Merkezi Bankyň
walýuta kursy

Beýleki walýutalaryň kursy

Gymmat bahaly metallaryň
1 (bir) unsiýasynyň türkmen manadyna bolan gatnaşyklary

  ALTYN
  KÜMÜŞ
  PLATINA
  PALLADIÝ

“TÜRKMENISTAN — ROWAÇLYGYŇ WATANY”

“Türkmenistan — rowaçlygyň Watany” diýlip yglan edilen 2019-njy ýylda, milli ykdysadyýetimiziň mundan beýläk-de berkidilmegi, halkara jemgyýetçiligindäki ornunyň has-da belende galmagy, dürli ugurlardaky giň göwrümli we ähmiýetli taslamalaryň durmuşa geçirilmegi üçin ähli mümkinçilikler bar.

Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda Türkmenistanda ägirt uly tebigy serişdeleriň netijeli peýdalanylmagyna, ýurdumyzyň ykdysady kuwwatynyň durmuşa geçirilmegine, milletimiziň ruhy-medeni taýdan gülläp ösmegine gönükdirilen toplumlaýyn maksatnamalar üstünlikli amala aşyrylýar.

2018-nji ýylda Türkmenbaşy şäherindäki Halkara deňiz porty, Garabogazdaky karbamid zawody, Gyýanlydaky polipropilen we polietilen öndürýän gazhimiýa toplumy, «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda dynç alyş merkezli akwapark we şypahana, Türkmenabat şäheriniň Halkara howa menzili, Marydaky utgaşykly usulda işleýän bug-gaz elektrik bekedi, Ahal welaýatynda “Türkmenaýnaönümleri” önümçilik kärhanasy, Serhetabat — Turgundy demir ýoly hem-de mekdepler, saglygy goraýyş edaralary, ýokary amatlylygy bolan ýaşaýyş jaýlary gurlup ulanylmaga berildi.

Gurluşygyna badalga berlen iri taslamalaryň hatarynda Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisi, bu ugur boýunça elektrik geçiriji we optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamlarynyň çekilmegi hem ýokarda agzalan we ösüşe gönükdirilen taslamalara mysal hökmünde berip bolar. Bularyň ählisi ýurdumyzyň ykdysady taýdan ösüşine, sebitiň halklarynyň abadançylygyna hyzmat eder.

Daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümçilik, eksport önümleriniň mukdaryny artdyrmak boýunça döwlet maksatnamalaryny durmuşa geçirmegiň çäklerinde welaýatlarda täze maldarçylyk we guşçulyk toplumlary, ýyladyşhana hojalyklary açyldy.

«Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça 2020-nji ýyla çenli döwür üçin rejelenen görnüşdäki Milli maksatnamasyna» laýyklykda, Ahal welaýatynda döwrebap obalaryň birbada birnäçesiniň Ak bugdaý, Gökdepe we Kaka etraplarynda düýbüni tutmak dabarasy boldy. Şunuň ýaly möhüm taslamalaryň durmuşa geçirilmegi hormatly Prezidentimiziň “Döwlet adam üçindir!” diýen şygary baş ýörelge edinýän Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründäki durmuş ulgamyny nazarlaýan syýasatynyň ajaýyp miwesidir.

2018-nji ýylyň şanly wakalarynyň hatarynda Türkmenistanyň teklibi boýunça BMG tarapyndan esaslandyrylan Bütindünýä welosiped gününe gabatlanyp guralan köpçülikleýin welosipedli ýörişi, “Amul — Hazar 2018” halkara awtorallisini we Agyr atletika boýunça dünýä çempionatyny görkezmek bolar. Ýokarda bellenenleriň ählisi, Türkmenistanyň 2019-njy ýylda durmuş-ykdysady taýdan sazlaşykly ösüşi üçin oňyn şertleri döredýär.

“Türkmenistan — rowaçlygyň Watany” diýlip yglan edilen 2019-njy ýylda,  Türkmenistanyň bank ulgamy hem ösüşe okgunly toplumlaýyn çäreleri alyp barmaga dowam eder. “Kiçi we orta telekeçileri döwlet tarapyndan goldamak”, “Ýurdumyzda oba hojalyk önümleri öndürijileri maliýe taýdan goldamak”, “Türkmenistanda ýaş maşgalalaryň ýaşaýyş durmuş şertlerini has-da gowulandyrmak” hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Kararlary esasynda taslamalar karzlaşdyrylyp, ykdysadyýete goşmaça iş orunlary gazandyrylar. Milli önüm öndürijilere berilýän goldawyň netijesinde halkyň isleglerini kanagatlandyrýan ýokary hilli önümleriň we hyzmatlaryň sany yzygiderli artdyrylar.

Soňky ýyllarda geçirilen bank özgertmeleri netijesinde, ýurdumyzda nagt däl hasaplaşyk tehnologiýalary barha giň meşhurlyga eýe bolýar. Türkmenistanda bank kartlarynyň, bankomatlaryň we töleg terminallarynyň giň tory hereket edýär we onuň jemgyýet üçin elýeterliligi we netijeliligi günsaýyn ýokarlanýar. Aşgabat şäherinde we ýurduň ähli welaýat we etrap merkezlerinde, ilatly ýerlerde banklar tarapyndan bankomatlar we töleg terminallary yzygiderli esasda ornaşdyrylýar, olaryň bökdençsiz hyzmat etmegi ýola goýulýar. Türkmenistanyň bank ulgamynda ornaşdyrylýan döwrebap tehnologiýalar, müşderileriň talaplaryny kanagatlandyrmaga we bank hyzmatlarynyň hilini ýokarlandyrmaga gönükdiriler.
Ýurdumyzyň söwda merkezlerinde, jemgyýetçilik ýerlerinde ilatymyza töleg terminallarynyň üsti bilen döwrebap, amatly, howpsuz hasaplaşyklary geçirmäge mümkinçilikler döredildi we şu ugurdaky işler dowam etdiriler.

“Goýum bank karty” atly bank hyzmaty bilen bank kartyna islendik möçberde nagt puly goýmak, tölegleri amala aşyrmak, bankomatlardan we internet ulgamy arkaly goýumdaky puluň we toplanan göterimiň möçberini bilmek ýaly mümkinçilikler döredildi. “Maşgala karty” atly täze bank hyzmaty esasynda raýatlarymyzyň maşgala agzalary üçin hem hasaplaşyklary nagt däl görnüşde amala aşyryp bolýar.

Mundan başga-da «Internet-bank» hem-de  «Mobil-bank» ulgamlaryň üsti bilen, ykjam aragatnaşyk hyzmatlar üçin tölegi, karzy üzmek we onuň göterimlerini tölemek, bir kartdan beýleki karta pul geçirimini amala aşyrmak we kart hasabynyň hereketini görmek ýaly hyzmatlar hödürlenilýär. 2019-njy ýylda şu hyzmatlardan peýdalanýan raýatlaryň sanyny artdyrmak ugrunda karz edaralary tarapyndan giň gerimli işler geçiriler.

Türkmenistanyň Merkezi banky