Merkezi Bankyň
walýuta kursy

Beýleki walýutalaryň kursy

Gymmat bahaly metallaryň
1 (bir) unsiýasynyň türkmen manadyna bolan gatnaşyklary

  ALTYN
  KÜMÜŞ
  PLATINA
  PALLADIÝ

Türkmenistanyň Prezidenti: bir-biregi ýakynlaşdyrýan taslamalar sebitiň ýurtlarynyň ykdysady kuwwatyny artdyrmaga giň ýol açýar

Tebigy gazyň ägirt uly gorlaryna eýe bolan Türkmenistan diwersifikasiýa ýoly bilen, energiýa serişdeleriniň dünýä bazarlaryna iberilýän ugurlaryny köptaraply düzümleri döretmegiň hasabyna artdyrmak arkaly mawy ýangyjy eksport etmek boýunça tutumly işleri alyp barýar diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow TOPH gaz geçirijisiniň täze böleginiň gurluşygyna badalga berilmegi mynasybetli dabarada eden çykyşynda aýtdy.

Gorlary boýunça dünýäde ikinji orunda durýan «Galkynyş» käninden gözbaş aljak TOPH taslamasynyň durmuşa geçirilmegi sebitde möhüm durmuş meselelerini çözmekden başga-da, parahat we durnukly ösüşi berkitmäge hem ýardam eder. Müňlerçe täze iş orunlaryny döretmäge mümkinçilik berer.

Asyryň iri gaz geçirijisiniň ugry boýunça optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamyny gurmak hem göz öňünde tutulýar. Bu işleri Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrligi amala aşyrar we ýurdumyzyň serhedinden Owganystanyň üsti bilen Päkistana çenli 814 kilometr aralyga optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamyny çeker. Nesip bolsa, bu taslamanyň doly durmuşa geçirilmegi bilen, geljekde Ýewropa we Günorta–Gündogar Aziýa ýurtlarynyň arasynda Türkmenistan möhüm maglumat köprüsi bolup hyzmat eder.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň goňşy Owganystan Yslam Respublikasy bilen ulaglar babatdaky hyzmatdaşlygy ösdürmäge hem uly ähmiýet berýändigini nygtap, Türkmenistan–Owganystan–Täjigistan demir ýolunyň eýýäm ulanmaga berlen Kerki–Ymamnazar–Akina bölegini muňa mysal edip görkezdi.

Ýurdumyzyň Demir ýol ulaglary ministrligi ýaňy-ýakynda Owganystanyň Turgundy stansiýasyna çenli umumy uzynlygy 13 kilometr bolan demir ýoly hem düýpli abatlady. Bu taslamanyň amala aşyrylmagy bilen, stansiýanyň geçirijilik kuwwaty has-da artyp, Owganystanyň haryt dolanyşygy üçin ähmiýeti ýokarlandy. Owgan önümlerini halkara bazarlaryna çykarmaga, daşary ýurt harytlaryny bolsa, gysga we amatly ýol bilen ýurda getirmäge mümkinçilik açyldy.

Netijede, goňşy Owganystanyň Aziýa-Ýuwaş ummany sebitiniň döwletlerine çykmak bilen, Demirgazyk–Günorta we Gündogar–Günbatar ugurlary boýunça Merkezi Aziýanyň çäklerinden geçýän halkara ulag geçelgeleriniň möhüm bölegine öwrülmegi üçin zerur şertler dörär diýip, milli Liderimiz aýtdy. Bu ýol doganlyk ýurdy Türkmenbaşy Halkara deňiz porty bilen birleşdirip, oňa deňziň üstünden Azerbaýjana, Gruziýa, Türkiýä we Ýewropa döwletlerine çykmaga mümkinçilik berer.

Türkmenistan bilen Owganystanyň arasynda energetika babatdaky özara hyzmatdaşlyk hem barha giň gerime eýe bolýar. Biz doganlyk ýurda eksport edilýän elektrik energiýasynyň möçberini artdyrmak maksady bilen, täze stansiýalary, elektrik geçiriji ulgamlary yzygiderli gurýarys. Şu gün bolsa, şolaryň ýene-de biriniň, ýagny kuwwaty 500 kilowatlyk Türkmenistan–Owganystan–Päkistan elektrik geçirijisiniň gurluşygyna badalga berilmegi TOPH gaz geçirijisiniň ugrundaky desgalary elektrik energiýasy bilen üpjün etmekden başga-da, ony Owganystanyň üsti bilen Päkistana we Günorta–Gündogar Aziýa döwletlerine eksport etmäge hem mümkinçilik berer.

Türkmenistanyň Baştutanynyň aýdyşy ýaly, bir-biregi ýakynlaşdyrýan bu taslamalaryň amala aşyrylmagy sebitiň ýurtlarynyň arasynda netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmäge, olaryň ykdysady kuwwatyny artdyrmaga giň ýol açýar.

Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi