Merkezi Bankyň
walýuta kursy

Beýleki walýutalaryň kursy

Gymmat bahaly metallaryň
1 (bir) unsiýasynyň türkmen manadyna bolan gatnaşyklary

  ALTYN
  KÜMÜŞ
  PLATINA
  PALLADIÝ

Halkara hasaplaşyklar ulgamynyň ösüşi

Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe karz edaralaryň ýerine ýetirýän bank hyzmatlarynyň içinde alyş-çalyş amallarynyň göwrümi günsaýyn giňeýär. Türkmenistanyň hereket edýän kanunçylygyna laýyklykda, alyş-çalyş amallary raýatlaryň şahsy maksatlary, hususan-da, daşary ýurtlarda bilim almaklary, saglyklaryny bejertmekleri, syýahatçylyk hyzmatlaryndan peýdalanmaklary, sarp ediş harytlaryny satyn almaklary üçin geçirilýär.

Raýatlarymyzyň dünýäniň ösen tehnologiýalaryna esaslanýan ygtybarly we amatly şertlerde alyş-çalyş amallaryndan bökdençsiz peýdalanmagy üçin bank ulgamynda hereket edýän elektron töleg ulgamyny kämilleşdirmek we birnäçe täze töleg-hasaplaşyk gurallaryny hödürlemek boýunça işler yzygiderli kämilleşdirilýär. Şu ugurda ýurdumyzyň karz edaralary we olaryň şahamçalary ýüz tutýan müşderilerine halkara töleg ulgamynyň bank kartlary bolan “VISA” we “MasterCard” kartlaryny açyp berýärler.

“MasterCard” we “VISA” halkara töleg ulgamynyň bank kartlary daşary ýurtda okaýan ýaşlar üçin örän amatly şertleri döredýär. Daşary ýurtlarda bilim alýan ýaşlaryň bilim edarasyna degişli töleglerini, şahsy harajatlaryny şeýle-de okuw üçin kitaplary, harytlary we beýleki hyzmatlary üçin tölegleri bank kartlary arkaly töleg terminallarynyň ýa-da internetiň üsti bilen geçirmäge mümkinçilik döredilen. Şeýle-de bu kartlar Türkmenistanlylaryň daşary ýurtlarda syýahatçylyk eden döwründe ýol harajatlaryny tölemäge sarp ediş harytlaryny satyn almaga, myhmanhana töleglerini geçirmäge mümkinçilik berýär. Internet ulgamynyň üsti bilen bolsa, şahsy sarp ediş maksatlary üçin harytlar we hyzmatlar boýunça hasaplaşyklar geçirmäge hem ýardam berýär.

Ýokarda bellenen hyzmatlardan doly we howpsuz peýdalanmak üçin müşderileriň ýerine ýetirmeli käbir howpsuzlyk düzgünleri bar. Ilki bilen kart alan müşderi kartyny, onuň rekwizitlerini (kartyň belgisini, hereket edýän möhletini, bank kartlarynyň hakykylygynyň barlag kodlaryny) hem-de PIN-koduny hiç kime we hiç bir şertlerde ulanmaga bermeli däldir.

Bank kartynyň belgisini we bank kartyny emitirlenen bankynyň telefon belgisini aýratyn kagyza ýazyp almaly we ony haýsy hem bolsa bir ýerde (meselem, resminamalar bilen bile bir ýerde) goýmaly.

Müşderiniň bank hasabynyň göçürmesinde şüpheli ýagdaýlar (ygtyýarsyz ýerine ýetirilen amallar) ýüze çykan halatynda dessine degişli bank edarasyna habar bermeli. Habar banka näçe tiz ýetirilse, kart hasabyna bolan giriş mümkinçiligi şol derejede çalt ýapylýar we pul serişdeleriň goraglylygy üpjün edilýär.

Bank karty ýitirilen ýagdaýynda, onuň işini togtatmak we täze karty taýýarlatmak mümkindir.

Şu talaby ýerine ýetirmedik ýagdaýynda müşderiniň bank bilen baglaşan şertnamasyna laýyklykda karty ulanmaklygyň hereketini togtatmaklyga Bankyň hukugynyň bardygyny bellemek zerur bolup durýar.

Şeýle hem müşderiniň öyjükli telefonlaryna SMS arkaly bank kartynyň üsti bilen geçirilen amallar hem-de bank karty bilen baglanyşykly täzelikleri habar beriş hyzmaty ýaly amatly mümkinçilikler döredildi. Müşderi özüniň pul serişdeleriniň howpsuzlygyny üpjün etmek maksady bilen zerur bolmadyk halatynda kartyny togtatmak üçin 0717 belgä BLOCK XXXX täzeden işletmek üçin UNBLOCK XXXX (X-kartyň soňky dört sany) SMS ugratmak hyzmatyndan peýdalanyp biler.

Fiziki şahslaryň milli pula satyn alan daşary ýurt puluny halkara töleg kartlaryna geçirip, daşary ýurtlarda daşary ýurt puluny nagtlaşdyryp, ýurdumyzyň çäklerinde daşary ýurt puluny satyn almak we (ýa-da) satmak geleşikleriniň bikanun amala aşyrylýan ýagdaýlary ýüze çykanda, Türkmenistanyň Administratiw hukuk bozulmalary hakynda kodeksiniň 279-njy maddasynda daşary ýurt puluny satyn almak we (ýa-da) satmak geleşikleriniň bikanun amala aşyrylmagynyň administratiw hukuk bozulmanyň gös-göni obýekti bolan närseleri muzdsuz alyp, binýatlyk mukdaryň on bäşisinden ýigrimi bäşisine çenli möçberde,  administratiw temmisi ulanylandan soň olaryň bir ýylyň dowamynda gaýtadan edilmeginde bolsa administratiw hukuk bozulmanyň gös-göni obýekti bolan närseleri muzdsuz alyp, binýatlyk mukdaryň ýigrimi bäşisinden ellisine çenli möçberde jerime salynýandygyny bilmeli.

Şu ugurda raýatlarymyzyň maliýe taýdan sowatly bolmaklary örän wajyp bolup, alyş-çalyş amallaryny ýurdumyzda hereket edýän kanunçylyga laýyklykda amala aşyrmak hemmämiziň borjumyzdyr.

Türkmenistanyň bank ulgamynda ornaşdyrylýan döwrebap tehnologiýalar, müşderileriň talaplaryny kanagatlandyrmaga we bank hyzmatlarynyň hilini ýokarlandyrmaga gönükdirilýär. Amatly we çalt hyzmat etmäge gönükdirilen dünýäniň öňdebaryjy banklarynyň döwrebap usuly bolan ykjam bank tehnologiýalarynyň ornaşdyrylmagy müşderileriň ösen talaplaryny kanagatlandyrmaga, olaryň ynamyny has-da ýokarlandyrmaga mynasyp goşant goşar.