitmeklik çykyş edýär we muny maslahatlaryň, şol sanda hem HPG-nyň ýardam bermegi bilen geçirilse maksadalaýyk bolar.
Ýerine Ýetiriji geňeşiň agzalary resmi guramalary tarapyndan durmuş çykdajylaryna we ösüş maksatlaryna edilýän çykdajylara uly üns berilýändigini goldadylar. Olar alnyp barylýan býujet reformalaryny makulladylar we býujet kodeksiniň gysga möhletlerde kabul edilmegine we güýje girizilmegine şat boljakdyklary barada bellediler. Olar ýokary aýdyňlygy we ýerine ýetirilişiniň netijelerini has ýokarlandyrmak üçin, ähli geçirilýän döwlet amallarynyň milli býujetde jemlenmeginiň wajyplygyny bellediler. Ýerine Ýetiriji geňeşiň agzalary Durknuklaşdyryş gaznasynyň döredilmegini makullamak bilen, uglewodorod serişdeleri ýerlemekden gelip gowyşýan girdejilerini dolandyrmak boýunça hasabatlylygy ýokarlandyrmak we döwlet maliýesiniň uzak möhletli durnuklylygyny gazanmak maksady bilen, resmi guramalaryny geçirilýän amallaryň ugurlaryny kesgitlemeklige we meseleleri ähmiýeti boýunça bölmeklige gönükdirilen işleriň mundan beýläk hem dowam etmeklige çagyrdylar.
Ýerine Ýetiriji geňeşiň agzalary alyş-çalyş hümmetiniň durnuklylygy hümmetsizlenmä garaşylýan ýagdaýyň peselmegine we täze walýuta bolan ynamyň ýokarlanmagyna ýardam berjekdigini bellediler we resmi guramalary tarapyndan milli puluň dollara bolan gatnaşygynyň ýakyn wagtlarda saklanmagy we yzygider ýagdaýda seljerme geçirmek we zerur bolan ýagdaýynda bellenen düzgüne gaýtadan seretmekligi teklip etdiler. Düzümleýin we makroykdysady reformalaryň yzygiderli durmuşa geçirilmegi bilen, alyş-çalyş hümmetini kesgitlemegiň has çeýe görnüşine geçmek boýunça soraga seretmeklik mümkinçiligi hakynda bellediler.
Ýerine Ýetiriji geňeşiň agzalary Türkmenistanyň Merkezi bankynyň soňky ýyllardaky üstünliklerini, hususanda, milli walýutanyň denominasiýasynyň geçirilmegi we alyş-çalyş hümmetleriň oňyn unifisirlenmegi netijesinde birnäçe walýuta çäklendirmeleriniň aýrylmagyny kanagatlanma bilen bellediler.
Şeýle-hem, hümmetsizlenme derejesine gözegçiligi saklamak we täze walýutanyň durnuklylygyny saklamak üçin pul-karz syýasatynyň esaslarynyň mundan beýläk hem berkidilmeginiň zerurlygy barada bellediler. Şol maksat bilen, maksatlaýyn karzlaşdyrma amallary býujetiň düzümine geçirmek meselesine seretmekligi teklip berdiler we onuň netijesinde merkezi bankyň pul-karz syýasatynyň netijeliliginiň has ýokarlanjakdygy barada bellediler.
Ýerine Ýetiriji geňeşiň agzalary dolanýan depozit sertifikatlary (DDS) dolanyşyga göýbermek meýlini goldadylar we ukyplylygy dolandyrylmagyň kämilleşdirilmegini gazanmak üçin kadalaşdyryş ulgamynyň we banklar tarapyndan DDS goýbermekligiň amallar düzgünini işläp düzmekligi teklip berdiler.
Ýerine Ýetiriji geňeşiň agzalary maliýe bölegindäki geçirilýän reformalarda öňe gidişligi we maliýe kanunçylygyny kämilleşdirmekligiň göz öňüne tutulmagyny kanagatlanma bilen makullap, munuň ykdysadyýetiň uglewodorod çig mal serişdeleri bilen bagly bolmadyk hususy böleginiň binýadynda ykdysadyýeti ösdürmek üçin uly ähmiýetiniň bardygyny bellediler.
Banklaryň depozitleri jemlemekde we hödürlenýän hyzmatlaryň geriminiň giňelmegi ugrunda banklar tarapyndan işjeňliginiň artmagy kanagatlanma bilen bellenildi.
Aýratyn hem, «Jenaýatçylykly ýol bilen edinilen girdejileriň kanunlaşdyrylmagyna we terrorçylygyň maliýeleşdirilmegine garşy hereket etmek hakyndaky» Kanunyň kabul edilmegi we kanuny durmuşa geçirmekde ýakyn wagtlarda zerur bolan kadalaşdyryjy namalaryň girizilmegi we bu ulgamda gözegçilik üçin edaranyň döredilmegine has hem makullanma bilen bellenildi.
Bank ulgamyndaky bäsleşigiň ýokarlanmagy ugrunda ýerli maýadarlary we daşary ýurtlaryň abraýly banklaryny çekmek bilen bank ulgamynyň gerimini giňeltmek boýunça işleri dowam etdirmekligi bellediler. Bank gözegçiligini berkitmek üçin ähli banklaryň hasabatyny maliýe hasabatlaryň halkara ülňilerine laýyklykda alyp barmaklyga we audit geçirilmegine borçnamalaryň girizilmegi teklip edildi.
2004 | 2005 | 2006 | 2007 | 2008 deslapky | |
Önümçilik we baha | ýyl boýunça göterim üýtgemesi | ||||
---|---|---|---|---|---|
Hakyky JIÖ | 14,7 | 13,0 | 11,4 | 11,6 | 10,5 |
Sarp ediş nyrhlarynyň indeksi döwrüň ahyryna | 9,0 | 10,4 | 7,1 | 8,6 | 8,9 |
Maýa goýumlary we süýşürintgileri | (JIÖ-den göterimde) | ||||
Jemi maýa goýumlar | 23,4 | 21,5 | 18,3 | 19,0 | 37,1 |
Jemi süýşürintgiler | 24,1 | 26,7 | 34,0 | 35,1 | 55,8 |
Döwlet dolandyryş bölegi (Döwlet býujeti) | |||||
Jemi girdejiler | 20,3 | 20,5 | 20,2 | 17,3 | 23,6 |
Jemi çykdajylar we sap karzlaşdyrmak | 18,9 | 19,7 | 14,9 | 13,4 | 12,3 |
Umumy aratapawut (+= profisit) | 1,4 | 0,8 | 5,3 | 3,9 | 11,3 |
Pul-karz görkezijileri | (ýyl boýunça üýtgeme) | ||||
Ätiýaçlyk gory | 11,0 | 3,3 | 16,4 | 70,3 | -3,7 |
Manatdaky giň pul toplumy | 13,6 | 5,6 | 11,0 | 96,4 | -7,6 |
Daşarky bölek | (ABŞ-nyň mln.dollarynda, beýlekisi görkezilmedik ýagdaýynada) | ||||
Harytlaryň eksporty | 3 854 | 4 944 | 7 155 | 9 114 | 11 786 |
şol sanda: uglewodorod çig mallary | 3 154 | 4 198 | 6 228 | 8 093 | 11 007 |
Harytlaryň importy | 3 148 | 2 947 | 2 558 | 3 780 | 5 363 |
Gündelik amallarynyň hasaby | 82 | 875 | 3 351 | 4 037 | 3 560 |
JIÖ-den göterimde | 0,6 | 5,1 | 15,7 | 15,5 | 18,7 |
Çeşmesi: Türkmenistanyä resmi guramalary we HPG işgärleriniň baha bermegi.
Jemgyýetçilik aragatnaşygy we ýazgy bölümi.