Merkezi Bankyň
walýuta kursy

Beýleki walýutalaryň kursy

Gymmat bahaly metallaryň
1 (bir) unsiýasynyň türkmen manadyna bolan gatnaşyklary

  ALTYN
  KÜMÜŞ
  PLATINA
  PALLADIÝ

Po­lip­ro­pi­len ör­tü­gi­ni ön­dür­ýän tä­ze önümçilik sehi açyl­dy

Türk­men­ba­şy­da­ky ne­bi­ti gaý­ta­dan iş­le­ýän za­wod­lar top­lu­myn­da po­lip­ro­pi­len ör­tü­gi­ni ön­dür­ýän tä­ze önümçilik sehiniň işe gi­ri­zil­me­gi ýur­du­my­zy bat­ly dep­gin­ler bi­len se­na­gat­laş­dyr­mak bo­ýun­ça hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedowyň alyp bar­ýan ug­ru­nyň üs­tün­lik­li ama­la aşy­ryl­ma­gy­nyň aý­dyň su­but­na­ma­sy­na öw­rül­di.

Da­ba­ra hö­kü­met ag­za­la­ry, ne­bit­gaz pu­da­gy­nyň ýol­baş­çy­la­ry, hor­mat­ly ýa­şu­lu­lar, şeý­le hem ne­bit­hi­mi­ýa­çy­la­ryň da­şa­ry ýurt­ly hyz­mat­daş­la­ry gat­naş­dy­lar.

Türk­men­ba­şy­da­ky ne­bi­ti gaý­ta­dan iş­le­ýän za­wod­lar top­lu­my­nyň çä­gin­de ir er­tir­den baý­ram­çy­lyk ýag­da­ýy hö­küm sür­di. Äh­li ýer­de aý­dym-saz­la­ryň owa­zy be­lent­den ýaň­la­nyp, baý­dak­lar par­la­ýar, dür­li reňk­li şar­lar uçu­ryl­dy. De­ňiz­ýa­ka ül­kä­niň ar­tist­le­ri dür­li öwüş­gin­li çy­kyş­la­ry ýe­ri­ne ýe­tir­di­ler.

Da­ba­ra gat­na­şy­jy­lar çy­kyş edip, hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedowa ýan­gyç-ener­ge­ti­ka top­lu­my­nyň önüm­çi­lik kuw­wa­ty­ny ber­kit­mä­ge ber­ýän uly ün­si üçin çuň­ňur ho­şal­lyk söz­le­ri­ni be­ýan et­di­ler. Ýyg­na­nan­la­ryň bel­leý­şi ýa­ly, döw­let Baş­tu­ta­ny­my­zyň ýö­red­ýän iş­jeň ma­ýa go­ýum sy­ýa­sa­ty, Türk­me­nis­ta­nyň ne­bit­gaz se­na­ga­ty­ny ös­dür­me­giň 2030-njy ýy­la çen­li dö­wür üçin mak­sat­na­ma­sy­nyň dur­mu­şa ge­çi­ril­me­gi­ne, ýur­du­my­zyň için­de hem-de da­şa­ry döw­let­ler­de is­leg bil­di­ril­ýän dür­li ne­bit we gaz­hi­mi­ýa önüm­le­ri­ni ön­dür­ýän in­no­wa­sion teh­no­lo­gi­ýa­la­ry­nyň esa­syn­da tä­ze önüm­çi­lik­le­riň dö­re­dil­me­gi­ne aý­ra­tyn üns ber­me­gi ne­ti­je­sin­de, hä­zir pu­da­gyň kär­ha­na­la­ry­ny teh­ni­ki hem-de teh­no­lo­gik taý­dan en­jam­laş­dyr­ma­gyň we­zi­pe­le­ri üs­tün­lik­li çö­zül­ýär.

Bu ul­gam­da göz öňün­de tu­tu­lan me­ýil­na­ma­la­ryň dur­mu­şa ge­çi­ril­me­gi ýur­du­my­zy se­na­gat­laş­dyr­ma­gyň dep­gi­ni­ni çalt­lan­dyr­ma­ga, mil­li yk­dy­sa­dy­ýe­tiň eks­port kuw­wa­ty­ny di­wer­si­fi­ka­si­ýa­laş­dyr­ma­ga we pug­ta­lan­dyr­ma­ga, da­şa­ry ýurt­lar­dan ge­ti­ril­ýän ha­ryt­la­ryň or­nu­ny tut­ýan önüm­le­riň köp gör­nüş­le­ri­niň ön­dü­ri­li­şi­ni art­dyr­ma­ga ýar­dam eder. Umu­man, bu­la­ryň äh­li­si Wa­ta­ny­my­zyň yk­dy­sa­dy kuw­wa­ty­nyň we ro­waç­ly­gy­nyň pug­ta­lan­dy­ryl­ma­gy­na, türk­men hal­ky­nyň aba­dan­çy­ly­gy­nyň ýo­kar­lan­dy­ryl­ma­gy­na hyz­mat eder.

Çä­re­de çy­kyş eden In­do­ne­zi­ýa Res­pub­li­ka­sy­nyň “P.T.IS­TA­NA Ka­rang La­ut” kom­pa­ni­ýa­sy­nyň ýol­baş­çy­sy Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti­ne bil­di­ren yna­my üçin tüýs ýü­rek­den ho­şal­lyk bil­dir­di. TNGIZT-de gur­lan po­lip­ro­pi­len ör­tü­gi­ni ön­dür­ýän önümçilik sehiniň tas­la­ma­sy şu kom­pa­ni­ýa bi­len bi­le­lik­de ama­la aşy­ryl­dy.

Je­nap Lo­uz Wi­zioz ýol­baş­çy­lyk ed­ýän kom­pa­ni­ýa­sy­nyň yk­dy­sa­dy ösüş­de bat­ly dep­gin­le­ri ga­zan­ýan ýur­du­myz bi­len uzak­möh­let­le­ýin öza­ra bäh­bit­li hyz­mat­daş­ly­gy has-da ös­dür­mä­ge uly gy­zyk­lan­ma bil­dir­ýän­di­gi­ni aýt­dy. Bel­le­ni­li­şi ýa­ly, In­do­ne­zi­ýa­nyň we dün­ýä­niň beý­le­ki döw­let­le­ri­niň gel­je­gi uly türk­men ba­za­ryn­da orun­la­ry­ny ber­kit­mä­ge gy­zyk­lan­ma­sy köp ba­bat­da Türk­me­nis­ta­nyň Baş­tu­ta­ny Gurbanguly Berdimuhamedowyň alyp bar­ýan “Açyk ga­py­lar” hem-de iri da­şa­ry ýurt kom­pa­ni­ýa­la­ry we ma­ýa­dar­la­ry bi­len giň hyz­mat­daş­lyk sy­ýa­sa­ty bi­len şert­len­di­ri­len­dir. Ýur­du­myz­da ola­ryň iş­le­me­gi üçin amat­ly şert­ler dö­re­dil­di.

Ozal bel­le­ni­li­şi ýa­ly, se­na­gat­da, gur­lu­şyk­da, ulag­da, oba ho­ja­ly­gyn­da hem-de dur­muş­da ula­nyl­ýan ha­ryt­la­ry ön­dür­mek­de giň­den peý­da­la­nyl­ýan önüm­le­riň ýüz­ler­çe gör­nüş­le­ri­ni iş­läp taý­ýar­la­ma­gyň esa­sy bö­le­gi bo­lan po­li­mer­le­ri ön­dür­mek bo­ýun­ça iri önüm­çi­lik­le­riň dö­re­dil­me­gi ne­bit­gaz pu­da­gy­ny ös­dür­me­giň gel­je­gi uly ugur­la­ry­nyň bi­ri­dir.

Türk­men­ba­şy­da­ky ne­bi­ti gaý­ta­dan iş­le­ýän za­wod­lar top­lu­myn­da po­lip­ro­pi­len top­lu­my­nyň gu­rul­ma­gy ýur­du­my­zyň ne­bit we gaz­hi­mi­ýa pu­da­gy­nyň ös­dü­ril­me­gin­de il­kin­ji ädim bol­dy. Mil­li­se­kund ka­ta­li­ti­ki kre­king (MSCC) des­ga­syn­dan ge­lip go­wuş­ýan su­wuk­lan­dy­ry­lan gaz onuň üçin çig mal bo­lup hyz­mat ed­ýär. Hä­zir­ki wagt­da gra­nu­lir­le­nen pro­pi­len ke­nar­ýa­ka ne­bit­hi­mi­ýa­çy­la­ry ta­ra­pyn­dan çy­ka­ryl­ýan önüm­le­riň sa­na­wyn­da esa­sy orun­la­ryň bi­ri­ni eýe­le­ýär. Bu önü­mi Rus­si­ýa, Ýa­po­ni­ýa, Tür­ki­ýe, Eý­ran, Öz­be­gis­tan, Azer­baý­jan, alys­da­ky we go­laý­da­ky beý­le­ki ýurt­lar sa­tyn al­ýar.

Eks­port ugur­ly ha­ry­dyň esa­sy bö­le­gi sarp edi­ji­le­re de­ňiz ula­gy ar­ka­ly ug­ra­dyl­ýar. Şu mak­sat­lar bi­len Türk­men­ba­şy şä­he­rin­dä­ki Hal­ka­ra de­ňiz por­tun­da po­lip­ro­pi­le­ni sak­la­mak we ug­rat­mak üçin ýö­ri­te­leş­di­ri­len ter­mi­nal gu­rul­dy.

Aý­ra­tyn hem bü­tin dün­ýä­de po­li­mer önüm­le­ri­ne is­leg­le­riň art­ýan­dy­gy­ny na­za­ra al­mak bi­len te­bi­gy ga­zy gaý­ta­dan iş­le­mek bo­ýun­ça se­na­gat kär­ha­na­la­ry­nyň dö­re­dil­me­gi ne­ti­je­sin­de mil­li yk­dy­sa­dy­ýe­ti­mi­ziň dür­li pu­dak­la­ry­nyň öňün­de hil taý­dan tä­ze müm­kin­çi­lik­ler açyl­ýar. Şu ýyl Ha­za­ryň ke­na­ryn­da ýer­leş­ýän Gy­ýan­ly şä­her­çe­sin­de se­bit­de iri po­lie­ti­len we po­lip­ro­pi­len ön­dür­ýän gaz­hi­mi­ýa top­lu­my­ny ulan­ma­ga ber­mek göz öňün­de tu­tul­dy.

Umu­man, bu­la­ryň äh­li­si Türk­men­ba­şy­da­ky ne­bi­ti gaý­ta­dan iş­le­ýän za­wod­lar top­lu­myn­da po­lip­ro­pi­len ör­tü­gi­ni ön­dür­mek bo­ýun­ça önümçilik sehini gur­mak ba­ra­da­ky çöz­gü­diň ka­bul edil­me­gi­ni şert­len­dir­di. Bu is­len­dik ul­gam­da uly is­leg­den peý­da­lan­ýan se­riş­de­le­riň bi­ri­dir di­ýip, hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedow bel­le­ýär. Onuň sarp edi­li­şi yzy­gi­der­li art­ýar, ula­nyl­ýan çä­gi hem gi­ňel­ýär.

Des­ga­da or­naş­dy­ry­lan teh­no­lo­gi­ki ul­ga­myň ýyl­lyk kuw­wa­ty biak­sial-ugur­ly po­lip­ro­pi­len ör­tü­gi­niň (BOPP) 21 müň ton­na­sy­na ba­ra­bar­dyr.

Köp san­ly sin­te­ti­ki we te­bi­gy gap­laý­jy se­riş­de­le­riň ara­syn­da BOPP ör­tü­gi­niň hä­zir­ki wagt­da öň­dä­ki orun­la­ry eýe­le­ýän­di­gi­ni bel­le­me­li­di­ris. Mu­nuň özi tö­tän­den däl­dir, çün­ki özü­niň bäs­deş­le­ri bi­len de­ňeş­di­ri­len­de, ol köp ar­tyk­maç­lyk­la­ra eýe­dir. Onuň ag­ra­my we dy­kyz­ly­gy örän pes bo­lup, has berk se­riş­de ha­sap­la­nyl­ýar. Önü­miň ba­ha­sy gym­mat däl­dir we dür­li mak­sat­lar üçin ula­nyl­ýan gör­nüş­le­ri köp­dür. Ol ýo­ka­ry we pes tem­pe­ra­tu­ra­la­ra dur­nuk­ly­dyr. Po­lip­ro­pi­len azyk önüm­le­ri­ni gap­la­mak üçin has go­wy önüm­le­riň bi­ri bo­lup dur­ýar. Ol ýag­ty­ly­ga, ýo­ka­ry çyg­ly­ly­gyň we kis­lo­ro­dyň tä­si­ri­ne dur­nuk­ly­dyr.

BOPP ör­tü­gi özü­niň gör­nü­şi­ne la­ýyk­lyk­da dür­li reňk­de bol­ýar, ol gaý­ta­dan iş­läp be­jer­mek­de amat­ly­dyr, hu­su­san-da, keb­şir­le­mek, kes­mek, çap et­mek ýa-da me­tal ör­tük­le­ri­ni ört­mek üçin oňaý­ly­dyr. Sta­ti­ki elekt­ri­giň top­lan­ma­syn­dan, şöh­le­den go­ra­mak ýa­ly hä­si­ýet­le­ri ber­ýän tä­ze gat­la­ry goş­mak müm­kin­çi­li­gi bar.

Tä­ze önümçilik sehi çig mal hök­mün­de Türk­men­ba­şy­da­ky ne­bi­ti gaý­ta­dan iş­le­ýän za­wod­lar top­lu­myn­da ula­nyl­ýan TPP 382 BF ky­sym­ly po­lip­ro­pi­len ula­nyl­ýar. Ol aja­ýyp die­lekt­ri­ki aý­ra­tyn­ly­ga eýe­dir we örän berk­dir, gaý­ta­dan iş­le­mek­de örän dur­nuk­ly­dyr. Özü­niň gör­ke­zi­ji­le­ri hem-de ula­nyş hä­si­ýet­le­ri bo­ýun­ça bu po­li­mer hal­ka­ra ül­ňü­le­ri­ne, şol san­da azyk önüm­le­ri hem-de der­man se­riş­de­le­ri üçin bel­le­nen ül­ňü­le­re la­ýyk gel­ýär.

Üç gat­ly BOPP ör­tü­gi taý­ýar­la­ma­gyň teh­no­lo­gi­ki işi çig ma­ly – po­lip­ro­pi­le­ni we pro­pi­le­niň so­po­li­mer­le­ri­ni ön­dür­ýän önümçilik sehiniň aý­ra­tyn bö­le­gin­de gur­na­lan ýö­ri­te gap­la­ra ug­rat­mak­dan baş­lan­ýar, soň­ra olar ekst­ru­de­re gel­ýär, on­da 240 gra­dus tem­pe­ra­tu­ra­da 36 — 38 kg/m2 ba­syş as­tyn­da ere­dil­ýär. Gyz­gyn er­gin aý­lan­ýan ba­ra­ba­nyň üs­ti bi­len deň paý­la­nyl­ýar.

Ör­tü­giň üs­ti we aşa­ky gat­lak­la­ry so­po­li­mer esa­syn­da al­nan go­şun­dy­la­ryň ga­ryn­dy­syn­dan, or­ta­ky gat­lak bol­sa po­lip­ro­pi­len­den yba­rat­dyr. Il­ki­baş­da ol ga­lyň bol­ýar, soň­ra bol­sa süýn­di­ri­ji en­jam bel­li bir gyz­gyn­ly­gyň hem-de de­giş­li ba­syş güý­ji bi­len ör­tük dik­li­gi­ne ge­rek­li bel­le­nen öl­çeg­le­re çen­li süýn­di­ril­ýär. Şeý­le­lik­de, 7 müň mil­li­metr in­li­lik­den gow­rak we 10-80 mik­ron ara­ly­gyn­da­ky ga­lyň­lyk­ly ör­tük ýö­ri­te sa­ra­ýan ab­zal­da uzyn ýu­mak­la­ra sa­ral­ýar. Ön­dü­ri­len uly we uzyn ýu­mak­la­ra sa­ra­lan ör­tük ýö­ri­te tek­je­ler­de 4-6 sa­ga­dyň do­wa­myn­da tap­lan­ýar we soň­ra ke­si­lip, gap­la­nyp taý­ýar ha­ryt gör­nü­şi­ne eýe bol­ýar.

Ga­lyň­ly­gy­na bag­ly­lyk­da, BOPP ör­tü­gi­ni gap­laý­jy se­riş­de hök­mün­de azyk, dok­ma, der­man, parf­ýu­mer, kos­me­ti­ka se­na­ga­tyn­da, oba ho­ja­ly­gyn­da we beý­le­ki pu­dak­lar­da ula­nyp bol­ýar. Ol şe­ke­ri, doň­dur­ma­ny, ça­ýy, mi­ne­ral suw­la­ry, çö­rek we unaş hem-de kon­di­ter önüm­le­ri­ni, gül­le­ri, egin-eşik­le­ri, sow­gat­lyk önüm­le­ri gap­la­mak üçin has amat­ly­dyr. Mun­dan baş­ga-da, BOPP ör­tü­gi teh­ni­ki mak­sat­lar­da ula­nyl­ýar.

Şeý­le­lik­de, mil­li Li­de­ri­miz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tab­şy­ry­gy bo­ýun­ça türk­men ne­bit­hi­mi­ýa­çy­la­ry­nyň ön­dü­rip baş­lan tä­ze önü­mi ýur­du­my­zyň için­de hem, da­şa­ry ýurt­lar­da hem uly is­leg­den peý­da­lan­ýar.

Tä­ze sehde in­že­ner-teh­ni­ki iş­gär­le­riň, esa­sy we hyz­mat ed­ýän iş­gär­le­riň 89-sy iş­lär.

Türk­men­ba­şy­da­ky ne­bi­ti gaý­ta­dan iş­le­ýän za­wod­lar top­lu­myn­da ula­nyş sy­nag­la­ry döw­rün­de ör­tük­le­riň üç gör­nü­şi­niň — ýö­ne­keý we üç gat­ly, ga­lyň­ly­gy 10, 20 we 30 mik­ron bo­lan ör­tük­le­riň ön­dü­ri­li­şi öz­leş­di­ril­di. Bu önüm­le­riň eý­ýäm 40 ton­na go­la­ýy Döw­let ha­ryt-çig mal bir­ža­sy ar­ka­ly ýer­le­nil­di. Ine, şu gün hem po­lip­ro­pi­len ör­tü­gi­niň no­bat­da­ky tap­gy­ry ýur­du­my­zyň Se­na­gat­çy­lar we te­le­ke­çi­ler bir­leş­me­si­niň kär­ha­na­la­ry­na ug­ra­dyl­dy.

Umu­man, ýur­du­myz­da ön­dü­ril­ýän ne­bit­hi­mi­ýa önüm­le­ri­niň möç­be­ri­niň we gör­nü­şi­niň art­dy­ryl­ma­gy hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýol­baş­çy­ly­gyn­da ösü­şiň hem-de ro­waç­ly­gyň ýo­ly bi­len ynam­ly ga­dam ur­ýan Türk­me­nis­ta­nyň yk­dy­sa­dy kuw­wa­ty­ny has-da ber­kit­mä­ge hyz­mat eder.

a tenne

Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi