Merkezi Bankyň
walýuta kursy

Beýleki walýutalaryň kursy

Gymmat bahaly metallaryň
1 (bir) unsiýasynyň türkmen manadyna bolan gatnaşyklary

  ALTYN
  KÜMÜŞ
  PLATINA
  PALLADIÝ

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

2018-nji ýylyň 2-nji martynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň mejlisini geçirdi. Onda milli ykdysadyýetimiziň pudaklarynda geçen iki aýyň dowamynda alnyp barlan işleriň jemleri barada degişli ýolbaşçylaryň hasabatlary diňlenildi, şeýle hem döwlet durmuşynyň birnäçe möhüm meselelerine garaldy.

Hormatly Prezidentimiz mejlisiň gün tertibine geçip, ilki bilen Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary G.Myradowa söz berdi. Wisepremýer 2018-nji ýylyň iki aýynyň makroykdysady görkezijileri barada hasabat berdi. Hasabat döwründe jemi içerki önüm 6,2 göterim artdy, şol sanda ösüş depgini senagat pudagynda 4,8 göterim, ulag we aragatnaşyk toplumynda 10,4 göterim, söwdada 8,4 göterim, oba hojalygynda 3,4 göterim we hyzmatlar ulgamynda 10,1 göterim ýokarlandy.

Geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, jemi öndürilen önüm 4 göterim artdy.

Iki aýyň jemleri boýunça bölek satuw-haryt dolanyşygy 2017-nji ýylyň degişli döwrüne garanyňda, 18,1 göterim köpeldi. Sarp ediş harytlarynyň we ilata edilýän hyzmatlaryň nyrhlarynyň jemleýji görkezijileri durnukly saklanyldy. Harytlaryň we önümleriň eksporty 18 göterim artdy.

Ýurdumyzyň iri we orta kärhanalarynda ortaça aýlyk zähmet haky geçen ýylyň degişli döwrüne görä, 9,8 göterim ýokarlandy.

Şu ýylyň ýanwar — fewral aýlarynyň deslapky jemleri boýunça Döwlet býujetiniň girdeji bölegi 2 milliard manada we çykdajy bölegi 1,9 milliard manada deň boldy. Hasabat döwründe býujetden maliýeleşdirilýän we hojalyk hasaplaşyklaryndaky döwlet kärhanalarynda zähmet haklary, pensiýalar, döwlet kömek pullary we talyp haklary öz wagtynda maliýeleşdirildi.

«Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça 2020-nji ýyla çenli döwür üçin rejelenen görnüşdäki Milli maksatnamasynyň” çäklerinde, ýurdumyzyň sebitlerinde durmuş maksatly binalaryň hem-de desgalaryň 63-siniň, suw arassalaýjy desgalaryň 31-siniň, ýaşaýyş jaýlarynyň 416,9 müň inedördül metrden gowragynyň, dürli inženerçilik ulgamlarynyň hem-de desgalarynyň gurluşyk işleri alnyp baryldy we jemi 172,6 million manat möçberde düýpli maýa goýumlary özleşdirildi.

Wise-premýer hormatly Prezidentimiziň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berip, ýaş hünärmenleri işe ýerleşdirmek ulgamyny kämilleşdirmek maksady bilen teklip edilýän anyk çäreler baradada hasabat berdi. Hususan-da, milli Liderimiziň masla­hat­la­ry na­za­ra al­nyp iş­le­nip taý­ýar­la­ny­lan hem-de de­giş­li pu­dak eda­ra­la­ry bi­len yla­la­şy­lan mak­sat­na­ma­nyň tas­la­ma­sy hö­dür­le­nil­di. Res­mi­na­ma­da ýa­kyn gel­jek­de bu ul­gam­da he­re­ket ed­ýän ka­nun­çy­ly­gy sel­jer­mek we ola­ra ze­rur üýt­get­me­le­ri hem-de goş­ma­ça­la­ry gi­riz­mek, ýaş­la­ry işe ýer­leş­dir­mek ba­ra­da döw­let sta­tis­ti­ki ha­sa­bat­ly­ly­gy­nyň gör­nü­şi­ni gi­riz­mek göz öňün­de tu­tul­ýar. Şeý­le hem ýaş­la­ryň ýa­şa­ýyş-dur­muş şert­le­ri­niň has-da go­wu­lan­dy­ryl­ma­gy bo­ýun­ça şert­le­ri dö­ret­mek we döw­let ta­ra­pyn­dan gol­daw ber­mek, hu­su­san-da, ýa­şa­ýyş jaý­la­ry­ny gur­mak ýa-da sa­tyn al­mak üçin ýe­ňil­lik­li bank karz­la­ry­ny ber­mek ul­ga­my­ny dö­ret­mek me­ýil­leş­di­ril­ýär.

Wi­se-prem­ýer ilat­ly ýer­le­riň çäk­le­ri­ni aba­dan­laş­dyr­mak üçin ge­lip go­wuş­ýan se­riş­de­le­riň möç­be­ri­ni art­dyr­mak mak­sa­dy bi­len, “Sal­gyt­lar ha­kyn­da” Türk­me­nis­ta­nyň bi­te­wi Ka­nu­ny­na tek­lip­le­ri taý­ýar­la­mak bo­ýun­ça al­nyp ba­ryl­ýan iş­ler ba­ra­da hem ha­sa­bat ber­di.

Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz ha­sa­ba­ty diň­läp, ga­ral­ýan dö­wür­de yk­dy­sa­dy gör­ke­zi­ji­le­riň, umu­man, äh­li ul­gam­lar­da dur­nuk­ly ösü­şi hä­si­ýet­len­dir­ýän­di­gi­ni bel­le­di. Ýur­du­my­zy ös­dür­mek bo­ýun­ça döw­let mak­sat­na­ma­la­ry­nyň dur­mu­şa ge­çi­ri­li­şi­ne ne­ti­je­li gö­zeg­çi­li­gi üp­jün et­mek esa­sy we­zi­pe­le­riň bi­ri bo­lup dur­ýar. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedow da­şa­ry ýurt­lar­dan ge­ti­ril­ýän ha­ryt­la­ryň or­nu­ny tut­ýan önüm­le­riň önüm­çi­li­gi­ni dö­ret­mek we ýur­du­myz­da ön­dü­ril­ýän önüm­le­riň beý­le­ki döw­let­le­re ibe­ril­ýän möç­ber­le­ri­ni art­dyr­mak bo­ýun­ça bel­le­nen me­ýil­na­ma­la­ry ýe­ri­ne ýe­tir­mek hem-de göz öňün­de tu­tu­lan tas­la­ma­la­ry dur­mu­şa ge­çir­mek üçin da­şa­ry ýurt ma­ýa­la­ry­ny çek­mek üçin ne­ti­je­li çä­re­leri gör­me­giň wa­jyp­dy­gy­ny bel­läp, wi­se-prem­ýe­re bu ba­bat­da anyk gör­kez­me­le­ri ber­di.

Mil­li Li­de­ri­miz hö­dür­le­nen mak­sat­na­ma­nyň tas­la­ma­sy­ny ma­kul­lap, de­giş­li ka­ra­ra gol çek­di we bu res­mi­na­ma­da bel­le­nen iş­le­ri öz wag­tyn­da ýe­ri­ne ýe­tir­mek me­se­le­le­ri­ni gö­zeg­çi­lik­de sak­la­ma­gy tab­şyr­dy.

Soň­ra Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň Baş­ly­gy­nyň orun­ba­sa­ry M.Ba­ba­ýew ýan­gyç-ener­ge­ti­ka top­lu­my­nyň kär­ha­na­la­ryn­da 2018-nji ýy­lyň iki aýyn­da al­nyp bar­lan iş­le­riň ne­ti­je­le­ri hem-de “Türk­me­nis­ta­nyň ne­bit­gaz se­na­ga­ty­ny ös­dür­me­giň 2030-njy ýy­la çen­li dö­wür üçin mak­sat­na­ma­sy­nyň” ýe­ri­ne ýe­ti­ri­li­şi ba­ra­da ha­sa­bat ber­di.

Ne­bi­ti gaz kon­den­sa­ty bi­len çy­kar­mak, ýan­gyç çig ma­ly­ny gaý­ta­dan iş­le­mek, ben­zin, di­zel ýan­gy­jy­ny, po­lip­ro­pi­le­ni, çal­gy ýag­la­ry­ny we beý­le­ki ne­bit önüm­le­ri­ni, su­wuk­lan­dy­ry­lan, te­bi­gy we ugur­daş ga­zy ön­dür­mek, “ma­wy ýan­gy­jy” da­şa­ry ýurt­la­ra iber­mek, ma­ýa go­ýum­la­ry­ny öz­leş­dir­mek ba­bat­da ga­za­ny­lan teh­ni­ki-yk­dy­sa­dy gör­ke­zi­ji­ler ba­ra­da ha­bar be­ril­di.

Wi­se-prem­ýer Türk­me­nis­tan — Ow­ga­nys­tan — Pa­kis­tan — Hin­dis­tan gaz ge­çi­ri­ji­si­niň gur­lu­şy­gy ba­ra­da hem ha­sa­bat ber­di. Onuň gur­lu­şy­gy bel­le­ni­len möh­let­le­re la­ýyk­lyk­da al­nyp ba­ryl­ýar.

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedow ýan­gyç-ener­ge­ti­ka top­lu­my­na gö­zeg­çi­lik ed­ýän wi­se-prem­ýer­den ne­bit­gaz pu­da­gy­ny mun­dan beý­läk-de ok­gun­ly ös­dür­mek, bu ugur­da­ky iş­le­ri kä­mil­leş­dir­mek hem-de döw­re­bap­laş­dyr­mak üçin de­giş­li çä­re­le­ri gör­me­gi, pu­dak­la­ýyn kär­ha­na­lar we gu­ra­ma­lar ta­ra­pyn­dan önüm­çi­lik me­ýil­na­ma­la­ry­nyň ýe­ri­ne ýe­ti­ri­li­şi­ne aý­ra­tyn üns ber­me­gi ta­lap et­di. Mil­li Li­de­ri­mi­ziň bel­leý­şi ýa­ly, mu­nuň üçin äh­li şert­ler bar: ýur­du­myz te­bi­gy ga­zyň we beý­le­ki te­bi­gy se­riş­de­le­riň ägirt uly gor­la­ry­na eýe­dir.

Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň Baş­ly­gy­nyň orun­ba­sa­ry D.Aman­gel­di­ýew şu ýy­lyň iki aýyn­da ýur­du­my­zyň gur­lu­şyk, ener­ge­ti­ka we je­ma­gat ho­ja­ly­gy top­lum­la­ryn­da hem-de Aş­ga­bat şä­he­rin­de ýe­ri­ne ýe­ti­ri­len iş­le­riň ne­ti­je­le­ri ba­ra­da ha­sa­bat ber­di.

Aş­ga­bat şä­he­ri­niň hä­kim­li­gi bo­ýun­ça ýan­war — few­ral aý­la­ry­nyň me­ýil­na­ma­sy 109,9 gö­te­rim ber­jaý edi­lip, ösüş dep­gi­ni 107,9 gö­te­ri­me deň bol­dy.

Gur­lu­şyk we bi­na­gär­lik mi­nistr­li­gi bo­ýun­ça ha­sa­bat döw­rün­de önüm­çi­lik me­ýil­na­ma­sy 103,4 gö­te­rim ýe­ri­ne ýe­ti­ri­lip, ösüş dep­gi­ni 100,2 gö­te­ri­me ba­ra­bar bol­dy.

Ener­ge­ti­ka mi­nistr­li­gi bo­ýun­ça ön­dü­ri­len önüm­le­riň, ýe­ri­ne ýe­ti­ri­len iş­le­riň we hyz­mat­la­ryň umu­my möç­be­ri­niň me­ýil­na­ma­sy 100,4 gö­te­rim ber­jaý edil­di we ösüş dep­gi­ni 117,6 gö­te­ri­me ba­ra­bar bol­dy.

Je­ma­gat ho­ja­ly­gy mi­nistr­li­gi bo­ýun­ça me­ýil­na­ma 108,9 gö­te­rim ber­jaý edil­di, ösüş dep­gi­ni 111,1 gö­te­ri­me deň bol­dy.

“Türk­me­naw­to­ýol­la­ry” döw­let kon­ser­ni bo­ýun­ça ha­sa­bat döw­rün­de ýe­ri­ne ýe­ti­ri­len iş­le­riň we hyz­mat­la­ryň umu­my me­ýil­na­ma­sy 100,2 gö­te­rim ýe­ri­ne ýe­ti­ri­lip, onuň ösüş dep­gi­ni 100,1 gö­te­ri­me ba­ra­bar bol­dy.

Wi­se-prem­ýer ha­sa­ba­tyň do­wa­myn­da Gur­lu­şyk we bi­na­gär­lik mi­nistr­li­gi­niň paý­tag­ty­my­zy ös­dür­me­giň 16-njy no­bat­da­ky­syn­da des­ga­la­ry gur­mak bo­ýun­ça ýe­ri­ne ýe­tir­ýän iş­le­ri ba­ra­da aýt­dy hem-de döw­let Baş­tu­ta­ny­my­zyň ga­ra­ma­gy­na de­giş­li res­mi­na­ma­nyň tas­la­ma­sy­ny hö­dür­le­di.

Wi­se-prem­ýer Aş­ga­bat şä­he­ri­niň Mag­tym­gu­ly şa­ýo­lu­nyň ug­run­da Tas­la­ma hem-de Täh­ran kö­çe­le­ri­niň ara­ly­gyn­da ýa­şa­ýyş jaý­la­ry­ny gur­ma­gyň umu­my me­ýil­na­ma­sy ba­ra­da aý­dyp, bu ýer­de 12 gat­ly, 72 öý­li jaý­la­ryň onu­syn­dan we 12 gat­ly, 48 öý­li jaý­la­ryň al­ty­syn­dan yba­rat ýo­ka­ry amat­lyk­ly tu­tuş top­lu­myň eme­le gel­jek­di­gi­ni, şeý­le hem 5564 metr uzyn­ly­gy bo­lan aw­to­mo­bil ýo­lu­nyň gu­rul­jak­dy­gy­ny ha­bar ber­di.

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedow ha­sa­ba­ty diň­läp, Türk­me­nis­tan­da ýaý­baň­lan­dy­ry­lan giň möç­ber­li şä­her­gur­lu­şyk mak­sat­na­ma­sy­nyň dur­mu­şa ge­çi­ri­li­şi­ni, ýur­du­my­zyň şä­her­le­rin­de we oba­la­ryn­da me­de­ni-dur­muş mak­sat­ly des­ga­la­ry gur­ma­gyň me­ýil­na­ma­sy­nyň ýe­ri­ne ýe­ti­ri­li­şi­ni, pu­da­gyň ma­ýa go­ýum iş­jeň­li­gi­ni hö­wes­len­dir­mek bo­ýun­ça ze­rur çä­re­le­riň gö­rül­me­gi­ni yzy­gi­der­li gö­zeg­çi­lik­de sak­la­mak ba­ra­da wi­se-prem­ýe­re anyk tab­şy­ryk­la­ry ber­di.

Mil­li Li­de­ri­miz je­ma­gat ho­ja­ly­gy gul­lu­gyn­da al­nyp ba­ryl­ýan iş­ler ba­ra­da aýt­mak bi­len, Aş­ga­bat şä­he­rin­de kö­çe­le­riň ug­run­da­ky bag­la­ra, gül­le­re de­giş­li de­re­je­de ideg et­mek me­se­le­le­ri­niň he­mi­şe berk gö­zeg­çi­lik­de sak­la­nyl­ma­ly­dy­gy­na ün­si çek­di.

Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz pu­da­gyň ägirt uly müm­kin­çi­lik­le­ri­ni ne­ti­je­li dur­mu­şa ge­çir­mek mak­sa­dy bi­len, Ener­ge­ti­ka mi­nistr­li­gi­niň işi­niň ne­ti­je­li­li­gi­ni ýo­kar­lan­dyr­ma­gyň wa­jyp­dy­gy­ny bel­le­di.

Mej­li­siň bar­şyn­da hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Aş­ga­bat şä­he­rin­de döw­re­bap bi­na­la­ry we des­ga­la­ry gur­mak ha­kyn­da­ky Ka­ra­ra gol çe­kip, wi­se-prem­ýe­re ony ýe­ri­ne ýe­tir­mek bo­ýun­ça anyk gör­kez­me­le­ri ber­di.

Soň­ra Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň Baş­ly­gy­nyň orun­ba­sa­ry K.Dur­dy­my­ra­dow ýur­du­my­zyň se­na­gat top­lu­myn­da şu ýy­lyň iki aýyn­da ýe­ri­ne ýe­ti­ri­len iş­le­riň ne­ti­je­le­ri ba­ra­da ha­sa­bat ber­di.

Se­na­gat mi­nistr­li­gi bo­ýun­ça şu ýy­lyň ýan­war — few­ral aý­la­ryn­da önüm ön­dür­me­giň me­ýil­na­ma­sy 125,7 gö­te­rim ýe­ri­ne ýe­ti­ri­lip, 105,7 gö­te­rim ösüş dep­gi­ni ga­za­nyl­dy.

Dok­ma se­na­ga­ty mi­nistr­li­gi bo­ýun­ça ha­sa­bat döw­rün­de önüm­çi­lik me­ýil­na­ma­sy 116,1 gö­te­rim ber­jaý edil­di, ösüş dep­gi­ni 105,3 gö­te­rim de­re­je­sin­de bol­dy.

Şu ýy­lyň ge­çen iki aýyn­da pu­da­gyň ha­ly kär­ha­na­la­ry ta­ra­pyn­dan ha­ly we ha­ly önüm­le­ri­ni taý­ýar­la­ma­gyň me­ýil­na­ma­sy 123,5 gö­te­rim ber­jaý edil­di hem-de onuň ösüş dep­gi­ni 106,6 gö­te­ri­me deň bol­dy.

“Türk­men­hi­mi­ýa” döw­let kon­ser­ni­niň kär­ha­na­la­ry bo­ýun­ça ha­sa­bat döw­rün­de önüm taý­ýar­la­ma­gyň me­ýil­na­ma­sy 103,1 gö­te­rim ýe­ri­ne ýe­ti­ril­di. Onuň ösüş dep­gi­ni 112,2 gö­te­ri­me ba­ra­bar bol­dy.

Döw­let ba­lyk ho­ja­ly­gy ko­mi­te­ti bo­ýun­ça umu­my önüm­çi­li­giň me­ýil­na­ma­sy 101 gö­te­rim ýe­ri­ne ýe­ti­ril­di.

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz ýur­du­my­zy dur­muş-yk­dy­sa­dy taý­dan ös­dür­mek bo­ýun­ça döw­let mak­sat­na­ma­la­ry­ny ýe­ri­ne ýe­tir­me­giň çäk­le­rin­de, se­na­gat top­lu­my­nyň öňün­de ýer­li çig mal se­riş­de­le­ri­ni peý­da­lan­mak ar­ka­ly, bäs­deş­li­ge ukyp­ly önüm­le­ri ön­dür­ýän yl­my we ýo­ka­ry teh­no­lo­gi­ýa­lar esa­syn­da he­re­ket ed­ýän kär­ha­na­la­ryň bin­ýa­dyn­da kuw­wat­ly önüm­çi­lik dü­zü­mi­ni dö­ret­mek bo­ýun­ça mak­sat­la­ry ýe­ri­ne ýe­tir­mek ba­bat­da ägirt uly we­zi­pe­le­riň dur­ýan­dy­gy­ny aýt­dy. Mil­li Li­de­ri­miz bu we­zi­pe­le­riň üs­tün­lik­li ýe­ri­ne ýe­ti­ril­me­gi­niň mil­li yk­dy­sa­dy­ýe­ti­mi­zi tä­ze be­lent­lik­le­re çy­kar­ma­ga, ýur­du­my­zyň dün­ýä­niň se­na­gat taý­dan ösen döw­let­le­ri­niň ha­ta­ryn­da öz or­nu­ny pug­ta­lan­dyr­ma­gy­na, hal­ky­my­zyň bag­ty­ýar we aba­dan dur­mu­şy­ny üp­jün et­mä­ge müm­kin­çi­lik ber­jek­di­gi­ni bel­le­di.

Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da döw­let Baş­tu­ta­ny­myz wi­se-prem­ýe­re se­na­gat pu­dak­la­ry­nyň ösüş dep­gi­ni­ni çalt­lan­dyr­mak, ön­dü­ril­ýän önüm­le­riň möç­ber­le­ri­ni we gör­nüş­le­ri­ni art­dyr­mak bo­ýun­ça ze­rur çä­re­le­ri gör­me­gi tab­şyr­dy.

Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň Baş­ly­gy­nyň orun­ba­sa­ry O.Gur­ban­na­za­row gö­zeg­çi­lik ed­ýän dü­züm­le­rin­de ge­çen iki aýyň do­wa­myn­da ga­za­ny­lan gör­ke­zi­ji­ler ba­ra­da ha­sa­bat ber­mek bi­len, Söw­da we da­şa­ry yk­dy­sa­dy ara­gat­na­şyk­lar mi­nistr­li­gi bo­ýun­ça umu­my ha­ryt do­la­ny­şy­gy­nyň möç­be­ri bo­ýun­ça ösüş dep­gi­ni­niň ge­çen ýy­lyň degişli döw­ri bi­len de­ňeş­di­ri­len­de, 6,9 gö­te­rim ar­tan­dy­gy­ny bel­le­di. Ön­dü­ri­len önüm­le­riň möç­be­ri bo­ýun­ça ösüş dep­gi­ni 5,1 gö­te­ri­me ýe­ti­ril­di.

Türk­me­nis­ta­nyň Döw­let ha­ryt-çig mal bir­ža­syn­da ýan­war — few­ral aý­la­ryn­da söw­da­la­şyk­lar ge­çi­ri­lip, je­mi 3614 şert­na­ma bel­li­ge alyn­dy. Umu­my gir­de­ji­niň me­ýil­na­ma­sy 118,8 gö­te­rim ýe­ri­ne ýe­ti­ril­di.

Söw­da-se­na­gat eda­ra­sy ta­ra­pyn­dan 3 mil­lion 115,6 müň ma­nat­lyk hyz­mat iş­le­ri ýe­ri­ne ýe­ti­ril­di.

Se­na­gat­çy­lar we te­le­ke­çi­ler bir­leş­me­si bo­ýun­ça ýan­war — few­ral aý­la­ryn­da 96 mil­lion ma­nat­lyk se­na­gat, 133 mil­lion ma­nat­lyk oba ho­ja­lyk we azyk önüm­le­ri ön­dü­ril­di. Ge­çen ýy­lyň de­giş­li iki aýy bi­len de­ňeş­di­ri­len­de, ola­ryň möç­be­ri de­giş­li­lik­de, 20 gö­te­rim we 10,8 gö­te­rim ýo­kar­lan­dy. 264,2 mil­lion ma­nat möç­be­rin­de gur­lu­şyk-gur­na­ma iş­le­ri ýe­ri­ne ýe­ti­ril­di. Ha­ryt do­la­ny­şy­gy bo­ýun­ça ösüş dep­gi­ni 3,2 gö­te­ri­me ba­ra­bar bol­dy. Hyz­mat­lar ul­ga­myn­da 162,5 mil­lion ma­nat­lyk iş­ler ýe­ri­ne ýe­ti­ri­lip, 2,5 gö­te­rim ösüş dep­gi­ni ga­za­nyl­dy.

Wi­se-prem­ýer şeý­le hem döw­let Baş­tu­ta­ny­my­zyň ga­ra­ma­gy­na da­şyn­dan ge­ti­ril­ýän azyk önüm­le­riň or­nu­ny tut­ýan ha­ryt­la­ryň önüm­çi­li­gi­niň ýo­la go­ýul­ma­gy­na, hu­su­san-da, guş­çu­lyk top­lum­la­ry­nyň dö­re­dil­me­gi­ne gö­nük­di­ri­len kär­ha­na­la­ry ös­dür­mek bo­ýun­ça ge­çi­ri­len çä­re­ler esa­syn­da taý­ýar­la­ny­lan ka­ra­ryň tas­la­ma­sy­ny hö­dür­le­di.

Mil­li Li­de­ri­miz söw­da-yk­dy­sa­dy ul­gam­da ama­la aşy­ryl­ýan öz­gert­me­le­riň de­giş­li dü­züm­le­riň iş­le­ri­niň kä­mil­leş­di­ril­me­gi­ne, içer­ki ba­zar­la­ry­myz­da ýur­du­myz­da ön­dü­ri­len ýo­ka­ry hil­li ha­ryt­la­ryň giň gör­nüş­le­ri­niň, şol san­da azyk önüm­le­ri­niň üp­jün edil­me­gi­ne gö­nük­di­ri­len­di­gi­ni bel­läp, ýur­du­my­zyň uly eks­port müm­kin­çi­lik­le­ri­ni dur­mu­şa ge­çir­mek me­se­le­le­ri­ne ün­si çek­di we bu ba­bat­da bir­nä­çe anyk tab­şy­ryk­la­ry ber­di.

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz hö­dür­le­nen ka­ra­ry ma­kul­lap hem-de gol çe­kip, da­şa­ry ýurt­lar­dan ge­ti­ril­ýän ha­ryt­lar­dan kem bol­ma­dyk önüm­le­riň önüm­çi­li­gi­ni mun­dan beý­läk-de art­dyr­mak üçin bar bo­lan müm­kin­çi­lik­le­riň do­ly he­re­ke­te gi­ri­zil­me­gi­niň ze­rur­dy­gy­ny nyg­ta­dy. Şeý­le hem döw­let Baş­tu­ta­ny­myz öň­de goý­lan we­zi­pe­le­ri üs­tün­lik­li çöz­mek iş­le­ri­ne hu­su­sy bö­le­giň we­kil­le­ri­niň iş­jeň çe­kil­me­li­di­gi­ni aý­dyp, mil­li yk­dy­sa­dy­ýe­ti­mi­zi ös­dür­mek­de, ony ba­zar gat­na­şyk­la­ry­na ge­çir­mek­de te­le­ke­çi­li­ge aý­ra­tyn or­nuň de­giş­li­di­gi­ni bel­le­di.

Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň Baş­ly­gy­nyň orun­ba­sa­ry B.Ab­dy­ýe­wa gö­zeg­çi­lik ed­ýän ul­gam­la­ryn­da şu ýy­lyň iki aýyn­da ýe­ri­ne ýe­ti­ri­len iş­le­riň ne­ti­je­le­ri ba­ra­da ha­sa­bat ber­di.

Ha­sa­bat döw­rün­de Tä­ze ýyl baý­ram­çy­ly­gy­na ba­gyş­la­nan çä­re­ler, dö­re­di­ji­lik du­şu­şyk­la­ry, yl­my-ama­ly mas­la­hat­lar, ser­gi­ler, bäs­le­şik­ler, sah­na­laş­dy­ry­lan çy­kyş­lar gu­ral­dy.

Türk­men döw­let ne­şir­ýat gul­lu­gy ta­ra­pyn­dan ki­tap önüm­le­ri­niň 1 mil­lion 412 müň 717 nus­ga­lyk­da­ky 52 gör­nü­şi, şol san­da 18 gör­nüş­li okuw ki­tap­la­ry çap edil­di. Şun­da, me­ýil­na­ma 109 gö­te­rim ýe­ri­ne ýe­ti­ril­di.

“Gal­ky­nyş” ki­tap mer­ke­zi ha­sa­bat döw­rün­de ýur­du­my­zyň ki­tap­ha­na­la­ry­ny 2 müň 700 nus­ga­lyk­da­ky ki­tap önüm­le­ri bi­len üp­jün et­di.

Oguz han adyn­da­ky “Türk­men­film” bir­le­şi­gi ta­ra­pyn­dan bir­nä­çe gys­ga met­raž­ly we do­ly göw­rüm­li film­ler, çe­per-pub­li­sis­tik hem-de hro­ni­kal-do­ku­men­tal film­ler taý­ýar­la­nyl­dy.

Ýan­war — few­ral aý­la­ryn­da Sy­ýa­hat­çy­lyk ba­ra­da­ky döw­let ko­mi­te­ti­niň ma­li­ýe-ho­ja­lyk işin­den al­nan umu­my gir­de­ji 4 mil­lion 895 müň ma­na­da ba­ra­bar bol­dy.

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz ha­sa­ba­ty diň­läp, me­de­ni­ýet ul­ga­my­nyň we köp­çü­lik­le­ýin ha­bar be­riş se­riş­de­le­ri­niň öňün­de dur­ýan mö­hüm we­zi­pe­le­ri na­za­ra al­mak bi­len, ola­ryň işi­ni mun­dan beý­läk-de kä­mil­leş­dir­me­giň ze­rur­dy­gy­na ün­si çek­di. Mil­li Li­de­ri­miz me­de­ni­ýet ul­ga­my bo­ýun­ça ýur­du­myz­da we onuň çäk­le­rin­den da­şyn­da me­ýil­leş­di­ri­len äh­li çä­re­le­riň hä­zir­ki döw­rüň ýo­ka­ry dö­re­di­ji­lik ru­hu­na la­ýyk gel­me­li­di­gi­ni, mil­le­ti­mi­ziň ah­lak we me­de­ni taý­dan baý­laş­ma­gy­na ýar­dam et­me­li­di­gi­ni bel­läp, bu ba­bat­da wi­se-prem­ýe­re bir­nä­çe anyk gör­kez­me­le­ri ber­di.

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedow sy­ýa­hat­çy­lyk pu­da­gy­ny ös­dür­mek bo­ýun­ça al­nyp ba­ryl­ýan iş­le­riň kä­mil­leş­di­ril­me­li­di­gi­ne ün­si çek­di. Ýur­du­myz­da dün­ýä­niň me­de­ni ösü­şi­niň mer­kez­le­ri­niň bi­ri bo­lan ga­dy­my Mer­wiň ýa­dy­gär­lik­le­ri ýa-da başga hiç ýer­de bol­ma­dyk, Köý­ten­dag ýa­ly şeý­le öz­bo­luş­ly ta­ry­hy we me­de­ni des­ga­lar bar. Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz bu des­ga­la­ryň sy­ýa­hat­çy­lar üçin örän özü­ne çe­ki­ji­di­gi­ni bel­läp, wi­se-prem­ýe­re bu ugur­da­ky iş­le­riň ýag­da­ýy­ny düýp­li sel­jer­me­gi, ýur­du­myz­da sy­ýa­hat­çy­ly­gy ös­dür­mek bo­ýun­ça de­giş­li mak­sat­na­ma­ny taý­ýar­la­ma­gy tab­şyr­dy.

Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň Baş­ly­gy­nyň orun­ba­sa­ry P.Aga­my­ra­dow ýur­du­my­zyň ylym-bi­lim, sag­ly­gy go­ra­ýyş we sport ul­gam­la­ryn­da şu ýy­lyň iki aýyn­da ýe­ri­ne ýe­ti­ri­len iş­le­riň ne­ti­je­le­ri ba­ra­da ha­sa­bat ber­di.

Ha­sa­bat döw­rün­de “Al­tyn asy­ryň al­tyn ze­hin­le­ri” bäs­le­şi­gi­niň çäk­le­rin­de, ýur­du­my­zyň et­rap­la­ryn­da, şä­her­le­rin­de we we­la­ýat­la­ryn­da dö­re­di­ji­lik tas­la­ma­la­ry bo­ýun­ça bäs­le­şik­ler, ders olim­pia­da­la­ry ge­çi­ril­di. Ýur­du­my­zyň mek­dep okuw­çy­la­ry hal­ka­ra ders bäs­le­şik­le­rin­de ne­ti­je­li çy­kyş edip, iki kü­müş we iki bü­rünç me­dal eýe­le­di­ler. Olar In­ter­net bäs­le­şik­le­ri­niň ne­ti­je­le­ri bo­ýun­ça dür­li de­re­je­li dip­lom­la­ryň 942-si­ne my­na­syp bol­du­lar.

Ýur­du­my­zyň ýo­ka­ry okuw mek­dep­le­ri­niň ta­lyp­la­ry hal­ka­ra In­ter­net bäs­le­şik­le­ri­ne gat­na­şyp, 7 al­tyn, 1 kü­müş me­dal hem-de dür­li de­re­je­dä­ki dip­lom­la­ryň 11-si­ni eýe­le­me­gi ba­şar­dy­lar. Mun­dan baş­ga-da, ýo­ka­ry okuw mek­dep­le­ri­niň mu­gal­lym­la­ry baý­rak­ly orun­la­ra my­na­syp bo­lup, bir­nä­çe dip­lom­la­ry, hu­su­san-da bir al­tyn we üç kü­müş me­dal ga­zan­dy­lar. Or­ta hü­när okuw mek­dep­le­ri­niň ta­lyp­la­ry bol­sa hal­ka­ra In­ter­net bäs­le­şik­le­rin­de 9 kü­müş me­da­la my­na­syp bol­du­lar.

Ýy­lyň ba­şyn­dan bä­ri okuw ki­tap­la­ry­nyň we okuw gol­lan­ma­la­ry­nyň 24-si ne­şir edil­di.

Ha­sa­bat döw­rün­de 2018-nji ýy­lyň “Türk­me­nis­tan — Be­ýik Ýü­pek ýo­lu­nyň ýü­re­gi” diý­lip yg­lan edil­me­gi my­na­sy­bet­li bi­lim ul­ga­myn­da yl­my-ama­ly mas­la­hat­lar ge­çi­ril­di.

“Türk­me­nis­tan­da da­şa­ry ýurt dil­le­ri­ni okat­ma­gy kä­mil­leş­dir­me­giň kon­sep­si­ýa­sy­ny” we “Türk­me­nis­tan­da san­ly bi­lim ul­ga­my­ny ös­dür­me­giň kon­sep­si­ýa­sy­ny” ýe­ri­ne ýe­tir­mek bo­ýun­ça al­nyp ba­ryl­ýan iş­ler ba­ra­da ha­sa­bat be­ril­di.
Wi­se-prem­ýer Ylym­lar aka­de­mi­ýa­sy­nyň işi ba­ra­da aýt­mak bi­len, ha­sa­bat döw­rün­de okuw ki­tap­la­ry­nyň 21-si­niň, gol­lan­ma­la­ryň 28-si­niň, okuw mak­sat­na­ma­la­ry­nyň 25-si­niň, bir mo­nog­ra­fi­ýa­nyň we yl­my ne­şir­le­riň bä­şi­si­niň gol­ýaz­ma­la­ry­na se­re­di­len­di­gi­ni ha­bar ber­di.

Şu dö­wür­de “türk­men ha­ly­çy­lyk sun­ga­ty­ny ÝU­NES­KO-nyň “Adam­za­dyň mad­dy däl me­de­ni mi­ra­sy­nyň gör­nük­li nus­ga­la­ry­nyň sa­na­wy­na” gi­riz­mä­ge hö­dür­le­mek üçin de­giş­li dü­züm­ler bi­len yla­la­şyk­da ze­rur res­mi­na­ma­lar taý­ýar­la­nyl­dy.

Ha­sa­bat döw­rün­de Döw­let meý­le­tin sag­ly­gy go­ra­ýyş äti­ýaç­lan­dyr­ma­syn­dan ge­lip gow­şan se­riş­de­le­riň möç­be­ri 111 gö­te­ri­me ba­ra­bar bol­dy. Hyz­mat­lar­dan we ýer­le­nen önüm­ler­den al­nan gir­de­ji­niň möç­be­ri 106 gö­te­ri­me, şy­pa­ha­na hyz­mat­la­ryn­dan al­nan umu­my gir­de­ji 107 gö­te­ri­me deň bol­dy.

Ýan­war — few­ral aý­la­ryn­da Türk­me­nis­tan­da içer­ki ýa­ryş­la­ryň 30-sy we köp­çü­lik­le­ýin sport çä­re­le­ri­niň 10-sy ge­çi­ril­di. Türk­men tür­gen­le­ri hal­ka­ra bäs­le­şik­le­ri­ň 14-si­ne gat­na­şyp, 23 me­dal eýe­le­di­ler. Şo­la­ryň 6-sy al­tyn, 8-si kü­müş we 9-sy bü­rünç me­dal­lar­dyr.

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedow ha­sa­ba­ty diň­läp, ýur­du­my­zyň bi­lim ul­ga­my­ny düýp­li öz­gert­mek bi­len bag­la­ny­şyk­ly me­se­le­le­riň top­lum­la­ýyn çöz­gü­di­niň mö­hüm we­zi­pe hök­mün­de kes­git­le­nen­di­gi­ni aýt­dy. Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, ýur­du­my­zyň ýo­ka­ry okuw mek­dep­le­rin­de okat­ma­gyň hä­zir­ki za­man dün­ýä öl­çeg­le­ri­ne ky­bap gel­ýän usul­la­ry­ny iş­läp taý­ýar­la­ma­ga aý­ra­tyn äh­mi­ýet be­ril­me­li­di­gi­ni bel­läp, bu ba­bat­da wi­se-prem­ýe­re bir­nä­çe anyk gör­kez­me­le­ri ber­di.

Mil­li yk­dy­sa­dy­ýe­ti­mi­zi döw­re­bap­laş­dyr­mak hem-de di­wer­si­fi­ka­si­ýa ýo­ly bi­len ös­dür­mek­de, äh­li ul­gam­lar­da­ky düýp­li öz­gert­me­le­ri üs­tün­lik­li dur­mu­şa ge­çir­mek­de ylym ul­ga­my­na mö­hüm orun de­giş­li­dir di­ýip, döw­let Baş­tu­ta­ny­myz sö­zü­ni do­wam et­di. Ylym ul­ga­my­ny kä­mil­leş­dir­mek, onuň ne­ti­je­li­li­gi­ni ýo­kar­lan­dyr­mak, öň­de­ba­ry­jy teh­no­lo­gi­ýa­la­ry ulan­mak ar­ka­ly düýp­li we ama­ly bar­lag­la­ryň ge­ri­mi­ni gi­ňelt­mek üçin ze­rur şert­le­riň dö­re­dil­me­gi ul­ga­myň öňün­de dur­ýan mö­hüm we­zi­pe­ler­dir di­ýip, mil­li Li­de­ri­miz bel­le­di hem-de bu ba­bat­da wi­se-prem­ýe­re bir­nä­çe anyk tab­şy­ryk­la­ry ber­di.

Soň­ra Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň Baş­ly­gy­nyň orun­ba­sa­ry E.Oraz­gel­di­ýew gö­zeg­çi­lik ed­ýän dü­züm­le­rin­de şu ýy­lyň iki aýyn­da ýe­ri­ne ýe­ti­ri­len iş­le­riň ne­ti­je­le­ri ba­ra­da ha­sa­bat ber­di.

Umu­man, oba­se­na­gat top­lu­my bo­ýun­ça önüm­çi­lik möç­ber­le­ri­niň, ýe­ri­ne ýe­ti­ri­len iş­le­riň we hyz­mat­la­ryň ösüş dep­gi­ni 105,8 gö­te­ri­me, şol san­da Oba we suw ho­ja­ly­gy mi­nistr­li­gi bo­ýun­ça 103,8 gö­te­ri­me, Daş­ky gur­şa­wy go­ra­mak we ýer se­riş­de­le­ri ba­ra­da­ky döw­let ko­mi­te­ti bo­ýun­ça 109,3 gö­te­ri­me, Azyk se­na­ga­ty döw­let bir­le­şi­gi bo­ýun­ça 112,4 gö­te­ri­me “Türk­me­nat­la­ry” döw­let bir­le­şi­gi bo­ýun­ça 105,7 gö­te­ri­me ba­ra­bar bol­dy.

Şeý­le hem eke­ran­çy­lyk meý­dan­la­ryn­da al­nyp ba­ryl­ýan möw­süm­le­ýin iş­ler, ak ekin­le­re ösüş su­wu­ny tut­mak we dö­kün­ler bi­len iý­mit­len­dir­mek ýa­ly wa­jyp ag­ro­teh­ni­ki çä­re­le­riň ge­çi­ri­li­şi hem-de go­wa­ça we beý­le­ki oba ho­ja­lyk ekin­le­ri­niň ýaz eki­şi­ne gö­rül­ýän taý­ýar­lyk ba­ra­da aý­dyl­dy.

Wi­se-prem­ýe­riň bel­leý­şi ýa­ly, döw­let Baş­tu­ta­ny­my­zyň tab­şy­ry­gy­na la­ýyk­lyk­da, de­giş­li mi­nistr­lik­le­riň we pu­dak eda­ra­la­ry­nyň hem-de we­la­ýat­la­ryň hä­kim­lik­le­ri­niň we­kil­le­ri bi­len bi­le­lik­de daý­han ho­ja­lyk­la­ry­nyň eke­ran­çy­lyk meý­dan­la­ry­ny uzak ­möh­let­le­ýin peý­da­lan­ma­ga daý­han ho­ja­lyk­la­ry­na we hu­su­sy önüm ön­dü­ri­ji­le­re tap­gyr­la­ýyn esas­da ber­mek bo­ýun­ça ne­ti­je­li iş­ler ama­la aşy­ryl­ýar.

Mun­dan baş­ga-da, döw­let Baş­tu­ta­ny­my­zyň ga­ra­ma­gy­na “Ýur­du­myz­da bag ek­mek bo­ýun­ça äh­li­halk ýo­wa­ry­ny ge­çir­mek ha­kyn­da” Ka­ra­ryň tas­la­ma­sy hö­dür­le­nil­di.

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedow wi­se-prem­ýer E.Oraz­gel­di­ýe­we we Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň Baş­ly­gy­nyň beý­le­ki orun­ba­sar­la­ry­na ýüz­le­nip, öň­de bol­jak eko­lo­gi­ýa çä­re­si­niň mö­hüm äh­mi­ýe­ti­niň bar­dy­gy­ny bel­le­di. Döw­let Baş­tu­ta­ny­my­zyň aý­dy­şy ýa­ly, 21-nji mart­da — Hal­ka­ra Now­ruz baý­ra­my­nyň il­kin­ji gü­nün­de Ahal we­la­ýa­ty­nyň Now­ruz ýaý­la­syn­da bag ek­mek bo­ýun­ça äh­li­halk ýo­wa­ry ge­çi­ri­ler. Bu ýer­de Now­ruz baý­ra­my­ny ge­çir­mek üçin ýö­ri­te mer­kez bar. On­da sun­gat us­sat­la­ry­nyň çy­kyş­la­ry gu­ra­lar.

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz ýo­war­dan öň äh­li mi­nistr­lik­le­riň, pu­dak eda­ra­la­ry­nyň we gu­ra­ma­la­ryň bag ek­me­li ýer­le­ri­ni kes­git­le­mek, ge­çi­ril­jek çä­re­ler üçin jo­gap­kär adam­la­ry bel­le­mek ba­bat­da anyk gör­kez­me­le­ri ber­di.

Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz «Ýur­du­myz­da bag ek­mek bo­ýun­ça äh­li­halk ýo­wa­ry­ny ge­çir­mek ha­kyn­da­ky» Ka­ra­ra gol çe­kip, bu çä­rä­ni ýo­ka­ry gu­ra­ma­çy­lyk de­re­je­sin­de ge­çir­me­gi üp­jün et­mek ba­ra­da de­giş­li ýol­baş­çy­la­ra anyk gör­kez­me­le­ri ber­di.

Soň­ra Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň mej­li­si­ne ça­gy­ry­lan Döw­let howp­suz­lyk ge­ňe­şi­niň sek­re­ta­ry Ý.Ber­di­ýew Be­lent Ser­ker­de­ba­şy­my­zyň ozal be­ren tab­şy­ryk­la­ry­nyň ýe­ri­ne ýe­ti­ri­li­şi ba­ra­da ha­sa­bat ber­di.

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz ha­sa­ba­ty diň­läp, har­by we hu­kuk go­raý­jy dü­züm­le­riň hal­ky­my­zyň aba­dan dur­mu­şy­ny üp­jün et­mek bo­ýun­ça alyp bar­ýan iş­le­ri­niň wa­jyp­dy­gy­ny bel­le­di.

Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň Baş­ly­gy­nyň orun­ba­sa­ry, da­şa­ry iş­ler mi­nist­ri R.Me­re­dow Türk­me­nis­ta­nyň 2017 — 2023-nji ýyl­lar­da da­şa­ry sy­ýa­sat ug­ru­nyň Kon­sep­si­ýa­sy­ny dur­mu­şa ge­çir­me­giň çäk­le­rin­de ge­çen iki aýyň do­wa­myn­da DIM-niň alyp ba­ran iş­le­ri­niň ne­ti­je­le­ri ba­ra­da ha­sa­bat ber­di.

Ha­sa­bat döw­rün­de Türk­me­nis­ta­na DIM-niň üs­ti bi­len da­şa­ry ýurt­la­ryň dür­li de­re­je­dä­ki we­ki­li­ýet­le­ri­niň 87-si gel­di. Şol bir wag­tyň özün­de türk­men we­ki­li­ýet­le­ri­niň 93-si da­şa­ry ýurt­la­ra ug­ra­dyl­dy. Äh­li gy­zyk­lan­ma bil­dir­ýän da­şa­ry ýurt­ly hyz­mat­daş­lar bi­len ne­ti­je­li gat­na­şyk­la­ry mun­dan beý­läk-de pug­ta­lan­dyr­ma­ga gö­nük­di­ri­len çä­re­le­riň 39-sy, şol san­da mas­la­hat­lar we du­şu­şyk­lar gu­ral­dy. Hal­ka­ra res­mi­na­ma­la­ry­ň 12-si­ne gol çe­kil­di.

Şu ýyl­da Da­şa­ry iş­ler mi­nistr­lik­le­ri­niň ara­syn­da ge­ňeş­me­le­riň 10-sy ge­çi­ril­di. Şeý­le hem ýan­war — few­ral aý­la­ryn­da Türk­men-bri­tan söw­da-se­na­gat ge­ňe­şi­niň no­bat­da­ky mej­li­si we türk­men-ital­ýan işe­wür­ler fo­ru­my bol­dy.

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedow ha­sa­ba­ty diň­läp, he­mi­şe­lik Bi­ta­rap Türk­me­nis­ta­nyň iki­ta­rap­la­ýyn we köp­ta­rap­la­ýyn bol­şy ýa­ly, ab­raý­ly hal­ka­ra gu­ra­ma­la­ryň hem-de dü­züm­le­riň çäk­le­rin­de dost­luk we ne­ti­je­li hyz­mat­daş­lyk gat­na­şyk­la­ry­ny yzy­gi­der­li ös­dür­ýän­di­gi­ni bel­le­di.

Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, döw­let Baş­tu­ta­ny­myz wi­se-prem­ýe­re, DIM-niň ýol­baş­çy­sy­na se­bit­de we äh­lu­mu­my de­re­je­de oňyn ýag­daý­la­ry iş­jeň­leş­dir­mä­ge gö­nük­di­ri­len hyz­mat­daş­ly­gyň ägirt uly kuw­wa­ty­ny dur­mu­şa ge­çir­mek bo­ýun­ça al­nyp ba­ryl­ýan iş­le­ri ul­gam­la­ýyn esas­da do­wam et­me­gi tab­şyr­dy. Mil­li Li­de­ri­miz ýur­du­my­zyň mun­dan beý­läk-de bu ugur­da­ky hal­ka­ra ta­gal­la­la­ra iş­jeň gat­naş­jak­dy­gy­ny aý­dyp, Türk­me­nis­ta­nyň äh­lu­mu­my pa­ra­hat­çy­ly­gyň, howp­suz­ly­gyň we aba­dan­çy­ly­gyň üp­jün edil­me­gi­ne gö­nük­di­ri­len da­şa­ry sy­ýa­sat baş­lan­gyç­la­ry­ny iler­let­me­giň wa­jyp­dy­gy­na ün­si çek­di.

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedow se­bit­le­ýin hyz­mat­daş­lyk ba­ra­da aýt­mak bi­len, mart aýyn­da Ga­za­gys­ta­nyň paý­tag­ty As­ta­na şä­he­rin­de Mer­ke­zi Azi­ýa döw­let­le­ri­niň Baş­tu­tan­la­ry­nyň bi­rin­ji sam­mi­ti­niň ge­çi­ril­jek­di­gi­ni bel­le­di. Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, mil­li Li­de­ri­miz ozal ga­za­ny­lan de­giş­li yla­la­şyk­la­ra la­ýyk­lyk­da, öň­de bol­jak fo­ru­ma Türk­me­nis­tan­dan ýo­ka­ry de­re­je­li we­ki­li­ýe­tiň ibe­ril­jek­di­gi­ni aýt­dy.

Mej­li­siň do­wa­myn­da döw­let Baş­tu­ta­ny­myz Türk­me­nis­ta­nyň Tür­ki­ýe Res­pub­li­ka­syn­da­ky Adat­dan da­şa­ry we Do­ly yg­ty­ýar­ly il­çi­si I.Aman­ly­ýe­wi şol bir wag­tyň özün­de ýur­du­my­zyň Ma­rok­ko Pa­ty­şa­ly­gyn­da­ky Adat­dan da­şa­ry we Do­ly yg­ty­ýar­ly il­çi­si we­zi­pe­si­ne bel­le­mek ha­kyn­da­ky Per­ma­na gol çek­di.

Mej­li­siň Baş­ly­gy A.Nur­ber­di­ýe­wa hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedowa mil­li par­la­men­tiň şu ýy­lyň ba­şyn­dan bä­ri ge­çi­ren iş­le­ri­niň ne­ti­je­le­ri ba­ra­da ha­bar ber­di.

Ha­sa­bat döw­rün­de Mej­li­siň mas­la­hat­la­ry­nyň bi­ri­si ge­çi­ri­lip, on­da ka­nun­la­ryň we ka­rar­la­ryň 12-si, şol san­da Türk­me­nis­ta­nyň Ka­nu­nlary­nyň üçü­si, Mej­li­siň ka­rar­la­ry­nyň do­ku­zy­sy ka­bul edil­di.

Mil­li ka­nun­çy­ly­gy kä­mil­leş­dir­mek mak­sa­dy bi­len, iş to­par­la­ryn­da mil­li yk­dy­sa­dy­ýe­ti­mi­ziň we beý­le­ki ul­gam­la­ryň ok­gun­ly ös­dü­ril­me­gi­ne, türk­men döw­le­ti­niň dur­muş ugur­ly sy­ýa­sa­ty­nyň yzy­gi­der­li dur­mu­şa ge­çi­ril­me­gi­ne ýar­dam ed­ýän ka­nun­la­ryň tas­la­ma­la­ry­ny taý­ýar­la­mak iş­le­ri al­nyp ba­ryl­ýar.

Mej­li­siň de­pu­tat­la­ry­nyň, halk mas­la­hat­la­ry­nyň we Ge­ňeş­le­riň ag­za­la­ry­nyň mart aýyn­da bol­jak saý­law­la­ry­na taý­ýar­lyk gör­mek do­wam et­di­ril­ýär. Mej­lis ta­ra­pyn­dan Türk­me­nis­tan­da Saý­law­la­ry we sa­la sal­şyk­la­ry ge­çir­mek ba­ra­da­ky Mer­ke­zi to­pa­ry bi­len bi­le­lik­de we­la­ýat­lar­da hem-de Aş­ga­bat şä­he­rin­de okuw mas­la­hat­la­ry gu­ral­dy. Hä­zir­ki wagt­da da­laş­gär­le­ri bel­li­ge al­mak çä­re­si ta­mam­lan­dy, de­giş­li saý­law ok­rug­la­ry bo­ýun­ça ra­ýat­la­ryň 284-si Mejl­siň de­pu­tat­ly­gy­na da­laş­gär­li­ge hö­dür­le­nil­di.

Hal­ka­ra we par­la­men­ta­ra gat­na­şyk­la­ry ös­dür­me­giň çäk­le­rin­de Mej­lis BMG-niň ýö­ri­te­leş­di­ri­len eda­ra­la­ry we beý­le­ki hal­ka­ra gu­ra­ma­la­r bi­len ýo­la goý­lan öza­ra gat­na­şyk­la­ry yzy­gi­der­li do­wam et­dir­ýär.

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedow ha­ba­ry diň­läp, ýur­du­my­zyň hä­zir­ki ösü­şi­ni hem-de dur­muş ugur­ly döw­let sy­ýa­sa­ty­nyň ile­ri tu­tul­ýan ugur­la­ry­ny na­za­ra al­mak bi­len, mil­li ka­nun­çy­lyk bin­ýa­dy­ny kä­mil­leş­dir­mek bo­ýun­ça al­nyp ba­ryl­ýan iş­le­riň wa­jyp­dy­gy­ny bel­le­di.

Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz öňü­miz­dä­ki saý­law­la­ra taý­ýar­lyk gör­mek me­se­le­le­ri­ne de­gip ge­çip we türk­men jem­gy­ýe­ti­niň de­mok­ra­tik esas­la­ry­ny pug­ta­lan­dyr­mak­da ola­ryň äh­mi­ýe­ti­ni bel­läp, şu jem­gy­ýet­çi­lik-sy­ýa­sy çä­re­si­niň äh­li me­se­le­le­ri­ni berk gö­zeg­çi­lik­de sak­la­ma­gy, saý­law­la­ryň açyk we aý­dyň ge­çi­ril­me­gi­ni üp­jün et­me­gi tab­şyr­dy.

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz ka­nun­çy­ka­ry­jy­lyk ul­ga­myn­da tej­ri­be alyş­ma­ga, hal­ka­ra jem­gy­ýet­çi­li­gi­ Türk­me­nis­ta­nyň ta­ry­hy tej­ri­be­si hem-de de­mok­ra­tik hu­kuk döw­le­ti­niň ösüş ýo­lun­da ga­za­nan­la­ry bi­len ta­nyş­dyr­ma­ga ýar­dam ed­ýän hal­ka­ra hyz­mat­daş­ly­gy we par­la­men­ta­ra gat­na­şyk­la­ry mun­dan beý­läk-de gi­ňelt­me­giň ze­rur­dy­gy­ny bel­le­di.

Ara al­nyp mas­la­hat­la­şy­lan me­se­le­le­riň je­mi­ni jem­le­mek bi­len, hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedow şu ýy­lyň iki aýyn­da al­nyp bar­lan iş­le­riň ne­ti­je­le­riniň ber­ka­rar döw­le­ti­mi­ziň dep­gin­li ös­me­gi­ni do­wam ed­ýän­di­gi­ni aý­dyň gör­kez­ýän­di­gi­ni bel­le­di. Bi­ta­rap Türk­me­nis­ta­nyň alyp bar­ýan da­şa­ry sy­ýa­sa­ty üýt­gew­siz­li­gi­ne gal­ýar.

25-nji mart­da ýur­du­myz­da örän mö­hüm sy­ýa­sy çä­rä­ni — Türk­me­nis­ta­nyň Mej­li­si­niň de­pu­tat­la­ry­nyň, halk mas­la­hat­la­ry­nyň we Geňeşleriň ag­za­la­ry­nyň saý­law­la­ry­nyň ge­çi­ril­jek­di­gi­ni bel­läp, mil­li Li­de­ri­miz ozal­ky saý­law­lar ýa­ly, şu saý­law­la­ryň hem köp da­laş­gä­riň gat­naş­ma­gyn­da, de­mok­ra­tik, ha­ky­ky bäs­le­şik, açyk­lyk we aý­dyň­lyk ýö­rel­ge­le­ri esa­syn­da geç­jek­di­gi­ne ynam bil­dir­di. Şeý­le­lik bi­len, bu çä­re ýur­du­myz­da de­mok­ra­tik öz­gert­me­le­riň tä­ze tap­gy­ry hök­mün­de jem­gy­ýe­ti­mi­ziň dur­mu­şy­na halk hä­ki­mi­ýe­ti­niň ka­da­la­ry­ny or­naş­dyr­ma­gyň ýo­lun­da no­bat­da­ky ädim bo­lar.

Ýur­du­my­zyň yk­dy­sa­dy­ýe­ti ösüş dep­gi­ni­ni dur­nuk­ly sak­la­ýar di­ýip, döw­let Baş­tu­ta­ny­myz sö­zü­ni do­wam et­di. Ka­bul edilen äh­li ýa­şa­ýyş-dur­muş äh­mi­ýet­li mak­sat­na­ma­lar üs­tün­lik­li ama­la aşy­ryl­ýar. Je­mi içer­ki önü­miň ösü­şi, öň­kü­si ýa­ly, hä­zir hem go­wy de­re­je­de sak­la­nyp gal­ýar. Ge­çen dö­wür bi­len de­ňeş­di­ri­len­de, yk­dy­sa­dy­ýe­ti­mi­ziň äh­li pu­dak­la­ryn­da ýo­ka­ry ösüş dep­gin­le­ri ga­za­nyl­dy. Ha­sa­bat döw­rün­de göz öňün­de tu­tu­lan möç­ber­de se­na­gat des­ga­la­ry, ýa­şa­ýyş jaý­la­ry, ça­ga­lar bag­la­ry, mek­dep­ler, dü­kan­lar we beý­le­ki des­ga­lar ulan­ma­ga be­ril­di. Ýa­kyn­da Türk­me­na­bat şä­he­rin­de tä­ze Hal­ka­ra ho­wa men­zi­li, Owa­dan­de­pe­de bol­sa uly aý­na kär­ha­na­sy ulan­ma­ga be­ril­di. Ka­bul edi­len mak­sat­na­ma la­ýyk­lyk­da, Türk­me­nis­tan ener­gi­ýa se­riş­de­le­ri­mi­zi di­wer­si­fi­ka­si­ýa ýo­ly bi­len dün­ýä ba­zar­la­ry­na iber­mek, şeý­le hem beý­le­ki se­bit­le­ýin tas­la­ma­la­ry dur­mu­şa ge­çir­mek bo­ýun­ça sy­ýa­sa­ty üs­tün­lik­li do­wam ed­ýär.

Mä­lim bol­şy ýa­ly, 23-nji few­ral­da Ser­he­ta­bat­da Türk­me­nis­tan — Ow­ga­nys­tan — Pa­kis­tan — Hin­dis­tan gaz ge­çi­ri­ji­si­niň Ow­ga­nys­ta­nyň çäk­le­rin­den ge­çi­ril­jek bö­le­gi­niň, şeý­le hem Türk­me­nis­tan — Ow­ga­nys­tan — Pa­kis­tan elekt­rik we op­tiki-sü­ýüm­li ara­gat­na­şyk ul­gam­la­ry­nyň düý­bü­niň tu­tu­lan­dy­gy­ny bel­läp, hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedow tä­ze Ser­he­ta­bat — Tur­gun­dy de­mir ýo­lu­nyň hem işe gi­ri­zi­len­di­gi­ni aýt­dy. Bu tas­la­ma­lar uly sy­ýa­sy, yk­dy­sa­dy we yn­san­per­wer äh­mi­ýe­te eýe bo­lup, se­bi­tiň ýurt­la­ry­nyň yk­dy­sa­dy­ýe­ti­ni ös­dür­mä­ge uly iter­gi be­rer di­ýip, mil­li Li­de­ri­miz bel­le­di. Şeý­le hem «Türk­me­nis­tan — Be­ýik Ýü­pek ýo­lu­nyň ýü­re­gi» at­ly mak­sat­na­ma­my­zyň çäk­le­rin­de bir­nä­çe hal­ka­ra sport çä­re­le­ri­ne ba­dal­ga be­ril­di.

Bu iri hal­ka­ra we sport çä­re­le­ri­niň üs­tün­lik­li ge­çi­ril­me­gi my­na­sy­bet­li bu çä­re­le­ri taý­ýar­la­ma­ga hem-de ge­çir­mä­ge gat­na­şan adam­la­ryň äh­li­si­ne min­net­dar­lyk bil­di­rip, döw­let Baş­tu­ta­ny­myz has ta­pa­wut­la­nan­la­ry hö­wes­len­dir­me­gi, eger mak­sa­da­la­ýyk bol­sa ola­ry döw­let sy­lag­la­ry­na hö­dür­le­me­gi tab­şyr­dy.

Şu­nuň bi­len bir­lik­de, hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz he­niz çö­zül­män du­ran en­çe­me me­se­le­le­riň hem bar­dy­gy­ny bel­le­mek bi­len, ola­ry ara alyp mas­la­hat­laş­mak üçin Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň şu gün­ki mej­li­si­niň gün ter­ti­bi­ne gi­ri­zi­len­di­gi­ni aýt­dy. Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, mil­li Li­de­ri­miz wi­se-prem­ýer­le­riň hä­kim­ler bi­len bi­le­lik­de bar bo­lan me­se­le­le­ri çöz­mek bo­ýun­ça al­nyp ba­ryl­ýan iş­le­ri, ge­çi­ril­ýän öz­gert­me­le­ri, ga­ra­ma­gyn­da­ky pu­dak­lar­da des­ga­la­ryň gur­lu­şy­gy­nyň al­nyp bar­ly­şy­ny, aý­ra­tyn-da, ila­ty­my­zy ýa­şa­ýyş jaý­la­ry bi­len üp­jün et­me­giň mak­sat­na­ma­sy­nyň ýe­ri­ne ýe­ti­ri­li­şi­ni, umu­man, mäh­ri­ban hal­ky­my­zyň ýa­şa­ýyş-dur­muş de­re­je­si­ni mun­dan beý­läk-de ýo­kar­lan­dyr­mak bi­len bag­ly äh­li me­se­le­le­ri he­mi­şe berk gö­zeg­çi­lik­de sak­la­ma­gy tab­şyr­dy.

Soň­ra döw­let Baş­tu­ta­ny­myz mej­li­se gat­na­şy­jy­la­ra ýüz­le­nip, ýa­kyn­da spor­ty wa­gyz et­mek sy­ýa­sa­ty­na ba­gyş­la­nan ýe­ne-de bir ki­ta­byň ne­şir edi­len­di­gi­ni bel­le­di. Ol ki­tap «Ar­ka­dag tag­ly­ma­ty — sag­dyn­ly­gyň, ru­hu­be­lent­li­giň bin­ýa­dy» diý­lip at­lan­dy­ryl­ýar. Mej­li­se gat­na­şy­jy­la­ra bu ki­ta­by gow­şu­ryp, hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedow wi­se-prem­ýer P.Aga­my­ra­do­wa, ýur­du­my­zyň jem­gy­ýet­çi­lik gu­ra­ma­la­ry bi­len bi­le­lik­de bu tä­ze ki­ta­byň ta­nyş­dy­ry­lyş çä­re­si­ni ge­çir­me­gi tab­şyr­dy.

Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň mej­li­sin­de döw­let dur­mu­şy­nyň kä­bir beý­le­ki me­se­le­le­ri­ne hem ga­ral­dy we olar bo­ýun­ça de­giş­li çöz­güt­ler ka­bul edil­di.

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedow Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň mej­li­si­ni jem­läp, oňa gat­na­şan­la­ra berk jan sag­lyk, maş­ga­la aba­dan­çy­ly­gy­ny hem-de iş­le­rin­de uly üs­tün­lik­ler, ýur­du­my­zyň äh­li hal­ky­na bol­sa “Türk­me­nis­tan — Be­ýik Ýü­pek ýo­lu­nyň ýü­re­gi” şy­ga­ry bi­len geç­ýän ýyl­da gül­läp ösüş ar­zuw et­di.

Türkmenistanyň Merkezi banky