Merkezi Bankyň
walýuta kursy

Beýleki walýutalaryň kursy

Gymmat bahaly metallaryň
1 (bir) unsiýasynyň türkmen manadyna bolan gatnaşyklary

  ALTYN
  KÜMÜŞ
  PLATINA
  PALLADIÝ

Türkmenistanda ýod öndürilişi artdyrylýar

Balkan welaýatynyň Bereket etrabynyň Daňatar şäherçesiniň golaýynda gurulýan kuwwatlylygy ýylda 150 tonna çenli önüm öndürýän ýod çykarýan kärhanada tehnologik we kömekçi enjamlary gurnamak işleri tamamlanyp barýar. “Himiýa-Senagat” HJ-niň hünärmenleri ony tomus aýlary işe girizmegi göz öňünde tutýarlar.

Gurluşyk meýdançasyna türk, eýran, ukrain kompaniýalarynyň galogenler toparyna degişli himiki serişdäni öndürmek boýunça enjamlary getirildi. Awtomatlaşdyrylan tehnologik iş ýod kristallaryny almagyň howa-desorbsion usulyna esaslanar, ol önümiň ýokary hilliligini üpjün etmäge we elektrik energiýasyny tygşytlamaga mümkinçilik berer.

Kärhanada ýod 500 metr çuňlukdaky hek gatlaklaryndan burawlanan skwažinalar arkaly çykarylýan ýerasty tebigy suwlardan alnar. Barlag üçin alnan suwuň bir litrinde 200 milligram ýod bardygy belli boldy.

“Himiýa- Senagat” HJ-niň hünärmenleri kenar ýakasynda- Ekeremde nebit ýataklarynyň ugurdaş suwlaryndan ýod öndürýän ýene bir zawodyň gurluşygyny tamamlap barýarlar. Bu ýerde eýýäm senagat suwlaryny gaýtadan işlemek üçin Eýranda öndürilen enjam oturdyldy, ol başlangyç tapgyrda ýylda 60 tonna çenli kristall öndürmäge mümkinçilik berer.

Häzirki wagtda Türkmenistan ýod öndürmek boýunça dünýäde bäşinji orny eýeleýär, ýurdumyzda ýylda 500-520 tonna gymmatly çig mal işlenip çykarylýar. Düzümi ýodly erginler bolan täze ýataklary özleşdirmegiň we ýokary tehnologiýaly kärhanalary gurmagyň hasabyna bu görkezijini ýylda 1000 tonna çenli ýetirmek göz öňünde tutulýar.

a tenne

Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi