Merkezi Bankyň
walýuta kursy

Beýleki walýutalaryň kursy

Gymmat bahaly metallaryň
1 (bir) unsiýasynyň türkmen manadyna bolan gatnaşyklary

  ALTYN
  KÜMÜŞ
  PLATINA
  PALLADIÝ

«Türkmenkabel» zawodynda elektrik togunyň harçlanşyny hasaplaýan elektron enjamlary öndürýän seh işe girizildi

Ýurduň aýna senagatynyň öňdebaryjy «Turkmen ayna onumleri» kärhanasy günde iki ýüz tonna tekiz aýna we kyrk tonna golaý çüýşe gaplaryny çykarmaga ukyplydyr. Şu ýylyň 14-nji fewralynda işe girizilen döwrebap önümçilik toplumy Germaniýanyň «HORN Glass Industries AG» kompaniýasynyň ýokary tehnologiýalarynyň we ýörüteleşdirilen «Glastone» (Finlýandiýa), «Buhler», «Zippe» (Germaniýa), « Lises» (Awstriýa), «Cnud» (Belgiýa), «Bottero» (Italiýa) enjamlaryň mümkinçiliklerini görkezýär. Taslamany Türkmenistanyň Senagat ministrliginiň tabşyrygy boýunça Türkiýäniň «Tepe Turkmen Insaat ve Ticaret Anonim Şirkreti» potratçy kompaniýasy amala aşyrdy, ol diňe bir Owadandepede önümçilik we administratiw binalary gurman, eýsem kärhananyň işgärleri we olaryň maşgalalary üçin ýaşaýyş jaýlaryny hem-de umumy ýaşaýyş jaýlaryny, şeýle hem çagalar we sport meýdançalaryny-da gurdy.

Kärhananyň hünärmenleriniň belleýşi ýaly, her ýyl awtomatlaşdyrylan we robotlaşdyrylan konweýerlerden bir million inedördül metr tekiz aýna, 100 inedördül metr garaldylan aýna, 400 müň sany aýnapaketler we çüýşe gaplaryň dürli görnüşleri- azyk we derman senagaty üçin dürli gaplaryň 15 görnüşi çykarylar. Önümleriň aglaba bölegi daşary ýurtlara ugradylar. Eýýäm aýna kombinatynyň önümleri üçin içerki bazar ýeterlik däl. Kärhana işe girizilen wagtyndan bäri geçen iki aýda bir ýarym million inedördül metrden gowrak ini 3 millimetrden 8 millimetre çenli dürli ölçegli tekiz aýna we 16 million sanydan gowrak çüýşe çykaryldy. Türkmenistanyň Senagat ministrligi harytlyk aýnanyň we çüýşe gaplaryň ähli görnüşini Döwlet haryt-çig mal biržasyna çykarýar. Eýýäm owganystanly, azerbaýjanly, özbegistanly, gazagystanly telekeçiler bilen şertnamalar baglaşyldy. Kärhana ýakyn ýurtlardaky önüm alyjylar bilen hem uzak möhletleýin söwda gatnşyklaryny ýola goýýar.

Maslahat hyzmatlaryny ýerine ýetirýän nemes hünärmenleri kärhananyň esasy önümleri çykarmak boýunça tehnologik ulgamyň bökdençsiz sazlaşykly işlemegini üpjün edýän inžener-tehniki işgärleriň işine ýokary baha berdiler, onuň halkara ölçeglerine laýyk gelýändigini tassykladylar.

Eretmek üçin şihtanyň taýýarlanylmagy kärhananyň netijeli işlemeginiň möhüm şertidir, kwars çägesi, dolomit, hek we sulfat natrisi ýaly çig malyň 80 göterimi Türkmenistanda çykýar we onuň gorlary kändir. Ýurduň himiýa senagatynyň hünärmenleri häzirki wagtda şihtanyň möhüm bölegi bolan, häzirlikça daşary ýurtdan getirilýän kalsilenen soda öndürmek boýunça kärhana gurmak mümkinçiligini öwrenýärler.

Kärhanada hakyky “dag magdanlaryny baýlaşdyryjy kombinat” hereket edýär, bu ýerde aýna ýasamak üçin zerur garyndylar arassalanylýar, toz görnüşe çenli owradylýar, baýlaşdyrylýar, garylýar we gerekli böleklere bölünýär. Eger şihta garyndylarydyr reňkler garylsa, onda tutuş tapgyrdaky haryt gerekli reňkde bolýar. Döwülen aýnalary, galyndylary we zaýalanan önümleri hem gaýtadan işlemek üçin şihta goşulýar.

Önüm taýýarlamak usulynyň berk berjaý edilmegi we ýokary hilli şihta, önümçiligiň ähli tapgyrlarynyň awtomatlaşdyrylmagy kärhananyň işiniň doly gutarnyklylygyny üpjün edýär. Aýna gaýnadyjy peçleri iberen HORN kompaniýasy kärhanada aýna öndürmek üçin float-tehnologiýa üçin üznüksiz hereketli energiýa tygşytlaýan regenerator peçlerini, rekuparetaiw peç we oňa goşmaça aýna ýasaýjy enjamlary gurdy. Tebigy gazda işleýän şeýle enjamyň we awtomatlaşdyrylan ulgamlaryň ulanylmagy netijesinde aýna çig malyny öndürmek amatlaşdyrylýar. Tekiz aýna almak üçin float-prosess ulanylýar: 1500 gradusdan-da ýokary gyzgynlykdaky peçde erän aýna çig maly eredilen galaýyly wanna akyp gelip, ýokarsy deň galyňlykdaky ýokary hilli açyk lenta döreýär. Gyzgynlyk bilen ýalpyldadylan şeýle aýna öndürmek üçin ýörüte enjamlar ulgamy bar. Olar suwuk aýnanyň hiline gözegçilik edýärler, ony wannanyň daşyna çykarman saklaýarlar, aýnanyň düz tekizligini gazanýarlar, galaýy dioksidiniň ýelmeşmeginden goraýarlar, aýna lentany ýukaldýarlar we gerekli ölçege çenli uzaldýarlar.

Ölçegleriň ählisi dolandyryş pultunyň monitorynda görkezilýär, bu ýerde kompýuter programmalarynyň we optiki ulgamlaryň kömegi bilen aýna gaýnadylýan peçdäki we açyk reňkli aýna ýasamagyň beýleki tapgyrlaryndaky işler sazlaşdyrylýar. Kärhanada aýna senagatynyň iri kärhanalarynda okuw geçen tehnologlar we operatorlar işleýärler. Olar uzak aralykdan bellenilen maksatnama laýyklykda ýüz metrdenem uzyn tigirçekli transpotýorda ýasalyp we süýşüp gelýän aýna lentasynyň hiline gözegçilik edýärler, lenta kesýän awtomatlaşdyrylan enjamlaryň, önümi ammara äkidýän we gaplaýan hem-de beýleki işlere gatnaşýan robotlaryň sazlaşykly işlemegini üpjün edýärler.

Açyk reňkli tekiz aýnalaryň bir bölegi konweýerden önüm gaýtadan işlenýän sehe düşýär, bu ýerde aýna birnäçe usulda, hususan-da, ionly-plazma we magnetron tozanlatma usulynda işlenilýär. Şeýle tehnologiýa Türkmenistanda ilkinji gezek ulanyldy- diýip şehiň ýolbaşçysy D.Hasanow aýdýar.- Ionly-plazma tozanlatma üçin önümi inert gazly wanna salýarlar we güýçli elektromagnit meýdany döredilýär, onuň kömegi bilen aýnanyň daşyna ionly-plazma atomlary sepilýär. Plazma usuly önümleriň ýüzüne dürli metal- alýuminiý, kümüş, titan, nikel, hrom, şeýle hem olaryň goşundylaryny sepmäge mümkinçilik berýär. Netijede gök, ýaşyl, kümüşsow, altynsow we başga-da ýüzlerçe reňkli aýna ýasap bolýar. Binagärler şeýle aýnalary kaşaň “Garagum” myhmanhanasynyň, söwda-dynç alyş merkezleriniň we beýleki jemgyýetçilik binalarynyň gurluşygynda ulanmagy göz öňünde tutýarlar.

Aýna metallaryň we olaryň okisleriniň sepilmegi aýnanyň hilini gowulandyrmaga we oňa goşmaça sypatlar bermäge mümkinçilik berýär. Mysal üçin, magnitron tozanlatmada energiýa tygşytlaýjy garaldylan aýna alynýar. Şeýle önümler ýagtyklyk we ýylylyk gaýtaryjy sypata eýe bolýar; sepilýän metalyň galyňlygyny üýtgedip bolýanlygy netijesinde ýagtylyk gaýtaryjygy we ýagtylyk geçirijiligi gerek sypatly aýna öndürip bolýar; tozanlatmanyň şeýle görnüşini nagyşlanan aýna işlemekde-de ulansa bolar.

Sehde bir we iki kameraly aýnapaketler öndürmek boýunça liniýalar, howpsuz tekje aýnalary ýasamak we beýleki maksatlar üçin poliwinilbutil pleýonka ulanmak bilen laminirlemek prosesi işe girizilen.

Çüýşe gaplar öndürýän sehde kombinatda robot has köp ulanylýar. Bu ýerde rekuperasiýa peji we dürli öndürijilikli üznüksiz liniýalary bolan aýna ýasajy enjamlaryň ikisi gurnalypdyr. Aýna çig maly konweýerden yzy üzülmän akyp gelýär. Enjam ony damjalara bölýär, oňa gap şekilini berýär, hiline gözegçilik edýär, onuň zaýasyny aýyrýar, olary gaplaýar. Kärhananyň işe girizilmegi bilen içgiler üçin 0,5 litrden 3 litre çenli bankalary we çüýşeleri, şeýle hem derman guýmak üçin gaplary çykarmak ýola goýuldy. Müşderi bellenen görnüşli gaby bilen kärhana gelip, näçesi gerek bolsa şonçasyna tabşyryk berip biler. Kärhananyň kuwwatlyklary binagärlik we gurluşyk ulgamynda geljegi has uly ugurlara, ykdysadyýetiň dürli pudaklaryna hyzmat etmäge gönükdirilendir.

a tenne

Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi