Merkezi Bankyň
walýuta kursy

Beýleki walýutalaryň kursy

Gymmat bahaly metallaryň
1 (bir) unsiýasynyň türkmen manadyna bolan gatnaşyklary

  ALTYN
  KÜMÜŞ
  PLATINA
  PALLADIÝ

Halkara hasaplaşyklar ulgamynyň ösüşi

Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe karz edaralaryň ýerine ýetirýän bank hyzmatlarynyň içinde fiziki şahslar üçin geçirilýän alyş-çalyş amallarynyň göwrümi günsaýyn giňeýär. Türkmenistanyň hereket edýän kanunçylygyna laýyklykda, fiziki şahslar üçin alyş-çalyş amallary raýatlaryň şahsy maksatlary, hususan-da, daşary ýurtlarda bilim almaklary, saglyklaryny bejertmekleri, syýahatçylyk hyzmatlaryndan peýdalanmaklary, sarp ediş harytlaryny satyn almaklary üçin geçirilýär.

Raýatlarymyzyň dünýäniň ösen tehnologiýalaryna esaslanýan ygtybarly we amatly şertlerde alyş-çalyş amallaryndan bökdençsiz peýdalanmagy üçin bank ulgamynda hereket edýän elektron töleg ulgamyny kämilleşdirmek we birnäçe täze töleg-hasaplaşyk gurallaryny hödürlemek boýunça işler yzygiderli kämilleşdirilýär. Şu ugurda ýurdumyzyň karz edaralary we olaryň şahamçalary ýüz tutýan müşderilerine halkara töleg ulgamynyň bank kartlary bolan “VISA” we “MasterCard” kartlaryny açyp berýärler.

“MasterCard” we “VISA” halkara töleg ulgamynyň bank kartlary daşary ýurtda okaýan ýaşlar üçin örän amatly şertleri döredýär. Daşary ýurtlarda bilim alýan ýaşlaryň bilim edarasyna degişli töleglerini, şahsy harajatlaryny şeýle-de okuw üçin kitaplary, harytlary we beýleki hyzmatlary üçin tölegleri bank kartlary arkaly töleg terminallarynyň ýa-da internetiň üsti bilen geçirmäge mümkinçilik döredilen. Şeýle-de bu kartlar Türkmenistanlylaryň daşary ýurtlarda syýahatçylyk eden döwründe ýol harajatlaryny tölemäge, sarp ediş harytlaryny satyn almaga, myhmanhana töleglerini geçirmäge mümkinçilik berýär.

Raýatlarymyzyň maliýe taýdan sowatly bolmaklary örän wajyp bolup, alyş-çalyş amallaryny ýurdumyzda hereket edýän kanunçylyga laýyklykda amala aşyrmak hemmämiziň borjumyzdyr.

Türkmenistanyň bank ulgamynda ornaşdyrylýan döwrebap tehnologiýalar, müşderileriň talaplaryny kanagatlandyrmaga we bank hyzmatlarynyň hilini ýokarlandyrmaga gönükdirilýär. Amatly we çalt hyzmat etmäge gönükdirilen dünýäniň öňdebaryjy banklarynyň döwrebap usuly bolan ykjam bank tehnologiýalarynyň ornaşdyrylmagy müşderileriň ösen talaplaryny kanagatlandyrmaga, olaryň ynamyny has-da ýokarlandyrmaga mynasyp goşant goşar.

Islendik töleg kartlary, şol sanda «Visa» we «MasterCard» kartlary diňe eýesi tarapyndan ulanylmaga degişli bolup durýar. 

Fiziki şahslaryň nagt däl görnüşinde satyn alan daşary ýurt pullary   telekeçilik işini amala aşyrmaklary bilen baglanyşykly bolmadyk maksat üçin niýetlenendir.