Merkezi Bankyň
walýuta kursy

Beýleki walýutalaryň kursy

Gymmat bahaly metallaryň
1 (bir) unsiýasynyň türkmen manadyna bolan gatnaşyklary

  ALTYN
  KÜMÜŞ
  PLATINA
  PALLADIÝ

Bank ulgamy: döwrebap hyzmatlar, täze mümkinçilikler

Hormatly Prezidentimiziň öňdengörüjilikli we parasatly ýolbaşçylygynda ähli ykdysady pudaklar bilen bir hatarda bank ulgamy hem yzygiderli kämilleşdirilýär. Milli puluň hümmetini durnukly derejede saklamak, netijeli pul-karz syýasatyny alyp barmak, pul-karz dolanyşygynyň ýagdaýyna täsir etmek arkaly bazar isleglerini kanagatlandyrmak, töleg ulgamyny dünýäniň ösen döwletleriniň derejesinde guramak, nagt däl hasaplaşyklary döwrebaplaşdyrmak, ilatyň erkin duran pul serişdelerini bank ulgamyna möhletli we talap edilýänçä görnüşindäki goýumlary çekmek babatynda anyk wezipeler durmuşa geçirilýär.

Ýurdumyzyň karz edaralary dürli görnüşli goýumlardyr-depozitler görnüşinde ilatdan pul süýşürintgilerini kabul edýär, bu bolsa bank serişdeleriniň çeşmesi bolup, goşmaça gymmaty emele getirmäge ýardam berýär. Goýumçy göterim ýa-da bank hyzmaty görnüşinde höweslendirilýär. Goýumlarda jemlenen süýşürintgiler karz maýalaryna öwrülýär hem-de telekeçileri karzlaşdyrmak üçin ulanylýar. Karz alyjylar serişdeleri önümçiligi giňeltmek, gozgalmaýan emlägi we hyrydarlyk ödeýiş harytlary satyn almak üçin sarp edýärler. Banklaryň üsti bilen süýşürintgiler ahyrky netijede maýa öwrülýär. Pul serişdelerini emele getirmekde ilatyň süýşürintgi goýumlarynyň ähmiýeti ýokarydyr. Ýurdumyzyň raýatlary karz edaralarynda hereket edýän birnäçe goýum hyzmatlarynyň amatly mümkinçiliklerinden peýdalanýarlar. Dürli ýaş toparlaryna degişli bolan, nagt we nagt däl görnüşinde çekilýän goýumlara mysal hökmünde Türkmenistanyň “Halkbank” DTB-niň “Bagtyýar nesiller”, “Hemaýat”, “Bagtyýarlygyň sowgady”, “Ruhubelent”, TDDYIB-niň “Kämillik sowgady”, “Senagat” PTB-niň “Amatly”, “Çagalara niýetlenilen maksatly goýum”, “Ene-atalar hakynda alada”, “Halkyň saglygy-ýurduň baýlygy”, Türkmenistanyň “Daýhanbank” DTB-niň “Gojalara hemaýat”, “Galkynan daýhan”, Türkmenistanyň “Türkmenistan” DTB-niň “Talyp goýumy”, “Pensiýa goýumy”, Türkmenistanyň “Türkmenbaşy” DTB-niň “Ruhubelent nesiller goýumy”, Türkmen-türk PTB-niň “Maşgala süýşürintgileri” atly goýumlaryny görkezmek bolar.

Mundan başga-da ýurdumyzyň karz edaralarynda ýyllyk 5-6% girdejisi bolan “Goýum bank karty” atly goýum hyzmaty girizildi. Raýatlara bu hyzmaty ýurduň islendik bankynda açmak, goýum bank kartlaryna islendik möçberde nagt puly goýmak, töleg amala aşyrmak, kartdan nagt puly almak, bankomatlardan we internet ulgamy arkaly goýumdaky puluň we toplanan göterimiň möçberini bilmek mümkinçiligi döredilen.
Häzirki wagtda ýurdumyzyň dürli künjeklerinde ornaşdyrylýan bankomatlaryň we töleg terminallarynyň sany artdyrylýar hem-de olaryň bökdençsiz hereket etmegi ýola goýulýar. Bank ulgamynda ornaşdyrylýan döwrebap hyzmatlar häzirki zaman bankynyň keşbiniň emele gelmegine, bank hyzmatlarynyň hilini ýokarlandyrmaga hem-de raýatlaryň talaplaryny kanagatlandyrmaga oňyn şert döredýär. 2019-njy ýylyň 1-nji ýanwary ýagdaýyna ýurdumyzyň prosessing merkezlerinde hasaba alnan bank kartlary geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 35 göterimden, töleg terminallary 26 göterimden gowrak ýokarlandy.

Bank kartlarynyň gündelik durmuşymyza ulanyşa girizilmegi bilen birnäçe ýagdaýda wagtymyzy tygşytlamaga şert döredýär. Mysal üçin, şugün telefon aragatnaşyk, jemagat we ýaşaýyş hyzmatlaryny, saglygy goraýyş edaralarynyň hyzmatlary, awiapetekler üçin töleglerini, IP-TV, bank karzy we onuň göterimlerini töleg terminallaryň we bankomatlaryň üsti bilen tiz görnüşde amala aşyrmak mümkin.

Mundan başga-da «Internet-bank» hem-de  «Mobil-bank» ulgamlarynyň üsti bilen, ykjam aragatnaşyk hyzmatlar üçin tölegi, karzy we onuň göterimlerini tölemek, bir kartdan beýleki karta pul geçirimini amala aşyrmak hem-de kart hasabynyň hereketini görmek ýaly hyzmatlar hödürlenilýär. Şeýle hem yzygiderli gaýtalanýan tölegleri awtomatlaşdyrmak üçin ýörite mümkinçilik döredilen. Her bir raýat internet toruna birikdirilen şahsy kompýuteri ýa-da ykjam telefon arkaly bu hyzmatlaryň amatlyklaryndan peýdalanyp biler.
Döwrebap bank hyzmatlarynyň täze görnüşleriniň biri hem “Maşgala” bank karty hyzmatydyr. “Maşgala” bank karty “Altyn Asyr” bank karty hasabyna birikdirilmek bilen, müşderiniň  islegine baglylykda maşgalanyň her bir agzasyna şol sanda, ýedi ýaşdan uly bolan çagalara açylyp bilner. Müşderiniň arzasy ýa-da internet-bank hyzmaty arkaly maşgalanyň her bir agzasy üçin aýratynlykda hepdelik sarp ediljek pul mukdarynyň möçberini kesgitlemäge mümkinçilik döredilen. “Maşgala” bank karty çagalara we talyplara gerekli okuw esbaplaryny we beýleki harytlary satyn almaga, söwda we dynç alyş nokatlarynda hasaplaşyklary geçmäge, “Internet-bank” we “Mobil-bank” hyzmatlary arkaly karzlaryň göterimini we esasy bergisini tölemäge, telefon, öýjükli telefon, IP-TV we internet hasabyny doldurmaga we bank kartynyň galyndysyny bilmäge amatly mümkinçilikleri döredýär.

Häzirki döwürde nagt däl hasaplaşyklaryň amatlyklaryny her ädimde görmek bolýar. Raýatlar söwda we jemgyýetçilik nokatlarynda nagt däl hasaplaşyklardan peýdalanmak arkaly öz pul serişdelerini tygşytlap bilerler. Nagt hasaplaşyklarda ýüze çykýan ownuk şaýylyklary, meselem, üç teňňe gaýtargyny saklap bilmejegi üçin (saklamak, daşamak kynçylyklary sebäpli) ony gelejekde peýdalanmak mümkinçiligi ýitirilýär. Günde 3 teňňe aýda 90, ýylda 1000 teňňeden hem geçýär. Pul serişdeleri kartdan nagt çekilende 0,86% bank ýygymynyň bardygyny hem bellemek gerek. Meselem: aýda takmynan 1500 manat kartdan nagt çekilende 12,90 manat bank ýygymy tutulýar. Nagt däl hasaplaşyklarda beýle ýitgi döremeýär. Ýagny aýda 12,90 manat, ýylda 154,80 manat pul serişdesiniň tygşytlanylmagy, ownuk şaýylyklaryň kart hasaplarynda saklanylmagy olary gelejekde peýdalanmak mümkinçiligini artdyrýar. Ýurdumyzyň karz edaralary tarapyndan raýatlaryň “Altyn Asyr” bank kart hasaplaryndaky galyndy pul serişdelerine ýyllyk  5% möçberinde göterim tölenýär.

Mundan başga-da raýatlaryň nagt däl hasaplaşyklardan peýdalanmaklaryny höweslendirmek maksady bilen, ýurdumyzyň karz edaralary tarapyndan söwda we jemgyýetçilik nokatlarynda geçirilýän hasaplaşyklar üçin “Cash-back” hyzmatyny ornaşdyrmak boýunça hem degişli işler alnyp barylýar.

Umuman ýokarda berlen mysallar bank müşderilerine ilkinji nobatda wagtyny we pul serişdelerini tygşytlamaga ýardam berýär. Şeýle-de şahsy we maşgala býujetini meýilleşdirmäge hem-de bank hasabyna özbaşdak gözegçilik etmek arkaly şahsy we maşgala harajatlaryny has netijeli dolandyrmaga mümkinçilik döredýär. Gahryman Arkadagymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda amatly we çalt hyzmat bermäge gönükdirilen dünýäniň öňdebaryjy banklarynyň döwrebap usuly bolan ykjam bank tehnologiýalarynyň ýurdumyzyň bank ulgamyna ornaşdyrylmagy müşderileriň ösen talaplaryny kanagatlandyrmaga, olaryň ynamyny has-da ýokarlandyrmaga mynasyp goşant goşýar.

Dünýägözel HAÝYTOWA,
Türkmenistanyň Merkezi bankynyň
Ylmy-önümçilik geňeşiniň baş hünärmeni