Merkezi Bankyň
walýuta kursy

Beýleki walýutalaryň kursy

Gymmat bahaly metallaryň
1 (bir) unsiýasynyň türkmen manadyna bolan gatnaşyklary

  ALTYN
  KÜMÜŞ
  PLATINA
  PALLADIÝ

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinden

2018-nji ýylyň 15-nji martynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini geçirdi. Mejlisde mähriban halkymyzyň abadançylygyny üpjün etmäge gönükdirilen döwletimiziň içeri syýasatynyň möhüm meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy hem-de käbir resminamalaryň taslamalaryna seredildi.

Hormatly Prezidentimiz mejlisiň gün tertibine geçip, ýurdumyzyň maliýe-ykdysady edaralarynda hem-de banklarynda işleriň ýagdaýy barada hasabat bermek üçin Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary G.Myradowa söz berdi. Wise-premýer hormatly Prezidentimiziň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berip, gurluşyk işleri alnyp barlanda ýurdumyzda öndürilýän zerur serişdeleri giňden ulanmak, şeýle hem Watanymyza daşary ýurtlardan getirilýän senagat we gurluşyk serişdeleriniň käbir görnüşlerine gümrük paçlarynyň möçberlerini kesgitlemek maksady bilen görülýän anyk çäreler barada habar berdi.

Türkmenistanyň çägine getirilýän aýna we çüýşe önümlerine gümrük paçlaryny bellemek hakyndaky meseläni degişli düzümler bilen ylalaşmagyň netijeleri barada hasabat berip, hökümet Baştutanynyň orunbasary taýýarlanan resminamalaryň taslamasyny milli Liderimiziň garamagyna hödürledi.

Döwlet Baştutanymyz häzirki wagtda ýurdumyzda amala aşyrylýan bazar gatnaşyklaryna ulgamlaýyn we tapgyrlaýyn geçmek işleriniň daşary ýurtlardan getirilýän harytlar bilen üstünlikli bäsleşip bilýän ýokary hilli ýerli harytlar bilen içerki bazary doldurmak boýunça wezipeleriň çözülmegi bilen bilelikde alnyp barylýandygyny belledi. Barha artýan isleg nazara alnyp, önümleriň dürli görnüşlerini çykarýan kärhanalaryň sany ýyl-ýyldan artýar.

Degişli döwlet maksatnamalarynyň çäklerinde göz öňünde tutulan çäreleriň durmuşa geçirilmegi milli ykdysadyýetimiziň bäsdeşlige ukyplylygynyň artmagyna ýardam eder, bu bolsa daşary söwdanyň ösüşiniň kesgitleýji ýagdaýydyr diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy. Milli Liderimiz Türkmenistanyň çägine getirilýän aýna we çüýşe önümlerine gümrük paçlaryny bellemek hakyndaky karara gol çekip, wise-premýere daşary ýurtlardan getirilýän senagat we gurluşyk harytlarynyň käbir görnüşlerine gümrük paçlarynyň möçberlerini kesgitlemek hakynda resminamanyň taslamasyny taýýarlamak barada görkezme berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary O.Gurbannazarow Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmeginiň 10 ýyllygy mynasybetli geçiriljek sergä we maslahata taýýarlyk görlüşi hakynda hasabat berdi.

17-18-nji martda ýurdumyzyň Söwda-senagat edarasynyň binasynda 2610 inedördül metr meýdanda guraljak sergä TSTB-niň agzalarynyň 182-si gatnaşar. Şeýle hem şu ýylyň 17-nji martynda Söwda-senagat edarasynyň mejlisler zalynda maslahat geçirilip, onda geçen 10 ýylyň içinde TSTB-niň alyp baran işleriniň netijeleri, gazananlary we üstünlikleri bilen tanyşdyrylar, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2018-2024-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamasyny durmuşa geçirmek bilen bagly öňde goýlan wezipeler seljeriler.

Döwlet Baştutanymyz TSTB-niň sergisini we maslahatyny ýokary derejede guramak barada tabşyryklary berip, türkmen telekeçileriniň ykdysady kuwwatynyň bu gün önümçilik serişdeleriň artmagynyň, innowasion tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagynyň hasabyna ýokarlanýandygyny belledi. Döwlete dahylsyz pudak milli ykdysadyýetimiziň pudaklaryny döwrebaplaşdyrmakda we ösdürmekde, bäsdeşlige ukyply ýokary hilli önümleriň dürli görnüşleriniň öndürilişini artdyrmakda, Türkmenistanda azyk bolçulygyny üpjün etmekde ähmiýetli orun eýeleýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň önüm öndürijileriniň Diýarymyzyň ägirt uly eksport we maýa goýum mümkinçiliklerini amala aşyrmakda, dünýä bazarynda türkmen önümlerini üstünlikli ilerletmekde täze mümkinçilikleri açýan halkara sergilere we işewürlik maslahatlara gatnaşmagynyň möhümdigini belledi.

Milli Liderimiz jemgyýetçiligiň ünsüni telekeçilik ulgamynyň gazananlaryna hem-de onuň mümkinçiliklerine çekmegiň wajypdygyny aýdyp, bu babatda talyp ýaşlary — geljekki hünärmenleri bu işe ugrukdyrmagyň möhümdigini nygtady. Ýaş hünärmenler özleriniň bilimi hem-de başarnyklary bilen türkmen işewürliginiň ösmegine ýardam edip bilerler. Şu maksatlar bilen, ýaşlaryň ünsüni Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň sergisine çekmek hem-de ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň ýanynda pudaklaýyn sergileri döretmek gerek.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Babaýew ýurdumyzyň nebitgaz toplumyny mundan beýläk-de okgunly ösdürmek, ýangyç-energetika toplumynyň önümçilik kuwwatyny artdyrmaga we diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmäge, nebit we gaz, himiýa önümleriniň öndürilýän möçberlerini artdyrmaga, onuň görnüşlerini köpeltmäge gönükdirilen iri maýa goýum taslamalarynyň birnäçesini ilerletmek maksady bilen görülýän çäreler barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzyň halkara energetika hyzmatdaşlygyna işjeň gatnaşmagynyň Türkmenistanyň energetika strategiýasynyň möhüm ugur bolup durýandygyny nygtady. Ýurdumyz energetika döwletiniň derejesine eýe bolmak bilen, bu ulgamda syýasatyny mundan beýläk-de milli bähbitlere laýyklykda, açyklyk we özara bähbitlilik ýörelgelerinde gurar we dünýäniň energetika bazarlarynda eýeleýän ornuny yzygiderli berkider.

Döwlet Baştutanymyz bu ugurda utgaşykly işi dowam etmegiň wajypdygyna ünsi çekip, wise-premýere öňdebaryjy tejribä, tehniki hem-de tehnologiki mümkinçiliklere eýe bolan esasy nebitgaz kompaniýalary bilen netijeli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmäge degişli birnäçe tabşyryklary berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary E.Orazgeldiýew ýurdumyzyň welaýatlarynda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň alnyp barlyşy barada hasabat berdi. Häzirki wagtda bugdaýy mineral we organiki dökünler bilen iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak işleri we beýleki agrotehniki çäreler amala aşyrylýar. Şunuň bilen birlikde, ýerleri, tehnikany we tohumlary gowaça ekişine taýýarlamak işi dowam etdirilýär.

Döwlet Baştutanymyzyň tabşyrygy boýunça ýer-suw serişdelerini rejeli ulanmak, öňdebaryjy tejribäni, ylmyň gazananlaryny ulanmagyň hasabyna ýerleriň hasyllylygyny ýokarlandyrmak babatda geçirilýän işler barada hasabat berildi. Oba hojalyk önümlerini öndürijilere ýardam bermek, şol sanda ekiş geçirmek, gök-bakja ekinlerini ekmek meselelerinde kömek bermek maksady bilen, welaýatlara alymlardan hem-de tejribeli hünärmenlerden düzülen toparlar iş saparlaryna ugradylyp, tejribe maslahatlary guralýar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýazky oba hojalyk möwsümini öz möhletinde geçirmek üçin ähli çäreleri görmegi talap etdi. Şunda ekerançylykda agrotehniki kadalaryň ählisiniň berk berjaý edilmegine gözegçiligi üpjün etmegiň wajypdygyna aýratyn üns berildi. Munuň özi bugdaýdan we gowaçadan, beýleki oba hojalyk ekinlerinden bol hasyl almagyň möhüm şerti bolup durýar.

Döwlet Baştutanymyz oba hojalyk toplumyna ylmyň öňdebaryjy gazananlaryny, täze, serişdeleri tygşytlaýjy tehnologiýalary ornaşdyrmak hem-de oba hojalygyny üstünlikli ösdürmegiň möhüm şerti hökmünde ekerançylygyň medeniýetini ýokarlandyrmak babatda anyk görkezmeleri berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary K.Durdymyradow gözegçilik edýän ulgamynda işleriň ýagdaýy, ýurdumyzy depginli senagatlaşdyrmak maksatnamalaryny durmuşa geçirmek, senagatyň önümçilik kuwwatlyklaryny artdyrmak boýunça döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň bäsdeşlige ukyply ykdysadyýetiniň kemala getirilmeginiň ýurdumyzy durnukly ösdürmegiň, abadançylygyň dünýäniň ösen döwletlerine kybap gelýän ýokary ölçeglerine çykarmagyň ýeke-täk ýoludygyny belledi. Şunda ýokary hilli döwrebaplaşdyrmagyň hem-de diwersifikasiýalaşdyrmagyň, innowasion önümçilikleriň döredilmegine ýerli serişdeleriň esasynda düýpli maýa goýum serişdeleriniň goýulmagynyň netijesinde halkara bazarlaryna çykmak mümkinçiliklerine eýe bolan senagat toplumynyň gaýtadan işleýän pudaklaryna strategik orun berilýär.

Döwlet Baştutanymyz bu pudaga iň öňdebaryjy enjamlar we döwrebap tehnologiýalar görnüşinde daşary ýurtlardan maýa goýumlary çekmegiň möhümdigini belläp, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri çykarmak babatda bolşy ýaly, eksporta niýetlenen ugurlarda hem ýurdumyzyň ykdysadyýeti üçin strategik ähmiýete eýe bolan senagat taslamalarynyň öz wagtynda we ýokary hilli durmuşa geçirilmegi bilen baglanyşykly meseleleri yzygiderli gözegçilikde saklamak barada görkezme berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary D.Amangeldiýew gözegçilik edýän ulgamlarynda alnyp barylýan işler hem-de döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, Aşgabatda paýtagtymyzyň binagärlik-şähergurluşyk keşbini has-da gowulandyrmak, ýaşaýyş jaýlarynyň durkuny täzelemek we köçeleri abadanlaşdyrmak boýunça giň möçberli işler alnyp barylýar. Ulag we inženerçilik düzümini ösdürmäge uly üns berilýär: awtomobil ýollarynyň durky täzelenýär, awtoduralgalar, ýol aýrytlary gurulýar.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, wise-premýere gözegçilik edýän düzümleriniň işine berk gözegçiligi amala aşyrmagy tabşyrdy. Ýurdumyzyň ykdysady taýdan okgunly ösmegi giň möçberli maksatnamalary amala aşyrmak üçin uly mümkinçilikleri döredýär. Türkmenistanlylaryň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmak şol maksatnamalaryň esasy ugry bolup durýar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Aşgabady dünýäniň iň owadan we abadan şäherleriniň birine öwürmäge gönükdirilen giň möçberli şähergurluşyk maksatnamasynyň wajypdygyny nygtap, gurluşygyň esasy kadalaryny berjaý etmegiň – adamlar üçin ýokary amatlyklary döretmegiň hem-de gurulýan desgalaryň ählisiniň ygtybarlylygyny we berkligini üpjün etmegiň möhümdigine ünsi çekdi.

Milli Liderimiz wise-premýere ähli ugurlar boýunça alnyp barylýan işleriň, şol sanda ýol-ulag düzümini döwrebaplaşdyrmak, ýaşaýyş jaý toplumlaryny, olara ýanaşyk ýerleri abadanlaşdyrmak boýunça geçirilýän işleriň depginini çaltlandyrmagy tabşyrdy. Döwlet Baştutanymyz bu wezipeleri döwrebap tehnikalary ulanmak, innowasion önümçilik düzümlerini döretmek arkaly çözmegiň wajypdygyna ünsi çekip, bu babatda wise-premýere birnäçe görkezmeleri berdi.

Mejlisiň barşynda hormatly Prezidentimiz jemagat hojalygy ministri M.Abilowa we Aşgabat şäheriniň häkimi Ş.Durdylyýewe ilata edilýän durmuş hyzmatlarynyň hilini ýokarlandyrmak maksady bilen, jemagat hojalygy gulluklarynyň ähli bölümleriniň sazlaşykly işlemegini üpjün etmegi we bu meseleleri hemişe berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Annameredow ulag we aragatnaşyk pudaklarynda işleriň ýagdaýy barada hasabat berdi. Şeýle hem döwlet Baştutanymyzyň “Türkmenhowaýollary” gullugynyň işini döwrüň talaplaryna laýyk kämilleşdirmek boýunça durmuşa geçirilýän çäreler bilen baglanyşykly ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi hem-de howa gämileriniň alynýan möçberlerini artdyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, iň oňat halkara ölçegleriniň derejesinde işlemeli ýurdumyzyň ähli ulag pudaklaryny döwrebaplaşdyrmagyň zerurdygyna ünsi çekdi, şol sanda döwletimiziň uly serişdeleri goýberýän raýat awiasiýasy hem şeýle derejede bolmalydyr. “Türkmenhowaýollary” gullugynyň awia tehnikalarynyň üsti dünýäniň öňdebaryjy öndürijileriniň soňky görnüşli uçarlarynyň we dikuçarlarynyň hasabyna doldurylýar. Häzirki wagtda ýurdumyzyň howa gämileri dünýäniň onlarça döwletlerine yzygiderli uçuşlary ýerine ýetirýärler.

Döwlet Baştutanymyz gullugyň maddy-enjamlaýyn binýadyny mundan beýläk-de pugtalandyrmak, ýolagçylara edilýän hyzmatyň hilini ýokarlandyrmak, umuman, işleri dünýä ölçeglerine laýyk döwrebaplaşdyrmak barada wise-premýere anyk görkezmeleri berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Abdyýewa gözegçilik edýän düzümlerinde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, şeýle hem halkymyzyň baý medeni mirasyny öwrenmek hem-de ösdürmek, onuň asylly däplerini dikeltmek maksady bilen durmuşa geçirilýän çäreler barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, degişli ulgamyň edaralarynyň, şol sanda köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň öňünde durýan möhüm wezipelere ünsi çekdi. Türkmenistanyň daşary ýurtlar bilen gatnaşygynyň üstüni täze mazmun bilen ýetirýän, dostluk gatnaşyklaryny we köpugurly halkara hyzmatdaşlygy üpjün edýän, şeýle hem türkmen halkynyň ruhy mirasyny dünýäde giňden wagyz edýän çäreleri geçirmegiň ähmiýetlidigini belläp, milli Liderimiz bu babatda wise-premýere anyk görkezmeleri berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary P.Agamyradow ýurdumyzyň sport ulgamynyň ösdürilişi, bu ulgamda maksatnamalaýyn çäreleriň, şol sanda öňdebaryjy halkara işleriniň öwrenilmegi hem-de milli tejribä ornaşdyrylmagy, sporty wagyz etmek boýunça köpçülikleýin işleriň guralmagy bilen baglanyşykly çäreleriň amala aşyrylyşy barada hasabat berdi.

Biz jemgyýetde sagdyn durmuş ýörelgeleriniň kadalaryny giňden ornaşdyrmaga uly üns berýäris diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu ulgamda öňde durýan wezipeleri kesgitledi. Milli Liderimiziň nygtaýşy ýaly, Türkmenistanyň uzak möhletli durmuş-ykdysady ösüşiniň maksatnamasy bilen ýurdumyzda adam mümkinçiliginiň kemala getirilmeginde bedenterbiýäniň we sportuň tutýan aýratyn orny kesgitlenildi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz sport ulgamynda ýaýbaňlandyrylan giň möçberli özgertmeleri çaltlandyrmak, onuň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak, hünärmenleriň hünär derejesini ýokarlandyrmagyň netijeli ulgamyny ýola goýmak boýunça birnäçe tabşyryklary berdi. Döwlet Baştutanymyz bu ulgamda guralýan işleriň ýurdumyzda sagaldyş hereketine täze depgin bermäge gönükdirilendigini aýdyp, şäherleriň hem-de obalaryň sport düzümlerini işjeň we oýlanyşykly peýdalanmak barada hem degişli ýolbaşçylara anyk görkezmeleri berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň döredilmeginiň 10 ýyllygy mynasybetli geçiriljek dabaraly çärelere görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi.

Nygtalyşy ýaly, döwlet Baştutanymyzyň degişli Permana gol çekmegi bilen, milli diplomatiýa mekdebiniň binýady goýuldy. Geçen ýyllaryň dowamynda ýokary okuw mekdebi dürli ugurlar boýunça ýokary hünärli hünärmenleriň 410-syny taýýarlady. Olar Daşary işler ministrliginde, ýurdumyzyň daşary ýurtlardaky diplomatik wekilhanalarynda we konsullyk edaralarynda, beýleki pudaklaýyn düzümlerde, köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde zähmet çekýärler.

Hormatly Prezidentimiziň 2016-njy we 2017-nji ýyllardaky Kararlaryna laýyklykda, Halkara gatnaşyklary institutynda ýurdumyzyň diplomatik gullugy üçin Administratiw — tehniki işgärleri taýýarlamak boýunça okuw merkezi hem-de Durnukly ösüş maksatlary boýunça ylmy-usulyýet merkezi açyldy. 2015-nji ýyldan bäri halkara žurnalistikasy bölüminde häzirki zaman okuw studiýasy hereket edýär. Ol iň döwrebap enjamlar bilen üpjün edildi.

Institutyň 10 ýyllygy mynasybetli birnäçe çäreler göz öňünde tutuldy. Olaryň hatarynda 20-nji martda geçirmek meýilleşdirilýän, Bitarap Türkmenistanyň diplomatiýasyna bagyşlanan ylmy-amaly maslahat we sergi bar. Mundan başga-da, 17 — 20-nji mart aralygynda “tegelek stol” telegepleşigini, sportuň dürli görnüşleri boýunça ýaryşlary, talyplaryň fotosurat bäsleşigini, şeýle hem ýaş zehinleriň gözden geçirilişini guramak göz öňünde tutulýar. Talyplar iňlis dilinde öz ukyplaryny görkezerler.

Milli Liderimiz hasabaty diňläp, täze taryhy eýýamda Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasat ugruny durmuşa geçirjek türkmen diplomatlarynyň ýaş neslini terbiýelemekde we taýýarlamakda Halkara gatnaşyklary institutyna möhüm orun degişlidigini nygtady. Halkara hyzmatdaşlyk meselelerinde ýurdumyzyň eýeleýän işjeň orny, onuň sebit we ählumumy goşulyşmak çärelerine işjeň gatnaşmagy daşary ýurtlarda Watanymyza mynasyp wekilçilik etmäge ukyply hem-de giň gözýetimli ýokary hünärli işgärleriň zerurdygyny şertlendirýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bular barada aýtmak bilen, ýokary okuw mekdebiniň öňünde jogapkärli wezipäniň — geljekki diplomatlaryň bu asylly hünäri üstünlikli ele alyp bilmekleri, alan bilimlerini iş ýüzünde netijeli ulanmaklary, Türkmenistanyň dünýä giňişliginde abraýynyň has-da belende galmagyna ýardam bermekleri üçin ähli şertleri üpjün etmek wezipesiniň goýlandygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz Halkara gatnaşyklary institutynyň döredilmeginiň 10 ýyllygyna gabatlanylan çäreleriň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmegi tabşyryp, wise-premýere, DIM-niň ýolbaşçysyna ýokary okuw mekdebiniň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmek boýunça birnäçe görkezmeleri berdi.

Soňra Mejlisiň Başlygy A.Nurberdiýewa ýurdumyzyň kanunçylyk hukuk binýadyny döwrebaplaşdyrmak boýunça parlamentiň alyp barýan işleri barada habar berdi. Mart aýynda Mejlisiň altynjy çagyrylyşynyň deputatlygyna, halk maslahatlarynyň we Geňeşleriň agzalygyna saýlawlary geçirmek boýunça guramaçylyk işleri dowam edýär. Deputatlar täze kanunlaryň düzgünlerini düşündirýärler.

Hormatly Prezidentimiz habary diňläp, häzirki döwrüň ýagdaýlary hem-de ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan özgertmeler babatda kadalaşdyryjy-hukuk namalaryň işlenip taýýarlanylmagynyň örän wajypdygyny nygtady.

Milli Liderimiz parlamentariler tarapyndan öz ygtyýarlyklarynyň netijeli ýerine ýetirilmeginiň saýlawçylar bilen aragatnaşyklaryň saklanylmagyna esaslanandygyny belläp, deputatlara ýaş nesli terbiýelemek, sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz etmek boýunça işlere has işjeň gatnaşmagy teklip etdi. Döwlet Baştutanymyz öňde boljak saýlawlaryň zerur derejede guralmalydygyna ünsi çekip, olaryň bäsdeşlik, açyklyk we aýdyňlyk esasynda geçirilmelidigini nygtady. Dünýä tejribesinde giňden ulanylýan bu ýörelgeler öz ähli güýjüni, tejribesini we bilimini Watanymyzyň kuwwatyny berkitmäge, türkmen halkymyzyň abadançylygyna we gülläp ösüşine gönükdirilen iri möçberli durmuş-ykdysady maksatnamalaryň durmuşa geçirilmegi üçin sarp etmäge ymtylýan örän mynasyp adamlaryň saýlanylmagyny üpjün etmäge gönükdirilendir.

Mejlisiň dowamynda ýurdumyzyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň işini kämilleşdirmek bilen baglanyşykly meselelere üns çekildi. Milli Liderimiz häzirki döwürde bu ugurda geçirilýän işleriň döwrüň talabyna laýyk gelmeýändigini aýtdy we öňde goýlan wezipeleri ýerine ýetirmek maksadynda görülýän çärelere nägilelik bildirdi. Metbugat serişdelerinde çap edilýän habarlar, makalalar ösüşleriň belentliklerine tarap ynamly gadam urýan Türkmenistanyň gazanýan üstünliklerini doly beýan edip bilmeýärler. Tele we radio ýaýlymlarda berilýän gepleşikler hili hem-de mazmuny boýunça bildirilýän talaplara laýyk gelmeýär.

Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň işini zerur derejä galdyrmagyň wajypdygyny talap edip, ähli ulgamlarda gazanylýan üstünlikleri görkezmek hem-de Türkmenistanyň ýeten derejesini dünýä ýüzünde giňden wagyz etmek maksady bilen netijeli çäreleri görmegi tabşyrdy. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow şeýle hem bu ulgamyň edaralarynyň işini guramaga jogapkärli çemeleşmegiň wajypdygyny nygtady.

Soňra milli Liderimiz mejlise gatnaşyjylara ýüzlenip, Ýakyn Gündogar sebitiniň möhüm ýurtlary bolan Kuweýt Döwletine we Birleşen Arap Emirliklerine bolan resmi saparlaryň netijeli häsiýetini kanagatlanma bilen belledi.

Döwlet Baştutanymyz 13-14-nji martda Kuweýt Döwletine amala aşyrylan saparyň netijeleri barada aýdyp, onuň Türkmenistan bilen Kuweýt Döwletiniň arasyndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ýyl ýazgysynda taryhy ähmiýetli sapar bolandygyny belledi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň nygtaýşy ýaly, Kuweýt Döwletiniň Emiri Şeýh Sabah Al-Ahmad Al-Jaber Al-Sabah bilen geçirilen gepleşikler dostluk we birek-birege hormat goýmak, özara ynanyşmak ýagdaýynda bolup geçdi.

Milli Liderimiz gazanylan ylalaşyklaryň doganlyk halklaryň şu günki we geljekki gatnaşyklaryna giň ýol açjakdygyna berk ynam bildirdi. Ýokary derejedäki türkmen-kuweýt duşuşygy döwletara gatnaşyklaryny has belent sepgitlere ýetirmäge we taraplary gyzyklandyrýan, ileri tutulýan ugurlar boýunça hyzmatdaşlygy ösdürmäge güýçli itergi berer.

Geçirilen gepleşikleriň çäklerinde Türkmenistan bilen Kuweýt Döwletiniň ykdysadyýetinde möhüm pudaklarda — nebit-gaz, gurluşyk, energetika, ulag-aragatnaşyk, ýokary tehnologiýalar, ylym we bilim ulgamlarynda özara bähbitli ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy giňeltmek barada özara pikir alşyldy diýip, hormatly Prezidentimiz sözüni dowam etdi.

Duşuşykda ýaňy-ýakynda dabaraly ýagdaýda owgan böleginiň gurluşygyna badalga berlen Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň taslamasyny durmuşa geçirmekde Kuweýt Döwletiniň iri nebitgaz kompaniýalary hem-de maýa goýum we maliýe düzümleri bilen hyzmatdaşlyk etmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Milli Liderimiz bilelikdäki türkmen-kuweýt iş toparyny döretmek barada ylalaşygyň gazanylandygyny belläp, bu ugurda degişli resminama gol çekilendigini aýtdy.

Iki dostlukly ýurduň geografik taýdan örän amatly ýerleşýändiklerini nazara alyp, ulag-aragatnaşyk pudagynda özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmek meselesi ara alnyp maslahatlaşyldy diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.

Milli Liderimiz şeýle hem Kuweýt Döwletiniň Emiri Şeýh Sabah Al-Ahmad Al-Jaber Al-Sabahy özi üçin islendik amatly wagtda ýurdumyza sapar bilen gelmäge çagyrandygyny habar berdi.

Hormatly Prezidentimiz ýokary derejedäki türkmen-kuweýt duşuşygynyň netijelerine ýokary baha berip, öňde goýlan maksatlaryň ählisine ýetilendigini kanagatlanma bilen belledi. Duşuşygyň dowamynda hökümetara resminamalaryň 10-syna gol çekildi.

Mejlisiň dowamynda döwlet Baştutanymyz Birleşen Arap Emirliklerine 14-15-nji martda amala aşyrylan resmi saparyň döwletara hyzmatdaşlygyň taryhynda möhüm sapar bolandygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, Abu-Dabiniň Mirasdüşer Şazadasy, Birleşen Arap Emirlikleriniň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysynyň orunbasary Şeýh Muhammed Bin Zaýed Al Nahaýýan bilen geçirilen gepleşikleriň dostluk we özara ynanyşmak ýagdaýynda bolandygy nygtaldy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow gazanylan ylalaşyklaryň ähmiýetini nygtap, iki dostlukly döwletiň we halklaryň şu günki we geljekki gatnaşyklarynyň ösmegi üçin ähmiýetiniň örän uly boljakdygyna ynam bildirdi.

Ýaňy-ýakynda Owganystandaky bölegine badalga berlen, sebit ähmiýetli TOPH halkara gaz geçirijisiniň gurluşygyna Birleşen Arap Emirlikleriniň iri nebitgaz kompaniýalarynyň we maliýe düzümleriniň gatnaşmak mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Şeýle hem döwletleriň arasynda ynsanperwer gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmak, ylym, bilim, medeniýet we sungat ýaly möhüm ugurlardaky hyzmatdaşlygy berkitmek geljegi uly ugurlaryň hatarynda kesgitlenildi.

Gepleşikleriň netijeleri boýunça Türkmenistan bilen Birleşen Arap Emirlikleriniň arasynda 7 sany resminama gol çekilip, olar ikitaraplaýyn ylalaşyklaryň hukuk binýadynyň üstüni ýetirmek bilen, netijeli hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmäge ýardam eder.

Milli Liderimiz dostlukly ýurda resmi saparyň netijelerine ýokary baha berip, Abu-Dabiniň Mirasdüşer Şazadasy, Birleşen Arap Emirlikleriniň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysynyň orunbasary Şeýh Muhammed Bin Zaýed Al Nahaýýany özi üçin islendik amatly wagtda ýurdumyza sapar bilen gelmäge çagyrandygyny belledi.

Ministrler Kabinetiniň mejlisinde döwlet durmuşynyň käbir beýleki meselelerine hem garalyp, olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini tamamlap, oňa gatnaşyjylaryň ählisine berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny we işlerinde uly üstünlikleri, «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» diýlip yglan edilen ýylda berkarar Watanymyzyň ähli halkyna bolsa gülläp ösüş we bagtyýarlyk arzuw etdi.

Türkmenistanda möhletinden öň ses bermäge başlanyldy

15-nji martda, Türkmenistanyň Saýlaw kodeksine laýyklykda, ähli saýlaw okruglarynda Mejlisiň altynjy çagyrylyşynyň deputatlaryny, halk maslahatlarynyň we Geňeşleriň agzalaryny saýlamak boýunça möhletinden öň ses bermäge girişildi.

Bu işler, ilkinji nobatda, uzakmöhletli iş saparyna ýa-da dynç alşa gidýän raýatlar, şeýle hem saýlaw güni — 25-nji martda haýsydyr bir sebäplere görä, öz saýlaw uçastogyna gelip, ses berip bilmejekler üçin göz öňünde tutulandyr.

Umuman, saýlaw möwsüminiň barşy barada aýdylanda, şu günler uçastok saýlaw toparlarynyň ählisinde işleriň işjeň alnyp barylýandygyny bellemek gerek. Olar öz borçlaryny ýerine ýetirmäge aýratyn jogapkärçilik bilen çemeleşdiler. Olaryň düzümine zähmetkeş toparlaryň abraýly wekilleri girdiler. Işjeňleriň tagallalary bilen ýerlerde ilat arasynda giňden düşündiriş işleri geçirildi, bu bolsa köp babatda saýlawçylaryň ençeme esse artan işjeňligini şertlendirdi.

Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek baradaky Merkezi toparda TDH-a habar berişleri ýaly, saýlawlaryň öň ýanyndaky möwsümiň hemme tapgyrlary öz wagtynda, hereket edýän milli kanunçylygyň talaplaryna hem-de umumy kabul edilen halkara kadalaryna laýyklykda guraldy. Ýurdumyzyň saýlaw uçastoklarynyň 2 müň 604-siniň ählisi işe doly taýýar. Türkmenistanyň diplomatik wekilhanalarynyň ýanynda daşary ýurtlarda döredilen uçastoklaryň 39-sy hem öz saýlawçylaryna garaşýar.

Türkmen tarapynyň çagyrmagy boýunça ýörite gelen Ýewropada Howpsuzlyk we hyzmatdaşlyk guramasynyň Demokratik institutlar we adam hukuklary baradaky edarasynyň bilermenleriniň garaşsyz topary geçirilen işlere hem-de öňde boljak saýlawlara baha bermäge girişdi. Merkezi saýlaw toparynda geçirilen duşuşygyň çäklerinde olar Merkezi saýlaw topary tarapyndan bellenilen senenamalaýyn meýilnamalaryň çäreleri, saýlaw okruglarynyň we uçastoklarynyň sanawy, resminamalaryň nusgalary we umuman, ýerlerde alnyp barlan işler bilen tanyşdyryldy. Olara degişli şahadatnamalar gowşuryldy.

Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyndan bolan synçylaryň topary saýlaw möwsümine gözegçilik etmegini dowam edýär. Halkara synçylar eýýäm dürli okruglarda saýlaw uçastoklarynda bolup, olaryň enjamlaşdyrylyşy, uçastok toparlarynyň düzümi bilen tanyşdylar. Mundan başga-da, olaryň birnäçe welaýat we Aşgabat şäher saýlaw toparlarynyň ýolbaşçylary, şeýle hem Mejlisiň deputatlygyna dalaşgärler hem-de olaryň ynanylan adamlary bilen duşuşyklary guraldy.

Syýasy partiýalar, jemgyýetçilik birleşikleri we dalaşgärleriň özleri tarapyndan bellenilen milli synçylar hem öz işini dowam edýärler. Olaryň ählisine ygtyýarlyklarynyň çäklerinde saýlawlaryň öň ýanynda bolşy ýaly, saýlaw gününde hem saýlaw okruglaryna baryp görmäge mümkinçilik döredildi. Bu bolsa, öz nobatynda, saýlawlaryň açyklyk, aýdyňlyk ýagdaýynda, giň demokratik esasda geçirilmegine oňyn täsir eder.

Mejlisiň deputatlygyna, halk maslahatlarynyň we Geňeşleriň agzalygyna saýlawlar köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň uly üns merkezinde durýar. Gazetlerde, hususan-da, paýtagtymyzyň hem-de welaýatlaryň metbugat sahypalarynda dalaşgärleriň terjimehal maglumatlary çap edildi. Saýlawçylar olaryň saýlawlaryň öň ýanyndaky maksatnamalary bilen dowam edýän duşuşyklaryň çäklerinde tanşyp bilerler.

Şeýlelikde, Mejlisiň altynjy çagyrylyşynyň deputatlaryny, halk maslahatlarynyň we Geňeşleriň agzalaryny saýlamak boýunça möhletinden öň ses bermegiň şu gün badalga alan tapgyry ýerlerde bu jemgyýetçilik-syýasy möwsümiň geçirilmegine taýýarlygy tassyklaýar. Bu möwsüm hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň nygtaýşy ýaly, Türkmenistanyň häzirki zaman taryhyna ýurdumyzyň ösüşiň demokratik ýoluna, türkmen halkymyzyň rowaçlyk we gülläp ösüş ugundaky maksatlaryna yzygider ygrarlydygynyň täze subutnamasy bolup girmegine gönükdirilendir.

Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi