Merkezi Bankyň
walýuta kursy

Beýleki walýutalaryň kursy

Gymmat bahaly metallaryň
1 (bir) unsiýasynyň türkmen manadyna bolan gatnaşyklary

  ALTYN
  KÜMÜŞ
  PLATINA
  PALLADIÝ

Halkara pul gaznasy Türkmenistanyň ykdysady ösüşine ýokary baha berdi

Jenap Martin Sommeriň ýolbaşçylygyndaky Halkara pul gaznasynyň (HPG) wekiliýeti 2018-nji ýylyň 19-njy fewralyndan 6-njy marty aralygynda döwlet edaralarynyň jogapkär işgärleri, ykdysadyýetiň hakyky böleginiň we maliýe pudaklarynyň wekilleri hem-de diplomatik jemgyýetçiligi bilen makroykdysady we maliýe ulgamyndaky ösüşlere baha bermek, ykdysady üýtgeşmeleri hem-de ykdysady syýasatyň ileri tutulýan ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmak maksady bilen, Aşgabatda iş saparynda boldy.

HPG-niň wekiliýetiniň iş saparynyň netijeleri barada hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa Ministrler Kabinetiniň 9-njy martda bolan mejlisinde habar berildi.

Şeýlelikde, iş saparynyň soňunda HPG-niň missiýasy beýannama bilen çykyş etdi. Onda Türkmenistanyň ykdysadyýeti, daşky gurşawyň oňaýsyz hem bolsa, gowulaşýan ýagdaýlaryna uýgunlaşmagyny dowam edýändigi bellenilýär. Geçen ýyl ösüş depgini 6,5 göterime deň bolup, muňa tebigy gazyň hem-de daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümçilikleriň artmagy, şeýle hem giň gerimler bilen alnyp barlan karz syýasaty ýardam etdi. Şunda gazy gaýtadan işleýän täze toplumlaryň ulanylmaga berilmeginiň meýilleşdirilmegi we iri taslamalaryň tamamlanmagy ýurdumyzda ykdysady işjeňligiň geljekki ösüşine ýardam berjekdigi bellenildi.

HPG-niň hünärmenleriniň pikirine görä, ykdysady syýasatyň gysga döwür üçin esasy maksady, öňküsi ýaly, daşky gurşawyň näsazlyklarynyň täsirini peseltmek üçin degişli çäreleri kabul etmekden ybaratdyr. Bilermenler ykdysadyýete gönükdirilýän düýpli maýa goýumlarynyň möçberiniň peseldilmegine oňyn baha berip, goşmaça çäreleri kabul etmegiň, şol sanda salgyt-býujet we pul-karz syýasatyny has-da berkitmek, importa we beýleki gündelik halkara töleglere amala aşyrylýan daşary ýurt pul kadalaşdyryşyny kämilleşdirmek boýunça çäreleri kabul etmegiň zerurdygyna garamagy maslahat berdiler.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň hödürlän Türkmenistany 2018 — 2024-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda milli ykdysadyýetimizi durnukly ösdürmek, bazar gatnaşyklaryna çalt geçmek, hususan-da, döwlete dahylsyz ulgamy ösdürmek, bilelikdäki kärhanalary hem-de paýdarlar jemgyýetlerini döretmek, gazna biržalarynyň we gymmatly kagyzlar bazarynyň işini güýçlendirmek üçin ähli serişdelerden we mümkinçiliklerden has doly peýdalanmagyň wezipeleri kesgitlenildi.

HPG-niň missiýasynyň beýannamasynda Türkmenistanyň ösüşiniň täze ýedi ýyllyk meýilnamasynyň has-da diwersifisirlenen bazar ykdysadyýetiniň esasynda uzak möhlet üçin durnukly we hemmetaraplaýyn höweslendirmek maksady bilen düzümleýin özgertmeleri çuňlaşdyrmaga we çaltlandyrmaga mümkinçilik berýändigi nygtaldy.

Döwlet kärhanalarynyň hususylaşdyrylmagy, erkin ykdysady zolaklaryň hereket etmegi täze hususy, şol sanda daşary ýurt maýadarlaryny çekmäge mümkinçilik döreder, islendik oňaýly tejribe bolsa Türkmenistanyň beýleki künjeklerine giňden ýaýradylyp bilner.

Geljekde resmi düzümleriň durmuş ugurly ösüşi goldamakdaky tagallalary bilen baglylykda, saglygy goraýyş we bilim üçin çykdajylary ýokarlandyrmak arkaly döwlet çykdajylarynyň akymyny maddy toplaýyşdan adam kapitalynyň artdyrylmagyna gönükdirmek mümkinçiligi artýar diýip, HPG-niň missiýasy netije çykarýar.

Galyberse-de, makroykdysady we maliýe maglumatynyň has-da giňden ýaýradylmagy we onuň hiliniň ýokarlandyrylmagy ykdysady akymlara has gowy düşünmäge, daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmäge we bütindünýä maliýe bazarlaryna çykmagy ýeňilleşdirmäge ýardam berer diýip, HPG-niň missiýasy belledi we Gaznanyň Türkmenistanyň Hökümetiniň amala aşyrýan özgertmelerini ykdysady syýasatyň we işgärler syýasatynyň meseleleri, şol sanda makroykdysady görkezijileri çaklamak, salgyt-býujet we pul-karz syýasatynyň esaslaryny berkitmek babatynda degişli maslahatlary bermek arkaly goldamaga taýýardygyny beýan etdi.

HPG-niň wekilleri tarapyndan metbugat beýannamasynda bellenilen şu ugurlaryň ählisi boýunça hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan anyk çäreler hem-de maksatlara ýetmegiň gurallary kesgitlenildi. Olar döwlet Baştutanymyz tarapyndan 2017-nji ýylyň oktýabr aýynda öňe sürlen ýakyn ýedi ýyl üçin maksatnamanyň esasyny düzdi.

Türkmenistana şu iş saparynyň netijeleri 2018-nji ýylyň aprel aýynda HPG-niň Ýerine ýetiriji geňeşinde ara alnyp maslahatlaşylar.

Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi