Merkezi Bankyň
walýuta kursy

Beýleki walýutalaryň kursy

Gymmat bahaly metallaryň
1 (bir) unsiýasynyň türkmen manadyna bolan gatnaşyklary

  ALTYN
  KÜMÜŞ
  PLATINA
  PALLADIÝ

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

2018-nji ýylyň 14-nji iýunynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda Prezident maksatnamalarynyň hem-de ýurdumyzy ykdysady we durmuş taýdan ösdürmek boýunça kabul edilen beýleki maksatnamalaryň durmuşa geçirilişine seredildi, mähriban halkymyzyň abadançylygyny üpjün etmäge gönükdirilen döwletimiziň içeri syýasatyna degişli käbir meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Döwlet Baştutanymyz mejlisiň başynda 15-nji iýunda ýurdumyzda mukaddes Oraza baýramynyň giňden bellenilýändigini aýtdy. Halkymyzyň durmuşynda bu baýramyň möhüm ähmiýeti bardyr. Adamlary bir-birine ýakynlaşdyrýan, haýyr-sahawatyň we ýagşylygyň, agzybirligiň hem-de ynsanperwerligiň baýramy bolan Oraza baýramy adamzadyň beýik ruhy gymmatlyklaryny özünde jemleýär. Oraza baýramynyň many-mazmunynda merdana halkymyzyň beýik medeniýeti, gadymyýetden gözbaş alyp gaýdýan däp-dessurlary, ynanç-adatlary öz beýanyny tapýar. Şoňa görä-de, bu baýramy halkymyz giňden belläp geçýär diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy we ýygnananlary, olaryň üsti bilen halkymyzy bu mukaddes baýram bilen tüýs ýürekden gutlady hem-de berk jan saglyk, abadan we bagtyýar durmuş arzuw etdi.

Goý, Oraza aýynda il-günümiziň agzybirligi we abadançylygy, Garaşsyz Watanymyzyň asudalygy hem-de gülläp ösmegi üçin edilen doga-dilegler, namaz-orazalar Beýik Biribaryň dergähinde kabul bolsun!

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Oraza baýramy bellenýän 15-nji iýuny iş güni däl diýip yglan etmek baradaky Permana gol çekdi.

Döwlet Baştutanymyz mejlisiň gün tertibine geçip, ilki bilen Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredowa söz berdi. Wise-premýer BMG-niň ştab-kwartirasyndan gelip gowşan şatlykly habary aýan etdi.

Bellenilişi ýaly, 13-nji iýunda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 72-nji sessiýasynyň 96-njy mejlisiniň dowamynda Türkmenistan BMG-niň Ykdysady we Durmuş Geňeşiniň (EKOSOS) 2019 — 2021-nji ýyllar döwri üçin agzalygyna saýlandy. Munuň özi Watanymyzyň halkara abraýynyň belende galýandygynyň, milli Liderimiziň ählumumy abadançylygyň we gülläp ösüşiň bähbidine laýyk gelýän işjeň daşary syýasatynyň dünýä bileleşigi tarapyndan giň goldawa eýe bolýandygynyň nobatdaky subutnamasydyr.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasy bilen däbe öwrülen hyzmatdaşlygynyň häzirki döwürde täze ösüşe eýe bolýandygyny belledi. Bar bolan ägirt uly tejribelere daýanýan bu gatnaşyklar täze mazmun bilen yzygiderli baýlaşdyrylýar. Soňky ýyllarda ýurdumyzyň BMG-niň abraýly düzümleri bilen hyzmatdaşlyk gatnaşyklary barha işjeňleşdirilýär.

Bu ýere ýygnananlary we ähli watandaşlarymyzy eziz Watanymyzyň 2019 — 2021-nji ýyllar döwri üçin BMG-niň Ykdysady we Durmuş Geňeşiniň agzalygyna saýlanmagy ýaly şanly waka bilen gutlap, milli Liderimiz bu saýlawlara ses beren we biziň ýurdumyza ynam bildiren ähli döwletlere minnetdarlyk bildirdi.

Pursatdan peýdalanyp, döwlet Baştutanymyz Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň we onuň ýöriteleşdirilen düzümleriniň çäklerinde sebit we ählumumy gün tertibiniň möhüm wezipeleriniň çözülmegine işjeň gatnaşmaga ygrarlylygyny hem-de bar bolan ägirt uly döredijilik mümkinçiliklerini tutuş adamzadyň bähbidine herekete girizmäge taýýardygyny tassyklady.

Soňra alnyp barylýan işler barada hasabat berip, wise-premýer, DIM-niň ýolbaşçysy şu ýylyň 20 — 21-nji iýunynda Aşgabatda geçirilmegi meýilleşdirilýän “Ýüpek ýolunyň ýüreginde ösüşi maliýeleşdirmek üçin hyzmatdaşlyk” atly halkara maslahata görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi.

Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiziň BMG-niň kabul eden 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Durnukly ösüş babatda öňe süren işjeň teklipleriniň dünýä bileleşigi tarapyndan giň goldaw tapýandygy bellenildi.

Habar berlişi ýaly, döwlet Baştutanymyzyň tabşyrygyna laýyklykda, bu forumy guramaçylykly geçirmek boýunça degişli çäreler amala aşyrylýar. Onuň gün tertibine Durnukly ösüş babatda hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlary giriziler. Maslahatyň işiniň netijeleri boýunça Jemleýji resminama kabul etmek meýilleşdirilýär. Forumyň deslapky maksatnamasy taýýarlanyp, onuň çäklerinde mowzuklaýyn maslahatlary geçirmek göz öňünde tutulýar.

Bitarap Türkmenistanyň mundan beýläk-de durnukly ösüş babatdaky wezipeleriň ýerine ýetirilmegine gönükdirilen umumy tagallalara işjeň gatnaşmaga meýillidigini belläp, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sebitara we halkara gatnaşyklaryň möhüm ugurlary boýunça pikir alyşmalar hem-de ony ara alyp maslahatlaşmak üçin açyk meýdança öwrüljek halkara maslahatyň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmegi tabşyrdy.

Hasabatyň dowamynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Duşenbe şäherinde geçiriljek “Durnukly ösüş üçin suw” atly ýokary derejeli halkara maslahata gatnaşmak üçin hormatly Prezidentimiziň 20-nji iýunda Täjigistan Respublikasyna boljak iş saparyna görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, ählumumy gün tertibiniň wajyp meseleleri boýunça köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak ýurdumyzyň daşary syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biri bolup durýar. Türkmenistan bu ugurda döwlet Baştutanymyzyň ýolbaşçylygynda ägirt uly işleri durmuşa geçirýär. Häzirki döwürde milli Liderimiziň daşky gurşawy goramak, howanyň üýtgemegi bilen baglanyşykly meseleleri çözmek, suw serişdelerini aýawly peýdalanmak ýaly möhüm ugurlardaky döredijilikli başlangyçlaryny iş ýüzünde amala aşyrmak boýunça degişli çäreler amala aşyrylýar.

Garaşylyşy ýaly, Duşenbede geçiriljek iri maslahata dünýäniň onlarça ýurtlarynyň döwlet we hökümet Baştutanlary, abraýly halkara guramalaryň wekilleri gatnaşarlar.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, Bitarap Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň belent münberinden, “Rio+20” Bütindünýä sammitinde hem-de 2015-nji ýylda Koreýa Respublikasynyň Tegu şäherinde geçirilen VII Bütindünýä suw forumynda birnäçe anyk başlangyçlary öňe sürmek bilen, suw serişdeleriniň netijeli peýdalanylmagy, aýawly saklanylmagy boýunça ýola goýulýan netijeli hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine uly goşant goşýandygyny belledi.

Häzirki döwürde suw meselesini durmuş-ykdysady ösüşi, ekologiýa howpsuzlygynyň üpjün edilmegini, howanyň üýtgemegi ýaly möhüm ugurlary nazara almak bilen, ählumumy durnukly ösüşiň möhüm meýilnamalaryndan üzňe göz öňüne getirmek mümkin däldir. Bu barada aýtmak bilen, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň şu ýyl Araly halas etmegiň Halkara gaznasyna başlyklyk etmeginiň çäklerinde BMG hem-de beýleki abraýly düzümler bilen özara gatnaşyklaryň çäklerinde halkara hukugyň umumy ykrar edilen kadalarynyň esasynda ähli degişli meselelere garamaga we olary çözmäge ygrarlydygyny belledi.

Türkmen tarapynyň mundan beýläk-de sebit we ählumumy möçberdäki möhüm ugur boýunça netijeli hyzmatdaşlygy berkitmäge ýardam berýändigini tassyklap, milli Liderimiz ýurdumyzyň Hökümet wekiliýetiniň Täjigistan Respublikasyna boljak iş saparyna we “Durnukly ösüş üçin suw” atly halkara maslahata gatnaşmagyna görülýän taýýarlygyň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmegi tabşyrdy.

Soňra wise-premýer, DIM-niň ýolbaşçysy hoşniýetli goňşuçylyk we dostluk esaslaryna daýanýan türkmen-owgan hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de ösdürmegiň meseleleri boýunça hasabat berdi. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Owganystan bilen gatnaşyklara aýratyn ähmiýet berýändigi, goňşy döwletiň halkyna yzygiderli ynsanperwer kömegini hem-de hemmetaraplaýyn goldaw berýändigi nygtaldy.

Şu maksat bilen ýurdumyz Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň, Türkmenistan — Owganystan — Pakistan ugry boýunça elektrik geçiriji ulgamyň we optiki-süýümli aragatnaşygyň gurluşygy, demir ýollary çekmek ýaly iri düzümleýin taslamalary öňe sürýän degişli maksatnamanyň çäklerinde owgan topragynda durmuş maksatly birnäçe desgalary bina etdi. Mundan başga-da, Owganystana ugradylýan elektrik energiýasynyň möçberleri artdyrylýar.

Şunuň bilen baglylykda, Owganystanyň çäginde täze elektrik geçiriji ulgamyň gurluşygynyň tamamlanandygy barada aýdyldy. Munuň özi ýurdumyzyň elektrik energiýasynyň goňşy ýurda ugradylýan möçberlerini artdyrmaga mümkinçilik berer, şeýle hem onuň ulanmaga berilmegi mynasybetli guralýan dabaralara taýýarlyk işleri ýaýbaňlandyryldy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Türkmenistanyň goňşy Owganystanyň parahatçylykly ýol bilen ösüşine, onuň durmuş-ykdysady düzüminiň dikeldilmegine hem-de bu ýurduň sebitleýin we dünýä hojalyk gatnaşyklary ulgamyna goşulmagyna netijeli kömek we goldaw berjekdigini belledi.

Bu barada aýtmak bilen, döwlet Baştutanymyz Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredowa we wise-premýer D.Amangeldiýewe ýurdumyzyň wekiliýetiniň goňşy döwletiň çäginde gurlan täze elektrik geçiriji ulgamyň ulanmaga berilmegi mynasybetli guraljak dabaralara gatnaşmagyna taýýarlyk görmek boýunça birnäçe tabşyryklary berdi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary G.Myradow gözegçilik edýän düzümlerinde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy we döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi. «Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etrapdaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň durmuş-ýaşaýyş şertlerini özgertmek boýunça 2020-nji ýyla çenli döwür üçin rejelenen görnüşdäki milli maksatnamasyny» durmuşa geçirmegiň barşy hakynda hem hasabat berildi.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, milli we döwlet maksatnamalarynda meýilleşdirilen işleriň ýerine ýetirilmeginiň, ykdysadyýetimiziň bäsdeşlige ukyplylygyny berkitmäge, onuň eksport mümkinçiliklerini artdyrmaga ýardam etjekdigini belledi. Maýa goýumlaryň işjeň çekilmegi halk hojalygy toplumynyň sazlaşykly ösüşiniň we onuň döwrebaplaşdyrylmagynyň hem-de köpugurly esasda ösdürilmeginiň möhüm we zerur şerti bolup durýar diýip, milli Liderimiz belledi hem-de bu ugurda öňde durýan wezipeleriň ýerine ýetirilmegi üçin netijeli çäreleri görmegi tabşyrdy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ykdysady görkezijilerini jikme-jik seljermek, berk maliýe düzgünlerini üpjün etmek boýunça degişli çäreleri amala aşyrmagy tabşyrdy. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz wise-premýeriň gözegçilik edýän ulgamlarynyň işini kadalaşdyrýan kanunçylyk namalarynyň halkara ülňülere kybap getirilmegi boýunça alnyp barylýan işleri yzygiderli dowam etmegiň möhümdigine ünsi çekdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Meredow döwlet Baştutanymyzyň tabşyrygy esasynda işlenip taýýarlanylan “Türkmenistanyň nebitgaz pudagyny ösdürmegiň 2018 — 2024-nji ýyllar üçin maksatnamasynyň” taslamasy barada hasabat berdi.

Bu resminama “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2018 — 2024-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamasyndan” ugur alnyp taýýarlanyldy. Ol ýurdumyzy senagatlaşdyrmak, milli ykdysadyýetimiziň durnukly ösüşini üpjün etmek, ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesini mundan beýläk-de ýokarlandyrmak boýunça toplumlaýyn çäreleri öz içine alýar.

Nebitgaz toplumynyň ýolbaşçylary bilen ýakynda geçirilen maslahatda bu toplumyň işiniň netijeliligini ýokarlandyrmak boýunça ähli wezipeleriň anyk kesgitlenendigini belläp, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow “Türkmenistanyň nebitgaz pudagyny ösdürmegiň 2018 — 2024-nji ýyllar üçin maksatnamasynyň” taslamasyny gaýtadan işlemegi we ony tassyklamak üçin hödürlemegi tabşyrdy.

Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, bu maksatnamada nebitiň we gazyň çykarylyşyny artdyrmakdan başlap, nebiti gaýtadan işleýän zawodlaryň çig mal bilen üpjün edilişi hem-de ýangyç-energetika toplumynda öndürilýän önümleriň möçberlerini we eksport edilýän harytlaryň görnüşlerini artdyrmak bilen baglanyşykly meseleler öz beýanyny tapmalydyr.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary E.Orazgeldiýew möwsümleýin oba hojalyk işleriniň, şol sanda sebitlerde galla oragynyň barşy barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, Daşoguz we Balkan welaýatynyň gallaçylary 13-nji iýunda oraga girişdiler. Galla orýan kombaýnlaryň we hasyly kabul ediş bölümlerine daşaýan awtoulaglaryň bökdençsiz işini üpjün etmek üçin zerur çäreler görüldi.

Şunuň bilen birlikde, gowaça ideg işleri dowam edýär. Agrotehniki kadalara laýyklykda, hatarara bejergi geçirilýär, ösüş suwy tutulýar we mineral dökünler bilen iýmitlendirilýär.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, milli ykdysadyýetimiziň ösüşi, ýurdumyzda azyk bolçulygynyň üpjünçiligi üçin obasenagat toplumynyň örän uly ähmiýete eýedigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, galla oragynyň ýokary depginlerini üpjün etmegiň, daýhanlaryň yhlasly zähmeti bilen ýetişdirilen hasyly iň soňky dänesine çenli ýygnap almagyň we şu maksat bilen häzirki zaman tehnikalarynyň mümkinçiliklerini netijeli peýdalanmagyň wajypdygy bellenildi.

Gowaça ideg etmek boýunça ähli agrotehniki çäreleriň ýokary hilli ýerine ýetirilişini yzygiderli gözegçilikde saklamagyň zerurdygyna ünsi çekip, döwlet Baştutanymyz obasenagat toplumynyň ýolbaşçysyna bu babatda birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, häzirki döwürde ýurdumyzda obasenagat toplumyny ösdürmek üçin ägirt uly mümkinçilikler bar. Raýatlaryň abadançylyk derejesini ýokarlandyrmak, oba ýerlerinde zerur degişli düzümi döretmek, oba hojalyk önümçiliginiň netijeliligini ýokarlandyrmak, obanyň ykdysady binýadyny berkitmek bilen baglanyşykly meseleler döwletimiziň hemişelik üns merkezinde saklanýar.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary K.Durdymyradow Türkmenistanyň senagat toplumyny ösdürmegiň 2018 — 2024-nji ýyllar üçin maksatnamasynyň taslamasynyň işlenip taýýarlanylyşy barada hasabat berdi. Wise-premýer şeýle hem gözegçilik edýän Lebap welaýatyna iş saparynyň netijeleri barada habar berdi.

Senagat toplumyny mundan beýläk-de ösdürmegiň maksatnamasynyň taslamasynyň “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2018 — 2024-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamasyndan” ugur alnyp taýýarlanylýandygy bellenildi.

Maksatnamanyň taslamasynda ýurdumyzy senagat taýdan ösdürmek, milli ykdysadyýetimiziň durnukly ösüşini üpjün etmek, ilatymyzyň durmuş taýdan goraglylygyny pugtalandyrmak maksady bilen, 2018 — 2024-nji ýyllarda Türkmenistanyň senagat toplumyna degişli pudaklaýyn düzümler üçin ileri tutulýan wezipeler kesgitlenildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, içerki bazary daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan, ýurdumyzda öndürilýän ýokary hilli önümler bilen üpjün etmegiň hem-de dünýä bazarynda bäsdeşlige ukyply önümleriň öndürilýän möçberlerini artdyrmagyň senagat pudagynyň ileri tutulýan wezipeleridigini nygtady. Öňde goýlan wezipeleriň üstünlikli çözülmegi senagat pudagynyň ähli ulgamlarynyň sazlaşykly ösdürilmegini talap edýär. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz senagat toplumyny ösdürmegiň 2024-nji ýyla çenli maksatnamasynda Türkmenistany durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň 2030-njy ýyla çenli maksatnamasynyň we beýleki pudaklaýyn maksatnamalaryň esasy ugurlarynyň öz beýanyny tapmalydygyny belledi.

Milli Liderimiz göz öňünde tutulan taslamalary we meýilnamalary durmuşa geçirmek üçin senagat pudagyny mundan beýläk-de ösdürmegiň ähli meseleleriniň üstünde içgin işlemegi we degişli maksatnamany tassyklamak üçin hödürlemegi tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary D.Amangeldiýew gurluşyk, energetika we jemagat hojalygy pudaklaryny ösdürmegiň 2018 — 2024-nji ýyllar üçin maksatnamasyny taýýarlamak boýunça geçirilýän işler hem-de Aşgabat şäherinde «Nusaý» myhmanhanasynyň ikinji tapgyryny gurmak meselesi boýunça hasabat berdi.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, bu pudaklaryň öňünde durýan wezipeleriň wajypdygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, türkmen paýtagtyny dünýäniň iň owadan we ýaşamak üçin has oňaýly şäherleriniň birine öwürmek boýunça işleri dowam etmegiň wajypdygy nygtaldy. Şäherde raýatlaryň göwnejaý ýaşamagy we dynç almagy üçin ähli şertler döredilýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow gurluşyk we energetika pudaklaryny ösdürmek boýunça netijeli hem-de maksadalaýyk çäreleriň görülmeginiň wajypdygyny belledi. Munuň özi hemmetaraplaýyn okgunly ösüşiň möhüm şerti bolup durýar. Döwlet Baştutanymyz bu ulgamlarda maýa goýum işjeňligini ýokarlandyrmagy möhüm wezipeleriň hatarynda görkezdi.

Milli Liderimiz eziz Watanymyzyň gülläp ösmegine hem-de mähriban halkymyzyň abadançylygyna gönükdirilen giň möçberli özgertmeleriň üstünlikli durmuşa geçirilmeginiň köp babatda maksatnamada göz öňünde tutulan wezipeleriň ählisiniň ýokary hilli hem-de öz wagtynda ýerine ýetirilmegine baglydygyny aýdyp, wise-premýere bu babatda anyk tabşyryklary berdi.

Hormatly Prezidentimiz “Nusaý” myhmanhanasynyň ikinji tapgyrynyň gurluşygy barada aýdyp, täze binalaryň we desgalaryň gurluşygynda ähli meseleleri, şol sanda ýokary hilli gurluşyk we timarlaýyş serişdelerini seçip almagy, ekologiýa ýagdaýlaryny, desgalary netijeli ulanmak meselelerini göz öňünde tutmagyň wajypdygyny nygtady.

Döwlet Baştutanymyz öňdebaryjy halkara tejribäni giňden ornaşdyrmagyň möhümdigini aýdyp, hödürlenen resminamany makullady hem-de onuň öz wagtynda ýerine ýetirilmegini berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ç.Gylyjow gözegçilik edýän ulgamynda işleriň ýagdaýy hem-de 26 — 28-nji iýunda geçiriljek “Söwda we hyzmatlar — 2018” sergi-ýarmarkasyna taýýarlygyň barşy barada hasabat berdi. Türkmenistanyň Prezidentiniň Kararyna laýyklykda Söwda-senagat edarasy tarapyndan guralýan bu çäräniň esasy maksady sergä gelýänleri milli Liderimiziň baştutanlygynda bu ulgamda ýurdumyzda amala aşyrylýan özgertmeler, ähli sebitlerde söwda merkezleriniň, bazarlaryň, jemgyýetçilik iýmiti kärhanalaryň, şeýle hem ilata durmuş hyzmatlaryny hödürleýän düzümleriň işleriniň guralyşy bilen tanyşdyrmakdan ybaratdyr. Sergi-ýarmarka gatnaşyjylar öz harytlaryny we hyzmatlaryny mahabatlandyrmaga, şeýle hem netijeli işewürlik gatnaşyklaryny ýola goýmaga mümkinçilik alarlar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, yzygiderli geçirilýän çäreler netijesinde ýurdumyzda haryt dolanyşygynyň möçberleriniň barha artýandygyny, haryt bolçulygy hem-de içerki bazaryň ähli zerur önümler bilen üpjün edilmegi boýunça toplumlaýyn işleriň alnyp barylýandygyny belledi. Önümleriň hiline, olaryň görnüşleriniň artdyrylmagyna we ilatyň uly islegine eýe bolan önümleriň harytlyk görnüşiniň gowulandyrylmagyna, şeýle hem ýerine ýetirilýän hyzmatlaryň hiliniň ýokarlandyrylmagyna aýratyn üns berilýär. Bularyň ählisi öňde boljak sergi-ýarmarkada giňden görkezilmelidir diýip, milli Liderimiz wise-premýere bu gözden geçirilişi ýokary derejede guramagy tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň оrunbasary M.Çakyýew Türkmenistanyň Ulaglar we aragatnaşyk toplumynyň pudaklaryny ösdürmegiň 2018 — 2024-nji ýyllar üçin maksatnamasynyň taslamasyny taýýarlamak boýunça alnyp barylýan işler hem-de Demir ýol ulaglary ministrliginiň garamagyndaky edara-kärhanalaryň işini kämilleşdirmek barada hasabat berdi.

Görülýän toplumlaýyn çäreleriň netijesinde ulag ulgamynda degişli düzümiň giňeldilýändigi, öňdebaryjy tehnologiýalaryň işjeň ornaşdyrylýandygy bellenildi.

Demir ýol pudagynyň işini kämilleşdirmek maksady bilen birnäçe kärhanalary birleşdirmegiň esasynda has iri kärhanalary döretmegiň göz öňünde tutulýandygy bellenildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ulag we aragatnaşyk pudaklarynyň işine çemeleşmeleri kämilleşdirmegiň, olaryň tehniki binýadynyň üstüni ýörite döwrebap tehnikalar bilen ýetirmegiň hem-de iň täze enjamlar bilen üpjün etmegiň wajypdygyny nygtady. Munuň özi ýurdumyzyň ulag-üstaşyr gatnawlarynyň halkara merkezi hökmünde ykrar edilmeginiň möhüm şerti bolup durýar.

Demir ýol ulgamynyň kuwwatyndan netijeli peýdalanmak Türkmenistanyň halk hojalygynyň pudaklarynyň, multimodal ulgamynyň sazlaşykly ösmeginde möhüm orun eýeleýär. Döwlet Baştutanymyz onuň düzümini giňeltmäge aýratyn üns berilýändigini aýdyp, bar bolan mümkinçiliklerden has doly peýdalanmagy talap etdi.

Milli Liderimiz maksatnamany taýýarlamak meselesine ünsi çekip, ulag toplumynyň iri kärhanalaryny paýdarlar jemgyýetlerine öwürmek boýunça işleri tamamlamagy hem-de maksatnamanyň üstünde işlemegi tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Abdyýewa medeniýet ulgamyny ösdürmegiň 2018 — 2024-nji ýyllar üçin döwlet maksatnamasynyň taslamasyny taýýarlamak barada hasabat berdi.

Maksatnamanyň taslamasy döwlet Baştutanymyzyň tabşyrygy boýunça “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2018 — 2024-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamasyna» laýyklykda taýýarlanyldy. Bu resminama medeniýet ulgamynyň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň milli mirasymyzyň, däp-dessurlarymyzyň, ata-babalarymyzdan gelýän ýol-ýörelgeleriň düýpli öwrenilmegi babatynda alyp barýan işleriniň kämilleşdirilmegine, ýurdumyzyň syýahatçylyk mümkinçiliklerini giňden peýdalanmak maksady bilen döwrebap we amatly şertleriň döredilmegine, teleradio we kinematografiýa babatda döwlet syýasatynyň durmuşa geçirilmegine, dünýä tejribesini hasaba almak bilen, neşirýat-çaphana işleriniň ösdürilmegine gönükdirilendir.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp hem-de medeniýet ulgamynyň döwlet syýasatynyň ynsanperwer ugrunyň möhüm bölegi we ýurdumyzy ösdürmegiň netijeli guraly hökmündäki ähmiýetini nygtap, wise-premýere degişli maksatnama işlenip taýýarlananda, milli, şeýle hem häzirkizaman dünýä tejribesini nazara almagy tabşyrdy. Dünýä ulgamyna işjeň goşulyşýan giň medeni we maglumatlar giňişligini kemala getirmekde daşary ýurt tejribesiniň öwrenilmegi öz mynasyp beýanyny tapmalydyr diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy. Milli Liderimiz häzirkizaman tehnologiýalarynyň medeniýet işlerine işjeň ornaşdyrylmagynyň möhümdigini belläp, medeniýet ulgamynyň işgärleriniň döredijilik mümkinçilikleriniň ýokarlandyrylmagynyň ähmiýetiniň uludygyny nygtady, şunda olaryň başlangyçlary we hünär taýdan kämilleşmäge meýilleri hemmetaraplaýyn höweslendirilmelidir. Ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamak baradaky wezipeler hem işlenip taýýarlanmalydyr.

Döwür hem-de möhüm wezipeler täze döwrebap çözgütleriň gözlenilmegini talap edýär, bu wezipeler ýurdumyzyň medeni taýdan ösdürilmegine, aň-bilim işleriniň geçirilmegine, türkmen ýaşlaryny döredijilik bilen meşgullanmaga, milli mirasy öwrenmäge, ruhy kämillige höweslendirmäge ýardam etmelidir diýip, döwlet Baştutanymyz degişli maksatnamanyň üstünde gaýtadan işlemegi tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary P.Agamyradow Türkmenistanda bilim, ylym, saglygy goraýyş, sport we arhiw ulgamlaryny ösdürmegiň 2018 — 2024-nji ýyllar üçin döwlet maksatnamasynyň taslamasynyň taýýarlanandygy barada hasabat berdi. Munuň özi görkezilen ugurlary häzirki zaman talaplaryna laýyk gelýän, hil taýdan täze derejä çykarmaga gönükdirilendir. Şeýle hem ony durmuşa geçirmek boýunça degişli çäreleriň meýilnamasy taýýarlanyldy.

Ýurdumyzda bilimli, zehinli, beden taýdan berk we ruhy taýdan baý ýaş nesilleri terbiýeläp ýetişdirmek, dürli pudaklar üçin öňdebaryjy tehnologiýalara ussatlyk bilen erk edýän ýokary hünärli işgärleri taýýarlamak, ylmy-barlag işlerine hemmetaraplaýyn goldaw bermek, önümçilik bilen ylmyň baglanyşygyny berkitmek, ylmy-barlag institutlarynyň düzümlerini döwrebaplaşdyrmak bu maksatnamanyň baş wezipesi bolup durýar. Şeýle wezipeleriň hatarynda raýatlaryň saglygynyň goraglylygyny üpjün etmek, jemgyýetde sagdyn durmuş ýörelgelerini berkitmek, türkmenistanlylary köpçülikleýin bedenterbiýe-sport hereketine çekmek, milli sporty höweslendirmek, şeýle hem arhiw işini kämilleşdirmek ýaly ugurlar bar.

Bu döwlet maksatnamasynyň möhümdigini belläp, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ony täze açylýan hünärler üçin ýokary derejeli işgärleri taýýarlamak ýaly ähli ugurlary seljerip, gaýtadan işlemegi tabşyrdy. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz wise-premýere degişli görkezmeleri berdi.

Mejlisiň Başlygy G.Mämmedowa milli parlamentiň ýurdumyzyň kanunçylyk-hukuk binýadyny toplumlaýyn döwrebaplaşdyrmak boýunça alyp barýan işi, şeýle hem şu ýylyň 9-njy iýunynda geçirilen Türkmenistanyň Mejlisiniň altynjy çagyrylyşynyň ikinji maslahatynyň netijeleri, onuň dowamynda birnäçe täze kanunlaryň we kadalaşdyryş hukuk namalarynyň kabul edilendigi barada habar berdi.

Häzirki döwürde Mejlisiň komitetlerinde birnäçe kanunlaryň taslamalaryny taýýarlamak işleri alnyp barylýar.

Türkmenistanyň Halk maslahatynyň birinji mejlisine taýýarlyk boýunça guramaçylyk işleri alnyp barylýar.

Hormatly Prezidentimiz döwletimiziň hukuk binýadyny pugtalandyrmak, durmuşyň ähli ulgamlarynda kanunçylygy üpjün etmek boýunça Türkmenistanyň alyp barýan syýasatynyň çäklerinde parlamentiň kanunçykaryjylyk işiniň ähmiýetini belläp, häzirki döwürde döwlet ösüşiniň esasy ugurlaryny, şeýle hem umumy ykrar edilen halkara hukuk kadalaryny nazara almak bilen, täze kanunçylyk namalarynyň işlenip taýýarlanylmagynyň zerurdygyna ünsi çekdi.

Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz jemgyýetimiziň möhüm ulgamlarynda özgertmeler maksatnamasyny üpjün etmek, ykdysadyýeti, ylmy, medeniýeti hemmetaraplaýyn ösdürmek, ilatyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmak, raýatlaryň we her bir adamyň hukugyny hem-de azatlygyny goramak boýunça alnyp barylýan işleri dowam etmegiň çäklerinde milli kanunçylygy kämilleşdirmek ugrunda zerur çäreleriň görülmeginiň wajypdygyny belledi.

Mejlisde döwlet durmuşyna degişli başga-da birnäçe meselelere garaldy we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň mejlisini jemläp, oňa gatnaşanlara uly üstünlikleri, “Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” diýlip yglan edilen ýylda mähriban halkymyza gülläp ösüş arzuw etdi.

Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi