Merkezi Bankyň
walýuta kursy

Beýleki walýutalaryň kursy

Gymmat bahaly metallaryň
1 (bir) unsiýasynyň türkmen manadyna bolan gatnaşyklary

  ALTYN
  KÜMÜŞ
  PLATINA
  PALLADIÝ

Belent sepgitler

Hormatly Prezidentimiz golaýda geçiren Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019-2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyny» tassyklady. Bu maksatnamanyň kabul edilmegi bilen, ýurdumyzyň ähli pudaklarynyň ýokary ösüşlere eýe bolmagy üçin düýpli özgertmleri amala aşyrmak boýunça toplumlaýyn çäreleri ýerine ýetirmegiň nobatdaky tapgyry başlandy.

Bu maksatnamanyň kabul edilmegi bilen bank ulgamynyň öňünde Türkmenistanda alnyp barylýan işjeň maýa goýum syýasaty, pul-karz syýasaty, maliýe-bank ulgamynyň we daşary ykdysady gatnaşyklarynyň ösüşi bilen bagly bolan birnäçe jogapkärli wezipeler durýar. Maksatnama laýyklykda 2019–2025-nji ýyllarda ýurdumyzda alnyp baryljak pul-karz syýasatynyň çäklerinde milli pulumyzyň hümmetiniň durnukly saklanmagyny üpjün etmek, ýurduň ykdysadyýetini ýeterlik derejede pul serişdeleri bilen üpjün etmek we onuň esasynda pul toplumyny kadalaşdyrmak hem-de gözegçilikde saklamak şol wezipeleriň esasyny düzýär.

Şonuň ýaly-da, «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019-2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna» laýyklykda bank ulgamynyň öňünde hem amala aşyrylmaly toplumlaýyn çäreler  goýuldy. Maksatnamanyň çäklerinde bank ulgamynyň öňünde goýlan bank hyzmatlarynyň gerimini giňeltmek, müşderileriň bank ulgamyna bolan ynamyny artdyrmak, karz edaralarynyň ukyplylyk derejesini üpjün etmek, Türkmenistanyň karz edaralaryna tejribeli işgärleri işe almak, bank ulgamynyň işgärleriniň arasynda hünär derejelerini ýokarlandyrmak boýunça degişli okuwlary guramak, ýokary okuw mekdeplerini üstünlikli tamamlaýan ýaş hünärmenleri bank ulgamyna işe kabul etmek, müşderilere internet ulgamynyň üsti bilen menzilara bank hyzmatlaryny hödürlemek ýaly wezipeleriň birnäçesini belläp geçmek bolar.  

Häzirki wagtda müşderilere internet ulgamynyň üsti bilen menzilara bank hyzmatlary, Türkmenistanda hasaplaşyk-töleg ulgamynda döwrebap tehnologiýalary müşderilere hödürlemek maksady bilen bölek satuw we hyzmat ulgamynda QR-code (dessin tassyklanylýan kod) arkaly hasaplaşyklar hödürlemek boýunça «Rysgal» paýdarlar täjirçilik banky tarapyndan degişli işler alnyp barylýar.

Maksatnama laýyklykda karz edaralary tarapyndan ykdysadyýetiň ileri tutulýan pudaklaryny karzlaşdyrmak işi dowam etdiriler. Karzlaryň düzüminde uzak möhletli karzlaryň, hususan-da, ösen tehnologiýalary özünde jemleýän önümçilik desgalaryny karzlaşdyrmagyň paýy düýpli artdyrylar. Türkmenistanyň Prezidentiniň degişli kararlary esasynda importyň ornuny tutýan we eksporta gönükdirilýän önümçilik maksatly karzlary we ipoteka karzlaryny bermek has işjeňleşdiriler. Karz alyjylaryň we banklaryň bähbitlerini ikitaraplaýyn goramak, karz gatnaşyklarynda töwekgelçilikleri peseltmek maksady bilen karz taryhyny kämilleşdirmek boýunça degişli işler geçiriler we bu gatnaşyklary kadalaşdyrýan kanunçylyk binýady üpjün ediler.

Şeýle hem maksatnamanyň çäklerinde bank kartlarynyň üsti bilen amal edilýän nagt däl tölegleriň gerimini mundan beýläk hem giňeltmek we bank kartlary arkaly hödürlenýän hyzmatlaryň hilini ýokarlandyrmak boýunça işler dowam etdiriler. Türkmenistanyň hasaplaşyk-töleg ulgamlarynda elektron tölegler ulgamynda elektron resminamalary alyşmagyň we olara gözegçilik etmegiň tertibi kämilleşdiriler. Türkmenistanyň hasaplaşyk-töleg ulgamlarynyň kanunçylyk binýadyny berkitmek boýunça hem degişli işler geçiriler. 

Şol bir wagtda, bazar ykdysady şertlerinde bank ulgamyny netijeli dolandyrmak we onuň işini halkara tejribelerine laýyklykda alyp barmak maksady bilen menejmentiň öňdebaryjy tilsimleri ornaşdyrylar.

Bank ulgamynda  sanly ykdysadyýetiň ornaşdyrylmagy maksatnamalaýyn esasda alnyp barlar. Ulgama sanly tehnologiýalaryň giňden ornaşdyrylmagy bank hyzmatlarynyň hiliniň ýokarlanmagyna, hyzmatlaryň täze döwrebap görnüşleriniň döremegine, harajatlaryň we sarp edilýän gymmatly wagtyň tygşytlanmagyna ýardam berer.

«Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019-2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynyň» kabul edilmegi her bir işiň, özgertmäniň düýp esasynda milli Liderimiziň «Döwlet adam üçindir!» diýen şygarynyň durýandygyny ýene bir ýola subut etdi.

Hormatly Prezidentimize, şeýle hem Milli Liderimiziň parasatly ýörelgelerinden ugur alýan mähriban halkymyza «Türkmenistan-rowaçlygyň Watany» ýylynda hem üstünlikler arzuw edýäris. Bize şeýle ajap zamanany gurup beren Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, ömri uzak, belent başy aman bolsun, il-ýurt bähbitli, umumadamzat ähmiýetli alyp barýan beýik işleri elmydama rowaç bolsun!

Bibi JUMAGELDIÝEWA,
Türkmenistanyň Merkezi bankynyň
Ylmy-önümçilik geňeşiniň baş hünärmeni