Merkezi Bankyň
walýuta kursy

Beýleki walýutalaryň kursy

Gymmat bahaly metallaryň
1 (bir) unsiýasynyň türkmen manadyna bolan gatnaşyklary

  ALTYN
  KÜMÜŞ
  PLATINA
  PALLADIÝ

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

2017-nji ýylyň 29-njy iýunynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi, onda döwlet durmuşynyň möhüm meselelerine hem-de käbir resminamalaryň taslamalaryna garaldy. Mejlise Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň agzalary çagyryldy.

Mejlisiň gün tertibine geçmezden öň milli Liderimiz hökümet agzalaryna “Arkadagyň ajap eýýamy” atly täze çap edilen kitaby ýadygärlik sowgady hökmünde gowşurdy.

Döwlet Baştutanymyz gün tertibine girizilen meseleleri ara alyp maslahatlaşmaga geçip, ilki bilen Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Hojamämmedowa söz berdi. Ol nebitgaz, senagat, saglygy goraýyş, söwda we beýleki pudaklarda ulanylýan ölçeýji enjamlary metrologik synaglardan we deňeşdirme barlaglaryndan geçirmek bilen meşgullanýan Döwlet Etalon merkeziniň işi barada hasabat berdi. Wise-premýer milli maksatnamada “Türkmenstandartlary” baş döwlet gullugynyň öňünde kesgitlenen wezipelere laýyklykda, Merkeziň etalon barlaghanalaryny halkara akkriditasiýasyndan geçirmegiň meýilleşdirilýändigini habar berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, häzirki wagtda milli ykdysadyýetimiziň dürli pudaklarynda ulanylýan ölçeg birlikleriniň etalon standartlaryny üpjün etmek boýunça işi kämilleşdirmäge gönükdirilen netijeli çäreleriň görülýändigini belledi. Türkmenistanyň dünýä ulgamyna goşulyşmagynyň işjeňleşýändigini, hödürlenýän harytlarň we hyzmatlaryň bazarlarynyň ösýändigini nazara almak bilen, bu ulgamda öňde goýlan wezipeleri çözmäge täze çemeleşmeleri ornaşdyrmak zerur bolup durýar.

Ýakyn geljek üçin ýurdumyzyň senagat-innowasion ösüş strategiýasyny üstünlikli durmuşa geçirmek maksady bilen, halkara derejesinde akkreditasiýalaşdyrmak boýunça işleri geçirmek zerur bolup durýar.Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz degişli düzümler bilen bilelikde bu meseläni ýene-de bir gezek öwrenmegiň wajypdygyny belledi we bu babatda wise-premýere anyk tabşyryklary berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Babaýew ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumynyň dürli ugurlarynda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, “2030-njy ýyla çenli Türkmenistanyň nebitgaz senagatyny ösdürmegiň maksatnamasyny” iş ýüzünlde durmuşa geçirmek maksady bilen amala aşyrylýan çäreler barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumynyň senagat hem-de eksport kuwwatlyklaryny berkitmek, pudaklaýyn düzümleri täzeçil tehnologiýalary we kämil işläp taýýarlamalary ulanmagyň esasynda döwrebaplaşdyrmak, işjeň maýa goýum syýasatyny alyp barmak babatda wise-premýere birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň olrunbasary D.Amangeldiýew gözegçilik edýän düzümlerindäki işler, Aşgabatda gurulýan, ulanmaga taýýar edilen binalar we desgalar barada hasabat berdi. Şol desgalaryň hatarynda Parahat-7 ýaşaýyş toplumynda dokuz gatly 54 öýli alty sany we 36 öýli on sany jaýlar, 400 orunlyk köp gatly awtoduralga, paýtagtymyzyň günortasynda meýdany 630 gektar bolan seýilgäh bar. Mundan başga-da, 59,14 kilometr awtoýollary çekmek boýunça işler tamamlandy, köprüleriň 18-si, ýerasty geçelgeleriň 34-si we ýerüsti geçelgeleriň 20-si guruldy. Bu desgalaryň açylmagynyň meýilnamasy taýýarlanyldy. Olar şu gün dabaraly ýagdaýda ulanmaga tabşyrylar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, wise-premýere taýýarlanylan meýilnama laýyklykda, Aşgabadyň mundan beýläk-de abadanlaşdyrylyşyny yzygiderli gözegçilikde saklamagy hem-de täze desgalaryň degişli derejede ulanylyşyny üpjün etmegi tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary B.Annameredow ýurdumyzyň Aragatnaşyk ministrliginiň maýa goýum serişdelerini özleşdirmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Wise-premýeriň aýdyşy ýaly, ilatyň aragatnaşyk hyzmatlaryna bolan isleglerini kanagatlandyrmak maksady bilen, ýurdumyzda 183 müň 684 belgilik telefon beketleriniň 526-sy oturdylar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, pudaklaýyn düzümleriň toplumlaýyn esasda döwrebaplaşdyrylmagy, iň öňdebaryjy enjamlaryň we täzeçil usullaryň ulanylmagy netijesinde, ýurdumyzda aragatnaşygyň köp şahaly ulgamy, sanly tele we radio ýaýlymlaryň hereket edýändigini belledi. Telefon beketleriniň ulgamynyň ösdürilmegi giň zolakly Internete birikmek, maglumatlary ugratmak üçin ýokary tizlikli ýaýlymlary üpjün edýär.“Altyn asyr” öýjükli aragatnaşygyň milli abonent ulgamy yzygiderli ösýär.

Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz ýaýlymlaryň tehniki taýdan ýokary hil derejesini üpjün etmek, Internet ulgamynyň geçirijilik ukybynyň artdyrylmagy boýunça zerur çäreleri görmek barada wise-premýere anyk görkezmeleri berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary O.Gurbannazarow ýurdumyzyň önümçilik we eksport kuwwatyny artdyrmak hem-de şunuň bilen baglanyşykly halkara derejesinde söwda işlerini guramak boýunça gözegçilik edýän düzümlerindäki işler barada hasabat berdi.

Döwlet Baştutanymyzyň “Türkmenistanyň Döwlet haryt- çig mal biržasynyň işini kämilleşdirmek hakynda” Kararyna laýyklykda, Haryt-çig mal biržasynda döwlet eýeçiligine degişli bolmadyk edara görnüşli taraplaryň we hususy telekeçileriň harytlary satyn almak bilen baglanyşykly daşary söwda şertnamalaryny baglaşmagyň täze görnüşi girizildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow eksport-import amallaryny sazlaýjy baş edara hökmünde Döwlet haryt-çig mal biržasynyň işinde guramaçylyk taýdan çemeleşmeleriň täzelenmeginiň hem-de özgerdilmeginiň wajypdygyny nygtady. Döwlet Baştutanymyz dünýä bazarlarynda ýurdumyzyň haryt öndürijileriniň önümlerini ýerlemek maksady bilen, maglumat işleri boýunça biržanyň netijeli işleri ýola goýmagyny talap etdi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Aýdogdyýew gözegçilik edýän senagat ulgamyndaky işleriň ýagdaýy hem-de ýurdumyzyň içerki bazarlaryny sement, magdan däl we beýleki gurluşyk serişdeleri blen üpjün etmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Sarp edijileri ýurdumyzda öndürilýän sement we magdan däl serişdeleri bilen üpjün etmek maksady bilen, welaýatlaryň ählisinde bu önümleri bellenen döwlet bahalary boýunça ýerlemek üçin söwda dükanlarynyň hereket edýändigi bellenildi.

Mundan başga-da, Senagat ministrligi tarapyndan Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi bilen bilelikde kiçi hem-de orta telekeçiligi goldamak, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleriň täze görnüşlerini we eksporta niýetlenen önümleri çykarmaga gönükdirilen öňdebaryjy tehnologiýalaryň esasynda önümçilik kuwwatlyklaryny artdyrmak boýunça çäreler amala aşyrylýar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, innowasion tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagynyň, şolaryň esasynda ýerli çig mal serişdelerini ulanmak arkaly daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleriň we eksport ugurly harytlaryň öndürilişini artdyrmagyň ýurdumyzyň senagat pudagyny durnukly we okgunly ösdürmegiň zerur şerti bolup durýandygyny belledi. Munuň özi ýurdumyzyň harytlarynyň içerki we daşarky bazarlarda bäsdeşlige ukyplylygyny, şol sanda ýokary hilli gurluşyk serişdeleriniň köp mukdarda öndürilmegini üpjün edýär. Milli Liderimiz ýurdumyzyň telekeçileriniň gatnaşmagynda täze bilelikdäki kärhanalary döretmegiň hasabyna gurluşyk senagatynyň önümçilik düzümini giňeltmek boýunça işleri çaltlaşdyrmagyň wajypdygyny belläp, wise-premýere bu babatda anyk tabşyryklary berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyeň orunbasary S.Toýlyýew häzirki döwürde Ýapyk binalara we söweş sungaty boýunça Aşgabatda geçiriljek V Aziýa oýunlaryna ýaýbaňlandyrylan taýýarlyk işleri hem-de çagalaryň tomusky dynç alşynyň guramaçylyk derejesi barada hasabat berdi.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň durmuşynda möhüm ähmiýeti bolan Aziada-2017-ä taýarlyk çärelerine hemmetaraplaýyn üns berilmelidigini belläp, şu günlerki ýaýbaňlandyrylan taýýarlyk işleriniň öňde boljak ýaryşlaryň ýokary guramaçylyk derejesiniň üpjün edilmeginde möhüm ornuň bardygyny aýtdy we bu babatda wise-premýere birnäçe görkezmeleri berdi.

Döwlet Baştutany şeýle hem ýurdumyzyň çagalar sagaldyş-dynç alyş merkezlerinde mekdep okuwçylarynyň tomusky dynç alyş möwsümlerini guramaçylykly geçirmegi bilen balanyşykly meseleleri yzygiderli gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary A.Garajaýew Medeniýet hepdeliginiň çäklerinde paýtagtymyzda geçirilen çäreler barada hasabat berdi. Däp bolşy ýaly, Medeniýet we sungat işgärleriniň gününe gabatlanylyp geçirilen hepdeligiň barşynda Aşgabadyň iri medeni merkezlerinde hem-de açyk sahna meýdançalarynda milli ruhy-medeni mirasy giňden wagyz etmäge gönükdirilen dürli çäreler geçirldi.

Olaryň hatarynda döredijilik toparlarynyň, aýdymçylaryň we sazandalaryň çykyşlaryny, şygryýet agşamyny, opera we beýleki sahna eserleriniň görkezilişini, kino sungatynyň işgärleri bilen duşuşyklary we filmleriň görkezilişini, ýurdumyzyň suratkeşleriniň amaly-haşam sungaty eserleriniň, şeýle hem V Aziýa oýunlary mynasybetli neşir we çaphana önümleriniň, fotosuratçylaryň sergisini we beýlekileri görkezmek bolar. Bu çäreler köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde giňden beýan edildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, medeniýet edaralarynyň milli ruhy mirasy, ýurdumyzyň häzirki gazananlaryny dünýä ýaýmak hem-de wagyz etmek boýunça işini mundan beýläk-de işjeňleşdirmegiň wajypdygyny belledi hem-de bu babatda wise-premýere anyk tabşyryklary berdi.

Soňra Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň agzalary – ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ýolbaşçylary ýerine ýetirilen işler baradaky hasabatlar bilen çykyş etdiler.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary E.Orazgeldiýew möwsümleýin oba hojalyk işleriniň, şol sanda sebitlerde galla oragynyň barşy barada hasabat berdi. Häzirki güne çenli ýurdumyz boýunça bugdaýyň 1 million tonnadan gowragy ýygnaldy. Döwlet Baştutanymyzyň tabşyrygy boýunça oba hojalyk özgertmelerini işjeňleşdirmek boýunça geçirilýän işler barada habar berildi.

Hormatly Prezidentimiz galla oragynyň depginini üzül-kesil güýçlendirmegiň wajypdygyny belläp, wise-premýere bu jogapkärli möwsümi öz wagtynda we ýokary hilli tamamlamak boýunça anyk tabşyryklary berdi. Şeýle hem milli Liderimiz boşan ýerleri ekiş möwsümine taýýarlamagyň we aralyk ekinleri ekmek boýunça degişli çäreleri görmegiň möhümdigini belledi.

Döwlet Baştutanymyz gowaça ideg etmek işlerine gözegçiligi güýçlendirmegiň hem-de ýurdumyzda gök we bakja önümleriniň öndürilişini artdyrmak boýunça işleri işjeňleşdirmegiň wajypdygyny aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow oba hojalyk toplumyny mundan beýläk-de özgertmek meselelerine ünsi çekip, bu pudagyň öňünde durýan wezipeleriň –oba hojalygyny düzümleýin özgertmek, onuň pudaklarynyň düşewüntliligini ýokarlandyrmak, ýurdumyzyň oba hojalyk zähmetkeşlerini hemmetaraplaýyn goldamak wezipeleriniň möhümdigini nygtady.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow Tokio bolan gulluk iş saparynyň netijeleri barada hasabat berdi. Saparyň dowamynda Türkmenistanyň wekiliýeti Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça Türkmen-ýapon we Ýapon-türkmen komitetleriniň bilelikdäki 12-nji mejlisine gatnaşdy.

Duşuşygyň gün tertibine söwda-ykdysady we ulag-aragatnaşyk, nebitgaz, himiýa we beýleki pudaklardaky, senagat, maýa goýum, ýokary tehnologiýalary iş ýüzünde durmuşa geçirmek boýunça gatnaşyklaryň giň meseleleri, işewür toparlaryň çäreleri girizildi. Şeýle hem bilim, ylym, medeniýet, sport we syýahatçylyk ulgamlaryndaky däp bolan gatnaşyklary dowam etmegiň mümkinçilikleri hakynda pikir alyşmalar boldy. Şunuň bilen baglylykda, ýokary derejede gazanylan we ikitaraplaýyn resminamalar arkaly berkidilen ylalaşyklary durmuşa geçirmek, şeýle hem bilelikdäki iri taslamalary amala aşyrmak meselelerine üns berildi. Mejlisiň jemleri boýunça degişli Teswirnama gol çekildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, soňky ýyllarda hil taýdan täze derejä çykan dostlukly we netijeli döwletara gatnaşyklarynyň ösüşine kanagatlanma bildirdi. Aziýa-Ýuwaş umman sebitiniň döwletleri, şol sanda uzakmöhletleýin esasda gatnaşyk saklaýan Ýaponiýa bilen netijeli hyzmatdaşlygyň ösdürilmegi Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir.

Milli Liderimiz ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça köpugurly çäreleriň doly durmuşa geçirilmegine gönükdirilen we özara gatnaşyklar üçin täze mümkinçilikleri açýan Türkmen-ýapon we Ýapon-türkmen komitetleriniň işine ünsi çekip, wise-premýere, DIM-niň ýolbaşçysyna.

Ýaponiýa bilen umumy gyzyklanmalara kybap gelýän özara bähbitli gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmek boýunça birnäçe anyk görkezmeleri berdi.

Mejlisiň Başlygy A. Nurberdiýewa milli parlamentiň ýurdumyzyň kanunçylyk – hukuk binýadyny mundan beýläk-de döwrebaplaşdyrmak boýunça alyp barýan işleri barada habar berdi. Häzirki wagtda milli ykdysadyýetimiziň pudaklaryny we döwlet durmuşynyň beýleki ulgamlaryny ösdürmek meselelerini kadalaşdyrýan täze kanunlaryň taslamalary işlenip taýýarlanylýar hem-de ýurdumyzyň ösüşiniň täze taryhy tapgyryny nazara almak bilen, hereket edýän kanunçylyk namalaryna üýtgetmeler we goşmaçalar girizilýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow habary diňläp, halkara hukugynyň umumy ykrar edilen kadalaryna laýyk gelýän häzirki zaman hukuk binýadyny döretmekde milli parlamentiň işiniň wajypdygyny belledi. Döwlet Baştutanymyz täze kanunlaryň kabul edilmeginiň ýurdumyzyň durmuş-ykdysady we demokratik özgertmeler ýoly bilen mundan beýläk-de okgunly öňe gitmegine gönükdirilen döwlet maksatnamalarynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegine ýardam etmelidigini belledi.

Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, goranmak ministri Ý.Berdiýew ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysyna harby we hukuk goraýjy edaralardaky işleriň ýagdaýy hem-de Milli goşunyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak, harby gullukçylaryň hünär derejesini ýokarlandyrmak maksady bilen görülýän çäreler barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, döwletimiziň parahatçylyk döredijilik ýörelgelerine eýermek hem-de diňe goranyş häsiýetine eýe bolan Harby doktrina esaslanmak bilen, ýurdumyzyň parahatçylygynyň we howpsuzlygynyň, halkymyzyň bagtyýar durmuşynyň kepili hökmünde Milli goşunymyzyň kuwwatyny mundan beýläk-de pugtalandyrmaga uly üns berjekdigini belledi.

Soňra Döwlet serhet gullugynyň başlygy B.Gündogdyýew ýolbaşçylyk edýän düzümindäki işleriň ýagdaýy hem-de eziz Watanymyzyň mukaddes serhetleriniň ygtybarly goralmagyny üpjün etmek boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz bu ugurda geçirilen işleriň wajypdygyny belläp, serhetçileriň mukaddes Garaşsyzlygymyzyň beýik gazananlarynyň goragynda hüşgär durmalydygyny aýtdy. Milli Liderimiz döwletimiziň mundan beýläk-de gullugyň işini kämilleşdirmek meselelerine aýratyn üns berjekdigini aýtdy.

Içeri işler ministri I.Mulikow ýolbaşçylyk edýän düzümindäki işleriň ýagdaýy hem-de tertip-düzgün bozmalara garşy göreşmek, ýol hereketiniň howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, ýurdumyzda kanunçylygy hem-de tertip-düzgüni saklamak, raýatlarymyzyň konstitusion hukuklaryny goramak boýunça toplumlaýyn çäreleri görmegiň möhümdigini belledi. Milli Liderimiz ýol gözegçiligi gullugynyň işine ünsi çekip, ilkinji nobatda, ýol-ulag hadysalarynyň öňüni almaga gönükdirilen wezipeleri çözmäge täze çemeleşmeleri işläp taýýarlamagy tabşyrdy.

Ýokary kazyýetiň başlygy G.Hallyýew ýurdumyzyň kazyýet ulgamyny kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan köpugurly işler barada hasabat berdi.

Milli Liderimiz bu edaranyň işiniň Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň esasy ugurlaryna hem-de halkara hukugynyň umumy ykrar edilen kadalaryna laýyk gelmelidigini belläp, işgärleri içgin seçip almak meselesine aýratyn üns bermegi talap etdi.

Baş prokuror B.Atdaýew döwletimiziň we jemgyýetimiziň durmuşynyň ähli ulgamlarynda kanunçylygyň üpjün edilmegine gözegçiligiň amala aşyrylyşy barada hasabat berdi.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, bu edaranyň işgärleriniň üstüne kanunlaryň berk berjaý edilişini we ýerine ýetirilişini üpjün etmek boýunça uly jogapkärçiligiň ýüklenýändigini belledi.

Soňra milli howpsuzlyk ministri D.Baýramowa söz berildi. Ministr ösüşiň we rowaçlygyň ýoly bilen ynamly gadam urýan ýurdumyzda durnuklylygy we asudylygy üpjün etmek maksady bilen, Milli howpsuzlyk ministrliginiň alyp barýan işi barada hasabat berdi.

Amatly jemgyýetçilik-syýasy ýagdaýy üpjün etmekde ministrligiň alyp barýan işiniň ähmiýetini belläp, milli Liderimiz jemgyýetde durnuklylygyň we türkmen halkynyň agzybirliginiň üpjün edilmegi Türkmenistanyň sazlaşykly ösüşiniň möhüm şerti bolup durýandygyny belledi.

Soňra Döwlet gümrük gullugynyň başlygy Ý.Soýegow ýolbaşçylyk edýän düzümindäki işleriň ýagdaýy hem-de Belent Serkerdebaşymyzyň ozal berlen tabşyryklaryň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow gullugyň işiniň döwrüň hem-de umumy ykrar edilen halkara kadalarynyň talaplaryna laýyk gelmelidigi baradaky meselä ünsi çekip, gümrük düzümleriniň maddy-enjamlaýyn binýadyny mundan beýläk-de döwrebaplaşdyrmak, ýokary hünärli işgärleri taýýarlamak boýunça anyk tabşyryklary berdi.

Soňra Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygy M.Nobatow ýolbaşçylyk edýän düzümleriniň işi hem-de dünýäniň öňdebaryjy tejribesini ornaşdyrmak boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu düzüm tarapyndan amala aşyrylýan köpugurly işiň Türkmenistanyň dünýäniň ýurtlary bilen dostlukly gatnaşyklary ösdürmekde we pugtalandyrmakda möhüm orun eýeleýändigini belläp, göz öňünde tutulan çäreleri üstünlikli geçirmek, şol sanda V Aziýa oýunlaryna taýýarlyk görmek babatda gullugyň ýolbaşçysyna anyk tabşyryklary berdi.

Soňra Ykdysady jenaýatlara garşy göreşmek baradaky döwlet gullugynyň başlygy M.Çakyýew korrupsiýa bilen baglanyşykly kanun bozmalaryň öňüni almak, ýüze çykarmak we barlamak boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň ykdysady esaslarynyň durnuklylygynyň hem-de amala aşyrylýan özgertmeleriň netijeliliginiň köp babatda degişli edaralar tarapyndan amala aşyrylýan çäreleriň netijeliligine baglydygyny belledi we şunuň bilen baglylykda birnäçe görkezmeleri berdi.

Adalat ministri B.Muhammedow milli kanunçylyk binýadyny hemmetaraplaýyn ösdürmek boýunça yzygiderli görülýän çäreler barada hasabat berdi.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, Türkmenistanda ýaýbaňlandyrylan, ýurdumyzyň okgunly ösüşini üpjün etmäge, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has ýokarlandyrmaga gönükdirilen özgertmeleri üstünlikli amala aşyrmakda bu ministrligiň işiniň ähmiýetini belledi.

Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde döwlet durmuşyna degişli başga-da, birnäçe meseleleroe garaldy we degişli çözgütler kabul edildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow mejlisi jemläp, oňa gatnaşyjylara jan saglyk, Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmeginiň, halkymyzyň bagtyýarlygynyň we abadançylygynyň bähbidine alyp barýan işlerinde uly üstünlik arzuw etdi.

Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi