Merkezi Bankyň
walýuta kursy

Beýleki walýutalaryň kursy

Gymmat bahaly metallaryň
1 (bir) unsiýasynyň türkmen manadyna bolan gatnaşyklary

  ALTYN
  KÜMÜŞ
  PLATINA
  PALLADIÝ

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

2018-nji ýylyň 4-nji maýynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda milli ykdysadyýetimiziň pudaklarynda şu ýylyň dört aýynda alnyp barlan işleriň jemlerine, halkymyzyň abadançylygynyň üpjün edilmegine gönükdirilen döwlet syýasatynyň käbir meselelerine hem-de ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Prezident Maksatnamasynyň durmuşa geçirilmeginiň barşyna garaldy.

Hormatly Prezidentimiz mejlisiň gün tertibine geçip, ilki bilen, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary G.Myradowa söz berdi. Wise-premýer 2018-nji ýylyň ýanwar — aprel aýlary üçin makroykdysady görkezijiler barada hasabat berdi. Wise-premýeriň habar berşi ýaly, hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda milli ykdysadyýetimiziň okgunly ösüşini üpjün etmek boýunça toplumlaýyn çäreleriň geçirilmegi netijesinde, ähli pudaklarda oňat netijeler gazanyldy.

Hasabat döwründe jemi içerki önümiň ösüş depgini 6,2 göterime deň boldy, şol sanda senagat pudagynda 4,6 göterim, gurluşykda 0,4 göterim, ulag we aragatnaşyk pudagynda 10,4 göterim, söwdada 7,8 göterim, oba hojalygynda 3,2 göterim we hyzmatlar ulgamynda 10,1 göterim ýokarlandy.

Geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, jemi öndürilen önüm 4,2 göterim artdy.

Dört aýyň jemleri boýunça bölek-satuw haryt dolanyşygynyň möçberi 2017-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdireniňde, 18,2 göterim ýokarlandy. Sarp ediş harytlarynyň we ilata edilýän hyzmatlaryň nyrhlarynyň jemleýji görkezijileri durnukly saklanyldy.

Ýurdumyzyň iri we orta kärhanalarynda ortaça zähmet aýlyk haky 2017-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdireniňde, 8,9 göterim ýokarlandy. Zähmet haklary, pensiýalar, döwlet kömek pullary we talyp haklary öz wagtynda hem-de doly möçberde maliýeleşdirildi.

Wise-premýer «Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça 2020-nji ýyla çenli döwür üçin rejelenen görnüşdäki Milli maksatnamasynyň» ýerine ýetirilişi barada hasabat bermek bilen garalýan döwürde jemi 583 million manat möçberde düýpli maýa goýumlarynyň özleşdirilendigini habar berdi.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, maliýe, salgyt-býujet, pul-karz ulgamlarynda amala aşyrylýan özgertmeleriň türkmen ykdysadyýetiniň durnukly ösmegine ýardam berýändigini nygtady. Döwlet Baştutanymyz statistika edaralarynyň öňünde durýan wezipelere ünsi çekip, döwlet häkimiýet edaralarynyň we jemgyýetçiligiň döwletimizde bolup geçýän esasy durmuş-ykdysady ýagdaýlar baradaky ygtybarly statistiki maglumatlar bilen yzygiderli üpjün edilmelidigini belledi.

Döwlet derejesinde dolandyryş çözgütlerini kabul etmek üçin dessin-maglumat statistik seljermesiniň ylmy usulyýetiniň esasynda öz wagtynda toplanan doly we anyk statistiki maglumatlaryň bolmagy zerur şert bolup durýar diýip, hormatly Prezidentimiz sözüni dowam etdi. Ykdysadyýetiň ýagdaýynyň, pudaklaryň işiniň, şeýle hem tamamlanan we durmuşa geçirilýän maksatnamalaryň hem-de taslamalaryň netijeliliginiň gerekli derejede seljerilmegi Türkmenistany mundan beýläk-de ösdürmegiň ýakyn we uzak möhletleýin geljege niýetlenen strategiýasyny işläp taýýarlamak üçin möhüm ýagdaý bolup durýar.

Milli Liderimiz A.Öräýewany başga işe geçmegi sebäpli, Statistika baradaky döwlet komitetiniň başlygy wezipesinden boşatmak hem-de bu wezipä şu komitetiň başlygynyň orunbasary bolup işlän H.Gurbanowy bellemek hakyndaky Permanlara gol çekdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow şu ýylyň dört aýynda Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasy ugruny yzygiderli amala aşyrmak babatda DIM-niň alyp baran işleriniň netijeleri barada hasabat berdi.

Şu ýylyň başyndan bäri hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň daşary ýurtlara birnäçe saparlary, şeýle hem daşary döwletleriň ýolbaşçylarynyň ýurdumyza saparlary guraldy. Şolaryň jemleri boýunça umumy abadançylygyň maksatlaryna laýyk gelýän köpugurly hyzmatdaşlygy berkitmäge we giňeltmäge gönükdirilen möhüm ylalaşyklar gazanyldy.

Hasabat döwründe ýurdumyza DIM-niň üsti bilen dürli derejedäki wekiliýetleriň 262-si sapar bilen geldi. Bu döwürde Türkmenistandan daşary ýurtlara 215 wekiliýet gitdi. Ýurdumyzda daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen bilelikde dürli derejeli maslahatlaryň we duşuşyklaryň 91-si guraldy. Halkara resminamalaryň 90-syna gol çekildi.

Daşary syýasat edaralarynyň derejesinde yzygiderli maslahatlaşmalar geçirildi. Şu ýylyň dowamynda bu ugurda duşuşyklaryň 22-si guraldy.

Şu ýylyň başyndan bäri ikitaraplaýyn Hökümetara we iş toparlarynyň nobatdaky mejlisleri geçirildi, olaryň işi dünýäniň beýleki döwletleri bilen özara bähbitli söwda-ykdysady hem-de netijeli medeni-ynsanperwer gatnaşyklary ösdürmäge gönükdirilendir.

Hormatly Prezidentimiz Bitarap Türkmenistanyň deňhukukly netijeli hyzmatdaşlyk üçin hemişe açykdygyny belläp, ýurdumyzyň hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň çäkleriniň giňelýändigini kanagatlanma bilen belledi. Bu gatnaşyklar ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn görnüşde, abraýly sebit hem-de halkara guramalarynyň we düzümleriniň ugry boýunça sazlaşykly ösýär.

Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz gyzyklanma bildirýän daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen netijeli gatnaşyklary has-da giňeltmek üçin bar bolan mümkinçilikleri amala aşyrmak boýunça esasy wezipelere ünsi çekip, wise-premýere, DIM-niň ýolbaşçysyna birnäçe degişli tabşyryklary berdi.

Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy G.Mämmedowa şu ýylyň dört aýynda Mejlisiň alyp baran işleriniň netijeleri barada habar berdi. Bellenilişi ýaly, deputatlar tarapyndan Türkmenistanyň kanunçylyk-hukuk binýadyny kämilleşdirmek boýunça yzygiderli işler geçirilýär. Bu işler Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň, onuň demokratik esaslaryny berkitmegiň maksatlaryna we wezipelerine laýyklykda amala aşyrylýar.

Hasabat döwründe parlamentiň maslahatlarynyň ikisi geçirilip, olarda ministrlikler we pudak edaralary bilen bilelikde Türkmenistanyň Kanunlarynyň 5-si hem-de Türkmenistanyň Mejlisiniň Kararlarynyň 29-sy kabul edildi.

Häzirki wagtda ýurdumyzda gazanylan milli tejribäni hem-de halkara hukugyň kadalaryny nazara almak bilen, komitetlerde täze kanun taslamalarynyň birnäçesini taýýarlamak boýunça işler dowam edýär.

Ýola goýlan halkara gatnaşyklar, şol sanda dürli ýurtlaryň kanun çykaryjy düzümleri bilen gatnaşyklar pugtalanýar we ösdürilýär. Mejlisiň deputatlary ýanwar aýynda geçirilen Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Parlament Bileleşiginiň gyşky maslahatyna (Tähran şäheri), Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Parlament assambleýasynyň (Wena şäheri, fewral) mejlisine, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna agza döwletleriň Parlamentara assambleýasynyň (Sankt-Peterburg şäheri, aprel) mejlisine gatnaşdylar.

Şeýle-de täze saýlanan Halk maslahatlarynyň hem-de Geňeşleriň agzalarynyň öz hukuklarynyň we ygtyýarlyklarynyň çäklerinde ýerli häkimiýet edaralary, saýlawçylar we jemgyýetçilik birleşikleri bilen özara gatnaşyklary ýola goýmak maksady bilen, geçirilen işler barada habar berildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow kanunçylyk taýdan goldawyň döwletimizi durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň wezipelerini çözmekde netijeli guraldygyny belläp, milli parlamentiň geljekki işleriniň esasy ugurlaryna ünsi çekdi. Şol işler türkmenistanlylaryň durmuş derejesini ýokarlandyrmaga, raýat edaralaryny berkitmäge hem-de jemgyýetimizde demokratik ýörelgeleri ornaşdyrmaga gönükdirilendir.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Meredow hasabat döwründe nebitgaz toplumynyň kärhanalarynyň geçiren işleriniň netijeleri barada hasabat berdi.

Habar berlişi ýaly, nebitiň gaz kondensaty bilen çykarylyşy boýunça meýilnama 102,2 göterim, nebiti gaýtadan işlemek boýunça meýilnama 101,6 göterim, benzin öndürmek boýunça meýilnama 102,1 göterim, dizel ýangyjyny öndürmek boýunça meýilnama 100,2 göterim, polipropilen boýunça meýilnama 102 göterim, çalgy ýaglary boýunça meýilnama 107,6 göterim, suwuklandyrylan gaz öndürmek boýunça meýilnama 102,7 göterim, maýa goýumlary özleşdirmek boýunça meýilnama 102,8 göterim berjaý edildi.

Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň gurluşygy bellenilen meýilnama laýyklykda alnyp barylýar.

Hormatly Prezidentimiz Gyýanlyda “Türkmengaz” döwlet konserniniň “Gazygaýtadanişleýiş” müdirliginiň gazhimiýa toplumyny ulanmaga bermegi çaltlandyrmagyň möhümdigini aýdyp, polimer zawodynyň direktory wezipesine D.Atadurdyýewi bellemek barada karara gelendigini aýtdy.

Şeýle hem döwlet Baştutanymyz Ahal welaýatynda gazy gaýtadan işleýän we benzin öndürýän zawodyň gurluşygyny çalt tamamlamak hem-de ulanmaga bermek maksady bilen D.Sapbaýewi täze zawodyň direktory wezipesine belledi.

Mejlisiň dowamynda döwlet Baştutanymyz nebitgaz toplumynyň dolandyryş düzümini has-da kämilleşdirmek, nebitiň we gazyň çykarylýan möçberini artdyrmak, zawodlary çig mal bilen ygtybarly üpjün etmek, nebiti hem-de gazy gaýtadan işleýän täze önümçilikleri gurmak boýunça işleri çaltlandyrmak üçin çäreleri görmegiň möhümdigine ünsi çekip, wise-premýere bu barada birnäçe anyk görkezmeleri berdi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary E.Orazgeldiýew gözegçilik edýän pudaklarynda geçen dört aýda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri, şeýle hem möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy hakynda hasabat berdi.

Umuman, obasenagat toplumy boýunça önüm öndürmegiň, ýerine ýetirilen işleriň we hyzmatlaryň ösüş depgini 104,8 göterime deň boldy. Oba we suw hojalyk ministrligi boýunça bu görkeziji 104,8 göterime, Daşky gurşawy goramak we ýer serişdeleri baradaky döwlet komiteti boýunça 109,1 göterime, “Türkmen atlary” döwlet birleşigi boýunça 105,1 göterime deň boldy.

Ministrlik we pudak edaralary tarapyndan maýa goýumlaryny özleşdirmek boýunça meýilnama 101,5 göterim ýerine ýetirildi.

Häzirki wagtda welaýatlarda gowaça ekilen meýdanlarda agrotehniki kadalara laýyklykda, birinji hatarara bejergi hem-de ýekeleme we otag işleri alnyp barylýar.

Şeýle hem güýzlük bugdaýa ideg etmek, şol sanda ösüş suwuny tutmak, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek işleri amala aşyrylýar. Şonuň bilen bir hatarda, galla oragy möwsümine taýýarlyk işleri dowam edýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow oba hojalygynda ýaýbaňlandyrylan özgertmeleri işjeňleşdirmegiň zerurdygyna ünsi çekdi. Döwlet Baştutanymyz döwletimiziň uly goldaw berýändigine garamazdan, bu wajyp işleriň örän haýal alnyp barylýandygyny belläp, pudakda bar bolan meseleleri çözmek boýunça anyk teklipleri taýýarlamak barada wise-premýere degişli tabşyryklary berdi.

Döwlet Baştutanymyz wise-premýere gözegçilik edýän ministrliginiň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary bilen bilelikde etraplara ýygy-ýygydan baryp, daýhan birleşiklerinde işleriň barşy bilen, obasenagat toplumyny özgertmek boýunça kabul edilen maksatnamalaryň iş ýüzünde amala aşyrylmagy bilen ýerinde tanyşmagy tabşyrdy.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary K.Durdymyradow 2018-nji ýylyň ýanwar — aprel aýlarynda senagat pudagyndaky işleriň netijeleri, şeýle hem innowasion esasda dokma pudagyny döwrebaplaşdyrmagyň barşy barada hasabat berdi.

Türkmenistanyň Senagat ministrligi boýunça öndürilen önümleriň, ýerine ýetirilen işleriň we hyzmatlaryň möçberi boýunça meýilnamanyň 126,5 göterim ýerine ýetirilip, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, ösüş depgininiň 111,1 göterime barabar bolandygy bellenildi.

Hasabat döwründe Dokma senagaty ministrligi boýunça önüm öndürmegiň meýilnamasynyň ýerine ýetirilişi 122,1 göterime deň bolup, 119,7 göterim ösüş gazanyldy.

Haly kärhanalary boýunça önümçilik meýilnamasy 126,4 göterim ýerine ýetirilip, ösüş depgini 112,5 göterime ýetdi.

«Türkmenhimiýa» döwlet konserni boýunça şu ýylyň dört aýynda öndürilen önümleriň hem-de ýerine ýetirilen işleriň möçberi meýilleşdirilendäkiden 106,5 göterime barabar boldy. Pudagyň umumy ösüş depgini 112 göterim derejesinde hasaba alyndy.

Döwlet balyk hojalygy komiteti boýunça ýylyň başyndan bäri önüm öndürmegiň meýilnamasy 100,3 göterim berjaý edildi. Geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, ösüş depgini 134,6 göterimden geçdi.

Wise-premýer Dokma senagaty ministrligi tarapyndan Ahal welaýatynyň Babadaýhan etrabynda ýylda 5 müň tonna inçe süýümli pagtany gaýtadan işlemek boýunça täze dokma toplumyny gurmaga geçirilen halkara bäsleşigiň netijeleri barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, häzirki tapgyrda örän baý tebigy çig-mal serişdeleriniň binýadynda köp pudakly senagatyň ösdürilmegine örän uly üns berilýändigini nygtady. Bu pudagy döwrebaplaşdyrmak, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ýerini tutýan iri innowasion önümçilikleri döretmek, hereket edýän kärhanalaryň durkuny toplumlaýyn täzelemek hem-de olary iň öňdebaryjy enjamlar bilen enjamlaşdyrmak boýunça görülýän çäreler ýokary hilli we bäsdeşlige ukyply önümleriň giň görnüşlerini öndürmegiň möçberiniň ep-esli artdyrylmagyny üpjün etmelidir. Şunda milli Liderimiz ýerleşjek ýeri babatda çig mal binýadynyň gönüden-göni ýakynynda gurmak möhüm bolan dokma önümçilik desgalarynyň gurluşygyna bildirilýän aýratyn talaplary nygtady.

Döwlet Baştutanymyz “Ahal welaýatynyň Babadaýhan etrabynda dokma toplumyny gurmak hakyndaky” Karara gol çekip, ýurdumyzy senagat taýdan ösdürmek, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri öndürmek, ýurdumyzda çykarylýan önümleriň beýleki döwletlere iberilýän möçberlerini artdyrmak boýunça işleri dowam etmegiň zerurdygyny aýtdy.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary D.Amangeldiýew gurluşyk, energetika toplumlarynda we jemagat hojalygy ulgamynda şu ýylyň geçen dört aýynda alnyp barlan işleriň netijeleri barada hasabat berdi.

Aşgabat şäheriniň häkimligi boýunça ýanwar-aprel aýlarynda ýerine ýetirilen işleriň we hyzmatlaryň meýilnamasy 126 göterim ýerine ýetirildi. Ösüş depgini 106,3 göterim boldy.

Hasabat döwründe Gurluşyk we binagärlik ministrligi boýunça meýilnama 100,1 göterim ýerine ýetirildi we 102,7 göterim ösüş depgini gazanyldy.

Energetika ministrligi boýunça ösüş depgini 120,2 göterime barabar boldy.

Jemagat hojalygy ministrligi boýunça ýerine ýetirilen işleriň we hyzmatlaryň meýilnamasy 109 göterim ýerine ýetirildi, ösüş depgini bolsa 115,2 göterime barabar boldy.

Hasabat döwründe “Türkmenawtoýollary” döwlet konserni boýunça meýilnama 100,8 göterim berjaý edildi, ösüş depgini 100,5 göterimden ybarat boldy.

Wise-premýer degişli şekilleri görkezmek bilen, “Türkmenbaşy — Garabogaz — Gazagystanyň serhedi” awtomobil ýolunyň hem-de onuň ugrundaky köpriniň gurluşygy boýunça geçirilýän işler barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, häzirki wagtda ýurdumyzda ulaglaryň ähli görnüşlerini ulanmak arkaly amatly we howpsuz halkara ulag geçelgeleriniň döredilendigini belledi. Munuň özi sebitde durnukly ösüşi, halklaryň arasyndaky hoşniýetli gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagyny, syýasy we medeni hyzmatdaşlygyň berkidilmegini, söwda haryt dolanyşygynyň möçberleriniň artdyrylmagyny üpjün edýär. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz iň öňdebaryjy tehnologiýalar esasynda gurulýan awtomobil ýollarynyň, köprüleriň we okgunly ösýän ulag-aragatnaşyk düzüminiň beýleki möhüm desgalarynyň gurluşygyna aýratyn üns berdi.

Milli Liderimiz ýokary tizlikli Aşgabat — Türkmenbaşy multimodal ýolunyň dowamyna öwrüljek “Türkmenbaşy — Garabogaz — Gazagystanyň serhedi” awtomobil ýoly barada aýdyp, onuň ulanmaga berilmeginiň ulag gatnawynyň artdyrylmagyna hem-de goňşy ýurtlaryň arasyndaky haryt dolanyşygynyň möçberiniň ýokarlandyrylmagyna mümkinçilik berjekdigini belledi. Döwlet Baştutanymyz Garabogaz aýlagynyň üstünde gurulýan köpriniň gurluşygynda ekologiýa howpsuzlygynyň kadalarynyň pugta berjaý edilmeginiň möhümdigini belläp, bu babatda wise-premýere degişli görkezmeleri berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow soňra ýurdumyzyň obalarynda durmuş maksatly desgalary gurmagyň maksatnamasynyň ýerine ýetirilişine berk gözegçiligiň ýola goýulmagynyň möhümdigine ünsi çekip, bu babatda wise-premýere degişli görkezmeleri berdi.

Milli Liderimiz Energetika ministrliginiň dört aýyň tabşyrygyny hem ýerine ýetirip bilmändigini aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz wezipe borçlaryny göwnejaý berjaý etmän, ministrligiň bellenen tabşyryklarynyň ýerine ýetirilmegini üpjün etmändigi üçin, energetika ministri Ç.Purçekowa käýinç yglan etdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ç.Gylyjow Türkmenistanyň söwda toplumynyň pudaklaýyn edaralary tarapyndan 2018-nji ýylyň ýanwar — aprel aýlarynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi.

Hasabat döwründe Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligi boýunça söwda dolanyşygynyň möçberi, 2017-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 5,1 göterim artdy.

Döwlet haryt-çig mal biržasy boýunça 82 birža söwdasy geçirilip, 7831 şertnama hasaba alyndy. Girdeji boýunça meýilnama 146,1 göterim ýerine ýetirildi.

Söwda-senagat edarasy boýunça şu ýylyň ýanwar — aprel aýlarynda ýerine ýetirilen işleriň we hyzmatlaryň möçberi, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 4,4 göterim artdy. Edaranyň kärhanalary boýunça gazanylan peýda 43,4 göterim ýokarlandy. Hasabat döwründe 6 sany sergi we 4 sany maslahat geçirildi.

Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi boýunça öndürilen senagat önümleriniň möçberi 23,7 göterim, oba hojalyk we azyk önümleriniň möçberi 14,6 göterim artdy. Söwda haryt dolanyşygy 2,4 göterim, hyzmat ulgamynda onuň möçberi 2,1 göterim artdy.

Soňra wise-premýer hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa şu ýylyň 29-njy apreli — 1-nji maýy aralygynda Germaniýada geçirilen Bilelikdäki türkmen-german iş toparynyň 8-nji mejlisiniň netijeleri barada hasabat berdi.

Duşuşygyň barşynda iki ýurduň arasyndaky söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmek, Türkmenistanda durmuşa geçirilýän maksatnamalara we iri taslamalara, şol sanda nebitgaz we energetika pudaklarynda, ulag-üstaşyr ulgamda amala aşyrylýan taslamalara maýa goýumlaryny çekmek babatda pikir alşyldy.

Nebit we gaz çykarmak, olary gaýtadan işlemek boýunça türkmen kärhanalarynyň hem-de energetika we himiýa pudagynyň işine iň täze tehnologiýalary ornaşdyrmaga german kompaniýalarynyň gatnaşmagynyň, Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň taslamasyny durmuşa geçirmäge nemes gaz enjamlaryny öndürijilerini çekmegiň geljegi uly hasaplanylýar.

Dag-magdan senagatyna maýa çekmek, ulag we logistika, aragatnaşyk we telekommunikasiýa, obasenagat hem-de saglygy goraýyş ulgamlarynda hyzmatdaşlygy giňeltmek meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Maliýe we bank ulgamlaryna, gymmatly kagyzlaryň biržasyna hem-de ätiýaçlandyryş ulgamyna hyzmatlaryň döwrebap görnüşlerini ornaşdyrmak boýunça tejribe alyşmak barada ylalaşyldy.

“Umax Trade GmbH” german kompaniýasy bilen suw hojalygy üçin enjamlary getirmek, “Airbus” kompaniýasynyň ýolagçy, ýük we ýörite uçarlaryny satyn almak hem-de kosmos pudagynda gatnaşyklary ýola goýmak barada teklipler beýan edildi.

Mundan başga-da, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary Germaniýanyň işewür toparlarynyň wekilleri bilen gepleşikleri geçirdiler.

Soňra wise-premýer Ahal welaýatynyň Änew şäherinde gurlan 4 gatly, 32 öýli ýaşaýyş jaýlarynyň bäşisini ulanmaga bermäge görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow söwda toplumyny ösdürmäge guramaçylykly çemeleşmegiň hem-de milli ykdysadyýetimiziň bazar gatnaşyklaryna geçmeginde möhüm orun eýeleýän telekeçilik ulgamyny höweslendirmegiň wajypdygyny nygtady.

Milli Liderimiz daşary ýurtlaryň iň gowy tejribesiniň hem-de öňdebaryjy tehnologiýalaryň işjeň ornaşdyrylmagynyň innowasion önümçiligi döretmäge we eksport ugurly pudaklaryň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmaga gönükdirilmelidigini aýdyp, germaniýaly hyzmatdaşlar bilen, şol sanda kiçi we orta işewürligiň ugry boýunça ylalaşyklary iş ýüzünde durmuşa geçirmek boýunça anyk görkezmeleri berdi.

Döwlet Baştutanymyz wise-premýere Änew şäherinde täze desgalaryň dabaraly ýagdaýda ulanmaga berilmegini üpjün etmegi tabşyryp, ilatyň ýaşaýyş jaý, durmuş şertlerini gowulandyrmagyň sebitleri ösdürmegiň milli maksatnamasynyň ileri tutulýan wezipesi bolup durýandygyny belledi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Çakyýew gözegçilik edýän pudaklarynda şu ýylyň ýanwar — aprel aýlarynda alnyp barlan işleriň netijeleri barada hasabat berdi.

Wise-premýer tutuş ulag-aragatnaşyk toplumy boýunça geçen dört aýda ýük, ýolagçy we aragatnaşyk hyzmatlarynyň meýilnamasynyň 105,8 göterim ýerine ýetirilendigini we ösüş depgininiň 108,5 göterime barabar bolandygyny aýtdy.

Demir ýol ulaglary ministrligi boýunça ýerine ýetirilen işleriň ösüş depgini 103 göterime deň boldy. Bu görkeziji ýük daşamakda 100,2 göterime, ýolagçy gatnatmakda 100,3 göterime barabar boldy.

Awtomobil ulaglary ministrligi boýunça 2018-nji ýylyň ýanwar — aprel aýlarynda ýerine ýetirilen hyzmatlaryň ösüş depgini 100,1 göterime, ýük daşamakda we ýolagçy gatnatmakda degişlilikde 100,3 göterime we 101 göterime deň boldy.

Hasabat döwründe Aragatnaşyk ministrligi boýunça ýerine ýetirilen işleriň ösüş depgini 110 göterime barabar boldy.

“Türkmenhowaýollary” gullugy boýunça awiahyzmatlaryň ösüş depgini 121 göterime deň boldy. Bu görkeziji ýük daşamakda we ýolagçy gatnatmakda degişlilikde 119 we 110 göterim berjaý edildi.

Milli Liderimiz hasabaty diňläp, Türkmenistanyň Deňiz we derýa ulaglary döwlet gullugynyň başlygynyň orunbasary A.Kösäýewi, şol bir wagtda Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň başlygy wezipesine bellemek kararyna gelendigini aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow wise-premýere ýüzlenip, gözegçilik edýän toplumynyň ýolbaşçylary bilen bilelikde ýakynda açylan Türkmenbaşy Halkara portunyň doly güýjünde işlemegini üpjün etmegi tabşyrdy. Döwlet Baştutanymyz üstaşyr ýükleriň ýurdumyzyň çäginden daşalmagynyň we üstaşyr ulag geçelgelerini döretmek baradaky başlangyçlaryň durmuşa geçirilmeginiň ulag gulluklarynyň takyk işleýşine baglydygyny belledi.

Döwlet Baştutanymyz wezipe borçlaryny göwnejaý berjaý etmän, gullugyň bellenen tabşyryklarynyň ýerine ýetirilmegini üpjün etmändigi üçin, Türkmenistanyň Deňiz we derýa ulaglary döwlet gullugynyň başlygy A.Gurdowa berk käýinç yglan etdi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Abdyýewa şu ýylyň ýanwar — aprel aýlarynda gözegçilik edýän ulgamlarynda alnyp barlan işleriň netijeleri baradaky hasabat bilen çykyş etdi.

Şu döwürde baýramçylyk senelerine we şanly wakalara bagyşlanylan dürli medeni çäreler, şol sanda döredijilik duşuşyklary, maslahatlar, sergiler, bäsleşikler, aýdym-saz dabaralary, sahnalaşdyrylan çykyşlar, şeýle hem dostlukly ýurtlaryň Medeniýet günleri guraldy.

Geçen aýda Aşgabatda “Aýdym-saz sungatynyň gadymy çeşmeleri” atly halkara ylmy maslahat we festiwal geçirildi. 24-nji aprelde bolsa Germaniýanyň Berlin şäheriniň Täze muzeýinde “Margiana — Türkmenistanyň çäklerindäki bürünç asyrynyň şalygy” atly arheologiýa sergisiniň açylyş dabarasy boldy.

Syýahatçylyk baradaky döwlet komiteti boýunça geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, bu görkeziji 101 göterim boldy.

Ýanwar — aprel aýlarynda Türkmen döwlet neşirýat gullugy boýunça önüm öndürmegiň meýilnamasy 119,5 göterim berjaý edildi.

Köpçülikleýin habar beriş serişdeleri tarapyndan Watanymyzyň gazananlaryny we üstünliklerini beýan etmek, milli Liderimiziň ýolbaşçylygynda ýaýbaňlandyrylan hem-de ýurdumyzyň ösüşini hem-de halkymyzyň abadançylygyny üpjün etmäge gönükdirilen iri möçberli özgertmeleriň mazmunyny we maksadyny düşündirmek boýunça işler geçirildi. Köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň işgärleriniň hünär derejesini ýokarlandyrmak boýunça çäreler görüldi.

Şu ýylyň dört aýynda Oguz han adyndaky “Türkmenfilm” birleşiginde birnäçe gysga göwrümli çeper filmler, dokumental filmler surata düşürildi. Dürli görnüşli beýleki kinofilmleri döretmek boýunça işler dowam edýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, öňümizde köp sanly medeni çäreleriň we baýramçylyklaryň bardygyny aýratyn nygtap, esasy ünsi şu ýylyň «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» diýlip yglan edilmegi bilen bagly çäreleri geçirmäge gönükdirmelidigini aýtdy. Şoňa görä-de, köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde şu meselä bagyşlanan materiallary köp bermeli. Şeýle hem şu döwürde sportda gazanan üstünliklerimizi, türgenlerimiziň we sport toparlarymyzyň gazanan netijelerini giňden beýan etmeli diýip, milli Liderimiz aýtdy.

Şunuň bilen birlikde, döwlet Baştutanymyz tebigy baýlyklarymyzy aýawly we tygşytly ulanmak, şeýle hem döwlet syýasatynyň ileri tutulýan meseleleriniň hatarynda kesgitlenen ekologiýa abadançylygyny we daşky gurşawyň goralmagyny üpjün etmek baradaky möhüm ugurlary beýan etmegi dowam etmegi tabşyrdy. Milli Liderimiz bu mowzukdaky makalalaryň gazet-žurnallaryň sahypalarynda, teleradioýaýlymlaryň gepleşiklerinde yzygiderli berilmelidigini nygtady.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary P.Agamyradow gözegçilik edýän ulgamlarynda şu ýylyň dört aýynda alnyp barlan işleriň netijeleri barada hasabat berdi.

Hasabat döwründe okuw kitaplarynyň we okuw gollanmalarynyň 62-si neşir edildi.

Hasabat döwründe ýurdumyzyň mekdep okuwçylary halkara ders we taslama bäsleşiklerinde 46 medala, halkara derejede geçirilen Internet bäsleşiklerinde 111 medala mynasyp boldular.

Halkara ders bäsleşiklerine gatnaşan ýokary okuw mekdepleriniň talyplary 4 kümüş we 3 bürünç medala mynasyp bolup, halkara Internet bäsleşiklerinde jemi 80 sany baýrakly orny eýelediler. Ýurdumyzyň orta hünär okuw mekdepleriniň talyplary Halkara Internet bäsleşiginde jemi 18 sany baýrakly orunlara mynasyp boldular.

Türkmenistanyň Prezidentiniň döwletimizi senagat taýdan ösdürmek, elektron senagatyny döretmek, sanly ykdysadyýete geçmek, gymmatly kagyzlaryň bazaryny emele getirmek we telekeçilik üçin hünärmenleri taýýarlamak barada beren tabşyryklaryny ýerine ýetirmek maksady bilen, ýokary okuw mekdeplerinde bu ugurlardan zerur bolan hünärmenleri taýýarlamak bilen bagly hünärleriň okuw meýilnamalaryny we okuw maksatnamalaryny kämilleşdirmek boýunça işler alnyp barylýar.

“Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşen Türkmenistanyň çägindäki taryhy-medeni ýadygärliklerde 2018 — 2021-nji ýyllarda gazuw-agtaryş işlerini geçirmegiň we medeni mirasy ylmy esasda öwrenmegiň hem-de wagyz etmegiň Döwlet maksatnamasyna laýyklykda alnyp barylýan işler dowam etdirildi.

Saglygy goraýyş ulgamynda hasabat döwründe döwlet meýletin saglygy goraýyş ätiýaçlandyrmasyndan gelip gowşan serişdeleriň möçberi 149 göterim bolup, ýerine ýetirilen hyzmatlardan we ýerlenen önümlerden alnan girdeji 114 göterim, şypahana hyzmatlaryndan girdeji 101 göterim boldy.

Hasabat döwründe ýurdumyzda jemi 76 sany içerki ýaryş we 35 sany köpçülikleýin sport çäreleri geçirildi.

Türgenlerimiz 35 sany halkara sport ýaryşyna gatnaşyp, olaryň 4-si dünýä çempionatlary boldy, olarda türkmenistanlylar medallaryň 4-sine, Aziýa çempionatlarynyň 10-syna gatnaşyp, 33 medala, beýleki ýaryşlara gatnaşyp, medallaryň 55-sine mynasyp boldular.

Wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň garamagyna «Türkmenistanda ýokanç däl keselleriň öňüni almak we olaryň garşysyna göreşmek boýunça Aşgabat Jarnamasynda bellenen wezipeleri 2014 — 2020-nji ýyllarda amala aşyrmagyň Milli strategiýasyny durmuşa geçirmek boýunça Milli utgaşdyryjy geňeşiň düzümini tassyklamak hakyndaky» hem-de «Bütindünýä Saglygy goraýyş guramasynyň temmäkä garşy göreşmek boýunça Çarçuwaly Konwensiýasyny Türkmenistanda durmuşa geçirmegiň 2017 — 2021-nji ýyllar üçin Milli maksatnamasyny amala aşyrmak baradaky Pudagara utgaşdyryjy toparyň düzümini tassyklamak hakyndaky» Kararlaryň taslamalaryny hödürledi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Kararlara gol çekip, jemgyýetçilik saglygyny goramak babatda amala aşyrylýan milli maksatnamalaryň netijeliligine yzygiderli gözegçilik etmegi, olaryň netijelerini öwrenmegi talap etdi, şeýle hem bu ugurda işjeň halkara gatnaşyklaryň ähmiýetini belledi.

Milli Liderimiz wise-premýere tabşyryklary bermek bilen, okuw mekdeplerinde jogapkärli möwsümiň — orta mekdeplerde gutardyş synaglarynyň, ýokary okuw mekdeplerinde bolsa okuwlaryň tamamlanýan we giriş synaglarynyň geçirilýän döwrüniň başlanýandygyny belledi. Bu möwsümleriň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmek, şeýle hem çagalaryň tomusda dynç almagy üçin sagaldyş-dynç alyş merkezlerini taýýarlamak hakynda alada etmek gerek diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady.

Milli Liderimiz şu ýyl başy başlanan sport çärelerini, ýagny “Amul — Hazar 2018” halkara awtorallisini, welosiped we ylgaw ýaryşlaryny hem berk gözegçilikde saklamalydygyna ünsi çekip, bu babatda wise-premýere anyk görkezmeleri berdi.

Soňra döwlet Baştutanymyz mejlise gatnaşýanlara ýüzlenip, şu ýylyň dört aýynyň netijeleri, içerki meseleler we dünýä ykdysadyýetiniň ýagdaýy bilen bagly ýüze çykan birnäçe kynçylyklara garamazdan, ýylyň başyndan bäri ykdysadyýetimiziň pudaklarynyň ösüşiniň şol bir depginde saklanyp gelýändigini görkezýändigini belledi. Hasabat döwründe ýurdumyzda jemi içerki önümiň ösüşi 6,2 göterime barabar boldy. Aýlyk zähmet haklary artdy.

Häzirki döwürde ýurdumyzda umumy bahasy 41 milliard amerikan dollaryndan hem geçýän iri desgalaryň gurluşygy dowam edýär. Göz öňünde tutulan senagat we durmuş maksatly desgalary işe girizmek üpjün edildi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow olaryň hatarynda Hazar deňzindäki Halkara portuny, ýaşaýyş jaýlaryny, şol sanda ýokary amatlyklary bolan ýaşaýyş jaýlaryny, dynç alyş we sagaldyş merkezlerini, çagalar baglaryny hem-de durmuş maksatly ençeme beýleki desgalary aýratyn belledi.

Kabul edilen meýilnamalara laýyklykda, ýurdumyzda bilim we ylym ulgamlaryny özgertmek hem dowam edýär. Önümçilik düzümleri döwrebap ýagdaýa getirilýär. Bazar ykdysadyýeti kemala gelýär. Nebitgaz känleri özleşdirilýär, «Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan» gaz geçirijisi gurulýar. Ylmyň we tehnikanyň iň soňky gazananlaryny ulanmak bilen, beýleki möhüm ähmiýetli taslamalar hem üstünlikli amala aşyrylýar diýip, milli Liderimiz sözüni dowam etdi.

Biz hususy telekeçiligi goldamak, telekeçilerimizi ýurdumyzyň ykdysadyýetinde özgertmeleri amala aşyrmaga giňden çekmek syýasatyny dowam edýäris. Geçirilýän şu işleriň netijesinde jemi içerki önümiň düzüminde döwlete dahylsyz pudagyň paýy durnukly artýar. Bu görkeziji häzirki döwürde 63,1 göterime barabardyr diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy.

Umuman, biziň kanagatlanarly netijeleri gazanandygymyza garamazdan, heniz üstünde işlemeli köp sanly meselelerimiz hem bar diýip, döwlet Baştutanymyz belledi. Olary çözmek boýunça döwlet maksatnamalary kabul edildi, kemçilikleri aradan aýyrmak boýunça wezipeler kesgitlenildi. Biz bular barada Ministrler Kabinetiniň şu ýylyň birinji çärýeginiň jemlerine bagyşlanyp geçirilen mejlisinde anyk aýtdyk. Bu wezipeleri biz doly ýerine ýetirmelidiris diýip, milli Liderimiz nygtady.

Ministrler Kabinetiniň mejlisinde döwlet durmuşynyň beýleki meselelerine hem garaldy we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň mejlisini jemläp, oňa gatnaşyjylara işlerinde uly üstünlikler arzuw etdi.

Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi