Merkezi Bankyň
walýuta kursy

Beýleki walýutalaryň kursy

Gymmat bahaly metallaryň
1 (bir) unsiýasynyň türkmen manadyna bolan gatnaşyklary

  ALTYN
  KÜMÜŞ
  PLATINA
  PALLADIÝ

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisi

2018-nji ýylyň 11-nji aprelinde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini geçirdi. Onda ykdysadyýetimiziň pudaklarynda şu ýylyň birinji çärýeginde alnyp barlan işleriň jemlerine, şeýle hem ýurdumyzyň durmuşyna degişli birnäçe möhüm meselelere garaldy.

Mejlise Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, Mejlisiň, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary, welaýatlaryň, şäherleriň hem-de etraplaryň häkimleri, ýokary okuw mekdepleriniň rektorlary, gazetleriň we žurnallaryň redaktorlary, şeýle hem beýleki ýolbaşçylar çagyryldy. Milli Liderimiz mejlisiň dowamynda degişli hasabatlary diňledi we ýerine ýetirilen işlere anyk baha berdi.

Mejlisiň gün tertibini yglan edip, döwlet Baştutanymyz guramaçylyk meselelerine seretdi.

Mälim bolşy ýaly, Söwda-senagat edarasynyň müdiriýetiniň agzalary bu edaranyň täze ýolbaşçysyny saýladylar. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Söwda-senagat edarasynyň başlygy wezipesine tassyklanylan O.Gurbannazarowy Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary wezipesinden boşatdy.

Milli Liderimiziň aýdyşy ýaly, Söwda-senagat edarasy ýurdumyzyň ykdysadyýetini ösdürmäge, dünýä hojalyk ulgamyna goşulyşmagyna ýardam bermäge, häzirki zaman senagat, maliýe we söwda üpjünçilik ulgamlaryny emele getirmäge hemaýat etmelidir. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzda telekeçilik işiniň ähli görnüşlerini ösdürmek, öz telekeçilerimize beýleki döwletleriň telekeçileri bilen söwda-ykdysady we ylmy-tehniki hyzmatdaşlygy hemmetaraplaýyn giňeltmek üçin amatly şertleri döretmegiň möhüm wezipeleriň hatarynda durýandygyny belläp, täze saýlanan ýolbaşça işlerinde üstünlik arzuw etdi.

Soňra milli Liderimiz Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň söwda meseleleri boýunça orunbasary wezipesine Ç.Gylyjowy belläp, ony Ýokary gözegçilik edarasynyň başlygy wezipesinden boşatmak barada karara gelendigini mälim etdi.

Hormatly Prezidentimiz Ýokary gözegçilik edarasynyň başlygy wezipesine G.Müşşikowy belläp, ony «Senagat» paýdarlar täjirçilik bankynyň müdiriýetiniň başlygy wezipesinden boşatdy. Bu wezipä döwlet Baştutanymyzyň Permany esasynda T.Täçmuhammedow bellenildi.

Soňra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýygnananlara ýüzlenip, Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan ugry boýunça halkara gaz geçirijini, elektrik we aragatnaşyk ulgamlaryny gurmak boýunça uly işlere başlanandygyny belledi. Milli Liderimiziň nygtaýşy ýaly, munuň üçin “Galkynyş” gaz käninden Owganystana çenli demir ýol gurmaly. Bu uly gaz känini özleşdirmegi dowam etmeli. Göz öňünde tutulan bu işleri guramak bolsa tejribeli we başarjaň ýolbaşçylary talap edýär.

Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz M.Babaýewi Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary wezipesinden boşadyp, ony Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisini gurmak bilen bagly işe ibermek barada karara gelendigini habar berdi.

Döwlet Baştutanymyz Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň nebitgaz pudagynyň meseleleri boýunça orunbasary wezipesine M.Meredowy belläp, ony Ministrler Kabinetiniň bölüm müdiri wezipesinden boşatdy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow nebitgaz toplumynda çözmeli örän köp meseleleriň toplanandygyny, şolaryň soňa goýulman, örän çalt çözülmelidigini belläp, wise-premýere, ýurdumyzda nebitiň çykarylyşynyň hem-de gaýtadan işlenilişiniň möçberlerini artdyrmak boýunça birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Ýurdumyzda ammiak, karbamid we tehniki uglerod öndürmek üçin, tebigy gazy gaýtadan işleýän senagaty işjeň ösdürmeli. Dünýä bazarynda bildirilýän isleg yzygiderli artýan suwuklandyrylan gazyň çykarylýan möçberlerini hem artdyrmaly diýip, milli Liderimiz bu pudaklaryň ykdysadyýetimizi diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmegiň, tebigy gazy turba geçiriji arkaly eksport etmegi çalşyrmagyň örän möhüm ugry bolup durýandygyny aýtdy.

Şeýle hem ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumynyň pudaklaryny tehniki taýdan gaýtadan enjamlaşdyrmak, täze zawodlaryň gurluşygyny çaltlandyrmak, täze açylan nebitgaz ýataklaryny özleşdirmek we ulanmaga bermek işlerini çaltlandyrmaly.

Hormatly Prezidentimiz pudakdaky işleriň ýagdaýlaryny seljermegi we onuň netijeli işini ýola goýmak üçin degişli çäreleri görmegi tabşyryp, M.Meredowa täze işinde üstünlik arzuw etdi we degişli resminamalara gol çekdi.

Döwlet Baştutanymyz mejlisiň dowamynda TOPH gaz geçirijisini gurmak boýunça işleri guramak üçin tejribeli ýolbaşçylaryň zerurdygyny nygtady. Biz Owganystana tarap uzaýan demir ýoluň durkuny täzelemeli. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz B.Annameredowy ulaglar we aragatnaşyk meseleleri boýunça wise-premýer wezipesinden boşadyp, ony bu gaz geçirijini gurmak boýunça işlere ibermek barada karara gelendigini habar berdi.

Hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň ulaglar we aragatnaşyk meseleleri boýunça orunbasary wezipesine M.Çakyýewi belläp, ony Türkmenistanyň Ykdysady jenaýatlara garşy göreşmek baradaky döwlet gullugynyň direktory wezipesinden boşatdy.

Milli Liderimiz täze wezipä bellenilen wise-premýere ýüzlenip, häzirki döwürde ulag ulgamynda dünýäniň döwletleri, sebitleri we tutuş yklymlar üçin ägirt uly mümkinçilikleriň açylýandygyny, bu ulgamyň uzak geljek üçin dünýä ösüşiniň esasy kesgitleýji ugurlarynyň biridigini, ählumumy geoykdysadyýetiň täze many-mazmuna eýe bolan we kuwwatly itergi berýän örän möhüm şertine öwrülýändigini aýtdy.

Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzda häzirki zaman, utgaşdyrylan, sazlaşykly we ýokary tehnologiýaly ulag üpjünçilik ulgamyny döretmegiň ähli halkara jemgyýetçiligiň strategik bähbitlerine laýyk gelýändigini belläp, bu meseleleri ilkinji nobatdaky wezipeleriň hatarynda kesgitläp, olaryň oňyn çözülmeginiň dünýä hojalyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga we maýa goýum işjeňligini höweslendirmäge ýardam berjekdigini, ählumumy, sebit we milli möçberde ykdysady hem-de durmuş görkezijilerini ýokarlandyrmak üçin netijeli şertleri döretjekdigini nygtady.

Milli Liderimiz bu wezipeleri amala aşyrmak üçin doly mümkinçilikleriň bardygyny nygtap, M.Çakyýewe işinde üstünlikler arzuw etdi.

Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň Ykdysady jenaýatlara garşy göreşmek baradaky döwlet gullugynyň direktory wezipesine M.Hudaýkulyýewi belledi.

Hormatly Prezidentimiz awtomobil ulaglary ministri M.Aýdogdyýewyň saglyk ýagdaýy sebäpli, eýeleýän wezipesinden boşatmak hakyndaky arzasyny kanagatlandyrmak barada karara gelendigini habar berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow M.Çakyýewe awtomobil ulaglary ministriniň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetirmegi ministriň orunbasary J.Garaýewiň üstüne ýüklemegi tabşyrdy. Soňra milli Liderimiz H.Mergenowy senagat ministri wezipesine belläp, ony ministriň orunbasary wezipesinden boşatdy.

Soňra döwlet Baştutanymyz “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2018 — 2024-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyny” ýerine ýetirmek hem-de Aşgabat şäheriniň binagärlik-şähergurluşyk keşbini has-da gözelleşdirmek maksady bilen, “Awtoulag kärhanalar toplumyny we awtomobil mekdepleriniň birleşiginiň okuw-türgenleşik merkezini gurmak hakyndaky” Karara gol çekip, wise-premýer M.Çakyýewe onuň ýerine ýetirilişine berk gözegçilik etmek barada tabşyryk berdi.

Soňra hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisine gatnaşyjylara söz berdi, olar gün tertibiniň meseleleri boýunça hasabat berdiler.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary G.Myradow 2018-nji ýylyň birinji çärýeginiň makroykdysady görkezijileri barada hasabat berdi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň taýsyz tagallalary arkaly milli ykdysadyýetimiziň durnukly ösüşini üpjün etmek boýunça görülýän toplumlaýyn çäreler netijesinde ähli ulgamlarda ýokary netijeler gazanyldy.

Hasabat döwründe jemi içerki önümiň ösüşi 6,2 göterim boldy. Şol sanda senagat toplumynda 4,6 göterim, ulag-aragatnaşyk ulgamynda 10,5 göterim, söwdada 7,6 göterim, oba hojalygynda 3,2 göterim, hyzmatlar ulgamynda 10,1 göterim artdy.

Geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdireniňde, jemi öndürilen önüm 4,1 göterim ýokarlandy.

Üç aýyň jemi boýunça bölek-satuw haryt dolanyşygynyň möçberi 2017-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdireniňde, 18,2 göterim artdy. Sarp ediş harytlarynyň bahasy hem-de ilata edilýän hyzmatlaryň jemleýji görkezijisi durnukly saklandy.

Ýurdumyzyň iri we orta kärhanalarynda ortaça aýlyk zähmet haklarynyň möçberi 2017-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdireniňde, 9,3 göterim artdy. Birinji çärýekde önümleriň eksport edilişiniň möçberi geçen ýyldaka garanyňda, 14,2 göterim ýokarlandy.

Soňra Statistika baradaky döwlet komitetiniň başlygy A.Öräýewa şu ýylyň ilkinji üç aýynda ministrlikleriň we pudak edaralarynyň gazanan ykdysady görkezijileri barada hasabat berdi.

Habar berlişi ýaly, hasabat döwründe himiýa toplumynda, dokma senagatynda we azyk senagatynda oňat netijeler gazanyldy. Nebiti gaýtadan işlemegiň möçberi artdy, benziniň öndürilişi 1,1 göterim, kerosiniň öndürilişi 3,6 göterim ýokarlandy.

Şeýle hem import harytlarynyň ornuny tutýan önümleriň we eksporta niýetlenen harytlaryň öndürilişini artdyrmak boýunça görülýän çäreler barada habar aýdyldy. Bu ugurda hususy ulgamyň kärhanalary oňat netijelere eýe bolýar.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, bu ulgamyň öňünde duran düýpli meselelere ünsi çekdi. Milli Liderimiz ulgamy ösdürmegiň esasy hereketlendirijilerine jikme-jik seljerme geçirmegiň ähmiýetini belläp, bu ulgamda halkara ölçeglere laýyk gelýän statistiki maglumatlary ýygnamagyň usulyýetini kämilleşdirmegi tabşyrdy. Hormatly Prezidentimiz maglumatlaryň örän ygtybarly we anyk bolmalydygyny belläp, Statistika baradaky döwlet komitetiniň başlygyna birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Soňra maliýe we ykdysadyýet ministri B.Bazarow Döwlet býujetiniň ýerine ýetirilişi hem-de şu ýylyň birinji çärýeginde maliýe býujet ulgamynda geçirilen işleriň jemleri barada habar berdi. 1-nji apreldäki ýagdaýa görä, esasy maliýe resminamasynyň girdeji bölegi 105,4 göterim, çykdajy bölegi bolsa 88,8 göterim ýerine ýetirildi.

Ministr “Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini düýpli özgertmek boýunça 2020-nji ýyla çenli döwür üçin rejelenen görnüşdäki Milli maksatnamasynyň” ýerine ýetirilişi barada hasabat berip, ýanwar — mart aýlarynyň görkezijilerine laýyklykda, 394,1 million manat möçberde maýa goýumynyň özleşdirilendigini habar berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Oba milli maksatnamasynyň anyk durmuşa geçirilmeginiň adamlaryň ýaşaýyş-durmuşynyň hilini ýokarlandyrmakda, ilatyň abadançylygyny gowulandyrmakda şertleri döretmekden ybaratdygyny nygtap, bu resminamada kesgitlenen wezipeleriň ýerine ýetirilişine berk gözegçiligi üpjün etmäge ünsi çekdi. Milli Liderimiz sebitlerde häzirki zaman düzümlerini kemala getirmegiň, welaýatlary senagatlaşdyrmagyň, ýurdumyzyň önümçilik kuwwatyny artdyrmagyň, täze iş orunlaryny döretmegiň esasy ugur bolup durýandygyny belledi hem-de ýerlerde bu ugurdaky işleriň degişli derejede guralmagynyň möhümdigine ünsi çekdi.

Şunuň bilen baglylykda, maliýe we ykdysadyýet ministrine maksatnamanyň durmuşa geçirilişini düýpli seljermek tabşyryldy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow wise-premýer G.Myradowa we maliýe-ykdysady ulgamyň ähli ýolbaşçylaryna ýüzlenip, geljekde öňde durýan işleriň esasy ugurlaryna olaryň ünsüni çekdi. Milli ykdysadyýetiň ýokary ösüş depginini goldamak, döwrüň talaplaryna laýyklykda halk hojalyk toplumynyň ulgamlaryny döwrebaplaşdyrmak, şeýle hem çykdajylary azaltmak ilkinji nobatdaky wezipeleriň hatarynda agzaldy.

Döwlet Baştutanymyz sözüni dowam edip, häzirki şertlerde maliýe ulgamyny durnukly ösdürmek, maýa goýum işini işjeňleşdirmek maksady bilen, ähli zerur çäreleriň görülmelidigini aýtdy. Hormatly Prezidentimiz şeýle hem milli pul birliginiň gymmatyny we satyn alyjylyk ukybyny ýokarlandyrmak, eksportyň we altyn pul gorunyň möçberini artdyrmak boýunça işleriň alnyp barylmalydygyny belledi hem-de wise-premýere birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Soňra Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary D.Amangeldiýew şu ýylyň üç aýynda gurluşyk, energetika toplumy we jemagat hojalygy ulgamyndaky alnyp barlan işleriň netijeleri barada hasabat berdi.

Aşgabat şäheriniň häkimligi boýunça ýanwar — mart aýlarynda meýilnama 112,2 göterim ýerine ýetirildi hem-de 109,5 göterim ösüş depgini üpjün edildi.

Gurluşyk we binagärlik ministrligi boýunça hasabat döwründe meýilnama 100,2 göterim ýerine ýetirilip, ösüş depgini 101,4 göterime deň boldy.

Energetika ministrligi boýunça hasabat döwründe ösüş depgini 118,6 göterime deň boldy.

Türkmenistanyň Jemagat hojalygy ministrligi boýunça meýilnama 110,3 göterim berjaý edildi, ösüş depgini bolsa 112,5 göterime deň boldy.

Şu ýylyň birinji çärýeginde “Türkmenawtoýollary” döwlet konserni boýunça meýilnama 100,2 göterim ýerine ýetirildi we 100,1 göterim derejede ösüş depgini gazanyldy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň ykdysady kuwwatyny we abraýyny pugtalandyrmakda möhüm orun eýeleýän gurluşyk, energetika we jemagat hojalygy toplumynda bellenilen ösüş depginini ýokary öndürijiligi üpjün etmek boýunça mundan beýläk-de ähli şertleri döretmek barada wise-premýere degişli tabşyryklary berdi. Paýtagtymyzda ýaýbaňlandyrylan giň möçberli şähergurluşyk maksatnamasynyň durmuşa geçirilmeginiň we ýurdumyzyň baş şäheriniň gaýtalanmajak keşbini döretmegiň ähmiýetine aýratyn üns berildi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz Aşgabady mundan beýläk-de ähli görkezijiler boýunça paýtagtyň ýokary derejesine laýyklykda gurmagyň we abadanlaşdyrmagyň meselelerini berk gözegçilikde saklamak barada bu toplumyň ýolbaşçylaryna anyk görkezmeleri berdi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary K.Durdymyradow gözegçilik edýän pudaklarynda şu ýylyň birinji çärýeginde geçirilen işleriň jemleri barada hasabat berdi.

Türkmenistanyň Senagat ministrliginde ýanwar — mart aýlarynda meýilnama 130,2 göterim ýerine ýetirildi, şunda geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, ösüş depgini 110,2 göterime deň boldy.

Hasabat döwründe Dokma senagaty ministrligi boýunça önüm öndürmegiň meýilnamasy 119,5 göterim ýerine ýetirilip, ösüş depgini 117,5 göterim boldy.

Haly kärhanalarynda önümçiligiň ösüş depgini 106,4 göterime deň bolup, meýilnama 124,5 göterim berjaý edildi.

“Türkmenhimiýa” döwlet konserni boýunça şu ýylyň ilkinji üç aýynda önüm öndürmegiň meýilnamasyna 102,6 göterim amal edilip, geçen ýylyň degişli döwrüniň görkezijileri bilen deňeşdirilende, ösüş depgini 110 göterime barabar boldy.

Döwlet balyk hojalygy komiteti boýunça ýerine ýetirilen işleriň umumy ösüş depgini 105,4 göterime deň boldy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Garaşsyz Watanymyzy senagat taýdan ösen döwlete öwürmekde, milli ykdysadyýetimizi mundan beýläk-de diwersifikasiýa ýoly bilen ýokary depginde ösdürmekde öňde goýlan maksatlaryň möhümdigini belledi.

Döwlet Baştutanymyz wise-premýere we senagat ministrine ýüzlenip, hünärmenler bilen bilelikde ýerlere gidip, ýurdumyzdaky her bir zawodyň we fabrigiň işleýşini ýerinde baryp görmegi hem-de işleriň ýagdaýyna içgin gözegçilik etmegi talap etdi.

Täze, örän ýokary hilli, ekologiýa taýdan arassa hem-de eksporta niýetlenen önümleri öndürmek üçin, senagat pudagynyň üýtgedip gurulmalydygyna ünsi çekip, hormatly Prezidentimiz munuň üçin zawod-fabriklerde iň täze enjamlary oturtmalydygyny nygtady.

Döwlet Baştutanymyz wise-premýere degişli görkezmeleri bermek bilen, şu işleri geçirmek üçin, üç aý wagt berýändigini, bu ugurda ýerine ýetirilen işler barada soňra Ministrler Kabinetiniň mejlisinde hasabat bermegi tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary P.Agamyradow şu ýylyň üç aýynda gözegçilik edýän ulgamlarynda alnyp barlan işler barada hasabat berip, bilim ulgamyndaky maddy-tehniki binýady yzygiderli berkitmek, sagdyn we ählitaraplaýyn sazlaşykly ösýän ýaş nesilleri terbiýeläp ýetişdirmek barada işlenip taýýarlanylan maksatnama hakynda hasabat berdi.

Hasabat döwründe orta mekdepleriň okuwçylarynyň arasynda “Altyn asyryň altyn zehinleri” atly bäsleşigiň jemleýji tapgyry, dersler boýunça bäsleşigiň döwlet tapgyry geçirildi.

Ýanwar — mart aýlarynda ýurdumyzyň mekdep okuwçylary halkara ders we taslama bäsleşiklerine gatnaşyp, 8 medala, şol sanda 2 kümüş, 6 bürünç medala, Internet bäsleşiklerinde 2467 sany dürli derejeli diplomlara mynasyp boldular.

Ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplary 4 kümüş we 3 bürünç — jemi 7 medal gazandylar. Halkara internet ders bäsleşiklerinde ýokary okuw mekdepleriniň talyplary jemi 41 sany baýrakly orunlara, şol sanda: 14 altyn, 11 kümüş, 16 bürünç medala hem-de dürli derejedäki diplomlara mynasyp boldular.

Hasabat döwründe okuw kitaplarynyň we gollanmalaryň golýazmalarynyň 145-si taýýarlanyldy we çapa iberildi. Olardan 35-si neşir edildi.

“Türkmenistanda daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmegiň» konsepsiýasyny ýerine ýetirmegiň meýilnamasyny durmuşa geçirmek boýunça ýokary we orta hünär okuw mekdeplerinde daşary ýurt dillerini öwretmegiň meselelerine bagyşlanan ylmy-amaly, okuw-usuly maslahatlar geçirildi. Ýurdumyzda sanly bilim ulgamyny ösdürmek boýunça alnyp barylýan guramaçylyk işleri dowam etdi.

Saglygy goraýyş ulgamy barada aýdylanda. Türkmenistanyň raýatlarynyň 78,4 göterimi döwlet meýletin lukmançylyk ätiýaçlandyrmasy boýunça şertnamalary baglaşdy. Ondan gelip gowuşýan serişdeleriň ösüş depgini 116 göterime, ýerine ýetirilen hyzmatlaryň we ýerlenen önümleriň möçberleri hem 116 göterime, şypahana edaralarynda ýerine ýetirilen hyzmatlardan alnan girdeji bolsa 109 göterime deň boldy.

Şeýle hem wise-premýer Türkmenistanda 2011 — 2020-nji ýyllarda bedenterbiýä we sporta goldaw bermek hem-de ony ösdürmek boýunça Milli maksatnamany ýerine ýetirmegiň barşy barada hasabat berdi.

Hasabat döwründe içerki ýaryşlaryň 54-si, köpçülikleýin sport çäreleriniň 25-si geçirildi. Türkmen türgenleri halkara ýaryşlaryň 23-sine gatnaşyp, 61 medal eýelediler. Olaryň 18-si altyn, 15-si kümüş we 28-si bürünç medallardyr.

Bilim ulgamyndaky özgertmeleri has-da işjeňleşdirmegiň, bu ugurda alnyp barylýan işleri çaltlandyrmagyň, sporty ösdürmegiň we bu pudakdaky işleri düýpli utgaşdyrmagyň zerurdygyny belläp, hormatly Prezidentimiz wise-premýere ýerine ýetiriji häkimiýet edaralarynyň we ýerli öz-özüňi dolandyryş guramalarynyň, işewür düzümleriniň hem-de jemgyýetçiligiň wekilleriniň öňde durýan wezipeleri çözmekde ylalaşykly işini üpjün etmegi tabşyrdy.

Döwlet Baştutanymyz amaly, pudaklaýyn ylymlary höweslendirmek, ýaş inžener-tehniki işgärleri barlaglara we işläp taýýarlamalara çekmek, oýlap tapyş ukyplaryny ýüze çykarmak babatda degişli ýolbaşçylara birnäçe tabşyryklary berdi. Çagalaryň has irki döwürde tehniki dünýägaraýşyny giňeltmek, olaryň hemmetaraplaýyn ösüşini üpjün etmek, okatmagyň usulyýetini häzirki zaman talaplaryna laýyk kämilleşdirmek üçin zerur şertler döredilmelidir.

Ýokary hünärli tehnologik ugry bolan işgärleri taýýarlamak üçin dünýä ylmynyň we senagat syýasatynyň meýillerine laýyklykda okuwyň mazmunyny we onuň ugurlaryny yzygiderli döwrebaplaşdyrmak zerurdyr diýip, hormatly

Prezidentimiz belledi we ylym ulgamynyň netijeliligini we onuň ähli tapgyrlarynyň ýokary hilini üpjün etmek boýunça teklipleri taýýarlamagy tabşyrdy.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Abdyýewa gözegçilik edýän ulgamlarynda şu ýylyň üç aýynda alnyp barlan işleriň jemleri, şeýle hem “Aýdym-saz sungatynyň gadymy çeşmeleri” atly halkara ylmy maslahata we festiwala görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi.

Hasabat döwründe dürli çäreler, şol sanda döredijilik duşuşyklary, ylmy-amaly maslahatlar, sergiler, bäsleşikler, baýramçylyklara we şanly wakalara bagyşlanan sahnalaşdyrylan çykyşlar, aýdym-sazly dabaralar guraldy, 2018-nji ýylyň “Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” atly şygaryna laýyklykda beýleki çäreler geçirildi.

Milli bahar baýramy — Halkara Nowruz güni mynasybetli Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabyndaky Nowruz ýaýlasynda ýurdumyzyň we daşary ýurtlaryň sungat ussatlarynyň gatnaşmagynda dabaralar hem-de sergiler guraldy.

Teatrlaryň, muzeýleriň, kitaphanalaryň işini kämilleşdirmek boýunça yzygiderli işler alnyp barylýar.

Hasabat döwründe Syýahatçylyk baradaky döwlet komitetiniň maliýe-hojalyk işiniň görkezijileri barada hasabat berildi.

Türkmen döwlet neşirýat gullugy tarapyndan şu ýylyň birinji çärýeginde kitap önümleriniň 64 görnüşi çap edildi.

Iri möçberli döwlet maksatnamalaryny ýerine ýetirmekde ýurdumyzyň gazananlary köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde we milli telewideniýäniň ýaýlymlarynda beýan edildi.

Oguzhan adyndaky “Türkmenfilm” birleşiginde doly göwrümli we gysga göwrümli, çeper-publisistik we dokumental filmleri surata düşürmek dowam etdirilýär.

Soňra wise-premýer 18 — 19-njy aprelde Aşgabatda geçiriljek “Aýdym-saz sungatynyň gadymy çeşmeleri” atly halkara ylmy maslahata we festiwala görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi. Bu foruma gatnaşmaga birnäçe daşary ýurt döwletlerinden medeniýet we sungat işgärleri isleg bildirdiler. Forumyň çäklerinde ylmy maslahaty, konsertleri, daşary ýurtly hünärmenleriň ýurdumyzyň ugurdaş okuw mekdepleriniň talyplarynyň gatnaşmagynda ussatlyk sapaklary meýilleşdirildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, bu ulgamyň öňünde goýlan wezipeleri nazara almak bilen, medeniýet ulgamynda alnyp barylýan işleriň mundan beýläk-de kämilleşdirilmeginiň möhümdigine ünsi çekdi. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz Türkmenistanda amala aşyrylýan ägirt uly özgertmeleri döredijilikli beýan etmegiň, ýurdumyzyň ýeten sepgitleriniň daşary ýurtlarda giňden wagyz edilmeginiň, milli taryhy-medeni mirasyň ýaýylmagynyň zerurdygyny nygtap, bu babatda wise-premýere anyk tabşyryklary berdi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Watanymyzyň şan-şöhratyny belende götermekde ýurdumyzyň medeniýet işgärlerine aýratyn ornuň degişlidigini belledi.

Ýurdumyzyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň işini kämilleşdirmek, hususan-da, ýokary çeperçilikli, many-mazmun taýdan döwrebap tele we radio gepleşikleri taýýarlamak boýunça aýratyn tabşyryklar berildi.

Milli Liderimiz halkara ylmy maslahaty we festiwaly guramak baradaky meselä degip geçmek bilen, Türkmenistanyň daşary ýurtlar bilen medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygynyň üstünlikli ösdürilýändigi nukdaýnazaryndan bu forumyň ähmiýetini belledi. Döwlet Baştutanymyz milli medeniýetimiziň mundan beýläk-de ösdürilmegine, dünýäde türkmen halkynyň ruhy mirasynyň giňden wagyz edilmegine, dost-doganlyk gatnaşyklarynyň hem-de Garaşsyz, Bitarap türkmen döwletiniň dünýä bileleşigi bilen köpugurly hyzmatdaşlygynyň pugtalandyrylmagyna ýardam berýän bu möhüm çäräniň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmegini üpjün etmek barada wise-premýere anyk görkezmeleri berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasy ugruny yzygiderli durmuşa geçirmek bilen baglylykda, DIM-niň şu ýylyň birinji çärýeginde ýerine ýetirilen işleriniň netijeleri barada hasabat berdi.

Ýylyň başyndan bäri milli Liderimiziň daşary ýurtlara bolan saparlarynyň hem-de daşary ýurt döwletleriniň birnäçesiniň ýolbaşçylarynyň ýurdumyza saparlarynyň netijeleri parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk we giň netijeli hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan bu oňyn strategiýanyň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr. Geçirilen duşuşyklaryň we ýokary derejedäki gepleşikleriň barşynda gazanylan möhüm ylalaşyklar ikitaraplaýyn hem-de köptaraplaýyn görnüşde, abraýly halkara we sebit guramalarynyň çäklerinde özara bähbitli hyzmatdaşlygy hemmetaraplaýyn pugtalandyrmaga hem-de ösdürmäge ýardam etmelidir.

Umuman, hasabat döwründe Daşary işler ministrliginiň üsti bilen dürli derejedäki wekiliýetleriň jemi 151-si ýurdumyza sapar bilen geldi. Şol bir wagtyň özünde Türkmenistandan daşary ýurtlara 157 wekiliýet gitdi. Ýurdumyzda daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen dürli derejedäki çäreleriň 64-si geçirildi.

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň we beýleki döwletleriň daşary syýasat edaralarynyň arasynda syýasy maslahatlaşmalar yzygiderli geçirilýär.

Dünýäniň beýleki döwletleri bilen söwda-ykdysady we ynsanperwer-medeni hyzmatdaşlygy hemmetaraplaýyn ösdürmek Türkmenistanyň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Şunda hökümetara toparlaryň işine möhüm orun degişlidir. Mart aýynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-rus toparynyň çäginde döredilen Söwda we maýa goýum hyzmatdaşlygyna ýardam bermek boýunça ýokary derejedäki toparyň hem-de türkmen-tatar iş toparynyň nobatdaky mejlisleri geçirildi. Hasabat döwründe ikitaraplaýyn işewür forumlaryň, şol sanda Eýranyň, Beýik Britaniýanyň we Italiýanyň işewür toparlarynyň wekilleriniň gatnaşmagynda maslahatlar geçirildi.

Milli Liderimiz Daşary işler ministrliginiň hem-de ýurdumyzyň diplomatlarynyň öňünde goýlan esasy wezipelere ünsi çekip, gyzyklanma bildirýän daşary ýurtly hyzmatdaşlaryň ählisi bilen köpugurly gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmek üçin bar bolan ägirt uly kuwwatdan we mümkinçiliklerden has netijeli peýdalanmagyň zerurdygyny belledi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Bitarap Türkmenistanyň beýleki döwletler we halkara guramalar bilen öz gatnaşyklaryny birek-birege hormat goýmak, deňhukuklylyk hem-de uzakmöhletleýin ýörelgeleri esasynda guramak bilen mundan beýläk hem häzirki döwrüň wajyp meseleleriniň sazlaşykly çözgütlerini işläp taýýarlamak boýunça sebit we ählumumy tagallalara işjeň gatnaşjakdygyny aýtdy.

Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz wise-premýere, daşary işler ministrine degişli tabşyryklaryň birnäçesini, şol sanda ýurdumyzyň ählumumy parahatçylygy, abadançylygy we ösüşi üpjün etmäge gönükdirilen oňyn başlangyçlaryny ilerletmäge hem-de durmuşa geçirmäge degişli görkezmeleri berdi.

Mejlisiň Başlygy G.Mämmedowa milli parlamentiň şu ýylyň birinji çärýeginde alyp baran işleriniň netijeleri barada habar berdi.

Geçen döwürde Mejlisiň maslahatlarynyň ikisi geçirilip, olarda kanunlaryň we kararlaryň 29-sy, şol sanda Türkmenistanyň kanunlarynyň 5-si, Mejlisiň kararlarynyň 24-si kabul edildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň Mejlisiniň altynjy çagyrylyşynyň birinji maslahatynda eden maksatnamalaýyn çykyşynda kesgitlenen wezipelere laýyklykda, ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek maksatnamalaryny mundan beýläk-de üstünlikli durmuşa geçirmäge, döwletimiziň demokratik esaslaryny pugtalandyrmaga hem-de aýry-aýry ulgamlaryň kanunçylyk-hukuk binýadyny kämilleşdirmäge gönükdirilen kanunlary taýýarlamak boýunça işler alnyp barylýar.

Häzirki wagtda ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň tekliplerini nazara almak bilen, milli parlamentiň täze çagyrylyşynyň şu ýyl we geljekki bäş ýyl üçin kanunçykaryjylyk işiniň meýilnamalaryny taýýarlamak işleri alnyp barylýar. Bu resminamalar milli ykdysadyýetimiziň we türkmen jemgyýetiniň beýleki ulgamlarynyň ösmegini üpjün etmäge, adamyň we raýatyň hukuklaryny hem-de azatlyklaryny goramaga, döwletimiziň durmuş ugurly syýasatyny hem-de daşary syýasy strategiýasyny yzygiderli durmuşa geçirmäge gönükdirilendir.

Halkara we parlamentara gatnaşyklary ösdürmegiň çäklerinde Mejlis BMG-niň ýöriteleşdirilen edaralary hem-de beýleki halkara guramalar bilen yzygiderli gatnaşyk edýär, halkara çärelere we okuw maslahatlaryna gatnaşýar.

Deputatlar ozal kabul edilen kanunçylyk namalary we umuman, döwlet Baştutanymyzyň durmuşa geçirýän oňyn daşary we içeri syýasaty boýunça ýerlerde düşündiriş işlerini alyp barýarlar, saýlawçylar bilen duşuşýarlar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow döwlet durmuş-ykdysady maksatnamalaryny hem-de taslamalaryny mundan beýläk-de üstünlikli durmuşa geçirmek maksady bilen milli parlamentiň netijeli kanunçykaryjylyk işiniň wajypdygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz ýene-de umumy ykrar edilen halkara hukuk resminamalary bilen içgin tanyşmagyň, olary milli kanunçylyk tejribesinde nazara almagyň zerurdygyny nygtady. Döwlet Baştutanymyz deputatlaryň ýerlerdäki ýagdaýy içgin öwrenmelidigini, öz saýlawçylary bilen ýygy-ýygydan duşuşmalydygyny, mähriban halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmaga gönükdirilen işleri kanunçylyk taýdan goldamalydygyny belledi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow kanunçykaryjylyk ulgamynda tejribe alyşmaga, halkara jemgyýetçiligi Türkmenistanyň taryhy tejribesi hem-de demokratik hukuk döwletiniň ösüş ýolunda häzirki gazananlary bilen tanyşdyrmaga ýardam edýän halkara hyzmatdaşlygyň we parlamentara gatnaşyklaryň mundan beýläk-de giňeldilmegine ünsüni çekdi.

Soňra Aşgabat şäheriniň häkimi Ş.Durdylyýew paýtagtymyzyň ähli düzümlerinde ýerine ýetirilen işleriň netijeleri, şeýle hem paýtagtymyzyň durmuş ulgamyna degişli binalaryň ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň işgärlerine, Mejlisiň deputatlaryna bermek we ýaşaýyş jaýlarynda tehniki, hojalyk hyzmatlaryny amala aşyrmak bilen baglanyşykly teklipler barada hasabat berdi.

Döwlet Baştutanymyz paýtagtymyzy mundan beýläk-de hemmetaraplaýyn we sazlaşykly ösdürmek boýunça alnyp barylýan işleriň yzygiderli gözegçilikde saklanmalydygyny belledi. Şeýle hem hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Aşgabadyň häkimine ähli zerur bolan namalary resmileşdirip, Olimpiýa şäherçesiniň çäklerinde bar bolan ýaşaýyş jaýlaryna Mejlisiň deputatlarynyň, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň işgärleriniň göçüp barmaklaryny üpjün etmegi tabşyrdy.

Soňra mejlisde welaýatlaryň häkimleriniň we ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynyň ýolbaşçylarynyň hasabatlary diňlenildi.

Ilki bilen Ahal welaýatynyň häkimi Ş.Amangeldiýew şu ýylyň birinji çärýeginde welaýatda alnyp barylýan işleriň netijeleri, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy we ilatyň durmuş üpjünçiligini gowulandyrmak boýunça ýerine ýetirilýän çäreler barada hasabat berdi.

Döwlet Baştutanymyz hasabat döwründe bu welaýatda Oba milli maksatnamasyndan gelip çykýan wezipeleriň doly ýerine ýetirilmändigine ünsi çekdi. Hormatly Prezidentimiz, aýratyn-da, Kaka we Tejen etraplarynda Milli maksatnama boýunça desgalaryň gurluşygy üçin goýberilen serişdeleriň haýal özleşdirilýändigini, käbir desgalaryň bolsa gurluşygynyň uzaga çekdirilýändigini belläp, ýol berlen kemçilikleri düzetmek üçin zerur çäreleri görmegi häkimden talap etdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow wezipe borçlaryny talabalaýyk ýerine ýetirmän, Oba milli maksatnamasynda göz öňünde tutulan işleriň amala aşyrylmagyny üpjün etmändigi üçin Ahal welaýatynyň häkimi Ş.Amangeldiýewe käýinç yglan etdi we degişli Buýruga gol çekdi.

Soňra Balkan welaýatynyň häkimi S.Satlykow sebitde şu ýylyň ýanwar — mart aýlarynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri, şeýle hem Oba milli maksatnamasyndan gelip çykýan wezipeleri üstünlikli amala aşyrmak ugrunda ýaýbaňlandyrylan giň möçberli çäreler barada hasabat berdi.

Milli Liderimiz welaýatda gant şugundyrynyň hasylyny ýetişdirmek boýunça tabşyrygyň ýerine ýetirilmeýändigini, Oba milli maksatnamasy boýunça desgalaryň haýal gurulýandygyny belledi.

Hususan-da, Gumdag şäherinde, Bereket, Serdar we Magtymguly etraplarynda häzire çenli maksatnamada göz öňünde tutulan desgalaryň gurluşygyna başlanmandygyny, şu maksat bilen bölünip berlen serişdeleriň beýleki etraplarda hem haýal özleşdirilýändigini belledi.

Döwlet Baştutanymyz wezipe borçlaryny talabalaýyk ýerine ýetirmän, Oba milli maksatnamasynda göz öňünde tutulan işleriň amala aşyrylmagyny üpjün etmändigi we gant şugundyrynyň ekişine taýýarlyk işlerine gözegçiligi gowşadandygy üçin Balkan welaýatynyň häkimi S.Satlykowa käýinç yglan etdi.

Öz nobatynda Daşoguz welaýatynyň häkimi M.Baýramgulyýew şu ýylyň birinji çärýeginde sebitde alnyp barlan işleriň netijeleri we möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabat berdi. Şeýle hem ol welaýatyň çäklerinde dürli maksatly binalaryň gurluşygyny çaltlandyrmak babatda edilýän tagallalar barada habar berdi.

Döwlet Baştutanymyz Daşoguz welaýatynda hem Oba milli maksatnamasynda meýilleşdirilen desgalaryň gurluşygynyň ýagdaýynyň öwerlik däldigini, ilaty arassa agyz suwy bilen üpjün etmek, durmuş maksatly desgalary gurmak boýunça kabul edilen maksatnamalaryň ýaramaz ýerine ýetirilýändigini aýdyp, M.Baýramgulyýewe käýinç yglan etdi.

Soňra Lebap welaýatynyň häkimi T.Atahallyýew şu ýylyň birinji çärýeginde welaýatda alnyp barlan işleriň netijeleri, şeýle hem Oba milli maksatnamasynyň ýerine ýetirilişiniň barşy barada hasabat berdi .

Hormatly Prezidentimiz welaýatyň Dänew, Çärjew, Saýat we Köýtendag etraplarynda ýaşaýyş-durmuş maksatly desgalaryň gurluşygynyň depginleriniň pesdigine ünsi çekip, Lebap welaýatynyň häkimi T.Atahallyýewe käýinç yglan etdi.

Mary welaýatynyň häkimi D.Annaberdiýew hasabat döwründe welaýatda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri, häzirki döwürde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy we milli Liderimiziň ozal beren tabşyryklarynyň netijeleri barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow welaýatyň Baýramaly, Wekilbazar, Garagum we Sakarçäge etraplarynda gurulýan desgalarda işleriň haýal alnyp barylýandygyny, şeýle hem birnäçe durmuş maksatly desgalaryň bolsa häzire çenli gurluşygyna girişilmändigini belläp, Mary welaýatynyň häkimi D.Annaberdiýewe käýinç yglan etdi.

Döwlet Baştutanymyz welaýatlarda bar bolan kemçilikleri gysga wagtda düzetmek we işleri häzirki döwrüň talabyna laýyk derejede guramak babatda ähli zerur tagallalaryň edilmelidigini belledi hem-de öňde durýan wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmegine örän jogapkärçilikli çemeleşmegi häkimlerden berk talap etdi.

Oba adamlarynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmak, olary zerur bolan ähli hyzmatlar bilen üpjün etmek biziň esasy wezipelerimiziň biri bolup durýar. Munuň üçin döwletimiz köp möçberde serişdeleri goýberýär. Şoňa görä-de, biz Oba milli maksatnamasyny näçe çalt durmuşa geçirsek, mähriban halkymyz şonça-da gowy durmuşda ýaşar diýip, milli Liderimiz aýtdy.

Muňa garamazdan, häzirki döwürde Maksatnama giň gerim bilen ýerine ýetirilmeýär. Maksatnamada göz öňünde tutulan gurluşyklaryň alnyp barlyşyna hem-de hiline Gurluşyk we binagärlik ministrligi jogap bermeli diýip, hormatly Prezidentimiz ministrligiň bu işlere gözegçiligi gowşadandygyny belledi.

Şoňa görä-de, Gurluşyk we binagärlik ministri S.Selimowa käýinç yglan edýärin hem-de Maksatnamanyň ýerine ýetirilişi baradaky meselä Ministrler Kabinetiniň ýarym ýylyň jemlerine bagyşlanan mejlisinde ýene-de seretjekdigimizi duýdurýaryn diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady. Eger, şoňa çenli oňyn netijeler gazanylmasa, onda bu işde günäkär ýolbaşçylaryň ählisi eýeleýän wezipesinden boşadylar.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary E.Orazgeldiýew gözegçilik edýän ulgamlarynda şu ýylyň birinji çärýeginde ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi.

Tutuş oba hojalyk toplumy boýunça önümçiligiň umumy möçberiniň ösüş depgini 103,7 göterime deň boldy. Oba we suw hojalyk ministrligi boýunça bu görkeziji 102,8 göterime, Daşky gurşawy goramak we ýer serişdeleri baradaky döwlet komiteti boýunça 109,5 göterime, Azyk senagaty döwlet birleşigi boýunça 106,3 göterime, “Türkmen atlary” döwlet birleşigi boýunça 105,8 göterime barabar boldy.

Hormatly Prezidentimiz wise-premýer E.Orazgeldiýewe, häkimlere we oba hojalyk toplumynyň ýolbaşçylaryna ýüzlenip, olaryň işine nägilelik bildirdi.

Döwlet Baştutanymyz häzire çenli ýurdumyzda nusgalyk oba hojalyk kärhanasynyň döredilmändigi, ol döredilen bolsa ýer gaznasyny netijeli peýdalanmagyň we oba hojalyk önümlerini öndürmegiň möçberlerini artdyrmagyň amatly usullaryny görkezjekdigine ünsi çekdi.

Häzirki döwürde gowaçadan alynýan hasylyň we pagta arassalaýjy kärhanalarda pagta süýüminiň çykymynyň pes bolmagy ýurdumyzyň dokma senagatynyň ösüşini bökdeýär. Örän bähbitli inçe süýümli pagta iş ýüzünde ulanylmaýar.

Bugdaý öndürmegiň ýagdaýy hem şundan öwerlik däl. Bu bolsa mineral dökünleriň we suw serişdeleriniň ýeterlik bardygyna garamazdan, ýurdumyzyň köp ýerlerinde agrotehniki kadalaryň berjaý edilmeýändigini, zawodlaryň enjamlarynyň könelendigini görkezýär.

Döwlet Baştutanymyz bu ugurda ylmy-barlag institutlarynyň işiniň netijeliligini ýokarlandyrmagy, ýokary hünärli işgärleri taýýarlamak wezipelerine, ýokary okuw mekdeplerini — oba hojalyk uniwersitetini we institutyny her ýylda tamamlaýan hünärmenleri işe ýerleşdirmek meselelerine ünsi güýçlendirmegi talap etdi.

Ýurdumyzy 2024-nji ýyla çenli ösdürmegiň maksatnamasyna laýyklykda hem-de döwlet dolandyryş edaralarynyň gurluşyny kämilleşdirmek we ykdysadyýetimiziň bazar gatnaşyklaryna geçmegi bilen bagly meselelere degip geçmek bilen, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Azyk senagaty döwlet birleşigini Oba we suw hojalyk ministrligine birleşdirmek barada karara gelendigini mälim etdi.

Döwlet Baştutanymyz degişli resminama gol çekip, wise-premýer E.Orazgeldiýewe Azyk senagaty döwlet birleşiginiň kärhanalaryny barlamak hem-de Oba we suw hojalyk ministrligine bermek baradaky toparyň düzümini taýýarlamagy we bu ugurda edilen işleriň netijeleri barada soňra Ministrler Kabinetiniň mejlisinde hasabat bermegi tabşyrdy.

Soňra Türkmenistanyň Baş prokurory B.Atdaýew suw serişdelerini rejeli peýdalanmak we bag nahallaryna edilýän ideg işleriniň barşy bilen baglanyşykly ýurdumyzyň ministrliklerinde we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynda geçirilen barlaglaryň netijeleri barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, daşky gurşawy goramak, suw serişdelerini aýawly peýdalanmak hem-de “Türkmenistanyň Milli tokaý maksatnamasyny” üstünlikli ýerine ýetirmek bilen baglanyşykly meseleleriň möhümdigini we oňa aýratyn ähmiýet berilýändigini belledi.

Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň Baş prokuroryna mundan beýläk-de suw hojalygynda milli kanunçylygyň ýerine ýetirilişine, şeýle hem seýilgäh zolaklarynyň ýagdaýyna berk gözegçilik etmegi tabşyrdy. Gök zolaklara ýurdumyzyň kärhanalarynyň we guramalarynyň işgärleri degişli derejedäki idegi amala aşyrmalydyrlar.

Hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň mejlisini dowam edip, M.Çakyýewe söz berdi, ol aýry-aýry ministrliklerde we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynda geçirilen barlaglaryň netijeleri barada hasabat berdi.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, ýurdumyzda parahorluk we korrupsiýa ýaly ykdysadyýetimiziň okgunly ösüşine päsgelçilik berýän ýaramaz hadysalara garşy durmak, öňüni almak we doly ýok etmek boýunça çäreleriň mundan beýläk-de güýçlendirilmeginiň möhümdigine ünsi çekdi.

Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Ykdysady jenaýatlara garşy göreşmek baradaky döwlet gullugynyň direktory wezipesine täze bellenilen M.Hudaýkulyýewe degişli derňew çärelerini yzygiderli dowam etmek boýunça birnäçe anyk görkezmeleri berdi.

Soňra hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň ýolbaşçylaryny wezipä bellemek hem-de wezipeden boşatmak hakyndaky meselä geçip, polisiýanyň podpolkownigi M.Myradowy içeri işler ministriniň orunbasary wezipesine belläp, ony Içeri işler ministrliginiň institutynyň rektory wezipesinden boşatdy.

Polisiýanyň general-maýory Ç.Amanow Içeri işler ministrliginiň Institutynyň rektory wezipesine bellenildi.

Şeýle hem milli Liderimiz içerki gullugyň podpolkownigi Ý.Abaýewi Balkan welaýatynyň Polisiýa müdirliginiň başlygy wezipesine, polisiýanyň podpolkownigi O.Suhanowy Daşoguz welaýatynyň Polisiýa müdirliginiň başlygy wezipesine belläp, olary eýeleýän içeri işler ministriniň orunbasarlary wezipelerinden boşatdy.

Şeýle hem döwlet Baştutanymyz polkownik D. Meredowy içeri işler ministriniň orunbasary wezipesine bellemek hakyndaky resminama gol çekdi.

Soňra döwlet Baştutanymyz mejlise gatnaşyjylaryň öňünde çykyş edip, mejlisde döwlet meselelerini ara alyp maslahatlaşmagyň netijelerini jemledi hem-de ýakyn geljek üçin ilkinji derejeli wezipeleri kesgitledi.

Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, şu ýylyň birinji çärýeginde amala aşyrylan işleriň netijeleri ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň göz öňünde tutulan maksatnamalara laýyklykda ösmegini dowam edýändigini görkezýär. Ýurdumyzda jemi içerki önümiň ösüşi 6,2 göterim derejesinde durnukly saklanyp gelýär.

Geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri öndürmek boýunça maksatnamalary amala aşyrmagyň netijesinde, biz eksport edilýän önümleriň möçberini 14,2 göterim artdyrdyk. Import edilýän harytlaryň möçberini bolsa 40 göterim diýen ýaly azaltdyk. Zähmet haklarynyň möçberi hem 9,3 göterim köpeldi diýip, hormatly Prezidentimiz sözüni dowam etdi.

Häzirki döwürde ýurdumyzda umumy bahasy 42 milliard amerikan dollaryndan hem köp bolan 1600-den gowrak iri desganyň gurluşygy dowam edýär. Bu desgalaryň 99 göterime golaýynyň gurluşygyny öz kärhanalarymyz alyp barýar.

Birinji çärýekde biz gurlup, ulanmaga berilmegi göz öňünde tutulan ähli senagat we durmuş maksatly desgalary işe girizdik.

Şolaryň hatarynda meýdany 150 müň inedördül metrden hem köp bolan ýaşaýyş jaýlaryny, şol sanda ähli amatlyklary bolan ýaşaýyş jaýlaryny ulanmaga berdik. Ahal welaýatynda iri aýna kärhanasyny, Türkmenabat şäherinde halkara howa menzilini, Serhetabat — Turgundy demir ýoluny, dynç alyş we sagaldyş merkezlerini, çagalar baglaryny hem-de birnäçe beýleki durmuş maksatly desgalary işe girizdik.

Kabul eden meýilnamalarymyza laýyklykda, ýurdumyzda bilim we ylym ulgamlarynda özgertmeler dowam edýär. Önümçilik pudaklary döwrebap ýagdaýa getirilýär. Bazar ykdysadyýetine geçilýär. Nebitgaz känleri giň gerim bilen özleşdirilýär. Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisi gurulýar we beýleki halkara taslamalary amala aşyrmak boýunça taýýarlyk işleri alnyp barylýar.

Şeýle hem, karbamid we ammiak öndürýän iri senagat toplumlarynyň, polietilen we polipropilen çykarýan gazhimiýa toplumynyň gurluşygy dowam edýär. Ylmyň we tehnikanyň iň täze gazananlaryny peýdalanmak bilen, möhüm ähmiýetli beýleki taslamalar hem amala aşyrylýar.

Biz hususy telekeçiligi ösdürmäge goldaw bermegi, ýurdumyzyň telekeçilerini ykdysadyýetimizde geçirilýän özgertmeleri amala aşyrmaga giňden çekmegi dowam edýäris diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy. Şu işleriň netijesinde, birinji çärýekde geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, täze hususy kärhanalaryň sany köpeldi. Umuman alnanda, jemi içerki önümiň düzüminde ykdysadyýetiň döwlete dahylsyz pudaklarynyň paýy artdy we häzirki döwürde ol 63,1 göterime barabardyr.

Döwletimiziň syýasy ulgamy hem kämilleşmegini dowam edýär. 25-nji martda ýurdumyzda hereket edýän syýasy partiýalaryň üçüsiniň hem gatnaşmagynda häkimiýetiň ähli wekilçilikli edaralaryna saýlawlar geçirildi. Bu saýlawlar deňhukuklylyk esasynda, erkin we açyk ýagdaýda, milli kanunçylygyň talaplary berjaý edilip geçirildi. Halkara synçylar saýlawlaryň guralyşyna ýokary baha berdiler. Bu bolsa ýurdumyzda demokratiýanyň ösüş derejesiniň barha ýokarlanýandygyny görkezýär diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi.

Umuman alnanda, kanagatlanarly diýip boljak görkezijilerimize garamazdan, dünýä ykdysadyýetiniň ýagdaýy çylşyrymly bolmagynda galýar. Şeýle şertlerde biziň köp we tutanýerli işlemegimiziň zerurdygyny men eýýäm aýtdym. Häzir esasy wezipe ykdysadyýetimiziň nebit pudagyndan beýleki pudaklaryny işjeň ösdürmegi dowam etdirmekden ybaratdyr. Munuň üçin ýurdumyza beýleki döwletlerden getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri öndürmek we özümizde öndürilýän önümleriň daşary ýurtlara iberilýän möçberini artdyrmak boýunça Döwlet maksatnamalaryna goşmaça itergi bermeli. Dürli pudaklarda bar bolan uly mümkinçilikleri netijeli peýdalanmaly diýip, hormatly Prezidentimiz nygtady.

Ministrler Kabineti Türkmenistanyň Prezidentiniň Obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmak boýunça 2020-nji ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnamasyny we beýleki milli maksatnamalaryny amala aşyrmaga aýratyn üns bermeli.

Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, biz aprel aýynyň ahyrynda Türkmen bedewiniň baýramyny giňden belläp geçmegi göz öňünde tutýarys. Bu bolsa ýurdumyzyň durmuşynda uly wakadyr. Şoňa görä-de, bu dabaralary geçirmäge gowy taýýarlyk görmeli. Halkara maslahatyny hem ýokary derejede guramaçylykly geçirmeli.

Maý aýynyň başynda bolsa Hazar deňzinde iri deňiz porty işe giriziler. Portuň gurluşygynyň tamamlanmagy bilen biziň ulag boýunça başlangyjymyzyň amala aşyrylmagyny üpjün etmeli. Örän möhüm taslamalaryň biri bolan kontinentara ulag geçelgelerini döretmek boýunça taslamany amala aşyrmaly. Alyp barýan esasy ugrumyza laýyklykda, munuň özi bize beýleki döwletleriň deňiz portlaryna çykmaga mümkinçilik berer. Sebitde ýükleriň üstaşyr daşalmagyny we ýolagçylaryň gatnadylmagyny üpjün eder diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady.

Şoňa görä-de, Daşary işler ministrligi gowy taýýarlyk görüp, ulag meseleleri boýunça halkara maslahaty ýokary derejede geçirmeli.

Nesip bolsa, şu ýyl Gyýanlyda we Ahal welaýatynda iri gazhimiýa toplumlarynyň gurluşygy tamamlanar diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi. Bu toplumlar örän gysga wagtda polietilen we polipropilen hem-de beýleki önümleri öndürmegi ýola goýmaga, eksportyň möçberini ep-esli artdyrmaga mümkinçilik berer. Milli Liderimiz nebitgaz toplumynyň ýolbaşçylaryna ýüzlenip, häzirden bu işlere taýýarlyk görüp, sarp edijileri gözlemelidigini we olar bilen şertnamalary baglaşmalydygyny aýtdy.

Ähli ýolbaşçylar daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri öndürýän kärhanalary, hususan-da, daşary ýurt firmalary bilen bilelikde döretmegi dowam etmeli, eksport edilýän harytlaryň möçberini artdyrmaly.

Ýurdumyzda ýerasty baýlyklar köp. Şol baýlyklary ýokary depginler bilen işläp geçmeli we senagat dolanyşygyna girizmeli. Bu işlere Senagatçylar we telekeçiler birleşmesini giňden çekmeli. Şeýle kärhanalar üçin belli bir derejede ýeňillikleri döretmeli.

Biz nebitgaz toplumyna we oba hojalygyna aýratyn üns bermelidiris. Bu pudaklaryň işini kadalaşdyrmak üçin, işiň täze görnüşlerini gözlemelidiris.

Men oba hojalygyny ösdürmek meselesine ýaşulularyň we jemgyýetçilik wekilleriniň gatnaşmagynda Halk Maslahatynda seretsek, maksadalaýyk bolar diýip pikir edýärin diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.

Ylym-bilim we saglygy goraýyş ulgamlarynda bu ugurdaky iň gowy dünýä tejribesi esasynda giň gerimli özgertmeleri amala aşyrmaly. Ähli ugurlar we pudaklar üçin ýokary derejeli hünärmenleri hem-de ýaş alymlary taýýarlamagy dowam etmeli.

Soňra hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, ýakyn wagtda köp sanly medeni çäreleriň geçirilmegi göz öňünde tutulýar. Şol çäreleriň hatarynda Türkmen bedewiniň baýramyny, Ýeňiş gününi, Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň gününi, Aşgabat şäheriniň gününi, Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet gününi, halkara maslahatlaryny we birnäçe beýleki çäreleri görkezmek bolar. Bu baýramçylyklara gowy taýýarlyk görüp, olary ýokary derejede guramaçylykly geçirmeli.

Ýurdumyzda amala aşyrylýan özgertmeler barada hemmetaraplaýyn we doly habar bermek, gazanan üstünliklerimizi giňden wagyz etmek arkaly goldamak köpçülikleýin habar beriş serişdelerimiziň esasy wezipesi bolup durýar. Medeniýeti ruhy gymmatlyklaryň we milli däp-dessurlaryň binýadynda hemmetaraplaýyn ösdürmek we durmuş hem-de ykdysady özgertmeleriň barşynda onuň ähmiýetini ýokarlandyrmak hem şu wezipelere degişlidir diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy.

Tomusky dynç alyş möwsüminiň hem ýetip gelýändigini, şoňa görä-de, häzirden sagaldyş merkezlerini möwsüme taýýarlap başlamalydygyny döwlet Baştutanymyz aýratyn belledi. Biziň deputatlarymyz durmuş-ykdysady maksatnamalarymyzy, aýratyn hem etraplarda amala aşyrmaga has işjeň gatnaşmalydyrlar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň mejlisini jemläp, oňa gatnaşyjylara berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny we uly üstünlikler, Garaşsyz Watanymyzyň ähli halkyna bolsa «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» diýlip yglan edilen ýylda abadançylyk we gülläp ösüş arzuw etdi.

Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi