Merkezi Bankyň
walýuta kursy

Beýleki walýutalaryň kursy

Gymmat bahaly metallaryň
1 (bir) unsiýasynyň türkmen manadyna bolan gatnaşyklary

  ALTYN
  KÜMÜŞ
  PLATINA
  PALLADIÝ

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

2018-nji ýylyň 20-nji aprelinde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda mähriban halkymyzyň abadançylygyny üpjün etmäge gönükdirilen içeri we daşary syýasaty degişli meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy we resminamalaryň taslamalaryna seredildi. Döwlet Baştutanymyz mejlisiň gün tertibine girizilen meseleleriň möhümdigi barada aýdyp, Türkmen bedewiniň baýramyny geçirmek, Türkmenbaşy şäheriniň Halkara deňiz portuny açmak bilen bagly geçiriljek çärelere ünsi çekdi.

Mejlisiň başynda wise-premýer E.Orazgeldiýew hasabat bilen çykyş edip, Türkmen bedewiniň baýramy mynasybetli baýramçylyk çärelerini geçirmegiň meýilnamasy hakynda habar berdi. Baýramçylyk dabaralarynyň çäklerinde Aşgabatda Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň VIII mejlisi, “Türkmen bedewi we dünýäniň seýisçilik sungaty” atly X halkara ylmy maslahat, halkara sergi-ýarmarka, uzak aralyga atly ýöriş bäsleşigi, päsgelçiliklerden bökmek boýunça bäsleşik, ýetginjek çapyksuwarlaryň arasynda baýramçylyk at çapyşyklary we däp bolan at çapyşyklar geçiriler. “Ýylyň iň owadan ahalteke bedewi” atly halkara gözellik bäsleşiginiň jemleýji tapgyry bolar.

Soňra wise-premýer ýurdumyzyň welaýatlarynda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň alnyp barlyşy barada hasabat berdi. Häzirki wagtda gowaça ekişiniň hem-de güýzlük bugdaýa ideg etmek, şol sanda ösüş suwuny tutmak, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, haşal otlara garşy göreşmek işleriniň dowam edýändigi bellenildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, häzirki wagtda döwletimizde ahalteke bedewleriniň dünýädäki şan-şöhratyny artdyrmaga we pudagy mundan beýläk-de okgunly ösdürmäge gönükdirilen giň möçberli işleriň alnyp barylýandygyny nygtady. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz naýbaşy bedewleriň baş sanyny artdyrmak, tohumçylyk atçylyk ulgamynda halkara hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek, milli atçylyk sportunyň gadymy däplerini üstünlikli dowam etmek boýunça toplumlaýyn çäreleriň durmuşa geçirilýändigini belledi.

Hormatly Prezidentimiz Türkmen bedewiniň baýramy mynasybetli dabaralaryň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmek boýunça wise-premýere birnäçe görkezmeleri berdi.

Döwlet Baştutanymyz ýazky oba hojalyk işlerini, ilkinji nobatda bolsa, gowaça ekişini we galla oragyny bökdençsiz geçirmegi tabşyryp, oba hojalygyna öňdebaryjy tehnologiýalary, dünýäniň iň gowy tejribesini ornaşdyrmagyň zerurdygyna ünsi çekdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Çakyýew Türkmenbaşy şäheriniň halkara deňiz portunyň açylyş dabarasyna görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi.

Portuň çäginde döwrebap enjamlar we öňdebaryjy tehnologiýalar bilen üpjün edilen ýük we parom terminallarynda ýokary derejeli port hyzmatlaryny etmek üçin ähli mümkinçilikler döredildi.

Hormatly Prezidentimiz deňiz portuny netijeli ulanmak boýunça guramaçylyk-tehniki çärelere hem-de port hojalygynyň iş aýratynlyklaryna, onuň dolandyryş ulgamlaryna ünsi çekdi.

Häzir Türkmenbaşy şäheri halkara ähmiýetli üstaşyr-ulag merkezine, wekilçilikli forumlaryň geçirilýän merkezine öwrüldi, onuň ýurdumyzyň işewür we medeni durmuşynda eýeleýän orny günsaýyn giňelýär. Şäheriň aýratyn ykdysady, syýahatçylyk derejesi täze, giň gerimli wezipeleri şertlendirýär. Özgertmeleriň we umumymilli maksatnamalaryň üstünlikli amala aşyrylmagy bolsa şolaryň netijeli çözülmegine bagly bolup durýar diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi.

Şunda döwlet Baştutanymyz taryhy tejribäni peýdalanmagyň möhümdigini aýtdy, çünki gadymy döwürlerde Türkmenistan Beýik Ýüpek ýolunyň merkezi halkasy bolup, onuň orny diňe ykdysady ýagdaýlar bilen däl-de, eýsem, Ýewraziýanyň köp halklarynyň özara gatnaşyklary bilen hem kesgitlenýär. Biziň ýurdumyz milli mirasyna daýanmak bilen, bu gün ony täze görnüşde dikeldip, ulag gatnawlarynyň ähli görnüşlerini, şol sanda deňiz gatnawlaryny hem ösdürýär.

Şunuň bilen baglylykda, Halkara deňiz portunyň taslamasyny taryhy ähmiýetli diýip atlandyrmak bolar, çünki onuň amala aşyrylmagy biziň ýurdumyzy özara gatnaşyklaryň täze sepgidine çykaryp, ykdysady gatnaşyklaryň halkara ulgamyna giň gerimde goşulmaga, üstaşyr gatnawlaryň möhüm merkezi hökmünde Türkmenistanyň ornuny giňeltmäge ýardam edýär diýip, milli Liderimiz belledi.

Dürli ýollaryň ulanylmagy haryt dolanyşygynyň möçberini artdyrmaga mümkinçilik berip, deňiz arkaly ýolagçy gatnadylmagyny artdyrmaga ýardam eder, goňşy Hazarýaka ýurtlardan gelýän syýahatçylaryň sanynyň artmagynyň hasabyna «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyny ösdürmäge täsirini ýetirer. Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow parom geçelgeleriniň ýokary hilli hyzmat etmegini üpjün etmegiň möhümdigine ünsi çekip, wise-premýere portuň açylyş dabarasyny, şeýle hem 3-nji maýda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda geçiriljek Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza ýurtlaryň ulag ministrleriniň IX mejlisini ýokary guramaçylykly geçirmek barada wise-premýere degişli anyk görkezmeleri berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow DIM-niň alyp barýan işleri barada hasabat berip, 2-nji maýda geçiriljek möhüm çärä — “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda geçiriljek “Beýik Ýüpek ýoly — täze ösüşlere tarap” atly halkara foruma taýýarlyk görlüşi barada hasabat berdi. Ony ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmek maksady bilen guramaçylyk topary döredildi hem-de degişli maksatnama işlenip taýýarlanyldy.

“Awaza” kongresler merkezinde geçiriljek foruma abraýly halkara guramalaryň, birnäçe ýurtlaryň döwlet düzümleriniň, iri daşary ýurt kompaniýalarynyň ýolbaşçylary, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşar. Ulag we logistika ulgamlarynda hyzmatdaşlyk, şu maksat bilen portlaryň kuwwatyndan netijeli peýdalanmak we beýleki meseleler ara alnyp maslahatlaşylar.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, häzirki zaman şertlerinde ulag-logistika ulgamynda gatnaşyklaryň sebit we dünýä möçberinde durnukly ykdysady ösüşiň aýrylmaz bölekleriniň biri bolup durýandygyny belledi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow soňky ýyllarda ýurdumyzyň ulag meselesi boýunça iri forumlaryň ençemesini geçirendigini aýdyp, bu strategik ulgamda özara bähbitli hyzmatdaşlygy höweslendirmäge we ösdürmäge ýardam etjek çäreleriň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmegini üpjün etmegi tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary G.Myradow bank edaralarynyň alyp barýan işleri hem-de “Bank ulgamyny ösdürmegiň 2011 — 2030-njy ýyllar üçin döwlet maksatnamasyny” ýerine ýetirmek boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi. Wise-premýer karz edaralary tarapyndan täze bank önümini ornaşdyrmak, hyzmatlaryň hilini ýokarlandyrmak, ýokary hünärli işgärleri taýýarlamak boýunça netijeli işleriň alnyp barylýandygyny habar berdi. Döwlet Baştutanymyza şahsy taraplaryň goýumlary resmileşdirilende ulanmak üçin niýetlenen bank kartlarynyň nusgalary hödürlenildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, häzirki bazar ykdysadyýetinde bank ulgamynyň möhüm ornuny belledi. Döwlet Baştutanymyz ählumumy ýagdaýlary nazara almak bilen, bu düzümiň öňünde maliýe durnuklylygyny saklamak, milli puluň hümmetini berkitmek, degişli hukuk namalaryny halkara ölçeglere laýyk getirmek ýaly wezipeleriň durýandygyny belledi. Milli Liderimiz hödürlenen bank kartlarynyň nusgalarynyň taslamalary babatda birnäçe bellikleri aýdyp, olara düzedişleri girizdi hem-de wise-premýere degişli tabşyryklary berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ç.Gylyjow Birleşen Arap Emirlikleriniň Dubaý şäherinde geçiriljek «EKSPO — 2020» Bütindünýä sergisine taýýarlyk görlüşi barada hasabat berdi. Milli sergimiz üçin bölünip berlen meýdançada häzirki zaman binagärlik usullaryny we türkmen milli aýratynlyklaryny utgaşdyrmak arkaly bölüm gurlar, onuň daş-töweregini tehniki desgalar, gök otlar we baglar bilen bezemek maksat edinilýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň ägirt uly eksport hem-de maýa goýum kuwwatyny amala aşyrmaga, türkmen önümlerini dünýä bazarlarynda mahabat etmäge täze mümkinçilikleri açýan halkara sergä hem-de işewür forumlara ýurdumyzyň öndürijileriniň gatnaşmagynyň wajypdygyny nygtady.

Milli Liderimiz bu babatda toplanan oňyn tejribäni hem-de ony yzygiderli baýlaşdyrmagyň zerurdygyny belläp, Türkmenistanyň köptaraply hem-de ajaýyp keşbini, ýurdumyzyň üstünliklerini we gazananlaryny, milli mirasymyzy görkezmek üçin «EKSPO — 2020»-de türkmen sergisiniň ähmiýetini nygtady.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Meredow önümi paýlaşmak hakyndaky ylalaşyklar esasynda daşary ýurt kompaniýalary tarapyndan alnyp barylýan nebit işlerine gözegçilik ulgamyny kämilleşdirmek, daşary ýurt maýa goýumlary bilen baglanyşykly taslamalary ykdysady taýdan esaslandyrmak boýunça hormatly Prezidentimiziň ozal beren tabşyryklaryna laýyklykda geçirilýän işler barada hasabat berdi.

Döwlet Baştutanymyz “Türkmenistanyň nebitgaz senagatyny ösdürmegiň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin maksatnamasynda” göz öňünde tutulan maýa goýum taslamalarynyň, şol sanda nebithimiýa senagatynyň kärhanalaryny döwrebaplaşdyrmak we tehniki taýdan gaýtadan enjamlaşdyrmak boýunça taslamalaryň durmuşa geçirilişine gözegçiligi güýçlendirmegi tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary K.Durdymyradow gözegçilik edýän senagat pudagynda işleriň ýagdaýy, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri öndürmek, täze tehnologiýalary we öňdebaryjy enjamlary ornaşdyrmagyň hasabyna önümçilik düzümini berkitmek boýunça geçirilýän işler barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, “Türkmenmaşyngurluşyk” konserniniň binýadynda elektron enjamlaryň dürli görnüşlerini öndürýän kärhanalar ulgamyny döretmek boýunça döwlet maksatnamasyny amala aşyrmagyň çäklerinde kuwwaty ýylda 180 müň sany önüme deň bolan elektrik energiýasynyň sarp edilişini hasaba alýan bir fazaly ölçeg abzallarynyň önümçiligi özleşdirildi. Kärhanada önümleriň görnüşini artdyrmak maksady bilen bu ýerde ýylda önümçiligi giňeltmek göz öňünde tutulýar.

Şeýle hem wise-premýer pudagyň hereket edýän desgalarynyň, hususan-da, “Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň ammiak we azot dökünlerini öndürýän “Tejenkarbamid” zawodynyň durkuny täzelemek hem-de döwrebaplaşdyrmak barada döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklaryny ýerine ýetirmek boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi. Kärhananyň önüm öndürijiligini artdyrmak we doly taslama kuwwatlylygyna çykarmak maksady bilen tehniki-ykdysady seljerme işlerini geçirmek göz öňünde tutulýar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, senagat pudagyny ösdürmegiň ýurdumyzda öndürilýän harytlaryň möçberini we hilini ýokarlandyrmagy, diňe içerki bazarda däl-de, eýsem, daşarky bazarda hem bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmagy ugur edinýändigini belledi. Bu Türkmenistanda amala aşyrylýan senagatlaşdyrmagyň esasy gurallaryny — halk hojalyk toplumynyň import we eksport ugurlaryny öz içine alýan durmuş-ykdysady strategiýanyň esasy wezipeleriniň biri bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz ykdysadyýeti ösüşiň innowasion derejesine çykarmak üçin milli elektron senagaty döretmegiň ähmiýetini belläp, ýurdumyzyň telekeçilerini pudaga çekmek boýunça işleri işjeňleşdirmek barada görkezme berdi.

Milli Liderimiz “Tejenkarbamid” zawodynda tehniki-ykdysady seljermäniň ýurdumyzyň senagat kuwwatyny we eksport mümkinçiliklerini has-da artdyrmaga ýardam etjekdigine ünsi çekip, himiýa pudagynda iri maýa goýum taslamalaryny amala aşyrmagyň barşyny berk gözegçilikde saklamak barada wise-premýere anyk görkezmeleri berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary D.Amangeldiýew Energetika ministrligi tarapyndan ýurdumyzyň energetika ulgamyny ösdürmek boýunça geçirilýän işler barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Türkmenistanyň elektroenergetika pudagynda elektrik beketlerini has-da döwrebaplaşdyrmaga we gurmaga gönükdirilen giň gerimli taslamalaryň amala aşyrylýandygyny, täze elektrik geçiriji ulgamlaryň gurulýandygyny, tok paýlaýjy beketleriň bina edilýändigini, paýtagtymyzyň, şäherleriň we ilatly ýerleriň energiýa üpjünçilik we yşyklandyryş ulgamynyň täzelenýändigini belledi. Milli Liderimiz öňdebaryjy tehnologiýalary, ýokary netijeli, ygtybarly enjamlary we serişdeleri peýdalanmagyň esasy wezipeleriň biridigini nygtady.

Ýurdumyzyň dürli sebitlerinde gysga döwürde kuwwatly elektrik beketleriniň gurulmagy netijesinde pudagyň ençeme esse artan kuwwaty diňe ýurdumyzyň sarp edijilerini elektrik energiýasy bilen doly üpjün etmäge mümkinçilik bermek bilen çäklenmän, eýsem, elektrik energiýasyny daşary ýurtlara ibermäge hem şert döredýär. Döwlet Baştutanymyz häzirki zaman elektroenergetika desgalarynda işlejek milli inžener-tehniki işgärleri, ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamagyň möhümdigini aýratyn belledi hem-de bu babatda wise-premýere birnäçe tabşyryklary berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Abdyýewa şu ýylyň 30-njy sentýabry — 5-nji oktýabry aralygynda Aşgabat şäherinde geçiriljek Aziýa — Ýuwaş ummany teleradiogepleşikler birleşiginiň Baş Assambleýasynyň 55-nji mejlisini ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmäge görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzda netijeli hyzmatdaşlygy giňeltmäge, teleradiogepleşikleriň alnyp görkezilmegini has-da ösdürmäge ýardam bermäge gönükdirilen wekilçilikli halkara forumyň geçirilmeginiň bütin dünýäniň teleradiogepleşikleri alyp görkeziji kompaniýalarynyň arasyndaky gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagyna hyzmat etjekdigini nygtady.

Aziýa — Ýuwaş ummany teleradiogepleşikler birleşigi bilen hyzmatdaşlyk gatnaşyklary barada aýtmak bilen, milli Liderimiz 2012-nji ýylyň aprelinden bäri Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň bu iri halkara gurama girýändigini belledi. Bu gurama dünýäniň 64 ýurdundan agzalaryň 260-dan gowragyny birleşdirýär.

Döwlet Baştutanymyz Aziýa — Ýuwaş ummany teleradiogepleşikler birleşiginiň nobatdaky mejlisini guramagyň meseleleriniň üstünde içgin işlemegiň, bu gurama bilen netijeli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek üçin ähli şertleri döretmegiň zerurdygyna ünsi çekdi hem-de wise-premýere bu babatda anyk görkezmeleri berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary P.Agamyradow milli Liderimiziň görkezmelerine laýyklykda, bilim we ylym ulgamlaryny döwrebaplaşdyrmak, saglygy goraýşy we sporty has-da ösdürmek, işleri alyp barmakda öňdebaryjy halkara tejribäni hem-de täze tehnologiýalary ornaşdyrmak babatda maksatnamalaýyn çäreleri durmuşa geçirmek boýunça ýerine ýetirilýän işler barada hasabat berdi.

Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow ýaşlar syýasaty ulgamynda hem-de durmuş ulgamyna degişli pudaklarda iş usullaryny kämilleşdirmek, akyl-paýhas, beden we ruhy taýdan ösen nesli terbiýelemek, ýurdumyzyň ykdysadyýetini diwersifikasiýalaşdyrmaga ylmyň hakyky goşant goşmagyny üpjün etmek boýunça möhüm wezipelere ünsi çekip, bu babatda wise-premýere birnäçe anyk görkezmeleri berdi.

Mejlisiň Başlygy G.Mämmedowa Russiýa Federasiýasyna bolan iş saparynyň netijeleri hem-de milli parlamentiň häzirki kanunçykaryjylyk işleri barada habar berdi.

12 — 13-nji aprelde Mejlisiň wekiliýeti Russiýa Federasiýasynyň Sankt-Peterburg şäherinde geçirilen GDA gatnaşyjy döwletleriň Parlamentara Assambleýasynyň 47-nji mejlisine gatnaşdy. Saparyň çäklerinde 12-nji aprelde Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň we Parlamentara Assambleýanyň ýolbaşçy düzümi bilen duşuşyk geçirildi. 13-nji aprelde wekiliýet GDA gatnaşyjy döwletleriň Parlamentara Assambleýasynyň umumy maslahatyna gatnaşdy. Maslahatyň çäklerinde “Arkalaşygyň ýurtlarynyň medeniýetara hyzmatdaşlygy: häzirki ýagdaýy, geljegi we hukuk üpjünçiligi” diýen mesele bilen baglanyşykly çykyşlar edildi.

Bellenilişi ýaly, Mejlisiň deputatlary Ministrler Kabineti, ministrlikler we pudaklaýyn dolandyryş edaralary, häkimlikler we Geňeşlikler, syýasy partiýalar, jemgyýetçilik guramalary, saýlawçylar bilen yzygiderli gatnaşyklary saklap, kanun taslamalaryny taýýarlamak boýunça iş alyp barýarlar. Bu hukuk resminamalary aýry-aýry pudaklaryň işini kämilleşdirmäge, ýurdumyzda amala aşyrylýan durmuş-ykdysady özgertmeleriň hukuk esaslaryny pugtalandyrmaga we ösdürmäge, döwletimiziň öňe sürýän halkara başlangyçlaryny goldamaga gönükdirilendir.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow habary diňläp, Türkmenistany ösdürmekde häzirki zaman ýagdaýlaryny nazara alyp, milli kanunçykaryjylyk binýadyny döwrebaplaşdyrmak boýunça görülýän çäreleri ýygjamlaşdyrmagyň wajypdygyny nygtady. Mejlis ýurdumyzdaky işleriň ýagdaýy barada örän oňat habarly bolmalydyr hem-de mähriban halkymyzyň ýaşaýyş-durmuşynyň derejesini we hilini has-da ýokarlandyrmaga gönükdirilen özgertmeleriň kanunçylyk taýdan goldanylmagyny üpjün etmelidir diýip, milli Liderimiz belledi.

Döwlet Baştutanymyz parlamentara gatnaşyklary berkitmegiň ähmiýetine ünsi çekdi hem-de bu ugruň hyzmatdaşlygy giňeltmek, döwletleriň we halklaryň arasyndaky dostluk hem-de ynanyşmak, gatnaşyklary berkitmek işinde ähmiýetli ýagdaý bolup durýandygyny nygtady.

Hormatly Prezidentimiziň nygtaýşy ýaly, GDA gatnaşyjy döwletler, şol sanda Russiýa Federasiýasy bilen netijeli gatnaşyklary ösdürmek Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasat strategiýasynyň möhüm ugurlarynyň biri bolup durýar. Hyzmatdaşlyk etmegiň uly kadalaşdyryjy-hukuk binýady işlenilip taýýarlanyldy, oňa yzygiderli dostluk, hormat goýmak we ynanyşmak ýagdaýy mahsusdyr diýip, milli Liderimiz aýtdy hem-de bu tejribäni parlamentara hyzmatdaşlygy has-da ösdürmekde peýdalanmagyň zerurdygyna ünsi çekdi.

Ministrler Kabinetiniň mejlisinde döwlet durmuşyna degişli başga-da birnäçe meselelere garaldy we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň mejlisini jemläp, oňa gatnaşanlara işlerinde uly üstünlikler, berkarar Watanymyzyň ähli halkyna gülläp ösüş arzuw etdi.

Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi