Merkezi Bankyň
walýuta kursy

Beýleki walýutalaryň kursy

Gymmat bahaly metallaryň
1 (bir) unsiýasynyň türkmen manadyna bolan gatnaşyklary

  ALTYN
  KÜMÜŞ
  PLATINA
  PALLADIÝ

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisinden

2018-nji ýylyň 5-nji oktýabrynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi, onda Prezident maksatnamalarynyň hem-de ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça kabul edilen beýleki maksatnamalaryň ýerine ýetirilişine seredildi, şeýle hem döwletimiziň mähriban halkymyzyň abadançylygyny üpjün etmäge gönükdirilen içeri syýasatyna degişli käbir meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Mej­li­siň bar­şyn­da Milli Liderimiziň BMG-niň Baş Assambleýasynyň 73-nji maslahatynda eden çykyşynda Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek boýunça hyzmatdaşlyk meselesine aýratyn üns berildi, munuň özi ýurdumyzyň halkara giňişlikde alyp barýan işiniň ileri tutulýan ugry bolup durýar. Bu ulgamda hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak maksady bilen dürli çäreleri guramak bellenildi. Mälim bolşy ýaly, şu ýylyň 1-nji oktýabryndan 30-njy oktýabry aralygynda Aşgabat şäherinde Durnukly ösüş maksatlarynyň günleri geçirilýär.

Häzirki wagtda geljek ýylyň iýul aýynda BMG-niň Durnukly ösüş boýunça Ýokary derejeli syýasy forumynda Türkmenistanyň hödürlenilmegi göz öňünde tutulýan meýletin hasabatynyň taslamasynyň üstünde işlenilýär. Şol forumda ýurdumyz BMG-niň Ykdysady we Durmuş geňeşiniň 2019 — 2021-nji ýyllar üçin saýlanylan agzasy hökmünde çykyş eder. Mundan başga-da, geljek ýylyň 6 — 7-nji fewralynda paýtagtymyzda Durnukly ösüş maksatlary boýunça sebit maslahatyny geçirmek meýilleşdirilýär.

Ýokarda agzalan maksatnamada şeýle hem suw serişdelerini rejeli peýdalanmak hem-de hemmeler üçin arassaçylygyň üpjün edilmegi ýaly ählumumy maksatlara ýetmek boýunça başlangyçlary durmuşa geçirmek maksady bilen, birnäçe çäreleri guramak, hususan-da, BMG-niň agentlikleri bilen hyzmatdaşlykda suw diplomatiýasyny ilerletmek ulgamynda resminamalary taýýarlamak boýunça işleri güýçlendirmek göz öňünde tutulýar. Şunuň bilen baglylykda, 2019-njy ýylda Merkezi Aziýa üçin Öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkezi bilen bilelikde bu mesele boýunça halkara simpoziumyny geçirmek bellenildi.

Hormatly Prezidentimiziň syýasy beýannamasynda ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmek meselesine möhüm orun berilýär. Aral deňziniň sebitiniň ýurtlary üçin BMG-niň Ýörite maksatnamasyny işläp taýýarlamak boýunça teklipleri durmuşa geçirmek, Araly halas etmegiň Halkara gaznasy bilen Birleşen Milletler Guramasynyň arasynda hyzmatdaşlygy geljekde hem pugtalandyrmak maksady bilen, BMG-niň Baş Assambleýasynyň 73-nji maslahatynyň çäklerinde degişli Kararnamanyň üstünde işlemek göz öňünde tutulýar. Şunuň bilen baglylykda, BMG-niň Daşky gurşaw boýunça maksatnamasy (ÝUNEP) bilen hyzmatdaşlygy giňeltmek boýunça çäreler bellenildi.

Hormatly Prezidentimiz Mejlisiň jemgyýetçilik-syýasy durmuşy demokratiýalaşdyrmagyň, düýpli durmuş-ykdysady özgertmeleriň, halk häkimiýetliliginiň esaslaryny berkitmegiň ýoly bilen ýurdumyzy ilerletmäge gönükdirilen yzygiderli işleri geçirmeginiň möhümdigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz halkara hukuk gatnaşyklary babatda hyzmatdaşlyga ünsi çekip, parlamentarileri daşary ýurtly kärdeşleri bilen işjeň tejribe alyşmaga çagyrdy.

Döwlet Baştutanymyz saýlawçylaryň ynamynyň ýokary jogapkärçiligi barada aýdyp, Mejlisiň deputatlary ýurdumyzda oňyn özgertmeleriň amala aşyrylmagyna ýardam edýän kanunçylyk namalarynyň ähmiýetini wagyz etmelidir diýip, halkymyzyň abadançylygynyň ýokarlanmagynyň hut şolara gös-göni bagly bolup durýandygyny belledi.

Mejlisiň barşynda Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň Maliýe gözegçiligi müdirligini Ministrligiň ýanyndaky Maliýe gözegçiligi gullugy diýip atlandyrmak baradaky teklibi hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň garamagyna hödürlendi. Döredilmegi teklip edilýän bu gullugyň “Jenaýatçylykly ýol bilen alnan girdejileriň kanunlaşdyrylmagyna we terrorçylygyň maliýeleşdirilmegine garşy hereket etmek hakynda” Türkmenistanyň Kanunynda göz öňünde tutulan döwlet syýasaty boýunça we ygtyýarly edaranyň wezipelerini amala aşyrmagy teklip edilýär.

Milli Liderimiz hasabaty diňläp, Türkmenistanyň soňky ýyllarda bu ugurda toplumlaýyn çäreleri amala aşyrýandygyny hem-de häzir maliýe amallary geçirilende töwekgelçilik döretmeýän döwlet hökmünde ykrar edilendigini belledi. 2010-njy ýylda ýurdumyzyň Jenaýatçylykly ýol bilen alnan girdejileriň kanunlaşdyrylmagyna we terrorçylygyň maliýeleşdirilmegine garşy göreş baradaky Ýewraziýa toparynyň (ÝAT) agzasy bolmagy bu ugurda möhüm ädim boldy, munuň özi döwletimiziň halkara ykdysady ulgama goşulmagyna ýardam etdi.

Hormatly Prezidentimiz “Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň ýanynda Maliýe gözegçiligi gullugyny döretmek hakynda” Karara gol çekdi. Täze düzümiň öňünde durýan wezipelere ünsi çekip, döwlet Baştutanymyz wise-premýere birnäçe anyk görkezmeleri berdi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň birinji mejlisiniň kararlaryndan gelip çykýan bugdaýyň we pagtanyň döwlet satyn alyş bahalaryny ýokarlandyrmak hakynda döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi. Habar berlişi ýaly, Maliýe we ykdysadyýet hem-de Oba we suw hojalyk ministrlikleriniň hünärmenleri tarapyndan geçirilen seljermäniň esasynda bu oba hojalyk önümleriniň bahalarynyň sanawy taýýarlanyldy.

Döwlet Baştutanymyz obasenagat toplumyny özgertmek, oba hojalygynyň dolandyryş ulgamyny, şol sanda maliýe gurallaryny täzelemegiň hasabyna ekinleriň hasyllylygyny ýokarlandyrmak üçin ähli mümkinçilikleri peýdalanmagyň ykdysadyýetiň degişli ulgamynda uly üstünlikleri gazanmaga gönükdirilendigini belledi.

Döwlet Baştutanymyz “Bugdaýyň we pagtanyň döwlet satyn alyş bahalaryny ýokarlandyrmak hakynda” Karara gol çekip, teklip edilýän çäre, şeýle hem ýokary hilli tohumlaryň öndürilmegi üçin goşmaça tölegleriň bellenilmegi oba zähmetkeşleriniň oňat netijeleri almaga höwesiniň artmagyna ýardam eder diýip belledi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow wise-premýere bu resminamanyň düzgünleriniň degişli derejede ýerine ýetirilmegini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Milli Liderimiz mejlisiň barşynda M.Berdiýewi Türkmenistanyň “Daýhanbank” döwlet täjirçilik bankynyň başlygy wezipesine belläp, ony Türkmenistanyň Merkezi bankynyň başlygynyň orunbasary, Ýewropanyň Täzeleniş we ösüş bankynyň Türkmenistandan dolandyryjysy wezipelerinden boşatmak hakynda Permana gol çekdi.

Döwlet Baştutanymyzyň Karary bilen, Türkmenistanyň “Daýhanbank” döwlet täjirçilik bankynyň başlygynyň orunbasary Ş.Nepesow şu bankyň başlygynyň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetirmekden boşadyldy.

Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, S.Gurbandurdyýew başga işe geçmegi sebäpli, Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň başlygynyň orunbasary, Aziýanyň Ösüş bankynyň Türkmenistandan dolandyryjysynyň orunbasary wezipelerinden boşadyldy.

Soňra hormatly Prezidentimize ýangyç-energetika toplumynda işleriň ýagdaýy, 17-nji oktýabrda Balkan welaýatynda gazy gaýtadan işläp, polietilen we polipropilen öndürýän gazhimiýa toplumynyň açylyş dabarasyna görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi.

Täze toplum sebitde şunuň ýaly ilkinji desga bolar. Onuň önümçilik kuwwaty bir ýylda tebigy gazyň 5 milliard kub metrini gaýtadan işlemäge hem-de şonuň hasabyna ýokary dykyzlykdaky polietileniň 381 müň tonnasyny, polipropileniň 81 müň tonnasyny we beýleki gymmatly önümleri öndürmäge mümkinçilik berýär.

Hormatly Prezidentimiz bu giň gerimli maýa goýum taslamasynyň amala aşyrylmagynyň Türkmenistanyň nebitgaz senagatyny we tutuş ykdysadyýetini ösdürmek üçin uly ähmiýete eýedigini belledi. Döwlet Baştutanymyz dünýä bazarlarynda we ýurdumyzyň sarp edijileri tarapyndan uly isleg bildirilýän polimer önümlerini öndürmek boýunça döwrebap önümçilikleriň döredilmeginiň Diýarymyzyň eksport kuwwatyny berkitmäge, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri öndürmek, ýangyç-energetika toplumyny we beýleki pudaklary has-da ösdürmek babatda wezipeleriň çözülmegine ýardam etjekdigini nygtady.

Milli Liderimiz degişli wise-premýere gazhimiýa pudagy üçin ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamak babatda birnäçe tabşyryklary berip, bu işiň öňdebaryjy dünýä tejribesini önümçilige ornaşdyrmaga, täze tehnologiýalary we ylmy-tehniki işleri işjeň ornaşdyrmaga ýardam edýändigini belledi. Hormatly Prezidentimiz sebitde iri gazhimiýa toplumynyň açylyş dabarasyny ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmek üçin zerur çäreleri görmegi tabşyrdy.

Soňra milli Liderimize ýurdumyzda alnyp barylýan möwsümleýin meýdan işleri barada hasabat berildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, oba hojalygynda özgertmeleri işjeňleşdirmek boýunça Halk Maslahatynda kabul edilen möhüm çözgütlere ünsi çekdi. Pudagyň düşewüntliligini has-da ýokarlandyrmaga hem-de tehniki taýdan gaýtadan enjamlaşdyrmaga, onuň gaýtadan işleýän düzümlerini döwrebaplaşdyrmaga, dürli oba hojalyk önümleriniň öndürilişiniň möçberini artdyrmaga gönükdirilen toplumlaýyn çäreleriň durmuşa geçirilmegi bäsdeşlige ukyply oba senagatynyň kemala getirilmeginiň zerur şertidir diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady.

Milli Liderimiz wise-premýere öňdebaryjy tehnologiýalary hem-de ylmyň gazananlaryny işe ornaşdyrmaga, ekerançylyk ýerleriniň hasyllylygyny ýokarlandyrmaga, suw serişdelerini oýlanyşykly peýdalanmaga degişli anyk tabşyryklary berdi. Umuman, bularyň ählisi ýurdumyzyň obasenagat toplumynyň ägirt uly kuwwatyny durmuşa geçirmäge, daşary ýurtlardan getirilýän önümleriň ornuny tutýan önümleri öndürmek babatda wezipeleri çözmäge ýardam etmäge gönükdirilendir. Hormatly Prezidentimiz şeýle hem pagta ýygymy we bugdaý ekişi möwsümleriniň bellenen möhletlerde tamamlanmagy üçin şolaryň geçirilişini yzygiderli gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow mejlisiň dowamynda “Oba hojalyk tehnikalaryny we gurallaryny satyn almak hakynda” Karara gol çekdi.

Soňra Hormatly Prezidentimize senagat pudagynda işleriň ýagdaýy, ýerli çig mal serişdeleriniň esasynda önümçiligiň möçberini artdyrmak maksady bilen ýurdumyzyň senagat kärhanalaryny döwrebaplaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berildi. Bellenilişi ýaly, çykarylýan önümleriň hilini we bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmak, öndürilýän harytlaryň sanawyny giňeltmek, milli ykdysadyýetimiziň gaýtadan işleýän pudaklarynyň ileri tutulýan wezipeleriniň biridir. Häzirki bar bolan pudaklaýyn desgalary öňdebaryjy işläp taýýarlamalaryň hem-de innowasiýalaryň hasabyna tehnologiýa taýdan gaýtadan enjamlaşdyrmak boýunça uly işler alnyp barylýar.

Himiýa we dokma senagatynyň eksport kuwwatyny, gurluşyk serişdeleriniň önümçiliginiň möçberini artdyrmak boýunça öňde goýlan strategik wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmegi milli ykdysadyýetimizi täze sepgitlere çykarmaga, ýurdumyzyň dünýäniň ösen döwletleriniň hatarynda mynasyp orun eýelemäge mümkinçilik berjekdigini belläp, hormatly Prezidentimiz bu ugurda alnyp barylýan işleri güýçlendirmegi tabşyrdy. Milli Liderimiz ýurdumyzda öndürilýän gurluşyk harytlaryny eksport etmegiň möçberini artdyrmagyň maksadalaýyk boljakdygyna ünsi çekdi, bu önümçiligiň gerimini giňeltmek üçin ýurdumyzda ähli mümkinçilikler bar.

Mejlisiň dowamynda hormatly Prezidentimiziň tabşyrmagy bilen paýtagtymyzy abadanlaşdyrmak boýunça ýerine ýetirilýän toplumlaýyn işler barada hem hasabat berildi.

Milli Liderimiz hasabaty diňläp, awtomobil ýollarynyň düzümlerini toplumlaýyn döwrebaplaşdyrmaga, şäher inžener-tehniki ulgamlarynyň üznüksiz işlemegine, jemagat gulluklarynyň takyk we utgaşykly işini üpjün etmäge degişli meseleleri yzygiderli üns merkezinde saklamalydygyny nygtady.

Döwletimiz ýurdumyzyň gurluşyk ulgamyny ösüşiň täze derejesine çykarmak üçin hemme şertleri döredip, iri pudaklaýyn taslamalary durmuşa geçirmäge uly maýa goýumlaryny gönükdirýär. Senagat kuwwatlyklaryny diňe bir ösdürmän, eýsem, işleriň ýokary derejesini gazanmaga toplumlaýyn çemeleşmegi üpjün etmeli, guramaçylyk çärelerini hem güýçlendirmek zerurdyr diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy.

Mundan başga-da hormatly Prezidentimize ýurdumyzda azyk howpsuzlygyny mundan beýläk-de üpjün etmek, azyk bolçulygyny saklamak hem-de harytlaryň eksport edilişini artdyrmak boýunça söwda toplumynda alnyp barylýan işler barada hasabat berildi.

Şu maksatlar bilen önüm getirijileri çekmek, olara şertnamalary baglaşmaga ýardam bermek, öndürilýän önümleri ugratmak we saklamak, şeýle hem ilatyň ýokary hilli hem-de elýeter azyk önümlerine bolan islegini doly kanagatlandyrmaga, bölek söwda ulgamynyň giňeldilmegine gönükdirilen beýleki işler boýunça toplumlaýyn çäreler görülýär.

Wise-premýer «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen “Heavy Caspian: Turkmenistan” halkara maslahatyň netijeleri barada hasabat berdi. Hasabatda dünýäniň ulag-logistika hyzmatlary bazaryny ösdürmegiň möhüm meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi tarapyndan guralan forum ençeme ýurtlardan ussat hünärmenleriň jemgyýetçiliginiň wekilleriniň uly düzümini bir ýere jemläp, dünýäniň işewür toparlarynyň ýurdumyz bilen gatnaşyk etmäge bolan uly gyzyklanmasyny görkezdi. Bilelikdäki taslamalar meýilleşdirildi, göni gatnaşyklar ýola goýuldy, Türkmenistanyň ulag kuwwatyny amala aşyrmak babatda hyzmatdaşlygy ösdürmegiň ýollary kesgitlenildi.

Hormatly Prezidentimiz ykdysady özgertmeleri geçirmek işinde ýurdumyzda söwda pudagyny guramagyň we ýöretmegiň esasy ýörelgelerinde ep-esli üýtgeşmeleriň bolup geçendigini belledi. Ol bolsa telekeçilik işjeňligine, hususy ulgamyň agdyklyk etmegi bilen, bazar häsiýetine eýe bolup, önümçiligiň ýokarlanmagyna hem-de jemi içerki önümiň ösüşine goşant goşmakda öz täsirini ep-esli güýçlendirdi.

Döwlet Baştutanymyz sarp ediş harytlarynyň hiline we howpsuzlygyna, döwlet-hususy hyzmatdaşlygyň anyk gurallarynyň ornaşdyrylmagyna, oba hojalyk önümçiliginde telekeçiligiň mümkinçilikleriniň has işjeň peýdalanylmagyna berk gözegçilik etmek meselelerine ünsi çekdi. Mundan başga-da, wise-premýere eksport-import amallaryny düzgünleşdirmek we ýönekeýleşdirmek, içerki we dünýä bazarlarynda ýurdumyzyň öndürijileriniň önümleriniň bäsdeşlige ukyplylygyny artdyrmak boýunça tabşyryklar berildi.

Milli Liderimiz Awazada geçirilen ulag-logistika maslahaty ýaly forumlary geçirmek tejribesini dowam etmelidigini aýtdy. Onuň üstünligi Türkmenistanyň ýaýbaňlandyrylan multimodal düzümleriniň mümkinçiliklerini ulanmak arkaly ýük daşamak ulgamynda halkara derejede ýakynlaşmalar üçin uly geljegiň bardygyna şaýatlyk edýär.

Ýurdumyzyň ulag syýasaty Merkezi Aziýa bilen Ýewropany, Hazar, Gara deňiz we Baltika sebitlerini, Orta we Ýakyn Gündogary, Günorta we Günorta-Gündogar Aziýany baglanyşdyrýan ykdysady taýdan bähbitli yklym geçelgelerini döretmäge gönükdirilendir diýip, hormatly Prezidentimiz belledi. Şunda häzirki zamanyň Beýik Ýüpek ýolunyň söwda ugurlarynyň çatrygynda möhüm halka bolmagyna gönükdirilen Türkmenbaşy şäherindäki Halkara deňiz portuna aýratyn orun berilýär. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz ulag hyzmatlarynyň dünýä bazarynda Türkmenistanyň eýeleýän ornuny öňe ilerletmek, ýurdumyzyň ägirt uly ykdysady kuwwatyny amala aşyrmak maksady bilen, halkara derejedäki işewür çäreleriň tapgyrlaryny geçirmegi oýlanyşmagy we guramagy tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Çakyýew ýurdumyzda awtomobil ugry boýunça halkara sergisini geçirmäge görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi. Habar berlişi ýaly, sergide dürli kysymly — ýeňil, ýolagçy, ýük we ýöriteleşdirilen awtomobiller görkeziler.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, bu forumy guramak üçin ýurdumyzda ykdysady we maliýe mümkinçilikleriň bardygyny aýtdy. Howa we ýol şertlerini nazara almak bilen, ilat üçin awtomobilleriň has oňaýly görnüşlerini saýlap almak mümkinçiligi peýda bolar diýip, milli Liderimiz belledi.

Milli Liderimiz deslapky synaglary — ýerli howa şertlerine laýyk gelmegiň möhümdigini aýdyp, halkara sergisine gatnaşmak üçin awtomobil gurluşygynda ýöriteleşdirilen dürli kompaniýalary çekmegi hem-de sergini ýokary derejede guramak üçin çäreleri görmegi tabşyrdy.

Mejlisiň barşynda oktýabr aýynda geçiriljek çäreleriň we medeni-durmuş maksatly binalary açyp, ulanmaga bermegiň tertibi, şeýle hem 9 — 10-njy oktýabrda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda «Syýahatçylyk we gezelenç» atly halkara sergini we maslahaty geçirmäge görülýän taýýarlyk barada hasabat berildi.

Milli Liderimiz hasabaty diňläp, oktýabr aýynda geçiriljek medeni çärelere taýýarlyk görmek bilen bagly meselelere ünsi çekdi. Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe gazanan üstünliklerini wagyz etmek işinde, ýaşlary ahlak we ruhy taýdan terbiýelemekde şolaryň ähmiýetini belläp, degişli wise-premýere çäreleri ýokary derejede geçirmek boýunça anyk görkezmeleri berdi.

Döwlet Baştutanymyz däp bolşy ýaly, Hazaryň türkmen kenarynda guralýan halkara syýahatçylyk forumy barada aýtmak bilen, Türkmenistanyň syýahatçylyk pudagynyň mümkinçiliklerini görkezmekde, dünýäniň syýahatçylyk senagatyny ösdürmek babatda ýurdumyzyň daşary döwletler bilen özara bähbitli gatnaşyklaryny işjeňleşdirmekde, sagaldyş we dynç alyş ulgamlarynda täze gazanylanlar barada alymlaryň we hünärmenleriň arasynda tejribe alyşmakda onuň ähmiýetli ornuny belledi.

Hormatly Prezidentimiz Türkmenistanda döwrebap syýahatçylyk düzüminiň döredilmeginiň halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmegiň, innowasion tehnologiýalary çekmegiň hem-de milli ykdysadyýetimizi toplumlaýyn döwrebaplaşdyrmagyň esasy ugurlarynyň biridigini belläp, halkara maslahaty ýokary derejede geçirmek barada görkezme berdi.

Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň Medeniýet günlerini Täjigistan Respublikasynda guramak meselelerine ünsi çekip, bu medeni çäräniň geljekde döwletara gatnaşyklaryny has-da ösdürmekde aýratyn ähmiýetiniň bardygyny belledi. Şol gatnaşyklar gadymy kökleri bolan hem-de medeni däplerini asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýan iki doganlyk halkyň köpasyrlyk dostluk we ruhy taýdan ýakynlyk ýörelgelerine esaslanýar. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz türkmen wekiliýetiniň düzümine sungatyň ähli görnüşleriniň wekillerini goşmagyň möhümdigini aýtdy.

Döwlet Baştutanymyz halkymyzyň umumadamzat ähmiýeti bolan mirasyny, Türkmenistanyň häzirki gazananlaryny dünýä ýaýmakda bu forumyň ornuny belläp, wise-premýer B.Abdyýewa hem-de wise-premýer, DIM-iň ýolbaşçysy R.Meredowa öňde boljak çäräniň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmegi hem-de Türkmenistanyň Medeniýet günlerini Täjigistanda üstünlikli geçirmek üçin ähli şertleri döretmegi tabşyrdy.

Mejlisiň dowamynda hormatly Prezidentimize Türkmenistanyň “Altyn asyr” futbol toparynyň ilkinji gezek AFK-nyň Kubogy ugrundaky ýaryşyň finalyna çykandygy barada habar berildi. Munuň özi ýurdumyzyň futbolynyň taryhynda möhüm we ruhlandyryjy waka öwrüldi. Bu üstünlik milli Liderimiziň ýurdumyzda sporty ösdürmäge, tälimçilerimiziň we türgenlerimiziň ussatlygyny ýokarlandyrmak üçin ähli zerur şertleri döretmäge berýän ägirt uly ünsüniň gönüden-göni netijesidir. Mundan başga-da, «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçýän Hazarýaka döwletleriniň mekdep medeni-sport festiwaly barada habar berildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrliginiň “Altyn asyr” toparynyň futbolçylaryny ajaýyp üstünligi bilen gutlady we Watanymyzyň ýaşyl Tuguny dünýä derejesinde ýokary götermekleri hem-de watandaşlarymyzyň buýsanjyny artdyrmak üçin olara täze ýeňişleri arzuw etdi.

Ýurdumyzda sport ulgamy soňky ýyllarda kuwwatly itergä eýe boldy. Biz Sport we ýaşlar syýasaty ministrligini döretdik, olimpiýa we bedenterbiýe köpçülikleýin hereketini, sagdyn we işjeň durmuş ýörelgesini wagyz etmek boýunça giň gerimli işleri geçirýäris. Türkmen türgenleriniň halkara ýaryşlaryndaky üstünlikleri döwletimiziň beden taýdan berk we ruhy taýdan ösen nesli, milli durmuş syýasatyny kemala getirmek hem-de bu ulgamda hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek baradaky aladasynyň netijesidir.

“Altyn asyr” toparynyň 45 ýurduň gatnaşmagyndaky AFK — 2018-iň Kubogy ugrundaky ýaryşyň finalyna çykmagy türkmen sportuny ösdürmek babatda alnyp barylýan köptaraply işleriň nobatdaky netijesidir diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy hem-de futbolçylarymyzy ýene-de bir ýola gutlap, olara mundan beýläk-de üstünlikleri arzuw etdi.

Hormatly Prezidentimiz Hazaryň kenarynda çagalarda ajaýyp täsirleriň hem-de Awazanyň dostluk künjegidigi barada täsirleriň galmagy üçin mekdep medeni-sport festiwalyna gatnaşyjylara has oňat şertleri üpjün etmek boýunça tabşyryklary berdi.

Mejlisde döwlet durmuşyna degişli başga-da birnäçe meselelere garaldy we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.

 TDH-niň maglumatlary esasynda taýýarlanyldy