Merkezi Bankyň
walýuta kursy

Beýleki walýutalaryň kursy

Gymmat bahaly metallaryň
1 (bir) unsiýasynyň türkmen manadyna bolan gatnaşyklary

  ALTYN
  KÜMÜŞ
  PLATINA
  PALLADIÝ

Türkmen ekerançylary ýewropa tejribesi bilen tanyşýarlar

2018-nji ýylyň 4-nji iýulynda Türkmenabatda, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň Lebap welaýat bölüminde Ýewropa Bileleşiginiň «Türkmenistanda oba hojalygynyň we obalaryň mundan beýlägem durnukly ösüşine ýardam bermegiň III Tapgyry (SARD III)» taslamasynyň çäklerinde gurnalan almanyň dürli görnüşlerini ýetişdirmegiň agrotehnikasy boýunça okuw geçirildi, ol Oba we suw hojalygy ministrliginiň we TSTB-niň hyzmatdaşlygynda amala aşyrylýar.

Okuwy türkiýeli agronom-entomolog Mustafa Alkan geçirdi, ol bagbançylyk hojalyklarynyň ýolbaşçylary we hünärmenleri bilen almanyň dürli görnüşlerini ýetişdirmegiň, olary suwarmagyň amatly düzgünleri, dökünleri ulanmak we kessellere hem-de zyýanly mör-möjeklere göreş barada tejribeler barada pikir alyşdy. Pikir alyşma hojalygy netijeli ýöretmegiň giň meselelerini öz içine aldy.

Lebap welaýatynda bolan wagty Mustafa Alkan pessejik alma baglaryny ýetişdirmegiň agrotehnikasynyň meseleleri boýunça maslahat bermek üçin «Ýunus Daýhan» we «Altyn gül» alma ýetirşdirýän hojalyklara baryp gördi. Ýewropa Bileleşiginiň bilermeniniň maslahatlary türkmenistanly miwe öndürijilere agronomçylyk başarnyklaryny kämilleşdirmäge we daşary ýurtlardan getirilýän önümleri ýurdumyzda öndürmek boýunça döwlet maksatnamasyny durmuşa geçirmegiň çäklerinde witaminli önümleri öndürmegi artdyrmaga ýardam eder.

a tenne

Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi