Merkezi Bankyň
walýuta kursy

Beýleki walýutalaryň kursy

Gymmat bahaly metallaryň
1 (bir) unsiýasynyň türkmen manadyna bolan gatnaşyklary

  ALTYN
  KÜMÜŞ
  PLATINA
  PALLADIÝ

Ýurdumyzda «Goýum bank karty» atly täze hyzmat ornaşdyrylýar

«Türkmenistanyň bank ulgamyny ösdürmegiň 2011-2030-njy ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyndan» ugur almak bilen, bank ulgamynda ýurdumyzda pul dolanyşygynyň netijeliligini has-da kämilleşdirmek, dünýäniň öňdebaryjy tilsimatlaryna esaslanýan nagt däl hasaplaşyklary ýaýbaňlandyrmak maksady bilen dürli çäreler geçirilýär.

Ilatyň erkin pul serişdelerini karz edaralaryna möhletli goýum görnüşinde çekmek hem-de goýumlaryň goraglylygyny hukuk taýdan üpjün etmek boýunça2016-njy ýylyň 15-nji oktýabrynda «Fiziki şahslaryň goýumlarynyň hökmany kepilligi hakynda» kanunyň kabul edilmegi geçirilýän işleriňaýdyň subutnamasydyr. Bu Kanun fiziki şahslaryň Türkmenistanyň karz edaralaryndaky goýumlarynyň kepilliginiň hukuk, ykdysady we guramaçylyk esaslaryny, karz edaralarynyň goýumlaryň hökmany kepillendiriliş ulgamyna gatnaşmagyny kesgitleýär, goýumçylaryň hukuklarynyň we kanuny bähbitleriniň goralmagyna hem-de ilatyň tygşytlanan pullarynyň çekilmeginiň höweslendirilmegine we bank ulgamyna bolan ynamynyň berkidilmegine gönükdirilendir.

Bazar gatnaşyklarynyň ýaýbaňlanýan döwründe bank ulgamynyň serişdeler binýadynda ilatyň serişdeleriniň paýyny artdyrmakda esasy orun süýşürintgilere degişlidir. Süýşürintgi - bu ilatyň girdejisinden geljekde zerurlygy ýüze çykan wagtynda ulanmak maksady bilen tygşytlaýan pul serişdesidir.Ilatyň süýşürintgileri raýatlaryň, döwletiň we maliýe hyzmatlaryny amala aşyrýan guramalaryň bähbitlerini göz öňünde tutýanlygy sebäpli, ykdysady ýagdaýlaryň içinde aýratyn ähmiýete eýedir.

Ilatyň erkin pul serişdelerini önümçilikde maýa goýumlary hökmünde ulanmak üçin ýurdumyzyň maliýe dolanyşygyna çekmek hem-de täze maliýe gurallaryny işläp taýýarlamak, ilatyň maliýe sowatlylygyny ýokarlandyrmakboýunça maksatlaýyn işler alnyp barylýar. 

Häzirkizamanbazar gatnaşyklarynyň sazlaşykly ösýän döwründe karz edaralarynyň goýum syýasatyna laýyklykda, ilatyň erkin duran pul serişdelerini karz edaralaryna çekmek arkaly goýum hasaplarynyň möçberini artdyrmak barada möhüm işler alnyp barylýar. Goýumlar boýunça tölenýän göterimleri maliýe bazarynda hereket edýän nyrhlara laýyklykda bellemek, ilata edilýän goýum hyzmatlarynyň hilini has-da ýokarlandyrmak, goýumlaryň täze görnüşlerini ornaşdyrmak boýunça degişli işler geçirilýar.

Häzirki wagtda ýurdumyzyň ähli karz edaralarynda «Goýum bank karty» atly täze bank hyzmatyny girizmek boýunça işler alnyp barylýar. Raýatlara «Goýum bank karty» hyzmatyny ýurduň islendik bankynda açmak, goýum bank kartlaryna islendik möçberde nagt puly goýmak, töleg amala aşyrmak, kartdan nagt puly çekmek, bankomatlardan we internet ulgamy arkaly goýumdaky puluň we toplanan göterimiň möçberini bilmek mümkinçiligi döredilen.

Goýum bank kartlary arkaly diňe milli manatdaky amallary geçirmek we goýumdaky pul serişdelerine Türkmenistanyň Merkezi bankynda häzirki wagtda hereket edýän gaýtadan maliýeleşdiriş derejesinden, ýagny 5%-den pes bolmadyk derejede göterimiň tölenilmegi meýilleşdirilen.

2018-nji ýylyň 20-nji aprelinde geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary bank edaralarynyň alyp barýan işleri hem-de «Türkmenistanyň bank ulgamyny ösdürmegiň 2011 — 2030-njy ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyny» ýerine ýetirmek boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi. Döwlet Baştutanymyza şahsy taraplaryň goýumlary resmileşdirilende ulanmak üçin niýetlenen bank kartlarynyň nusgalary hödürlenildi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, häzirki bazar ykdysadyýetinde ählumumy ýagdaýlary nazara almak bilen, bank ulgamynyň öňünde maliýe durnuklylygyny saklamak, milli puluň hümmetini berkitmek, degişli hukuk namalaryny halkara ölçeglere laýyk getirmek ýaly wezipeleriň durýandygyny nygtady.

Goýum bank kartlarynyň nusgalarynda milli gymmatlyklarymyzy özünde jemleýän ahal-teke bedewiniň, türkmen halysynyň, taryhy ýadygärlik ýerleriniň şekilleri ýerleşdirilen.

Ilatyň süýşürintgileriniň maýa goýumlara geçmegi netijesinde, ýurdumyzda önümçiligiň dürli görnüşlerini alyp barýan täze önümçilik kärhanalaryny gurmaga,  halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmaga, haryt bolçulygyny döretmäge we iş bilen üpjünçiligini ýokarlandyrmaga, kiçi we orta telekeçiligiň geriminiň giňeltmäge, şol bir wagtyň özünde-de ýurduň ykdysady kuwwatyny berkitmäge bolan mümkinçilikler artýar.  

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ulgamynda amala aşyrylýan düýpli özgertmeler türkmen manadynyň durnukly ösüşe täsirini ýokarlandyrmaga, halkara gatnaşyklaryny täze derejä çykarmaga, döwletiň ykdysady kuwwatyny has hem berkitmäge we ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesini yzygiderli ýokarlandyrmaga ähli amatlyklary döredýär.

Gahryman Arkadagymyzyň halkymyzyň abadan, asuda, eşretli durmuşda ýaşamagy ugrunda amala aşyrýan beýik işlerinden ruhlanmak bilen belent sepgitleri nazarlap, ýadawsyz zähmet çekmek biziň mukaddes borjumyzdyr. Goý, hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak, Watanymyzyň gülläp ösmegi, özgermegi, abraýynyň mundan beýläk hem arşa göterilmegi  ugrunda  alyp barýan tutumly işleri hemişe rowaç bolsun!

Baýrammuhammet Garaýew,
Türkmenistanyň Merkezi bankynyň Ylmy-önümçilik geňeşiniň başlygy