Merkezi Bankyň
walýuta kursy

Beýleki walýutalaryň kursy

Gymmat bahaly metallaryň
1 (bir) unsiýasynyň türkmen manadyna bolan gatnaşyklary

  ALTYN
  KÜMÜŞ
  PLATINA
  PALLADIÝ

Türkmenistanyň Merkezi banky Aziada-2017-niň hormatyna ýadygärlik şaýylaryny çykardy

Türkmenistanyň Merkezi banky Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlary mynasybetli her haýsysynyň nominaly 100 manada deň bolan altyn we kümüş şaýy pullaryndan durýan ýadygärlik şaýy pullar toplumyny çykardy.

a tenne

Şaýy pullaryň ikisiniň hem ýüz tarapynyň merkezinde öňümizdäki Oýunlaryň nyşanynyň şekili ýerleşdirildi. Nyşanyň aşaky sag böleginde “Türkmenistan Aşgabat 2017” diýlen filigran ýazgysy, nyşanyň sag tarapy boýunça “5th Asian Indoor & Martial Arts Games” diýlen ýazgy şekillendirilendir. Pullaryň ýüz tarapynyň ýokarky böleginde aýlaw bilen “Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlary” diýlen ýazgy, aşaky böleginde bolsa “Aşgabat 2017” diýlen ýazgy ýerleşdirildi.

Şaýy pullaryň arka tarapynyň merkezi böleginde Türkmenistanyň Döwlet tugrasy ýerleşdirilip, onuň daşyndan puluň ýokarky böleginde aýlaw bilen “TÜRKMENISTANYŇ MERKEZI BANKY” diýlen ýazgy, aşaky böleginde şaýy puluň nominalyny görkezýän “ÝÜZ MANAT” diýlen ýazgy şekillendirilen. Ýazgynyň çep tarapynda şaýy puluň mähegi görkezildi.

Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi